Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Hoş geldiňiz!
Ýehowanyň Şaýatlarynyň dürli dillerde çykarýan edebiýatlaryny öwrenmek üçin onlaýn kitaphana.
Edebiýatlary ýüklemek üçin, jw.org saýtyna giriň.
  • Şu gün

21-nji oktýabr, sişenbe

Soňuna çenli çydan halas bolar (Mat. 24:13).

Sabyrly bolmagyň peýdasy hakda oýlanyň. Sabyrly adamyň kalby rahat bolýar we özüni bagtly duýýar. Ol göwnüçökgünlige düşmeýär, gahar-gazabyň, gaýgy-aladanyň döredýän keselleri bilen syrkawlamaýar. Dogan-uýalar bilen agzybir ýaşaýar, ýygnagyň parahatlygyna goşant goşýar. Göwnüne degseler çalt gaharlanmaýar, öýke-kine saklamaýar we dawalaşmaýar (Zeb. 37:8; Nak. 14:29). Iň esasy zat bolsa, sabyrly Hudaý Ýehowanyň göreldesine eýerýär we onuň bilen ýakyndan dostlaşýar. Sabyrlylyk jan-saglygyň girewi, ynsan ömrüniň bezegi! Bize hemişe sabyrly bolmak aňsat bolmaýar, emma Ýehowanyň kömegi bilen sabyrly adam bolup bileris. Biz täze dünýä sabyrly garaşýarys we mezmurçynyň şu sözlerine goşulýarys: «Ýehowa hudaýhonlara, ýagşylyk etmegine garaşýanlara nazar salýar» (Zeb. 33:18). Geliň, mundan beýläk hem sabyr-takatly bolmagy ýüregimize düweliň! w23.08 sah. 22, abz. 7; sah. 25, abz. 16, 17

Her günki aýady okalyň — 2025

22-nji oktýabr, çarşenbe

Iman hem iş ýüzünde görkezilmese ölüdir (Ýak. 2:17).

Ýakup birinji mysalynda baýlary töre geçirýän, garyplary bolsa äsgermeýän ikiýüzli adam barada gürrüň berýär. Ol Hudaýa iman edýärin diýse-de, imanyny iş ýüzünde görkezmeýär (Ýak. 2:1—5, 9). Ýakup ikinji mysalynda hor-homsy ýaşaýan imandaşyny görse-de, kömek etmeýän adam hakda gürrüň berýär. Ol adam hem Hudaýa iman edýärin diýýär, emma imanyny iş ýüzünde görkezmeýär (Ýak. 2:14—16). Soňra Ýakup şägirt Rahaw hakda gürrüň berýär (Ýak. 2:25, 26). Rahaw Ýehowanyň ysraýyl halkynyň Howandarydygy hakda eşidýär we oňa ýürekden iman edýär (Ýuşa 2:9—11). Ol janyny howp astyna salyp, ysraýyllardan iki adamy duşman elinden halas edýär we imanyny iş ýüzünde görkezýär. Şeýlelikde, bikämil we ýat halkdan bolan aýal Ybraýym pygamber ýaly dogruçyl hasaplanýar. Rahawyň wakasy imany iş ýüzünde görkezmegiň wajypdygyny ýene bir gezek subut edýär. w23.12 sah. 5, 6, abz. 12, 13

Her günki aýady okalyň — 2025

23-nji oktýabr, penşenbe

Imanyňyz hem kök ursun we berk bolsun (Efes. 3:17).

Biz Mukaddes Kitabyň esasy taglymatlary bilen çäklenmän, «Hudaýyň çäksiz akyldarlygyna-da düşünmeli» (1 Kor. 2:9, 10). Muňa Hudaýyň mukaddes ruhy kömek edýär. Eger biz çuňňur şahsy okuwyny geçirsek, Ýehowa bilen ýakyndan dostlaşarys. Meselem, siz gadymy döwürde Ýehowanyň wepaly adamlara nähili ýagşylyk edendigini, şu günler size nähili bereket berýändigi hakda oýlanyň. Ýa-da Ýehowanyň ysraýyllara sežde etmek bilen bagly beren düzgünleri we mesihçiler ýygnagynyň nädip sežde edýändigi hakda gözleg geçiriň hem-de olary deňeşdiriň. Şeýle-de Isa pygamberiň ömri we gullugy bilen bagly ýerine ýeten pygamberlikler hakda barlag geçiriň. Şol temalar esasynda şahsy okuw geçirmäge «Ýehowanyň Şaýatlarynyň edebiýatlarynyň indeksi» we «Ýehowanyň Şaýatlarynyň edebiýatlary boýunça gollanmasy» kömek eder. Siz çuňňur şahsy okuwyny geçirseňiz şatlygyňyz artar, Ýehowa imanyňyz berkär we Ony has gowy tanarsyňyz (Nak. 2:4, 5). w23.10 sah. 18, 19, abz. 3—5

Her günki aýady okalyň — 2025
Hoş geldiňiz!
Ýehowanyň Şaýatlarynyň dürli dillerde çykarýan edebiýatlaryny öwrenmek üçin onlaýn kitaphana.
Edebiýatlary ýüklemek üçin, jw.org saýtyna giriň.
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş