17-nji sentýabr, çarşenbe
Ýazyklary ötülen we günäsi bagyşlanan adam bagtlydyr! (Rim. 4:7).
Ýehowa özüne iman edýän adamlaryň günäsini doly bagyşlaýar, hiç haçan ýatlamaýar we hasabat soramaýar (Zeb. 32:1, 2). Şeýle adam imany arkaly Hudaýyň nazarynda dogruçyl we ýazyksyz hasaplanýar. Ybraýym, Dawut we beýleki pygamberler Hudaýa iman etmeýän döwürdeşlerinden düýbünden tapawutlanýardy. Elbetde, wepaly pygamberler hem günälidi, bikämildi. Emma Ýehowa olaryň sarsmaz imanyny görüp, ýazyksyz we dogruçyl hasaplady (Efes. 2:12). Pawlus resul Allatagala bilen dostlaşmak üçin, oňa ýürekden iman etmegiň wajypdygyny nygtap geçdi. Munuň şeýledigini Ybraýym we Dawut pygamberleriň durmuşy subut edýär. Biz hem olaryň göreldesine eýersek, Ýehowanyň dosty bolarys. w23.12 sah. 3, abz. 6, 7
18-nji sentýabr, penşenbe
Isa arkaly Hudaýa elmydama öwgi gurbanlaryny bereliň, ýagny onuň adyny hemmelere dilimiz bilen wagyz edeliň (Ýew. 13:15).
Biziň şu günler Ýehowa «öwgi gurbanlaryny» bermäge mümkinçiligimiz bar. Biz Hudaýyň Patyşalyk işleriniň ilerlemegi üçin wagtymyzy, güýjümizi we serişdämizi sarp edýäris. Ýehowa iň gowy zadyňy berip sežde etmek biziň üçin uly hormat! Pawlus resul Hudaýa edýän seždämiziň dürli görnüşlerini agzaýar we olara sowuk-sala seretmezligi maslahat berýär (Ýew. 10:22—25). Meselem, ol Ýehowa doga etmegiň, gelejege bolan umydymyz hakda wagyz etmegiň we Ýehowanyň «gününiň golaýlaşýandygyny görüp, biri-birimizi has-da ruhlandyrmak» üçin ýygnak duşuşyklaryna barmagyň wajypdygyny ýazdy. Ylham kitabynyň soňky baplarynda perişde iki gezek: «Hudaýa sežde et!» diýdi (Ylh. 19:10; 22:9). Geliň, Ýehowanyň uly ruhy ybadathanasy baradaky hakykatlary hiç haçan unutmalyň we Beýik Hudaýymyza sežde etmekligi uly hormat saýalyň! w23.10 sah. 29, abz. 17, 18
19-njy sentýabr, anna
Birek-biregi söýeliň! (1 Ýah. 4:7).
Biz dogan-uýalar üçin janymyzy bermäge taýyn bolmaly. Emma biz Isa pygamberiň «köp adamlaryň söýgüsi sowar» diýen sözlerini ýadymyzdan çykarmaly däl (Mat. 24:12). Elbetde, Isa şägirtleriniň arasyndaky söýginiň däl-de, şu dünýädäki adamlaryň biri-birine bolan söýgüsiniň sowajakdygyny göz öňünde tutdy. Emma biz seresap bolmasak, doňýürek adamlaryň täsirine düşüp bileris. Dogan-uýalaryň arasyndaky söýgi haýsy ýagdaýlarda sowap biler? Dogan-uýalary ýürekden söýýändigimizi bilmek üçin içki dünýämizi gowy barlamaly (2 Kor. 8:8). Petrus resul: «Esasan-da, biri-biriňizi ýürekden söýüň, sebäbi söýgi köp günäleriň üstüni ýapýandyr» diýdi (1 Pet. 4:8). Eger dogan-uýalaryň ýalňyşyna aşa köp üns bersek, olara bolan söýgimiz sowar. w23.11 sah. 10, 11, abz. 12, 13