Biz gymmatly baýlygy wagyz edýäris
1 Hudaýyň Sözi ruhy baýlyklaryň çeşmesidir, biz olary örän gymmat saýýarys (Zeb. 12:6; 119:11, 14). Bir gezek Isa Patyşalygy dürli tymsallar arkaly suratlandyryp, şägirtlerine şeýle sowal berdi: «Bu zatlaryň baryny düşündiňizmi?» Olar «Hawa» diýip, jogap berenden soň, Isa şeýle diýdi: «Gökleriň Patyşalygy hakda taglym alan her bir kanunçy hazynasyndan hem täze, hem köne zatlar çykarýan öý eýesi ýalydyr» (Mat. 13:1—52).
2 Biz Mukaddes Ýazgylary ilki okap başlanymyzda, ondan öwrenen taglymatlarymyz hazynamyzdaky «köne» baýlyklar bilen deňeşdirilýär. Hudaýyň Sözüni yzygiderli we çuňňur öwrenip, hazynamyzy «täze» baýlyklar bilen doldurýarys (1 Kor. 2:7). Şeýle-de «sadyk hem akylly hyzmatkäriň» kömegi arkaly biziň täze ruhy baýlyklara düşünjämiz artýar (Mat. 24:45).
3 Biz bu hazynamyzdaky «köne we täze» ruhy baýlyklary örän gymmat saýýarys. Bu bizi öwrenmäge, Hudaýyň Sözüniň mugallymlary kimin tejribämizi artdyrmaga we gymmatly hakykaty adamlara yhlas bilen wagyz etmäge höweslendirýär.
4 Isa görelde galdyrdy. Isa adamlara wagyz etmek üçin uzak ýerlere gidip, bu baýlygy gymmat saýýandygyny görkezdi. Hatda ol ýadanda-da, bilim «ammaryndan» gymmatly baýlyklary çykarmagyny bes etmedi (Ýahýa 4:6—14).
5 Isanyň söýgüsi ruhy taýdan garyp adamlara ýaşaýyş berýän Hudaýyň gymmatly hakykatyny aýtmaga höweslendirýärdi (Zeb. 72:13). Onuň ruhy taýdan açlara haýpy gelip, «olara köp zatlary öwredýärdi» (Mar. 6:34).
6 Isanyň göreldesine eýermek. Eger biz ruhy baýlyklary gymmat saýsak, onda Isa ýaly Hudaýyň hakykatyny adamlara yhlas bilen Mukaddes Ýazgylardan görkezeris (Sül. tym. 2:1—5). Mümkin, biz käte ýadaýandyrys, ýöne muňa garamazdan, Ýazgylardaky hakykaty ak ýürekden hyjuwly gürrüň berýäris (Mar. 6:34). Ruhy baýlyklara bolan çuňňur minnetdarlygymyz wagyz işine hemişe köpräk we doly gatnaşmaga höweslendirer.