Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 3/12 sah. 1
  • «Muny berjaý ediň»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Muny berjaý ediň»
  • Hudaýa gullugymyz — 2012
  • Meňzeş maglumat
  • «Muny meni ýada salmak üçin ediň»
    Hudaýa gullugymyz — 2007
  • Geliň, minnetdarlyk bildireliň Ýatlama agşamy 17-nji aprelde geçer
    Hudaýa gullugymyz — 2011
  • Ýatlama agşamy — Ýehowanyň ýagşylygy
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2023
  • Ýatlama agşamyna şatlyk bilen taýýarlanyň
    Hudaýa gullugymyz — 2013
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2012
km 3/12 sah. 1

«Muny berjaý ediň»

Ýatlama agşamy 5-nji aprelde geçiriler

1. Ýatlama agşamyny bellemek näme üçin wajyp?

1 «Muny meni ýada salmak üçin berjaý ediň» (Luka 22:19). Isa şägirtlerine şeýle diýmek bilen, ölen gününi bellemegi tabşyrdy. Mesihçiler töleg gurbanynyň ähmiýetini göz öňünde tutup, Ýatlama agşamy bellenilýän güni wajyp hasaplaýarlar. Biz şu ýyl 5-nji aprelde geçiriljek Ýatlama agşamy üçin, Ýehowa nädip minnetdarlygymyzy görkezip bileris? (Kol. 3:15).

2. Biz nämäni okap we oýlanyp, Ýatlama agşamyna minnetdarlygymyzy görkezip bileris?

2 Taýýarlyk. Biz wajyp saýýan zatlarymyza gowy taýýarlyk görýäris. Biz Isanyň ýer ýüzündäki ýaşaýşynyň soňky günlerinde bolan wakalary maşgalamyz bilen bile okap we oýlanyp, Ýatlama agşamyna ýüregimizi taýýarlap bileris (Ezra 7:10). Ýehowanyň Güwäçileriniň kalendarynda we «Mukaddes Ýazgylary her gün öwreneliň» diýen broşýurada okalmaly aýatlar berilýär. Şeýle-de 2011-nji ýylyň 1-nji fewralynda çykan «Garawul diňiniň» 23, 24-nji sahypalarynda «Iň beýik adam» kitabyndan okalmaly baplar berilýär.

3. Ýatlama agşamyna minnetdarlygymyzy görkezer ýaly, köpräk wagyz etmek üçin näme etmeli?

3 Wagyz etmek. Biz yhlasly wagyz edip hem minnetdarlygymyzy bildirip bileris (Luka 6:45). Bütin dünýäde dogan-uýalar 17-nji martda şenbe gününden başlap, adamlary Ýatlama agşamyna çagyrarlar. Siz köpräk wagyz etmek ýa-da kömekçi pioner bolup gulluk etmek üçin gün tertibiňizi üýtgedip bilersiňizmi? Bu barada indiki maşgala okuwynda ara alyp maslahatlaşsaňyz gowy bolardy.

4. Ýatlama agşamyna gatnaşmak näme üçin peýdaly?

4 Her ýyl Ýatlama agşamyna gatnaşmak biziň üçin örän peýdaly! Ýehowanyň söýgi bilen ýalňyz ogluny biziň üçin gurban bermegi, Oňa bolan söýgimizi we şatlygymyzy artdyrýar (Ýahýa 3:16; 1 Ýahýa 4:9, 10). Şol sebäpli biz indi özümiz üçin ýaşamaýarys (2 Kor. 5:14, 15). Şeýle-de biz Ýehowany şöhratlandyrmak isleýäris (Zeb. 102:19—22). Ýehowanyň minnetdar gullukçylary Isanyň «ölümini yglan» etmek üçin 5-nji aprelde geçiriljek Ýatlama agşamyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar (1 Kor. 11:26).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş