20-NJI HEKAÝA
Dina betbagtçylyga uçraýar
SERET, Dina kimiňkä myhmançylyga barýar? Ol Kengan ýurdunda ýaşaýan gyzlaryň ýanyna barýar. Bu atasy Ýakuba ýarardymy? Ýadyňdamy, Ybraýym bilen Yshak kenganly gyzlar barada näme pikir edýärdi?
Eýsem, Ybraýym ogly Yshagyň kenganly gyzlara öýlenmegini isledimikä? Elbetde, islemedi. Onda Yshak bilen Rebeka ogly Ýakubyň kenganly gyzlara öýlenmegini isledimikä? Ýok, islemediler. Onuň sebäbini bilýäňmi?
Sebäbi Kenganyň ýaşaýjylary ýalan taňrylara sežde edýärdiler. Kenganlylar bilen durmuş gurmak we dostlaşmak bolanokdy, sebäbi olar gowy adam däldi. Şonuň üçin Dinanyň kenganly gyzlar bilen dostlaşýanyny bilse, Ýakup halamazdy.
Elbetde, Dina betbagtçylyga uçrady. Suratda Dina seredip duran kenganly ýigidi görýäňmi? Onuň ady Şekem. Bir gezek Dina myhmançylyga gelende, Şekem ony zorlap, özi bilen ýatyrdy. Bu agyr günädi, sebäbi diňe öýlenen adam öz aýaly bilen bile ýatyp bilýär. Şekemiň Dinany zorlamagy betbagtçylyga eltdi.
Dinanyň doganlary bolan wakany eşidende, gaty gaharlandylar. Esasan-da, Şimeon bilen Lewi eline gylyç alyp, şähere duýdansyz girip, ýaşaýjylaryna topuldylar. Olar beýleki doganlary bilen bilelikde Şekemi we şäherdäki erkek adamlary öldürdiler. Bu zalymlyk Ýakubyň gaharyny getirdi.
Ýöne betbagtçylygyň bary nämeden başlandy? Sebäbi Dina Hudaýyň kanunyna gulak asmaýan adamlar bilen dostlaşdy. Biz beýle adamlar bilen dostlaşmak islämizok, şeýle gerek?