«Hudaýy tananyňyzdan» soňra näme edersiňiz?
«Siz Hudaýy tanaýarsyňyz». GAL. 4:9
1. Näme üçin uçarman görkezmä görä uçary barlamaly?
UÇARMAN uçmazyndan öňürti her gezek gowy taýýarlyk görýär. Ol ýörite berlen görkezmä görä uçary barlaýar. Eger ol şeýle etmese, uçaryň näsazlygyny bilmän betbagtçylyga uçrar. Hatda iň ökde uçarmanlar-da, otuzdan gowrak berlen görkezmäni ýekeme-ýeke gözden geçirmeli.
2. Mesihçilere näme maslahat berilýär?
2 Siz-de paýhasly uçarmandan görelde alyp, kynçylyklarda imanyňyz gowşamaz ýaly, ony ýörite görkezmä görä barlap bilersiňiz. Siz ýaňy-ýakynda suwda çokundyrylan bolsaňyz-da ýa-da ençeme ýyl bäri Hudaýa gulluk etseňiz-de, imanyňyzyň berkligini we Hudaýa wepalylygyňyzy yzygiderli barlap durmaly. Eger mesihçi şeýle barlagy geçirmäge jan etmese, ruhy taýdan betbagtçylyga uçrar. Mukaddes Ýazgylarda şeýle duýduryş berilýär: «Men dogrudyryn diýip pikir edýän adam öz ýykylmagyndan ägä bolsun» (1 Kor. 10:12).
3. Galatýadaky mesihçiler näme etmelidiler?
3 Galatýadaky mesihçiler imanynyň berkligini barlap, ruhy azatlygyna minnetdar bolmalydylar. Isanyň töleg gurbany arkaly olara Hudaýyň ogullary bolmaga ajaýyp mümkinçilik berlipdi (Gal. 4:9). Galatýaly mesihçileriň käbiri Musanyň kanunyna eýermegi talap edýärdiler. Ýöne olar Ýehowa bilen gowy gatnaşygyny saklar ýaly, ýehudylaryň taglymatlaryny inkär etmelidiler. Ýehudy däl mesihçiler bolsa, hiç haçan Musanyň kanuny boýunça ýaşamandyrlar. Görşümiz ýaly, ýehudylar-da, ýehudy däller-de ruhy taýdan ösmelidiler. Indi olar Hudaýyň Musanyň kanunyna eýermegi talap etmeýändigine düşünmelidiler.
HUDAÝY TANAMAK ÜÇIN ÄDILEN ÄDIMLER
4, 5. Pawlus Galatýadaky mesihçilere nähili maslahat berdi we ol näme üçin bize-de degişli?
4 Pawlus resul galatýaly mesihçilere ýazan hatynda, olara Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty taşlamazlygy we yzda galan zatlara dolanmazlygy ündedi. Ýehowa Pawlus arkaly diňe bir Galatýadaky mesihçileri däl, eýsem, ähli gullukçylaryny imanda berk durmaga höweslendirýär.
5 Biziň ählimiz ruhy gulçulykdan azatlyga çykandygymyzy we Ýehowanyň Güwäçisi bolandygymyzy unutmasak gowy bolardy. Munuň üçin, geliň, şu iki soraga seredeliň: «Siziň suwda çokundyrylmak üçin äden ädimleriňiz ýadyňyzdamy? Hudaý barada bilim alyp başlanyňyzda we ruhy azatlyga çykanyňyzda nähili şatlyk tapandygyňyz ýadyňyza düşýärmi?
6. Haýsy görkezmäni ara alyp maslahatlaşarys?
6 Umuman, biz hakykaty bilip başlanymyzdan bäri dokuz ädim ätdik («Hudaýy tanamak üçin äden ädimlerimiz ruhy taýdan ösmäge kömek eder» diýen çarçuwa serediň). Bu dokuz ädimi elmydama özümize ýatladyp dursak, yzda galan zatlara dolanmazlyga güýç berer. Ökde uçarmanyň uçmazdan öň görkezmä hemişe salgylanyşy ýaly, siz hem ruhy görkezmä eýerseňiz, mundan beýläk-de, Hudaýa gulluk etmäge ýardam berer.
HUDAÝYŇ TANAÝANLARY RUHY TAÝDAN ÖSMEGINI DOWAM EDÝÄRLER
7. Biz nähili «nusga» eýermeli we näme üçin?
7 Uçarmanyň uçmazdan öň her gezek berlen görkezmäni ýekeme-ýeke gözden geçirişi ýaly, biz hem ruhy taýdan ösýändigimizi barlap durmaly. Pawlus Timoteosa: «Menden eşiden sagdyn sözleriňiň nusgasyny iman, Mesih Isa bolan söýgi bilen gaýym sakla» diýdi (2 Tim. 1:13). «Sagdyn sözleri» Hudaýyň Sözünden tapsa bolýar (1 Tim. 6:3). Grek dilinden terjime edilen «nusga» sözi suratçynyň eskizini aňladýar. Ol bize suratyň umumy nusgasyny görkezýär, şonuň ýaly-da, «sagdyn sözleriň nusgasy» bize Ýehowanyň umumy talap edýän zatlaryna düşünmäge kömek edýär. Geliň, häzir suwda çokundyrylmazymyzdan öň äden ädimlerimiz barada gürrüň edip, hakykatyň nusgasyna nädip eýerýändigimizi barlalyň.
8, 9. a) Biz bilim we iman babatda näme etmeli? b) Ruhy taýdan ösmegiň we ösmegi dowam etmegiň wajypdygyny mysal arkaly düşündiriň.
8 Berlen görkezmä görä, ilki bilen, biz bilim aldyk, soňra imanymyzy ösdürdik. Emma biz bilim almagymyzy we imanymyzy berkitmegi dowam etmeli (2 Sel. 1:3). Diýmek, suwda çokundyrylandan soň hem ruhy taýdan ösmegi we berkemegi bes etmeli däl.
9 Biziň ruhy taýdan ösüşimizi agajyň ösüşine meňzetse bolýar. Agajyň köki ýere näçe çuň we berk ornaşsa, onuň boýy şonça-da uzyn bolýar. Meselem, Liwanda ösýän käbir kedr agajynyň uzynlygy on iki gatly jaýyň beýikligi bilen deň bolýar. Ol agajyň düýbüniň ini 12 metri tutýar (Nag. 5:15). Bu agaç başda örän çalt ösýär. Onuň köki ýere çuň ornaşyp, dürli tarapa ýaýraýar. Soňra onuň ösüşi kän bir göze görünmeýär. Mesihçiniň ruhy taýdan ösüşi-de şeýledir. Belki-de, biz Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip başlanymyzda ruhy taýdan çalt ösüp, suwda çokundyrylandyrys. Dogan-uýalar muny görüp begenendirler. Mümkin, biz pioner gullugyna başlandyrys ýa-da bize jogapkärli işler tabşyrylandyr. Wagtyň geçmegi bilen, biziň ruhy ösüşimiz göze görünmän başlaýar. Muňa garamazdan, biz «kämillige, Mesihiň dolulygyndaky ýetişenlik derejä ýetmek» üçin, imanda we bilimde ösmegimizi dowam etmeli (Efes. 4:11). Şeýlelikde, kiçijik baldakdan berk we gowy agajyň ösüşi ýaly, biz hem ruhy taýdan ösüp, ýetişen mesihçi bolarys.
10. Näme üçin ruhy taýdan ýetişen mesihçiler hakykatda ösmegini dowam etmeli?
10 Emma biz ruhy taýdan ösmegimizi bes etmeli däl. Hudaýyň Sözüne esaslanan bilimimiz we imanymyz agajyň köki ýaly berk hem çuň bolmaly. Şonda biziň kökümiz Hudaýyň Sözünde çuňňur ornaşar (Sül. tym. 12:3). Köp dogan-uýalar şeýle-de edýärler. Meselem, 30 ýyldan bäri ýygnak ýaşulusy bolup gulluk edýän dogan ruhy taýdan ösmegini dowam edýändigini şeýle gürrüň berýär: «Meniň Mukaddes Ýazgylara bolan minnetdarlygym gün-günden artýar. Men Hudaýyň Sözündäki prinsipleri we kanunlary ulanmagyň täze usullaryny tapýaryn hem-de wagyz gullugyndan köp şatlyk alýaryn».
HUDAÝ BILEN DOSTLUGYŇYZY BERKIDIŇ
11. Biz Ýehowany nädip gowy tanap bileris?
11 Biz ruhy taýdan ösmegimizi dowam etmek üçin Ýehowa Dost we Ata hökmünde garamaly. Ol bizi söýýär we goraýar hem-de muny biziň bilmegimizi isleýär. Çaga söýgüden doly ata-enesiniň gujagynda ýa-da adam hakyky hem wepaly dostunyň ýanynda özüni nähili duýýan bolsa, Ýehowa-da biziň özümizi şeýle duýmagymyzy isleýär. Elbetde, Ýehowanyň goragyny we söýgüsini duýmak üçin wagt hem tagalla etmek gerek. Munuň üçin Mukaddes Ýazgylary her gün okamaga wagt sarp etmeli. Şeýle-de «Garawul diňi», «Oýanyň!» žurnallarynyň her sanyny we Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlary okamaly.
12. Ýehowa bizi tanar ýaly näme etmeli?
12 Doga we gowy gürrüňdeşlik Hudaý bilen dostlukly gatnaşygymyzy berkitmäge kömek eder (Malaky 3:16-ny okaň). Ýehowanyň «gulagy olaryň ýalbaryşlaryna gerlendir» (1 Pet. 3:12). Biz Ýehowa ýalbaryp, kömek sorasak, Ol söýgüli ata-ene ýaly bizi diňlär. Şol sebäpli «dogada erjellik etmeli» (Rim. 12:12). Hudaýyň kömegi bolmasa, biz ruhy taýdan ýetişen mesihçi bolup bilmeris. Bu dünýäniň täsirine garşy durmak we ony ýeňmek aňsat däl. Eger biz dogada erjel bolmasak, Hudaýyň kömeginden mahrum bolarys. Siz Ýehowa wepaly dost hökmünde ýüzlenýärmisiňiz ýa-da bu babatda ösmegiňizi dowam etmeli? (Ýer. 16:19).
13. Näme üçin ruhy taýdan öser ýaly imandaşlarymyz bilen gürrüňdeş bolmaly?
13 Biz ýygnak duşuşygyna yzygiderli gatnaşmaly, şonda Ýehowanyň dostlary bilen dostlaşyp bileris. Ýehowa «Özünden pena» gözleýän adamlary söýýär (Nah. 1:7). Bu dünýä erbetlikden doly, şol sebäpli dogan-uýalar bilen gürrüňdeş bolmaga wagt sarp etmeli. Şonda biz birek-biregi «söýgi, oňat işler üçin gaýrata galmaga» höweslendirip, birek-birege kömek edip bileris (Ýew. 10:24, 25). Pawlusyň bu maslahatyna eýermek üçin ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmaly. Şol sebäpli duşuşyklara yzygiderli baryň we soraglara jogap bermäge taýyn boluň.
14. Biz näme üçin hemişe toba etmeli we dönmeli?
14 Biz mesihçi bolmak üçin toba etdik we döndük, ýagny günä işlerden el çekdik. Emma biz toba edip, durmuşymyzy özgertmäge hemişe taýyn bolmaly. Bikämillik we gowşak taraplarymyz bizi aňsatlyk bilen günä iterip biler. Günä-de ýylan ýaly bizi çakmaga elmydama taýyn (Rim. 3:9, 10; 6:12—14). Şol sebäpli gowşak taraplarymyzy äsgermezçilik etmäliň. Eger biz olara garşy göreşmäge we özgermäge ýürekden taýyn bolsak, Ýehowa bize sabyrly bolar (Flp. 2:12; 2 Pet. 3:9). Geliň, wagtymyzy we güýjümizi öz höweslerimize däl-de, Ýehowa gulluk etmäge sarp edeliň! Bir uýa şeýle ýazýar: «Men Ýehowanyň Güwäçileriniň maşgalasynda terbiýe aldym. Ýöne meniň Ýehowa bolan garaýşym beýlekileriňkiden tapawutlanýardy. Men Hudaýdan gorkýardym we Onuň göwnünden turup bilmerin öýdýärdim». Uýa özüni Ýehowadan daşda duýup, birnäçe ýalňyşlyklar goýberdi. Ol şeýle diýýär: «Men Ýehowany söýýärdim, ýöne Ony tanamaýardym. Şol sebäpli-de şeýle boldy. Men Ýehowa dyngysyz doga etdim we garaýşymy özgerdip başladym. Kiçijik çaganyň aladasy edilişi ýaly, Ýehowa-da maňa näme etmelidigini mähirli görkezdi we päsgelçilikleri ýuwaş-ýuwaşdan aýyrmaga kömek etdi».
15. Isa bilen Ýehowa nämä üns berýär?
15 Hoş habary «halka... wagyz ediň». Petrus we beýleki resullar türmeden gudrat bilen boşanlaryndan soň, Hudaýyň perişdesi olara şu sözleri aýdypdy (Res. iş. 5:19—21). Hawa, biz her hepdede wagyz işine gatnaşyp, görkezmä görä hereket edýäris. Isa bilen Ýehowa biziň imanymyza we wagyz gullugymyza üns berýär (Ylh. 2:19). Wagyz gullugy biziň durmuşymyzda esasy orun tutmaly.
16. Näme üçin biz özümizi Ýehowa bagyş edendigimiz barada hemişe oýlanmaly?
16 Hudaýa özüňi bagyş edendigiň barada hemişe oýlanyp dur! Biziň iň gymmatly zadymyz — Ýehowa bilen dostlukly gatnaşygymyz. Ol özüne degişli adamlaryň ählisini tanaýar (Işaýa 44:5-i okaň). Siz doga arkaly Ýehowa bilen dostlukly gatnaşygyňyzyň nähili derejede berkdigini barlaň. Şeýle-de suwda çokundyrylan günüňizi unutmaň. Bu siziň durmuşda eden iň pähimli ädimiňizdir.
ÇYDAMLYLYK GÖRKEZIP, ÝEHOWA BILEN DOSTLUKLY GATNAŞYGYŇYZY SAKLAŇ
17. Ýehowa bilen berk dostlugymyzy saklar ýaly näme üçin bize çydamlylyk gerek?
17 Pawlus galatýalylara ýazan hatynda çydamlylygyň möhümdigini belläp geçdi (Gal. 6:9). Bu şu günki mesihçiler üçin-de wajyp. Siz kynçylyklara uçrarsyňyz, ýöne Ýehowa size kömek eder. Hemişe Ondan mukaddes ruhy diläň! Sizde kynçylyklar bolsa-da, Hudaý size şatlyk we parahatlyk berer (Mat. 7:7—11). Şu barada oýlanyp görüň: eger Ýehowa guşlaryň aladasyny edýän bolsa, onda Ol siz barada, ýagny Ony söýýän we özüni Oňa bagyş eden adam barada alada etmezmi? (Mat. 10:29—31). Siz agyr kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz göreşmeli bolsaňyz-da, hiç haçan ýadamaň. Hakykat üçin goýan zatlaryňyza gynanmaň! Biz Ýehowany tanaýarys, Ol bize köp bereketleri eçýär.
18. «Hudaýy tanaýanlaryň» ählisi näme etmeli?
18 Siz Hudaýy ýaňy-ýakynda tanap, suwda çokundyrylan bolsaňyz näme etmeli? Ýehowany tanamagyňyzy we ruhy taýdan ösmegiňizi dowam ediň. Siz ençeme ýyl mundan öň suwda çokundyryldyňyzmy? Onda Siz Ýehowa barada bilim almagyňyzy we ony çuňlaşdyrmagyňyzy dowam etmeli. Geliň, hiç haçan Hudaýy gowy tanaýarys we Onuň bilen dostlukly gatnaşygymyzy berkitmegiň zerurlygy ýok diýip pikir etmäliň! Ruhy görkezmedäki ähli zatlara wagtal-wagtal göz aýlap duralyň. Şonda biz söýgüden doly Atamyz, Dostumyz we Hudaýymyz Ýehowa has-da ýakyn bolarys (2 Korintoslylar 13:5, 6-njy aýatlary okaň).