Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w25 Iýun sah. 14—19
  • Pespäl bolup, hemme zady bilmeýändigimizi boýun alalyň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Pespäl bolup, hemme zady bilmeýändigimizi boýun alalyň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • DÜNÝÄNIŇ SOŇUNYŇ HAÇAN GELJEGINI BILMEÝÄRIS
  • ÝEHOWANYŇ NÄDIP KÖMEK ETJEGINI BILMEÝÄRIS
  • ERTIR NÄME BOLJAGYNY BILMEÝÄRIS
  • ÝEHOWANYŇ BIZI GOWY TANAÝANDYGYNA DOLY DÜŞÜNMEÝÄRIS
  • Karara geleniňizde Ýehowa bil baglaň
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2023
  • Beýik Biribara bil baglaň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
  • Ýehowanyň uly betbagtçylykda çykarjak hökümi
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
  • Hudaýhon gojalaryň öwüt-nesihaty
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
w25 Iýun sah. 14—19

26-NJY MAKALA

123-NJI AÝDYM Hudaýyň guramasyna gulak asalyň

Pespäl bolup, hemme zady bilmeýändigimizi boýun alalyň

«Gudratygüýçlüniň düşünjesi çuňdur» (Eýp. 37:23).

ESASY PIKIR

Ünsümizi bilmeýän däl-de, bilýän zatlarymyza gönükdirsek we Ýehowa bil baglasak gelejege ynamly gararys.

1. Ýehowa bizi nähili ýaratdy we näme üçin?

ÝEHOWA ynsany üýtgeşik edip ýaratdy. Biz oýlanyp, täzeden-täze zatlary öwrenip we bilen zatlarymyzy durmuşda ulanyp bilýäris. Ýehowa näme üçin diňe ynsany şeýle ýaratdyka? Ol biziň özi barada bilim alyp, bütin aň-düşünjämiz bilen gulluk etmegimizi isleýär (Nak. 2:1—5; Rim. 12:1).

2. a) Biz nämäni boýun almaly? (Eýp. 37:23, 24; surata serediň). b) Pespäl bolmagyň nähili peýdasy bar?

2 Biz täze zatlary öwrenmäge ukyply bolsak-da, bilmeýän zatlarymyz kän (Eýýup 37:23, 24-nji aýatlary okaň). Muny Eýýup bilen bolan waka subut edýär. Ýehowa Eýýuba birnäçe sorag berýär, şonda Eýýup hemme zady bilmeýändigini boýun alyp, özüni kiçeldýär we garaýşyny düzedýär (Eýp. 42:3—6). Bizem Eýýup ýaly hemme zady bilmeýändigimizi pespällik bilen boýun almaly. Şonda Ýehowanyň biziň bilmeli zatlarymyzy öz wagtynda açjakdygyna ynanarys we oňa bil baglap karara geleris (Nak. 2:6).

Ýehowa Eýýup bilen gepleşende bulutlaryň arasyndan nur saçylýar. Eýýubyň ýanynda Alyhuw bilen üç dönük dosty hem bar.

Bizem Eýýup ýaly hemme zady bilmeýändigimizi pespällik bilen boýun almaly (2-nji abzasa serediň).


3. Makalada näme hakda gürrüň ederis?

3 Şu makalada haýsy zatlary bilmeýändigimiz we şol sebäpli nähili kynçylyklaryň döreýändigi hakda gürrüň ederis. Şeýle-de käbir zatlary bilmeýändigimiziň gowudygy hakda bileris. Makalada seretjek pikirlerimiz «hemme zady bilýän» Ýehowanyň bize bilmeli zatlarymyzy öz wagtynda açjakdygyna ynamymyzy berkider (Eýp. 37:16).

DÜNÝÄNIŇ SOŇUNYŇ HAÇAN GELJEGINI BILMEÝÄRIS

4. Matta 24:36-a görä, biz nämäni anyk bilmeýäris?

4 Matta 24:36-ny okaň. Biz dünýäniň soňunyň haçan geljekdigini anyk bilmeýäris. Hatda Isa pygamber ýer ýüzünde ýaşanda «şol güni we sagady» bilmeýändigini aýtdya. Ol resullaryna wagtyň Eýesi Ýehowanyň gelejekde boljak wakalaryň wagtyny kesgitleýändigini düşündirdi (Res. 1:6, 7). Şol sebäpli biz dünýäniň soňunyň haçan geljekdigini çaklajak bolmaly däl. Ýehowa eýýäm senenamasyna şol günüň haçan geljekdigini belläp goýdy.

5. Dünýäniň soňunyň haçan geljekdigini bilmeýändigimiz üçin özümizi nähili duýmagymyz mümkin?

5 Biz dünýäniň soňunyň haçan geljegini we näçe wagt garaşmaly boljagymyzy bilmeýäris. Eger biz Ýehowanyň gününe köp ýyl bäri garaşýan bolsak, onda sabyrly bolmak has-da kyn bolup biler. Üstesine-de, dogan-garyndaşlarymyz, goňşy-golamlarymyz: «Entegem Jennete garaşyp ýörşüňmi?» diýip ýaňsylanlarynda ruhdan düşüp bilýäris (2 Pet. 3:3, 4). Şol sebäpli biz «dünýäniň soňunyň haçan geljekdigini bilsek, adamlaryň gep-gürrüňine üns bermän, sabyrly garaşmak aňsat bolardy» diýip pikir etmegimiz mümkin.

6. Dünýäniň soňunyň haçan geljekdigini bilmeýändigimize näme üçin begenmeli?

6 Biz Ýehowanyň gününiň haçan geljekdigini bilmeýändigimiz üçin ruhdan düşmeli däl. Gaýtam begenmeli, sebäbi Hudaýa öz bähbidimiz üçin däl-de, Ony söýüp we bil baglap gulluk edýändigimizi görkezip bilýäris. Biz Ýehowa dünýäniň soňy gelýänçä däl-de, ebedi gulluk etmek isleýäris. Şol sebäpli ünsümizi Ýehowanyň gününiň haçan geljekdigine däl-de, şol gün gelensoň nämeleriň boljakdygyna gönükdirmeli. Şonda biz Ýehowa wepaly bolarys we ony razy edip ýaşarys (2 Pet. 3:11, 12).

7. Biz nämeleri bilýäris?

7 Biz bilmeýän zatlarymyza biynjalyk bolman, bilýän zatlarymyz hakda oýlanmaly. Meselem, soňky günleriň 1914-nji ýylda başlandygyny bilýäris. Ýehowa Mukaddes Kitaba soňky günleriň diňe bir haçan başlajakdygyny däl-de, eýsem şol ýyldan soň dünýäde nähili wakalaryň boljakdygyny hem ýazdyrdy. Şol wakalardan «Ýehowanyň beýik gününiň ýakyndygyny» bilýäris (Sep. 1:14). Şeýle-de Ýehowanyň bize iş tabşyrandygyny bilýäris. Biz hemme adamlara «Patyşalyk baradaky hoş habary» wagyz etmeli (Mat. 24:14). Şu günler hoş habar takmynan 240 döwletde 1000-den gowrak dilde wagyz edilýär. Hoş habary yhlasly wagyz etmek üçin Ýehowanyň bellän «gününi we sagadyny» bilmek gerek däl.

ÝEHOWANYŇ NÄDIP KÖMEK ETJEGINI BILMEÝÄRIS

8. «Hak Hudaýyň işleri» diýlende näme göz öňünde tutulýar? (Nesihat 11:5).

8 Mukaddes Kitapda: «Hak Hudaýyň işlerine akyl ýetirip bilmersiň» diýilýär (Nesihat 11:5-i okaň). «Hak Hudaýyň işleri» diýlende Ýehowanyň islegini amala aşyrmak üçin edýän zatlary göz öňünde tutulýar. Biz Ýehowanyň käbir ýagdaýlara näme üçin ýol berýändigi ýa-da bize nädip kömek etjekdigini anyk bilmeýäris (Zeb. 37:5). Alymlaryň göwreli aýalyň çagasyna nädip jan girýändigini doly bilmeýşi ýaly, bizem Ýehowanyň işlerine doly düşünip bilmeýäris.

9. Ýehowanyň nädip kömek etjegini anyk bilmesek özümizi nähili duýmagymyz mümkin?

9 Ýehowanyň bize nädip kömek etjekdigini anyk bilmesek, tutanýerli bolmak we aýgytly hereket etmek kyn bolýar. Belki, durmuşymyzy sadalaşdyrmaga ýa wagyzçylaryň az ýerine göçmäge ýaýdanýandyrys. Biz Ýehowa bar güýjümiz bilen gulluk etsek-de maksadymyza ýetýän däldiris, ýa-da yhlasly wagyz etsek-de ýekeje okuw geçýän hem tapýan däldiris. Ýa bolmasa guramadaky borçlarymyzy janymyz-tenimiz bilen ýerine ýetirsek-de, edýän işimize päsgel berýän zatlar döreýändir. Şeýle ýagdaýlarda: «Ýehowa menden razy dälmikä?» diýip pikir etmegimiz mümkin.

10. Ýehowanyň bize nädip kömek edýändigini bilmeýändigimiziň nähili gowy tarapy bar?

10 Ýehowanyň bize nädip kömek edýändigini bilmeýändigimiziň bir gowy tarapy bar: pesgöwünli we pespäl bolmagy öwrenýäris. Biz Ýehowanyň pikirleriniň we ýollarynyň biziňkiden has beýikdigine düşünýäris (Işa. 55:8, 9). Şeýle-de biz Ýehowa doly bil baglap, onuň meseläni has gowy çözjekdigine ynanýarys. Eger biz yhlasly wagyz edip okuw geçýän tapsak ýa-da guramada edýän işlerimiz ugruna bolsa, Ýehowany şöhratlandyrýarys (Zeb. 127:1; 1 Kor. 3:7). Ýöne käbir ýagdaýlarda näçe jan etsek-de, işimiz oňuna bolman biler. Şonda Ýehowanyň ähli zady görýändigine we kalbymyza rahatlyk berjegine ynanyp bileris (Işa. 26:12). Geliň, öz tarapymyzdan etmeli işimizi edeliň, Ýehowa-da öz işini eder. Ýehowa geçmişde edişi ýaly, bize gudrat arkaly kömek etmese-de, öz wagtynda görkezme berer (Res. 16:6—10).

11. Biz nämeleri bilýäris?

11 Biz Ýehowanyň söýgä baý, adalatly we akyldar Hudaýdygyny bilýäris. Şeýle-de ol biziň yhlasly gulluk edýändigimizi we dogan-uýalara ýagşylyk edýändigimizi görende guwanýandygyny hem bilýäris. Ýehowa wepaly adamlary hiç haçan sylagsyz goýmaýar (Ýew. 11:6).

ERTIR NÄME BOLJAGYNY BILMEÝÄRIS

12. Ýakup 4:13, 14-nji aýatlara görä nämäni anyk bilmeýäris?

12 Ýakup 4:13, 14-nji aýatlary okaň. Hiç bir adam ertir näme boljagyny bilmeýär. Biz şu dünýäde «garaşylmadyk ýagdaýa tötänden duçar bolýarys» (Nes. 9:11). Şonuň üçin etsem-petsemlerimiziň amala aşjakdygyny ýa-da aşmajakdygyny bilmeýäris. Ýa-da planlarymyz başa barsa-da, şol günlere ýetjegimizi bilmeýäris.

13. Ertir näme boljagyny bilmeýändigimiz üçin özümizi nähili duýýarys?

13 Adam ertir näme boljagyny bilmese howsala düşýär. Bizi «Ertir näme bolar?» diýen pikir şeýle bir basýar welin, şatlygymyzy ýitirýäris. Duýdansyz inen betbagtçylyk ýa garaşylmadyk ýagdaýlar sebäpli gaýgy-hasrat çekýäris we lapykeç bolýarys. Tamamyz çykmasa ýa-da garaşanymyz bolmasa, bar zatdan elimiz sowaýar (Nak. 13:12).

14. Hakyky bagt nämä bagly? (Surata serediň).

14 Biz ertiriň näme boljagyny, nähili kynçylyklara duş geljegimizi bilmesek-de, Ýehowa wepaly bolsak, Ony söýüp gulluk edýändigimizi subut edýäris. Mukaddes Kitapda aýdylyşy ýaly, Ýehowa bizi gudrat arkaly kynçylyklardan goramaýar ýa-da geljegimizi maňlaýymyza ýazmaýar. Ol biziň bagtly bolmagymyzyň gelejegi bilmegimize däl-de, Oňa gulak asyp, görkezmesine eýerip ýaşamagymyza baglydygyny bilýär (Ýer. 10:23). Şonuň üçin biz ýaşaýan ýerimizdäki adamlar ýaly: «Maňlaýdakyny göreris» diýmän, «Ýehowa halasa, başymyz dik bolsa, ony ederis, muny ederis» diýýäris (Ýak. 4:15).

Surat: 1) Kakasy bilen ogly betbagtçylyk üçin sumka taýýarlaýar. Olar sumka Mukaddes Kitaby we iň zerur zatlary salýarlar. 2) Är-aýal hem-de ogly ýagyşdan goranmak üçin çadyrda otyr. Olar sumkasyna salyp goýan zatlaryny ulanýarlar.

Ertir näme boljagyny bilmesek-de, Ýehowa gulak assak we görkezmesine eýersek, bagtly bolarys (14, 15-nji abzaslara serediň)b.


15. Biz gelejek hakda näme bilýäris?

15 Biz ertir näme boljagyny bilmesek-de, Ýehowanyň sözünde durjakdygyny bilýäris. Ol gökde ýa-da ýerde ýaşamaga umyt edýän adamlara ebedi ýaşaýşy sylag berer. Ýehowa ýalan sözlemegi başarmaýar, Oňa sözünde durmaga hiç kim we hiç zat päsgel bermez (Tit. 1:2). Ýehowa «soňunda näme boljagyny öňünden aýdyp» bilýär. Geçmişde-de Onuň öňden aýdan zatlary ýerine ýetdi, gelejekde-de her bir sözi ýerine ýeter (Işa. 46:10). Bizi Ýehowanyň söýgüsinden hiç kim we hiç zat aýra salyp bilmez (Rim. 8:35—39). Ýehowa bize kyn ýagdaýlara döz gelmäge güýç, akyldarlyk we göwünlik berer. Ýehowanyň bizden kömegini we berekedini gaýgyrmajakdygyna hiç haçan şübhelenmäliň (Ýer. 17:7, 8).

ÝEHOWANYŇ BIZI GOWY TANAÝANDYGYNA DOLY DÜŞÜNMEÝÄRIS

16. Ýehowa biz barada nämeleri bilýär we şol hakda oýlananymyzda özümizi nähili duýýarys? (Zebur 139:1—6).

16 Zebur 139:1—6-njy aýatlary okaň. Ýaradyjymyz Ýehowa biziň içimizi-daşymyzy, duýgularymyzy we oý-pikirimizi bilýär. Ol biziň aýdýan sözlerimizi, pikirimizi beýan edip bilmesek-de, näme diýjek bolandygymyzy, edýän işlerimizi we olary näme üçin edýändigimizi bilýär. Dawut patyşa Ýehowanyň kömege taýyndygyny we dadymyza ýetişýändigini aýtdy. Ýeri-gögi ýaradan Gudratygüýçli Ýehowanyň biziň ýaly ýönekeýje adamlara üns berýändigini bileniňizde özüňizi nähili duýýarsyňyz? Belki, sizem Dawut ýaly: «Sen meni şeýle gowy tanaýarsyň welin, men haýran galyp, akylyma sygdyryp bilemok» diýýänsiňiz (Zeb. 139:6).

17. Käbirlerine Ýehowanyň bizi gowy tanaýandygyna ynanmak näme üçin kyn bolup biler?

17 Belki, alan terbiýämiz, medeniýetimiz, öňki ynançlarymyz, garaýşymyz sebäpli Ýehowanyň aladaçyl Atadygyna ynanmak kyn bolýandyr. Ýa-da geçmişde eden günälerimiz ýadymyza düşüp: «Ýehowa meniň bilen dostlaşmaz, Ol menden uzakda» diýip pikir edýändiris. Dawut pygamber hem kämahal özüni şeýle duýupdyr (Zeb. 38:18, 21). Käbir adamlar Ýehowany razy etmek üçin durmuşyny bütinleý üýtgetmeli bolýar. Belki, ahlaksyz ýa-da erbet işleri edýän adamlar: «Hudaý meni gowy tanaýan bolsa, näme üçin meni bolşum ýaly kabul etmeýär? Näme üçin durmuşymy üýtgetmegimi isleýär?» diýmegi mümkin.

18. Ýehowanyň bizi özümizden hem gowy tanaýandygy hakda näme üçin oýlanmaly? (Surata serediň).

18 Ýehowa bizi özümizdenem gowy tanaýar we ol biziň özümizde görüp bilmeýän gowy häsiýetlerimizi görýär. Elbetde, Ýehowa biziň ýalňyşýandygymyza düşünýär. Ýöne Ol biziň şol ýalňyşy näme üçin goýberendigimizi we şol wagt özümizi nähili duýandygymyzy bilýär. Ýehowa biziň düzeljekdigimize ynanýar we söýgi bilen kömek edýär (Rim. 7:15). Biz Ýehowanyň gowy häsiýetlerimize üns berýändigi hakda näçe köp oýlansak, şonça-da Ýehowa wepaly bolmagy ýüregimize düweris we şatlanyp gulluk ederis.

Surat: 1) Dogan gam-gussa batyp, bulutly hem ýagyşly gün aýnadan seredip otyr. 2) Dogan Jennetde dost-ýarlary bilen tebigatyň gözel ýerlerine syýahat edýär.

Garaşylmadyk ýagdaýlara döz gelip biler ýaly, Ýehowa wadalary arkaly imanymyzy berkidýär (18, 19-njy abzaslara serediň)c.


19. Biz Ýehowa barada nämäni bilýäris?

19 Ýehowa söýgä baý Hudaý (1 Ýah. 4:8). Ol bizi söýýändigi üçin kada-kanunlary berdi. Eger biz Ýehowa gulak assak, hiç haçan kösenmeris. Ýehowa biziň ebedi ýaşamagymyzy isleýär, munuň üçin Ol töleg töledi. Isanyň töleg gurbanyna iman etsek, ýalňyşsak-da Ýehowany razy edip bileris (Rim. 7:24, 25). Sebäbi «Hudaý bizi ýüregimizden has gowy tanaýar we ähli zady bilýär» (1 Ýah. 3:19, 20). Ýehowa bizi hemmeden gowy tanaýar, Ol biziň özüni begendirip ýaşajakdygymyza ynanýar.

20. Bize çendenaşa biynjalyk bolmazlyga näme kömek eder?

20 Ýehowa bize bilmeli zatlarymyzy öz wagtynda açýar. Eger biz pespäl bolsak, bilmeýän zatlarymyz hakda çendenaşa biynjalyk bolmarys, gaýtam bilýän zatlarymyz hakda oýlanarys. Şonda «hemme zady bilýän» Ýehowa bil baglaýandygymyzy subut ederis (Eýp. 36:4). Elbetde, biz häzir köp zatlara akyl ýetirip bilmesek-de, gelejekde Beýik Mugallym Ýehowadan ebedi tälim alarys (Nes. 3:11).

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  •  Dünýäniň soňunyň haçan geljekdigini bilmeýändigimize näme üçin begenmeli?

  •  Bagtly bolar ýaly näme üçin ertirki güni bilmek hökman däl?

  •  Ýehowanyň bizi gowy tanaýandygyna näme üçin ynanmaly?

104-NJI AÝDYM Hudaý mukaddes ruhuny berýär

a Isa Şeýtanyň zalym dünýäsine garşy söweşer. Şonuň üçin ol häzir Armageddonyň wagtyny we haçan «doly ýeňiş gazanjakdygyny» bilýär (Ylh. 6:2; 19:11—16).

b SURATYŇ BEÝANY: Kakasy bilen ogly sumkasyna zerur zatlary salyp, betbagtçylyga öňünden taýýarlyk görýär.

c SURATYŇ BEÝANY: Agyr günleri başdan geçirýän dogan gelejekde gowy günlerde ýaşajakdygy hakda oýlanýar.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş