Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • kr bap 13 sah. 134—147
  • Patyşalygyň wagyzçylary kazyýete ýüz tutýar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Patyşalygyň wagyzçylary kazyýete ýüz tutýar
  • Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Parahatlygy bozýanlarmy ýa-da Hudaýyň Patyşalygynyň wepaly tarapdarlary?
  • Hökümete garşy gozgalaň turuzýarlarmy ýa-da hakykaty wagyz edýärler?
  • Söwdagärlermi ýa-da Hudaýyň Patyşalygynyň yhlasly wagyzçylary?
  • «Biz adama däl-de, Hökümdarymyz Hudaýa gulak asmalydyrys»
  • «Ýehowa meniň kömekçimdir»
  • Hudaýa erkin sežde etmek üçin göreşýäris
    Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!
  • Diňe Hudaýyň hökümetine wepaly bolýarys
    Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!
Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!
kr bap 13 sah. 134—147

13-NJI BAP

Patyşalygyň wagyzçylary kazyýete ýüz tutýar

BABYŇ TEMASY

Isanyň öňünden aýdyşy ýaly, Hudaýyň halkynyň wagyz işine hökümet hem-de dini ýolbaşçylar garşylyk görkezýär

1, 2. a) Dini ýolbaşçylar näme etdiler we resullar muňa nähili garadylar? b) Resullar wagyz etmeli däl diýen tabşyryga näme üçin gulak asmadylar?

B. E. 33-NJI ýylydy. Ýaňy-ýakynda Pentikost baýramy bellenipdi. Iýerusalimdäki mesihçiler ýygnagynyň döredilenine bary-ýogy birnäçe hepde bolupdy. Şonuň üçin häzir Şeýtan ýygnaga hüjüm etmäge amatly pursat hasaplaýar. Ýygnak heniz doly berkemänkä, Iblis ony ýok etmek isleýär. Ol ýagdaýlary hile bilen şeýle bir gurnaýar welin, dini ýolbaşçylar Patyşalyk barada wagyz etmegi gadagan edýärler. Muňa garamazdan, resullar batyrgaýlyk bilen wagyz edýärler we ençeme erkekdir aýallar «Halypamyzyň adyna iman edýärler» (Res. iş. 4:18, 33; 5:14).

Resullar Sinedrionda gamçylansa-da, ol ýerden begenip çykdylar

Resullar «Isanyň ady zerarly masgaralanmaga mynasyp bolandyklaryna» begendiler

2 Gahar-gazaba münen duşmanlar täzeden hüjüm edip, resullaryň ählisini tussag edýärler. Emma Ýehowanyň perişdesi türmäniň derwezelerini açýar we resullar säher bilen ýene-de wagyz edip başlaýarlar! Olary gaýtadan tussag edip, halkyň ýolbaşçylarynyň öňüne eltýärler. Halkyň ýolbaşçylary wagyz etmeli däl diýen tabşyryga gulak asmaýandygy üçin resullary aýyplaýarlar. Resullar olara gaýtawul berip, batyrgaýlyk bilen: «Biz adama däl-de, Hökümdarymyz Hudaýa gulak asmalydyrys» diýýärler. Şonda ýolbaşçylar gaty gaharlanyp, resullary «öldürmek» isleýärler. Bu kyn pursatda, halk arasynda hormatlanýan we Kanunyň mugallymy bolan Gamaliýel söze başlap, ýolbaşçylara: «Seresap boluň... bu adamlaryň işine goşulmaň, olary öz gününe goýuň» diýip maslahat berýär. Haýran galaýmaly, ýolbaşçylar onuň maslahatyna eýerip, resullary goýberýärler. Bu wepaly şägirtler näme edýärler? Olar gaýratyny gowşatmaýarlar we «adamlara öwretmeklerini hem-de Mesih Isa hakda hoş habary wagyz etmeklerini bes etmeýärler» (Res. iş. 5:17—21, 27—42; Sül. tym. 21:1, 30).

3, 4. a) Şeýtan Hudaýyň halkyna hüjüm etmek üçin köp wagtdan bäri haýsy usuly ulanýar? b) Biz şu we indiki iki bapda nämä serederis?

3 B. e. 33-nji ýylynda bolan bu kazyýet işi hökümet hem-de dini ýolbaşçylar tarapyndan mesihçiler ýygnagyna görkezilen ilkinji garşylyk bolsa-da, iň soňkusy däldi (Res. iş. 4:5—8; 16:20; 17:6, 7). Şeýtan häzirem biziň wagyz işimizi gadagan etdirmek üçin, hakykatyň duşmanlaryny ulanyp, hökümet ýolbaşçylaryny öjükdirmäge jan edýär. Duşmanlar Hudaýyň halkyny birnäçe zatda aýyplaýarlar. Mysal üçin, olar bize jemgyýetçilik tertibine eýermän, parahatlygy bozýarlar, hökümete garşy gozgalaň turuzýarlar hem-de söwda-satyk bilen meşgullanýarlar diýip töhmet atýarlar. Bu aýyplamalaryň ýalandygyny görkezmek üçin, doganlarymyz käte kazyýete ýüz tutýardylar. Bu nähili netije berdi? Kazyýetiň onlarça ýyl mundan ozal çykaran kararlary şu günler bize nähili täsir edýär? Geliň, kazyýet işleriniň käbirine seredip, olaryň «hoş habary gorap, kanun taýdan wagyz etmek hukugyny gazanmakda» bize nädip kömek edendigini bileliň (Flp. 1:7).

4 Biz şu bapda wagyz etmek hukugymyzy nädip gorandygymyz barada gürrüň ederis. Indiki iki bapda bolsa, bu dünýäden bolman, Patyşalygyň düzgünlerine görä ýaşamak üçin kanun taýdan alyp baran söweşlerimiziň käbirine serederis.

Parahatlygy bozýanlarmy ýa-da Hudaýyň Patyşalygynyň wepaly tarapdarlary?

5. 1930-njy ýyllaryň ahyrynda wagyzçylary näme üçin tussag etdiler we jogapkär doganlar nähili karara geldiler?

5 1930-njy ýyllaryň ahyrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň köp şäherinde we ştatynda Ýehowanyň Şaýatlary güýçli yzarlamalara duş geldiler. Hökümet ýolbaşçylary olardan wagyz etmek üçin kanun taýdan rugsatnama ýa-da ygtyýarnama almagy talap etdiler. Emma doganlar şeýle ygtyýarnamalar üçin hökümete ýüz tutmadylar, sebäbi ygtyýarnama ýatyrylyp hem bilerdi. Şeýle-de doganlar Isanyň Patyşalyk barada wagyz etmek tabşyrygyny ýerine ýetirmäge mesihçilere hiç bir hökümet päsgel berip bilmeýär diýip pikir edýärdiler (Mar. 13:10). Netijede, ýüzlerçe wagyzçylary tussag etdiler. Şol sebäpli guramadaky jogapkär doganlar kazyýete ýüz tutmak kararyna geldiler. Olar Şaýatlaryň dini ynançlary barada wagyz etmek erkinligini çäklendiren hökümetiň bikanun hereket edendigini subut ederis diýip tama edýärdiler. Emma 1938-nji ýylda bolup geçen bir waka has ähmiýetli kazyýet işiniň bolmagyna getirdi. Ol nähili waka?

6, 7. Kantuelleriň maşgalasy bilen nähili waka boldy?

6 1938-nji ýylyň 26-njy aprelinde, sişenbe güni irden 60 ýaşly Nýuton Kantuel we onuň aýaly Ester ogullary Henri, Rassel hem-de Jessi bilen (olaryň bäşisem ýörite pionerdi) Nýu-Heýwen şäherinde (Konnektikut ştaty) uzakly gün wagyz etmek üçin öýünden çykýarlar. Aslynda, olar gije öýe gelmezlige-de kaýyl bolup gidipdiler. Näme üçin? Olar öň birnäçe gezek tussag edilensoň, şeýle ýagdaýyň ýene-de gaýtalanyp biljekdigine düşünýärdiler. Emma bu Kantuelleriň maşgalasynyň Patyşalyk habaryny wagyz etmäge islegini gaçyrmady. Olar Nýu-Heýwen şäherine iki maşynda gelýärler. Nýuton dogan edebiýat we patefon ýüklenen maşyny, 22 ýaşly Henri bolsa ses güýçlendirýän enjamly maşyny sürüp gelýär. Dogrudan-da, çak edişleri ýaly, olary birnäçe sagatdan polisiýa işgäri saklaýar.

7 Ilki 18 ýaşly Rassel, soňra Nýuton bilen Ester tussag edilýär. 16 ýaşly Jessi ene-atasyny we doganyny polisiýa işgäriniň äkidip barýanyny uzakdan görýär. Henri şäheriň aňry çetinde wagyz edýändigi üçin, Jessiniň ýeke özi galýar. Muňa garamazdan, ol patefonyny alýar-da, wagyz etmegini dowam edýär. Ol katolik dinine uýýan iki sany adama Ruterford doganyň «Duşmanlar» diýen nutugyny diňledýär. Olar ony diňläp, şeýle bir gaharlanýarlar welin, hatda Jessini urjagam bolýarlar. Jessi rahatlygyny ýitirmän, olaryň ýanyndan gidýär, emma köp wagt geçmänkä, ony polisiýa işgäri saklaýar. Şeýdip, Jessi hem polisiýa bölümine äkidilýär. Polisiýa işgärleri Ester uýany günäkärlemän, Nýuton dogan bilen onuň ogullaryna garşy iş gozgaýarlar. Emma şol gün girewine zat alyp, olary boşadýarlar.

8. Kazyýet näme üçin Jessini parahatlygy bozmakda aýyplady?

8 Şondan birnäçe aý geçensoň, 1938-nji ýylyň sentýabrynda Kantuelleriň maşgalasynyň işine Nýu-Heýwen şäherinde kazyýetiň birinji instansiýasynda seredilýär. Nýutony, Rasseli we Jessini ygtyýarnamasyz sadaka ýygnamakda aýyplaýarlar. Konnektikut ştatynyň Ýokary kazyýetine şikaýat edilse-de, Jessini jemgyýetçilik tertibine eýermän, parahatlygy bozýar diýip günäkärleýärler. Näme üçin? Sebäbi nutugy diňlän iki katolik adam kazyýetde çykyş edip, şol nutugyň olaryň dinini masgaralaýandygyny we olara erbet täsir edendigini aýdýar. Bu aýyplamalary ýalana çykarmak üçin, guramadaky jogapkär doganlar kazyýetiň çykaran hökümi babatda ABŞ-nyň Ýokary kazyýetine arz edýärler.

9, 10. a) ABŞ-nyň Ýokary kazyýeti Kantuelleriň maşgalasy babatda nähili karar çykardy? b) Şol kararyň bize nähili peýdasy bar?

9 1940-njy ýylyň 29-njy martyndan başlap, Çarlz Hýuz atly baş kazy bilen sekiz sany kazy Ýehowanyň Şaýatlarynyň aklawçysy Heýden Kowington doganyň getiren subutnamalaryny diňleýära. Konnektikut ştatynyň ýuristi Ýehowanyň Şaýatlaryny parahatlygy bozýanlar hökmünde aýyplamak üçin delil getirende, kazylaryň biri: «Mesih Isanyň wagyz eden habary şol döwürde halanýardymy näme?» diýip soraýar. Şonda ýurist: «Hawa, halanmaýardy, ýalňyşmaýan bolsam, meniň Mukaddes Ýazgylarymda-da şol habary wagyz edendigi üçin Isa näme bolandygy aýdylýar» diýýär. Şeýdip, ol öz-özüni paş edýär! Ol Şaýatlary Isa bilen, ştaty bolsa ony aýyplan adamlar bilen deňeşdirendigini özem bilmän galýar. Şeýlelikde, 1940-njy ýylyň 20-nji maýynda kazyýet biragyzdan Ýehowanyň Şaýatlarynyň bähbidine karar çykarýar.

Heýden Kowington, Glen Hau bilen beýleki dogan-uýalar kazyýetden begenip çykyp gelýärler

Heýden Kowington (birinji hatarda ortada), Glen Hau (çepde) bilen beýleki dogan-uýalar kanun taýdan gazanylan ýeňişden soň, kazyýetden çykyp gelýärler

10 Kazyýetiň bu kararynyň nähili ähmiýeti bardy? Ol adamlaryň öz dini ynançlary barada wagyz etmek hukugyny gorady. Indi hiç bir döwlet, ştat ýa-da ýerli hökümet din azatlygyny kanun esasynda çäklendirip bilmeýärdi. Şeýle-de kazyýet Jessiniň özüni alyp barşynda «jemgyýetçilik tertibine we parahatçylygyna howp salýan» hereketleriň ýokdugyna göz ýetirdi. Kazyýetiň karary Ýehowanyň Şaýatlarynyň jemgyýetçilik tertibini bozmaýandyklaryny aýdyň görkezdi. Hudaýyň gullukçylary üçin, gör, nähili uly ýeňiş! Onuň bize nähili peýdasy bar? Aklawçy dogan şeýle diýýär: «Indi biziň dini ynançlarymyzy erkin wagyz etmek hukugymyz bar. Şonuň üçinem Şaýatlar hökmünde adalatsyz çäklendirmelerden gorkman, ýaşaýan ýerimizdäki adamlara hoş habary wagyz edip bilýäris».

Hökümete garşy gozgalaň turuzýarlarmy ýa-da hakykaty wagyz edýärler?

«Kwebekiň Hudaýa, Mesihe we azatlyga bolan güýçli ýigrenji tutuş Kanadany masgaralaýar» atly kitapça

«Kwebekiň Hudaýa, Mesihe we azatlyga bolan güýçli ýigrenji tutuş Kanadany masgaralaýar»

11. Kanadadaky doganlar nähili kampaniýa geçirdiler we näme üçin?

11 1940-njy ýyllarda Kanadada Ýehowanyň Şaýatlary zalym garşylyklara duş geldiler. 1946-njy ýylda doganlar adamlaryň din azatlygyny hökümetiň äsgermezçilik edýändigini halk köpçüligine aýan etmek islediler. Şonuň üçin olar 16 günlük kampaniýa geçirip, «Kwebekiň Hudaýa, Mesihe we azatlyga bolan güýçli ýigrenji tutuş Kanadany masgaralaýar» atly kitapçany ýaýratdylar. Bu dört sahypaly kitapçada Kwebek welaýatynda dindarlaryň öjükdirmegi bilen döreýän bidüzgünçilikler, polisiýa işgärleriniň zalymlygy we dogan-uýalarymyza köpçülikleýin topulýandyklary barada aýdylýardy. Şeýle-de şol kitapçada «Ýehowanyň Şaýatlarynyň henizem bikanun tussag edilýändigi» we «Beýik Monrealda Ýehowanyň Şaýatlaryna garşy takmynan 800 sany işiň gozgalandygy» bellenip geçilýärdi.

12. a) Duşmanlar kampaniýa nähili garadylar? b) Doganlarymyzy nämede aýypladylar? (Şeýle-de çykgyda serediň).

12 Katolik dininiň baş ruhanysy Wilnýow bilen hyzmatdaşlyk edýän Kwebekiň premýer-ministri Moris Dýuplessi Ýehowanyň Şaýatlaryna garşy «rehimsiz söweşi» yglan edýär. Tizden Şaýatlara garşy gozgalan işleriň sany iki esse artyp, 800-den 1 600-e ýetýär. Bir pioner uýa: «Polisiýa işgärleriniň bizi näçe gezek tussag edendiginiň sany-sajagy ýok» diýýär. Eger Şaýatlar wagyzda kitapça paýlap ýörkä tutulsa, olary «gozgalaň turuzýan töhmetli eser» ýaýratmakda aýyplaýardylarb.

13. Hökümete garşy gozgalaň turuzmakda ilkinji gezek kimler aýyplandy we kazyýet nähili karar çykardy?

13 1947-nji ýylda Eme Buşe dogan bilen onuň 18 ýaşly Žizel we 11 ýaşly Lýusil atly gyzlary hökümete garşy gozgalaň turuzmakda kazyýetde ilkinji gezek aýyplandy. Olar Kwebek şäheriniň günortasynda ýerleşýän fermalarynyň golaýynda «Kwebekiň güýçli ýigrenji» diýen kitapçany ýaýradypdylar. Emma olary parahatlygy bozýanlar hökmünde göz öňüne getirmek kyndy. Buşe dogan pesgöwünli hem-de ýumşak adamdy. Ol kiçijik fermasynda sessiz-üýnsiz işläp, käwagt atly-arabasy bilen şähere gidip gelýärdi. Muňa garamazdan, onuň maşagalasy şol kitapçada agzalýan zorluk-süteme duçar boldy. Ýehowanyň Şaýatlaryny ýigrenýän kazy Buşe doganymyzyň günäkär däldigini subut edýän delilleri göz öňünde tutmakdan boýun gaçyrdy. Ol ony aýyplaýan adamlaryň tarapyny tutup, kitapçanyň duşmançylyk döredýändigini we Buşe doganyň günäkärdigini aýtdy. Aslynda, kazynyň garaýşy şunda jemlenipdi: Hakykaty aýtmak — jenaýat! Şeýlelikde, Eme bilen Žizeli gozgalaň turuzýan töhmetli eser ýaýratmakda aýypladylar, hatda kiçijik Lýusil hem iki gün türmede oturdy. Doganlar muňa nägilelik bildirip, Kanadanyň Ýokary kazyýetine arz etdiler we kazyýet bu işe seretmäge razy boldy.

14. Kwebekdäki doganlar yzarlama döwründe näme etdiler?

14 Kwebekdäki batyrgaý dogan-uýalar yzy üzülmeýän gazaply hüjümlere garamazdan, Patyşalyk habaryny wagyz etmegini bes etmediler. Bu bolsa köplenç haýran galdyryjy netijeleri berýärdi. 1946-njy ýylda geçirilip başlanan kampaniýa dört ýyl bolanda, Kwebekde Ýehowanyň Şaýatlarynyň sany 300-den 1 000-e ýetdi!c

15, 16. a) Kanadanyň Ýokary kazyýeti Buşeniň maşgalasy babatda nähili karar çykardy? b) Bu ýeňiş doganlarymyza we başga adamlara nähili täsir etdi?

15 1950-nji ýylyň iýun aýynda dokuz kazydan ybarat bolan Kanadanyň Ýokary kazyýeti Emi Buşeniň işine seretdi. Şondan alty aý geçensoň, 1950-nji ýylyň 18-nji dekabrynda kazyýet biziň bähbidimize karar çykardy. Näme üçin? Ýehowanyň Şaýatlarynyň aklawçysy Glen Hau doganyň aýtmagyna görä, kazyýet biziň hökümete garşy gozgalaň turuzmaýandygymyz babatda getirilen deliller bilen ylalaşdy hem-de kitapçada «şeýle çagyryşlaryň berilmeýändigi üçin, ol söz azatlygy babatda kanuna doly laýyk gelýärdi». Hau dogan sözüni dowam edip: «Men Ýehowanyň ýeňiş berýändigini öz gözüm bilen gördüm» diýdid.

16 Ýokary kazyýetiň bu karary Hudaýyň Patyşalygynyň gazanan ähmiýetli ýeňişleriniň biri boldy. Şol karar Kwebekde hökümete garşy gozgalaň turuzmakda aýyplanan Ýehowanyň Şaýatlary bilen bagly başga-da 122 sany işiň ýapylmagyna ýardam etdi. Şeýle-de kazyýetiň karary Kanadanyň we Beýik Britaniýanyň döwletara birleşiginiň raýatlaryna hökümetiň hereketleri barada şikaýat etmek hukugyny berdi. Galyberse-de, bu ýeňiş Kwebekde buthanalaryň hem-de hökümetiň Ýehowanyň Şaýatlarynyň hukuklaryna garşy edýän hüjümleriniň tamamlanmagyna getirdie.

Söwdagärlermi ýa-da Hudaýyň Patyşalygynyň yhlasly wagyzçylary?

17. Käbir hökümetler biziň wagyz işimize nädip gözegçilik etmek isleýär?

17 I asyrdaky mesihçiler ýaly, Ýehowanyň häzirki gullukçylary hem «Hudaýyň sözüni satmaýarlar» (2 Korinfliler 2:17-ni okaň). Muňa garamazdan, käbir hökümetler biziň wagyz işimize söwda babatdaky kanunlar esasynda gözegçilik etmek isleýär. Geliň, Ýehowanyň Şaýatlarynyň söwdagärmi ýa-da Hudaýyň gullukçysydygy babatdaky soraga jogap berýän iki kazyýet işine seredeliň.

18, 19. Daniýanyň hökümet ýolbaşçylary wagyz işini nädip togtatjak boldular?

18 Daniýa. 1932-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda söwda etmäge rugsatnama almazdan çap önümlerini satmagy gadagan edýän kanun güýje girdi. Emma doganlarymyz şeýle ygtyýarnamalary almadylar. Ertesi gün bäş sany wagyzçy ýurduň paýtagty Kopengageniň günbataryndan takmynan 30 kilometr uzaklykda ýerleşýän Roskille şäherinde uzakly gün wagyz edýärler. Olar öýlerine gaýtjak bolanlarynda, August Leman atly wagyzçynyň ýokdugyny görýärler. Bu dogany ygtyýarnamasyz söwda etmekde aýyplap, tussag edipdiler.

19 1932-nji ýylyň 19-njy dekabrynda August Leman kazyýetiň öňünde durýar. Ol Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlary adamlara hödür edendigini, ýöne olary satmandygyny aýdýar. Kazyýet onuň bilen ylalaşyp, şeýle karar çykarýar: «Aýyplanýan... özüni ekläp bilýär, (ol) ykdysady taýdan girdeji almaýar we şeýle maksatlaram ýok. Gaýtam, onuň edýän işi oňa ykdysady taýdan zyýan çekdirýär». Şeýlelikde, kazyýet Ýehowanyň Şaýatlarynyň tarapyny tutup, Leman doganyň işine «söwda diýip bolmaz» diýen netijä gelýär. Muňa garamazdan, Hudaýyň halkynyň duşmanlary wagyz işini bütin ýurtda togtatmagy berk ýüregine düwüpdiler (Zeb. 94:20). Prokuror kazyýetiň çykaran bu karary babatda hatda döwletiň Ýokary kazyýetine-de arz edýär. Doganlarymyz muňa nähili garaýarlar?

20. Daniýanyň Ýokary kazyýeti nähili karar çykardy we doganlar muňa nähili garadylar?

20 Ýokary kazyýetde Şaýatlaryň işine seredilmeli hepdesi Daniýadaky dogan-uýalar yhlasly wagyz edýärler. 1933-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda, sişenbe güni Ýokary kazyýet çykaran kararyny yglan edýär. Bu kazyýet aşaky kazyýetiň karary bilen ylalaşyp, August doganyň kanuny bozmandygyny aýdýar. Şol çözgüdiň esasynda Ýehowanyň Şaýatlary erkin wagyz edip bilýärdiler. Doganlar bu ýeňiş üçin Ýehowa minnetdarlyk bildirip, öňküden-de has yhlasly wagyz edýärler. Kazyýetiň şol kararyndan soň, Daniýadaky dogan-uýalarymyzyň wagyz işine hökümet hiç hili päsgelçilik döredip bilmeýär.

Denmarkda plakatly wagyz edýän dogan-uýalar, 1930-njy ýyllar

Daniýadaky batyrgaý Şaýatlar, 1930-njy ýyllar

21, 22. ABŞ-nyň Ýokary kazyýeti Merdok dogan babatda nähili karar çykardy?

21 ABŞ. 1940-njy ýylyň 25-nji fewralynda, ýekşenbe güni Robert Merdok atly pioner dogan bilen başga-da ýedi sany Şaýatlar Pitsburgyň (Pensilwaniýa ştaty) golaýyndaky Jennett şäherinde wagyz edip ýörkä tussag edilýär. Olar ygtyýarnama satyn alman edebiýat hödür etmekde aýyplanýar. Doganlar bu babatda ABŞ-nyň Ýokary kazyýetine arz edýärler we kazyýet bu işe seretmäge razylaşýar.

22 1943-nji ýylyň 3-nji maýynda Ýokary kazyýet Şaýatlaryň bähbidine çykaran kararyny yglan edýär. Kazyýet dini edebiýatlary ýaýratmak üçin ygtyýarnama satyn almagyň Konstitusiýa laýyk gelmeýändigini aýdýar. Şeýle-de kazyýet şäher häkimiýetiniň çykaran kararlarynyň «metbugat hem-de din azatlygyny çäklendirýändigi üçin», olary güýjüni gaçyran hasaplamaly diýip yglan edýär. Uilýam Duglas kazy birnäçe kazynyň garaýşyny beýan edip, Ýehowanyň Şaýatlarynyň işiniň «ýöne bir wagyz etmek ýa-da dini edebiýatlary ýaýratmak däldigini, aslynda, bu olaryň ikisinem öz içine alýandygyny» belläp geçýär. Ol sözüni dowam edip: «Bu diniň edýän işleri buthanada ybadat edilmegi we ruhanylaryň wagyzlary bilen deň derejededir» diýýär.

23. 1943-nji ýylda kazyýetde gazanylan ýeňişleriň biziň üçin nähili ähmiýeti bar?

23 Ýokary kazyýetiň bu karary Hudaýyň halky üçin örän ähmiýetli ýeňiş boldy. Bu biziň söwdagärler däl-de, Hudaýyň gullukçysydygymyzy aýan etdi. 1943-nji ýylda şol ýatdan çykmajak günde Ýehowanyň Şaýatlary Ýokary kazyýetde seredilen 13 işiň 12-sinde (olaryň biri Merdok doganyň işidi) ýeňiş gazandy. Kazyýetiň bu çözgütleri soňky ýyllarda duşmanlarymyz Patyşalyk barada wagyz etmek hukugymyza, şol sanda öýden-öýe wagyz etmegimize garşylyk görkezenlerinde-de kazyýetde gelnen kararlara täsir etdi.

«Biz adama däl-de, Hökümdarymyz Hudaýa gulak asmalydyrys»

24. Hökümet wagyz işimizi gadagan etse näme edýäris?

24 Biz Ýehowanyň gullukçylary hökmünde Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz etmegimize hökümetler kanun taýdan rugsat berenlerinde örän begenýäris. Emma hökümet wagyz işimizi gadagan etse, biz ulanýan usullarymyzy biraz üýtgedip, mümkin bolan ýollar bilen wagyz etmegimizi dowam edýäris. Resullar ýaly, biz hem «adama däl-de, Hökümdarymyz Hudaýa gulak asmalydyrys» (Res. iş. 5:29; Mat. 28:19, 20). Biz wagyz işimize rugsat berilmegi üçin käte kazyýete ýüz tutýarys. Geliň, iki mysala seredeliň.

25, 26. Nikaraguadaky haýsy wakalar sebäpli Ýokary kazyýete ýüz tutuldy we netijesi nähili boldy?

25 Nikaragua. 1952-nji ýylyň 19-njy noýabrynda missioner hem-de filialyň gullukçysy Donowan Mensterman dogan ýurduň paýtagty Managuadaky Immigrasiýa gullugynyň edarasyna barýar. Doganymyza şol edaranyň başlygy kapitan Arnoldo Garsianyň ýanyna barmak tabşyrylypdy. Kapitan oňa Nikaraguada Ýehowanyň Şaýatlarynyň «dini ynançlary barada wagyz etmeginiň we dini çärelerini geçirmeginiň gadagan edilendigini» habar berýär. Dogan munuň sebäbini soranda, kapitan Garsia Şaýatlaryň işine hökümet tarapyndan rugsat berilmeýändigini we olary kommunist hasaplaýandyklaryny aýdýar. Aslynda, Ýehowanyň Şaýatlaryny kim aýyplaýardy? Katolik ruhanylary.

Takmynan 1953-nji ýylda Nikaraguada Ýehowanyň Şaýatlarynyň tebigatda geçiren kongresi

Nikaraguadaky doganlaryň wagyz işi gadagan edilen döwri

26 Mensterman dogan dessine Dini geňeşlige hem-de ýurduň prezidenti Anastasio Somose Garsia arz edýär, emma bu hiç hili netije bermeýär. Şol sebäpli doganlar käbir özgerişikleri edýärler. Olar Patyşalyk zalyny ýapyp, kiçiräk topar bolup ýygnanyşýarlar we köçede wagyz etmeýärler. Emma olar Patyşalyk barada wagyz etmegini bes etmeýärler. Şeýle-de wagyz işine rugsat berilmegini haýyş edip, Nikaraguanyň Ýokary kazyýetine ýüz tutýarlar. Bu ýagdaý barada gazetlerde köp aýdylýar we Ýokary kazyýet şol işe seretmäge razylaşýar. Netijesi nähili bolýar? 1953-nji ýylyň iýun aýynyň 19-yna Ýokary kazyýet Şaýatlaryň bähbidine çykaran kararyny habar berýär. Kazyýet wagyz işiniň gadagan edilmeginiň adamyň söz, wyždan hem-de din azatlygyny bozýandygyny mälim edýär. Şeýle-de kazyýet Nikaraguanyň hökümeti bilen Ýehowanyň Şaýatlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň dikeldilmelidigini tabşyrýar.

27. Nikaraguanyň ýaşaýjylary Ýokary kazyýetiň kararyna näme üçin geň galdylar we doganlar bu ýeňşe nähili garadylar?

27 Nikaraguanyň ýaşaýjylary Ýokary kazyýetiň Ýehowanyň Şaýatlarynyň bähbidine karar çykarandygyna diýseň haýran galýarlar. Öňler ýurtda ruhanylaryň täsiri şeýle güýçlüdi welin, kazyýet olar bilen dawa etmekden gaça durýardy. Hökümet ýolbaşçylarynyň hem uly ygtyýarynyň bardygy üçin, kazyýet köplenç olaryň gelýän kararlaryna garşy çykmaýardy. Şol sebäpli doganlarymyz Patyşa Isa Mesihiň olary goraýandygy hem-de wagyz etmegi bes etmändikleri üçin ýeňiş gazanandyklaryna düşünýärdiler (Res. iş. 1:8).

28, 29. 1980-nji ýyllaryň ortalarynda Zairde nähili garaşylmadyk waka boldy?

28 Zair. 1980-nji ýyllaryň ortalarynda Zairde (häzirki Kongo Demokratik Respublikasy) 35 müň sany Ýehowanyň Şaýatlary bardy. Şaýatlaryň sanynyň barha artýandygy üçin, täze filiallar gurlup başlandy. 1985-nji ýylyň dekabrynda ýurduň paýtagty Kinşasedäki stadionda halkara kongres geçirildi we oňa dünýäniň dürli künjeginden 32 müň adam gatnaşdy. Emma soňra Ýehowanyň gullukçylarynyň ýagdaýy üýtgedi. Nädip?

29 Dýuplessi düzgüniniň güýçli yzarlamalaryny başdan geçiren kwebekli (Kanada) Marsel Filton dogan şol döwürde Zairde missioner bolup gulluk edýärdi. Ol: «1986-njy ýylyň 12-nji martynda jogapkär doganlar Zairde Ýehowanyň Şaýatlarynyň jemgyýetiniň bikanun hasaplanýandygy barada hat aldylar» diýip ýatlaýar. Wagyz işiniň gadagan edilmegi baradaky karara ýurduň prezidenti Mobutu Sese Seko gol çekipdi.

30. Filialyň komiteti nämäni çözmeli bolýar we nähili netijä gelýär?

30 Ertesi gün milli radioda: «Biz indi Zairdäki Ýehowanyň Şaýatlary barada hiç wagt eşitmeris» diýip habar berilýär. Tizden güýçli yzarlamalar başlanýar. Doganlarymyzy talaýarlar, tussag edýärler, urýarlar we türmä basýarlar, Patyşalyk zallaryny bolsa ýumurýarlar. Hatda Ýehowanyň Şaýatlarynyň çagalaryny-da türmä basýarlar. 1988-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda hökümet guramanyň emlägini döwletiň haýryna geçirýär we filialyň territoriýasyny graždan goşun bölümi gurşap alýar. Ýolbaşçylyk edýän doganlar ýurduň prezidenti Mobutua arz edýärler, emma jogap bolmaýar. Şonda filialyň komiteti Ýokary kazyýete ýüz tutmalymy ýa-da garaşmalydygyny çözmeli bolýar. Şol döwürde missioner we ýurduň filial komitetiniň koordinatory bolup gulluk eden Timoti Holms dogan: «Biz Ýehowadan akyldarlyk we görkezme soraýardyk» diýip ýatlaýar. Komitetdäki doganlar köp doga edip, özara maslahatlaşansoň, häzir kazyýete ýüz tutmagyň wagty däl diýen netijä gelýärler. Olar ünsüni dogan-uýalaryň aladasyny etmäge we wagyz etmegiň usullaryny gözlemäge gönükdirýärler.

«Kazyýet işi alnyp barylýarka, biz Ýehowanyň ähli zady üýtgedip bilýändigine göz ýetirdik»

31, 32. Zairiň Ýokary kazyýeti nähili wajyp karar çykardy we bu doganlara nähili täsir etdi?

31 Birnäçe ýyl geçýär. Ýehowanyň Şaýatlaryna edilýän hüjüm gowşaýar we ýurtda adam hukuklaryna has üns berlip başlanýar. Şonda filial komiteti wagyz işiniň gadagan edilmegi babatda arz edip, Zairiň Ýokary kazyýetine ýüz tutmagyň wagty geldi diýip pikir edýär. Ýokary kazyýet bu işe seretmäge razylaşýar. Prezident wagyz işini gadagan etmek babatda perman çykaranyndan takmynan ýedi ýyl geçensoň, 1993-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda kazyýet hökümetiň Ýehowanyň Şaýatlaryna garşy bikanun hereket edendigini aýdyp, wagyz işine rugsat berýär. Göz öňüne getiriň, kazylar öz janyny howp astyna salyp, prezidentiň çykaran kararyny ýatyrýarlar! Holms dogan: «Kazyýet işi alnyp barylýarka, biz Ýehowanyň ähli zady üýtgedip bilýändigine göz ýetirdik» diýýär (Dan. 2:21). Bu ýeňiş doganlaryň imanyny has-da berkitdi. Olar Patyşa Isanyň Hudaýyň halkyna ýolbaşçylyk edip, olara haçan we nädip hereket etmelidigini görkezýändigine ýene-de bir gezek göz ýetirdiler.

Kongo Demokratik Respublikasyndaky geçirilen Ýehowanyň şaýatlarynyň kongresinde bolan iki uýamyz

Kongo Demokratik Respublikasyndaky Şaýatlar Ýehowa arkaýyn sežde edip bilýändiklerine begenýärler

32 Wagyz işine rugsat edilmegi bilen, täze filiallary gurmaga, ýurda missionerleri çagyrmaga hem-de edebiýatlarymyzy getirmäge mümkinçilik berildif. Bütin dünýädäki Hudaýyň gullukçylary Ýehowanyň öz halkynyň ruhy abadançylygynyň aladasyny edýändigini görüp, diýseň begenýärler! (Iş. 52:10).

«Ýehowa meniň kömekçimdir»

33. Kazyýet işlerine gysgaça seredip nämä göz ýetirdik?

33 Biz kanun taýdan alyp baran söweşlerimize gysgaça seredip, Isanyň: «Men size akyldarlyk bererin, näme aýtmalydygyny öwrederin. Şonda duşmanlaryňyz size garşy hiç zat diýip bilmezler» diýen wadasynda durýandygyna göz ýetirdik (Luka 21:12—15-nji aýatlary okaň). Käwagt Ýehowa biziň günlerimizdäki Gamaliýelleri halkyny goramaga we batyrgaý kazylary hem-de ýuristleri adalatyň tarapyny tutmaga höweslendirýär. Ýehowa biziň duşmanlarymyzyň ýaraglaryny derde ýaramaz ýaly edýär (Işaýa 54:17-ni okaň)g. Hiç bir garşylyk Hudaýyň işini bökdäp bilmeýär.

34. Kanun taýdan gazanan ýeňişlerimizden näme öwrenýäris we bu nämäni subut edýär? (Şeýle-de «Ýokary kazyýetde gazanylan ähmiýetli ýeňişler» diýen çarçuwa serediň).

34 Kanun taýdan gazanan ýeňişlerimizden näme öwrenýäris? Oýlanyp görüň, Ýehowanyň Şaýatlary wezipeli ýa-da abraýly adamlar däl. Biz saýlawlarda ses bermeýäris, syýasy guramalary goldamaýarys ýa-da syýasatçylara täsir etjek bolmaýarys. Galyberse-de, kazyýet işine çekilen dogan-uýalarymyza il arasynda «bilimsiz we sada adamlar» hökmünde garaýarlar (Res. iş. 4:13). Şol sebäpli ynsan gözi bilen garanyňda, dini hem-de syýasy duşmanlarymyza garşy höküm çykaryp, kazyýetiň bize kömek etmegine hiç hili sebäp ýok ýaly görünýär. Muňa garamazdan, kazyýet köplenç biziň bähbidimize karar çykarýar. Kanun taýdan gazanan ýeňişlerimiz biziň «Hudaýyň öňünde Mesihiň şägirtleri hökmünde» gezýändigimizi subut edýär (2 Kor. 2:17). Hawa, bizem Pawlus resulyň: «Ýehowa meniň kömekçimdir, men gorkmaryn» diýen sözlerine goşulýarys (Ýewr. 13:6).

a «Kantuel Konnektikut ştatyna garşy» diýen iş Heýden Kowington doganyň ABŞ-nyň Ýokary kazyýetinde doganlarymyzy gorap çykyş eden 43 sany işiniň ilkinjisidi. Ol 1978-nji ýylda aradan çykdy. Onuň 90 ýaşly aýaly Doroti häzirem pioner bolup gulluk edýär.

b Aýyplama 1606-njy ýylda çykan kanuna esaslanyp, adam hatda hakykaty aýdaýanda-da, onuň sözleri duşmançylyk döredýän ýaly görünse, kazylar ony günäkär saýyp bilýärdi.

c 1950-nji ýylda Kwebekde 164 sany doly wagtly gullukçy bardy. Olaryň 63 sanysy Gilead mekdebini tamamlap, Kwebekde güýçli yzarlamalara duçar boljakdygyny bilseler-de, bu ýere höwes bilen gelipdiler.

d Glen Hau dogan 1943—2003-nji ýyllarda Kanadada we başga ýurtlarda Ýehowanyň Şaýatlarynyň tarapyny tutup, ýüzlerçe kazyýet işinde çykyş eden batyrgaý hem-de başarjaň aklawçydy.

e Bu kazyýet işi barada köpräk bilmek üçin, 2000-nji ýylyň 22-nji aprelinde çykan «Oýanyň!» (rus.) žurnalynyň 18—24-nji sahypalaryndaky «Bu söweş siziňki däl-de, Hudaýyňkydyr» diýen makala serediň.

f Graždan goşun bölümi ahyrsoňy filialyň territoriýasyndan gitse-de, täze filial başga ýerde guruldy.

g Işaýa 54:17 «Seniň garşyňa ýasalan ýarag derde ýaramaz, hökümde garşyňa çykýan her dili aýyplarsyň. Rebbiň bendeleriniň mirasy şudur, Men olary aklaryn» diýýär Reb.

Siz Hudaýyň Patyşalygynyň höküm sürýändigine berk ynanýarmysyňyz?

  • Biziň parahatlygy bozýanlar, hökümete garşy gozgalaň turuzýanlar we söwdagärler däl-de, Hudaýyň gullukçylarydygymyz kazyýetde nädip subut edildi?

  • Öňki ýyllarda kanun taýdan gazanan ýeňişlerimiziň bize nähili peýdasy bar?

  • Hökümet wagyz işimizi gadagan etse näme edýäris?

  • Ynsan gözi bilen garanyňda, Ýehowanyň halkynyň kazyýetde şeýle köp ýeňişleri gazanmagy näme üçin täsin?

  • Kanun taýdan alyp baran söweşlerimize gysgaça seretmek, siziň imanyňyzy nädip berkitdi?

Serbiýada mesihçi maşgala bir aýala öýüniň gapysynda wagyz edýärler

Stara-Pazowa (Serbiýa)

ÝOKARY KAZYÝETDE GAZANYLAN ÄHMIÝETLI ÝEŇIŞLER

SENESI: 1927-nji ýylyň 11-nji noýabry

ÝURT: Şweýsariýa

SEREDILEN IŞ: Din azatlygy

BOLAN WAKA: Polisiýa işgäri Adolf Huber dogana wagyz etmäge päsgel berýär we ony dinleriň arasynda bölünişik döretmekde aýyplap, Mukaddes Ýazgylara esaslanan kitapçalaryny elinden alýar.

KAZYÝETIŇ KARARY: Huber dogan Federatiw Ýokary kazyýetde polisiýa işgäriniň hereketleri babatda nägilelik bildirýär. Kazyýet adamyň dini kitapçalaryny elinden almaklygyň onuň «din azatlygyny» bozýandygyny aýdýar.

NETIJESI: Polisiýa işgärleri Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň wagyz işine päsgelçilik döretmeýär.

SENESI: 1935-nji ýylyň 9-njy iýuly

ÝURT: Rumyniýa

SEREDILEN IŞ: Söz azatlygy

BOLAN WAKA: Alty sany dogan «jemgyýetçilik tertibini we döwlet howpsuzlygyny bozýan» kitaplary ýaýradýandygy üçin tussag edilýär. Doganlary 15 günlük türmä basýarlar.

KAZYÝETIŇ KARARY: Ýokary kazyýet Şaýatlaryň edýän işiniň hem, edebiýatlarynyň hem jemgyýetçilik tertibine howp salmaýandygyny we Şaýatlaryň öz garaýşyny başgalar bilen paýlaşmaga hukugynyň bardygyny mälim edýär.

NETIJESI: Bu karar 1933—1939-njy ýyllarda Şaýatlaryň beýleki 530 işi babatda çykarylan kararlar ýaly, doganlara Konstitusiýadaky hukugyndan peýdalanyp, erkin wagyz etmäge mümkinçilik berýär. Häzir bu ýurtda biziň wagyz işimize ýene-de rugsat berildi.

SENESI: 1953-nji ýylyň 17-nji marty

ÝURT: Niderlandiýa

SEREDILEN IŞ: Söz we metbugat azatlygy

BOLAN WAKA: Piter Hawenar dogan diňe sişenbe we çarşenbe günleri irden sagat 9-dan 11-e çenli edebiýat hödür etmek babatdaky tabşyrygy bozandygy üçin tussag edilýär.

KAZYÝETIŇ KARARY: Ýokary kazyýet bu tabşyrygyň ýaramaz netijeleri berjekdigini aýdýar.

NETIJESI: Bu karara laýyklykda, çap önümlerini hödür etmek hukugyny çäklendirýän islendik tabşyryk (käbir tabşyryklar edebiýatlary hödür etmäge asla mümkinçilik bermeýärdi) güýjüni gaçyran hasaplanýar.

SENESI: 1953-nji ýylyň 6-njy oktýabry

ÝURT: Kanada

SEREDILEN IŞ: Din we söz azatlygy

BOLAN WAKA: Kwebek şäheriniň häkimiýeti polisiýanyň rugsady bolmazdan edebiýat ýaýratmagy gadagan edýän kanun çykarýar. Lorýe Somýur atly aýlanýan gözegçi dogan bu kanuny bozandygy üçin üç aý türmede oturýar.

KAZYÝETIŇ KARARY: Ýokary kazyýet Şaýatlar babatda şeýle kanunyň ulanylmagyny bikanun hasaplaýar. Kazyýet Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlary ýaýratmagyň Ýehowanyň Şaýatlarynyň seždesiniň bir bölegidigini aýdyp, muňa Konstitusiýada metbugata gözegçilik edýän döwlet edarasy tarapyndan rugsat berlendigini belläp geçýär.

NETIJESI: Bu karar esasynda Kwebek welaýatynda başga-da 1 600-den gowrak kanun ýatyrylýar.

SENESI: 1983-nji ýylyň 13-nji iýuly

ÝURT: Serbiýa

SEREDILEN IŞ: Söz we metbugat azatlygy

BOLAN WAKA: Iki uýa Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýat ýaýradýandygy üçin tussag edilýär. Olary «jemgyýetçilik tertibini we parahatçylygyny bozmakda» aýyplap, 5 günlük türmä basýarlar.

KAZYÝETIŇ KARARY: Ýokary kazyýet uýalaryň jenaýatçylykly iş etmeýändigini we olary parahatlygy bozmakda aýyplamaga hiç hili esas ýokdugyny aýdýar.

NETIJESI: Kanun taýdan gazanylan bu ýeňişden soň, Şaýatlar öňki ýaly kän tussag edilmeýär we olaryň edebiýatlary alynmaýar.

SENESI: 1986-njy ýylyň 26-njy maýy

ÝURT: Türkiýe

SEREDILEN IŞ: Din azatlygy

BOLAN WAKA: Ýehowanyň Şaýatlarynyň üç maşgalasy öz şahsyýetnamalarynyň «Din» diýen bölüminde «Ýehowanyň Şaýatlary» diýip görkezilmegi barada arza ýazansoň, 23 sany dogan-uýany sosial we syýasy tertibi bozmaga synanyşmakda aýyplap, tussag edýärler.

KAZYÝETIŇ KARARY: Ýokary kazyýet Şaýatlara garşy çykarylan kararlary ýatyryp, olary aklaýar we Ýehowanyň Şaýatlarynyň din azatlyk hukugyny tassyklaýar.

NETIJESI: Bu karar çykansoň, Şaýatlar dini çärelerine gatnaşýandygy üçin tussag edilmeýär we Türkiýäniň ähli raýatlarynyň din azatlygyna has köp üns berilýär.

SENESI: 1993-nji ýylyň 25-nji maýy

ÝURT: Gresiýa

SEREDILEN IŞ: Dini ynançlaryňy wagyz etmek azatlygy

BOLAN WAKA: 1986-njy ýylda Minos Kokkinakis dogan adamlary öz dinine uýdurmakda 18-nji gezek aýyplanýar. 1938—1992-nji ýyllarda adamlary öz dinine uýdurmagy gadagan edýän grek kanuny esasynda Ýehowanyň Şaýatlary 19 müňden gowrak gezek tussag edilýär.

KAZYÝETIŇ KARARY: Ýewropanyň adam hukuklary boýunça kazyýeti Gresiýanyň hökümetiniň adamyň pikir, wyždan we din azatlygyny bozýandygyny hem-de adamyň dini ynançlaryny wagyz etmek hukugyna garşy çykmaklygyň kanuna laýyk gelmeýändigini aýdyp, Ýehowanyň Şaýatlarynyň «tanymal dindigini» belläp geçýär.

NETIJESI: Gresiýanyň hökümeti adamy öz dinine uýdurmakda aýyplamagy gadagan edýän Kokkinakis dogan babatda gelnen karara ähli kazyýetleriň eýermelidigini tabşyrýar.

SENESI: 2002-nji ýylyň 17-nji iýuny

ÝURT: ABŞ

SEREDILEN IŞ: Söz azatlygy

BOLAN WAKA: Stratton obasynda (Ogaýo ştaty) öýden-öýe aýlanmak bilen bagly iş bilen meşgullanýanlaryň ählisiniň rugsatnama almalydygyny talap edýän kanun çykarylýar. Federatiw we şikaýat kazyýetleri bu kanun Konstitusiýa laýyk gelýär diýip pikir edýärler.

KAZYÝETIŇ KARARY: Ýokary kazyýet şol kanunyň Konstitusiýa laýyk gelmeýändigini aýdyp, adamyň din we söz azatlyk hukugyny tassyklaýar. Şeýle-de kazyýet Ýehowanyň Şaýatlarynyň aýtmagyna görä, «olaryň wagyz etmek ygtyýarynyň Mukaddes Ýazgylara esaslanýandygyny» belläp geçýär.

NETIJESI: Ýerli hökümetiň ýüzlerçe edaralary indi Ýehowanyň Şaýatlarynyň gullugy babatda şeýle kanunlary çykarmaýar.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş