Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Hoş geldiňiz!
Ýehowanyň Şaýatlarynyň dürli dillerde çykarýan edebiýatlaryny öwrenmek üçin onlaýn kitaphana.
Edebiýatlary ýüklemek üçin, jw.org saýtyna giriň.
  • Şu gün

20-nji sentýabr, şenbe

Biri-biriňizi söýüň (Ýah. 13:34).

Biz diňe käbir dogan-uýalary ýürekden söýsek, Isanyň tabşyrygyna eýerdigimiz bolmaz. Elbetde, dogan-uýalaryň hemmesi biziň üçin syrdaş, ýakyn dost bolup bilmez. Isa hem şägirtleriň arasynda Ýahýany iň ýakyn dosty hasaplady (Ýah. 13:23; 20:2). Eger Petrus resulyň «ýürekden söýüň» diýen maslahatyna eýersek, dogan-uýalary maşgala agzamyz, süýtdeş doganymyz ýaly gowy göreris (1 Pet. 2:17). Petrus resulyň dogan-uýalary «ýürekden söýüň» diýen maslahaty nämäni aňladýar? (1 Pet. 1:22). Bu jümle islegiň bolmasa-da, söýmäge tagalla etmelidigini aňladýar. Meselem, dogan-uýalaryň biri siziň göwnüňize degýär. Şonda siz ar aljak bolarsyňyzmy? Petrus Isa pygamberden bir wajyp hakykaty öwrendi, ýagny Hudaýyň ar alýanlary halamaýandygyny bildi (Ýah. 18:10, 11). Şonuň üçin Petrus şeýle diýdi: «Ýamanlyga ýamanlyk bilen gaýtargy bermäň, biri-biriňize göwne degiji sözleri aýtmaň, gaýtam... hoş sözleri aýdyň» (1 Pet. 3:9). Eger biz ýürekden söýsek, dogan-uýalar bilen sylaşykly, mähirli gepleşeris. w23.09 sah. 29, abz. 9—11

Her günki aýady okalyň — 2025

21-nji sentýabr, ýekşenbe

Aýallar... ähli zatda çägini bilýän we Hudaýa wepaly bolmaly (1 Tim. 3:11).

«Iki aýakly iki günde» diýleni, düýnki çaga goç ýigit bolýar, uly gyz bolup ýetişýär. Allatagala çagany öz-özünden ösüp ulalar ýaly edip ýaratdy. Emma onuň imany öz-özünden berkemeýär (1 Kor. 13:11; Ýew. 6:1). Munuň üçin Ýehowany gowy tanamaly we ýakyndan dostlaşmaly. Şeýle-de Ýehowanyň mukaddes ruhunyň kömegi bilen ýagşy häsiýetleri, ukyp-başarnyklary ösdürmeli we gelejekki durmuşa taýýarlyk görmeli (Nak. 1:5). Allatagala Adam ata bilen How enäni ýaratdy (1 Mus. 1:27). Ol Adam ata erkek adama mahsus, How enä bolsa aýal maşgala mahsus häsiýetleri berdi. Şol sebäpli olar borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirip bilýärdiler (1 Mus. 2:18). w23.12 sah. 18, abz. 1, 2

Her günki aýady okalyň — 2025

22-nji sentýabr, duşenbe

Ähli halklardan şägirt taýýarlaň. Olary Ata, Ogluň... ady bilen suwa çümdüriň (Mat. 28:19).

Isa pygamber ähli adamlaryň hak Hudaýyň adyny bilmegini isleýärdi. I asyrdaky dini ýolbaşçylar: «Hudaýyň beýik ady mukaddesdir. Günäli adamlar onuň adyny tutmaga mynasyp däldir» diýýärdi. Emma Isa pygamber Mukaddes Kitaba ters gelýän pikirleri we däp-dessurlary inkär edýärdi. Bir gün Isa pygamber Gerasena welaýatyna barýar we bir adamyň içinden jynlary çykarýar. Adamlar jynly adamyň akyl-huşunyň ýerindedigini görüp juda gorkdular we Isadan başga ýere gitmegi haýyş etdiler (Mar. 5:16, 17). Isa pygamber halkyň Ýehowanyň adyny bilmegini isleýärdi. Şol sebäpli sagalan adama Ýehowanyň gudratly işlerini gürrüň bermegi tabşyrýar (Mar. 5:19). Isa pygamber bize Ýehowanyň adyny bütin ýer ýüzüne jar etmegi tabşyrdy (Mat. 24:14; 28:20). Biz şu tabşyrygy ýürekden ýerine ýetirsek, Beýik Patyşa Isany begendireris. w24.02 sah. 10, abz. 10

Her günki aýady okalyň — 2025
Hoş geldiňiz!
Ýehowanyň Şaýatlarynyň dürli dillerde çykarýan edebiýatlaryny öwrenmek üçin onlaýn kitaphana.
Edebiýatlary ýüklemek üçin, jw.org saýtyna giriň.
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş