12-NJI HEKAÝA
Adamlar beýik diň gurýar
KÖP ýyllar geçdi. Nuhuň ogullarynyň çagalary boldy, soňra olaryň hem çagalary boldy. Basym ýer ýüzi adamdan doldy.
Olaryň biri Nuhuň çowlugy Nemrutdy. Nemrut zalym adamdy, ol haýwanlary-da, adamlary-da öldürýärdi. Üstesine-de, ol ähli adamlara patyşa boldy. Hudaý Nemrudy halanokdy.
Şol döwürde ähli adamlar bir dilde gürleýärdi. Nemrut adamlaryň üstünden agalyk etmek üçin, olaryň baryny bir ýerde saklajak boldy. Munuň üçin näme edenini bilýäňmi? Ol adamlara şäher we onda beýik diň gurmagy buýurdy. Suratda olaryň kerpiç ýasaýyşlaryny görýänsiň.
Bu gurluşyk Ýehowa Hudaýa ýaramady. Hudaý bütin ýer ýüzünde adamlaryň köpelmegini isledi. Emma adamlar: «Geliň, şäher guralyň we onda depesi göge ýetýän diň gurup, şöhratlanalyň!» diýdiler. Adamlar Hudaýy däl-de, özlerini şöhratlandyrmak isledi.
Şonuň üçin Hudaý adamlaryň diň gurmagyny bes etdirdi. Bilýäňmi nädip? Ol adamlary birden dürli dillerde gürletdi. Gurluşykçylar indi biri-birine düşünmeýärdi. Şonuň üçin olaryň şäheri Babyl diýip atlandyryldy. Bu «garym-gatym» diýmekdir.
Şonda adamlar Babyldan göçüp başladylar. Bir dilde gürleýän adamlar ýeriň başga künjeklerine gidip ýaşap başlady.