Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Nutugyň meýilnamasyny düzmek
    Wagyz mekdebi
    • Nutugyň meýilnamasyny düzmek

      KÖP adamlar nutuga taýýarlyk görenlerinde, eline galam bilen kagyz alyp, ony başdan-aýak ýazýarlar. Şeýle ýagdaýda nutuk doly taýýar bolýança, ençeme kagyz zaýalanyp, köp wagt sarp edilýär.

      Sizem nutugy şeýle taýýarlaýarmysyňyz? Siz onuň aňsat ýoluny öwrenmek isleýärmisiňiz? Eger siz meýilnama düzmegi öwrenseňiz, nutugy tutuş ýazmagyň geregi bolmaz. Netijede, taýýarlanmaga köp wagtyňyz bolar. Size çykyş etmek hem ýeňil düşer, nutugyňyz bolsa täsirli bolar we diňleýjileri öwrenen zatlaryny durmuşynda ulanmaga höweslendirer.

      Elbetde, jemagat nutugynyň taýyn meýilnamasy bolýar. Emma, köplenç, meýilnama berilmän, diňe nutugyň ady esasynda ýa-da haýsy makala esaslanyp çykyş etmelidigi görkezilýär. Käte näme hakda we nädip aýtmalydygy-da düşündirilýär. Şeýle ýagdaýlarda nutugyň meýilnamasyny düzmeli bolýar.

      41-nji sahypadaky surat

      Üns beren bolsaňyz, 41-nji sahypada nusgalyk meýilnama berlen. Onuň esasy bölümleri çep tarapdan baş harplar bilen ýazylan. Her esasy bölümiň aşagynda goşmaça pikirler berlen. Olar ýokarda getirilen çuň pikirleri giňişleýin düşündirýär. Bu meýilnamany gowy özleşdiriň. Üns beren bolsaňyz, iki esasy pikir temanyň ady bilen berk baglanyşykly. Goşmaça pikirler ýöne ýere getirilen däldir. Aslynda, olaryň hersi ýokarda getirilen esasy pikiri düşündirýär.

      Belki-de, siziň düzen meýilnamaňyz bu kitapdaky meýilnama meňzemez. Emma siz onuň düzüliş prinsipini özleşdirseňiz, onda nutuk üçin taýýarlan pikirleriňizi ýerbe-ýer goýup bilersiňiz we oňa köp wagtyňyz gitmez. Onda nämeden başlamaly?

      Derňäň, saýlaň we belli bir tertipde düzüň

      Siziň bir temaňyz bolmaly. Tema — bir sözden ýa-da umumy bir pikirden ybarat bolmaýar. Ol nämä üns bermelidigini görkezip, diňleýjileriň ýüregine täsir etmeli esasy pikirdir. Eger size tema berlen bolsa, onda onuň her bir sözüni derňäň. Eger temany haýsydyr bir makala arkaly düşündirmeli bolsa, onda temadan ünsüňizi sowman, berlen makalany gowy özleşdiriň. Eger size diňe näme barada çykyş etmelidigi aýdylan bolsa, onda temany özüňiz saýlamaly. Munuň üçin, ilki, gowy gözleg geçirmeli. Ünsli bolsaňyz, bu size temaňyzy başga taraplaýyn düşündirmäge kömek eder.

      Bu ädimleri ädeniňizden soňra, özüňize şeýle soraglary beriň: «Bu maglumat diňleýjilere näme üçin peýdaly bolar? Meniň maksadym näme?» Maksadyňyz bölümleriň ählisini düşündirmek ýa-da nutugyňyzy täsirli etmek däl-de, ony diňleýjileriňiz üçin peýdaly edip taýarlamak bolmaly. Olara nämäniň peýdaly boljakdygyny anyklanyňyzda, ony ýazyň we taýýarlyk göreniňizde ünsden düşürmäň.

      Maksadyňyzy kesgitläp, belli bir tema saýlanyňyzdan (ýa-da maksadyňyzy saýlan temaňyz bilen baglanyşdyranyňyzdan) soň, anyk bir ugur boýunça gözleg geçirip bilersiňiz. Diňleýjilere wajyp bolan maglumaty gözläň. Umumy däl-de, gerekli maglumatlary we peýdaly boljak pikirleri saýlaň. Emma gözleg geçirmäge çendenaşa köp wagt sarp etmäň. Ýogsam, gereginden artyk maglumat toplarsyňyz we soňra olaryň arasyndan hem saýlamaly bolarsyňyz.

      Esasy pikirler temaňyza we maksadyňyza laýyk gelmeli. Olar nutugyň özeni, ýagny meýilnamanyň esasy bolar. Näçe sany esasy pikir bolmaly? Gysga gürrüňdeşlik üçin iki sany, bir sagatlyk nutuk üçin bolsa, bäşisi ýeterlikli bolar. Esasy pikir näçe az bolsa, şonça-da olar diňleýjileriň ýadynda gowy galar.

      Nutugyň temasyny we esasy pikirlerini taýýarlanyňyzdan soň, toplan maglumatyňyzy belli bir tertipde düzmeli. Olaryň haýsysynyň esasy pikirlere degişlidigini anyklaň. Nutugyňyzy janlandyrjak pikirleri saýlaň. Esasy pikirleri tassyklaýan aýatlary saýlanyňyzda, olaryň mazmunyny düşündirmäge kömek etjek pikirleri belläň. Her esasy pikiriň aşagynda olary tassyklaýan goşmaça pikirleri ýazyň. Esasy pikirler bilen baglanyşygy bolmadyk maglumatlar gyzykly bolsa-da, olary almaň. Olary başga bir gerekli ýagdaýda ulanyp bilersiňiz. Diňe gerekli bolan maglumaty alyň. Eger-de maglumat köp bolsa, onda çalt geplemeli bolarsyňyz; temany çuňňur düşündirip bilmersiňiz. Gowusy «az bolsun, uz bolsun». Berlen wagtyň çäginden çykmaň.

      Indi maglumatlary logiki yzygiderlikde düzüp bilersiňiz. Luka hem Hoş habaryny şeýle tertipde ýazypdy. Ol bolan wakalara degişli ençeme maglumatlary toplap, olary «birin-birin», ýagny logiki yzygiderlikde düzdi (Luka 1:4). Nutugy taryhy yzygiderlikde, temalara bölüp ýa-da «sebäp we netije», «kynçylyk we çözgüt» ýaly tärlerde taýýarlap bolýar. Munuň haýsysy siziň maksadyňyza ýetmäge kömek etse, şony-da ulanyp bilersiňiz. Bir pikirden başga pikire bökmäň. Diňleýjilere pikir yzygiderligini we olaryň baglanyşygyny görmek aňsat bolmaly. Getirilen subutnamalar olara dogry netijä gelmäge kömek etmeli. Maglumatlary belli bir tertipde düzeniňizde, olaryň diňleýjilere etjek täsiri barada pikirleniň. Diňleýjilere pikirleri yzarlamak aňsat bolarmy? Olar eşidenlerini durmuşynda ulanmak islärlermi we bu size goýan maksadyňyza ýetmäge kömek edermi?

      Indi diňleýjileri gyzyklandyrmak we çykyşyň peýdaly boljakdygyny görkezmek üçin giriş taýýarlaň. Ilkibaşda, aýtjak sözlemleriňiziň bir-ikisini ýazyp bilersiňiz. Soňra maksadyňyzy göz öňünde tutup, diňleýjileri eşiden zatlaryny durmuşynda ulanmaga höweslendirjek jemleýji sözleri düzüň.

      Meýilnama näçe ir taýýarlanylsa, şonça-da gowy bolar, çünki nutuga käbir düzedişleri girizmäge wagt galar. Belki-de, käbir pikirleri tassyklamak üçin hasabatlar, aýdyň mysallar ýa-da wakalar gerekdir. Siz ýakynda bolan wakany ýa-da ýaşaýan ýeriňizdäki adamlary gyzyklandyrýan zady mysal getirseňiz, nutugyňyzyň peýdasyny görkezip bilersiňiz. Nutugyň üstünde işleseňiz, ony ýene nädip ýerli ýagdaýa görä taýýarlap boljakdygyna düşünersiňiz. Nutugyň peýdaly we täsirli bolmagy üçin derňemek hem düzediş girizmek tapgyry wajypdyr.

      Nutuk bilen çykyş edýän doganlaryň käbiri örän gysga bellikler edýärler, käbirleri bolsa jikme-jik ýazgylary ulanýarlar. Ýöne nutugy birnäçe esasy pikirler arkaly taýýarlap, olara degişli bolmadyk pikirleri aýyrsaňyz we logiki yzygiderlikde düzseňiz, ony başdan-aýak ýazmagyň gerek däldigine göz ýetirersiňiz. Şeýdip, siz wagty tygşytlarsyňyz! Galyberse-de, nutugyňyzyň hili hem gowulanar. Şonda Wagyz mekdebiniň berýän biliminiň peýdalydygy aýdyň görner.

  • Mekdepde berlen ýumuşlara taýýarlanmak
    Wagyz mekdebi
    • Mekdepde berlen ýumuşlara taýýarlanmak

      WAGYZ MEKDEBINDE berilýän ýumuşlar size ukyplaryňyzy has gowy ösdürmäge ýardam eder. Olara ak ýürekden taýýarlansaňyz, siziň ilerleýşiňiz hem özüňize, hem başgalara aýan bolar (1 Tim. 4:15).

      Siz ýygnakda dogan-uýalaryň öňünde çykyş etmäge çekinýärmisiňiz? Mekdepde köp wagtdan bäri çykyş edýän hem bolsaňyz, çekinjeňlik duýgusy bolýar. Ony ýeňmäge näme kömek eder? Munuň üçin öýde sesli okamagy endik ediniň. Ýygnak duşuşyklarynda ýygy-ýygydan jogap beriň. Eger siz wagyzçy bolsaňyz, onda köpräk wagyz ediň. Şonda siz adamlaryň öňünde çykyş etmegi öwrenersiňiz. Şeýle-de berlen ýumuşlara öňünden we sesli taýýarlyk görüň. Mähirli diňleýjileriň öňünde çykyş edýändigiňizi unutmaň. Çykyş etmezden öň, Ýehowa doga ediň. Ol «Özünden dilänlere» mukaddes ruhuny jomartlyk bilen berer (Luka 11:13; Flp. 4:6, 7).

      Özüňizden köp zada garaşmaň. Ökde nutukçy we mugallym bolmak üçin wagt gerek (Mika 6:8). Eger siz Wagyz mekdebine ýakynda ýazylan bolsaňyz, ýumuşlary derrew gowy ýerine ýetirip bilerin öýtmäň. Her gezek bir sapagyň üstünde işlejek boluň we oňa degişli baby okaň. Mümkin boldugyndan, ondaky gönükmeleri ýerine ýetiriň. Şonda siz Mekdepde çykyş etmäge tejribe toplarsyňyz we hökman üstünlik gazanarsyňyz.

      Okamaga nädip taýýarlanmaly?

      Köpçüligiň öňünde okanyňyzda, berlen tekstdäki sözleri diňe bir dogry okamak ýeterlikli däl. Tekstiňiziň manysyna gowy düşünjek boluň. Ýumuş alanyňyzda muny göz öňünde tutuň. Her abzasda berlen pikire we sözleme düşünmäge jan ediň. Şonda olaryň manysyny we ondaky duýgulary dogry berip bilersiňiz. Nätanyş sözleriň dogry okalyşyny sözlükden bilmäge çalşyň. Berlen teksti gowy özleşdiriň. Bu babatda ata-eneler çagalaryna kömek edip bilerler.

      Size Mukaddes Ýazgylardan käbir parçalary ýa-da «Garawul diňinden» abzaslary okamak tabşyrylypmydy? Belki, siz gowy okaýan birinden okamagy haýyş edip, onuň sözleri okaýşyna, basymy goýşuna, säginişine we okaýyş äheňine üns berersiňiz. Soňra özüňiz hem şeýle okajak boluň.

      Ýumşa taýýarlyk görüp başlanyňyzda, berlen sapagy gowy özleşdiriň. Mümkin boldugyndan, berlen teksti birnäçe gezek sesli okap, sapagy ýene-de gözden geçiriň. Ondaky maslahatlara doly eýerjek boluň.

      Şeýle taýýarlyk size wagyzda-da kömek eder. Sebäbi biz wagyz edenimizde adamlara okap bermeli bolýarys. Hudaýyň Sözi adamlaryň durmuşyny özgerdip bilýär, şonuň üçin gowy okamak wajyp (Ýew. 4:12). Birki gezek ýumşa taýýarlanyp, ökdeleşerin öýtmeli däl. Pawlus resul tejribeli ýygnak ýaşulusyna: «Okamak... bilen meşgul bol» diýip maslahat berdi (1 Tim. 4:13).

      Tema we şertli ýagdaýa görä taýýarlanmak

      Eger ýumşy şertli ýagdaýa görä taýýarlamaly bolsa näme etmeli?

      Üç zada üns bermeli: 1) berlen ýumşa, 2) şertli ýagdaýa we söhbetdeşiňe, 3) sapaga.

      Siz berlen ýumşa degişli maglumat toplamaly. Emma öňürti şertli ýagdaý barada we söhbetdeşiň hakynda pikir etmeli. Bu siziň toplajak maglumatyňyza we ýumşy nädip ýerine ýetirjekdigiňize täsir eder. Siz nähili şertli ýagdaýy saýlarsyňyz? Aýdaly, siz hoş habary tanyş ýa-da nätanyş adama wagyz edilişini görkezmekçi bolýarsyňyz. Ol adam sizden ýaşmy ýa-da uly? Söhbetdeşiňiz gürrüň edýän zadyňyza nähili garar? Ol bu barada nämeleri bilýär? Bu söhbetdeşligiň maksady näme? Şu soraglaryň jogaby size ýumşy dogry taýýarlamaga kömek eder.

      Ýumşa degişli maglumaty nireden tapyp bolar? Bu kitabyň 33—38-nji sahypalarynda nädip gözleg geçirmelidigi barada gürrüň edilýär. Olary okap, soňra elýeterli edebiýatlary ulanyň. Siziň az wagtyň içinde gereginden artyk maglumat toplamagyňyz mümkin. Toplan maglumatlaryňyzy doly okap, olaryň haýsysyny saýlajakdygyňyzy anyklaň. Şeýle-de şertli ýagdaýy hem-de kim bilen söhbetdeş boljagyňyzy göz öňünde tutuň. Diňe gerekli pikirleri belläň.

      Sahnany we oňa degişli başga-da zatlary gurnamazdan öň, berlen sapagy ýene bir gezek okaň. Ýumşuň esasy maksady — sapakda berilýän maslahatlary ulanmak.

      Çykyşy berlen wagtda tamamlamaly, çünki wagt dolanda yşarat ediler. Emma wagyzda, köplenç, wagta üns berilmeýär. Şol sebäpli ýumşa taýýarlananymyzda, wagty göz öňünde tutsak-da, esasan, temany düşündirişimize üns bermeli.

      Şertli ýagdaý. Ýumşa taýýarlananyňyzda, 82-nji sahypada görkezilen şertleri ünsli öwrenip, olardan ýaşaýan ýeriňize degişlisini we wagyzda peýdaly boljagyny saýlaň. Eger siz Wagyz mekdebinde ençeme ýyl bäri çykyş edýän bolsaňyz, onda berilýän ýumuşlara wagyz üçin gerekli ukyplary ösdürmäge mümkinçilik hökmünde garaň.

      Käte şertli ýagdaýy Wagyz mekdebiniň gözegçisi berip biler. Şertli ýagdaýlaryň köpüsi wagyz bilen baglanyşykly. Eger siz berlen şertli ýagdaýda wagyz etmedik bolsaňyz, onda tejribeli wagyzçydan maslahat soraň. Berlen ýumşy, mümkin boldugyndan, görkezilen şertli ýagdaýa görä taýýarlamaga çalşyň. Bu size Mekdebiň maksadyna ýetmäge, ýagny ukybyňyzy ösdürmäge kömek eder.

      Nutuk bilen çykyş etmek

      Köplenç, doganlara gysgaça nutuk bilen çykyş etmek tabşyrylýar. Şeýle ýagdaýda ýokarda agzalan, ýagny sahna bilen çykyş edilende berilýän maslahatlary ulanmaly. Bu ýumuşlar beýleki ýumuşlardan diňleýjileri we ýerine ýetirilişi bilen tapawutlanýar.

      Nutuk diňleýjileriň ählisi üçin peýdaly bolar ýaly taýýarlanylsa, gowy bolardy. Diňleýjileriň köpüsi Mukaddes Ýazgylaryň esasy taglymatlaryny bilýärler. Belki-de, olar tema gowy düşünýändirler. Şoňa görä-de, olaryň nämeleri bilýändigini göz öňünde tutup, olar üçin hem peýdaly boljak pikirleri goşmaga çalşyň. Özüňize şeýle soraglary beriň: «Nutugy nädip taýýarlasam, maňa-da, diňleýjilere-de Ýehowany has gowy tanamaga kömek eder? Ondaky maglumatlar Hudaýyň islegine düşünmäge nädip ýardam eder? Ten höweslerine eýerýän adamlardan doly dünýäde ýaşaýandygymyza garamazdan, bu nutuk dogry karara gelmäge nädip kömek eder?» (Efes. 2:3). Bu soraglara jogap bermek üçin gowy gözleg geçirmeli. Hudaýyň Sözünden aýatlary getireniňizde, olary ýöne bir okaman, eýsem, Mukaddes Ýazgylar arkaly pikir alşyp, diňleýjilere belli bir karara gelmäge kömek ediň (Res. iş. 17:2, 3). Köp maglumat ulanmaň. Nutugy ýatda galar ýaly edip taýýarlaň.

      Nutugy sesli taýýarlamaga hem wagt sarp ediň. Muňa sowuk-sala garamaň. Dürli sapaklarda berilýän maslahatlary özleşdirip, olary ulanmak üçin edýän tagallaňyz size ökdeleşmäge ýardam eder. Siz tejribeli nutukçy bolsaňyz-da, ýaňy ýakynda çykyş edip başlan bolsaňyz-da gowy taýýarlyk görüň. Şonda siz ynamly gepläp, temadaky duýgulary dogry bermegi başararsyňyz. Mekdepde berlen ýumuşlary ýerine ýetireniňizde, geplemek ukyby arkaly Ýehowany şöhratlandyrýandygyňyzy unutmaň (Zeb. 150:6).

  • Ýygnak üçin nutuk taýýarlamak
    Wagyz mekdebi
    • Ýygnak üçin nutuk taýýarlamak

      WAGYZ MEKDEBINIŇ meýilnamasy ýygnaga gelýänleriň ählisine peýdaly bolar ýaly edip taýýarlanyldy. Emma beýleki ýygnak duşuşyklarynda-da, kongreslerde-de möhüm zatlar aýdylýar. Eger siz bu duşuşyklarda çykyş edýän bolsaňyz, onda size uly jogapkärçilik ynanylýar. Pawlus resul ýygnagyň ýaşulusy Timoteosa tälim berşine hemişe üns bermelidigini ündedi (1 Tim. 4:16). Mesihçiler ýygnaga gelip, Hudaý bilen dostlugyny berkidýän öwüt-ündewleri diňlemek üçin gymmatly wagtyny sarp edýärler, käbirleri bolsa munuň üçin has-da köp tagalla etmeli bolýarlar. Tälim bermek işine gatnaşmak uly hormatdyr! Siz muny nädip ýerine ýetirip bilersiňiz?

      Mukaddes Ýazgylardan peýdaly pikirler

      Wagyz mekdebinde her hepde Mukaddes Ýazgylardan käbir baplar okalýar. Bu bölümde okalmaly aýatlaryň biziň üçin nähili ähmiýetiniň bardygyna üns bermeli. Nehemýa 8:8-e görä, ruhany Ezra bilen lewiler halkyň öňünde Hudaýyň Sözüni okap, onuň «manysyny düşündirdiler». Mukaddes Ýazgylardan peýdaly pikirler bilen çykyş etmek tabşyrylanda, sizde-de şeýle mümkinçilik döreýär.

      Bu bölüme nädip taýýarlanmaly? Şeýle ýumuş tabşyrylanda, mümkin boldugyndan, okalmaly aýatlary bir hepde öňünden ýa-da has öň okamaga çalşyň. Soňra ýygnagyň zerurlyklary barada pikirleniň we doga ediň. Hudaýyň Sözünden okalmaly aýatlardaky haýsy maslahatlar, mysallar we prinsipler diňleýjileriň zerurlyklaryny kanagatlandyryp biler?

      Munuň üçin gözleg geçirmeli. Siziň düşünýän diliňizde «Ýehowanyň Şaýatlarynyň elektron kitaphanasy», «Indeksi» we ýylyň soňunda çykýan «Garawul diňiniň» indeksi barmy? Eger bar bolsa, olardan doly peýdalanyň. Saýlan aýatlaryňyz babatda gözleg geçirseňiz, siz olaryň nähili ýagdaýda ýazylandygyna, pygamberlikleriň ýerine ýetişine, Ýehowanyň häsiýetlerine we onuň prinsiplerine has aýdyň düşünersiňiz. Köp pikirleri aýtmak hökman däl. Munuň üçin birnäçe aýady saýlap, olary gowy düşündirseňiz ýeterlikli bolar.

      Şeýle-de bu bölüme diňleýjiler hem gatnaşyp, özlerine peýdaly bolan pikirleri aýdyp bilerler. Olar bu aýatlardan şahsy we maşgala okuwyna, wagyz gullugyna ýa-da durmuşda peýdaly boljak nähili pikirleri tapdylar? Bu aýatlarda Ýehowanyň adamlara we halklara bolan garaýşyndan Onuň nähili häsiýetleri görünýär? Haýsy pikirler diňleýjileriň imanyny berkitmäge we Ýehowa bolan söýgüsini artdyrmaga kömek etdi? Jikme-jikliklere we çuň pikirlere çendenaşa üns bermäň. Saýlan aýatlaryňyzyň manysyny we peýdaly tarapyny düşündiriň.

      Edebiýatlara esaslanan nutuklar

      Edebiýatlarymyza esaslanýan nutuklar üçin, adatça, köp maglumat berilýär. Siz şeýle nutuklary nädip taýýarlap bilersiňiz? Berlen maglumaty diňe bir okap geçmek ýeterlikli däl. Gözegçi doganlar «öwretmäge ukyply» bolmaly (1 Tim. 3:2).

      Ilki bilen, berlen temany gowy özleşdirmeli. Getirilen aýatlary okaň we oýlanyň. Çykyş etmezden ençeme wagt öň taýýarlanyp başlaň. Doganlar salgy berlen edebiýat bilen öňünden tanyşmalydygyny unutmaly däl. Şol sebäpli berlen maglumaty diňe bir gürrüň bermän, eýsem, ony nädip durmuşda ulanyp bolýandygyny görkezmeli. Salgy berlen edebiýatdan diňe ýygnagyňyza peýdaly boljak pikirleri saýlaň.

      Her bir çaganyň özboluşly häsiýeti bolýar, şonuň ýaly her bir ýygnagyň-da öz aýratynlygy bar. Ata-eneler çagasynyň ýüregine täsir etmek üçin, ahlak kadalary barada diňe bir okamak bilen çäklenmeýärler. Olar çagasy bilen pikir alyşýarlar. Şeýle-de onuň häsiýetini we kynçylyklaryny göz öňünde tutýarlar. Şonuň ýaly-da, ýygnaga tälim berýän doganlar nutuk taýýarlanlarynda, diňleýjileriň zerurlyklaryny göz öňünde tutmaga çalyşýarlar. Emma düşgür dogan kimdir birini oňaýsyz ýagdaýa saljak mysallary getirmeýär. Olaryň Ýehowanyň ýolunda ýöräp, alan bereketlerini belläp geçýär we uçraýan kynçylyklaryna hötde gelmäge kömek edýän Mukaddes Ýazgylardaky maslahatlara üns berýär.

      Ökde mugallym diňleýjileriň ýüregine täsir edip bilýär. Ol diňe bir subutnamalary getirmän, eýsem, olaryň manysyny düşündirýär we diňleýjileriň ýürekden aladasyny edýär. Ýygnagyň ruhy çopanlary sürüsini gowy tanamaly. Dogan-uýalary ýürekden söýýän ýaşulular olaryň kynçylyklaryny göz öňünde tutar, ruhlandyryjy äheňde gepläp, duýgudaşlyk bildirer we olaryň ýagdaýyna düşünýändigini görkezer.

      Ökde mugallym nutugyň belli bir maksadynyň bolýandygyna düşünýär. Şol sebäpli ol esasy pikirleri aýdyň we ýatda galar ýaly edip aýtmaly. Şeýle-de diňleýjileriň durmuşyna täsir etjek pikirleri ýüreklerinde ornaşar ýaly edip çykyş etmeli.

      Gulluk duşuşygy

      «Hudaýa gullugymyzdaky» makalalara esaslanan nutuklar biraz başgaça bolýar. Şeýle ýagdaýda siz makaladan gerekli pikirleri saýlaman, berlen maglumaty diňleýjilere bolşy ýaly ýetirmeli. Getirilen aýatlaryň berilýän maslahatlar bilen nähili baglanyşygynyň bardygyny görkezmeli (Titus 1:9). Wagtyň çäklidigi sebäpli başga maglumaty goşmak rugsat berilmeýär.

      Emma käte «Hudaýa gullugymyzdaky» makala esaslanmadyk ýumuş berilýär. Onuň nämä esaslanýandygy barada diňe gysgaça görkezmeler berler. Şeýle ýagdaýda siz berlen ýumşy ýygnagyň zerurlyklaryna görä taýýarlamaly. Ähtimal, siz nutuga gysgaça bir mysaly ýa-da ýerlikli wakany goşmak islärsiňiz. Siz maksadyňyzyň temany ýöne bir gürrüň bermän, eýsem, dogan-uýalara Hudaýyň Sözündäki tabşyrygy doly ýerine ýetirip, ondan şatlyk tapmaga höweslendirmekdigini unutmaň (Res. iş. 20:20, 21).

      Ýumşa taýýarlananyňyzda dogan-uýalaryň ýagdaýy barada oýlanyň. Olaryň edýän tagallalary üçin öwgüli sözler aýdyň. Temada agzalýan maslahatlary ulansalar, bu olaryň netijeli wagyz etmegine we şatlygynyň artmagyna nädip ýardam eder?

      Siz berlen ýumuş esasynda sahna görkezmelimi ýa-da interwýu almaly? Şeýle bolsa, onda olara öňünden gowy taýýarlyk görüň. Mümkin, siz ýumşuňyzy kimdir birine tabşyrmak islärsiňiz, ýöne bu hemişe gowy netije bermez. Mümkin boldugyndan, sahnany ýa-da interwýuny duşuşyk geçirilmezinden birki gün öňünden gaýtalap görüň. Ýumşy ýygnak agzalarynyň ökdeleşmegine ýardam berer ýaly taýýarlamaga çalşyň.

      Kongresler

      Ökde nutukçylara we ruhuň miwesini ösdürýän doganlara kongreslerde çykyş etmek tabşyrylmagy mümkin. Bu duşuşyklar doganlara Hudaýyň halkyna tälim bermäge gowy mümkinçilik döredýär. Olarda çykyş etmek üçin taýyn nutuk, nutugyň meýilnamasy, Mukaddes Ýazgylara esaslanan we biziň günlerimize degişli sahna ýa-da hat arkaly görkezmeler berilýär. Eger size şeýle hormatly ýumuş tabşyrylan bolsa, onda berlen temany çuňňur özleşdiriň we onuň wajyplygyna düşünýänçäňiz, gaýta-gaýta üstünde işläň.

      Taýyn nutuk berlende, ony sözme-söz okamaly. Ony düzetmeli däl ýa-da öz sözüň bilen aýtjak bolmaly däl. Dogan nutugyň esasy pikirlerine we onuň yzygiderligine doly düşünýänçä özleşdirmeli. Ol tä basymy dogry goýup, joşgunly, mähirli, duýgy we agraslyk bilen, ynamly hem-de uly märekäniň öňünde çykyş edilýändigini göz öňünde tutup, batly ses bilen okamagy öwrenýänçä türgenleşmeli.

      Eger size meýilnama berlen bolsa, nutugy onuň esasynda taýýarlamaly. Nutukçy meýilnamadan okamaly däl ýa-da nutugy doly ýazyp, ony sözme-söz okap çykyş etmeli däl, gaýtam, ony ýürekden aýtmaly. Berlen wagtyň çäginden çykman, esasy pikirleri aýdyň belläp geçmeli. Nutukçy dogan goşmaça pikirleri we aýatlary gowy düşündirmeli. Ol meýilnamadaky pikirlerden daşary öz islegi boýunça başga pikirleri goşmaly däl. Elbetde, berilýän görkezmeler Hudaýyň Sözüne esaslanmaly. Ýygnak ýaşulularyna «Hudaýyň sözüni wagyz etmek» tabşyryldy (2 Tim. 4:1, 2). Şeýlelikde, nutukçy meýilnamada berlen aýatlara aýratyn üns bermeli we olary düşündirip, ulanylyşyny görkezmeli.

      Soňa goýmaň

      Käbir ýygnaklarda nutuk bilen çykyş etmäge köp mümkinçilik bar. Olara nädip ýeterlikli wagt sarp edip bolar? Iň soňky minutda taýýarlanmakdan gaça duruň!

      Nutuk ýygnaga peýdaly bolar ýaly, ol hakda öňünden gowy pikirlenmeli. Şonuň üçin ýumuş tabşyrylanda, oňa degişli maglumaty derrew okamagy endik ediniň. Bu size başga işler bilen meşgullananyňyzda-da, nutuk hakynda oýlanmaga mümkinçilik berer. Belki-de, siz birnäçe gün ýa-da birnäçe hepde öňünden nutugyňyz üçin peýdaly boljak pikirleri eşidersiňiz. Temanyň wajyplygyny görkezjek wakalaryň ýüze çykmagy mümkin. Temany alan badyňyza okap, ol hakda oýlanmak üçin köp wagt sarp etmeli bolar, ýöne bu eden tagallaňyza deger. Nutugyň meýilnamasyny düzüp başlanyňyzda, tema barada öňünden oýlanmaklygyň peýdalydygyna göz ýetirersiňiz. Ýumşa şeýle taýýarlansaňyz, aljyraňňy ýagdaýa düşmersiňiz; şonda nutugyňyz peýdaly hem täsirli bolar.

      Ýehowanyň size beren hormatyny, ýagny onuň halkyna tälim bermek işine gatnaşmagy gymmat saýsaňyz, onda Ýehowany şöhratlandyryp, ony söýýän adamlara goltgy bolup bilersiňiz (Iş. 54:13; Rim. 12:6—8).

  • Jemagat nutugyny taýýarlamak
    Wagyz mekdebi
    • Jemagat nutugyny taýýarlamak

      ÝEHOWANYŇ ŞAÝATLARYNYŇ ýygnaklarynyň köpüsinde her hepde jemagat nutugy bilen çykyş edilýär. Ýaşulular we gulluk hyzmatçylary, size ökde nutukçy hem-de mugallym diýse bolarmy?! Eger şeýle bolsa, size jemagat nutugy bilen çykyş etmek tabşyrylar. Bu babatda Wagyz mekdebi müňlerçe doganlara ökdeleşmäge kömek etdi. Eger siz jemagat nutugy bilen çykyş etmeli bolsaňyz nämeden başlarsyňyz?

      Meýilnamany öwrenmek

      Gözleg geçirip başlamazdan öň, nutugyň meýilnamasyna doly düşünýänçäňiz, okap oýlanyň. Nutugyň adynyň manysyna gowy düşüniň. Siz diňleýjilere näme öwretmekçi bolýarsyňyz? Siziň maksadyňyz näme?

      Nutugyň sözbaşylaryny çuňňur öwreniň. Olary derňäň, sebäbi bu siziň nutugyňyzyň esasy pikirleridir. Olaryň her biriniň tema bilen nähili baglanyşygy bar? Her esasy pikirden soň, olary tassyklaýjy pikirler getirilýär. Tassyklaýan pikirlerden soň bolsa, olary has giňişleýin düşündirýän pikirler berilýär. Meýilnamanyň her bölüminiň öň ýanyndaky pikir bilen nähili baglanyşygynyň bardygyna we onuň indiki bölüme geçişine düşünjek boluň. Şeýle-de esasy pikirleriň nutugyň maksadyna düşünmäge nädip kömek edýändigini anyklaň. Nutugyň temasyna, onuň maksadyna we esasy pikirleriň bu maksada ýetmäge nädip kömek edýändigine düşüneniňizden soň, onuň üstünde işlemäge başlap bilersiňiz.

      Jemagat nutugy dört-bäş sany esasy pikirden ybarat bolýar. Eger siz olaryň hersine gysga nutuk diýip düşünseňiz, ony taýýarlamak aňsat bolar. Olary aýry-aýry taýýarlaň.

      Meýilnama nutuga taýýarlyk görmek üçin berilýär. Emma siz taýýarlyk göreniňizde, özüňiz meýilnama düzmeli we şoňa görä çykyş etmeli. Size berlen meýilnama ýöne bir sudurdyr (skelet). Siz oňa beden bermeli, ýürek goýmaly we ýaşaýyş demini berip, ony janlandyrmaly.

      Aýatlary ulanmak

      Isa Mesih we onuň şägirtleri Mukaddes Ýazgylara esaslanyp tälim berýärdiler (Luka 4:16—21; 24:27; Res. iş. 17:2, 3). Siz-de şeýle edip bilersiňiz. Nutuk Mukaddes Ýazgylara esaslanmaly. Meýilnamada getirilen sözleri we jümleleri düşündirmek ýeterlikli däl. Olaryň Mukaddes Ýazgylar bilen nähili baglanyşygynyň bardygyna düşünjek boluň. Şeýdip, siz Hudaýyň Sözüne esaslanyp öwredersiňiz.

      Çykyşa taýýarlananyňyzda meýilnamada berlen aýatlaryň her birini çuňňur özleşdiriň. Olaryň meýilnamadaky pikirler bilen baglanyşygyna üns beriň. Aýatlaryň käbirinde diňe goşmaça maglumat bolup biler. Şol sebäpli olaryň ählisini okamagyň we düşündirmegiň zerurlygy ýok. Olardan diňleýjilere has peýdalysyny saýlaň. Eger siz ünsüňizi diňe getirilen aýatlara gönükdirseňiz, başga aýat ulanmak gerek bolmaz.

      Üstünlikli çykyş etmek üçin, köp aýatlary okamaga däl-de, tälim berşiňize üns bermeli. Aýadyň näme üçin getirilýändigini düşündiriň. Olaryň durmuşda ulanylyşyny görkezmek üçin wagt sarp ediň. Mukaddes Ýazgylardan aýady okap, ony düşündirýän wagtyňyz kitabyňyz açyk dursun. Şonda diňleýjiler-de siziň göreldäňize eýererler. Siz olary nädip gyzyklandyryp hem-de Hudaýyň Sözüne has çuňňur düşünmäge kömek edip bilersiňiz? (Neh. 8:8, 12). Munuň üçin aýatlary düşündirmeli, aýdyň mysallary getirmeli we olaryň durmuşda ulanylyşyny görkezmeli.

      Düşündirmek. Esasy aýatlary düşündirmäge taýýarlyk göreniňizde, özüňize şeýle soraglary beriň: «Bu aýatda näme diýilýär? Men ony näme üçin ulanmaly? Bu aýat nähili soraglary döretmegi mümkin?» Getirilen aýadyň tutuş babyny okap, bu ylhamlanan sözleriň nähili ýagdaýlarda we näme maksat bilen ýazylandygyny hem-de onda nähili güýçli pikirleriň bardygyny derňäň. Munuň üçin gözleg geçirmeli. Siz «sadyk hem akylly hyzmatkäriň» taýýarlan edebiýatlaryndan ençeme wajyp maglumatlary tapyp bilersiňiz (Mat. 24:45—47). Aýat barada berilýän ähli maglumatlary aýtjak bolmaň-da, onuň tema bilen baglanyşygyny görkeziň.

