-
Men duşumaga taýynmy?Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, II tom
-
-
1-NJI BAP
Men duşuşmaga taýynmy?
«Hemme gyzlaryň söýüşýäni bar. Owadanja oglanlaram gaty köp». Witniý
«Käbir gyzlar gözüni-gaşyny oýnadyp, alyp-ýolup barýar. Şeýle gyzlar bilen söýüşesiň gelýär. Ýöne bu hakda ene-atama aýtsam, olaryň näme diýjegi belli». Filip
BIR-BIRINI gowy görýän adamlar, hatda ýaşy kiçi bolsa-da, köp wagtyny bile geçiresi gelýär. Jenifer atly gyz: «11 ýaşymdakam hiç kim bilen söýüşmeýändigim üçin kemsinýärdim» diýýär. Britani atly gyz bolsa: «Mekdepde söýüşýäniň bolmasa, bir zadyň kem ýaly bolýar» diýýär.
Şeýle ýagdaýlarda sen özüňi nähili duýýarsyň? Duşuşmaga taýýarmyň? Muňa jogap bermezden öň, şu sorag hakda oýlan:
«Duşuşmak» näme?
Muny bilmek üçin aşakdaky soraglara jogap ber:
Sen şol bir oglan (gyz) bilen köp wagtyňy bile geçirýärsiň. Siz duşuşýarsyňyzmy?
□ Hawa
□ Ýok
Siz bir-biriňizi gowy görýärsiňiz. Günüň dowamynda birnäçe gezek SMS ýazyşýarsyňyz ýa-da telefonda gepleşýärsiňiz. Siz duşuşýarsyňyzmy?
□ Hawa
□ Ýok
Dostlaryň bilen bir ýere gideniňde, bar ünsüň şol bir gyzda (oglanda) bolýar. Siz duşuşýarsyňyzmy?
□ Hawa
□ Ýok
Belki-de, birinji soraga jogap bermek aňsat bolandyr. Ýöne beýleki iki soragyň üstünde oýlanmaly bolansyň. Aslynda, duşuşmak näme? Eger-de iki adam biri-birini halaýan we wagtyny bile geçirýän bolsa, olara duşuşýar diýse bolar. Diýmek, ýokardaky soraglaryň üçüsiniň hem jogaby hawa. Siz günde-günaşa ýüzbe-ýüz ýa telefonda, köpçülik ýerinde ýa-da ikiçäk gepleşip, bir-biriňize köp üns berýän bolsaňyz, onda siz duşuşýarsyňyz. Ýöne sen bu jogapkärçiligi almaga taýýarmyň? Indiki üç sorag muny bilmäge kömek eder.
Näme üçin duşuşmak isleýärsiň?
Köp ýurtlarda oglan bilen gyz bir-birini ýakyndan tanamak üçin duşuşýar. Emma duşuşmagyň maksady şol adam bilen durmuş gurmalymy ýa-da gurmaly däldigine göz ýetirmek bolmaly.
Köp ýaşlar duşuşmaklyga sowuk-sala garaýar. Olar köplenç durmuş gurmak islemese-de, gowy görýän adamy bilen wagt geçirmegi halaýar. Käbirleri bolsa, başgalaryň ýanynda öwünmek ýa-da özüni görkezmek üçin duşuşýarlar. Ýöne şeýle gatnaşyklar köplenç uzaga çekmeýär. Heter atly gyz şeýle diýýär: «Deň-duşlarymyň arasyndaky söýüşýänleriň köpüsi entek iki hepde bolmanka, bir-birini taşlaýar. Olar wagtyny geçirmek üçin söýüşýärler. Belli bir manyda, bu olary maşgala gurmaga däl-de, aýrylyşmaga taýýarlaýar».
Şeýle-de duşuşýan wagtyň beýleki adamyň hem duýgusynyň bardygyny unutma. Şonuň üçin niýetiň gowy bolsun. Aýdaly, biri seniň duýgularyňy oýunjak ýaly oýnap, soňam taşlaýar. Sen özüňi nähili duýardyň? Elsi atly gyz şeýle diýýär: «Käte duşuşmaklyga ýöne bir güýmenje ýaly garaýaryn. Ýöne duşuşýanlaryň biri muňa çynlakaý garap başlasa, güýmenje diýip bolmaz».
Näçe ýaşyňda?
Seniň pikiriňçe, näçe ýaşda duşuşyp başlasa bolýar? ․․․․․
Indi bolsa, bu soragy ene-ataňa ber we jogabyny ýaz. ․․․․․
Seniň ýazan sanyň ene-ataňkydan azdyr ýa-da deň bolmagam mümkin. Ahmal, senem köp paýhasly ýetginjekler ýaly ýetişip, özüňi gowy tanaýançaň duşuşmaga howlukýan dälsiň. 17 ýaşly Daniella atly gyz hem şeýle etmegi ýüregine düwüpdi. Ol şeýle diýýär: «Iki ýyl mundan öň gelejekki ýanýoldaşymda görmek isleýän zatlarym häzirkiden düýbünden tapawutlanýardy. Dogrymy aýtsam, häzirem özümiň näme isleýändigime doly düşünemok. Ýene birki ýyldan aň-düşünjäm goýalyşansoň, duşuşmak hakda pikirlensemem bolar».
Duşuşmaga howlukmazlygyň ýene bir wajyp sebäbi bar. Mukaddes Ýazgylarda jynsy höwesleriň we duýgularyň güýçli bolýan döwrüne «ýaşlyk höwesleri» diýilýär (1 Korinfliler 7:36). Eger-de ýaşlyk höwesleriň geçmedik bolsa, oglan (ýa-da gyz) bilen köp wagtyňy bile geçirseň höwesleriň güýjär we nädogry iş edip, ökünmegiň mümkin. Belki-de, deň-duşlaryň bu hakda pikirlenýänem däldir. Olaryň köpüsiniň kellesinde diňe jynsy gatnaşyk edip görmek islegi bardyr. Ýöne şeýle pikirlere özüňi aldatma! (Rimliler 12:2). Galyberse-de, Mukaddes Ýazgylarda «ahlaksyzlykdan gaça» durmak maslahat berilýär (1 Korinfliler 6:18). Ýaşlyk höwesleriň geçýänçä garaşsaň, «azapdan... daşlaşmak» başardar (Wagyz kitaby 11:10).
Durmuş gurmaga taýynmy?
Bu soraga jogap bermek üçin özüňi barlamaly. Şu zatlar barada oýlanyp gör:
Gatnaşyklar. Ene-ataň we doganlaryň bilen oňuşýarmyň? Köplenç gaharlanyp, olar bilen özüňi gödek alyp barýarmyň ýa-da ýaňsylaýjy sözleri aýdýarmyň? Gylyk-häsiýetleriň barada olar näme diýýär? Maşgala agzalaryň bilen özüňi nähili alyp barsaň, gelejekki ýanýoldaşyň bilen hem özüňi şeýle alyp bararsyň (Efesliler 4:31-i oka).
Garaýyş. Sen şadyýanmy ýa-da hemişe bir zatdan närazymy? Eglişik edýärmiň ýa-da kesirlik bilen öz diýeniňi tutup durýarmyň? Kyn ýagdaýda rahatlygy saklamagy başarýarmyň? Sen sabyrlymy? Häzirden Hudaýyň ruhunyň miwesini ösdürseň, gelejekde gowy ýanýoldaş bolarsyň (Galatýalylar 5:22, 23-nji aýatlary oka).
Pul. Sen puly tygşytly sowýarmyň ýa-da köplenç bergi edýärmiň? Bir ýerde uzak wagtlap işläp bilýärmiň? Eger ýok bolsa, bu iş sebäplimi ýa-da başlygyň? Belki, üýtgetmeli endikleriň we häsiýetleriň bardyr? Eger sen puly tygşytly sowup bilmeýän bolsaň, maşgalaňy nädip eklejek? (1 Timoteos 5:8-i oka).
Hudaý bilen dostluk. Sen Ýehowanyň Şaýady bolsaň, Hudaý bilen dostlugyňy berkitmek üçin näme edýärsiň? Hudaýyň Sözüni okaýarmyň, wagyz gullugyna we ýygnak duşuşyklaryna gatnaşýarmyň? Gelejekki ýanýoldaşyň ruhy taýdan ösen adama mynasypdygyny ýatdan çykarma (Wagyz kitaby 4:9, 10-njy aýatlary oka).
Näme edip bilersiň?
Saňa ýaňy-ýakynda geçip başlan sapagyňdan ekzamen tabşyrmaly diýseler adalatsyz bolmazmy?! Sebäbi sapagy gowy özleşdirip, synaga taýýarlyk görmek üçin wagt gerek.
Duşuşmak hem edil şonuň ýaly. Diýmek, duşuşmaklyga sowuk-sala garamaly däl. Köp wagtyňy bir adam bilen geçirmezden öň, örän wajyp «zady», ýagny nädip hakyky dost bolmalydygyny öwren! Şonda sen mynasyp adama duşanyňda, gatnaşygyňyzy berkidip bilersiň. Bagtly maşgala — iki dostuň ýakyn gatnaşygydyr.
Duşuşmaga gyssanmasaň, erkinligiňi çäklendirmersiň. Gaýtam, «ýaşlygyňda şatlanmak» üçin köp mümkinçiligiň bolar (Wagyz kitaby 11:9). Şeýle-de gowy häsiýetleri ösdürmäge, has wajyby bolsa, ruhy taýdan ösmäge ýeterlikli wagtyň bolar (Ýermeýanyň agysy 3:27).
Häzir bolsa öz ýaşyňdaky oglan-gyzlar bilen wagtyňy gowy geçirip bilersiň. Nädip? Munuň üçin dynç alanyňda deň-duşlaryň arasynda uly ýaşlylar hem bolsun! Teými atly gyz şeýle diýýär: «Gaýtam, şonda gyzykly bolýar. Dostlaryň hasam köpelýär». Monika hem onuň bilen ylalaşyp: «Bu gaty gowy pikir. Dürli ýaşdakylar bilen dynç alyp, köpler bilen tanyşýarsyň» diýýär.
Galyberse-de, ýaş wagtyň birine göwün berseň, ýüregiňe ýara salmagyň mümkin. Şonuň üçin howlukma! Gaýtam, häzirden hakyky dost bolup, ony berkitmegi öwren. Duşuşmak kararyna geleniňde bolsa, özüňi gowy tanarsyň we nähili adam bilen durmuş gurmak isleýändigiňe düşünersiň.
ŞU TEMA BARADA KÖPRÄK BILMEK ÜÇIN I TOMUŇ 29, 30-NJY BAPLARYNA SERET
Ene-ataňdan gizlin söýüşesiň gelýärmi? Munuň howply taraplary pikir edişiňden hem köp.
ESASY PIKIRLERI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR
«Paýhasly adam bolsa öz ädimlerine dykgat edýändir». Süleýmanyň tymsallary 14:15
MASLAHAT
2 Petrus 1:5—7-nji aýatlary okap, duşuşmak we durmuş gurmak üçin taýýarlanmaga kömek etjek häsiýeti saýla. Bir aýdan soň, şol häsiýet barada näme öwrenendigiňi we ony näçeräk ösdürendigiňi barla.
BILÝÄŇIZMI?
Geçirilen barlaglara görä, 20 ýaşdan öň durmuş guranlar köplenç 5 ýyl geçip-geçmänkä aýrylyşýar.
SEN NÄME ETMEKÇI?
Durmuş gurmaga taýýarlanmak üçin ösdürmeli häsiýetlerim: ․․․․․
Şeýle häsiýetleri ösdürmäge kömek etjek zatlar: ․․․․․
Bu babatda ene-atamdan sorajak zatlarym: ․․․․․
SEN NÄHILI JOGAP BERERSIŇ?
● Başga jynsdaky deň-duşlaryň bilen wagtyňy geçirmek haçan ýerlikli bolup biler?
● Ýaş bolsa-da, söýüşmek isleýän jigiňe nähili maslahat bererdiň?
● Durmuş gurmak niýetiň bolmasa-da, biri bilen duşuşýan bolsaň, bu oňa nähili täsir eder?
[18-nji sahypadaky sitata]
«Meniň pikirimçe, birini ýürekden gowy görüp, onuň bilen bütin ömrüňi bile geçirjekdigiňe göz ýetireniňden soň, duşuşsa bolýar. Muny ýöne bir söýüşmek üçin däl-de, şol adamy gowy görýändigiň üçin etmeli» Ember
[16,17-nji sahypadaky surat]
Durmuş gurmak maksadyň bolman biri bilen duşuşsaň, täze oýunjagy oýnap, soňam zyňyp goýberýän çaga meňzärsiň
-
-
Gizlin duşuşmak näme üçin howply?Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, II tom
-
-
2-NJI BAP
Gizlin duşuşmak näme üçin howply?
Jessika iki oduň arasynda galdy. Sebäbi klasdaşy Jeremi oňa söz aýdypdy. Jessika şeýle gürrüň berýär: «Ol örän görmegeý oglan, joralarymam „şondan gowy oglan tapmarsyň“ diýýärdiler. Gyzlaryň köpüsi onuň bilen tanyşasy gelýärdi, ýöne Jeremi olara seredenokdam. Ol diňe meni gowy görýär».
Jeremi biraz wagtdan soň, Jessikany duşuşyga çagyrýar. Ýöne Jessika oňa özüniň Ýehowanyň Şaýadydygyny we ynançlary deň gelmeýän adam bilen duşuşyp bilmeýändigini aýdýar. Jessika şeýle diýýär: «Ýöne Jeremide başga bir pikir döredi. Ol: „Gel, onda ene-ataňa bildirmän duşuşaly“ diýdi».
SAŇA-DA biri şeýle teklip etse, näme jogap bererdiň? Jessikanyň onuň teklibini kabul edendigine haýran galsaň gerek. Ol: «Jeremi bilen duşuşsam, oňa Ýehowany söýmegi öwrederin diýip pikir edýärdim» diýýär. Olara näme bolandygyny biraz soň bileris. Gel, ilki bilen, käbirleriniň nädip duzaga düşüp, gizlin duşuşyp başlandygyny bileli.
Näme üçin gizlin duşuşýarlar?
Käbir ýaşlar näme üçin gizlin duşuşyp başlaýar? 23 ýaşly Deýwid: «Olar ene-atasynyň rugsat bermejekdigini bilýändigi üçin aýtmaýar» diýip düşündirýär. Jeýn atly gyz bolsa başga bir sebäbini şeýle belläp geçýär: «Ýaşlar hiç kimiň öňünde jogap bermäge borçly däldigini görkezmek üçin gizlin duşuşýar. Eger sen özüňi uly adam, ýöne ene-ataň çaga hasaplaýan bolsa, onda „islänimi etjek, ene-atama hasap bermäge borçly däl“ diýýänsiň».
Käbirleriniň gizlin duşuşmagynyň başga sebäplerini bilýän bolsaň, olary aşakdaky boş ýere ýaz:
․․․․․
Sen Ýazgylardaky ene-ataňa gulak asmaly diýen tabşyrygy bilýän bolsaň gerek (Efesliler 6:1). Ýöne olar saňa duşuşmaga rugsat bermeýän bolsalar, onuň degerli sebäbi bardyr. Galyberse-de, sende şeýle pikirler dörese geň galma:
● Özümi durmuşdan yza galýan ýaly duýýaryn. Sebäbi menden başga hemmeler söýüşýär.
● Men köplenç ynançlarymyz deň gelmeýänleri gowy görýärin.
● Maňa durmuş gurmaga entek ir bolsa-da, imandaşlarymyň biri bilen duşuşasym gelýär.
Ýokarda agzalanlar babatda ene-ataň näme diýjegini bilýänsiň. Aslynda, ene-ataň aýdýanlarynyň dogrudygyna düşünýänsiň. Ýöne şol bir wagtda, sen Manami atly gyz ýaly şeýle pikir edýän bolmagyň ahmal: «Duşuşmak islegi gaty güýçli bolýar weli, käwagt entek duşuşmaryn diýen pikirimden dänerin öýdüp gorkýaryn. Şu günler ýaşlar üçin söýüşmezlik akyla sygjak zat däl. Onsoňam, ýeke bolmak içgysgynç». Şeýle ýagdaýda ýaşlar ene-atasyndan gizlin duşuşyp başlaýar. Nädip?
«Bu hakda dil ýaraýmaň diýildi»
«Gizlin duşuşmaklyk» belli bir derejede ýalan sözlemegi aňladýar. Gizlin duşuşjak bolsaň, käte ýalan sözlemeli bolarsyň. Käbirleri telefonda ýa-da Internet arkaly gepleşip, köplenç söýüşýändiklerini gizleýärler. Köpçülikde olar dost ýaly, ýöne elektron poçta arkaly hat alşanlarynda, telefonda gepleşenlerinde we SMS ýazyşanlarynda özlerini düýbünden başgaça alyp barýarlar.
Gizlin duşuşýanlaryň ikiçäk galmak üçin mekirlik bilen ulanýan ýene bir usuly — oturylyşyk gurnamak. Jeýms şeýle diýýär: «Bir gezek bizi oturylyşyga çagyrdylar. Görüp otursam, bu söýüşýänleri duşuşdyrmak üçin gurnalypdyr. Bize bolsa bu hakda dil ýaraýmaň diýildi».
Köplenç dostlaryň kömegi bilen gizlin duşuşyp bolýandygyna Jeýms göz ýetirendigini aýdýar. Karl: «Bu barada köplenç dostlaryň diňe biri bilýär, ýöne olam munuň „gepçilere“ ýetmezligi üçin dymýar» diýýär. Käte bu göz-görtele ýalan sözlemeklige eltýär. 17 ýaşly Beti atly gyz şeýle diýýär: «Köpler duşuşýandygyny bildirmejek bolup, ene-atasyna ýalan sözläp, başga bir ýere barýandygyny aýdýar». 19 ýaşly Misaki hem şeýle edýän eken. Ol: «Men käte duşuşýandygymy gizlejek bolup, her dürli zatlary toslap tapardym. Ýöne ene-atamyň öňünde ynamdan gaçmazlyk üçin, mundan başga zatda dogrymy aýtmaga jan edýärdim» diýýär.
Gizlin duşuşmagyň howply taraplary
Eger sen gizlin duşuşasyň gelýän bolsa ýa-da eýýäm duşuşýan bolsaň, şu iki soragyň üstünde oýlan:
Munuň soňy näme bolar? Seniň şol adam bilen ýakynda durmuş gurjakdygyňa gözüň ýetýärmi? 20 ýaşly Ewan: «Durmuş gurmak niýetiň bolmasa-da duşuşsaň, bu satmajak zadyňy reklama eden ýalydyr» diýýär. Netijesi näme bolar? Süleýmanyň tymsallary 13:12-de: «Çykmadyk tama ýürege dertdir» diýilýär. Sen gowy görýän adamyň ýüregine ýara salardyňmy? Galyberse-de, gizlin duşuşsaň, ene-ataň we seniň aladaňy edýän ýakyn adamlaryň söýgi bilen bermek isleýän kömeginden ýüz öwürdigiň bolmazmy?! Bu bolsa seni ahlaksyzlygyň duzagyna düşürip biler (Galatýalylar 6:7).
Muňa Ýehowa nähili garaýar? Mukaddes Ýazgylarda: «Ähli zat onuň öňünde açyk hem aýdyňdyr, biz hem oňa jogap bermelidiris» diýilýär (Ýewreýler 4:13). Sen Ýehowadan hiç zat gizläp bilmersiň; ne öz duşuşýandygyňy, ne-de dostuňkyny. Eger ýalan sözlemeli bolsaň, Ýehowanyň ýalany ýigrenýändigi hakda çynlakaý oýlan. Şeýle-de «ýalançy dil» Hudaýyň ýigrenýän zatlary bilen bir hatarda agzalýar (Süleýmanyň tymsallary 6:16—19).
Ýalan sözlemegi bes et!
Sen gizlinlikde edýän zatlaryň hakda ene-ataňa ýa-da ruhy taýdan ösen mesihçä aýdyp bilersiň. Eger dostuň gizlin duşuşýan bolsa, oňa kömek etmek üçin dostuň edýän işlerini gizleme (1 Timoteos 5:22). Munuň soňy erbetlik bilen gutarsa özüňi nähili duýardyň? Muňa senem günäkär bolmazmydyň?
Oýlanyp gör: Eger dostuň süýji keseli bolsa we süýji zatlary gizlinlikde iýip, hiç kime aýtmazlygy haýyş etse näme ederdiň? Sen dostuň haýyşyny bitirerdiňmi ýa-da onuň saglygyny goramagyň aladasyny ederdiň?
Şunuň ýaly ýagdaý dostlaryňdan biri gizlin duşuşyp başlasa bolup biler. Dostuň bilen araň bozular diýip gorkma. Wagtyň geçmegi bilen, ol kömek etjek bolandygyňa düşüner (Zebur 141:5).
Gizlemekmi ýa-da şahsy durmuş?
Duşuşýandygyňy gizlemek hemişe ýalan sözledigiň däl. Meselem, ýaş gyz ýa-da oglan biri-birini gowy tanamak üçin duşuşyp başlaýar. Ýöne olar wagtlaýynça bu barada başgalara aýtmak islemeýär. Belki, olaram Tomas ýaly: «„Toýuňyz haçan?“ diýen soraglary gaýta-gaýta bermeklerini islemeýärin» diýip pikir edýändirler.
Başgalaryň berýän şeýle soraglary hatda zyýanly hem bolup bilýär (Nagmalar nagmasy 2:7). Şol sebäpli käbirleri ýaňy duşuşyp başlanda gürleşýändiklerini hemmelere aýtmaýar (Süleýmanyň tymsallary 10:19). 20 ýaşly Anna şeýle diýýär: «Bu bolsa duşuşýanlara ähli zat barada gepleşmäge mümkinçilik berýär. Olar, hakykatdanam, durmuş gurmak isleýändigine göz ýetirensoň, duşuşýandyklaryny arkaýyn aýdyp bilerler».
Şeýle-de duşuşýandygyňy ene-ataňdan gizlemek nädogry bolardy. Sebäbi olaryň bu barada bilmäge haky bar. Duşuşýandygyňy näme üçin açyk aýdyp bilmeýärsiň? Ene-ataň garşy boljakdygyny we munuň degerli sebäbiniň bardygyny bilýändigiň üçinmi?!
«Näme etmelidigime düşündim»
Babyň başynda agzalan Jessika özüniňki ýaly ýagdaýa düşen başga mesihçiler barada bilende, Jeremi bilen gizlin duşuşmagy bes etmeli diýen karara gelýär. Ol şeýle gürrüň berýär: «Bir uýanyň gizlin duşuşmagy bes edendigini eşidenimde, menem näme etmelidigime düşündim». Jessika üçin bu aňsat boldumyka? Ýok. Ol: «Jeremi meniň şu wagta çenli gowy gören ýeke-täk oglanym. Men birnäçe hepdeläp her gün aglapdym» diýýär.
Jessika Ýehowany söýýärdi. Ol az wagtlyk ýalňyşlyk goýberse-de, aslynda, dogry zady etmek isleýärdi. Wagtyň geçmegi bilen, aýralyk duýgusy geçýär. Jessika şeýle diýýär: «Häzir Ýehowa bilen dostlugym hasam berkedi. Onuň gerekli wagty görkezme berýändigine çäksiz minnetdar!»
Sen birini haladyň we onuň bilen duşuşmak isleýärsiň. Bir-biriňize mynasypdygyňyzy nädip bilmeli?
ESASY PIKIRLERI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR
«Ähli zatda özümizi dogruçyl alyp barmak isleýäris». Ýewreýler 13:18
MASLAHAT
Duşuşýandygyňyzy hemmelere «jar etmek» hökman däl. Ýöne ony bilmeli adamlardan, ýagny ene-ataňyzdan gizlemäň.
BILÝÄŇIZMI?
Ynam başgalar bilen gatnaşygyňy berkidýär. Gizlin duşuşsaň, ene-ataň ynamyndan gaçarsyň we duşuşýanyň bilen araň bozular.
SEN NÄME ETMEKÇI?
Bir mesihçi bilen gizlin duşuşyp başlasam, men...
Dostum (joram) gizlin duşuşyp başlasa, men...
Bu babatda ene-atamdan sorajak zatlarym:...
SEN NÄHILI JOGAP BERERSIŇ?
● 22-nji sahypadaky gara ýazylan sözlemlere göz aýla. Sen hem käte şeýle duýgulary başdan geçirýärmiň?
● Şeýle duýgulary gizlin duşuşman hem nädip ýeňip bolýar?
● Dostuň (joraň) gizlin duşuşýandygyny bilseň näme ederdiň we näme üçin?
[27-nji sahypadaky sitata]
«Men gizlin duşuşmagy bes etdim. Elbetde, ony her gün mekdepde görenimde maňa aňsat bolmaýardy. Ýöne Ýehowa hemme zady bizdenem gowy bilýär. Şonuň üçin diňe Ýehowa bil baglamaly» Jessika
[25-nji sahypadaky surat]
Dostuň gizlin duşuşýandygyny ýaşyrmak, süýji keselli adamyň süýji zatlary iýýändigini gizleýän ýalydyr
-
-
Ol maňa mynasyp ýanýoldaş bolup bilermi?Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, II tom
-
-
3-NJI BAP
Ol maňa mynasyp ýanýoldaş bolup bilermi?
Muny bilmek üçin aşakdaky soraglara jogap ber:
Geljekki ýanýoldaşyň nähili häsiýetleriniň bolmagyny isleýärsiň? Seniň üçin wajyp bolan zatlaryň dördüsini belle (✔).
□ Owadan □ Ruhy taýdan berk
□ Alçak □Ynamdar
□ Meşhur □ Ahlak taýdan arassa
□ Şadyýan □ Maksada okgunly
Ýetginjek wagtyň aşyk bolup görüpmidiň? Şol wagt seni has özüne çeken zatlaryň gapdalyna bellik goý (×).
ÝOKARDA getirilenleriň hiç birine erbet diýip bolmaz. Her biriniň gowy tarapy bar. Ýöne ýetginjek wagty aşyk bolanlar köplenç daş keşbe, ýagny ýokarda getirilenleriň çep tarapdakylaryna üns berýär.
Akylyň goýalyşdygyça, adamda has wajyp häsiýete, ýagny ýokarda getirilenleriň sag tarapdakylaryna köp üns berip başlaýarsyň. Meselem, wagtyň geçmegi bilen, öň owadan görýän gyzyň ynamdar däldigine, mekdepde bolsa meşhur hasaplanýan oglanyň ahlaksyzdygyna göz ýetirensiň. Emma jynsy höwesleriň güýçli bolýan döwri geçensoň, özüňe mynasyp ýanýoldaş saýlanyňda diňe daş keşbe üns bermersiň.
Ilki, özüňi tana
«Ol maňa mynasyp ýanýoldaş bolup bilermi?» diýen soraga jogap bermezden öň, özüňi gowy tanamaly. Munuň üçin şu soraglara jogap ber:
Meniň nähili gowy häsiýetlerim bar? ․․․․․
Meniň nähili gowşak taraplarym bar? ․․․․․
Men duýgy we ruhy taýdan nämä mätäç? ․․․․․
Özüňi tanamak aňsat däl. Ýöne ýokardaky soraglaryň üstünde oýlansaň, özüňi gowy tanap başlarsyň. Özüňi näçe gowy tanasaň, hemişe kemçilikleriňi görýän däl-de, gowy häsiýetleri ösdürmäge kömek edýän adamy tapyp bilersiňa. Şeýle adamy eýýäm tapdym diýip pikir edýän bolsaň näme etmeli?
Duş gelen adam gowy ýanýoldaş bolup bilermi?
«Seniň bilen tanşyp bolmazmyka?» Sen bu soragy berýän adamy göz öňünde tutup, oňa begenersiň ýa-da gaharlanarsyň. Aýdaly, sen onuň teklibini kabul edýärsiň. Ýöne onuň saňa mynasypdygyny nädip bilmeli?
Meselem, sen täze köwüş almak isleýärsiň. Bazara baranyňda, owadanja köwşe gözüň düşýär. Ony geýip görýärsiň welin, aýagyňy gysýar. Şeýle köwşi satyn alarsyňmy ýa-da başgasyny gözlärsiň? Elbetde, başgasyny gözlärsiň. Hiç bir adam aýagyny gysýan köwşi almasa gerek!
Ýanýoldaş saýlamaklygy hem şuňa meňzetse bolýar. Sen şu gün bir oglany (gyzy), ertir bolsa başgasyny halamagyň mümkin. Ýöne olaryň diňe biri saňa gowy ýanýoldaş bolup biler. Onsoňam sen häsiýetleriň we maksatlaryň gabat gelýän adam bilen durmuş gurmak isleýänsiň. Sebäbi sen onuň ýanynda özüňi rahat duýarsyň (Gelip çykyş 2:18; Matta 19:4—6). Sen şeýle adama duşduňmy? Eger duşan bolsaň, bir-biriňize mynasypdygyňyzy nädip bilmeli?
Ýüzleý seretme
Bir-biriňize mynasypdygyňyzy biler ýaly, şol oglany (gyzy) hemmetaraplaýyn synlamaly bolarsyň. Emma seresap bolmasaň, diňe öz görmek isleýän zadyňa üns bermegiň mümkin. Şonuň üçin karara gelmäge howlukma! Ony tanamak aňsat bolmasa-da, jan et. Meselem, sen ulag almakçy bolýarsyň. Sen ulagyň diňe daş görnüşine üns berersiňmi? Onuň motoryny gözden geçirseň dogry bolmazmy?!
Ýanýoldaş saýlamak maşyn saýlanyňdan has wajyp. Ýöne köpler duşuşýan döwri diňe daş keşbe üns berýär. Olar: «Ikimizem şol bir aýdymlary, güýmenjeleri halaýarys. Ähli zatda pikirimiz deň gelýär» diýip, diňe halaýan we gyzyklanýan zatlaryna üns berýärler. Ýokarda aýdylyşy ýaly, jynsy höwesleriň güýçli bolýan döwri geçensoň, adamyň diňe bir daş keşbine däl-de, häsiýetlerine üns berip başlarsyň. Sen onuň «ýüreginde» nämäniň bardygyny bilmeli (1 Petrus 3:4; Efesliler 3:16).
Mysal üçin, ylalaşýan däl-de, ylalaşmaýan zatlaryňyza köp üns bermeli. Ýagny söýüşýäniň düşünişmezlik dörände, aýdanyny etdirjek bolup gaharlanýarmy ýa-da «hapa sözleri» aýdýarmy? (Galatýalylar 5:19, 20; Koloslylar 3:8). Ol parahatlygy saklamak üçin Hudaýyň kada-kanunlaryna garşy gelmedik ýagdaýda eglişik edip, paýhasly hereket edýärmi? (Ýakup 3:17).
Ýene bir zat barada oýlanyp gör: Duşuşýanyň başgalaryň duýgusyny oýnaýarmy? Ol özdiýenli we gabanjaňmy? Her ädimiňi yzarlap ýöreýärmi? Nikola atly gyz şeýle diýýär: «Söýüşýänleriň köpüsi biri-birine „hasabat“ bermeýändigi üçin gaharlanyp, sähel zadyň üstünde sögüşýärler. Meniň pikirimçe, bu gowulygyň alamaty däl» (1 Korinfliler 13:4).
Ýokardaky soraglar duşuşýan adamyňy tanamaga kömek edýär. Ol hakda käbir zatlary bilseň gowy bolar. Meselem, başgalar ony nähili adam diýip tanaýar? Sen ony gowy tanaýan we tejribeli mesihçi bilen gürrüňdeş bolup bilersiň. Şeýdip, onuň «ýagşy adynyň bardygyna» ýa-da ýokdugyna göz ýetirersiň (Resullaryň işleri 16:1, 2).
Aşakdaky boş ýerlere ol barada bilýän zatlaryňy ýazsaň, ony has gowy tanarsyň.
Häsiýetleri ․․․․․
Özüni alyp barşy ․․․․․
Abraýy ․․․․․
Şeýle-de «Ol maňa gowy är bolup bilermi?» (sah. 39) ýa-da «Ol maňa gowy aýal bolup bilermi?» (sah. 40) diýen çarçuwa seret. Ol ýerdäki soraglar duşuşýanyň saňa mynasypdygyny ýa-da däldigini bilmäge kömek eder.
Sen onuň özüňe mynasyp däldigine göz ýetirýärsiň. Şonda näme etmeli?
Duşuşmagy bes etmelimi?
Käte duşuşmagy bes etmek peýdaly bolýar. Geliň, Julia bilen bolan waka seredeliň. Ol şeýle gürrüň berýär: «Başda men söýüşýänimiň her ädimimi — nirede, kim bilen we näme iş edýändigimi soraýanyna begenýärdim. Ýöne soňabaka özünden başga hiç kim bilen gatnaşdyrman başlady. Hatda ol meni öýümdäkilerden, hasam kakamdan gabanýardy. Duşuşmagy bes edenimde, egnimden agyr ýük aýrylan ýaly boldy».
Sara-da şeýle ýagdaýa düşüpdi. Ol söýüşýäni Jonyň kemsidýändigine, gödekdigine we ýaranyp bolmaýandygyna üns berýär. Sara şeýle diýýär: «Bir gezek Jon üç sagat gijä galyp geldi. Gapyny ejem açdy. Ol ejem bilen salamlaşman, göni öýe girip: „Ýör, biz gijä galýas“ diýdi. Ol: „Men gijä galdym“ diýmän, gaýtam, „biz gijä galýas“ diýdi. Jon gijä galandygy üçin ötünjem soramady, sebäbini hem düşündirmedi. Iň erbedem, ol ejemi sylamady». Elbetde, ýekeje ýalňyşlyk üçin duşuşmagy bes etmek nädogry bolar (Zebur 130:3). Ýöne Sara Jonyň bir gezek ýalňyşyp gödeklik edendigi üçin däl-de, aslynda, häsiýetiniň şeýledigi üçin duşuşmagy bes edýär.
Sen hem Julia bilen Sara ýaly duşuşýanyň mynasyp däldigine düşünseň näme edersiň? Şeýle ýagdaýda özüňi aldama! Kyn bolsa-da, duşuşmagy bes etseň gowy bolar! Süleýmanyň tymsallary 22:3-de: «Paýhasly adam bela-beteri görüp gizlenýändir» diýilýär. Söýüşýäniňde göz ýummaly däl zatlaryň (sah. 39, 40) hatda birini görseň-de, özgerişlik edýänçä onuň bilen duşuşmasaň gowy bolar. Dogrudanam, bu aňsat bolmaz. Ýöne durmuş guran adamyň bilen bir ýa iki gün däl, ömürlik ýaşamaly. Bütin ömrüňe ökünip, «ah çekip» ýöreniňden, häzir az wagtlaýyn ejir çekeniň gowudyr!
Muny nädip aýtmaly?
Duşuşmagy bes etmek isleýändigiňi nädip aýtmaly? Ilki bilen, nirede we nädip aýtmalydygy hakda oýlan. Munuň üçin, özüňi onuň ýerine goýup gör (Matta 7:12). Sen onuň ýerine bolsaň bu hakda köpçülikde aýdylmagyny islärmidiň? Elbetde, ýok. Duşuşmagy bes etmek isleýändigiňi degerli sebäp bolmasa, telefon, ses ýazgy, SMS ýa-da elektron poçta arkaly aýtmasaň gowy bolar. Gaýtam, amatly wagty we ýeri saýlap, onuň bilen gepleş.
Nämeden başlamaly? Pawlus resul mesihçilere biri-biriňize «dogryňyzy» aýdyň diýip maslahat berdi (Efesliler 4:25). Şol sebäpli oňa duşuşmak islemeýändigiňi sypaýyçylyk bilen aýt. Onuň saňa näme sebäpden mynasyp däldigini düşündir. Ýöne ony kemsidip, ýalňyşyny birin-birin ýüzüne basma. «Sen hemişe...» ýa «Sen hiç haçan...» diýmegiň deregine, «Men... ýaşamak isleýärin» ýa-da «Duşuşmagymyzy bes etmeli. Sebäbi...» diýip, duýgularyň barada aýt.
Häzir ýaýdanmagyň ýa-da başgalary diňlemegiň wagty däl. Duşuşmagy näme üçin bes edýändigiňi ýatdan çykarma. Söýüşýäniň seni eýdip-beýdip pikiriňden dändirjek bolsa, ony diňleme. Lora atly gyz şeýle gürrüň berýär: «Duşuşmagy bes edenimde, ol oglan meniň ýüregim awasyn diýip, göwnüçökgünlige düşensirän bolup başlady. Oňa gaty gynansam-da, gelen kararymdan dänmedim». Sen hem Lora ýaly isleýän zadyňy bilip, gelen kararyňdan dänme. Goý, «ýok» diýeniň «ýok» bolsun! (Ýakup 5:12).
Bes edeniňden soň
Duşuşmagy bes eden wagtlaryň özüňi erbet duýmagyň mümkin. Hatda özüňi: «Egildim, iki büküldim; bütin gün ýasly gezýärin» diýen mezmurçy ýaly duýarsyň (Zebur 38:6). Käbir dostlaryň bolsa gowulyk isläp, oňa ýene bir mümkinçilik ber diýerler. Şonuň üçin seresap bol! Gelen kararyň netijesini dostlaryň däl-de, özüň görersiň. Bolan zatlara gynansaňam, gelen kararyňdan dänme.
Duşuşmagyňy bes edeniňden soň döreýän duýgular wagtyň geçmegi bilen aýrylýar. Şeýle duýgulary ýeňmek üçin näme edip bilersiň?
Meselem, ynamdar dostuňa duýgularyňy aýtb (Süleýmanyň tymsallary 15:22). Ýehowa Hudaýa doga edip, ýüregiňi dök (Zebur 55:22). Ýagşy işleri et (1 Korinfliler 15:58). Başgalardan özüňi çetde tutma (Süleýmanyň tymsallary 18:1). Seni ruhlandyrjak adamlar bilen gürrüňdeş bol. Gowy zatlar barada oýlanmaga jan et (Filipililer 4:8).
Wagtyň geçmegi bilen, sen özüňe mynasyp ýanýoldaş boljak adama duşarsyň. Şeýle-de bu gezek sen has paýhasly hereket edersiň. Mümkin, şonda «Ol maňa mynasyp ýanýoldaş bolup bilermi?» diýen soraga, hawa diýip jogap berersiň.
ŞU TEMA BARADA KÖPRÄK BILMEK ÜÇIN I TOMUŇ 31-NJI BABYNA SERET
Söýşüp başlan bolsaň, araňyzda näçeräk çäk goýmaly?
[Çykgytlar]
a Özüňi gowy tanamak üçin, şu kitabyň I babyndaky «Durmuş gurmaga taýynmy?» diýen sözbaşydaky soraglara seret.
b Saňa ene-ataň ýa-da uly ýaşly adamlar, meselem, ýygnak ýaşululary kömek edip biler. Olaryň hem ýaş wagty şeýle zatlary başyndan geçirendigine göz ýetirersiň.
ESASY PIKIRLERI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR
«Işi sapmy, dogrumy ýa dälmi, çaga-da öz edenleri bilen tanalýandyr». Süleýmanyň tymsallary 20:11
MASLAHAT
Onuň häsiýetlerini bilmäge kömek edýän zatlar:
● Hudaýyň Sözüni bile öwrenmek.
● Ýygnakda we wagyzda özüni alyp barşyny synlamak.
● Ýygnak jaýyny arassalamaga we gurluşyk işlerine bile gatnaşmak.
BILÝÄŇIZMI?
Geçirilen barlaglara görä, dini ynançlary deň gelmeýän adamlar durmuş gursa, köplenç aýrylyşýar.
SEN NÄME ETMEKÇI?
Imandaşym bolmadyk adamy halasam, men...
Duşuşýanym barada bilmek üçin, men başgalardan...
Bu babatda ene-atamdan sorajak zatlarym:
SEN NÄHILI JOGAP BERERSIŇ?
● Saňa geljekki maşgalaňy bagtly etmäge haýsy häsiýetler kömek eder?
● Ýanýoldaşyňda, esasan, haýsy häsiýetleriň bolmagyny isleýärsiň?
● Imandaşyň bolmadyk adam bilen durmuş gursaň nähili kynçylyklar ýüze çykyp biler?
● Duşuşýanyň häsiýetlerini, özüni alyp barşyny we başgalaryň ol barada nähili pikirdedigini bilmek üçin näme edip bilersiň?
[37-nji sahypadaky sitata]
«Söýüşýäniň öýündäkiler bilen özüni nähili alyp barýan bolsa, seniň bilen hem şeýle alyp barar» Toni
[34-nji sahypadaky çarçuwa]
«Imansyzlar bilen bir boýuntyryga girmäň»
Mukaddes Ýazgylarda: «Imansyzlar bilen bir boýuntyryga girmäň» diýilýär. Sen 2 Korinfliler 6:14-däki bu prinsipe gowy düşünýän bolsaň gerek. Ýöne şonda-da ynançlaryň deň gelmeýän adamy gowy görmegiň mümkin. Näme üçin? Köplenç adamyň daş keşbi ýa-da alçaklygy seni özüne çekýändir. Mark atly oglan şeýle diýýär: «Men ol gyzy hemişe bedenterbiýe sapagynda görýärdim. Onuň özi meniň ýanyma gelip gepleşýärdi. Ol gyz bilen gürleşmezlik mümkin däldi».
