Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Hakykatyň esasyna düşünmegiň peýdasy
    Garawul diňi — 2012 | 15 ýanwar
    • ondan köp zady talap edýändigini görkezerdi (Malaki 1:13-i okaň)a. Bu bizi Hudaýa gulluk edişimiz barada oýlandyrmaly. Özümize şeýle soraglary bereliň: «Men Ýehowa näme üçin gulluk edýärin? Men Hudaýa iň gowy zatlarymy berýärinmi? Men Hudaýa nähili we näme niýet bilen gulluk edýärin?»

      8, 9. Ysraýyllylaryň nähili niýet bilen gurban berendiginden näme öwrenýäris?

      8 Ysraýylla Ýehowa minnetdarlygyny bildirip, meýletin gurbanyny ýa-da Ýehowanyň razylygyny gazanmak üçin ýakma gurbanyny berende, höwes bilen iň gowy malyny bermek aňsatdy. Şu günler biz Musanyň kanunynda agzalan gurbanlary bermesek-de, Ýehowa gulluk etmek üçin wagtymyzy, güýjümizi, serişdelerimizi sarp edýäris. Pawlus resul umydymyz barada «ykrar edýän dodaklaryň miwesini» we «ýagşylyk etmegi, baryňyzy beýlekiler bilen paýlaşmagy» Hudaýa ýaraýan gurbanlar diýdi (Ýew. 13:15, 16). Biz Ýehowa gowy niýet bilen gulluk edip, beren ähli zatlaryna minnetdarlygymyzy bildirýäris. Biz hem ysraýyllylar ýaly, Hudaýa nähili niýet bilen we näme üçin gulluk edýändigimizi barlamaly.

      9 Käbir ýagdaýlarda Musanyň kanunyna görä, adamdan günäsi we ýazygy üçin gurban bermek talap edilýärdi. Seniň pikiriňçe, şeýle talap edilýän gurbanlary höwes bilen bermek kyndymy? (Lew. 4:27, 28). Eger adam Ýehowa bilen dost bolmak islese, onda kyn bolmazdy.

      10. Biz dogan bilen ýaraşmak üçin nähili «gurbanlar» bermeli?

      10 Şu günler biz hem bilmän ýa-da oýlanman bir zat diýip, doganyň göwnüne degmegimiz mümkin. Şonda ynsabymyz ezýet berip biler. Biz Ýehowany razy etmek islesek, ýalňyşymyzy düzetmek üçin elimizde baryny ederis. Şeýle ýagdaýda dogandan ýürekden ötünç soramaly. Eger biz agyr günä etsek, ýygnak ýaşulularyna ýüz tutmaly (Mat. 5:23, 24; Ýakup 5:14, 15). Dogana ýa-da Hudaýa garşy günä etsek, günämiz bagyşlanar ýaly tagalla ederis. Biz şeýle «gurbanlar» bermäge taýyn bolsak, ynsabymyz arassa bolup, Ýehowa we doganymyz bilen gowy gatnaşykda bolarys. Şonda Ýehowanyň bize iň gowy zatlary isleýändigine göz ýetireris.

      11, 12. a) Salamatlyk gurbany näme? b) Salamatlyk gurbanyndan näme öwrenip bileris?

      11 Şeýle-de Musanyň kanunynda salamatlyk gurbanlary barada hem aýdylýar. Salamatlyk gurbany adamyň Ýehowa bilen gowy gatnaşykdadygyny

  • Ýygnakda abatlaýjy ruhy saklaň
    Garawul diňi — 2012 | 15 fewral
    • Ýygnakda abatlaýjy ruhy saklaň

      «Reb Mesihiň merhemeti siziň ruhuňyz (pikiriňiz) bilen bolsun!» (FLP. 4:23, TD).

      BIZ ÝYGNAKDA... NÄDIP ABATLAÝJY RUHY SAKLAP BILERIS?

      • dogan-uýalaryň arasynda,

      • yhlasly wagyz edip,

      • agyr günäni aýdyp

      1. Filipidäki we tiýatiradaky mesihçiler näme üçin öwgä mynasypdy?

      BIRINJI asyrda filipidäki mesihçiler garyp ýaşaýardy. Emma olar sahydylar we dogan-uýalara mähirli söýgüsini bildirýärdiler (Flp. 1:3—5, 9; 4:15, 16). Şol sebäpli Pawlus resul olara şeýle ýazdy: «Reb Mesihiň merhemeti siziň ruhuňyz (pikiriňiz) bilen bolsun!» (Flp. 4:23, TD). Tiýatiradaky mesihçiler hem şeýle ruhda bolandygy üçin, Isa Mesih olara şeýle diýdi: «Men seniň nämeler edeniňi bilýärin. Söýgiňi, imanyňy, hyzmatyňy, sabryňy, soňra edenleriň ozalky edenleriňden köpdigini bilýärin» (Ylh. 2:19).

      2. Biz nädip ýygnagymyzyň ruhuna täsir edip bileris?

      2 Şu günler Ýehowanyň Güwäçileriniň her bir ýygnagy belli bir ruhy bilen tanalýar. Bir ýygnak mähirliligi we söýgüsi bilen tanalýar. Başgalary bolsa, yhlasly wagyz edip, pioner gullugyny gymmat saýýandygy bilen tapawutlanýar. Her birimiz abatlaýjy ruhy ösdürsek, ýygnagyň agzybirligine we ruhy taýdan ösmegine ýardam ederis (1 Kor. 1:10). Emma biz nädogry garaýyşda bolsak, onda ýygnagyň ruhy taýdan gowşamagyna, biperwaýlygyna ýardam edip, hatda agyr günälere göz ýumarys (1 Kor. 5:1; Ylh. 3:15, 16). Siziň ýygnagyňyzyň ruhy nähili? Sen nädip ýygnagyňda abatlaýjy ruhuň bolmagyna ýardam edip bilersiň?

      ABATLAÝJY RUHUŇ BOLMAGYNA ÝARDAM EDIŇ

      3, 4. Biz nädip Ýehowany şöhratlandyryp, uly ýygnakda öwgi aýdyp bileris?

      3 Mezmurçy şeýle aýdym aýtdy: «Men uly ýygnakda Saňa (Ýehowa) şükür ederin, köp halkyň arasynda Saňa sena ederin» (Zeb. 35:18). Ol Hudaýyň başga gullukçylar bilen Ýehowany şöhratlandyrýandygyna begenýärdi. Biz hem her hepde geçirilýän ýygnak duşuşyklarynda, şol sanda «Garawul diňi» öwrenilýän duşuşykda jogaplar berip, imanymyzy, yhlasly ruhumyzy görkezip bileris. Munuň üçin özümize şeýle soraglary bermeli: «Men mümkin boldugyndan, ýygnakda jogap berýärinmi? Men ýygnaklara gowy taýýarlanyp, manyly jogaplar berýärinmi? Maşgalabaşy hökmünde, çagalaryma jogap bermäge öňünden taýýarlanmaga kömek edýärinmi we olara öz sözleri bilen aýtmagy öwredýärinmi?

      4 Biz ýygnaklarda aýdym aýdyşymyz bilen ýüregimiziň berkdigini, ýagny dogry hereket etmegi ýüregimize düwendigimizi görkezip bilýäris. Dawut şeýle diýdi: «Meniň ýüregim berkdir, eý Hudaý, ýüregim berkdir; men nagma aýdyp, alkyş ederin» (Zebur 57:7). Biziň mesihçiler ýygnagynda Ýehowa tüýs ýürekden, saza goşulup, aýdym aýtmaga mümkinçiligimiz bar. Eger biz käbir aýdymlary bilmeýän bolsak, onda maşgala okuwynda ýat tutup bileris. Geliň, Ýehowa dirikämiz, ýagny «barkamyz» öwgüli aýdymlar aýdalyň (Zeb. 104:33).

      5, 6. Biz nädip dogan-uýalara myhmansöýerligimizi, sahylygymyzy görkezip bileris we bu ýygnaga nähili täsir eder?

      5 Şeýle-de dogan-uýalara myhmansöýerligimizi görkezip, söýgimizi bildirip bileris. Pawlus resul ýewreýlere ýazan hatynyň soňky babynda: «Myhmansöýerligi unutmaň» diýdi (Ýew. 13:2). Aýlanýan gözegçileri we olaryň aýallaryny hem-de öz ýygnagyňdaky pionerleri nahara çagyryp, myhmansöýerligiňi görkezip bilersiň. Onsoňam, maşgala okuwymyza dul aýallary, çagalaryny ýeke terbiýeleýänleri we beýleki dogan-uýalary çagyrmagy ýatdan çykarmalyň.

      6 Pawlus resul Timoteosa şeýle maslahat berdi: «Olara ýagşylyk etmegi, ýagşy işlere baý bolmagy, sahylygy, jomartlygy tabşyr. Soňsuz ýaşaýşa eýe bolar ýaly, geljek üçin özlerine berk bina boljak hazynany birikdirsinler» (1 Tim. 6:17—19). Pawlus resul imandaşlaryny sahylyk ruhuny ösdürmäge höweslendirdi. Hatda ykdysady taýdan kyn wagtda-da, sahy bolup bileris. Meselem, maşynyň bolsa, kömege mätäç dogan-uýalary wagyz edilýän meýdança we ýygnaga äkidip bilersiň. Kömek edilen dogan-uýalar nädip minnetdarlygyny bildirip biler? Ýangyjyň gymmatlaýandygy sebäpli, olar ýagdaýyna görä, kömek eden dogana benzin puluny berip biler. Şeýle-de biz wagtymyzy dogan-uýalar bilen geçirsek, olar özleriniň gadyrynyň bilinýändigini we söýülýändigini duýarlar. Biz imandaşlarymyza ýagşylyk etsek we wagtymyzy hem-de serişdämizi bermäge taýýar bolsak, diňe bir olara bolan söýgimizi däl-de, eýsem, ýygnagyň abatlaýjy ruhuna ýardam ederis (Gal. 6:10).

      7. Ýygnakda abatlaýjy ruhuň bolmagyna syr saklamak nädip ýardam edýär?

      7 Dostluk we syr saklamak hem dogan-uýalar bilen söýgimizi berkidýär (Süleýmanyň tymsallary 18:24-i okaň). Hakyky ynamly dostlar öz şahsy işleri barada başgalara gürrüň bermeýärler. Dogan-uýalarymyz öz içki pikirini we duýgularyny bize gürrüň berende, başga birine aýtmasak, birek-birege bolan söýgimiz has-da berkär. Geliň, ynamdar dostlar ýaly bolalyň, şonda ýygnakda maşgaladaky ýaly söýgi bolar (Sül. tym. 20:19).

      YHLASLY WAGYZ EDIŇ

      8. Laodikiýadakylara nähili maslahat berildi we näme üçin?

      8 Isa Laodikiýadaky ýygnaga: «Seniň nämeler edeniňi bilýärin. Sen ne sowuk, ne-de gyzgynsyň. Käşgä sowuk ýa gyzgyn bolsadyň! Ne gyzgyn, ne-de sowuk, ýöne ýylylygyň üçin, Men seni agzymdan gusaryn» diýdi (Ylh. 3:15, 16). Laodikiýadaky mesihçileriň wagza bolan yhlasy gowşapdy. Bu olaryň biri-birine bolan gatnaşygyna täsir etdi. Şol sebäpli Isa söýgi bilen şeýle maslahat berdi: «Men söýýänlerimiň hemmesine käýäp, terbiýe berýändirin. Şonuň üçin, yhlasly bol-da toba et» (Ylh. 3:19).

      9. Biz yhlasly gulluk etsek, ýygnaga nähili täsir eder?

      9 Ýygnakda abatlaýjy we gowy ruhy saklamak üçin, biz yhlasly wagyz etmeli. Ýygnak akýürekli adamlary tapmaga we olara hakykaty öwretmäge kömek edýär. Biz hem şägirt taýýarlanymyzda, Isa ýaly yhlasly bolmaly (Mat. 28:19, 20; Luka 4:43). Biz näçe yhlasly wagyz etsek, «Hudaýyň işdeşleri» hökmünde has agzybir bolarys (1 Kor. 3:9). Dogan-uýalar bilen wagyz edenimizde, olaryň imanyny we Ýehowa hem-de hakykata bolan söýgüsini görkezýändigini görüp, olara bolan söýgimiz we hormatymyz artar. Şeýle-de biz «bir pikirde» bolup gulluk etsek, ýygnagyň agzybirligine ýardam ederis (1 Korintoslylar 1:10-y okaň).

      10. Biz ökde wagyz etsek, ýygnakdaky başga dogan-uýalara nähili täsir eder?

      10 Biz ökde wagyz etmäge çalyşsak, başgalara gowy täsir eder. Biz wagyz edýän adamlarymyz bilen içgin gyzyklansak we olaryň ýüregine ýetmek üçin jan etsek, ökdelik bilen wagyz ederis (Mat. 9:36, 37). Biz yhlasly bolsak, bile wagyz edýän dogan-uýalarymyz hem hyjuwly bolar. Isa şägirtlerini wagyz etmäge iki-ikiden iberdi (Luka 10:1). Bu olara biri-birinden öwrenmäge, şatlanmaga hem-de has hyjuwly wagyz etmäge ýardam etdi. Biz hem yhlasly wagyzçylar bilen gulluk edýändigimize diýseň begenýäris! Olaryň hyjuwy bizi ruhlandyrýar we köp wagyz etmäge höweslendirýär (Rim. 1:12).

      IGENMÄŇ WE GÜNÄ ETMÄŇ

      11. Musanyň döwründe käbir ysraýyllylar nähili ruhy görkezdiler we bu nämä eltdi?

      11 Ýehowa Ysraýyly aýratyn halk edip saýlandan soň köp wagt geçmänkä, olar nägilelik bildirip, igenip başladylar. Şeýdip olar Ýehowa we onuň goýan ýolbaşçylaryna garşy pitne turuzdylar (Müs. çyk. 16:1, 2). Wada edilen diýara Müsürden çykan ysraýyllylaryň diňe birnäçesi girdi. Hatda Musada ysraýyllylaryň pitneçi ruhy sebäpli ýalňyşyp, Wada edilen diýara girip bilmedi! (Kan. tag. 32:48—52). Şu günler biz hem erbet garaýyşda bolmaz ýaly, näme edip bileris?

      12. Biz igenmez ýaly näme etmeli?

      12 Biz hem igenmekden gaça durmaly. Igenmez ýaly, kiçigöwünliligi ösdürmeli we ygtyýarly adamlara hormat goýmaly. Şol sebäpli kim bilen gatnaşyk edýändigimize ünsli bolmaly. Biz zyýanly göwün açmalary saýlasak we Ýehowanyň prinsiplerine hormat goýmaýan işdeşlerimiz ýa-da klasdaşlarymyz bilen köp wagt geçirsek, erbet täsir eder. Nädogry garaýyşly we özbaşdak bolmak isleýän adamlar bilen gatnaşyk etmesek, paýhasly bolardy (Sül. tym. 13:20).

      13. Ýygnakda igenjeňlik bildirmek, ruhy taýdan nädip zyýan ýetirip biler?

      13 Kimdir birine igensek, ruhy taýdan zyýan ýetirer. Meselem, igenjeňlik ýygnakda parahatlygy we agzybirligi bozar. Şeýle-de dogan-uýalardan nägile bolsak, diňe bir olaryň ýüregine ýara salman, eýsem, töhmet we ýamanlama ýaly günäleri ederis (Lew. 19:16; 1 Kor. 5:11). Birinji asyrda käbir igenjeňler häkimiýeti äsgermän, ýolbaşçy doganlara sögýärdiler (Ýahuda 8, 16). Elbetde, Hudaý jogapkär doganlara nägilelik bildirýänlerden närazydy.

      14, 15. a) Günäni gizlesek, bütin ýygnaga nähili täsir eder? b) Kimdir biriniň gizlin eden günäsini bilsek, näme etmeli?

      14 Biz kimdir biriniň spirtli içgileri köp içip, pornografiýa görüp ýa-da ahlaksyzlyk edip gizlin günä edýändigini bilsek, näme etmeli? (Efes. 5:11, 12). Eger biz şeýle agyr günälere göz ýumsak, Ýehowanyň ruhunyň bütin ýygnaga täsir etmegine päsgel bereris we agzybirlik bozular (Gal. 5:19—23). Korintosdaky mesihçileriň ýygnakdan ähli hapalygy aýryşy ýaly, şu günler biz hem ýygnakda gowy sagdyn ruh bolar ýaly, ony islendik azdyryjy täsirden goramaly. Siz ýygnakda parahatlygy saklamak üçin näme edip bilersiňiz?

      15 Ýokarda aýdylyşy ýaly, käbir meselelerde, aýratynam, biri öz duýgularyny, pikirlerini aýdanda, syr saklamaly. Kimdir biriniň syryny ýaýratmak nädogry we zyýanlydyr. Emma agyr günä edilse, ýygnagyň ýaşululary Mukaddes Ýazgylara görä, ony derňemeli we anyklamaly (Lewiler 5:1-i okaň). Şol sebäpli bir doganyň ýa-da uýanyň günä edendigini bilsek, ýaşula ýüz tutmagy oňa maslahat bermeli (Ýakup 5:13—15). Biraz wagt geçensoň, ol ýaşululara ýüz tutmasa, onda özümiz aýtmaly.

      16. Agyr günä barada ýaşululara aýtsak, nädip ýygnagyň ruhuny abatlarys?

      16 Mesihçiler ýygnagy — ruhy jennetdir. Şonuň üçin agyr günäler barada duýduryp, ýygnagy goramaga kömek etmeli. Ýaşulular günä eden adama günäsini düşündirende, ol hem toba edip, käýinje gulak assa we düzelse, ýygnak üçin howply bolmaz. Ýaşulynyň mähir bilen beren maslahatyna agyr günä eden adam gulak asmasa we toba etmese, näme edilýär? Ýygnagyň abatlaýjy ruhuny bozmaz ýaly, ol ýygnakdan çykarylýar (1 Korintoslylar 5:11-i okaň). Biziň her birimiz ýaşulular bilen hyzmatdaşlyk edip, dogan-uýalaryň ruhy saglygyny gorap, özümizi gowy alyp barsak, ýygnakda abatlaýjy ruhy saklarys.

      «RUHUŇ BIRLIGINI» SAKLAŇ

      17, 18. Bize «ruhuň birligini» saklamaga näme kömek eder?

