Gökdäkileriň we ýerdäkileriň ýygymy
«Ol... ýagşy niýetine görä... gökde hem ýerde bolan bar zatlary Mesihde birleşdirer» (EFESLILER 1:9, 10)
1. Ýehowanyň gök we ýer üçin «ýagşy niýeti» näme?
«PARAHATLYK HUDAÝY» Ýehowa älem-jahanda parahatlygy dikeltmek isleýär! Bu onuň şöhratly maksady (Ýewreýler 13:20). Ol «ýagşy niýetine görä», «gökde hem ýerde bolan bar zatlary Mesihde birleşdirjekdigi» hakda Pawlusa ýazdyrdy (Efesliler 1:9, 10). Eýsem, «birleşdirmek» diýip, terjime edilen işlik näme aňladýarka? Mukaddes Ýazgylary öwrenýän J. Laýtfut atly alym şeýle diýýär: «Bu jümle älem-jahanda doly sazlaşygy aňladyp, indi ýat hem ýakymsyz zatlar asla bolmaz, gaýtam, ondaky ähli zatlar Mesihde birleşer. Günä we ölüm, gam-gussa we betbagtlyk hem-de horluk gaýdyp bolmaz».
«Gökdäki zatlar»
2. Ýygnanmaly «gökdäki zatlar» kimler?
2 Petrus resul hem hakyky mesihçileriň ajaýyp umydy hakda aýdyp geçipdi: «Biz Onuň wadasyna görä täze göklere, täze ýere garaşýarys; olarda bolsa dogrulyk höküm sürer» (2 Petrus 3:13). Şu ýerde wada edilýän «täze gökler» täze hökümeti, ýagny Mesihi Patyşalygy aňladýar. Pawlusyň efeslilere ýazan hatynda aýdan gökdäki zatlary hem «Mesihde» ýygnanmaly. Olar Mesih bilen gökde höküm sürmäge saýlanan adamlar we olaryň sany çäkli (1 Petrus 1:3, 4). Şol 144 000 meshedilen mesihçi «ýer ýüzünden» «ynsanlar arasyndan satyn alyndy» we Mesih bilen gökdäki Patyşalygy miras alarlar (Ylham 5:9, 10; 14:3, 4; 2 Korintoslylar 1:21; Efesliler 1:11; 3:6).
3. Meshedilen mesihçiler häzir ýerde ýaşasalar-da, olara näme üçin «gökdäki älemlerde oturtdy» diýilýär?
3 Meshedilen mesihçiler Ýehowanyň ruhy ogullary bolmak üçin mukaddes ruhuň kömegi bilen gaýtadan dogulýar (Ýahýa 1:12, 13; 3:5—7). Indi olar Isanyň doganlary, sebäbi Ýehowa olary «ogullyga» aldy (Rimliler 8:15; Efesliler 1:5). Olar häzir ýerde ýaşasalar-da, Ýehowa olary «Mesih Isada... direldip, gökdäki älemlerde oturtdy» diýilýär (Efesliler 1:3; 2:7). Sebäbi olar «Mukaddes Ruh bilen... möhürlendi» we «mirasynyň girewi» göklerde saklanýar (Efesliler 1:13, 14; Koloseliler 1:5). Şeýlelik-de, «gökdäki zatlar» olardan ybarat we Ýehowa olaryň sanyny öňünden aýtdy.
Ýygym başlanýar
4. «Gökdäki zatlaryň» ýygymy haçan we nädip başlady?
4 Ýehowanyň «taslamasyna» görä, «gökdäki zatlar» «wagty dolanda» ýygnanyp başlanmalydy (Efesliler 1:10). Şol aýdylan wagt b. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni başlady. Şol gün mukaddes ruh resullaryň hem-de bir topar şägirtleriň, ýagny erkekleriň we aýallaryň üstüne indi (Resullaryň işleri 1:13—15; 2:1—4). Şunluk bilen, täze äht güýje girip, mesihi ýygnak we täze ruhy Ysraýyl — «Hudaýyň Ysraýyly» döredi (Galatýalylar 6:16; Ýewreýler 9:15; 12:23, 24).
5. Ýehowa tebigy Ysraýylyň deregine näme üçin täze «millet» döretdi?
5 Ýöne tebigy Ysraýyl bilen baglaşylan Kanun ähti netijesinde, gökde ebedilik gulluk etjek «ruhanylar patyşalygy we mukaddes millet» döremedi (Çykyş 19:5, 6). Şonuň üçin Isa ýehudy dini ýolbaşçylaryna: «Hudaýyň Patyşalygy sizden alnyp, Onuň miwelerini öndürjek millete berler» diýdi (Matta 21:43). Şol millet — ruhy Ysraýyl — täze ähte girýän meshedilen mesihçilerden ybarat. Petrus resul olara şeýle diýdi: «Emma siz özüňizi tümlükden ajaýyp nuruna çagyran Hudaýyň şöhratly işlerini yglan etmäge saýlanan nesil, Patyşanyň ruhanylary, mukaddes millet, Hudaýa degişli halksyňyz. Siz bir wagtlar halk däldiňiz, ýöne şindi Hudaýyň halkysyňyz» (1 Petrus 2:9, 10). Şeýlelik-de, tebigy Ysraýyl indi Ýehowa bilen ähtde däldi (Ýewreýler 8:7—13). Isanyň aýdyşy ýaly, Mesihi Patyşalyga girmek mümkinçiligi olardan alnyp, ruhy Ysraýylyň 144 000 agzasyna berildi (Ylham 7:4—8).
Patyşalyk ähti
6, 7. Isa ruhdan doglan doganlary bilen nähili äht baglaşdy hem-de şoňa laýyklykda, olar näme ederler?
6 Isa ölüminiň Ýatlama agşamyny girizen mahaly, wepaly resullaryna şeýle diýdi: «Synaglarymda Meniň bilen birlikde durnuklylyk görkezenler sizsiňiz. Siz Meniň Patyşalygymda saçagymyň başynda oturyp, iýip-içer ýaly, tagtlarda oturyp, Ysraýylyň on iki taýpasynyň üstünden höküm çykarar ýaly, Atamyň Maňa belleýşi kimin, Men-de size bir patyşalyk belleýärin» (Luka 22:28—30). Şu ýerde Isa 144 000 ruhdan doglan doganlary bilen baglaşan Patyşalyk ähti hakda aýdýar. Munuň üçin olar «tä ölýänçä sadyk galmalydy» hem-de «ýeňmelidi» (Ylham 2:10; 3:21).
7 Şol az sanly adamlar ýer ýüzünde ebedi ýaşamak umydyndan el çekýärler. Olar Mesih bilen gökde höküm sürerler we adamzady höküm etmek üçin tagtlarda oturarlar (Ylham 20:4, 6). Indi bolsa, geliň, diňe meshedilen mesihçilere degişli aýatlara seredeliň hem-de Ýatlama agşamynda «başga goýunlaryň» näme üçin nyşanlardan datmaýandygyny bileliň (Ýahýa 10:16).
8. Meshedilen mesihçileriň çörekden datmagy näme aňladýar? (Çarçuwa seret)
8 Meshedilen mesihçiler Mesihiň gören görgülerini görýärler hem-de Isa ýaly ölmäge taýyn. Pawlus şolaryň biri hökmünde «Mesihi gazanjak bolup... direlişiniň güýjüni, görgülerine şärikligiň nähilidigini bilmek» üçin her zatdan geçmäge taýyndygyny aýtdy. Hawa, Pawlus hatda «ölüminde Oňa meňzemek» isleýärdi (Filipililer 3:8, 10). Meshedilen mesihçileriň köpüsi bedende Isanyň gören ölüm görgülerini gördüler (2 Korintoslylar 4:10).
9. Ýatlama agşamynda ulanylýan çörek kimiň bedenini aňladýar?
9 Rebbiň agşam naharyny girizende Isa şeýle diýdi: «Bu Meniň bedenimdir» (Markus 14:22). Ol özüniň tizden ýenjiljek we gana bulanjak bedenini göz öňünde tutupdy. Hamyrmaýasyz çörek — Isanyň bedeniniň oňat nyşany. Näme üçin? Sebäbi Mukaddes Ýazgylarda hamyrmaýa günäni we erbetligi aňladýar (Matta 16:4, 11, 12; 1 Korintoslylar 5:6—8). Isa kämildi, şol sebäpli-de onuň ynsan bedeni günäsizdi. Ol şol kämil bedenini günälere bagyşlanma gazandyrýan gurban hökmünde hödürläp biljekdi (Ýewreýler 7:26; 1 Ýahýa 2:2). Onuň berjek gurbany göge gitmäge ýa-da ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga umyt edýän wepaly mesihçileriň hemmesine peýda getirmelidi (Ýahýa 6:51).
10. Ýatlama agşamynda şerapdan dadýan mesihçiler haýsy manyda «Mesihiň ganyna şärikçilik» edýär?
10 Ýatlama agşamynda meshedilen mesihçileriň dadýan şeraby hakda Pawlus şeýle diýdi: «Biziň şükür edýän şükür käsämiz Mesihiň ganyna şärikçilik dälmi?» (1 Korintoslylar 10:16). Şerapdan dadýan mesihçiler haýsy manyda «Mesihiň ganyna şärikçilik» edýär? Elbetde, olar töleg gurbanyny bermäge gatnaşmaýarlar, sebäbi olaryň özleri hem günäleriniň ýuwulmagyna mätäç. Mesihiň ganynyň günäni ýuwujy güýjüne iman edýänligi sebäpli, olaryň günäsi geçilýär hem-de olar gökde ýaşamak üçin aklanýar (Rimliler 5:8, 9; Titus 3:4—7). Hawa, Mesihiň döken gany Mesihiň 144 000 mirasdaşyny «mukaddes etdi» hem-de günälerinden arassalap, bir gyra aýyrdy, şol sebäpli olar «mukaddes» bolar (Ýewreýler 10:29; Daniýel 7:18, 27; Efesliler 2:19). Aslyýetinde, Mesih döken gany bilen şol adamlary «her taýpadan, her dilden, her halk we her milletden Hudaýa satyn aldy... Hudaýyň hyzmatynda patyşalyk ýagdaýyna sokup, ruhany etdi... dünýä [eriň, TD] üstünden höküm sürerler» (Ylham 5:9, 10).
11. Ýatlama agşamynda meshedilen mesihçileriň şerapdan datmagy näme aňladýar?
11 Isa ölüminiň Ýatlama agşamyny girizen mahaly, bir käse şeraby wepaly şägirtlerine berdi-de: «Şundan hemmäňiz içiň. Çünki bu Meniň ganym, günäleriň bagyşlanmagy üçin köp adamlaryň hatyrasyna dökülen täze ähtiň gany» diýdi (Matta 26:27, 28). Öküzleriň we geçileriň gany Hudaý bilen Ysraýyl halkynyň baglaşan Kanun ähtini tassyklaýşy ýaly, Isanyň gany hem Ýehowanyň ruhy Ysraýyl bilen b. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni baglaşjak täze ähtini tassyklamalydy (Çykyş 24:5—8; Luka 22:20; Ýewreýler 9:14, 15). «Ähtiň ganyny» aňladýan şerapdan dadyp, meshedilen mesihçiler täze ähte girýändigini we şondan peýdalanýandygyny görkezýärler.
12. Meshedilen mesihçiler nädip Mesihiň ölümine çokundyrylýar?
12 Bu baýramçylyk meshedilen mesihçilere başga bir zady hem ýatladýar. Isa wepaly şägirtlerine şeýle diýdi: «Siz meniň içjek käsämden içersiňiz. Meniň çokunyşym bilen çokunarsyňyz» (Markus 10:38, 39). Biraz soňrak Pawlus hem mesihçileriň Mesihiň «ölümine çokundyrylýandygyny» aýdyp geçdi (Rimliler 6:3). Hawa, meshedilen mesihçiler janyny gurban edýärler. Aslynda, olaryň ölümi hem gurbanlyk saýylýar, sebäbi olar ýer ýüzünde ýaşamak umydyndan el çekýärler. Meshedilen mesihçiler ölýänçä wepaly galyp, soňra gökde Mesih «bilen bile höküm sürmek» üçin ruh bolup direlende, Mesihiň ölümine çokundyrylmagy tamamlanar (2 Timoteos 2:10—12; Rimliler 6:5; 1 Korintoslylar 15:42—44, 50).
Nyşanlardan datmak
13. Ýer ýüzünde ýaşamaga umyt edýän mesihçiler Ýatlama agşamyna barsalar-da, näme üçin nyşanlardan datmaýarlar?
13 Ýatlama agşamynda çörekden we şerapdan datmak şony aňladýan bolsa, onda ýer ýüzünde ýaşamaga umyt edýän mesihçileriň şol nyşanlardan datmagy nädogry bolardy. Sebäbi olar Mesihiň bedeniniň meshedilen agzasy däl hem-de Ýehowanyň Isa bile höküm sürjekler bilen baglaşan täze ähtine girmeýär. «Käsäniň» täze ähti aňladýanlygy sebäpli, nyşanlardan diňe täze ähte gatnaşýanlar dadýarlar. Hudaýyň patyşalygy astynda ýerde ýaşamaga sabyrsyzlyk bilen garaşýan mesihçiler ne Mesihiň ölümine çokundyryldy, ne-de onuň bilen bile gökde höküm sürmäge çagyryldy. Eger olar nyşanlardan datsa, onda aldadygy bolardy. Şeýlelikde, olar Ýatlama agşamyna minnetdarlyk bilen barsalar-da, nyşanlardan datmaýarlar. Olar Ýehowanyň öz Ogly arkaly edýän ähli ýagşylygy hem-de Mesihiň döken gany esasynda günälerini geçeni üçin örän minnetdar.
14. Çörekden we şerapdan datmagy meshedilen mesihçileri nädip ruhy taýdan galkyndyrýar?
14 Mesih bilen bile gökde höküm sürmäge çagyrylan az sanly mesihçileriň gutarnykly möhürlenmegi tizden tamamlanmaly. Ýöne ýer ýüzünde janyny gurban edýänçä, her Ýatlama agşamy nyşanlardan dadyp, meshedilen mesihçiler ruhy taýdan galkynýarlar. Olar beýleki meshedilen doganlary we uýalary bilen Mesihiň bedeniniň agzybir agzalarydygyna begenýärler. Olaryň şol nyşanlardan datmagy, tä ölýänçä wepaly galmagyň wajypdygyny ýatladyp durýar (2 Petrus 1:10, 11).
«Ýerdäki zatlaryň» ýygymy
15. Meshedilen mesihçileriň tarapyna kimler geçýär?
15 1930-njy ýyllardan başlap, «başga goýunlar» köpelýär. Olar «kiçijik sürä» degişli däl, ýöne ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga umyt baglaýarlar. Şol «başga goýunlar» meshedilen mesihçilere goşulyp, goldaw berip başladylar (Ýahýa 10:16; Luka 12:32; Zakarýa 8:23). Olar Mesihiň doganlarynyň wepaly ýoldaşlary boldy hem-de «Patyşalyk baradaky bu Hoş Habary hemme milletlere güwälik hökmünde» wagyz etmäge uly kömek edýärler (Matta 24:14; 25:40). Şeýdip, Mesih milletleri höküm etmäge gelende, olar «goýunlar» hökmünde onuň «sagynda» durmaga mümkinçiligi alarlar (Matta 25:33—36, 46). Olar Mesihiň ganyna iman edip, «agyr muşakgatdan» diri geçjek «uly märekäni» emele getirýärler (Ylham 7:9—14).
16. Ýerdäki zatlar kimlerden ybarat hem-de olar nädip «Hudaýyň perzendi» bolup biler?
16 144 000 meshedilen meçihçiniň gutarnykly möhürlenmegi bilen Şeýtanyň zalym dünýäsiniň başyna injek heläkçilik «ýeli» öwsüp başlar (Ylham 7:1—4). Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygy döwründe sansyz-sajaksyz adam direlip, uly märekä goşular (Ylham 20:12, 13). Olar hem Patyşa Isa Mesihiň ýerde ýaşaýan raýatlary bolup bilerler. Müňýyllyk hökümdarlygyň ahyrynda «ýerde bolan bar zatlar» soňky synagdan geçer. Şol synagda wepaly galan adamlar «Hudaýyň [erdäki] perzendi» bolar (Efesliler 1:10; Rimliler 8:21; Ylham 20:7, 8).
17. Ýehowanyň maksady nädip amala aşar?
17 Şunluk bilen, Ýehowa paýhasly «taslamasy» boýunça «gökde hem ýerde bolan bar zatlary Mesihde birleşdirmek» maksadyny amala aşyrar. Şonda gökde we ýerde ýaşaýan ähli mahluklar birleşip, Beýik maksatly Ýehowanyň hökümdarlygyna şatlyk bilen tabyn bolarlar we Älem-jahanda parahatlyk höküm sürer.
18. Ýatlama agşamy meshedilen mesihçilere we olaryň ýoldaşlaryna nämäni ýatlatmaly?
18 2006-njy ýylyň Gurbansoltan aýynyň 12-sinde az sanly meshedilen mesihçileriň we millionlarça «başga goýunlaryň» bile ýygnanmagy imanyňy berkitse gerek! Olar Mesihiň ölüminiň Ýatlama agşamyny bellärler, sebäbi Isanyň özi: «Muny Meni ýada salmak üçin berjaý ediň» diýip tabşyrypdy (Luka 22:19). Şol duşuşyga gatnaşýanlaryň hemmesi Ýehowanyň öz söýgüli Ogly Isa Mesih arkaly eden ýagşylygyny ýatda saklamaly.
Gaýtalamak üçin sowallar
• Gökdäki we ýerdäki zatlar üçin Ýehowanyň näme maksady bar?
• Gökdäki zatlar kimler we olar nädip ýygnanýar?
• Ýerdäki zatlar kimler we olaryň näme umydy bar?
[23-nji sahypadaky çarçuwa]
«Mesihiň teni»
Pawlus 1 Korintoslylar 10:16, 17-nji aýatlarda Mesihiň ruhdan doglan doganlary üçin çöregiň näme aňladýandygyny düşündirip, «ten» sözüni başga bir manyda ulandy: «Biziň bölýän çöregimiz Mesihiň tenine şärikçilik dälmi? Çöregiň bolşy ýaly, köp bolan biz hem bir tendiris; sebäbi biziň hemmämiziň şol bir çörekde paýymyz bardyr». Ýatlama agşamynda çörekden dadyp, olar meshedilen mesihçileriň agzybir ýygnagyna girýändigini boýun alýarlar. Şol ýygnak tene meňzedilýär, onuň Başy bolsa — Mesih (Matta 23:10; 1 Korintoslylar 12:12, 13, 18).