Sen özüňi gowy tanap, ynançlaryňa berk iman edýän we duýgularyňa erk etmegi başarýan bolsaň, näme etmelidigini bilmän, ýaýdanyp durmarsyň. Ol owadan, alçak we dogruçyl görünýänem bolsa, saňa Hudaý bilen dostlugyňy berkitmäge kömek edip bilmez (Ýakup 4:4).
Emma şol adama aşyk bolup, ýüregiňi beren bolsaň, onuň bilen araňy üzmek aňsat bolmaz. Muňa Sindi atly gyz göz ýetiripdi. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men ony ýatlap her gün aglaýardym. Ýatsam-tursam, hatda ýygnakda-da pikirim diňe şol hakdady. Ony şeýle bir söýýärdim welin, ýitirenimden ölenimi gowy görýärdim». Emma Sindiniň ejesi imandaşy bolmadyk oglan bilen söýüşmegine garşydygyny aýdýar. Wagtyň geçmegi bilen, ol ejesiniň aýdýanlarynyň dogrudygyna düşünýär. Sindi: «Onuň bilen duşuşmagymy bes edenim gowy boldy. Ýehowanyň aladamy etjekdigine birjikde şübhelenmeýärin» diýýär.
Senem Sindiniňki ýaly ýagdaýa düşen bolsaň, ýeke özüň ýeňjek bolma! Bu hakda ene-ataňa aýt. Mekdepde bir gyza aşyk bolan Jim: «Bir gyzy gowy görendigimi ene-atama ahyry aýtdym. Olaryň beren maslahaty duýgularymy ýeňmäge kömek etdi» diýýär. Bu meselede ýygnak ýaşululary hem kömek edip biler. Olaryň birine nähili duýgulary başdan geçirýändigiňi aýdyp bilersiň (Işaýa 32:1, 2).
[39-njy sahypadaky surat]
Bellik depderçäm
Ol maňa gowy är bolup bilermi?
Üns bermeli zatlar
◻ Erk-ygtyýaryndan peýdalanyp agalyk edýärmi? (Matta 20:25, 26).
◻ Onuň nähili maksatlary bar? (1 Timoteos 4:15).
◻ Şol maksatlaryna ýetmek üçin häzirden jan edýärmi? (1 Korinfliler 9:26, 27).
◻ Maşgala agzalaryna hormat goýýarmy? (Müsürden çykyş 20:12).
◻ Kimler bilen dostlaşýar? (Süleýmanyň tymsallary 13:20).
◻ Köplenç näme hakda gürrüň edýär? (Luka 6:45).
◻ Puly söýýärmi? (Ýewreýler 13:5, 6).
◻ Dynç alşyň haýsy görnüşlerini gowy görýär? (Zebur 97:10).
◻ Ýehowany söýýändigini nädip görkezýär? (1 Ýahýa 5:3).
Gowy taraplary
◻ Zähmetsöýermi? (Süleýmanyň tymsallary 6:9—11).
◻ Puly tygşytly sowýarmy? (Luka 14:28).
◻ Ol barada başgalar näme diýýär? (Resullaryň işleri 16:1, 2).
◻ Başgalaryň aladasyny edýärmi? (Filipililer 2:4).
Göz ýummaly däl zatlar
◻ Gaharjaňmy? (Süleýmanyň tymsallary 22:24).
◻ Seni haýasyz işleri etmäge yrjak bolýarmy? (Galatýalylar 5:19).
◻ Başgalary kemsidýärmi ýa-da güýç ulanýarmy? (Efesliler 4:31).
◻ Ol wagtyny gowy geçirmek üçin hökman spirtli içgileri içmelimi? (Süleýmanyň tymsallary 20:1).
◻ Gabanjaň we özüni bilýän adammy? (1 Korinfliler 13:4, 5).
[40-njy sahypadaky surat]
Gönükme
Ol maňa gowy aýal bolup bilermi?
üns bermeli zatlar
◻ Ol öýde we ýygnakda tabyn bolýandygyny görkezýärmi? (Efesliler 5:21, 22).
◻ Maşgala agzalaryna hormat goýýarmy? (Müsürden çykyş 20:12).
◻ Joralary kim? (Süleýmanyň tymsallary 13:20).
◻ Köplenç näme hakda gürrüň edýär? (Luka 6:45).
◻ Puly söýýärmi? (1 Ýahýa 2:15—17).
◻ Onuň nähili maksatlary bar? (1 Timoteos 4:15).
◻ Şol maksatlaryna ýetmek üçin häzirden jan edýärmi? (1 Korinfliler 9:26, 27).
◻ Dynç alşyň haýsy görnüşlerini gowy görýär? (Zebur 97:10).
◻ Ýehowany söýýändigini nädip görkezýär? (1 Ýahýa 5:3).
Gowy taraplary
◻ Zähmetsöýermi? (Süleýmanyň tymsallary 31:17, 19, 21, 22, 27).
◻ Puly tygşytly sowýarmy? (Süleýmanyň tymsallary 31:16, 18).
◻ Ol barada başgalar näme diýýär? (Rut 3:11).
◻ Başgalaryň aladasyny edýärmi? (Süleýmanyň tymsallary 31:20).
Göz ýummaly däl zatlar
◻ Dawaçylmy? (Süleýmanyň tymsallary 21:19).
◻ Seni haýasyz işleri etmäge yrjak bolýarmy? (Galatýalylar 5:19).
◻ Başgalary kemsidýärmi ýa-da el göterýärmi? (Efesliler 4:31).
◻ Ol wagtyny gowy geçirmek üçin hökman spirtli içgileri içmelimi? (Süleýmanyň tymsallary 20:1).
◻ Gabanjaň we diňe özüni bilýärmi? (1 Korinfliler 13:4, 5).
[30-njy sahypadaky surat]
Islendik köwşüň aýagyňa laýyk bolmaýşy ýaly, duş gelen adam hem gowy ýanýoldaş bolup bilmez
[31-nji sahypadaky surat]
Maşyn alanyňda diňe daşyna seretmeýşiň ýaly, ýanýoldaş saýlanyňda hem diňe daş keşbine seretme!
-