Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • be sah. 62—sah. 65 abz. 4
  • Gürrüňdeş bolmagy öwreniň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Gürrüňdeş bolmagy öwreniň
  • Wagyz mekdebi
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Öýden başlamaly
  • Nätanyş adam bilen gürrüňdeşlik
  • Gürrüňdeşligi nädip dowam etmeli?
  • Dogan-uýalar bilen gürrüňdeşlik
  • Resmi däl ýagdaýda gürrüňe başlap, wagyz etmek tejribäňizi artdyryň
    Hudaýa gullugymyz — 2014
  • Gürrüňdeşligi haçan tamamlamaly?
    Adamlary söýüň, şägirt taýýarlaň
  • Ýürekden gyzyklanyň
    Adamlary söýüň, şägirt taýýarlaň
  • Ýagdaýa görä gürrüň ediň
    Adamlary söýüň, şägirt taýýarlaň
Başgalary
Wagyz mekdebi
be sah. 62—sah. 65 abz. 4

Gürrüňdeş bolmagy öwreniň

SIZE adamlar bilen gürrüňdeş bolmak aňsatmy? Köp adamlar çekinjeňlik sebäpli, nätanyş adam bilen gürrüň etmeli bolanda tolgunýarlar. Şeýle adamlar özüne: «Men näme barada gürrüň etmeli? Gürrüňe nämeden başlamaly? Ony nädip dowam ederin?» diýip sorag berýändir. Emma özüne göwni ýetýän we gürrüňçil adamlaryň diňe özleri geplemek isleýärler. Mümkin, olara diňlemek we başgalara pikirini aýtmaga maý bermek kyn düşýändir. Görşümiz ýaly, biziň ählimiz: çekinjeň bolsak-da, özümize ynamly bolsak-da gürrüňdeş bolmagy öwrenmeli.

Öýden başlamaly

Gürrüňdeş bolmagy öwrenmegi öýden başlasak gowy bolmazmy? Abatlaýjy gürrüňler maşgalanyň bagtly bolmagyna has-da ýardam eder.

Şeýle gürrüňdeşlik üçin birek-biregiň aladasyny etmek möhümdir (Kan. tag. 6:6, 7; Sül. tym. 4:1—4). Eger biz adamyň aladasyny edip, onuň bilen gyzyklansak, gürrüňdeş bolup bileris we ony ünsli diňläris. Emma degerli zat barada gürrüň etmeli. Eger biz Mukaddes Ýazgylary her gün okap, öwrenýän bolsak, köp zatlary gürrüň berip bileris. «Mukaddes Ýazgylary her gün öwreneliň» atly broşýuranyň kömegi bilen hem gürrüňdeşlige başlap bolýar. Belki, wagyzda ruhlandyryjy waka bolandyr. Belki-de, gyzykly ýa-da gülkünç zat okandyrys. Şeýle abatlaýjy zatlar barada maşgala agzalaryňyz bilen gürrüň etmegi endik ediniň. Bu size başga adamlar bilen-de gürrüňdeş bolmaga ýardam eder.

Nätanyş adam bilen gürrüňdeşlik

Köp adamlar nätanyş adam bilen gürrüňe başlamaga çekinýärler. Emma Ýehowanyň Şaýatlary Hudaýy we adamlary söýýärler. Şol sebäpli olar Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty adamlara gürrüň bermek üçin ýürekden tagalla edýärler. Bu babatda size ökdeleşmäge näme kömek eder?

Filipililer 2:4-de örän peýdaly prinsip bar. Bu aýatda biziň «diňe öz peýdamyzy däl-de, beýlekileriň hem peýdasyny gözlemelidigimiz» barada aýdylýar. Şu hakynda oýlanyp görüň: bu adam sizi birinji sapar görýär, siz onuň üçin nätanyş. Ol özüni arkaýyn duýar ýaly näme edip bilersiňiz? Munuň üçin ýylgyryp, onuň bilen mähirli salamlaşmaly. Ýöne ýene bir zady ýatdan çykarmaly däl.

Ähtimal, adam bir zat barada pikir edýändir. Siz bolsa gürrüňe başlap, onuň pikirini bölensiňiz. Eger siz onuň pikirini göz öňünde tutman, öz pikiriňizi aýtsaňyz, ol sizi diňlärmi? Isa guýynyň başynda samariýaly aýala duşanda näme etdi? Ol aýal suw barada pikir edýärdi. Isa gürrüňi aýalyň pikir edýän zadyndan başlap, soňra ruhy gürrüňe geçdi (Ýahýa 4:7—26).

Eger siz ünsli bolsaňyz, adamyň näme hakynda pikir edýändigine düşünip bilersiňiz. Ol şadyýan görünýärmi ýa-da gamgyn? Ol garrymy ýa-da ýarawsyz görünýär? Öýde çaganyň bardygy duýulýarmy? Ol adam gurply ýaşaýarmy ýa-da gün-güzeranyny zordan görýär? Oňa öýündäki zatlaryndan ýa-da bezeglerinden Hudaýa iman edýän adam diýse bolarmy? Siz adam bilen saglyk-amanlyk soraşanyňyzda, şeýle zatlary göz öňünde tutsaňyz, ol siziň gürrüňiňiz bilen gyzyklanmagy mümkin.

Eger adam gapysyny açman gepleşse, mundan nähili netije çykarsa bolar? Mümkin, ol gorkuda ýaşaýandyr. Muny göz öňünde tutup, adam gapysyny açmasa-da, gürrüňe başlap bilermisiňiz?

Käbir ýerlerde adam bilen gürrüňdeş bolmak üçin, ilki, özüňi tanyşdyrmaly bolýar. Meselem, kimdigiňizi, näme üçin gelendigiňizi, näme üçin Hudaýa iman edip, Onuň Sözüni okaýandygyňyzy hem-de onuň size nähili kömek edýändigini aýdyp bilersiňiz (Res. iş. 26:4—23). Elbetde, şeýle ýagdaýda paýhasly bolup, maksadyňy unutmaly däl. Şonda adam özi we garaýşy barada gürrüň bermegi mümkin.

Käbir ýurtlarda adamlar myhmansöýerligi bilen tapawutlanýarlar. Olar sizden öýe girip oturmagy haýyş ederler. Eger siz öýe girip otursaňyz, sypaýyçylyk bilen öý-içerisiniň hal-ahwalyny sorap, onuň gürrüňini ünsli diňläň. Şonda ol hem siziň gürrüňiňizi ünsli diňlär. Käbir ýurtlarda bolsa, myhman bilen saglyk-amanlyk soraşmaga has köp wagt sarp edilýär. Şeýle ýagdaýda ol siziň bilen gürrüň edere zadyň bardygyny duýar. Bu size ruhy gürrüňe başlamaga kömek eder.

Siziň ýaşaýan ýeriňizde daşary ýurt dilinde gepleýän adamlar bar bolsa näme? Siz olar bilen nädip gürrüňdeş bolup bilersiňiz? Eger olaryň dilinde salamlaşmagy öwrenseňiz, olar bilen gyzyklanýandygyňyzy görkezersiňiz. Bu gürrüňdeşligi dowam etmegiň ilkinji ädimidir.

Gürrüňdeşligi nädip dowam etmeli?

Gürrüňdeşligi dowam etmek üçin, adamyň garaýşy bilen çuňňur gyzyklanmaly. Eger ol garşy bolmasa, pikirini aýtmaga höweslendiriň. Bu babatda ýerlikli berlen soraglar kömek eder. Ylaýta-da, garaýşyny aýtmaga höweslendirýän, ýagny «hawa» ýa-da «ýok» diýip jogap berip bolmaýan soraglary bermeli. Meselem, ýaşaýan ýeriňizde dörän bir kynçylygy agzap, şeýle sorag berip bilersiňiz: «Siziň pikiriňizçe, şeýle ýagdaý näme üçin döredikä?» ýa-da «Bu kynçylygy nädip çözüp bolar?»

Sorag bereniňizde, onuň jogabyny ünsli diňläň. Muny başyňyzy atyp, söz ýa-da başga hereket bilen görkeziň. Onuň sözüni bölmäň. Oňa nädogry garaýyşda bolmaň. «Eşitmekde çalt, geplemekde assa boluň» (Ýakup 1:19). Jogap bereniňizde, onuň sözlerini ünsli diňländigiňizi görkeziň.

Ýöne her kes soraga jogap berer öýtmäň. Käbir adamlar diňe gaşyny galdyrmak ýa-da ýylgyrmak bilen jogap bermegi mümkin. Başgalar bolsa, diňe «hawa» ýa-da «ýok» diýerler. Ruhdan düşmäň. Sabyrly boluň. Adamy gürrüňdeş bolmaga mejbur etmäň. Eger adam diňlemek islese, pursatdan peýdalanyp, Mukaddes Ýazgylardan ruhlandyryjy pikirleri aýdyň. Mümkin, ol wagtyň geçmegi bilen size ynanyp başlar we höwes bilen gürrüňdeş bolar.

Adamlar bilen gürrüňdeş bolanyňyzda, ikilenç ideg etmek barada-da oýlanyň. Eger olar birnäçe sorag beren bolsa, ählisine jogap bermäň, olaryň birki sanysyny ikilenç idegde ara alyp maslahatlaşmaga goýuň. Bu soraglar babatda gözleg geçirip, soňra olaryň jogabyny gürrüň berjekdigiňizi aýdyň. Eger ol sorag bermese, onda siziň özüňiz ony gyzyklandyraýjak soragy beriň. Bu barada indiki gezek gürrüňdeş bolmagy teklip ediň. «Ýazgylar esasynda söhbetdeşlik» (rus.), «Garawul diňi», «Oýanyň!» (rus.) ýaly edebiýatlardan gowy maglumatlary tapyp bolýar.

Dogan-uýalar bilen gürrüňdeşlik

Siz tanamaýan dogan-uýalaryňyzy göreniňizde, olar bilen tanyşjak bolýarmysyňyz? Ýa-da dymyp durýarsyňyz? Doganlyk söýgüsi olar bilen tanyşmaga höweslendirmeli (Ýahýa 13:35). Siz nämeden başlap bilersiňiz? Munuň üçin öz adyňyzy aýdyp, soňra onuň adyny soraň. Onuň hakykaty nädip bilendigini sorasaňyz, gyzykly gürrüňdeşlige ýol açar we biri-biriňiz bilen ýakyndan tanyşmaga ýardam eder. Ilkibaşda, siziň aýdýan sözleriňiz göwnejaý däl ýaly bolup görünse-de, gürrüňdeş bolmak üçin edýän tagallaňyz adam bilen gyzyklanýandygyňyzy görkezer. Bu bolsa esasy zatdyr.

Ýygnakda ruhlandyryjy gürrüňler eder ýaly näme etmeli? Dogan-uýalar we olaryň maşgala agzalary bilen ýürekden gyzyklanýandygyňyzy görkeziň. Duşuşyk tamamlanandan soň, özüňize ýaran pikirleri gürrüň berseňiz, size-de, söhbetdeşiňize-de peýdaly bolar. Ýakynda çykan «Garawul diňi» ýa-da «Oýanyň!» žurnalyndan gyzykly pikiri aýdyp bilersiňiz. Emma muny bilimsiremek ýa-da dogan-uýalary synamak üçin etmeli däl. Gürrüňiňiz abatlaýjy bolar ýaly, göwnüňize ýaran pikirleri paýlaşmaga çalyşmaly. Şeýle-de Wagyz mekdebinde berlen ýumuş hakda gürrüň edip, ony nädip ýerine ýetirmelidigi barada pikir alşyp bilersiňiz. Ýa-da wagyzda bolan wakalar barada gürrüň etse bolar.

Biz adamlar bilen gyzyklanýandygymyz sebäpli, köplenç, olaryň aýdýan we edýän zatlary hakynda gürrüň edýäris. Gürrüňdeşligiň dowamynda, biz käte degşip-de bileris. Emma biziň sözlerimiz abatlaýjy bolarmy? Eger biz Hudaýyň söýgüsine we Onuň Sözündäki maslahatlara ýürekden eýersek, abatlaýjy gürrüňler edip bileris (Sül. tym. 16:27, 28; Efes. 4:25, 29; 5:3, 4; Ýakup 1:26).

Biz wagza gitmezden öň taýýarlyk görýäris. Dostlarymyz bilen gürrüňdeş bolmak üçin-de taýýarlyk görüp bilerismi? Siz okan we eşiden gyzykly wakalaryňyzy bellik edip, olary gürrüň bermäge çalşyň. Wagtyň geçmegi bilen, gündelik durmuşda bolýan zatlary gürrüň bermek bilen çäklenmän, gyzykly gürrüňdeşlik eder ýaly köp hazyna-da toplarsyňyz. Goý, siziň gürrüňleriňiz Hudaýyň Sözüni gymmat saýýandygyňyzy görkezsin! (Zeb. 139:17).

GÜRRÜŇDEŞLIGE BAŞLAMAK ÜÇIN

  • Ýerli däpleri göz öňünde tutuň.

  • Öwgüli sözleri aýdyň.

  • Hem özüňizi, hem söhbetdeşiňizi gyzyklandyrjak zat barada gürrüň ediň.

  • Adamyň pikirini biler ýaly sorag beriň.

GEREKLI HÄSIÝETLER

  • Şähdaçyklyk

  • Ýumşaklyk we akýüreklilik

  • Adam bilen içgin gyzyklanmak (ýöne şahsy işine goşulmaly däl)

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş