-
Hakykaty öwrediňDurmuş we wagyz. Okuw depderi — 2016 | awgust
-
-
HUDAÝA ÝARAMLY ÝAŞAMAK
Hakykaty öwrediň
«Ýaramly ýaşamak we gulluk. Okuw depderçesine» sentýabr aýyndan başlap, «Hakykaty öwrediň» diýip atlandyrylan wagyz üçin täze teklip giriziler. Biz soraglar we aýatlar arkaly Mukaddes Ýazgylardaky hakykatyň esasy taglymatlaryna üns bereris.
Eger adam gyzyklansa, ony idemek üçin edebiýat goýup ýa-da jw.org saýtyndan wideo görkezip onuň höwesini artdyryp bilersiňiz. Biz birki günüň içinde öňki gürrüňdeşligimizi dowam etmek üçin ikilenç ideg etmeli. Täze teklipler «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» kitabyndaky temalara esaslanar. Babyň ahyrynda ikilenç ideg etmek üçin ýa-da okuwy diňe Mukaddes Ýazgylar arkaly geçirer ýaly goşmaça aýatlar berilýär.
Ýaşaýşa eltýän ýeke täk ýol bar (Mt 7:13, 14). Biz dürli dindäki we medeniýetdäki adamlar bilen gepleşýändigimiz üçin, Mukaddes Ýazgylaryň hakykatyny her bir adama täsir eder ýaly edip aýtmaly (1Tm 2:4). Mukaddes Ýazgylardaky dürli temalara has gowy düşünenimizde we «hakykat sözüni dogry ulanyp», ukyplarymyzy ösdürenimizde, şatlygymyz artar hem-de hakykaty adamlara ökdelik bilen öwrederis (2Tm 2:15).
-
-
Sentýabr aýy üçin ýörite teklipDurmuş we wagyz. Okuw depderi — 2016 | awgust
-
-
HUDAÝA ÝARAMLY ÝAŞAMAK
Sentýabr aýy üçin ýörite teklip
Bütin dünýädäki adamlar tesellä mätäç (Wg 4:1). Biz sentýabr aýynda ýörite teklibi ulanarys.
NÄME DIÝMELI?
Biziň hemmämiz käte tesellä mätäç bolýarys. Emma biz nireden teselli tapyp bileris? (2 Korinfliler 1:3, 4-nji aýatlary oka). Şu broşýurada (hf bap 8, sah. 26—28) Hudaýyň bize nädip teselli berýändigi aýdylýar.
Eger adam gyzyklansa...
«MUKADDES ÝAZGYLARY ÖWRENMEGIŇ NÄME PEÝDASY BAR?» DIÝEN WIDEONY GÖRKEZ
Soňra Mukaddes Ýazgylar okuwyny teklip et.
IKILENÇ IDEGE GEPLEŞ
Ikilenç idegde gürrüň eder ýaly bir sorag beriň. Meselem, «Hudaý horluklaryň bolmagyna näme üçin ýol berýär?» diýen ýaly sorag berse bolar.
-