-
Üzümçilik baradaky mysallarIsa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
-
-
106-NJY BAP
Üzümçilik baradaky mysallar
MATTA 21:28—46; MARKUS 12:1—12; LUKA 20:9—19
IKI OGUL BARADAKY MYSAL
ÜZÜMÇILIGIŇ BAGBANLARY HAKDAKY MYSAL
Isa ýaňyja ybadathanada ygtyýaryny şübhä goýan uly ruhanylary we halkyň ýaşulularyny çykgynsyz ýagdaýa saldy. Olar oňa aýdara söz tapmadylar. Soňra Isa olaryň nähili adamdygyny görkezmek üçin bir hekaýa gürrüň berýär:
«Bir adamyň iki çagasy bardy. Ol birinjisine: „Balam, şu gün gidip üzümçilikde işle“ diýýär. Ol bolsa: „Ýok, gitjek däl“ diýýär. Ýöne soňra aýdanyna ökünip, işlemäge gidýär. Ol adam ikinji çagasynyň hem ýanyna baryp, şol sözleri aýdýar. Ol bolsa: „Bolýar, hojaýyn“ diýýär-de, ýöne gitmeýär. Bu iki çaganyň haýsysy atasynyň diýenini etdi?» (Matta 21:28—31). Elbetde, birinji ogly.
Şonda Isa özüne garşy çykýan adamlara: «Size dogrusyny aýdýaryn, salgytçylar we bozuk aýallar Hudaýyň Patyşalygyna sizden öňürti girerler» diýýär. Salgytçylar we ahlaksyz adamlar başda Hudaýa gulluk etmek islemeýärdiler. Emma soň hekaýadaky birinji ogul ýaly toba edip, Hudaýa gulluk edip başlaýarlar. Dini ýolbaşçylar bolsa ikinji ogla meňzäp, başda Hudaýa gulluk etseler-de, soň etmän başlaýarlar. Isa bu hakda şeýle diýýär: «Ýahýa gelip, size dogry ýoly görkezdi, ýöne siz oňa ynanmadyňyz. Emma salgytçylar we bozuk aýallar ynandylar. Siz muny görüp-de, oňa ynanmak üçin edýän işleriňize ökünmediňiz» (Matta 21:31, 32).
Soňra Isa başga bir hekaýany gürrüň berýär. Bu hekaýa dini ýolbaşçylaryň diňe bir Hudaýa gulluk etmekden boýun gaçyrman, eýsem, olaryň zalym adamdygyny hem görkezer. Isa şeýle gürrüň berip başlaýar: «Bir adam ekin meýdanynda üzüm agaçlaryny oturdyp, olaryň daşyna haýat aýlaýar we üzüm sykylýan ýer taýýarlap, gözegçilik etmek üçin bir diň gurýar. Soňra üzümçiligini bagbanlara kärendesine berýär-de, özi başga ýurda gidýär. Hasyl döwri gelende, ol öz üzümçiliginden biraz miwe almak üçin bagbanlaryň ýanyna guluny iberýär. Emma olar guly urup, oňa hiç zat bermän goýberýärler. Soňra hojaýyn başga bir guluny iberýär, bagbanlar onuň kellesine urup kemsidýärler. Ol ýene-de birini ugradýar, bagbanlar ony öldürýärler. Olar hojaýynyň başga-da iberen ençeme gullarynyň käbirini urup, käbirini öldürýärler» (Markus 12:1—5).
Diňleýjiler hekaýanyň manysyna düşündilermikä? Belki-de, Hudaýyň Işaýa arkaly aýdan şu sözleri olaryň ýadyna düşendir: «Hökmürowan Rebbiň üzümçiligi Ysraýylyň nesilleridir, hoş görýän bagy-da, ýahuda halkydyr. Ol adalata garaşdy, ýöne zulum gördi; dogrulyga garaşdy, ýöne dady-perýat eşitdi» (Işaýa 5:7). Isanyň gürrüň beren hekaýasy-da şoňa meňzeýär. Ýer eýesi Ýehowa, üzümçilik bolsa ysraýyl halkyny aňladýar. Hudaýyň Kanuny ysraýyllylary haýat ýaly goraýardy. Ýehowa pygamberlerini iberip, halkyna görkezme berýärdi we olara gowy miwe getirmäge kömek edýärdi.
Emma «bagbanlar» iberilen «gullary» urup, öldürýärdiler. Isa sözüni şeýle dowam edýär: «Hojaýynyň söýgüli ogly bardy. Ahyrynda, ol ony iberip: „Oglumy-ha sylarlar“ diýip pikir edýär. Emma bagbanlar öz aralarynda „Bu üzümçiligiň mirasdüşeri. Geliň, ony öldürip, ekin meýdanyny özümize alalyň!“ diýýärler. Şeýdip, olar ony alyp, öldürýärler-de, üzümçilikden çykaryp zyňýarlar» (Markus 12:6—8).
Isa diňleýjilerinden: «Üzümçiligiň eýesi näme eder?» diýip soraýar (Markus 12:9). Dini ýolbaşçylar: «Üzümçiligiň eýesi bagbanlaryň zalymlyk edendigi üçin olary öldürer. Üzümçiligi bolsa miwesini wagtynda ýygnap berjek bagbanlara tabşyrar» diýip jogap berýärler (Matta 21:41).
Şeýdip, olar bilmän özlerine höküm çykarýarlar. Sebäbi olar hem Ýehowanyň «üzümçiligine», ýagny halkyna iberen «bagbanlaryň» arasyndadylar. Ýehowanyň bagbanlardan miwä garaşmagy ýerliklidi, ýagny olar onuň Ogly Mesihe iman etmelidiler. Isa göni dini ýolbaşçylara ýüzlenip: «Siz Ýazgylarda: „Gurluşykçylaryň gerek däl diýip zyňan daşy iň wajyp daş boldy. Muny Ýehowa etdi, bu biziň üçin örän geňdir“ diýleni asla okamadyňyzmy?» diýýär (Markus 12:10, 11). Soňra Isa aýdan sözlerini şeýle düşündirýär: «Şol sebäpli size diýýärin, Hudaýyň Patyşalygy sizden alnyp, miwesini öndürjek halka berler» (Matta 21:43).
Kanunçylar we uly ruhanylar «mysalyň özleri hakda aýdylandygyna düşündiler» (Luka 20:19). Iň erbedi bolsa, olar Isany, ýagny «mirasdüşeri» öldürmek isleýärler. Emma olar märekeden gorkýarlar, sebäbi olar Isany pygamber hasaplaýardy. Şonuň üçin olar Isany tussag etmekden az salym el çekýärler.
-
-
Patyşa çagyrylan myhmanlara toýa gelmegi haýyş edýärIsa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
-
-
107-NJI BAP
Patyşa çagyrylan myhmanlara toýa gelmegi haýyş edýär
TOÝ DABARASY BARADAKY MYSAL
Isanyň ýer ýüzündäki gullugy tamamlanyp gelýärdi. Ol kanunçylary we uly ruhanylary mysallar arkaly paş etmegini bes etmeýär. Şol sebäpli olar Isany öldürmek üçin oda-köze düşýärler (Luka 20:19). Emma Isa şonda-da olary paş etmegini dowam edip, ýene bir hekaýany gürrüň berýär:
«Gökdäki Patyşalygy ogluny öýerip, toý tutýan patyşa meňzetse bolar. Ol gullaryny iberip, toý dabarasyna adamlary çagyrdy, ýöne çagyrylanlar gelmek islemedi» (Matta 22:2, 3). Üns beren bolsaňyz, Isa giriş sözlerini «Gökdäki Patyşalyk» diýip başlaýar. Diýmek, «patyşa» Ýehowa Hudaýy aňladýar. Onda patyşanyň ogly we toýa çagyrylan myhmanlar kimkä? Elbetde, Ýehowanyň Oglunyň kimdigini bilmek kyn däl. Şeýle-de onuň Ogly bilen gökdäki Patyşalykda höküm sürmäge kimleriň çagyrylandygyny bilmek hem aňsat.
Emma toýa ilkinji bolup çagyrylanlar kim? Isa we onuň resullary Patyşalyk baradaky habary kimlere wagyz etdiler? Elbetde, ýehudylara (Matta 10:6, 7; 15:24). B. e. öň 1513-nji ýylda Hudaý olar bilen Kanun ähtini baglaşypdy. Diýmek, «patyşalyk ruhanylaryň» agzalary başda ysraýyl halkyndan saýlandy (Müsürden çykyş 19:5—8, TD). Ýöne olar «toý dabarasyna» haçan çagyryldy? B. e. 29-njy ýylynda, şonda Isa gökdäki Patyşalyk hakda wagyz edip başlapdy.
Olar çakylyga nähili seslendiler? Isanyň aýtmagyna görä, «çagyrylanlar mynasyp bolmady». Dini ýolbaşçylar we halkyň aglabasy Isany Mesih hem-de Hudaýyň bellän Patyşasy hökmünde kabul etmedi.
Muňa garamazdan, Isa ýehudylaryň ikilenç çagyrylandygyny aýdýar. Ol muny şeýle gürrüň berýär: «Şonda ol (patyşa) başga gullaryny iberip: „Çagyrylanlara aýdyň: Ine, men günortanlyk nahary taýýarladym, öküzler we iň gowy mallar soýuldy, hemme zat taýyn. Toýa geliň“ diýdi. Emma olar muňa biperwaý garap, biri öz mellegine, beýlekisi söwda-satyk işlerine gitdi. Galanlary bolsa gullary ýenjip öldürdiler» (Matta 22:4—6). Bu sözler mesihçiler ýygnagy dörände berjaý bolmalydy. Sebäbi şol wagt Patyşalyga girmäge diňe ýehudylarda mümkinçilik bardy. Ýöne şonda-da köpüsi çakylygy kabul etmezler, hatda «patyşanyň gullaryny» hem kemsiderler (Resullaryň işleri 4:13—18; 7:54, 58).
Munuň netijesi nähili bolar? Isa şeýle diýýär: «Patyşanyň muňa juda gahary geldi. Ol goşunyny iberip, olary öldürdi we şäherini otlady» (Matta 22:7). B. e. 70-nji ýylynda rimliler «olaryň... şäherini», ýagny Iýerusalimi derbi-dagyn edende, ýehudylar şu zatlary başdan geçirerler.
Eger çagyrylanlar patyşanyň çakylygyny kabul etmedik bolsalar, onda toýa başga hiç kim çagyrylmazmy? Isa bu babatda şeýle diýýär: «Soňra ol (patyşa) gullaryna şeýle diýdi: „Toý taýýar, emma çagyrylanlar mynasyp bolmady. Şonuň üçin gidiň-de, şäheriň uly ýollaryna çykyp, hemmeleri toýa çagyryň“. Olar hem uly ýollara çykyp, erbet diýmän, ýagşy diýmän, adamlaryň baryny çagyrdylar. Şeýdip, toý jaýy myhmandan doldy» (Matta 22:8—10).
Birnäçe wagtdan Petrus resul özge milletden bolan adamlara, ýagny ýehudy bolmadyk ýa-da ýehudy dinini kabul etmedik adamlara mesihçi bolmaga kömek edip başlar. B. e. 36-njy ýylynda Rim goşunynyň ýolbaşçysy Korneliýe we onuň öý-içersine Hudaýyň mukaddes ruhy indi. Şonda olar gökdäki Patyşalykda Isa bilen höküm sürjekleriň arasyna saýlandylar (Resullaryň işleri 10:1, 34—48).
Isa hekaýasynda toýa gelen myhmanlaryň ählisiniň «patyşanyň» göwnünden turmajakdygyny aýdýar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Patyşa gelip, myhmanlara syn edende, olaryň arasynda toý eşigini geýmedik bir adamy gördi. Şonda ol: „Dostum, sen bu ýere toý eşigini geýmän nädip girip bildiň?“ diýip sorady. Ol hiç zat jogap bermedi. Soňra patyşa hyzmatkärlerine: „Munuň el-aýagyny daňyp, garaňkylyga taşlaň. Ol ýerde gözýaş döküp, alaçsyzlykdan ýaňa dişini gyjar“ diýdi. Hawa, çagyrylanlar köp, saýlananlar azdyr» (Matta 22:11—14).
Isany diňläp oturan dini ýolbaşçylar onuň aýdýanlarynyň manysyna doly düşünmedik bolsalar gerek. Muňa garamazdan, eşidýän zatlary olaryň gulagyna ýakmaýar. Şonuň üçin olaryň bu zatlary gürrüň beren adamy öldürmek islegi has-da güýjeýär.
-
-
Dini ýolbaşçylaryň synanyşygy başa barmaýarIsa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
-
-
108-NJI BAP
Dini ýolbaşçylaryň synanyşygy başa barmaýar
MATTA 22:15—40; MARKUS 12:13—34; LUKA 20:20—40
«PATYŞANYŇKYNY PATYŞA... BERIŇ»
DIRELIŞ WE NIKA
IŇ ULY TABŞYRYK
Isanyň dini duşmanlarynyň keýpi ýokdy. Sebäbi Isa ýaňyja bir hekaýany gürrüň berip, olaryň zalymdygyny görkezipdi. Şonuň üçin fariseýler ony duzaga düşürmek üçin dil düwüşýärler. Olar Rim häkimi Isany tussag eder ýaly, oňa garşy bir zatlary aýtdyrjak bolýarlar. Fariseýler öz şägirtlerini satyn alyp, şolar arkaly Isany tora salmakçydylar (Luka 6:7).
Olar gelip: «Mugallym, biz seniň dogry sözläp öwredýändigiňi we ikiýüzlülik etmän, Hudaýyň ýoluny hakykata laýyk öwredýändigiňi bilýäris. Bize aýt, patyşa salgyt tölemek dogrumy ýa-da ýok?» diýýärler (Luka 20:21, 22). Isa bu ikiýüzli we mekir adamlaryň toruna düşer ýaly akylsyz däldi. Eger ol «Salgyt tölemek nädogry» diýse, onda Rim hökümetine garşy gozgalaň turzardy. Eger-de ol «Salgyt töläň» diýse, onda halk Isanyň sözlerine ters düşünip, onuň özüne garşy hüjüm etmekleri mümkindi. Isa näme jogap bererkä?
Ol: «Eý ikiýüzlüler, siz näme üçin meni synaýarsyňyz? Hany, maňa bir dinar görkeziň» diýýär. Olar bir dinar getirip berende, Isa olardan: «Munuň ýüzünde kimiň suratyny we adyny görýärsiňiz?» diýip soraýar. Olar hem: «Patyşanyň» diýip jogap berýärler. Şonda Isa: «Onda patyşanyňkyny patyşa, Hudaýyňkyny Hudaýa beriň» diýip, gaty gowy görkezme berýär (Matta 22:18—21).
Olar Isanyň sözlerine haýran galýarlar. Isanyň ökdelik bilen beren jogabyny eşidip, olar näme diýjeklerini bilmän, ol ýerden gaýdýarlar. Gün heniz tamamlanmandy, olaram niýetinden el çekmekçi däldiler. Görşümiz ýaly, Isany tora salmak başartmaýar. Şonuň üçin fariseýleriň ýerine dini ýolbaşçylaryň başga topary, ýagny saddukeýler gelýär.
Saddukeýler direlişe ynanmaýardylar. Olar şu meseläni gozgap, bir aýala öýlenen doganlar hakda şeýle sorag berýärler: «Mugallym, Musanyň aýtmagyna görä, „Eger bir adamyň çagalary bolman dünýäden ötse, dogany onuň aýalyna öýlenip, neslini dowam etmeli“. Biziň aramyzda ýedi dogan bardy. Olaryň birinjisi öýlenip, nesil galdyrman aradan çykdy. Soňra onuň aýalyna dogany öýlendi. Ol hem aradan çykdy, soňra onuň üçünji we ähli ýedi dogany bilen hem şeýle boldy. Ahyrynda, ol aýal hem aradan çykdy. Doganlaryň ýedisi-de oňa öýlenipdi. Indi direlişde ol haýsysynyň aýaly bolar?» (Matta 22:24—28).
Saddukeýler Musanyň ýazanlary bilen ylalaşýardylar. Şol sebäpli Isa onuň sözlerine salgylanyp, şeýle jogap berýär: «Siz Ýazgylara-da düşünmeýärsiňiz, Hudaýyň güýjüni-de bilmeýärsiňiz. Ine, şonuň üçinem ýalňyşýarsyňyz. Olar direlende ne öýlenerler, ne-de durmuşa çykarlar, olar gökdäki perişdeler ýaly bolarlar. Siz Musanyň kitabynda ýanyp duran gyrymsy agaç barada okamadyňyzmy? Hudaý ölüleriň direljekdigi hakda aýdanda, ol Musa şeýle diýipdi: „Men Ybraýymyň Hudaýy, Yshagyň Hudaýy we Ýakubyň Hudaýy“. Ol ölüleriň däl-de, dirileriň Hudaýydyr. Siz juda ýalňyşýarsyňyz» (Markus 12:24—27; Müsürden çykyş 3:1—6). Isanyň beren jogabyny eşiden märeke haýran galýar.
Hawa, Isa fariseýleri-de, saddukeýleri-de geplemez ýaly edýär. Indi olar bileleşip, Isany synamakçy bolýarlar. Bir kanunçy ondan: «Mugallym, Musanyň kanunynda iň wajyp tabşyryk haýsy?» diýip soraýar (Matta 22:36).
Isa şeýle jogap berýär: «„Eý Ysraýyl, diňle, biziň Hudaýymyz Ýehowa — ýeke-täk Ýehowa Hudaýdyr. Ýehowa Hudaýyňy bütin ýüregiň, bütin janyň, bütin aň-düşünjäň we bütin güýjüň bilen söý“. Ikinji tabşyryk hem şudur: „Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý“. Şu iki tabşyrykdan uly tabşyryk ýokdur» (Markus 12:29—31).
Kanunçy Isanyň jogabyny eşidip: «Mugallym, sen hakykata laýyk, dogry aýtdyň, „Hudaý ýeke-täkdir, ondan başga hudaý ýokdur“. Ony bütin ýüregiň, bütin aň-düşünjäň, bütin güýjüň bilen söýmeli, ýakynyňy-da özüňi söýşüň ýaly söýmeli. Bular ähli berilýän gurbanlardan has wajypdyr» diýýär. Isa onuň paýhasly jogap berşini görüp: «Sen Hudaýyň Patyşalygyna girmekden uzakda dälsiň» diýýär (Markus 12:32—34).
Isa adamlara üç günläp (9—11-nji nisan) ybadathanada tälim berýär. Käbirler, şol sanda ýaňky kanunçy ýaly adamlar Isany höwes bilen diňleýärler. Emma oňa «sorag bermäge milt edip bilmeýän» dini ýolbaşçylar hakda beýle diýip bolmaz.
-
-
Isa dini duşmanlary ýazgarýarIsa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
-
-
109-NJY BAP
Isa dini duşmanlary ýazgarýar
MATTA 22:41—23:24; MARKUS 12:35—40; LUKA 20:41—47
MESIH «KIMIŇ OGLY»?
ISA IKIÝÜZLI DUŞMANLARYNY PAŞ EDÝÄR
Isany rimlileriň eline tabşyrmak üçin, dini ýolbaşçylaryň eden tagallasy başa barmaýar (Luka 20:20). Häzir nisan aýynyň 11-i, Isa henizem ybadathanadady. Indi bolsa Isa olara sorag berip, özüniň kimdigini aýan edýär. Ol: «Siz Mesih barada näme pikir edýärsiňiz? Ol kimiň ogly?» diýip soraýar (Matta 22:42). Mesihiň Dawudyň neslinden gelmelidigi hemmelere mälimdi. Şonuň üçin olar: «Dawudyň ogly» diýip jogap berýärler (Matta 9:27; 12:23; Ýahýa 7:42).
Şonda Isa: «Onda näme üçin Dawut mukaddes ruhuň täsiri bilen oňa „Halypam“ diýdi? Ol şeýle ýazypdy: „Ýehowa meniň Halypama: „Duşmanlaryňy aýaklaryň astynda goýýançam, sag tarapymda otur“ diýdi“. Eger Dawut Mesihe Halypam diýen bolsa, onda ol nädip onuň ogly bolýar?» diýip soraýar (Matta 22:43—45).
Fariseýler näme diýjegini bilmeýärler. Olar Dawudyň neslinden bir adam gelip, bizi rimlileriň süteminden azat eder diýip umyt edýärdiler. Ýöne Isa Dawudyň Zebur 110:1, 2-nji aýatlardaky sözlerine salgylanyp, Mesihiň ynsan hökümdaryndan-da uly boljakdygyny görkezýär. Mesihe Dawudyň Halypasy diýilýär. Ol Hudaýyň sag tarapynda oturar we birnäçe wagtdan höküm sürüp başlar. Isanyň duşmanlary aýdara söz tapmaýarlar.
Bu gürrüňi şägirtler we başga-da köp adamlar diňläp durdy. Isa olara ýüzlenip, kanunçylar we fariseýler babatda duýduryş berýär. Bu adamlar «Musanyň ornunda oturyp», Hudaýyň Kanunyny öwredýärdiler. Isa diňleýjilerine maslahat berip: «Olaryň ähli aýdýanlaryny ediň, ýöne edýän işlerini etmäň. Sebäbi olar aýdýan zatlaryny özleri etmeýärler» diýýär (Matta 23:2, 3).
Isa olaryň ikiýüzlüligini görkezip: «Ýazgylardan alnan aýatlary gutujyklara salyp, olary erbetlikden goranmak üçin... dakýarlar» diýýär. Ýehudylaryň käbiri Kanundan alnan kiçijik parçalary gutujyklara salyp, maňlaýyna we ellerine dakýardylar. Fariseýler bolsa özlerini Kanuna has berlen adam edip görkezjek bolup, şol gutujyklary ulaldýardylar. Şeýle-de olar «donlarynyň seçeklerini uzaldýardylar». Ysraýyllylar geýimleriniň etegine gotazjyk, ýagny seçek tikmelidiler, ýöne fariseýler olary has-da uzyn edýärdiler (Sanlar 15:38—40). Bularyň bary «göz üçindi» (Matta 23:5).
Isanyň şägirtleri-de başgalardan tapawutlanjak bolup, olaryň täsirine düşmekleri mümkindi. Şonuň üçin ol şägirtlerine şeýle maslahat berýär: «Siz özüňize „Mugallym“ diýdirmäň, sebäbi siziň ýeke-täk Mugallymyňyz bar. Siziň baryňyz bolsa dogansyňyz. Şeýle-de ýer ýüzünde hiç kime „ata“ diýmäň, sebäbi siziň ýeke-täk Ataňyz bar, Ol gökdedir. Özüňize „ýolbaşçy“ diýdirmäň, sebäbi siziň ýeke-täk Ýolbaşçyňyz bar, ol Mesihdir». Onda şägirtler özlerini nähili alyp barmalydylar? Isa olara: «Araňyzda iň ulyňyz size hyzmatkär bolsun. Özüni beýgeldýän adam kiçeldiler, özüni kiçeldýän bolsa beýgeldiler» diýýär (Matta 23:8—12).
Soňra Isa ikiýüzli kanunçylara we fariseýlere ýüzlenip, şeýle diýýär: «Waý günüňize, eý kanunçylar we fariseýler, ikiýüzlüler! Siz gökdäki Patyşalygyň gapysyny ýapyp, ne özüňiz girýärsiňiz, ne-de girjek adamlara ýol berýärsiňiz» (Matta 23:13).
Şeýle-de Isa olara Hudaýyň nazarynda nämäniň wajypdygyna düşünmeýändikleri üçin käýeýär. Meselem, olar: «Kim ybadathanadan ant içse, ol jogapkärçilik çekmez; ýöne kim ybadathananyň altynyndan ant içse, ol jogapkärçilik çeker» diýýärdiler. Dogrudan-da, olar Ýehowa sežde edilýän we oňa ýakynlaşmaga kömek edýän ybadathana däl-de, onuň altyndan ýasalan zatlaryna üns berip, özleriniň ruhy taýdan kördügini tassyklaýardylar. Hawa, olar «Kanunyň has wajyp tabşyryklaryna, ýagny adalatlylyga, rehimdarlyga, wepalylyga sowuk-sala garaýardylar» (Matta 23:16, 23; Luka 11:42).
Isa fariseýlere: «Kör ýolbaşçylar, siz çybyny süzüp aýyrýarsyňyz, düýäni bolsa ýuwudýarsyňyz!» diýýär (Matta 23:24). Olar haram hasaplanýandygy üçin çybyny şerapdan süzüp aýyrýardylar. Düýäni bolsa ýuwudýardylar, ýagny Kanunyň wajyp tabşyryklaryna üns bermeýärdiler. Düýe hem çybyn ýaly haram hasaplanýardy, ýöne ondan has uludy (Lewiler 11:4, 21—24).
-