Ýokardan çepdäki: Marek M. Berezowski/Anadolu Agency via Getty Images; aşakdan çepdäki: Halfpoint Images/Moment via Getty Images; ortadaky: Zhai Yujia/China News Service/VCG via Getty Images; ýokardan sagdaky: Ismail Sen/Anadolu Agency via Getty Images; aşakdan sagdaky: E+/taseffski/via Getty Images
OÝA BOLUŇ!
2023-nji ýyl agyr ýyl boldy. Mukaddes Kitapda näme diýilýär?
2023-nji ýylda bütin ýer ýüzünde bolan wakalar biziň «soňky günlerde» ýaşaýandygymyzy subut edýär (2 Timoteos 3:1). Mukaddes Kitapdaky pygamberlikleriň biziň günlerimizde ýerine ýetýändigini biliň.
Mukaddes Kitap we ýer ýüzünde bolýan wakalar
«Uruş seslerini we uruş baradaky habarlary eşidersiňiz» (Matta 24:6).
«Dünýäniň köp ýerlerinde dawa-jenjel, uruşlar köpelýär»a.
«Uruşdan ejir çekýän adamlaryň dadyna kim ýetişer?» we «Harby güýçlere harçlanýan puluň möçberi 2 trillion dollardan geçdi» diýen makalalary okaň.
«Käbir ýerlerde ýertitremeler... bolar» (Markus 13:8).
«2023-nji ýylda dünýäniň her künjeginde 7 baldan geçýän 13 sany ýertitreme boldy. Ýertitremeler hasaplanyp başlaly bäri 2023-nji ýyl iň köp ýer titrän ýyllaryň biri boldy»b.
«Türkiýede we Siriýada bolan aýylganç ýertitreme» atly makalany okaň.
«Adamlar gorkunç zatlary... görerler» (Luka 21:11).
«Öňkä garanyňda häzir howa çendenaşa gyzýar» (Antoniu Guterriş, BMG-niň Baş kätibi)c.
«2023-nji ýylyň tomsunda howanyň aşa gyzmagy» atly makalany okaň.
«Käbir ýerlerde açlyk... bolar» (Matta 24:7).
«Gününi zordan görýänler üçin 2023-nji ýyl hasam kyn boldy»d.
«Uruşlar we howanyň üýtgemegi iýmit ýetmezçiligini artdyrdy» atly makalany okaň.
«Soňky günlerde juda kyn döwür bolar» (2 Timoteos 3:1).
«Bütin dünýäde sekiz adamdan bir adam göwnüçökgünlik bilen göreşýär»e.
«Göwnüçökgünlige düşýän ýetginjekleriň sany köpelýär» atly makalany okaň.
2024-nji ýylda nämeler bolar?
2024-nji ýylda nämeleriň boljakdygyny hiç kim bilenok. Ýöne ýer ýüzünde bolýan wakalar Hudaýyň Patyşalygynyň tizden ynsan hökümdarlyklaryny ýok edip, ähli kynçylyklaryň soňuna çykjakdygyny görkezýär (Danyýar 2:44; Ylham 21:4).
Şol wagt gelýänçä, kynçylyk başyňyza düşende Hudaýyň kömek etjekdigine ynamly bolup bilersiňiz. Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär:
«Meni gorky basanda, saňa bil baglaryn» (Zebur 56:3).
Hudaýa bil baglaýandygyňyzy nädip görkezip bilersiňiz? Soragyň jogabyny Mukaddes Kitapdan tapyp bilersiňiz. Biz size mugtuna Mukaddes Kitapdan okuw geçmegi teklip edýäris. Ol ýerde gaýgy-aladasyz durmuş barada aýdylýar. Hudaýyň wadalary hakda öwrenseňiz size we maşgalaňyza ýagşy umytda bolmaga kömek eder.
a Emma Beals we Peter Salisburyň «Foreign Affairs» žurnalyndaky «A World at War: What Is Behind the Global Explosion of Violent Conflict?» atly makalasyndan (30-njy oktýabr, 2023).
b Ýertitreme hakdaky habarlar, «2023-nji ýyl iň köp ýer titrän ýyllaryň biri boldy» (Maý, 2023).
c BMG-niň Baş kätibiniň howa şertleri barada eden çykyşyndan (27-nji iýul, 2023).
d Bütindünýä iýmit üpjünçilik meýilnamasy, «Iýmit ýetmezçiligi».
e Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, «World Mental Health Day 2023» (10-njy oktýabr, 2023)