35-NJI MAKALA
123-NJI AÝDYM Hudaýyň guramasyna gulak asalyň
Ýygnakdan çykarylanlara kömek edeliň
«Toba mätäç bolmadyk 99 dogruçyl adama garanyňda toba eden ýekeje günäkär üçin gökde has köp begenerler» (Luka 15:7).
ESASY PIKIR
Käbirleriniň näme üçin ýygnakdan çykarylýandygyny we ýaşulularyň olara toba etmäge, Ýehowa bilen dostlaşmaga nädip kömek edýändigini bileliň.
1, 2. a) Ýehowa günäli işlere göz ýumýarmy? Düşündiriň. b) Ýehowanyň hiç bir adamyň heläk bolmagyny islemeýändigini nireden bilýäris?
ÝEHOWA günäli işlere göz ýummaýar (Zeb. 5:4—6). Ol adamlardan adalatly kada-kanunlary boýunça ýaşamagy talap edýär. Emma Ýehowa adamlaryň käte ýalňyşjakdygyna düşünýär. Şonuň üçinem olardan başarmajak zadyny talap etmeýär (Zeb. 130:3, 4). Gynansak-da, erbet adamlar «Hudaýymyzyň ýagşylygyny öz peýdasyna ulanyp, haýasyzlygyny aklaýarlar» (Ýahd. 4). Şol sebäpli Mukaddes Kitapda Hudaýyň Armageddon söweşinde «hudaýsyz adamlary» ýok etjekdigi aýdylýar (2 Pet. 3:7; Ylh. 16:16).
2 Ýehowa hiç bir adamyň heläk bolmagyny islemeýär. Mukaddes Kitapda onuň «hemmeleriň toba edip, halas bolmagyny isleýändigi» aýdylýar (2 Pet. 3:9). Ýaşulular hem Ýehowadan görelde alyp, günä eden adama dogry ýola düşmäge, Ýehowa bilen ýene-de dost bolmaga kömek etmek üçin elinde baryny edýärler. Ýöne günä eden adamlaryň käbiri şonda-da toba etmeýär (Işa. 6:9). Ýaşulular olara kömek etmek üçin näçe tagalla etseler-de, olar günäli işlerini goýmaýarlar. Şeýle ýagdaýda ýaşulular näme etmeli?
«ERBET ADAMY ARAŇYZDAN AÝRYŇ»
3. a) Mukaddes Kitapda toba etmeýän günäkär hakda nähili görkezme berilýär? b) Toba etmeýän adam näme üçin ýygnakdan gitmegi özi saýlady diýse bolýar?
3 Günä eden adam toba etmese, ýaşulularyň ony ýygnakdan çykarmakdan başga alajy bolmaýar. Sebäbi 1 Korinfliler 5:13-de: «Erbet adamy araňyzdan aýryň» diýilýär. Toba etmeýän günäkär şu görkezmäni gowy bilýär. Şonuň üçin ýygnakdan gitmegi onuň özi saýlady diýse bolýar. Ol ekenini ordya (Gal. 6:7). Ýaşulular günä eden adama toba etmäge näçe kömek etjek bolsalaram, ol olaryň kömeginden ýüz öwürýär (2 Pat. 17:12—15). Şeýtmek bilen, ol Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça ýaşamak islemeýändigini görkezýär (5 Mus. 30:19, 20).
4. Toba etmeýän günäkär ýygnakdan çykarylsa näme üçin bildiriş edilýär?
4 Toba etmedik günäkär ýygnakdan çykarylanda, ýygnakda onuň mundan beýläk Ýehowanyň Şaýady hasaplanmaýandygy bildiriş edilýärb. Şeýle bildiriş ony utandyrmak üçin däl-de, dogan-uýalary habarly etmek üçin edilýär. Şonda dogan-uýalar Mukaddes Kitapdaky «onuň bilen gatnaşmaň», «saçak başynda oturmaň» diýen görkezmä eýerip biler (1 Kor. 5:9—11). Şol görkezme tutuş ýygnaga peýda berýär. Pawlus resul: «Azajyk hamyrmaýa tutuş hamyry turşadýar» diýdi (1 Kor. 5:6). Eger toba etmedik günäkär ýygnakdan çykarylmasa, onda dogan-uýalar Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça ýaşamasaň hem bolýan eken diýip pikir eder (Nak. 13:20; 1 Kor. 15:33).
5. Toba etmeýän adam ýygnakdan çykarylsa-da biz nämä umyt edýäris we näme üçin?
5 Biz ýygnakdan çykarylan adam bilen gatnaşmasak-da, oňa düzelmejek adam hökmünde däl-de, Ýehowanyň azaşan guzujygy hökmünde seretmeli. Onuň üçin ýygnagyň gapysy elmydama açyk. Ýygnakdan çykarylan adam Ýehowa özüni bagyş edipdi, emma häzir beren sözüne görä ýaşamaýar. Şonuň üçin hem oňa howp abanýar (Hyz. 18:31). Emma rehimdar Hudaý Ýehowa onuň akylyna aýlanyp, yzyna dolanmagyna garaşýar. Ýaşulular Ýehowadan nädip görelde alyp biler?
ÝAŞULULARYŇ KÖMEGI
6. Ýaşulular ýygnakdan çykarylan adama kömek etmek üçin nähili ädimleri ädýärler?
6 Toba etmeýän günäkär ýygnakdan çykarylsa-da, ýaşulular oňa Ýehowa dolanmaga kömek etmegi bes etmeýärler. Günäkäre ýygnakdan çykarylandygyny aýdansoň, ýaşulular komiteti oňa ýygnaga dolanmak üçin nähili ädimleri ätmelidigini düşündirýärler. Ýöne ýaşulularyň kömegi munuň bilen çäklenmeýär. Köp ýagdaýda ýaşulular günäkäre ýene birnäçe aýdan görüşjekdigini aýdýar. Ýaşulular onuň bilen görşüp, pikirini we garaýşyny düzedendigini görjek bolýarlar. Olar ýygnakdan çykarylan adamy toba etmäge, ýygnaga dolanmaga höweslendirýärler. Eger günäkär toba etmese, onda ýaşulular onuň bilen ýene-de birnäçe aýdan görüşýär we Ýehowa dolanmaga höweslendirýär.
7. Ýaşulular rehimdar Hudaý Ýehowanyň göreldesine nädip eýerýärler? (Ýermeýa 3:12).
7 Ýaşulular rehimdar Ýehowadan görelde alyp, ýygnakdan çykarylan adama kömek etmek isleýär. Ýehowa dogry ýoldan azaşan ysraýyl halkynyň özi dolanýança garaşmady. Gaýtam ysraýyllar heniz toba etmänkä kömek etmek üçin ilkinji ädimi özi ätdi. Žurnalyň ikinji makalasyndan bilşimiz ýaly, Ýehowa Hoşeýa pygambere ahlaksyzlyk edip ýören aýalyny öýüne kabul etmegi tabşyrdy (Hoş. 3:1; Mel. 3:7). Mundan Ýehowanyň günä edýän halkyna haýpy gelýändigini, olary yzyna kabul etmek isleýändigini görýäris. Ýehowa ýaly ýaşulularam günä eden adamyň yzyna dolanmagyny ýürekden isleýär. Günäkär ýaýdanman, çekinmän yzyna dolanar ýaly, ýaşulular elinde baryny edýärler (Ýermeýa 3:12-ni okaň).
8. Isanyň ýiten ogul baradaky mysaly Ýehowanyň rehimdardygyna düşünmäge nädip kömek edýär? (Luka 15:7).
8 Şu žurnalyň ikinji makalasynda Isa pygamberiň ýiten ogul baradaky mysalyna seredipdik. «Oglan heniz uzakdaka, kakasy ony görüp, ýüregi awaýar». Ol ogly ýanyna gelip ötünç soraýança garaşman, «ylgap barýar-da, ogluny gujaklap ogşaýar» (Luka 15:20). Mysaldaky ata ýaly Ýehowa-da azaşan guzujyklarynyň yzyna dolanmagyny isleýär. Ýaşulular hem ondan görelde alyp, ýygnakdan çykarylanlara yzyna dolanmaga kömek etmek üçin jan edýär (Luka 15:22—24, 32). Günäkär toba edende Ýehowa, Isa, perişdeler we dogan-uýalar örän begenýär (Luka 15:7-ni okaň).
9. Ýehowanyň günäkäri yzyna dolamak isleýändigini näme subut edýär?
9 Görşümiz ýaly, Ýehowa günäli işlere göz ýummaýar, ol toba etmeýän günäkäriň ýygnakda galmagyna ýol bermeýär. Ýöne ol günäkärden umydyny hem üzmeýär, onuň toba edip yzyna dolanmagyny isleýär. Hoşeýa 14:4-de Ýehowa şeýle diýýär: «Men olary sagaldaryn, indi maňa biwepalyk etmezler. Olary ýürekden söýerin. Sebäbi meniň gaharym köşeşdi». Şu aýat ýaşululary günäkäriň toba edýändigini görkezýän ýekeje hereketini hem görmäge höweslendirýär. Günäkäri bolsa Ýehowanyň ony gowy görýändigine, yzyna dolanmagyny isleýändigine ynandyrýar.
10, 11. Ýaşulular ýygnakdan çykarylanyna ençeme ýyl bolanlara nädip kömek edýärler?
10 Käbirleriniň ýygnakdan çykarylanyna ençeme ýyl bolandyr. Onuň näme sebäpden ýygnakdan çykarylandygy ýadyna-da düşýän däldir. Belki, ol şol günäni köpden bäri edýän hem däldir. Ýaşulular şeýle adamy gözläp tapmaly we onuň bilen gepleşmeli. Ýaşulular onuň bilen doga edip biler we toba edip, ýygnaga dolanmagyň wajypdygyny ýumşaklyk bilen düşündirer. Eger adam köpden bäri ýygnaklara gelmeýän bolsa, onda ol ruhy taýdan gowşandyr. Ol adam islese, heniz ýygnakda dikeldilmedik bolsa-da, onuň bilen okuw geçmegi ýola goýup bolar. Ýygnakda dikeldilmedikler bilen kimiň okuw geçmelidigini diňe ýaşulular çözýär.
11 Ýaşulular rehimdar Hudaý Ýehowadan görelde almak isleýärler. Olar ýygnakdan çykarylanlaryň ählisini ideýärler we ýygnaga dolanmaga höweslendirýärler. Eger günäkär toba edip, erbet ýolundan dönse, onda tizden-tiz ýygnakda dikeldiler (2 Kor. 2:6—8).
12. a) Ýaşulular haýsy ýagdaýlarda has-da ünsli bolmaly? b) Näme üçin käbir adamlar Ýehowanyň rehimdarlygyna mynasyp däl diýip pikir etmeli däl? (Çykgyda serediň).
12 Toba edýän adamy soňa goýman dikeldip bolýan hem bolsa, käbir günä eden adamlardan, meselem, çaga ýowuz daraşan ýa-da zorlan, imandan dänen, mekirlik bilen ýanýoldaşyndan aýrylyşan adamlardan ägä bolmaly. Olaryň ýürekden toba edýändigine göz ýetirmeli (Mel. 2:14; 2 Tim. 3:6). Ýaşulular sürini goramaly. Ýöne olar Ýehowanyň ýürekden toba edýän we erbet işleri goýan adamy kabul edýändigini ýatdan çykarmaly däl. Ýaşulular mekir, hilegär adamdan ägä bolsalar-da, şeýle adamlar Ýehowanyň rehimdarlyk etmegine mynasyp däl diýip pikir etmeli dälc (1 Pet. 2:10).
DOGAN-UÝALARYŇ KÖMEGI
13. Biz käýinç berlen adam bilen özümizi nähili alyp barýarys we ýygnakdan çykarylan adam bilen özümizi nähili alyp barýarys?
13 Geçen makaladan bilşimiz ýaly, günäkär toba etse ýygnakdan çykarylmaýar. Ýöne oňa käýinç berlendigi bildiriş edilýär (1 Tim. 5:20). Biz şeýle adamlar bilen gatnaşyp bilýäris. Sebäbi olar eden işine ökünýär we Ýehowany razy edip ýaşaýar. Biz olary ruhlandyrmaly, sebäbi olaram ýygnagyň agzasy (Ýew. 10:24, 25). Ýöne biz ýygnakdan çykarylan adam bilen özümizi başgaça alyp barýarys. Mukaddes Kitabyň görkezmesine görä, «onuň bilen gatnaşmaýarys, hatda bir saçak başynda-da oturmaýarys» (1 Kor. 5:11).
14. Mesihçiler ýygnakdan çykarylanlar bilen özüni nähili alyp baryp biler? (Surata serediň).
14 1 Korinfliler 5:11-däki görkezme ýygnakdan çykarylan adamlara ýüz bermän ýörmelidigimizi aňladýarmy? Ýok, beýle däl. Elbetde, biz olar bilen gatnaşmaýarys. Ýöne ýygnakdan çykarylan adam biziň dogan-garyndaşymyz, öň okuw geçenimiz ýa-da dostumyz bolsa, ony ýygnaga çagyryp bileris. Mesihçi Mukaddes Kitap esasynda terbiýelenen ynsabyna görä hereket edip bilýär. Belki, onuň ynsaby ýygnakdan çykarylan adam bilen salamlaşmaga ýa-da garşy almaga ýol berer. Ýöne biz olar bilen uzak wagt gepleşmeris, dynç almarys ýa-da wagtymyzy bile geçirmeris.
Mesihçi Mukaddes Kitap esasynda terbiýelenen ynsabyna görä hereket edip, ýygnakdan çykarylan adam bilen salamlaşyp ýa-da ony garşy alyp biler (14-nji abzasa serediň).
15. 2 Ýahýa 9—11-nji aýatlara görä biz kimler bilen salamlaşmaly däl? («Ýahýa we Pawlus resul şol bir günä eden adamlar hakda görkezme berdimi?» diýen çarçuwa serediň).
15 Belki, käbirleri: «2 Ýahýa 9—11-nji aýatlarda (okaň) günä edýänler bilen salamlaşmaň diýilýär. Eger biz ýygnakdan çykarylanlar bilen salamlaşsak, olaryň erbet işlerine şärik bolmarysmy?» diýip biler. Şu aýadyň kontekstine görä, biz imandan dänenler we başgalary günä etmäge höweslendirýän adamlar bilen salamlaşmaly däl (Ylh. 2:20). Eger ýygnakdan çykarylan adam imandan dänen bolsa ýa-da başgalaryň imanyny gowşadýan bolsa, onda ýaşulular ony idemeli däl. Belki, ol adam bir gün akylyna aýlanar, günäsine-de toba eder. Ýöne şoňa çenli biz ol adama salam hem bermeli däl, ýygnaga-da çagyrmaly däl.
ÝEHOWA ÝALY REHIMDAR BOLUŇ
16, 17. a) Ýehowa günäkärleriň näme etmegini isleýär? (Hyzkyl 18:32). b) Ýaşululara haýsy manyda Ýehowanyň işdeşi diýse bolýar?
16 Biz şu žurnaldaky makalalardan nämeleri öwrendik? Ýehowa hiç bir adamyň heläk bolmagyny islemeýär. Ol günäkärleriň toba etmegini isleýär (Hyzkyl 18:32-ni okaň). Şonuň üçin hem Ýehowa asyrlarboýy dogry ýoldan sowlan halkyny gaýta-gaýta toba etmäge, yzyna dolanmaga çagyrdy (2 Kor. 5:20). Ýaşulular hem agyr günä eden adamlara toba etmäge kömek edip, Ýehowa bilen eginme-egin işleşýärler (Rim. 2:4; 1 Kor. 3:9).
17 Günäkär toba etse gökde uly baýram, uly toý bolýar. Gökdäki Atamyz Ýehowa guzujyklarynyň biri yzyna dolansa örän begenýär. Rehimdar, duýgudaş Hudaý Ýehowa barada oýlansak, oňa bolan söýgimiz has-da artar. Biz ýagşylyga baý Hudaý Ýehowa örän minnetdar (Luka 1:78).
111-NJI AÝDYM Şatlanyň!
a Makalada agyr günä eden dogan hakda gürrüň edilse-de, aýdylýan zatlar uýa hem degişli.
b Biz öň toba etmeýän agyr günä eden adamlara ýygnak gatnaşygyndan kesilenler diýýärdik. Emma 1 Korinfliler 5:13-e esaslanyp, indi olara ýygnakdan çykarylanlar diýýäris.
c Mukaddes Kitapda käbirleriniň bagyşlanylmaýan günä edendigi ýazylan. Şeýle günä Hudaýa dil ýetirýär, oňa garşy çykyp duşmany bolýar. Emma adamyň bagyşlanylmaýan günä edendigini ýa-da etmändigini diňe Ýehowa bilen Isa Mesih çözýär (Mar. 3:29; Ýew. 10:26, 27).