Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • be sapak 1 sah. 83—sah. 85 abz. 3
  • Dogry okamak

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Dogry okamak
  • Wagyz mekdebi
  • Meňzeş maglumat
  • Okamaklyga üns beriň
    Wagyz mekdebi
  • Säginmek
    Wagyz mekdebi
  • Gowy okamagy öwreniň
    Gowy okamagy we mugallym bolmagy öwreniň
  • Mukaddes Kitaby okamagyň peýdasy
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
Başgalary
Wagyz mekdebi
be sapak 1 sah. 83—sah. 85 abz. 3

1-NJI SAPAK

Dogry okamak

Munuň üçin näme etmeli?

Berlen maglumaty bolşy ýaly okamaly. Sözleri we goşulmalary okaman geçmeli däl ýa-da bir sözüň deregine başga sözi aýtmaly däl. Sözleri we dyngy belgileri dogry goýup okamaly.

Bu näme üçin wajyp?

Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty adamlara dogry ýetirmek üçin ünsli we ýalňyşsyz okamak örän wajyp.

MUKADDES ÝAZGYLARDA Hudaýyň ähli adamlaryň «hakykat bilimine ýetmegini isleýändigi» aýdylýar (1 Tim. 2:4). Biz Mukaddes Ýazgylary sesli okap, adamlara hakykat bilimini ýetirmek isleýäris. Şol sebäpli biz okaýşymyza üns bermeli.

Mukaddes Ýazgylary we oňa esaslanan edebiýatlary ýaşy kiçiler-de, ýaşy ulular-da sesli okamagy başarmaly. Biz, Ýehowanyň Şaýatlary, Hudaý we onuň kada-kanunlary barada adamlara gürrüň bermäge borçludyrys. Munuň üçin, köplenç, bir ýa-da birnäçe adamyň öňünde okamaly bolýar. Şeýle-de biz maşgala agzalarymyz bilen hem okaýarys. Wagyz mekdebinde doganlara, uýalara, garry we ýaşlara sesli okamak ukybyny ösdürmäge mümkinçilik berilýär.

Mukaddes Ýazgylary bir adama ýa-da ýygnakda okamaly bolsa-da, oňa çynlakaý garamaly. Mukaddes Ýazgylar Hudaýyň ylhamlanan Sözüdir. Şeýle-de «Hudaýyň sözi diri hem täsirlidir... ýüregiň düşünjeleridir niýetlerine höküm edýändir» (Ýew. 4:12). Hudaýyň Sözi hiç ýerde tapdyrmaýan we bahasyna ýetip bolmaýan bilim berýär. Ol ýeke-täk hak Hudaýy tanamaga we onuň bilen dostlaşmaga hem-de durmuşdaky kynçylyklara hötde gelmäge kömek edýär. Onda Hudaýyň täze dünýäsinde boljak ebedi ýaşaýşa nädip ýetip bolýandygy düşündirilýär. Şol sebäpli-de Mukaddes Ýazgylary has gowy okamagy öwrenmeli (Zeb. 119:140; Ýer. 26:2).

Dogry okamak üçin näme etmeli? Gowy okamak üçin köp zatlary etmeli, emma, ilki bilen, dogry okamagy öwrenmeli. Munuň üçin berlen maglumaty bolşy ýaly okamaly. Sözleri we goşulmalary okaman geçmeli däl. Şeýle-de ýazylyşy birmeňzeş sözleri dogry okamaly.

Dogry okamak üçin köp zatlary göz öňünde tutmaly we gowy taýýarlyk görmeli. Wagtyň geçmegi bilen, siz bir wagtyň özünde hem okap, hem indiki sözlere we pikir yzygiderligine seredip bilersiňiz. Şonda siz has-da gowy okamagy öwrenersiňiz.

Ýazuwda dyngy belgileriniň uly ähmiýeti bar. Olar nirede we näçeräk säginmelidigini hem-de nähili äheň bilen aýtmalydygyny görkezýär. Meselem, sorag sözlemi nädogry äheň bilen okalsa, ol habar sözlemine öwrülip biler ýa-da onuň manysy düýbünden üýtgär. Elbetde, dyngy belgiler ýazuwda sözlemiň grammatik taýdan dogry bolmagy üçin ulanylýar. Köp dillerde harplary dogry aýdar ýaly, olarda hiç hili belgi goýulmaýar, emma sözlemiň manysyndan olaryň dogry okalyşyny bilse bolýar. Öz diliňde dyngy belgileriň nähili ulanylýandygyny hökman bilmeli. Bu düşünip okamaga ýardam eder. Siziň maksadyňyz sözleri diňe okamak däl-de, olaryň manysyny bermekdir.

Dogry okamagy öwrenmek üçin türgenleşmek gerek. Bir abzasy okaň; eger ýalňyş okasaňyz, ony tä dogry okaýançaňyz gaýta-gaýta okaň. Soňra indiki abzasa geçiň. Ahyrynda, sakynman we ýalňyşsyz birnäçe sahypany okajak boluň. Bu ädimlerden soň, başga birinden okaýşyňyzy diňläp, ýalňyşyňyzy düzetmegi haýyş ediň.

Käte gözüň kütelenligi ýa-da ýagtylygyň pesligi zerarly dogry okamak kyn bolýar. Eger bu zatlary, mümkin boldugyndan, düzedip bolsa, onda dogry okamagy öwrenersiňiz.

Gowy okamagy öwrenen doganlardan Mukaddes Ýazgylary öwrenmek duşuşygynda we «Garawul diňinde» sesli okamagy haýyş edýärler. Bu hormatly ýumşy gowy ýerine ýetirmek üçin sözleri dogry aýtmaklyk ýeterlikli däl. Ýygnak duşuşygynda köpçüligiň öňünde ökdelik bilen okamak üçin, hemişe gowy okajak bolmaly. Munuň üçin sözlemdäki her sözüň wajypdygyna düşünmeli. Eger bir söz okalman galsa, sözlemiň manysy gaçar. Hatda özbaşdak okanyňyzda-da sözleri ýalňyş aýtsaňyz, onuň manysyna düşünmersiňiz. Sözleriň tema bilen baglanyşygyny görmeseňiz, onda olary ýalňyş okamagyňyz mümkin. Şonuň üçin her bir sözüň tema bilen baglanyşygyny görmäge çalşyň. Şeýle-de dyngy belgileriň sözlemiň manysyna edýän täsirine üns beriň. Bir pikiriň birnäçe sözi öz içine alýandygyny ýadyňyzdan çykarmaň. Olary belläp alyň we sesli okanyňyzda, sözleri aýry-aýry däl-de, söz düzümleri we jümleleri tutuşlygyna okaň. Okaýan zadyňyza özüňiz gowy düşünseňiz, köpçüligiň öňünde okanyňyzda hakykat bilimini dogry berip bilersiňiz.

Pawlus resul ýygnagyň tejribeli ýaşulusyna: «Okamak... bilen meşgul bol» diýip maslahat berdi (1 Tim. 4:13). Hawa, bu babatda biziň ählimiz ökdeleşmeli.

DYNGY BELGILER

Nokat (.) sözlemiň doly tamamlanandygyny görkezýär.

Otur (,) adatça, biraz säginmegi talap edýär, çünki sözlem doly tamamlanmady.

Nokatly otur (;) oturdan köp, nokatdan az säginilýär.

Iki nokat (:) deňdeş agzalardan we başganyň sözünden öň goýulýar; iki nokat hem säginmegi talap edýär.

Ýüzlenme belgisi (!) içki duýgyny bildirip, belent äheň bilen aýdylmagy talap edýär.

Sorag belgisi (?) sorag äheňi bilen okalmagy talap edýär.

Goşa dyrnagyň («» ýa-da „ “) içindäki sözleri biraz säginme bilen tapawutlandyrmaly (eger olar başganyň sözi bolsa, köpräk säginmeli bolýar).

Kese çyzyk (—) köplenç, säginmegi talap edip, äheňi we okaýyş depgini üýtgetmelidigini görkezýär.

Ýaýyň ( ) içine alnan sözleri pes äheňde okamaly. Eger olarda awtoryň ýa-da eseriň ady ýazylsa, olary okamak gerek däl.

DOGRY OKAMAGY NÄDIP ÖWRENMELI?

  • Okaň! Okaň! Okaň! Sesli okaň.

  • Okan wagtyňyz, birinden yzarlap ýalňyşyňyzy düzetmegi haýyş ediň.

  • Şahsy okuw geçireniňizde, ünsli okamagy öwreniň.

  • Sözleri aýry-aýry däl-de, jümläni tutuş okaň.

GÖNÜKME Matta kitabynyň 5—7-nji baplaryny okap, gowy taýýarlananyňyzdan soňra, dostuňyzdan ýa-da maşgala agzalaryňyzyň birinden okaýşyňyzy yzarlamagy haýyş ediň (birbada üç baby okamak hökman däl). Her gezek 1) bir sözi galdyranyňyzda, 2) sözleri ýalňyş okap ýa-da olaryň ýerini çalşyranyňyzda, 3) säginmegi we äheňi görkezýän dyngy belgilere üns bermän geçeniňizde, ondan sizi saklamagy haýyş ediň. Bu gönükmäni azyndan on minudyň dowamynda iki ýa-da üç gezek gaýtalaň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş