Ýehowanyň Şaýatlarynyň guramasynyň düýbüni kim tutdy?
Ýehowanyň Şaýatlarynyň guramasy XIX asyryň ahyrynda hereket edip başlady. ABŞ-nyň Pensilwaniýa ştatynyň Pitsburg şäheriniň golaýynda ýaşaýan Mukaddes Kitaby öwrenýänleriň kiçijik topary Hudaýyň Sözüni yzygiderli öwrenip başladylar. Olar Mukaddes Kitabyň öwredýän zatlaryny buthananyň öwredýän taglymatlary bilen deňeşdirýärdiler. Olar öwrenen zatlaryny kitaplarda, gazetlerde, şeýle-de žurnalda çap edip başladylar. Şu günler bu žurnal «Garawul diňi Ýehowanyň Patyşalygyny yglan edýär» diýip atlandyrylýar.
Mukaddes Kitaby akýürekden öwrenýänleriň arasynda Çarlz Teýz Rassel hem bardy. Şonda Rassel Mukaddes Kitaby öwretmäge ýolbaşçylyk edip, «Garawul diňi» žurnalynyň ilkinji redaktory bolýar. Ýöne bu onuň täze dini döredendigini görkezmeýär. Rassel we onuň egindeşleri «Mukaddes Kitaby öwrenýänler» hökmünde tanalýardy. Olaryň maksady Isa Mesihiň taglymatlaryny öwretmek we I asyrdaky mesihçileriň göreldesine eýermekdi. Mesihçiler ýygnagyny Isa pygamberiň döredendigi üçin, biz Ýehowanyň Şaýatlarynyň guramasynyň düýbini Isa Mesihiň tutandygyna ynanýarys (Koloslylar 1:18—20).