SAPAK 18
Diňleýjiler üçin peýdaly maglumaty ulanyň
1 Korinfliler 9:19—23
BELLIK: Diňleýjileri oýlanmaga höweslendirmeli we olar täze bir zat öwrenendiklerini duýmaly.
NÄDIP ETMELI?
Diňleýjileriň näme bilýändigi hakda oýlanyň. Diňleýjileriň öňki bilýän zatlaryny ýöne bir gaýtalamagyň deregine, olara temadan täze bir zat öwrenmäge kömek ediň.
Gözleg geçiriň we oýlanyň. Eger mümkin bolsa, esasy pikirlere düşünmäge kömek etmek üçin känbir tanyş bolmadyk ýa-da ýaňy-ýakynda bolup geçen wakalary ulanyň. Çykyş edýän temaňyz bilen tapan maglumatyňyzyň nähili baglanyşygynyň bardygy hakda oýlanyň.
Peýdasyny görkeziň. Diňleýjilere Ýazgylardaky pikirleriň durmuşda nädip kömek edýändigini düşündiriň. Olara tanyş bolan belli bir ýagdaýlary, garaýyşlary we zatlary agzap geçiň.