      Aýdyň mysallar. Aýdyň mysallar temanyň esasy pikirlerine we prinsiplerine çuňňur düşünip, olary ýatda saklamaga kömek edýär. Aýdyň mysallar aýdylýan zatlara düşünmäge we öňki bilýän zatlaryň bilen deňeşdirmäge mümkinçilik berýär. Isa «Dagdaky wagzynda» birnäçe aýdyň mysallar getiripdi. «Gögüň guşlary», «meýdan liliýalary», «dar gapy» we «öýüni gaýanyň üstünde salan adam» ýaly ençeme mysallary onuň taglymatlaryny täsirli, ýatda galyjy hem düşnükli edipdi (Mat. 5—7 bap.).

      Ulanmak. Aýady düşündirmek we aýdyň mysallary getirmek arkaly adam bilim alýar. Ýöne bu bilimiň peýdaly bolmagy üçin, ony durmuşda ulanmak gerek. Mukaddes Ýazgylar boýunça ýaşamalymy ýa-da ýaşamaly däl, elbetde, diňleýjileriň özleri çözýär. Emma olaryň näme etmelidigine düşünmäge siz ýardam edip bilersiňiz. Diňleýjileriň getirilen aýada we onuň tema bilen baglanyşygyna düşünendigine göz ýetireniňizden soň, bu olaryň ynanýan zatlaryna hem-de özüni alyp barşyna nähili täsir edýändigini düşündiriň. Nädogry düşünjeleri we edim-gylymlary taşlamagyň peýdasyny belläp geçiň.

      Ulanjak aýatlaryňyz hakynda oýlananyňyzda, diňleýjileriň we olaryň ýagdaýlarynyň dürli-dürli bolýandygyny unutmaň. Belki-de, olaryň arasynda ýaňy gyzyklananlar, ýaşlar, garrylar we dürli kynçylyklar bilen göreşýän adamlar bardyr. Şonuň üçin nutugy peýdaly we durmuşda ulanyp bolar ýaly edip taýýarlaň. Kimdir birini göz öňünde tutup maslahat bermäň.

      Nutukçynyň etmeli zatlary

      Nutuga degişli käbir zatlar, ýagny onuň esasy pikirleri we her sözbaşa näçe wagt sarp etmelidigi aýdyň görkezilendir. Emma nutukçynyň hem etmeli zatlary bar. Belki, siz bir tassyklaýjy pikire beýlekisinden köpräk wagt sarp etmek islärsiňiz. Olaryň hersiniň üstünde deň möçberde durup geçmelidir öýtmäň. Ýogsam, nutugy çalt aýtmaly bolarsyňyz we diňleýjiler ony kabul edip ýetişmezler. Onda haýsy pikiri çuňňur, haýsysyny gysga aýtmaly bolar? Özüňize şeýle soraglary beriň: «Haýsy pikir nutugyň esasy maksadyna düşünmäge kömek eder? Haýsysy diňleýjiler üçin has peýdaly bolar? Käbir aýatlary we oňa degişli pikirleri aýtmasam, nutugyň yzygiderligine täsir edermi?»

      Takyk däl maglumatlary we öz pikiriňizi aýtmakdan ägä boluň. Hatda Hudaýyň Ogly Isa Mesih hem «öz-özünden aýtmandyr» (Ýahýa 14:10). Adamlar Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýygnagyna Mukaddes Ýazgylara esaslanan pikirleri diňlemäge gelýärler. Eger sizi ökde nutukçy hasaplaýan bolsalar, diýmek, adamlaryň ünsüni özüňize däl-de, Hudaýyň Sözüne gönükdirmäge jan edýändigiňiz görünýär. Şol sebäpli nutugyňyz diňleýjileriň göwnüni göterer (Flp. 1:10, 11).

      Siz sudura, ýagny meýilnama et, ýürek we jan bereniňizden soňra, ony sesli gaýtalamaly. Nutugyň ähli pikirini aňyňyzda gowy ornaşdyrandygyňyza göz ýetiriň. Siz hakykaty täsirli, ynamly we joşgunly aýtmaly. Çykyş etmezden öň, maksadyňyz barada oýlanyp, özüňize şeýle soraglary beriň: «Nutugyň esasy pikirleri aýdyňmy? Mukaddes Ýazgylara esaslanandygy görünýärmi? Esasy pikirler biri-biri bilen baglanyşýarmy? Ýehowa we Onuň edýän ähli zatlaryna minnetdarlygymyzy artdyrýarmy? Jemleýji sözleriň tema bilen baglanyşygy barmy? Diňleýjileriň näme etmelidigini görkezip, durmuşda ulanmaga höweslendirýärmi?» Eger siz şu soraglara «hawa» diýip jogap berseňiz, «bilimi dogry beýan edip», hem Ýehowany şöhratlandyrarsyňyz, hem dogan-uýalara kömek edersiňiz (Sül. tym. 15:2).

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş