Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Hak Hudaýdan gorkýanlar bereket alar
    Garawul diňi (Ýygnak üçin) 2023 | Iýun
    • 6. Makalada näme hakda gürrüň ederis?

      6 Nakyllar 9-njy bapda akyldarlyk we akylsyzlyk hakda gürrüň edilýär hem-de olar aýallara meňzedilýär (Rimliler 5:14; Galatýalylar 4:24-nji aýatlary deňeşdiriň). Aýallaryň ikisem tejribesizleri myhmançylyga çagyrýar we saçagyny giňden ýazyp, näz-nygmatdan doldurýar (Nak. 9:1, 5, 6, 13, 16, 17). Emma akylsyz aýalyň myhmanlary mazara inýär, akyldar aýalyň myhmanlary uzak ömür sürýär. Nakyllar 9-njy bapdaky maslahatlar aýallara, erkeklere, oglanlara, gyzlara — biziň hemmämize peýdaly. Sebäbi Şeýtanyň dünýäsi ahlaksyzlykdan we pornografiýadan doly (Efes. 4:19). Eger biz Ýehowadan gorkup, oňa wepaly bolsak, erbet işlere baş goşmarys (Nak. 16:6).

  • Hak Hudaýdan gorkýanlar bereket alar
    Garawul diňi (Ýygnak üçin) 2023 | Iýun
    • Gadymy döwür. Ahlaksyz aýal gapynyň agzynda dur we geçip barýan ýigidi öýüne çagyrýar.

      «Akylsyz aýalyň» çakylygyny kabul edýän adamlar heläkçilige uçraýar (7-nji abzasa serediň).

      7. Nakyllar 9:13—18-nji aýatlara görä, akylsyz aýalyň myhmanlaryna näme garaşýar? (Surata serediň).

      7 Geliň, «akylsyz aýal» hakda gürrüň edeliň (Nakyllar 9:13—18-nji aýatlary okaň). Ol utanman düşünjesizlere: «Bärik geliň!» diýip, öýüne myhmançylyga çagyrýar. Emma Mukaddes Kitapda: «Aýalyň öýi merhumlaryň mekanydyr, myhmanlary mazara inýär» diýilýär. Belki, şu sözler Nakyllar kitabynyň beýleki baplarynda agzalýan «ahlaksyz» we «azgyn aýaly» ýadyňyza salandyr. Mukaddes Kitapda: «Onuň öýüne baran diri çykmaz, ýollary mazara eltýär» diýilýär (Nak. 2:11—19). Şeýle-de Nakyllar 5:3—10-njy aýatlarda hem «azgyn aýal» hakda aýdylýar we «onuň aýaklary ölüme, ädimleri mazara alyp gidýär» diýilýär.

      8. Her bir adam nähili karara gelmeli?

      8 «Akylsyz aýal» hemmeleri öýüne myhmançylyga çagyrýar. Emma çakylygy kabul etmelimi ýa-da kabul etmeli däldigini her kimiň özi çözýär. Edil şonuň ýaly, Şeýtanyň dünýäsi ahlaksyzlyk etmegi we pornografiýa görmegi hemmelere hödürleýär. Eger tanyşlaryňyz size ahlaksyzlyk etdirjek bolsa ýa-da internetde ahlaksyz suratlara gözüňiz düşse näme edersiňiz?

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş