Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mrt mak. 45
  • Russiýa Ukraina hüjüm edýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Russiýa Ukraina hüjüm edýär
  • Dürli temalar
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Mukaddes Kitapda häzirki bolýan wakalar hakda näme diýilýär?
  • Uruşlar haçanam bolsa gutararmyka?
  • Şu günler «demirgazyk patyşasy» kim?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
  • Ukrainadaky urşa dinleriň garaýşy. Mukaddes Kitapda näme diýilýär?
    Dürli temalar
  • Ukrainada urşuň başlanyna bir ýyl boldy. Mukaddes Kitapda nähili umyt berilýär?
    Dürli temalar
  • Dünýäniň soňunda «demirgazyk patyşasy» bolan döwletler
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
Başgalary
Dürli temalar
mrt mak. 45
Ukrainanyň we daş-töweregindäki döwletleriň kartasy.

OÝA BOLUŇ!

Russiýa Ukraina hüjüm edýär

Köp ýurtlaryň baştutanlary garşy çyksa-da, 2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda irden Russiýanyň goşuny Ukraina çozdy. Iki ýurduň arasyndaky harby çaknyşyk dünýäniň ýagdaýyna nähili täsir eder? Şondan birnäçe gün öň, BMG-nyň Baş kätibi Antoniu Guterriş şeýle diýdi: «Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky dawa Ýewropa ýurtlarynyň we bütin dünýäniň asudalygyny hem parahatlygyny bozar, köp adamlar ejir çeker».

Mukaddes Kitapda häzirki bolýan wakalar hakda näme diýilýär?

  • Isa pygamber «milletiň millete, patyşalygyň patyşalyga garşy çykjakdygyny» aýdypdy (Matta 24:7). Şu pygamberligiň ýerine ýetişi barada köpräk bilmek üçin «„Soňky günlerde“ ýa-da „ahyrzamanyň“ öňüsyrasynda ýaşaýandygymyzy haýsy alamat görkezýär?» atly makalany okaň.

  • Ylham kitabyndaky «dor at» uruşlary aňladýar. «Atyň üstünde oturana ýer ýüzünden parahatlygy aýyrmak ygtyýary» berlipdi (Ylham 6:4). Ylham kitabyndaky pygamberligiň şu günler nädip ýerine ýetýändigini bilmek üçin «Dört atly nämäni aňladýar?» diýen makalany okaň.

  • Danyýar kitabynda «demirgazyk patyşasy» bilen «günorta patyşasynyň» biri-birine garşy çykjakdygy pygamberlik edilýär (Danyýar 11:25—45). Russiýa bilen tarapdarlaryna näme üçin demirgazyk patyşasy diýilýär? Muny bilmek üçin «Danyýar 11-nji bapdaky pygamberligiň ýerine ýetişi» diýen wideony görüňa.

  • Ylham kitabynda «Gudratygüýçli Hudaýyň beýik gününde boljak söweş» hakda hem aýdylýar (Ylham 16:14, 16). Şol söweş şu wagtky halklaryň arasyndaky söweş ýaly bolmaz. Hudaýyň söweşi hakda köpräk bilmek üçin «Armageddon söweşi näme?» diýen makalany okaň.

Uruşlar haçanam bolsa gutararmyka?

  • Mukaddes Kitapda Hudaýyň «ýeriň dört künjeginde uruşlary togtatjakdygy» aýdylýar (Zebur 46:9). Allanyň wadalary barada bilmek isleseňiz, «Ýagty gelejege umyt» atly makalany okap bilersiňiz.

  • Isa pygamber şägirtlerine Hudaýyň Patyşalygynyň gelmegi hakda dileg etmegi öwretdi (Matta 6:9, 10). Patyşalyk — Hudaýyň gökdäki hökümeti. Patyşalygy arkaly Hudaý bütin ýer ýüzünde islegini amala aşyrar, şonda parahatlyk bolar. Patyşalygyň size berjek bereketleri barada «Hudaýyň Patyşalygy näme?» diýen wideodan görüň.

Ukrainada 129 000-den gowrak Ýehowanyň Şaýady ýaşaýar. Olar Isa pygamberiň göreldesine eýerip, syýasata we urşa goşulmaýar (Ýahýa 18:36). Diňe Hudaýyň Patyşalygy dünýädäki kynçylyklary we uruşlary doly aýryp biler. Ýehowanyň Şaýatlary bu barada adamlara wagyz edýärler (Matta 24:14). Geljekki gowy durmuş hakda köpräk bilmek üçin biziň bilen habarlaşyň.

a Köpräk bilmek üçin «Dünýäniň soňunda „demirgazyk patyşasy“ bolan döwletler» we «Şu günler „demirgazyk patyşasy“ kim?» diýen makalalary okaň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş