Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w10 15/7 sah. 25—28
  • Çagalarda okamaga we öwrenmäge söýgi dörediň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Çagalarda okamaga we öwrenmäge söýgi dörediň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Söýginiň we göreldäniň täsiri
  • Okamaga söýgi dörediň
  • Peýda we lezzet berýän okuw
  • Gymmatly sylag
  • Okamaklyga üns beriň
    Wagyz mekdebi
  • Mukaddes Kitaby okamagyň peýdasy
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • Çagalaryňyza Ýehowany söýmegi öwrediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
w10 15/7 sah. 25—28

Çagalarda okamaga we öwrenmäge söýgi dörediň

ATA-ENELER, siz çagalaryňyza okamagy we öwrenmegi öwretseňiz, olaryň gelejegi üçin iň uly goşant goşdugyňyz bolar. Bu pursatlar, gör, nähili şatlyk getirer! Käbir adamlar ata-enesiniň çagalykda kitap okap berşini mähirli ýatlaýarlar. Okamagyň özi-de, berýän peýdasy-da ýakymly. Hudaýyň gullukçylary bolsa Mukaddes Ýazgylary öwrenip, Ýehowa bilen dostlugyny has-da berkidýärler. Bir mesihçi ata: «Biziň iň eziz hasaplaýan zatlarymyz okamak we öwrenmek bilen baglanyşyklydyr» diýýär.

Çagalaryňyz okamagy we öwrenmegi endik edinseler, Hudaý bilen ýakyn dost bolup bilerler (Zeb. 1:1—3, 6). Halas bolmak üçin bilimli bolmak talap edilmese-de, Mukaddes Ýazgylarda ruhy bereketleri almak üçin okamagyň wajypdygy aýdylýar. Meselem, Ylham 1:3-de şeýle diýilýär: «Bu pygamberlik sözlerini okan, onda ýazylanlara gulak asyp, olary berjaý eden bagtyýardyr». Galyberse-de, öwrenýän wagtyň ünsüňi jemlemek hem ähmiýetli. Bu barada Pawlus resul hem Timoteosa: «Bu işlerde yhlasly bol» diýip maslahat berdi. Soňra onuň sebäbini düşündirip, şeýle diýdi: «Ilerleýşiňi hemmeleriň görmegi üçin bular bilen meşgullan» (1 Tim. 4:15).

Elbetde, diňe okamagy we öwrenmegi başarmak ýeterlikli däl. Köp adamlarda şeýle ukyp bolsa-da, ony dogry ulanman, gaýtam, olar ähmiýetsiz zatlara kowalaşyp, wagtyny biderek geçirýärler. Eýsem, ata-eneler çagalarynda okamak we öwrenmek höwesini nädip oýaryp biler?

Söýginiň we göreldäniň täsiri

Söýgi bilen geçirilýän sapak çagalary okamaga höweslendirer. Ouen bilen Klawdiýa ogluny we gyzyny ýatlap, şeýle diýýär: «Olar söýgi bilen edilýän aladany duýup, sapaga sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar. Şeýle-de sapak olara ata-enesiniň mährinden ganmaga mümkinçilik berýärdi». Söýgi bilen geçirilýän maşgala okuwy çagalara kyn ýetginjeklik döwründe-de, okamaga we öwrenmäge dogry garamaga kömek eder. Ouen bilen Klawdiýanyň çagalary häzir pioner bolup gulluk edýär; olar çagalykda öwrenen endiginiň, ýagny okamak we öwrenmek höwesiniň peýdasyny görýärler.

Söýgi bilen birlikde görelde görkezmek hem wajyp. Çagalar ata-enesiniň köplenç kitap okap we öwrenýändigini görseler, bu olaryň hem durmuşynda esasy orun tutar. Siz şeýle edip bilmeseňiz, bu babatda çagalaryňyza nädip görelde görkezip bilersiňiz? Belki, siz okamagyň wajypdygyna düşünmelisiňiz ýa-da oňa bolan garaýşyňyzy üýtgetmelisiňiz (Rim. 2:21). Eger siz her gün okamagy endik edinseňiz, çagalaryňyza güýçli täsir eder. Esasanam, Mukaddes Ýazgylary okanyňyzda, ýygnaga taýýarlananyňyzda we maşgala okuwyny geçireniňizde yhlasly bolsaňyz, çagalar şeýle ruhy işleriň ileri tutulmalydygyna düşünerler.

Diýmek, çagalarda okamaga söýgi döretmek üçin, ata-enäniň söýgüsi we göreldesi juda zerur. Olary okamaga höweslendirmek üçin näme etse bolar?

Okamaga söýgi dörediň

Çagalarda okamaga söýgi döretmek üçin näme edip bolar? Çaganyň öz kitaby bolsun. Okamaga söýgini ata-enesinden öwrenen bir mesihçi ýaşuly şeýle maslahat berýär: «Çagalaryňyzyň öz kitaby bolup, olary ýanynda götersin, ulansyn. Şeýdip, olar kitap bilen dostlaşar we kitap olaryň hemrasy bolar». Meselem, köp çagalar Hudaýyň Sözüne esaslanan «Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar» kitabyny okap bilmese-de, ýany bilen göterýärler. Siz çagalaryňyz bilen şeýle kitaplary okasaňyz, olary diňe bir ene dili bilen däl-de, eýsem, «ruhy zatlar» we «ruhy sözler» bilen hem tanyşdyrarsyňyz (1 Kor. 2:13).

Hemişe sesli okaň. Çagalaryňyz bilen her gün okamagy maksat ediniň. Şeýle etseňiz, olar sözleri dogry aýtmagy öwrenip, okamagy endik ediner. Ýöne siziň okaýşyňyz hem wajyp. Siz joşgunly okasaňyz, olar hem sizden görelde alar. Megerem, çagalaryňyz şol bir hekaýany gaýta-gaýta okap bermegi haýyş eder. Olaryň göwnüni ýykmaň! Wagtyň geçmegi bilen, olar täze hekaýalary eşitmek islärler. Ýöne okamagy mejbur etmäň. Isanyň görkezen göreldesine eýeriň. Ol diňleýjileriniň «eşidip biljek möçberlerinde» aýdardy (Mar. 4:33). Eger çagalaryňyzy mejbur etmeseňiz, olar geçiljek her bir sapaga höwes bilen garaşarlar. Şeýdip, siz kem-kemden olarda okamaga söýgi döredip bilersiňiz.

Çagalaryňyz bilen okan zadyňyz barada gürrüň ediň. Wagtyň geçmegi bilen, siz çagalaryňyzyň tanyş sözlere üns berşine, olary aýdyşyna we manysyna düşünişine haýran galarsyňyz. Eger siz okan zadyňyz barada gürrüňdeş bolsaňyz, çagaňyzyň aň-düşünjesiniň ösmegine ýardam edersiňiz. Bir kitabyň «Çagalara gowy okamagy öwretmek» diýen temasyna görä, çagalara «okanda öwrenen sözlerini tanamaga we olara düşünmäge» gürrüňdeşligiň kömek edýändigi aýdylýar. Şol kitapda: «Okamagy we ýazmagy öwrenýän çagalaryň aň-düşünjesiniň ösmegi üçin, olar bilen gyzykly gürrüň etmek wajypdyr» diýilýär.

Çagalaryňyz size okap bersin we olary sorag bermäge höweslendiriň. Siz olara sorag berip, mümkin bolan jogaplary hödürläň, olar bolsa dogry jogaby saýlasyn. Şeýdip, çagalar «Kitap — bilimiň çeşmesidigine» we okaýan her bir sözüniň manysyna düşünerler. Bu usul Hudaýyň Sözüne esaslanan edebiýatlary okanda has-da peýdalydyr, sebäbi Mukaddes Ýazgylarda köp pikirler ýazylan (Ýew. 4:12).

Kitaby okanyňyzda çagalaryňyz bilen bilelikde tagalla etmelidigiňizi unutmaň. Okuwa gowy taýýarlanmak üçin wagt sarp etmelia. Çagalaryňyzda okamaga söýgi döretmek üçin, olara öwgüli sözler aýtmaly. Şonda olar okamagy endik edinerler.

Peýda we lezzet berýän okuw

Çagalaryňyza çuňňur öwrenmegi görkezseňiz, olara okan zadyny özleşdirmäge kömek edersiňiz. Bu täze zatlary öwrenmäge we olaryň biri-biri bilen nähili baglanyşygynyň bardygyny bilmäge ýardam edýär. Munuň üçin guramaçylykly bolmaly, ýadyňa salmaly we bilen zatlaryňyzy ulanmaly. Çaga okan zadyny özleşdirmegi öwrense, munuň gymmatlydygyna göz ýetirip, okuwyň peýdalydygyna we lezzet berýändigine düşüner (Wag. 10:10).

Okuwyň geçirilişi. Gündelik aýat barada pikir alyşmak, maşgala okuwy we şuňa meňzeş işler çagalaryňyza şahsy okuwy geçirmegi öwrenmäge mümkinçilik berýär. Temany dykgatly diňläp, ýuwaş oturmak olara az wagtyň içinde ünsüni jemlemegi öwreder, çünki bu okuw üçin örän wajypdyr. Soňra siz ogluňyzdan öňki bilen zatlarynyň häzirki öwrenen zady bilen nähili baglanyşygynyň bardygyny gürrüň bermäge höweslendiriň. Şonda okan zatlaryny deňeşdirmegi öwrener. Gyzyňyzdan okan zadynyň umumy manysyny gürrüň bermegi haýyş edip bilersiňizmi? Bu oňa okan zadyna düşünmäge we ýatdan çykarmazlyga kömek eder. Makalany okandan soň, ondaky esasy pikirleri gaýtalasak ýa-da nähili düşünendigini sorasak, bu öwrenen zatlaryny ýatda saklamaga ýene-de bir mümkinçilik berer. Hatda kiçi çagalar hem sapakda ýa-da ýygnakda öwrenen zatlaryny gysgaça bellik edip bilerler. Çagalar ünsüni jemlemegi öwrenseler, gör, nähili peýdaly bolar! Şeýle ýönekeý tärler okuwyň gyzykly we manyly geçmegine täsir eder.

Okuwyň gowy geçmegine ýardam edýän ýagdaýy dörediň. Ýuwaş hem-de amatly ýagdaý bilen birlikde, howasy täzelenip duran we ýagty otagda ünsüňi jemlemek aňsat bolýar. Ilki bilen, ata-eneleriň okuwa dogry garaýyşda bolmagy örän wajypdyr. Bir eje şeýle diýýär: «Çagalaryň okamagyna we öwrenmegine wagt tapmak üçin, berk we yzygiderli okuw geçirmek gerek. Bu siziň çagalaryňyza guramaçylykly bolmaga kömek eder. Olar okuwyň nämedigine ýa-da onuň belli bir wagtda geçmelidigine düşünerler». Köp ata-eneler maşgala okuwyny geçirende, çagalaryna başga zatlara güýmenmäge rugsat bermeýärler. Bir hünärmeniň aýtmagyna görä, bu çagalara okuw babatda gowy endikleri edinmäge güýçli täsir edýär.

Okuwyň wajypdygyny görkeziň. Çagalaryňyza okuwyň peýdasyny görmäge kömek ediň. Olar öwrenen zatlaryny durmuşynda ulansalar, okuwyň peýdalydygyna göz ýetirerler. Bir ýaş dogan şeýle gürrüň berýär: «Men okuwyň peýdasyny görmedik bolsam, okuw geçmek islemezdim. Eger özüme degişlidigini bilsem, oňa düşünmäge jan edýärin». Ýaşlar okuwyň wajyplygyna göz ýetirseler, ony durky bilen özüne siňdirerler.

Gymmatly sylag

Çagalarda okuwa bolan höwesi döretmegiň örän köp peýdasy bar. Emma ony bir makalanyň üsti bilen sanap geçmek mümkin däl. Mekdepde we işde üstünlik gazanmak, adamlar bilen gowy gatnaşykda bolmak, nähili döwürde ýaşaýandygymyza düşünmek hem-de ata-ene bilen çaganyň arasyndaky mähirli gatnaşyk — bu okamak bilen öwrenmegiň berýän käbir peýdasydyr.

Esasanam, çagalaryňyzda okamaga we öwrenmäge söýgi döretseňiz, Ýehowanyň gullukçysy bolmaga kömek edersiňiz. Şeýle söýgi olaryň ýüregini, aň-düşünjesini Mukaddes Ýazgylardaky «giň, uzyn, belent we çuňňur» hakykata açar (Efes. 3:18). Elbetde, mesihçi ata-eneler çagalaryna köp zatlary öwredip bilerler. Ata-eneler çagalaryna gowy durmuş ýoluny görkezmek üçin, olara wagt sarp edip, ünsli bolsa, elinde baryny etse, gelejekde Ýehowanyň gullukçysy boljakdygyna umyt edip bilerler. Okamak we öwrenmek babatda gowy endikleri edinen çagalar ruhy taýdan howpsuz bolup, Hudaý bilen dostlukly gatnaşygyny saklap bilerler. Şol sebäpli, siz çagalara okamaga we öwrenmäge söýgi döretmäge jan edip, dogada Ýehowadan bereket diläň (Sül. tym. 22:6).

a Käbir çagalara okamagy öwretmek kyn bolýar. Şeýle ýagdaýda ata-eneleriň näme etmelidigi barada 1997-nji ýylyň 22-nji fewralynda çykan «Oýanyň!» (rus.) žurnalynyň 3—10-njy sahypalarynda maslahat berilýär.

[26 sahypadaky çarçuwa]

Okamak...

• Çaganyň öz kitaby bolsun

• Sesli okaň

• Gürrüň bersin

• Okan zadyňyz barada gürrüňdeş boluň

• Çagalaryňyz size okap bersin

• Sorag bermäge höweslendiriň

Öwrenmek...

• Ata-enäniň göreldesi

• Çagalaryňyza şulary öwrediň:

○ ünsüni jemlemegi

○ deňeşdirmegi

○ umumy manysyny düşündirmegi

○ esasy pikirleri gaýtalamagy

○ belläp almagy

• Okuwyň gowy geçmegine ýardam edýän ýagdaýy dörediň

• Okuwyň wajypdygyny görkeziň

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş