Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Ewnikanyň ajaýyp göreldesi
    Garawul diňi (Ýygnak üçin) — 2022 | Aprel
    • ÇAGALARYŇYZA GÖRELDE BOLUŇ

      12. 2 Timoteos 1:5-e görä, Ewnikanyň göreldesi ogluna nähili täsir etdi?

      12 2 Timoteos 1:5-i okaň. Ewnika ogly Timoteosa diňe sözde däl, iş ýüzünde hem tälim berdi. Ol ogluna imany «iş ýüzünde görkezmeseň ölüdigini» düşündirendir (Ýak. 2:26). Timoteos ejesiniň Ýehowany ýürekden söýüp, köp ýagşy işleri edýändigini we Hudaýa şatlanyp gulluk edýändigini görýärdi. Ejesiniň eden işleri ogluna nähili täsir etdi? Pawlus Timoteosyň hem ejesi Ewnika ýaly Ýehowa ýürekden iman edýändigini aýtdy. Elbetde, iman nesilden-nesle geçmeýär. Timoteos ejesiniň ýagşy işlerini görüp göreldesine eýermek isländir. Şu günler köp uýalar sözi bilen däl-de, edim-gylymy bilen çagalaryna Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek etdiler (1 Pet. 3:1, 2). Olar başaran bolsa, sizem başararsyňyz!

      13. Uýalar näme üçin Ýehowa sežde etmekligi birinji orunda goýmaly?

      13 Ýehowa sežde etmekligi birinji orunda goýuň (5 Mus. 6:5, 6). Uýalar, siz çagalaryňyzyň aladasyny etmek üçin wagtyňyzy, güýjüňizi, puluňyzy we janyňyzy gaýgyrmaýarsyňyz. Çagaňyz ýaraman ýatanda, uzak gije dik oturýarsyňyz. Emma siz näçe işli we ýadaw bolsaňyz-da, Ýehowa sežde etmek üçin wagt tapyň. Hudaýa hemişe doga ediň, Mukaddes Kitaby her gün okaň we ýygnak duşuşyklaryna gatnaşyň. Şonda siziň Hudaýa bolan söýgiňiz hiç haçan sowamaz we maşgalaňyza hem-de dogan-uýalara görelde bolarsyňyz.

  • Ewnikanyň ajaýyp göreldesi
    Garawul diňi (Ýygnak üçin) — 2022 | Aprel
    • 16. Çagalaryny ýeke özi terbiýeleýän uýalaryň imany başgalara nähili täsir edýär?

      16 Uýalar, siziň imanyňyz diňe çagalaryňyzyň däl, dogan-uýalaryň hem ýüregine täsir edýär. Meselem, Pawlus resul Ewnikanyň Hudaýa bolan söýgüsine haýran galýar. Ol Timoteosa: «Seniň ak ýürekden iman edişiň ýadyma düşýär. Şeýle iman... ejeň Ewnikada hem bardy» diýýär (2 Tim. 1:5). Pawlus resul birinji wagyz syýahatynda Listra şäherine barýar. Şonda ol Loýis we Ewnika bilen tanşyp, olara mesihçi bolmaga kömek eden bolmaly (Res. 14:4—18). Pawlus Ewnikanyň berk imanyny hiç haçan unutmady. Şondan 15 ýyl geçensoň Pawlus Timoteosa hat ýazyp, Ewnikanyň berk imany hakda agzaýar. Ewnikanyň göreldesi diňe bir Pawlus resulyň däl, köp dogan-uýalaryň imanyny berkitdi. Uýalar, çagalaryňyzy ýeke özüňiz terbiýeleýän bolsaňyz, gaýratyňyz gowşamasyn! Siziň imanyňyzdan diňe bir çagalaryňyz däl, dogan-uýalar hem görelde alýarlar.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş