4-NJI MAKALA
18-NJI AÝDYM Töleg gurbanyna minnetdarlyk
Töleg gurbany arkaly Ýehowany we Isany gowy tanaň
«Hudaýyň söýgüsini şundan bilýäris: Hudaý ýeke-täk Ogluny dünýä iberdi» (1 Ýah. 4:9).
ESASY PIKIR
Töleg gurbany barada öwrensek, Ýehowany we Isa pygamberi has gowy tanarys.
1. Biz näme üçin her ýyl Ýatlama agşamyna gatnaşmaly?
TÖLEG GURBANY Ýehowanyň beren iň gymmatly sowgady (2 Kor. 9:15). Ýehowa bizi söýýändigi üçin töleg gurbanyny berdi. Biz oňa näçe minnetdar bolsak, şonça-da az. Isa pygamber biziň Ýehowa bilen dostlaşmagymyz we ebedi ýaşamagymyz üçin şirin janyny gurban berdi (Rim. 5:8). Ýehowanyň we Isa pygamberiň eden ýagşylyklaryny ýatdan çykarmaz ýaly, Isa her ýyl Ýatlama agşamyny bellemegi tabşyrdy (Luka 22:19, 20).
2. Şu makalada näme hakda gürrüň ederis?
2 Şu ýyl Ýatlama agşamy 12-nji aprelde, şenbe güni geçiriler. Her birimiz şu wajyp çärä gatnaşmak üçin häzirden taýýarlyk görýändiris. Ýatlama agşamyndan birki hepde öň we soň Ýehowanyň hem Isa pygamberiň eden ýagşylyklary barada oýlansak gowy bolar. Biz şu makalada töleg gurbany arkaly Ýehowany we Isa pygamberi nädip has gowy tanap bolýandygy hakda gürrüň ederis. Indiki makalada bolsa töleg gurbanynyň nähili peýda berýändigi we onuň gadyryny bilmek üçin näme etmelidigini bileris.
TÖLEG GURBANY ARKALY ÝEHOWANY GOWY TANAŇ
3. Bir adamyň jany nädip millionlarça adamlary halas edip bilýär? (Surata serediň).
3 Töleg gurbanynyň berilmegi Ýehowanyň adalatly Hudaýdygyny görkezýär (5 Mus. 32:4). Nädip? Adam ata Hudaýa gulak asman günä etdi. Ol bütin nesline günäni we ölümi geçirdi (Rim. 5:12). Ýehowa bizi günäden we ölümden azat etmek üçin Isany töleg hökmünde berdi. Emma bir kämil adamyň jany nädip millionlarça adamlary halas edip bilýär? Pawlus resul muny şeýle düşündirýär: «Bir adamyň (Adam atanyň) gulak asmandygy üçin köpler günäli hasaplanan bolsa, bir adamyň (Isanyň) gulak asmagy bilen hem köpler dogruçyl hasaplandy» (Rim. 5:19; 1 Tim. 2:6). Diýmek, bir kämil adamyň gulak asmandygy üçin hemmeler günäniň guly bolup ölýär, ýöne bir kämil adamyň gulak asandygy üçin hemmeler günäden azat bolup bilýär.
Bir adamyň gulak asmandygy üçin hemmeler günäniň guly bolup ölýär, ýöne bir adamyň gulak asandygy üçin hemmeler günäden azat bolup bilýär (3-nji abzasa serediň).
4. Ýehowa akýürekli adamlary ebedi ýaşatmak üçin hökman töleg gurbanyny bermelidimi? Düşündiriň.
4 Isa pygamber adamlary halas etmek üçin hökman ölmelidimi? Ýehowa akýürekli adamlary şonsuzam ebedi ýaşadyp bilmezdimi? Biz bikämil bolandygymyz üçin «Ýehowa şeýle eden bolsa gowy bolardy» diýip pikir etmegimiz mümkin. Emma Ýehowa töleg tölemedik bolsa, Adam ata günä etmedik ýaly we onuň nesline günä geçmedik ýaly bolardy. Eger Ýehowa günä göz ýuman bolsa adalat bozulardy. Adalatly Hudaý Ýehowa hiç haçan beýle zada ýol bermez.
5. Ýehowanyň hemişe sözünde durjakdygyna näme üçin ynanyp bileris?
5 Ýehowa töleg tölemän Adam ata bilen How enäniň neslini ebedi ýaşadan bolsa näme bolardy? Adamlar Ýehowanyň adalatlydygyna, sözünde durýandygyna şübhelenerdi. Onuň wadalaryny hem ýerine ýetirjekdigine ynanmak kyn bolardy. Eger Ýehowa adalatyny bozmazlyk üçin ýalňyz Ogluny gurban beren bolsa, onda hemişe beren sözünde durjakdygyna ynanyp bileris.
6. Ýehowa töleg töläp bizi söýýändigini nädip subut etdi? (1 Ýahýa 4:9, 10).
6 Ýehowa töleg gurbanyny berip, diňe bir adalatlydygyny däl-de, eýsem adamlary söýýändigini hem görkezdi (Ýah. 3:16; 1 Ýahýa 4:9, 10-njy aýatlary okaň). Ýehowa bizi diňe bir ebedi ýaşatman, ogly-gyzy hökmünde kabul etmek isleýär. Adam ata bilen How ene günä edensoň, Atasyndan ýüz öwürdi. Şeýlelikde, olaryň özleri hem, nesilleri hem Ýehowanyň ogly-gyzy bolup bilmeýär. Ýöne Ýehowa töleg gurbany arkaly biziň günälerimizi bagyşlaýar. Netijede, Hudaýa iman edýän we gulak asýan adamlaryň ählisi gelejekde Onuň perzentleri bolup bilýär. Ýehowa häzirem biziň günälerimizi bagyşlaýar. Şonuň üçin Onuň bilen ýakyn dost bolup, dogan-uýalar bilen agzybir sežde edýäris. Hawa, Ýehowa bizi söýgüsi bilen çoýýar (Rim. 5:10, 11).
7. Isanyň ejir çekip ölmegi Ýehowanyň bizi söýýändigini nädip subut edýär?
7 Ýehowanyň bizi güýçli söýýändigine düşünmek üçin, Oglunyň ejir çekip ölüşi barada oýlanyp göreliň. Şeýtan «agyr synagda hiç bir adam Hudaýa wepaly bolmaz» diýdi. Ýehowa Şeýtanyň ýalan sözleýändigini subut etmek üçin Isanyň ejir çekip ölmegine ýol berdi (Eýp. 2:1—5; 1 Pet. 2:21). Ýehowanyň gözüniň alnynda duşmanlar Isanyň üstünden güldüler, kemsitdiler, gamçyladylar we iň soňunda pürse çüýlediler. Ýehowa Oglunyň ençeme sagatlap pürsde asylyp durşuny görmeli boldy. Şonda Ýehowanyň ýüregi para-para bolandyr (Mat. 27:28—31, 39). Duşmanlar: «Hudaý ondan razy bolsa, goý, halas etsin!» diýdiler. Ýehowa Ogluny şol pursadyň özünde halas edip bilerdi (Mat. 27:42, 43). Onuň Isany halas etmäge güýji hem ýetýärdi. Ýöne Ýehowa şeýle eden bolsa, töleg gurbany berilmezdi we adamlar umytsyz ýaşardy. Şonuň üçin Ýehowa Oglunyň soňky demine çenli ejir çekmegine ýol berdi.
8. Isa ejir çekende Ýehowa gynandymy? Düşündiriň. (Surata serediň).
8 Ýehowa gudratygüýçli Hudaý bolandygy üçin, Onuň duýgulary ýokdur diýip pikir etmeli däl. Biz Onuň keşbinde ýaradyldyk. Eger biz begenip, gynanyp bilýän bolsak, onda Ýehowada hem duýgular bar. Mukaddes Kitapda Ýehowanyň gynanyp «ýüreginiň agyrandygy» ýazylan (Zeb. 78:40, 41). Geliň, Ybraýym pygamber barada gürrüň edeliň. Ýehowa Ybraýyma ýeke-täk ogluny gurban bermegi tabşyrdy (1 Mus. 22:9—12; Ýew. 11:17—19). Ybraýymyň Yshagy gurban bermek üçin pyçagy alyp, elini ýokary galdyranda nähili duýgulary başdan geçirendigini göz öňüne getiriň. Onuň duýgularyny söz bilen beýan edip bolmasa gerek! Edil şonuň ýaly, Isany pürse çüýlänlerinde Ýehowada onuň bilen deň ejir çekendir, ýüregi gyýym-gyýym bolandyr (jw.org saýtyndan «Olaryň imanyndan görelde alyň. Ybraýym pygamber» diýen wideonyň 2-nji bölümini görüň).
Oglunyň ejir çekişini görende, Ýehowanyň ýüregi gyýym-gyýym bolandyr (8-nji abzasa serediň).
9. Ýehowanyň bizi güýçli söýýändigini Rimliler 8:32, 38, 39-njy aýatlar nädip subut edýär?
9 Töleg gurbany Ýehowanyň bizi ejemizden, kakamyzdan, iň ýakyn dostlarymyzdan hem güýçli söýýändigini subut edýär (Rimliler 8:32, 38, 39-njy aýatlary okaň). Hatda Ýehowa bizi özümizdenem güýçli söýýär. Siz günäleriňiziň bagyşlanmagyny isleýärsiňizmi? Ebedi ýaşasyňyz gelýärmi? Ýehowa günäleriňizi bagyşlamagy, ebedi ýaşatmagy siziň özüňizden hem beter isleýär. Ýöne biz Ýehowanyň ýagşylygynyň gadyryny bilmeli. Munuň üçin Oňa iman etmeli we gulak asmaly. Biz töleg gurbany hakda näçe köp öwrensek, şonça-da Ýehowanyň bizi güýçli söýýändigine göz ýetireris. Täze dünýäde biz Ýehowanyň söýgüsi barada has köp zatlary öwreneris (Nes. 3:11).
TÖLEG GURBANY ARKALY ISA PYGAMBERI GOWY TANAŇ
10. a)Isa näme üçin gaýgy-ünjä batdy? b) Isa Atasynyň adyny nädip aklady? («Isa wepaly bolup, Ýehowanyň adyny doly aklady» diýen çarçuwa serediň).
10 Isa Atasynyň abraýyny goramak isleýärdi (Ýah. 14:31). Ol Hudaýyň adyna dil ýetirýän jenaýatçy, gozgalaňçy hökmünde öldüriljekdigini bilýärdi. Şonuň üçinem ol Atasynyň adyna ysnat getirerin öýdüp ünjä düşýär. Ol: «Atam, mümkin bolsa, şu käseden içirme» diýip doga edýär (Mat. 26:39). Emma Isa soňky demine çenli wepaly bolup, Atasynyň adyny doly aklaýar.
11. Isa adamlary söýýändigini nädip subut etdi? (Ýahýa 13:1).
11 Töleg gurbany Isanyň ähli adamlaryň, esasanam, şägirtleriniň aladasyny edendigini görkezýär (Nak. 8:31; Ýahýa 13:1-i okaň). Isa ýer ýüzünde ýaşanda köp kynçylyklara duş geljekdigini, hatda ejir çekip öljekdigini bilýärdi. Ýöne ol özüni borçly duýandygy üçin däl-de, adamlary söýendigi üçin ýere geldi. Isa arman-ýadaman wagyz etdi. Adamlara Hudaý barada öwretdi we köp ýagşylyk etdi. Ol hatda ölüminiň öň ýanyndaky gije şägirtleriniň aýagyny ýuwdy, olary ruhlandyrdy we tälim berdi (Ýah. 13:12—15). Isa pürsde asylgy durka-da, gapdalyndaky jenaýatça Jennet hakda wagyz edip göwünlik berdi. Şeýle-de şägirdine ejesiniň aladasyny etmegi tabşyrdy (Luka 23:42, 43; Ýah. 19:26, 27). Şeýlelikde, Isa diňe bir janyny gurban bermek bilen däl-de, bütin durmuşy bilen adamlary güýçli söýýändigini subut etdi.
12. Isa bize nädip ýagşylyk edýär?
12 Isa «bir gezekde hemişelik» janyny gurban berip, bize uly ýagşylyk etdi (Rim. 6:10). Ol häzirem köp ýagşylyk edýär. Nädip? Ol töleg gurbany bize köp peýda berer ýaly gökde köp işleri edýär. Häzir ol biziň Patyşamyz, Baş ruhanymyz we ýygnagyň başy (1 Kor. 15:25; Efes. 5:23; Ýew. 2:17). Ol saýlanan mesihçileri we uly märekäni ýygnaýar. Şu iş uly betbagtçylygyň öňüsyrasy tamamlanar (Mat. 25:32; Mar. 13:27). Isa soňky günlerde wepaly şägirtlerine ruhy iýmiti wagtly-wagtynda ýetirip durýar (Mat. 24:45). Müňýyllyk hökümdarlygynda bolsa, ol biziň üçin has köp işleri eder. Dogrudanam, Ýehowa eziz Ogluny bizden gaýgyrmady.
OKA, ÖWREN
13. Biz Ýehowanyň we Isanyň eden ýagşylyklary hakda näme üçin oýlanmaly?
13 Siz Ýehowanyň we Isanyň eden ýagşylyklary hakda oýlansaňyz, olary ýakyndan tanamak islärsiňiz. Belki, siz Ýatlama agşamy döwri dört Hoş habaryň birini ýa birnäçesini okarsyňyz. Siz sahypa sanyna kowalaşmaň, gaýtam howlukman okaň we Ýehowanyň, Isanyň siziň üçin ýene nähili ýagşylyklary edendigi hakda oýlanyň. Şonda Ýehowany we Isany has köp söýersiňiz. Siz bilen zatlaryňyzy başga adamlara-da gürrüň beriň.
14. Zebur 119:97-ä görä gözleg geçirmegiň nähili peýdasy bar? (Surata serediň).
14 Eger siz köp ýyl bäri hakykatda bolsaňyz, onda: «Hudaýyň adalaty, söýgüsi we töleg gurbany hakda hemme zady bilýärin, öwrenmäge täze zat ýok» diýmegiňiz mümkin. Ýöne Mukaddes Kitabyň hakykatlaryny öwrenip soňuna çykyp bolmaýar. Şonuň üçin guramanyň çykarýan edebiýatlaryny okaň we öwreniň. Düşünmeýän ýeriňiz bar bolsa, gözleg geçiriň. Soňra günüň dowamynda Ýehowa, Isa we olaryň söýgüsi barada oýlanyň (Zebur 119:97-ni okaň).
Biz köp ýyl bäri hakykatda bolsak-da, töleg gurbany barada öwrenmeli we has-da gadyryny bilmeli (14-nji abzasa serediň).
15. Biz näme üçin ýadaman-ýaltanman Mukaddes Kitapdan dürdäne pikirleri gözlemeli?
15 Eger siz Mukaddes Kitapdan gözleg geçireniňizde her gezek täze pikirleri tapmasaňyz ýa-da täze zat öwrenmeseňiz gynanmaň. Siz edil altyn gözleýän adamlara meňzeýärsiňiz. Olar bir bölek altyny tapmak üçin birnäçe günläp arman-ýadaman gazýarlar. Sebäbi altynyň kiçijik böleginiň hem gymmatlydygyna düşünýärler. Emma Mukaddes Kitapdaky dürdäne pikirler altyndan has gymmatly (Zeb. 119:127; Nak. 8:10). Şonuň üçin, geliň, ýadaman-ýaltanman her gün Mukaddes Kitaby okalyň we dürdäne pikirleri tapalyň (Zeb. 1:2).
16. Biz Ýehowanyň we Isanyň göreldesine nädip eýerip bileris?
16 Şahsy okuw geçireniňizde öwrenen zatlaryňyzy durmuşyňyzda nädip ulanyp biljekdigiňiz hakda oýlanyň. Ýehowanyň adalatyndan görelde alyp, adamlary ala tutmaň. Isanyň Atasyny söýşünden görelde alyp, kösenmeli bolsaňyz hem, Ýehowanyň adyny aklaň. Isanyň adamlary söýşünden görelde alyp, dogan-uýalar üçin eliňizden gelen kömegi gaýgyrmaň. Şeýle-de Isa ýaly adamlara hoş habary wagyz ediň. Şonda akýürekli adamlar Ýehowanyň ýagşylyklary hakda eşidip, Oňa iman ederler.
17. Indiki makalada näme öwreneris?
17 Töleg gurbany barada näçe köp öwrensek, onuň gadyryny bilsek, Ýehowany we Isany söýeris. Olaram bizi söýgüsi bilen gurşap alar (Ýah. 14:21; Ýak. 4:8). Geliň, Mukaddes Kitap we guramanyň çykarýan edebiýatlary arkaly töleg gurbany barada has köp öwreneliň. Indiki makalada töleg gurbanynyň nähili peýdasynyň bardygyny, Ýehowa nädip minnetdar bolmalydygyny öwreneris.
107-NJI AÝDYM Söýginiň ajaýyp göreldesi