19-njy oktýabr, ýekşenbe
Torlaryňy taşla (Luka 5:4).
Isa pygamber Petrusa Ýehowanyň goldajakdygyny, aladasyny etjekdigini aýtdy. Isa ölümden direlenden soňra Petrusa we beýleki resullara gudrat bilen köp balyk tutmaga kömek etdi (Ýah. 21:4—6). Şonda Petrus Ýehowanyň iýjek-içjegini ýetirip durjakdygyna ýürekden ynandy. Ol we beýleki resullar «Hudaýyň Patyşalygyny» durmuşynda birinji ýerde goýdy (Mat. 6:33). Indi Petrus köp wagtyny balyk tutmaga däl-de, wagyz etmäge sarp etdi. B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost baýramynda Petrus resul müňlerçe adamlara hoş habary wagyz etdi (Res. 2:14, 37—41). Ol samariýalylara, başga milletlere Isanyň şägirdi bolmaga kömek etdi (Res. 8:14—17; 10:44—48). Hawa, Ýehowa Petrus arkaly ähli halklardan özüne dürdäneleri ýygnady. w23.09 sah. 20, abz. 1; sah. 23, abz. 11
20-nji oktýabr, duşenbe
Eger gören düýşümi we ýorgudyny aýdyp bermeseňiz, sizi çapym-çapym ederin (Dan. 2:5).
Wawilonlylaryň Iýerusalimi weýran edenine iki ýyl geçipdi. Şonda Nawuhodonosor patyşa gorkunç düýş görýär. Ol akyldarlary çagyryp, düýşi we onuň ýorgudyny aýdyp bermegi talap edýär. Eger olar başarmasa, ölüm jezasyny berjekdigini aýdýar. Danyýar aýgytly hereket etmelidi (Dan. 2:3—5). Eger ol haýal-ýagallyk etse, janyndan mahrum bolardy. Ol «patyşanyň huzuryna baryp, düýşi ýormak üçin wagt bermegi haýyş edýär» (Dan. 2:16). Muny etmäge berk iman we batyrgaýlyk gerekdi, sebäbi Mukaddes Kitapda öň Danyýaryň düýş ýorandygy hakynda hiç zat aýdylmaýar. Ol dostlaryna «gögüň rehimdar Hudaýyndan patyşanyň syryny açyp bermegi babatda dileg etmegi haýyş edýär» (Dan. 2:18). Ýehowa olaryň dogalaryna jogap berýär. Şeýdip, Danyýar patyşanyň düýşüni ýorýar we öz janyny, dostlarynyň janyny halas edýär. w23.08 sah. 3, abz. 4
21-nji oktýabr, sişenbe
Soňuna çenli çydan halas bolar (Mat. 24:13).
Sabyrly bolmagyň peýdasy hakda oýlanyň. Sabyrly adamyň kalby rahat bolýar we özüni bagtly duýýar. Ol göwnüçökgünlige düşmeýär, gahar-gazabyň, gaýgy-aladanyň döredýän keselleri bilen syrkawlamaýar. Dogan-uýalar bilen agzybir ýaşaýar, ýygnagyň parahatlygyna goşant goşýar. Göwnüne degseler çalt gaharlanmaýar, öýke-kine saklamaýar we dawalaşmaýar (Zeb. 37:8; Nak. 14:29). Iň esasy zat bolsa, sabyrly Hudaý Ýehowanyň göreldesine eýerýär we onuň bilen ýakyndan dostlaşýar. Sabyrlylyk jan-saglygyň girewi, ynsan ömrüniň bezegi! Bize hemişe sabyrly bolmak aňsat bolmaýar, emma Ýehowanyň kömegi bilen sabyrly adam bolup bileris. Biz täze dünýä sabyrly garaşýarys we mezmurçynyň şu sözlerine goşulýarys: «Ýehowa hudaýhonlara, ýagşylyk etmegine garaşýanlara nazar salýar» (Zeb. 33:18). Geliň, mundan beýläk hem sabyr-takatly bolmagy ýüregimize düweliň! w23.08 sah. 22, abz. 7; sah. 25, abz. 16, 17