Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Ata-enelere maslahat
    Körpeler üçin sapaklar
    • Ata-enelere maslahat

      Siz çagalaryňyza nähili iň gowy sowgat berip bilersiňiz? Çagalary söýmeli, terbiýe bermeli we goramaly. Elbetde, siz olara iň gymmatly sowgady, ýagny Ýehowa barada bilimi we Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty berip bilersiňiz (Ýahýa 17:3). Şeýle bilim ogul-gyzyňyza hatda çagalykdan Ýehowany söýmäge we Oňa ýürekden gulluk etmäge kömek eder (Matta 21:16).

      Ata-eneleriň köpüsi çagalarynyň gysgajyk sapaklary we ýumuşlary gowy görýändiklerine göz ýetirdiler. Şol sebäpli biz «Körpeler üçin sapaklar» atly broşýurany höwes bilen hödür edýäris. Şu broşýuradaky sapaklar ýönekeýje berlen. Suratlar we oňa degişli sözler ýörite üç ýaşa çenli çagalar üçin taýýarlandy. Her sapakda ýumuşlar hem bar. «Körpeler üçin sapaklar» atly broşýura oýnamak üçin däl-de, eýsem, çagalar bilen bile okap, pikir alyşmak üçin çap edildi.

      Biz bu broşýuranyň çagalaryňyza Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty «oglanlykdan» öwretmäge kömek eder diýip umyt edýäris (2 Timoteos 3:14, 15).

      Siziň doganlaryňyz,

      Ýehowanyň Şaýatlarynyň Ýolbaşçylyk maslahaty

      [3-nji sahypadaky surat]

  • 1-nji sapak
    Körpeler üçin sapaklar
    • 1-nji sapak

      Ylham 4:11

      Ýeri kim ýaratdy?

      Deňzi kim ýaratdy?

      Seni we meni kim ýaratdy?

      Owadan ganatly kebelegi kim ýaratdy?

      Ähli zady Ýehowa Hudaý ýaratdy.

      ATA-ENELERE

      Çagaňyza

      Ylham 4:11-i okap beriň

      Çagaňyz şu zatlary görkezsin:

      ýyldyzlary bulutlary Güni

      gaýygy Ýeri öýi

      deňzi kebelegi

      Çagaňyza şeýle soraglary beriň:

      Hudaýyň ady näme?

      Ýehowa nirede ýaşaýar?

      Ol nämeleri ýaratdy?

      [4, 5-nji sahypadaky suratlar]

  • 2-nji sapak
    Körpeler üçin sapaklar
    • 2-nji sapak

      Gelip çykyş 7:7—10; 8:15—17

      Nuh pygamberiň gämisiniň ýanyndaky haýwanlara seret.

      Olaryň haýsysy molaýar, haýsysy üýrýär, haýsysy arlaýar?

      Ine, Nuhuň gämisi, haýwanlaryň ählisi, ulusy hem kiçisi halas boldy bilýäňmi?

      ATA-ENELERE

      Çagaňyza

      Gelip çykyş 7:7—10; 8:15—17-nji aýatlary okap beriň

      Çagaňyz şu zatlary görkezsin:

      aýyny iti pili

      sygry ýolbarsy maýmyny

      doňzy goýny

      guşlary älemgoşary

      Çagaňyz şu aşakdaky haýwanlaryň sesini edip görkezsin:

      itiň sygryň geçiniň

      horazyň goýnuň

      [6, 7-nji sahypadaky suratlar]

  • 3-nji sapak
    Körpeler üçin sapaklar
    • 3-nji sapak

      1 Petrus 3:8

      Dawut dostunyň keseldigini bilip, şeýle diýdi:

      «Gowusy, men onuň ýüregi gysmaz ýaly, bir hatjagaz ýazaýyn

      ýa-da surat çekip, ony görmäge baraýyn!»

      Ýagşylyk etseň, özüňe-de, başgalara-da, gowy bolar!

      ATA-ENELERE

      Çagaňyza

      1 Petrus 3:8-i okap beriň

      Çagaňyz şu zatlary görkezsin:

      öýi telefony Dawudy

      Güni guşy agajy

      Çagaňyza şeýle soraglary beriň:

      Dostlaryňdan häzir kim kesel?

      Onuň ýüregi gysmaz ýaly, biz näme edip bileris?

      [8-nji sahypadaky surat]

      [8-nji sahypadaky surat]

      [9-njy sahypadaky surat]

      [9-njy sahypadaky surat]

  • 4-nji sapak
    Körpeler üçin sapaklar
    • 4-nji sapak

      Resullaryň işleri 14:17

      Ýagyşly gün Aýlarjyk,

      Ýuwaşjadan aglaýar.

      Bagda oýnasy gelip,

      Ol aýnadan seredýär.

      Ine, birden gün çykdy!

      Aýlarjyk hem begendi!

      Ýagyş ýagmasyn goýdy,

      Aýlar baga ylgady.

      Görse, şeýle owadan!

      Açylypdyr bar güller,

      Muňa geň galýar Aýlar.

      Ýehowa ýagyş berýär.

      Ine, güllerem ösýär,

      Senem, gel-dejik, göräý!

      ATA-ENELERE

      Çagaňyza

      Resullaryň işleri 14:17-ni okap beriň

      Çagaňyz şu zatlary görkezsin:

      aýnany guşy Aýlary

      agajy gülleri

      topy uçary

      Çagaňyza şeýle sorag beriň:

      Ýehowa näme üçin ýagyş ýagdyrýar?

      [10-njy sahypadaky suratlar]

      [10-njy sahypadaky suratlar]

      [11-njy sahypadaky suratlar]

  • 5-nji sapak
    Körpeler üçin sapaklar
    • 5-nji sapak

      1 Selanikliler 5:18

      Dostuň saňa sowgat berse, ýa-da saňa kömek etse. Gujak açyp, ony ogşa, ýylgyrmagy unutma!

      Ýene bir zat ähli ýerde «Sag bol!» aýtsaň hemmelere guwanarlar dilleriňe!

      ATA-ENELERE

      Çagaňyza

      1 Selanikliler 5:18-i okap beriň

      Çagaňyz şu zatlary görkezsin:

      sowgady oglany

      gapyny nahary

      almany kitaby

      Çagaňyza şeýle sorag beriň:

      Näme üçin «Sag bol!» diýmeli?

      [12-nji sahypadaky surat]

      [13-nji sahypadaky surat]

      [13-nji sahypadaky surat]

      [13-nji sahypadaky surat]

  • 6-njy sapak
    Körpeler üçin sapaklar
    • 6-njy sapak

      Zebur 139:14

      Hany, görkez barmagyňy,

      Indi, görkez aýagyňy,

      Tutup görkez gulagyňy,

      Hany, görkez burnuňy.

      Täsindir aýaklaryň,

      Güjük bilen ylgaýaň.

      Isle bökýäň, pyrlanýaň,

      Dostlar bilen oýnaýaň.

      Baryp seret aýna indi,

      Kimi görýäň aýnada?

      Sen Ýehowaň oglumy?

      Ýa owadan gyzymy?

      ATA-ENELERE

      Çagaňyza

      Zebur 139:14-i okap beriň

      Çagaňyz şu zatlary görkezsin:

      elindäki barmaklaryny gulagyny

      aýagyndaky barmaklaryny burnuny

      agzyny şary pişigi

      Çagaňyza şeýle sorag beriň:

      Seni we meni kim ýaratdy?

      [14-nji sahypadaky surat]

      [15-nji sahypadaky surat]

      [15-nji sahypadaky surat]

      [16-njy sahypadaky surat]

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş