Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Sabat güni ýagşylyk etmek bolýarmy?
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
    • Isa «Besaza» howzundaky ýarawsyz adama tur diýýär

      29-NJY BAP

      Sabat güni ýagşylyk etmek bolýarmy?

      ÝAHÝA 5:1—16

      • ISA PYGAMBER ÝAHUDADA WAGYZ EDÝÄR

      • OL SUW HOWDANYNYŇ ÝANYNDA ÝARAWSYZ ADAMY SAGALDÝAR

      Isa pygamber Jelilede gulluk eden wagty köp işleri etdi. Emma ol Jelileden başga ýerlerde-de wagyz etmelidigini bilýärdi. Şonuň üçin ol: «Men Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary başga şäherlere-de yglan etmeli» diýipdi. Şeýdip, ol «Ýahudanyň sinagogalaryna wagyz etmäge gidýär» (Luka 4:43, 44). Sebäbi bahar paslydy we Iýerusalimde geçiriljek baýram golaýlaşýardy.

      Injiliň dört Hoş habarynda Isanyň Ýahudadaky eden işlerine garanyňda, Jelilede eden gullugy barada has köp aýdylýar. Ýahudada Isanyň aýdýan habaryna adamlaryň köpüsi biperwaý garasalar-da, ol erjellik bilen wagyz etmegini we ýagşylyk etmegini dowam edýärdi.

      B. e. 31-nji ýylynda Isa Pasha baýramyna gatnaşmak üçin, Ýahudanyň paýtagty Iýerusalim şäherine ýola düşýär. «Goýun derwezesi» diýilýän ýeriň golaýynda köp adamlar üýşýärdi. Şol ýerde daş-töweregi sütünlerden ybarat bolan «Besaza» atly suw howdany bardy. Ol ýere syrkaw, kör, maýyp we el-aýagy ysmaz birgiden adamy getirýärdiler. Näme üçin? Sebäbi köp adamlar suw çaýkananda, howdana giren syrkaw sagalýar diýip ynanýardy.

      Isa Sabat güni howdanyň ýanynda 38 ýyldan bäri ýarawsyzlykdan ejir çekýän bir adamy görýär. Isa ondan: «Sagalasyň gelýärmi?» diýip soraýar. Ol adam: «Agam, howdandaky suw tolkun atanda, onuň içine girmäge maňa hiç kim kömek etmeýär. Özüm turup barýançam bolsa, menden öň oňa başga biri girýär» diýýär (Ýahýa 5:6, 7).

      Isa oňa: «Tur! Düşegiňi al-da, ýöre» diýýär. Bu sözler syrkawy we şol ýerdäki adamlary haýran galdyran bolmaly (Ýahýa 5:8). Ýarawsyz adam onuň aýdyşy ýaly hem edýär. Ol şol bada sagalyp, düşegini alýar-da, ýöräp başlaýar!

      Isa «Besaza» howzundaky ýarawsyz adama tur diýýär

      Ýehudylar ol adamy görende, onuň sagalandygyna begenmegiň deregine, gaýtam, ony ýazgaryp: «Bu gün Sabat güni, kanuna görä sen düşegiňi götermeli däl» diýýärler. Ol adam şeýle jogap berýär: «Sagaldan adam maňa „Düşegiňi al-da, ýöre“ diýdi» (Ýahýa 5:10, 11). Heý-de, adamy Sabat güni syrkawy sagaldany üçin ýazgaryp bolarmy?!

      Ýehudylar sagalan adamdan «Düşegiňi al-da, ýöre» diýen adamyň kimdigini bilmek isleýärler. Näme üçin? Sebäbi «Isa märekäniň içinde gözden ýitipdi» (Ýahýa 5:12, 13). Sagalan adam onuň Isadygyny bilmeýärdi. Emma ol biraz wagtdan ybadathanada Isa Mesihe ýene-de duşýar. Şonda ol özüni sagaldan adamyň Isadygyny bilýär.

      Soňra ol ýehudylaryň ýanyna baryp, özüni sagaldan adamyň Isadygyny aýdýar. Olar muny bilensoň, Isanyň ýanyna gidýärler. Ýehudylar onuň şeýle gudratlary nädip edýändigini biljek boldularmyka? Ýok, olar Sabat güni ýagşylyk eden Isany günäkärlejek bolýarlar. Olar hatda Isany yzarlap hem başlaýarlar!

      • Isa Ýahuda näme üçin gidýär we ol ýerde näme edýär?

      • Adamlar «Besaza» suw howdanyna näme üçin barýardy?

      • Isa pygamber suw howdanynyň ýanynda nähili gudrat görkezýär we käbir ýehudylar muňa nähili garaýar?

  • Isa pygamber — Hudaýyň ogly
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
    • Ýehudylar Isany Sabat güni ýagşylyk edip, Hudaýyň tabşyrygyny bozmakda aýypladylar

      30-NJY BAP

      Isa pygamber — Hudaýyň ogly

      ÝAHÝA 5:17—47

      • HUDAÝ — ISANYŇ ATASY

      • HUDAÝ DIRELIŞI WADA BERÝÄR

      Ýehudylar Isany Sabat güni ýarawsyz adamy sagaldandygy üçin günäkärlände, ol: «Meniň Atam henize çenli işläp ýör, Men hem işleýärin» diýip jogap berýär (Ýahýa 5:17).

      Isa pygamberiň eden işi Hudaýyň Sabat güni barada beren tabşyrygyna garşy gelmeýärdi. Aslynda, Isa wagyz edip we adamlary sagaldyp, Hudaýyň göreldesine eýerýärdi. Şonuň üçin ol adamlara her gün ýagşylyk edýärdi. Isanyň aýdan sözlerine ýehudylar öňküdenem beter gaharlanyp, ony öldürmegiň küýüne düşýärler. Olar näme üçin beýle gaharlandylarka?

      Olaryň pikirine görä, Isa Sabat güni syrkawlary sagaldyp nädogry iş edýär. Indi bolsa onuň özüne Hudaýyň Ogly diýmegine hasam gaharlanýarlar. Isa Ýehowa Atam diýende, ýehudylar ol özüni Hudaý bilen deňäp, oňa dil ýetirýär diýip pikir edýärler. Emma Isa olara Hudaý bilen aýratyn gatnaşygynyň bardygyny görkezmek üçin: «Ata Ogluny söýýändir we oňa ähli edýän zatlaryny görkezýändir» diýip, çekinmän aýdýar (Ýahýa 5:20).

      Ýaşaýşyň Gözbaşy Ýehowa geçmişde käbir pygamberler arkaly ölen adamlary direldipdi. Isa pygamber: «Atanyn ölen adamlary direldip, olara ýaşaýyş berişi ýaly, Ogul hem islän adamyna ýaşaýyş berýär» diýýär (Ýahýa 5:21). Bu sözler direlişe bolan umydymyzy has-da berkidýär. Hudaýyň Ogly häzirem adamlary ruhy taýdan direldýär. Şol sebäpli ol: «Meniň sözümi diňläp, Meni Iberene iman edýän adam ebedi ýaşaýşa gowşar. Ol höküm edilmän, gaýtam, ölümden ýaşaýşa geçendir» diýýär (Ýahýa 5:24).

      Mukaddes Ýazgylarda Isanyň şol wagta çenli kimdir birini direldendigi barada hiç zat aýdylmasa-da, ol ýehudylara adamlary gelejekde direltjekdigini aýdýar. Ol: «Gabyrda ýatanlaryň ählisiniň onun sesini eşitjek wagty ýetip gelýär. Ýagşy iş edenler ýaşamak üçin, erbet iş edenler höküm üçin direler» diýýär (Ýahýa 5:28, 29).

      Hawa, Isa gelejekde Hudaýyň bellän kazysy hökmünde hereket eder we ölüleri direlder. Muňa garamazdan, ol Ýehowa tabynlygyny görkezip: «Men hiç zady öz-özümden edýän däldirin... öz islegimi däl-de, meni iberen Atamyň islegini berjaý etmek isleýärin» diýýär (Ýahýa 5:30). Emma Isa Hudaýyň niýetinde özüniň ähmiýetli ornunyň bardygyny hem aýdýar. Ýehudylar bu zatlar barada diňe onuň özünden eşitmändi. Isa pygamber olara ýatladyp: «Siz (suwa çümdirýän) Ýahýanyň ýanyna adam iberipdiňiz, onuň men hakda eden şaýatlygy hakykatdyr» diýýär (Ýahýa 5:33).

      Iki ýyl mundan öň suwa çümdürýän Ýahýa ýehudy dini ýolbaşçylaryna özünden soň Biriniň geljekdigini we oňa «Pygamber» ýa-da «Mesih» diýiljekdigini aýdypdy. Muny Isany günäkärleýän ýehudylar hem eşiden bolmaly (Ýahýa 1:20—25). Isa olara häzir türmede oturan Ýahýa birmahal hormat goýandyklaryny ýatladyp: «Siz hem onuň ýagtylygynda az wagtlyk şatlanmak islediňiz» diýýär (Ýahýa 5:35). Emma ol suwa çümdürýän Ýahýadan hem has köp subutnama getirýär.

      «Mende Atamyň iberendigini görkezýän has uly subutnama bar. Atamyň tabşyran işlerini (ýarawsyz adamy sagaldandygy hem) ýerine ýetirýändigimiň özi-de meni Onuň iberendigine şaýatlyk edýär. Meni iberen Atamyň özi-de men hakda şaýatlyk etdi» (Ýahýa 5:36, 37). Dogrudan-da, Isa suwa çümdürilende, Hudaý ol barada güwälik edipdi (Matta 3:17).

      Elbetde, Isa pygamberi günäkärleýän ýehudylary ony inkär edendigi üçin aklap bolmaýar. Sebäbi olarda Mesih barada şaýatlyk edýän Mukaddes Ýazgylar bardy. Isa sözüni şeýle jemleýär: «Siz Musa ynanan bolsadyňyz, onda maňa-da ynanardyňyz, sebäbi ol men hakda ýazypdy. Siz onuň ýazanlaryna ynanmaýan bolsaňyz, onda meniň aýdýanlaryma nädip ynanjak?» (Ýahýa 5:46, 47).

      • Näme üçin Isa pygamber Sabat güni ýagşylyk edip, Hudaýyň tabşyrygyny bozmady diýse bolar?

      • Isa Hudaýyň niýetinde ähmiýetli ornunyň bardygyny nädip görkezýär?

      • Isanyň Hudaýyň Ogludygyny görkezýän nähili subutnamalar bar?

  • Sabat güni bugday başlaryny ýolsa bolýarmy?
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
    • Şägirtler Isadan Sabat güni bugdaý başlaryny ýolsa bolýarmy diýip soradylar

      31-NJI BAP

      Sabat güni bugdaý başlaryny ýolsa bolýarmy?

      MATTA 12:1—8; MARKUS 2:23—28; LUKA 6:1—5

      • ISANYŇ ŞÄGIRTLERI SABAT GÜNI BUGDAÝ BAŞLARYNY ÝOLÝARLAR

      • ISA PYGAMBER «SABAT GÜNÜNIŇ HOJAÝYNYDYR»

      Ýaz aýlarydy. Ekin meýdanlaryndaky bugdaý ýetişipdi. Isa şägirtleri bilen demirgazykda ýerleşýän Jelilä tarap ýola düşýär. Şägirtler ajygansoň, bugdaý başlaryny ýolup iýýärler. Emma ol gün Sabat günüdi, fariseýler hem muny görýärler.

      Ýadyňyza düşýän bolsa, ýaňy-ýakynda Iýerusalimdäki käbir ýehudylar Isany Sabat gününiň düzgünini bozandygy üçin ýazgaryp, öldürjek boldular. Emma häzir fariseýler Isanyň şägirtleriniň eden işini aýyplap: «Seret, seniň şägirtleriň Sabat güni iş edip, Kanuny bozýarlar» diýýär (Matta 12:2).

      Fariseýler bugdaý başyny ýolup, ony elde owratmagy hasyly ýygnamak we ony döwmek bilen deňeýärdiler (Müsürden çykyş 34:21). Aslynda, Sabat gününde adamlar şatlanyp, ruhy işleri etmelidiler. Emma olaryň talap edijiliginden ýaňa Sabat güni adamlar üçin agyr ýük bolýardy. Ýehowa Hudaý ol güni adamlara ýük bolmagy üçin girizmändi. Şol sebäpli Isa olaryň nädogry garaýşyny görkezmek üçin iki sany mysal getirýär.

      Olaryň biri Dawut patyşa bilen onuň esgerleri baradaky mysal. Olar ajyganda mukaddes çadyra baryp, Hudaýa hödür edilen çöreklerden iýýärler. Şol çörekler eýýäm Ýehowanyň huzuryndan alnyp, ýerine gyzgyn çörekler goýlupdy. Adatça, şeýle çörekler ruhanylara berilýärdi. Ýöne Dawut we onuň adamlary eden işi üçin ýazgarylmady, sebäbi olar kyn ýagdaýa düşüpdi (Lewiler 24:5—9; 1 Şamuwel 21:1—6).

      Isa pygamber ikinji mysalyny getirip: «Sabat güni ruhanylar ybadathanada işleseler-de, olaryň ýazyksyz hasaplanýandyklary barada okamadyňyzmy?» diýýär. Ol ruhanylaryň hatda Sabat güni hem gurbanlyk üçin mallary soýýandygy we ybadathanadaky beýleki işler bilen meşgul bolýandygy barada aýtjak boldy. Isa sözüni dowam edip: «Emma men size diýýärin, bu ýerde ybadathanadan hem uly biri bardyr» diýýär (Matta 12:5, 6; Sanlar 28:9).

      Isa aýdan sözlerini tassyklamak üçin Mukaddes Ýazgylara salgylanýar-da: «Eger siz „Men gurbanlyk däl-de, rehimdarlyk isleýärin“ diýen sözleriň manysyna düşünýän bolsadyňyz, onda bigünä adamlary ýazgarmazdyňyz» diýýär. Soňra ol: «Sebäbi Ynsan ogly Sabat gününiň Hojaýynydyr» diýip, sözüni jemleýär. Şeýle diýmek bilen, Isa Hudaýyň Patyşalygynda müň ýyl höküm sürjekdigini görkezýär (Matta 12:7, 8; Hoşea 6:6).

      Adamzat asyrlar boýy Şeýtanyň goly astynda bolýan zorlugyň we köp sanly uruşlaryň getirýän erbet netijesinden ýaňa ejir çekip gelýär. Emma Isa Mesihiň hökümdarlygy astyndaky beýik Sabat güni hemişelik parahatlyk getirer. Biz hem şol güne sabyrsyzlyk bilen garaşýarys!

      • Fariseýler Isanyň şägirtlerini nämede aýyplaýarlar we näme üçin?

      • Isa fariseýleriň garaýşyny nädip düzedýär?

      • Isa haýsy manyda «Sabat gününiň Hojaýyny»?

  • Sabat güni näme etse bolýar?
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
    • Isa eli guran adamy sagaldýar

      32-NJI BAP

      Sabat güni näme etse bolýar?

      MATTA 12:9—14; MARKUS 3:1—6; LUKA 6:6—11

      • ISA PYGAMBER SABAT GÜNI BIR ADAMYŇ ELINI SAGALDÝAR

      Bir gezek Isa Sabat güni sinagoga barýar. Bu waka Jelilede bolan bolmaly. Ol ýerde sag eli ysmaz bir adam bardy (Luka 6:6). Kanunçylar bilen fariseýler Isadan gözüni aýyrman seredýärdiler. Olar Isadan: «Kanun boýunça Sabat güni syrkaw adamy sagaltsa bolýarmy?» diýip soraýar. Bu sorag olaryň ýüreklerindäki niýetini aýan edýärdi (Matta 12:10).

      Dini ýolbaşçylaryň aýtmagyna görä, Sabat güni adamy diňe bir ýagdaýda, ýagny onuň janyna howp abananda sagaltmak bolýar. Meselem, Sabat güni çykan süňki ýerine salmak ýa-da bedeniň bir ýerine agram düşüp agyranda, ony daňmak gadagandy. Sebäbi şeýle ýagdaýlar adamyň saglygy üçin onçakly zyýanly däldi. Hawa, kanunçylar bilen fariseýler sorag berenlerinde, ejir çekýän adama duýgudaşlyk bildirmek üçin däl-de, Isany aýyplamaga bahana gözleýärdiler.

      Emma Isa olaryň erbet niýetini bilýärdi. Ol kanunçylar bilen fariseýleriň Sabat güni gadagan edilen işler babatdaky garaýşynyň Mukaddes Ýazgylara esaslanmaýandygyna düşünýärdi (Müsürden çykyş 20:8—10). Olar öňem Isa pygamberi eden ýagşy işleri üçin sebäpsiz ýere tankytlapdylar. Häzir bolsa Isa olary has-da gazaplandyrjak işi edýär, ýagny eli guran adama: «Ýeriňden tur-da, orta çyk» diýýär (Markus 3:3).

      Isa kanunçylar bilen fariseýlere tarap öwrülip: «Siziň ýekeje goýnuňyz bolup-da, ol hem Sabat güni çukura gaçsa, ony çykarmazdyňyzmy?» diýýär (Matta 12:11). Goýun pula durýardy, şonuň üçin olar ony ertire çenli çukurda goýup gitmezdiler; sebäbi goýun ölse, eýesi zyýan çekerdi. Galyberse-de, Mukaddes Ýazgylarda: «Dogry adam malynyň janyny gaýgyrýandyr» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 12:10).

      Isa ýerlikli deňeşdirme getirip, sözüni şeýle dowam edýär: «Eýsem, adam goýundan has gymmatly dälmi näme?! Diýmek, Sabat güni ýagşy işleri etseň-de, Kanuny bozmaýarsyň» (Matta 12:12). Şol sebäpli Isa Sabat güni eli guran adamy sagaltsa, kanuny bozmazdy. Dini ýolbaşçylar Isa Mesihiň aýdan ýerlikli sözlerini inkär edip bilmediler. Şonuň üçin olardan ses-üýn çykmaýar.

      Isa daş-töwereginde duran kanunçylara we fariseýlere nägilelik bilen seredip, olaryň nädogry garaýşyna gynanýar. Soňra ol eli guran adama: «Eliňi uzat» diýýär (Matta 12:13). Ol adam elini uzadan badyna sagalýar. Onuň begenjiniň çägi ýokdy, emma Isa pygamberi sözünde tutjak bolýan dini ýolbaşçylar barada näme diýse bolar?

      Isa eli guran adamy sagaldýar

      Eli guran adamyň sagalandygyna begenmegiň deregine, fariseýler sinagogadan çykan badyna, «Hirodesiň tarapdarlary bilen» Isany öldürmek üçin dil düwüşýärler (Markus 3:6). Bu syýasy topara saddukeýler diýip atlandyrylýan dini toparyň agzalary hem degişlidi. Aslynda, saddukeýler bilen fariseýler bir-birine duşmandy, emma häzir olar Isa pygambere garşy çykmak üçin agzyny birikdirdiler.

      • Isa pygamber bilen ýehudy dini ýolbaşçylarynyň arasynda nähili çaknyşyk döreýär?

      • Dini ýolbaşçylaryň Sabat güni babatda nähili nädogry garaýşy bardy?

      • Isa Sabat güni baradaky nädogry garaýşy nädip ýalana çykarýar?

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş