Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • «Siz direlersiňiz»
    Ýehowa edilýän arassa sežde dikeldildi
    • 4. Hyzkyl görnüşde nämä üns berýär?

      4 Hyzkyl 37:1—10-njy aýatlary okaň. Görnüşde Hudaý Hyzkyly süňklerden doly jülgä eltýär. Gören zatlary Hyzkyla güýçli täsir eder ýaly, Ýehowa ony «pytrap ýatan» süňkleriň arasyndan ýöredýär. Hyzkyl jülgäniň içinden geçende iki zada üns berýär: süňkleriň «sany-sajagy ýokdy», özlerem «gus-gurudy».

  • «Siz direlersiňiz»
    Ýehowa edilýän arassa sežde dikeldildi
    • 8. a) «Ysraýyl öýi» nädip öli ýaly boldy? b) Hyzkyl 37:9-da ysraýyl halkynyň öli ýaly bolandygy nädip düşündirilýär? (Çykgyda serediň).

      8 Ysraýyl halky gynançly görnüşiň ýerine ýetişini gözi bilen gördi. B. e. öň 740-njy ýylda on taýpaly patyşalyk dargap, ysraýyllar ýesir düşdi. Şonda olar Ýehowa bilen dostlugyny doly ýitirdi. Şondan 130 ýyl töweregi geçensoň, ýahudalar hem sürgün edilip, bütin «ysraýyl halky» ýesirlige düşdi (Hyz. 37:11). Ýehowa bilen öň ýakyn dost bolan halk görnüşdäki gury süňklere meňzedia. Hyzkyl görnüşde ýöne-möne süňkleri däl-de, «gus-gury» süňkleri görýär. Ol ysraýyl halkynyň ençeme ýyllap ruhy taýdan öli boljakdygyny görkezýärdi. Dogrudanam, b. e. öň 740—537-nji ýyllarda Ýahudanyň we Ysraýylyň halky 200 ýyldan gowrak ejir çekdi (Ýer. 50:33).

      9. Geçmişdäki ysraýyllaryň ýagdaýy bilen «Hudaýyň Ysraýylynyň» nähili meňzeşligi bar?

      9 Hyzkylyň Ysraýylyň dikeldilmegi baradaky pygamberlikleri uly möçberde ýerine ýetmelidi (Res. 3:21). Geçmişde ysraýyllar ruhy taýdan öldürilip, köp wagtlap öli ýaly boldy. Şonuň ýaly saýlanan mesihçilerden ybarat «Hudaýyň Ysraýyly» hem ruhy taýdan ýesir düşüp, göçme manyda öldi (Gal. 6:16). Saýlanan mesihçilerden ybarat ýygnagyň «gus-gury» süňklere meňzedilmegi örän ýerlikli, sebäbi olar köp wagtlap ruhy taýdan ýesirlikde bolupdy (Hyz. 37:2). Geçen bapdan bilşimiz ýaly, saýlanan mesihçilerden ybarat ýygnak II asyrda ýesirlige düşdi. Isanyň bugdaý hem-de haşal ot mysalynda aýdyşy ýaly, olar birnäçe asyrlap ýesirlikde boldy (Mat. 13:24—30).

      Hyzkyl gury süňkden doly jülgä seredip dur.

      Hyzkylyň gören «gus-gury» süňkleri ruhy ýesirlikde bolan saýlananlary aňladýar (8, 9-njy abzaslara serediň)

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş