WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ | WAGYZDAN ŞATLYK TAPYŇ
Hudaýyň Sözüni ulanyň
Hudaýyň Sözi örän güýçli! (Ýew 4:12). Ol Ýehowany tanamaýan adamlaryň hem ýüregine täsir edip bilýär (1Sl 1:9; 2:13). Wagyz eden adamymyz Mukaddes Kitapdaky hakykata seslense, biz gaty begenýäris.
«ŞÄGIRT TAÝÝARLAP ŞATLANYŇ WE UKYBYŇYZY ÖSDÜRIŇ. HUDAÝYŇ SÖZÜNIŇ GÜÝJÜNI GÖRMÄGE KÖMEK EDIŇ» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
Nita Jasmine Hudaýyň Sözüniň güýjüni görmäge kömek etmek üçin näme etdi?
Nita aýady sesli okadyp we esasy pikirleri nygtap, Jasmine Hudaýyň Sözüniň güýjüni görmäge nädip kömek etdi?
Aýatdaky sözleriň Jasminiň ýüregine täsir edendigi nämeden görünýär we bu Nita nähili täsir etdi?