      17 Isanyň ilkinji şägirtleri «resullaryň nesihatlaryny diňläp», ýygnakda agzybirligi berkitmäge kömek edýärdiler (Res. iş. 2:42). Olar ýaşulularyň Mukaddes Ýazgylar esasynda berýän görkezmelerini we maslahatlaryny gymmat saýýardylar. Şu günler hem ýygnak ýaşululary sadyk hyzmatkär bilen işdeş bolup, ýygnakda agzybirligi saklar ýaly, hemmämize göwünlik berýärler we kömek edýärler (1 Kor. 1:10). Biz Ýehowanyň guramasynyň Mukaddes Ýazgylara esaslanan görkezmelerine we ýaşulularyň maslahatlaryna eýersek, «ruhuň birligini parahatlyk bagy bilen goramaga» tagalla edýändigimizi görkezýäris (Efes. 4:3).

      18 Şol sebäpli, geliň, ýygnakda abatlaýjy ruhy saklar ýaly, elimizde baryny edeliň. Şonda Reb Mesihiň merhemeti biziň ruhumyz bilen bolýandygyna ynanyp bileris (Flp. 4:23).

      [19-njy sahypadaky surat]

      Siz ýygnagyň ruhuny abatlamak üçin manyly jogaplar taýýarlaýarsyňyzmy?

      [20-nji sahypadaky surat]

      Aýdymlary ýat tutup, ýygnagyň abatlaýjy ruhuny saklaň.

  • Wagtyň az galandygyny unutmaň
    Garawul diňi — 2012 | 15 mart
    • Wagtyň az galandygyny unutmaň

      «Hudaýyň sözüni wagyz et... taýýar bol» (2 TIM. 4:2).

      SIZ NÄHILI DÜŞÜNDIRERSIŇIZ?

      • I asyrasyrdaky mesihçiler näme üçin gyssagly wagyz edipdirler?

      • Wagtyň az galandygyny näme üçin unutmaly däl?

      • Häzir hoş habary näme üçin has-da gyssagly wagyz etmeli?

      1, 2. Pawlus resulyň wagyz etmäge «taýýar bol» diýen sözleri näme aňladýar we nähili soraglar ýüze çykýar?

      HALAS EDIJILER adatça gyssagly hereket edýärler. Mysal üçin, ýangyn söndürijiler jaň edilen badyna, haýal etmän ýola çykýarlar, sebäbi adamyň janyna howp abanýandygyny bilýär.

      2 Ýehowanyň Güwäçileri hem adamlary halas etmek isleýär. Şol sebäpli-de biz Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz etmegi gyssagly iş hasaplaýarys. Elbetde, biz näme etjegimizi bilmän eýläk-beýläk urunmaýarys. Pawlus resul: «Hudaýyň sözüni wagyz et... taýýar bol» diýen maslahaty berýär (2 Tim. 4:2). Şu aýatda «taýýar bol» diýip, terjime edilen grek sözi «gyssagly we haýal etmän hereket etmegi» aňladýar. Biz gyssagly wagyz etmek üçin näme etmeli? Wagyz etmek näme üçin wajyp?

      WAGYZ ETMEK NÄME ÜÇIN WAJYP?

      3. Hoş habary kabul edýän we etmeýän adamlara näme bolar?

      3 Siz wagyz edip, adamlary halas edýändigiňiz barada oýlansaňyz, hoş habary gürrüň bermäge islegiňiz has-da artýandyr (Rim. 10:13, 14). Hudaýyň Sözünde: «Men erbet adama: «Sen ölersiň» diýsem, ýöne ol günäsine toba edip, adalatly bolup, dogrulyk etse... sag-aman ýaşar we ölmez. Eden günäleriniň hiç biri ýada salynmaz» diýilýär (Ezek. 33:14—16). Injilde bolsa, hoş habary öwredýän mesihçiler «hem özüni, hem özüne gulak asýanlary halas eder» diýilýär (1 Tim. 4:16; Ezek. 3:17—21).

      4. I asyrasyrda ýalan taglymatyň ýaýramagy sebäpli, wagyz etmek näme üçin wajypdy?

      4 Pawlusyň Timoteosa näme üçin gyssagly wagyz etmegi öwüt berendigine düşünmek üçin, şol sözleri näme maksat bilen ýazandygyny bileliň. Ol şeýle ýazýar: «Hudaýyň sözüni wagyz et. Pursat amatly bolsun, bolmasyn, taýýar bol. Ynsanlara doly sabyr, taglymat bilen käýe, ýola getir, öwüt-ündew et. Çünki şeýle bir zamana bolar, adamlar sagdyn taglymata çydaman, gulaklaryna ýakýan sözleri diňlejek bolup, öz höweslerine ýaraşykly mugallymlar üýşürer. Gulaklaryny hakykatdan sowar» (2 Tim. 4:2—4). Isa ýygnagyň içinde ýalan taglymatlary ýaýratjak adamlaryň peýda boljakdygyny öňünden aýtdy (Mat. 13:24, 25, 38). Diýmek, mesihçiler ýalan taglymatlar bilen aldanmaz ýaly, Timoteos Hudaýyň sözüni wagyz etmelidi we ýygnaga öwretmelidi. Sebäbi dogan-uýalaryň janyna howp abanýardy. Eýsem, biziň günlerimiz barada näme diýse bolar?

      5, 6. Wagyzda duşýan adamlar köplenç nämä ynanýarlar?

      5 Şu günler hakyky dinden dänen adamlar gitdigiçe köpelýär (2 Sel. 2:3, 8). Haýsy taglymatlar häzirki adamlaryň gulagyna ýakýar? Köp ýurtlarda ewolýusiýa taglymaty diniň ýaýraýşy ýaly ýaýraýar. Ewolýusiýa ylmy taglymat bolsa-da, dinden hiç hili tapawudy ýok, sebäbi adamlaryň Hudaýa garaýşyna we birek-biregi bilen gatnaşygyna täsir edýär. Başga bir giňden ýaýran taglymata laýyklykda, Hudaýyň biz bilen işi ýok, şonuň üçin biz hem Hudaý bilen gyzyklanmaly däl. Şeýle taglymatlar näme üçin millionlarça adamlary meýmiredip, ruhy taýdan ukladýarka? Çünki şol taglymatlaryň düýp manysy: «Göwnüňe geleni et, sebäbi senden hasap sorajak ýok». Bu bolsa, köp adamlaryň gulagyna ýakýar (Zebur 10:4-i okaň).

      6 Adamlaryň gulagyna ýakymly başga zatlar hem bar. Mysal üçin, käbir adamlar eşidesi gelýän sözleri aýdýan dini ýolbaşçylaryň wagzyny diňleýär. Dini ýolbaşçylar däp-dessurlary berjaý etseň we öýüňde doga-tumarlary saklasaň, bela-beterden goraýar diýip, adamlaryň gulagyna ýakýan zatlary aýdýarlar. Ýöne adamlar munuň howpludygyna düşünmeýärler (Zeb. 115:4—8). Biz olary ruhy taýdan oýaryp, hoş habary düşündirsek, olar hem Patyşalygyň bereketlerini alarlar.

      WAGTYŇ AZDYGYNY BILIP, WAGYZ ETMEK NÄME AŇLADÝAR?

      7. Wagtyň azdygyny bilýän bolsak, näme ederis?

      7 Ynsaply lukman operasiýa wagty bar ünsüni syrkawa bermeli, ýogsam, onuň saglygyna zyýan ýeter. Wagtyň azdygyny bilýän mesihçi hem bar ünsüni wagza bermeli, meselem, adamlary gyzyklandyrýan meseleler, sowallar we beýleki zatlar barada oýlanmaly. Şeýle-de wagtyň azdygyny bilip, biz gün tertibimizi üýtgetmeli we adamlara hoş habary diňläýjek wagtlary wagyz etmeli (Rim. 1:15, 16; 1 Tim. 4:16).

      8. Wagty az galan adam adatça näme eder?

      8 Wagtyň azdygyny bilýän adam durmuşynda wajyp zatlary birinji orunda goýýar (Gelip çykyş 19:15-i okaň). Aýdaly, lukman seni barlagdan geçirip, netijesini alýar-da, seni otagyna çagyryp: «Seniň ýagdaýyň öwerlik däl. Özüňi bejertmäge bary-ýogy bir aýyň galdy» diýip, janygyp aýdýar. Elbetde, sen onuň otagyndan ýangyn söndüriji ýaly atylyp çykmasaň gerek. Gaýtam, sen lukmanyň maslahatlaryny dykgatly diňläp, öýüňe gidersiň we durmuşyňda iň wajyp zatlar barada pikirlenersiň.

      9. Pawlus Efesde nähili wagyz etdi?

      9 Pawlus resul hem wagtynyň azdygyny bilýärdi. Bu onuň efesli ýaşululara Aziýa welaýatynda wagyz edişi barada aýdan sözlerinden görünýär (Resullaryň işleri 20:18—21-nji aýatlary okaň). Ol ilkinji gününden başlap, öýme-öý aýlanyp, adamlara hoş habary wagyz edipdir. Onsoňam, Pawlus iki ýyllap, «her gün Tirannosyň mekdebinde» hakykat ýoluny gürrüň berdi (Res. Iş. 19:1, 8—10). Diýmek, Pawlus wagtyň azdygyna düşünip, gün tertibini şoňa görä-de düzüpdir. Gyssagly wagyz etmek ähli işiňi taşlap, diňe wagyz edip ýörmegi aňlatmaýar. Ýöne wagyz işi durmuşymyzda örän wajyp orny tutmaly.

      10. Takmynan 100 ýyl mundan ozal, mesihçileriň gyssagly wagyz edendigine näme üçin begenýäris?

      10 1914-nji ýyldan öň, Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň kiçiräk topary hoş habary wagyz etmäge başlapdyr. Olaryň mysalyndan wagtyň az galandygyny öwrenýäris. Olar bary-ýogy birnäçe müň adam bolsa-da, aýgytly döwürde ýaşaýandygyna düşünip, Hudaýyň Patyşalygy barada yhlasly wagyz etdiler. Olar hoş habary wagyz etmek üçin 2 müňden gowrak gazetde makalalar çap edipdirler we ýaradylyş hakynda reňkli suratlary görkezdiler. Şeýdip, olar hoş habary millionlarça adamlara ýetirdiler. Eger olar hoş habary şeýle gyssagly wagyz etmedik bolsalar, häzire çenli biziň köpümiz hoş habary eşidermidik? (Zebur 119:60-y okaň).

      HAÝAL-ÝAGALLYKDAN ÄGÄ BOLUŇ!

      11. Käbir mesihçiler näme üçin wagtyň azdygyny unutdy?

      11 Ünsi sowlan mesihçi wagyz işiniň ähmiýetini unudýar. Şeýtan zalym dünýäni ulanyp, öz bähbidimize çapmaga we gerekmejek işler bilen meşgullanmaga höweslendirýär hem-de ünsümizi Ýehowa gulluk etmekden sowýar (1 Pet. 5:8; 1 Ýahýa 2:15—17). Ýehowa gullugy birinji orunda goýan adamlar hem käte wagtyň azdygyny unudýarlar. Meselem, I asyrasyrda Dimas atly mesihçi Pawlusyň işdeşi bolupdyr, emma soňra ol häzirki zalym dünýäniň yşkyna düşdi. Ol Pawlusy mundan beýläk-de agyr ýagdaýda goldamagyň deregine, ony taşlap gidýär (Flm. 23, 24; 2 Tim. 4:10).

      12. Häzir nähili mümkinçilik bar we gelejekde nähili mümkinçilikler bolar?

      12 Eger biz wagtyň azdygyny unutmasak, onda häzirki durmuşdan doly peýdalanman, gaýtam «soňsuz ýaşaýşa eýe bolmaga» tagalla ederis (1 Tim. 6:18, 19). Sen Hudaýyň Patyşalygy astynda boljak ebedi ýaşaýyşda gyzykly işlere güýmenmäge tükeniksiz mümkinçilikleriň boljakdygyny bilýän bolsaň gerek. Ýöne häzirlikçe bolsa, adamlara Armageddonda diri galmaga kömek etmeli. Şeýle mümkinçilik hiç haçan gaýtalanmaz.

      13. Bize hüşgär bolmaga näme kömek eder?

      13 Häzir köp adamlar ruhy taýdan ukuda ýatyr. Onda bize hüşgär bolmaga näme kömek eder? Bizem bir wagtlar ruhy taýdan garaňkylykda gezip, Hudaý barada bilemizokdyk we gelejege umydymyz ýokdy. Ýöne biz Ýehowa Hudaý we Isa pygamber barada hakykaty bilip, indi «yşygy» saçýarys, ýagny şol hakykaty adamlara öwredýäris (Efesliler 5:14-i okaň). Şol sebäpli Pawlus şeýle ýazýar: «Akylsyzlar ýaly däl-de, akyldarlar ýaly, ünsüňizi dykgatly gezmäge gönükdiriň. Pursatdan peýdalanyň, çünki günler ýamandyr» (Efes. 5:15, 16). Häzirki ýaman günlerde «pursatdan peýdalanyp», ruhy taýdan oýa bolmaga kömek edýän işleri edeliň.

      BIZ AÝGYTLY DÖWÜRDE ÝAŞAÝARYS

      14—16. Näme üçin häzir hoş habary öňküdenem gyssagly wagyz etmeli?

      14 Hoş habary wagyz etmek hemişe-de gyssagly hasaplanýardy, häzir bolsa, has-da gyssagly. Biz 1914-nji ýyldan bäri, Mukaddes Ýazgylarda aýdylan wakalaryň ýerine ýetişini has-da aýdyň görýäris (Mat. 24:3—51). Adamzat maşgalasyna şeýle heläkçilik hiç haçan abanmandy. Dünýäniň iň güýçli döwletleri özara parahatlyk barada ylalaşyk baglaşsalar-da, olarda entegem 2 müňe golaý ýadro ýaragy bar. Olar ony islendik wagt, islendik ýerde ulanyp biler. Käbir döwlet işgärleri ýadro materiallarynyň ençeme gezek ýitendigi barada habar berýärler. Eýsem, olaryň käbiri terrorçylaryň eline düşdümikä? Käbir adamlaryň aýtmagyna görä, bir terrorçynyň başlan urşy netijesinde bütin adamzat heläk bolmagy mümkin. Emma adamzada abanýan başga-da howplar bar.

      15 2009-njy ýylda çykan bir habara laýyklykda: «Howanyň üýtgemegi XXI asyrasyrda ähli adamlaryň jan-saglygyna howp salýar» (The Lancet and University College London). Soňra şeýle diýilýär: «Howanyň üýtgemegi indiki onýyllyklarda adamlaryň köpüsine täsir edip, milliardlarça adamlaryň jan-saglygyna zyýan ýetirer». Köp ýerler deňiz derejesiniň galmagy, gurakçylyk, sil, gyrgynçylyk, harasat we uruş sebäpli ýok bolmagy mümkin. Görşümiz ýaly, uruşlar we tebigy betbagtçylyklar adamzada howp salýar.

      16 Käbir adamlaryň pikir etmegine görä, ýadro urşy başlasa, Isanyň soňky günler baradaky pygamberliginde aýdan «alamatlary» ýerine ýeter. Emma şeýle pikir edýän adamlar Isanyň pygamberliginiň düýp manysyna düşünmeýärler. Biz onlarça ýyl bäri Isanyň höküm sürýändigini we zalym dünýäniň soňunyň golaýlaşandygyny aňladýan wakalary görüp gelýäris (Mat. 24:3). Biz Isanyň pygamberligindäki köp alamatlaryň berjaý bolşuny hiç haçan şeýle aýdyň görmändik. Häzir adamlar üçin ruhy taýdan oýanmaga tüýs wagtdyr. Biz wagyz edip, olara oýanmaga kömek edýäris.

      17, 18. a) «Zamana» bize nähili täsir edýär? b) Adamlaryň hoş habara garaýşy näme sebäpli üýtgäp biler?

      17 Ýehowa söýgümizi görkezmek we soňky günlerde wagyz etmek üçin wagt az galdy. Pawlusyň I asyrasyrda ýaşan rimli mesihçilere aýdan sözleri häzir has-da ähmiýetli: «Muny häzirki zamana düşünip ediň. Biziň ukudan oýanmaly sagadymyz eýýäm geldi, çünki şu wagt gutulyşymyz iman eden wagtymyzdakydan ýakyndyr» (Rim. 13:11).

      18 Käbir adamlar soňky günler baradaky pygamberligiň ýerine ýetişini görüp, Hudaý barada köpräk bilesi gelýär. Başga adamlar bolsa, ynsan hökümetleriniň ykdysady kynçylyga, ýadro howpuna, jenaýatçylyga hem-de tebigy betbagtçylyga hötde gelip bilmeýändigini görüp, Hudaý bilen gyzyklanyp başlaýarlar. Käbir adamlar bolsa, maşgala ýagdaýy, meselem, keselçilik, nikanyň bozulmagy ýa-da dogan-garyndaşlarynyň aradan çykmagy sebäpli hoş habar bilen gyzyklanyp başlaýar. Biz wagyz etsek, şeýle adamlara kömek edip bileris.

      WAGTYŇ AZDYGYNA DÜŞÜNEN MESIHÇILER

      19, 20. Köp mesihçiler wagtyň azdygyna düşünip, durmuşyny nädip üýtgetdiler?

      19 Köp mesihçiler wagtyň azdygyna düşünip, köpräk gulluk edip başladylar. Meselem, ekwadorly ýaş är-aýal 2006-njy ýylda «Sada gözli boluň» atly ýörite bir günlük kongrese gatnaşyp, has-da sada ýaşamak kararyna geldi. Olar gerekmejek zatlaryň sanawyny düzüp, birnäçe aýdan üç otagly öýden bir otagly öýe göçdüler we käbir zatlaryny satyp, bergiden çykdylar. Tizden olar kömekçi pioner bolup, etrap gözegçisiniň maslahaty boýunça wagyzçylaryň ýetmeýän ýygnagyna geçdiler.

      20 ABŞ-ly bir dogan şeýle gürrüň berýär: «2006-njy ýylda etrap kongresine gatnaşanymyzda, aýalym ikimiziň suwda çokundyrylanymyza 30 ýyl bolupdy. Biz kongresden öýe gaýdyşyn sada ýaşamak barada maslahata eýermegi ara alyp maslahatlaşdyk (Mat. 6:19—22). Biziň üç öýümiz, mellegimiz, gymmatbaha maşynlarymyz, gämimiz hem-de tigirli öýümiz bardy. Biz özümizi «akylsyz» mesihçiler ýaly duýduk hem-de pioner gullugyna başlamagy maksat edindik. 2008-nji ýylda biz hem gyzymyz ýaly pioner bolup gulluk edip başladyk. Dogan-uýalar bilen eginme-egin gulluk etmek uly şatlyk ekeni! Biz wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde-de gulluk etdik. Ýehowa köp gulluk edip, dostlugymyz has-da berkedi. Adamlaryň Hudaýyň Sözüne düşünip, gözleriniň açylyşyny görüp, göwnüň göterilýär».

      21. Bizi gyssagly wagyz etmäge näme höweslendirýär?

      21 Biz tizden «höküm gününde, hudaýsyz adamlaryň heläk boljakdygyny» bilýäris (2 Pet. 3:7). Biz Hudaýyň Sözüni çuňňur öwrenýändigimiz üçin, geljekki muşakgat we täze dünýä barada yhlasly wagyz edýäris. Biz wagtyň azdygyna düşünip, adamlara gelejege bolan umydymyz barada gürrüň berýäris. Bu gyssagly işi bar güýjümiz bilen ýerine ýetirip, Hudaýa we adamlara söýgümizi subut edýäris.

  • Wagt hem möwsümler Hudaýy Ýehowa bil baglaň
    Garawul diňi — 2012 | 15 maý
    • Wagt hem möwsümler Hudaýy Ýehowa bil baglaň

      «Ol wagty hem möwsümleri üýtgedýär, patyşalary aýyrýar we belleýär» (DAN. 2:21).

      SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

      • Janly tebigat we berjaý bolan pygamberlikler Ýehowanyň niýetini öz wagtynda berjaý etjekdigini nädip subut edýär?

      • Ýehowanyň «wagt hem möwsümler» Hudaýydygyny bilýän bolsak, näme ederis?

      • Ýehowa näme üçin dünýädäki wakalar we adamlaryň niýeti täsir etmeýär?

      1, 2. Ýehowanyň wagta doly düşünýändigini nämeler subut edýär?

      ÝEHOWA HUDAÝ adamlary ýaratmazdan ençeme ýyl öň wagty kesgitleýän şamçyraglary ýaratdy. Ýaradylyşyň dördünji güni Hudaý şeýle diýdi: «Gündizi gijeden aýyrmak üçin asmanda şamçyraglar bolsun. Goý, olar baýramçylyklary, günleri we ýyllary görkezsin» (Gel. çyk. 1:14, 19, 26). Hudaýyň islegine görä, bu şeýle-de boldy.

      2 Henize çenli alymlar wagtyň nämedigini düşündirip bilmeýär. Bir ensiklopediýada: «Muny hiç kim dogry aýdyp bilmeýär» diýilýär. Emma Ýehowa wagtyň nämedigine doly düşünýär. Sebäbi ol «gökleri... dünýäni ýaradan, oňa şekil beren... Rebdir». Şeýle-de Ýehowa «owaldan ahyra boljagy, heniz bolmadyklary aýan edýär» (Iş. 45:18; 46:10). Tebigat we berjaý bolan pygamberlikler Ýehowanyň Wagtyň Eýesidigini subut edýär. Şol subutnamalara seretsek, Hudaýa we Mukaddes Ýazgylara imanymyz berkär.

      TEBIGAT WAGTYŇ EÝESINE IMANYŇY BERKIDÝÄR

      3. Nämelerden wagtyň dogrulygy görünýär?

      3 Ýehowanyň ýaradan uly hem kiçi zatlaryndan takyk wagty kesgitläp bolýar. Mysal üçin, planetalar we ýyldyzlar dos-dogry hereket edýär. Olaryň gökde ýerleşiş ýagdaýyndan adamlar ýyl paslyny kesgitleýär we dogry ýoly tapýar. Ýehowa bu dogry «sagatlary» «zor güýji» arkaly ýaradany üçin şöhrata mynasypdyr (Işaýa 40:26-ny okaň)a.

      4. Janly tebigatyň wagty kesgitlemegi Hudaýyň akyldardygyny nädip subut edýär?

      4 Janly tebigat hem wagty kesgitläp bilýär. Köp ösümlikleriň we haýwanlaryň içinde ugrukdyryjy «sagatlar» bar. Şoňa görä, guşlaryň köpüsi belli bir wagtda başga ýere göçýärler (Ýerem. 8:7). Adamlaryň hem içinde gündizi we gijäni kesgitleýän «sagady» bar. Meselem, wagty biziňkiden örän tapawutlanýan ýurda gitsek, ol ýerdäki täze wagta bedenimizi öwrenişdirmek üçin birnäçe gün gerek bolýar. Ýehowanyň ençeme ýaradan zatlary onuň «wagt hem möwsümler» Hudaýydygyny, gudratygüýçlidigini we akyldardygyny subut edýär (Zebur 104:24-i okaň). Ýehowa çäksiz akyldar we güýçli bolany üçin, niýetlerini hökman amala aşyrar!

      WAGTYNDA ÝERINE ÝETEN PYGAMBERLIKLER IMANYMYZY BERKIDÝÄR

      5. a) Adamzadyň gelejegini nädip bilse bolýar? b) Ýehowa boljak zatlary we onuň wagtyny näme üçin öňünden aýtmagy başarýar?

      5 Ýehowanyň ýaradan zatlaryndan biz onuň «göze görünmeýän» köp häsiýetlerini öwrensek-de, olar «Adamlaryň gelejegi nähili bolar?» diýen soraga jogap bermeýär (Rim. 1:20). Bu soragyň jogabyny bilmek üçin Mukaddes Ýazgylary okamaly. Onda wagtynda berjaý bolan ençeme pygamberlikler bar. Ýehowa gelejekde boljak zatlary öňünden görüp bilýär. Onsoňam, Mukaddes Ýazgylardaky pygamberlikler hemişe öz wagtynda berjaý bolýar, sebäbi Ýehowa niýetini amala aşyrmak üçin wakalary ugrukdyryp bilýär.

      6. Ýehowanyň pygamberlikleriň berjaý bolşuna düşünmegimizi isleýändigi nämeden görünýär?

      6 Ýehowa wagta ynsan garaýşy ýaly garamasa-da, käbir zatlaryň belli bir wagtda berjaý boljakdygyny bize düşnükli dilde ýazdy (Zebur 90:4-i okaň). Mysal üçin, Ylham kitabynda «şol sagat, şol gün, şol aý we şol ýyl üçin» dört perişdäniň taýýardygy aýdylýar (Ylh. 9:14, 15). Biz sagadyň, günüň, aýyň we ýylyň nämedigine düşünýäris. Pygamberlikleriň wagtynda berjaý bolandygyny bilip, Mukaddes Ýazgylara we «wagt hem möwsümler» Hudaýyna imanymyz berkeýär. Geliň, birnäçe pygamberliklere seredeliň.

      7. Ýeremiýanyň Iýerusalim we Ýahuda baradaky pygamberliginiň berjaý bolmagy Ýehowanyň Wagtyň Eýesidigini nädip görkezýär?

      7 Geliň, ilki bilen, b. e. öň VII asyrda näme bolandygyna seredeliň. «Ýahudanyň patyşasy Ýehoýakimiň ogly Ýoşiýa dördünji ýyl höküm sürende», Wagtyň Eýesi «Ýeremiýa arkaly ähli ýehudylara näme etjekdigini» aýtdy (Ýerem. 25:1). Ýehowa Iýerusalimiň harabaçylyga öwrüljegini we ýehudylaryň Babyla sürgün ediljegini pygamberlik etdi. Olar «Babylyň patyşasyna ýetmiş ýyl gulluk etmelidi». B. e. öň 607-nji ýylda babyllylar Iýerusalimi weýran edip, ýehudylary Babyla sürgün etdi. Ýöne ýetmiş ýyldan soň näme boldy? Ýeremiýa şeýle pygamberlik etdi: «Ýehowa şeýle diýýär: «Haçan-da siz Babylda ýetmiş ýyl bolanyňyzdan soň, size nazar salaryn we siz barada aýdan ýagşy sözlerimi berjaý ederin, men sizi bu ýere getirerin» (Ýerem. 25:11, 12; 29:10). Bu pygamberlik aýdylan wagtda, ýagny b. e. öň 537-nji ýylda Midiýa hem-de Pars patyşasy ýehudylary Babyldan azat edende, ýerine ýetdi.

      8, 9. Mesihiň barlygy we gökde Patyşalygyň berkarar edilmegi baradaky pygamberligiň berjaý bolmagy Ýehowanyň «wagt hem möwsümler» Hudaýydygyny nädip subut edýär?

      8 Hudaýyň gadymy halky bilen bagly ýene-de bir pygamberlige seredeliň. Ýehudylaryň Babyldan çykmagyna iki ýyl galanda, Hudaý Daniýel pygamber arkaly Iýerusalimi dikeltmek barada karar çykarlandan soň 483 ýyldan Mesih peýda bolar diýip, pygamberlik etdi. Bu karary b. e. öň 455-nji ýylda Midiýa hem Pars patyşasy çykardy. Mundan 483 ýyl geçensoň, b. e. 29-njy ýylynda nasyraly Isa suwda çokundyrylanda, mukaddes ruh bilen mesh edilip, Mesih boldy (Neh. 2:1, 5—8; Dan. 9:24, 25; Luka 3:1, 2, 21, 22)b.

      9 Indi Mukaddes Ýazgylardan Hudaýyň Patyşalygy baradaky pygamberlige seredeliň. Şol pygamberlige görä, Mesihiň Patyşalygy gökde 1914-nji ýylda berkarar edilmelidi. Şol ýyl milletleriň «möwritleri dolmalydy» we gökde Patyşalyk höküm sürüp başlamalydy (Mat. 24:3—14; Ylh. 12:9, 12). Şoňa laýyklykda, 1914-nji ýylda Isanyň barlygynyň «alamaty» baradaky pygamberlik ýerine ýetip başlady. Şondan bäri ýer ýüzünde betbagtçylyklar köpelýär, sebäbi Şeýtan gökden ýere zyňyldy (Luka 21:24; Dan. 4:10—17)c.

      10. Gelejekde haýsy wakalar öz wagtynda bolar?

      10 Isa gelejekde «uly muşakgatyň» boljagyny aýdypdy. Şondan soň Isa müň ýyl höküm sürer. Elbetde, bular öz bellenen wagtynda bolar. Isa ýer ýüzünde ýaşan mahaly Ýehowa bu wakalaryň boljak «gününi hem sagadyny» eýýäm belläpdi (Mat. 24:21, 36; Ylh. 20:6).

      «PURSATDAN PEÝDALANYŇ»

      11. Soňky günlerde ýaşaýandygymyz bize nähili täsir etmeli?

      11 Hudaýyň Patyşalygynyň höküm sürüp başlamagy we «soňky günlerde» ýaşaýandygymyz bize nähili täsir etmeli? (Dan. 12:4). Adamlaryň köpüsi dünýäde kynçylyklaryň köpelýändigini görseler-de, Mukaddes Ýazgylardaky soňky günler barada pygamberligiň berjaý bolýandygyna düşünmeýärler. Olar bu dünýäniň heläkçilige uçrajakdygyna garaşýarlar ýa-da adamlaryň tagallasy bilen «her zat parahatlyk, aman» bolar diýip umyt edýärler (1 Sel. 5:3). Biz barada näme diýse bolar? Eger-de Şeýtanyň dünýäsiniň soňky günlerinde ýaşaýandygymyza düşünýän bolsak, wagtymyzy Ýehowa gulluk etmek we adamlara hakykaty bilmäge kömek etmek üçin sarp etmeli dälmi näme? (2 Tim. 3:1). Biz pursatdan peýdalanyp, wagtymyzy nädip geçirmek babatda paýhasly karara geleris (Efesliler 5:15—17-nji aýatlary okaň).

      12. Nuhuň günleri barada Isanyň aýdan sözlerinden näme öwrenip bileris?

      12 Elbetde, göwün açmalardan doly dünýäde «pursatdan peýdalanmak» aňsat däl. «Nuhuň günleri nähili bolan bolsa, Ynsan Oglunyň gelşi-de şeýle bolar» diýip, Isa duýdurypdy. Nuhuň günlerinde näme boldy? Hudaý Nuha zalym dünýäniň soňy geler diýdi. Şol wagt zalym adamlar Tupanda ýok edildi. «Dogrulyk wagyzçysy Nuh» adamlara Hudaýyň habaryny wepaly yglan etdi (Mat. 24:37; 2 Pet. 2:5). Emma adamlar «iýip, içip, öýlenip, äre çykýardylar. Tupan turup, hemmesini äkidýänçä, olar hiç zady bilmeýärdiler». Şonuň üçin Isa şägirtlerine: «Taýýar boluň, çünki Ynsan Ogly siziň oslamaýan sagadyňyzda geler» diýdi (Mat. 24:38, 39, 44). Biz Nuhuň günlerindäki adamlara meňzemeli däl-de, eýsem, onuň özüne meňzemeli. Taýýar bolmaga bize näme kömek eder?

      13, 14. Nämäni unutmasak, Ynsan Oglunyň gelmegine garaşyp, Ýehowa wepaly gulluk etmäge kömek eder?

      13 Ynsan Ogly garaşmadyk wagtymyzda gelse-de, Ýehowanyň Wagtyň Eýesidigini unutmaly däl. Oňa dünýädäki wakalar we adamlaryň niýeti täsir edip bilmeýär. Ýehowa niýetini amala aşyrmak üçin wakalaryň haçan boljakdygyny we näme bilen gutarjakdygyny bilýär (Daniýel 2:21-i okaň)d. Süleýmanyň tymsallary 21:1-de şeýle diýilýär: «Patyşanyň ýüregi Rebbiň elinde akar ýap ýalydyr, ony islän tarapyna öwürýändir».

      14 Ýehowa niýetini öz wagtynda amala aşyrmak üçin wakalara-da täsir edip bilýär. Dünýäde duýdansyz bolýan özgerişler bilen pygamberlik berjaý bolýar, esasanam, Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habaryň bütin dünýäde wagyz edilmegine ýardam edýär. Sowet Soýuzynyň ýykylmagy we şondan soň bolan wakalar hakynda oýlanyp görüň. Şeýle uly syýasy özgerişikler birden bolar diýip, hiç kim diýen ýaly garaşmandy. Netijede bir wagtlar wagyz işi gadagan edilen ençeme ýurtlarda hoş habar ýaýradylýar. Şol sebäpli, geliň, pursatdan peýdalanyp, «wagt hem möwsümler» Hudaýyna wepaly gulluk edeliň.

      ÝEHOWANYŇ NIÝETINI ÖZ WAGTYNDA AMALA AŞYRJAGYNA YNANYŇ

      15. Ýehowanyň guramasynda özgerişikler bolanda, imanymyzy nädip görkezip bileris?

      15 Şu soňky günlerde hoş habary wagyz etmek üçin, Ýehowanyň niýetini öz wagtynda amala aşyrjagyna ynanmaly. Dünýäniň ýagdaýy üýtgäp dur, şol sebäpli käwagt başgaça wagyz etmeli bolýandyrys. Ýehowanyň guramasy hem hoş habaryň has netijeli wagyz edilmegi üçin wagtal-wagtal özgerişikler edýär. Biz şoňa görä hereket etmek bilen, «wagt hem möwsümler» Hudaýyna iman edýäris we «ýygnagynyň başy» Isanyň ýolbaşçylygynda wepaly gulluk edýäris (Efes. 5:23).

      16. Ýehowanyň wagtynda bize kömek etjekdigine näme üçin ynanýarys?

      16 Ýehowa «wagtynda bize kömek berjekdigine» iman edip, islendik wagtda doga etmegimizi isleýär (Ýew. 4:16). Bu onuň bize bolan söýgüsini görkezmeýärmi näme? (Mat. 6:8; 10:29—31). Biz yzygider Ýehowa doga edip, kömek sorasak, soňra edýän dilegimize görä hereket edip, onuň görkezmesine eýersek, Hudaýa iman edýändigimizi görkezýäris. Şeýle-de biz dogan-uýalar üçin doga etmegi unutmaly däl.

      17, 18. a) Tizden Ýehowa duşmanlaryny näme eder? b) Biz nähili howply pikirden gaça durmaly?

      17 Häzir «imansyzlyk bilen şübhelenmegiň» wagty däl-de, gaýtam imanda güýjemegiň wagtydyr (Rim. 4:20). Hudaýyň duşmanlary, ýagny Şeýtan we onuň tarapdarlary Isanyň şägirtlerine berlen işi togtatmak üçin jan edýärler (Mat. 28:19, 20). Biz Iblisiň hüjüm edýändigine garamazdan, Ýehowanyň «ähli adamlaryň, ylaýta-da, iman edenleriň Halasgäri diri Hudaýdygyny» bilýäris. Ol «dindarlary synagdan gutarmagy... başarýar» (1 Tim. 4:10; 2 Pet. 2:9).

      18 Tizden Ýehowa zalym dünýäni ýok eder. Biz munuň haçan we nädip boljagyny bilmesek-de, Hudaýyň bellän wagtynda Isa duşmanlary ýok etjekdigini we Ýehowanyň hökümdarlygyny aklajakdygyny bilýäris. Şol sebäpli haýsy «wagtda we möwsümlerde» ýaşaýandygymyzy unutmak örän howpludyr. Şonuň üçin «hemme zat ýaradylyşyň başlangyjynda bolşy ýaly dur» diýip, pikir edip başlamakdan ägä bolmaly (1 Sel. 5:1; 2 Pet. 3:3, 4).

      ÝEHOWA «SABYRLY GARAŞYŇ»

      19, 20. Biz näme üçin Ýehowa sabyrly garaşmaly?

      19 Ýehowa adamlary ýaradanda, olaryň ebedi ýaşap, Özi we ajaýyp tebigat barada hemişe öwrenmegini isleýärdi. Wagyzçy 3:11-de şeýle diýilýär: «Ýehowa öz wagtynda ähli zady ajaýyp ýaratdy. Ol adamlaryň ýüregine ebediligi guýsa-da, hak Hudaýyň başdan soňuna çenli edýän ähli işlerini bilmezler».

      20 Biz Ýehowanyň adamlar babatda niýetiniň üýtgemändigine begenýäris (Mal. 3:6). Hudaýda «ne üýtgeme, ne-de çalşyk kölegesi bardyr» (Ýakup 1:17). Ýeriň aýlanmagy sebäpli, kölege üýtgeýär, ýöne wagtyň geçmegi bolsa, Ýehowa täsir etmeýär. Ol «bütin döwürleriň Patyşasydyr» (1 Tim. 1:17). Şol sebäpli, geliň, Ýehowa «sabyrly garaşalyň» (Mika 7:7). Mukaddes Ýazgylarda: «Eý Rebbe umyt baglaýanlar, hemmäňiz batyr boluň, Ol siziň ýüregiňizi güýçlendirer» diýilýär (Zeb. 31:24).

      a Işaýa 40:26. Gözleriňizi göge tarap galdyryň, Bulary ýaradan kim? Reb gökdäki goşunlary ýekeme-ýeke çykarýar, atlaryny tutup, çagyrýar, Onuň zor güýjüne, beýik gudratyna görä olaryň hiç biri kemlik etmeýär.

      b «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» atly kitabyň 197—199-njy sahypalaryna serediň.

      c «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» atly kitabyň 215—218-nji sahypalaryna serediň.

      d Daniýel 2:21. Ol wagty hem möwsümleri üýtgedýär, patyşalary aýyrýar we belleýär, akyldarlara paýhas, düşgürlere bolsa bilim berýär.

      [19-njy sahypadaky surat]

      Daniýel Hudaýyň pygamberliginiň berjaý boljagyna iman edýärdi

      [21-nji sahypadaky surat]

      Ýehowanyň islegini ýerine ýetirip, wagtyňy paýhasly geçirýärmiň?

  • Ýehowa «ýakynda bolmaly zatlary» aýan edýär
    Garawul diňi — 2012 | 15 iýun
    • Ýehowa «ýakynda bolmaly zatlary» aýan edýär

      «Bu Hudaýyň, ýakyn wagtda bolmaly zatlary bendelerine görkezmek üçin Isa Mesihe beren ylhamydyr» (YLH. 1:1).

      SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

      • Ägirt heýkeliň haýsy bölegi Iňlis-Amerikan dünýä şalygyny aňladýar?

      • Ýahýa Iňlis-Amerikan dünýä şalygy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň baglanyşygyny nähili suratlandyrýar?

      • Daniýel we Ýahýa ynsan hökümdarlygynyň soňuny nähili beýan edýär?

      1, 2. a) Daniýeliň we Ýahýanyň pygamberliginden näme öwrenýäris? b) Janawaryň ilkinji alty kellesi näme aňladýar?

      DANIÝEL PYGAMBERIŇ we Ýahýa resulyň pygamberliklerini deňeşdirip, biz dünýäde bolýan we boljak wakalara düşünýäris. Eýsem, biz Ýahýanyň janawar baradaky, Daniýeliň on şahly wagşy haýwan hakdaky görnüşinden we Nebukadnezaryň ägirt heýkel baradaky düýşünden näme öwrenip bileris? Şol pygamberlikler bizi nämä höweslendirmeli?

      2 Geliň, Ýahýanyň gören janawary hakda gürrüň edeliň (Ylhamyň 13-nji baby). Geçen makaladan bilşimiz ýaly, janawaryň ilkinji alty kellesi Müsüri, Assiriýany, Babyly, Midiýa-Pars patyşalygyny, Gresiýany we Rimi aňladýar. Bu dünýä şalyklarynyň hemmesi aýalyň neslini ýigrendiler (Gel. çyk. 3:15). Ýahýa görnüşi gören wagty Rim dünýä şalygydy we ýüzlerçe ýyllap höküm sürdi. Wagtyň geçmegi bilen, Rimiň, ýagny altynjy kelläniň ýerini ýedinji kelle tutmalydy. Bu dünýä şalygy kimkä we ol aýalyň nesline nähili garar?

      BRITANIÝA WE ABŞ AÝAGA GALÝAR

      3. On şahly wagşy haýwan kim we onuň on şahy näme aňladýar?

      3 Ylhamyň 13-nji babyndaky janawaryň kimdigini bilmek üçin Ýahýanyň görnüşini Daniýeliň on şahly wagşy haýwan baradaky görnüşi bilen deňeşdirmelia (Daniýel 7:7-ni okaň)b. Daniýeliň gören wagşy haýwany Rim dünýä şalygyny aňladýar (12, 13-nji sahypalardaky çarçuwa serediň). B. e. V asyrynda Rim şalygy kiçi patyşalyklara bölnüp başlady. Daniýeliň gören wagşy haýwanynyň on şahy Rim şalygyndan dörän patyşalyklary aňladýar.

      4, 5. a) «Kiçiräk şah» näme aňladýar? b) Janawaryň ýedinji kellesi näme?

      4 Wagşy haýwanyň kellesinde çykan dört şah, ýagny patyşalyk barada aýratyn agzalýar. Soňra başga bir «kiçiräk şah» üç şahy gysyp çykarýar. Bu pygamberlik Rim şalygynyň daşky welaýaty Britaniýa güýjäp başlanda ýerine ýetdi. XVII asyra çenli Britaniýa onçakly güýçli däldi. Rim şalygynyň beýleki üç bölegi — Ispaniýa, Niderlandlar we Fransiýa — has güýçlüdi. Britaniýa olary birin-birin gysyp çykardy, ýagny abraýdan gaçyrdy. XVIII asyryň ortalarynda Britaniýa gitdigiçe güýjäp başlaýar. Ýöne ol entek janawaryň ýedinji kellesi däldi.

      5 Britaniýa güýjese-de, onuň Demirgazyk Amerikadaky koloniýalary garaşsyzlygyny yglan edýär. Britaniýa ABŞ-nyň (Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň) güýçli döwlet bolmagyna päsgel bermedi, gaýtam, ony deňiz goşuny bilen gorady. 1914-nji ýylda Rebbiň güni başlanda, Britaniýa taryhda iň uly şalykdy, ABŞ bolsa senagatda iň ösen ýurtdyc. Birinji Jahan urşunyň dowamynda ABŞ we Britaniýa ýakyn hyzmatdaşlyk etdiler. Netijede, olar Iňlis-Amerikan dünýä şalygyna öwrüldi. Bu dünýä şalygy janawaryň ýedinji kellesi boldy. Eýsem, janawaryň ýedinji kellesi aýalyň nesline nähili garaýardy?

      6. Ýedinji kelle Hudaýyň halkyna nähili garaýardy?

      6 Rebbiň güni başlan badyna ýedinji kelle Hudaýyň halkyna, ýagny Mesihiň ýerdäki doganlaryna topulyp başlady (Mat. 25:40). Isa nesliň ýerdäki galyndysynyň Rebbiň gününde işeňňir hereket etjekdigini aýtdy (Mat. 24:45—47; Gal. 3:26—29). Iňlis-Amerikan dünýä şalygy «mukaddeslere», ýagny Mesihiň doganlaryna garşy urşup başlady (Ylh. 13:3, 7). Ol Birinji Jahan urşy döwründe Hudaýyň halkyna azar berip, käbir edebiýatlaryny gadagan etdi we sadyk hyzmatkäriň wekillerini türmä basdy. Ýedinji kelle biraz wagtlyk wagyz işini düýbünden diýen ýaly duruzdy. Emma aýalyň neslinden bolan mukaddesleriň bedenine ýaşaýyş demi girip, aýak üstüne galjagyny Hudaý aýdypdy. Diýmek, olar wagyz işine täzeden başlamalydylar (Ylh. 11:3, 7—11). Ýehowanyň gullukçylarynyň häzirki zaman taryhy munuň şeýle-de bolandygyny tassyklaýar.

      IŇLIS-AMERIKAN DÜNÝÄ ŞALYGY HEM-DE DEMIR WE TOÝUN GARYLAN DABAN

      7. Janawaryň ýedinji kellesi bilen ägirt heýkeliň näme baglanyşygy bar?

      7 Janawaryň ýedinji kellesi bilen ägirt heýkeliň näme baglanyşygy bar? Britaniýa hem-de ABŞ Rim şalygyndan döredi. Heýkeliň dabany barada näme diýip bolar? Heýkeliň dabany demirden we toýundan ybarat (Daniýel 2:41-i okaň)d. Bu janawaryň ýedinji kellesiniň — Iňlis-Amerikan şalygynyň — agalyk edip başlan döwrüne gabat gelýär. Toýun gatyşykly demriň arassa demirden gowşak bolşy ýaly, Iňlis-Amerikan dünýä şalygy hem Rim şalygyndan gowşakdyr. Munuň sebäbi näme?

      8, 9. a) Ýedinji dünýä şalygy nädip demir ýaly berk güýjüni görkezdi? b) Heýkeliň toýun dabany näme aňladýar?

      8 Janawaryň ýedinji kellesi käte özüni demir häsiýetli alyp barýar. Meselem, ol Birinji Jahan urşunda ýeňiş gazanyp, güýjüni görkezdi. Ikinji Jahan urşy döwründe-de onuň «demir» ýaly berk güýji göründie. Şol uruşdan soňra-da ýedinji kelle käte demir häsiýetlerini görkezýär. Emma Iňlis-Amerikan şalygy peýda bolanda eýýäm toýun bilen demir garyşykdy.

      9 Ýehowanyň gullukçylary heýkeliň dabanynyň manysyna köpden bäri düşünmäge çalyşýarlar. Daniýel 2:41-den görnüşi ýaly, toýun gatyşykly demir daban köp patyşalyklary däl-de, bir «patyşalygy» aňladýar. Toýun Iňlis-Amerikan dünýä şalygynyň tabynlygynda ýaşaýan adamlary aňladýar. Olar bu dünýä şalygyny Rim şalygyny aňladýan «arassa demirden» gowşak edýär. Şonuň üçin toýna «ynsan nesli», ýagny sada halk diýilýär (Dan. 2:43). Iňlis-Amerikan dünýä şalygynda ýaşaýan adamlar raýatlaryň we işgärleriň hukugyny goraýan guramalary, bileleşikleri hem-de garaşsyzlyk ugrunda hereketleri döredip, hak-hukuklary üçin göreşýärler. Sada halk ony özüni demir ýaly berk alyp barmakdan saklaýar. Hatda meşhur syýasatçylar hem saýlawlarda ýeterlik ses alyp bilmän, garşydaşlarynyň pikirini göz öňünde tutmaly bolýar, şol sebäpli-de olarda öz syýasatyny ýöretmäge ýeterlik ygtyýary ýok. Daniýel: «Patyşalyk käte güýçli, käte gowşak bolar» diýip, öňünden aýdypdy (Dan. 2:42; 2 Tim. 3:1—3).

      10, 11. a) «Dabana» gelejekde näme bolar? b) Barmak sanlarynyň ähmiýeti barmy?

      10 XXI asyrda-da Britaniýa we ABŞ dünýä işlerine köplenç bilelikde gatnaşyp, ýakyn hyzmatdaşlygyny dowam etdirýär. Olar pygamberlikdäki ägirt heýkeliň iň soňky bölegi, ýagny dabany we janawaryň iň soňky ýedinji kellesi. Bu bolsa Iňlis-Amerikan dünýä şalygynyň ýerine başga bir dünýä şalygynyň peýda bolmajakdygyny aňladýar. Hatda demir aýagy aňladýan Rimden ejizräk bolsa-da, ol öz-özünden dargamaz.

      11 Heýkeliň aýagyndaky barmaklaryň sany hem bir zady aňladýarmyka? Daniýel beýleki görnüşlerinde sanlara üns berýär. Mysal üçin, wagşy haýwanyň kellesindäki şahlaryň sany agzalýar. Ýöne Daniýel heýkeliň näçe barmagynyň bardygyny aýtmaýar. Diýmek, heýkeliň barmak sany hiç hili many aňlatmaýar. Şeýle-de heýkeliň näçe eli ýa aýagy bardygy hem aýdylmaýar. Daniýel diňe heýkeliň barmaklarynyň demirden hem toýundandygyny aýdyp geçýär. Şeýlelikde, dünýäde Iňlis-Amerikan şalygy höküm sürýärkä, Hudaýyň Patyşalygyny aňladýan «daş» heýkeliň dabanyna urar (Dan. 2:45).

      IŇLIS-AMERIKAN ŞALYGY WE IKI ŞAHLY JANAWAR

      12, 13. Iki şahly janawar näme aňladýar we ol näme edýär?

      12 Iňlis-Amerikan dünýä şalygy demirden we toýundan ybarat bolsa-da, Isanyň Ýahýa beren görnüşine laýyklykda, soňky günlerde bu şalygyň ähmiýeti uly bolar. Ýahýa iki şahly janawaryň aždarha ýaly ses edýändigini görýär. Ol janawar kimi aňladýarka? Onuň iki şahy bar, diýmek, iki güýji aňladýar. Şeýlelikde, Ýahýa ýene-de Iňlis-Amerikan dünýä şalygyny görýär, ýöne ol indi başga bir üýtgeşik zady edýär (Ylham 13:11—15-nji aýatlary okaň).

      13 Bu janawar adamlara öňki janawaryň butuny ýasadýar. Ýahýanyň aýtmagyna görä, janawaryň buty «bir wagtlar bardy, indi ýok, ýöne ýene geler». Britaniýanyň we ABŞ-nyň döreden guramasyna hut şeýle hem boldy. Ol gurama dünýä döwletlerini birleşdirip, olara wekilçilik etmelidif. Bu gurama Birinji Jahan urşundan soň döredilip, Milletler Ligasy diýen ady aldy. Ol Ikinji Jahan urşunyň başlamagy bilen dargady. Uruş döwürleri Hudaýyň halky Ylham kitabyna esaslanyp, janawaryň butunyň ýene-de peýda boljagyny yglan etdiler. Ol, hakykatdan-da, peýda boldy — Birleşen Milletler Guramasy döredildi (Ylh. 17:8).

      14. Janawaryň butuna näme üçin patyşalaryň «sekizinjisi» diýilýär?

      14 Ýahýanyň aýtmagyna görä, janawaryň buty patyşalaryň «sekizinjisidir». Näme üçin? Ol başdaky janawaryň sekizinji kellesi däl-de, ol şol janawaryň buty. Şol buta erk-ygtyýary Birleşen Milletler Guramasynyň agzalary, esasanam, Iňlis-Amerikan dünýä şalygy berýär (Ylh. 17:10, 11). Ol edil patyşa ýaly hereket edip, özüne berlen ygtyýar esasynda bütin dünýäni üýtgetjek bir zady eder.

      JANAWARYŇ BUTY KEMÇINI ÝOK EDÝÄR

      15, 16. Kemçin aýal nämäni aňladýar? Häzir adamlar dine nähili garaýar?

      15 Ýahýanyň aýtmagyna görä, gyzyl janawaryň, ýagny ýedi kelleli janawaryň butunyň üstünde bir aýal oturyp, oňa diýenini etdirýär. Oňa «Beýik Babyl» diýen at berlipdir (Ylh. 17:1—6). Ol kemçin aýal ähli ýalan dinleri aňladýar. Hristian dünýäsiniň dinleri bolsa Beýik Babylyň esasy bölegidir. Ýalan dinler janawaryň butuny, ýagny Birleşen Milletler Guramasyny aç-açan goldaýarlar we oňa täsir etmäge çalyşýarlar.

      16 Beýik Babylyň suwlaryň üstünde oturandygy aýdylýar. Şol suwlar ony goldaýan adamlary aňladýar. Emma Rebbiň gününde adamlar Beýik Babyly öňküsi ýaly goldamaýarlar. Şonuň üçin «derýanyň suwlary gurady» diýilýär (Ylh. 16:12; 17:15). Meselem, janawaryň buty ilki-ilki peýda bolanda, hristian dinleri günbatar ýurtlarynda örän abraýlydy. Häzir bolsa köp adamlar şol dinleri onçakly sylanok. Köpleriň pikirine görä, dünýädäki kynçylyklar, esasan, din sebäpli döreýär. Başgalar bolsa dinleriň adamzat jemgyýetine asla täsir etmegini islemeýär.

      17. Tizden ýalan dine näme bolar we näme üçin?

      17 Emma ýalan din öz-özünden ýok bolmaz. Hudaý patyşalaryň ýüregine kemçini ýok etmek islegini guýýança, kemçin aýal hökümdarlara öz islegini etdirmäge çalşar we güýç-kuwwatyny ýitirmez (Ylham 17:16, 17-nji aýatlary okaň). Tizden Ýehowa Şeýtanyň dünýäsiniň syýasy ýolbaşçylaryny — BMG-ni — ýalan dine topulmaga höweslendirer. Kemçin aýal indi patyşalara täsir edip bilmez we baýlygyndan mahrum bolar. Beýle zat bolar diýip, bary-ýogy birnäçe on ýyl öňräk aýtmak kyndy. Häzir bolsa kemçin aýal gyzyl janawaryň arkasynda zordan ýapyşyp otyr. Şonda-da ol kem-kemden sypyrylyp düşmez. Ol birdenkä rehimsiz ýok ediler (Ylh. 18:7, 8, 15—19).

      JANAWARLAR ÝOK EDILÝÄR

      18. a) Janawar näme eder we netijesi näme bolar? b) Daniýel 2:44-e laýyklykda, Hudaýyň Patyşalygy haýsy patyşalyklary ýok eder? (17-nji sahypadaky çarçuwa serediň).

      18 Ýalan din ýok edilenden soňra, janawar we Şeýtanyň ýerdäki hökümetleri Hudaýyň Patyşalygyna hüjüm eder. Olar göge ýetip bilmez, şonuň üçin Hudaýyň Patyşalygyny goldaýan adamlara topular. Netijede, olar Hudaýa garşy soňky urşa çykarlar (Ylh. 16:13—16; 17:12—14). Daniýel soňky söweş barada käbir zatlary aýdýar (Daniýel 2:44-i okaň)g. Ylham 13:1-de agzalýan janawar, onuň buty we iki şahly janawar ýok ediler.

      19. Nämeler hökman bolar we häzir näme etmegiň wagty?

      19 Biz janawaryň ýedinji kellesiniň döwründe ýaşaýarys. Ol ýok edilýänçä başga kelle peýda bolmaz. Ýalan din ýok edilen mahaly, Iňlis-Amerikan şalygy dünýäde höküm sürer. Daniýeliň we Ýahýanyň aýdan pygamberlikleri jikme-jik ýerine ýetdi. Tizden ýalan din hökman ýok ediler we Armageddon urşy başlar. Bu zatlary Hudaý bize öňünden aýdýar. Eýsem, biz şol pygamberliklere gulak asýarysmy? (2 Pet. 1:19). Häzir Ýehowanyň tarapyna geçip, gökdäki Patyşalygyny goldamagyň tüýs wagtydyr! (Ylh. 14:6, 7).

      a Mukaddes Ýazgylarda onluk san köplenç bir zadyň dolulygyny aňladýar. Şu aýatda bolsa, Rim şalygynyň dargamagy bilen dörän ähli patyşalyklary aňladýar.

      b Daniýel 7:7 Soňra gijeki görnüşlerde elhenç hem gorkunç örän güýçli dördünji janawary gördüm. Onuň ullakan demir dişleri bardy. Ol ähli zady lak-luk atýardy we parça-parça edýärdi, galanyny bolsa aýagy bilen depeleýärdi. Ol öňki janawarlardan tapawutlanýardy we on şahy bardy.

      c Britaniýa şalygy-da, ABŞ-da XVIII asyrdan bäri bardy. Ýöne Ýahýanyň gören görnüşine laýyklykda, olar Rebbiň gününiň başynda bir dünýä şalygy bolmalydy. Ylham kitabynda ýazylan görnüşler «Rebbiň gününde» ýerine ýetýär (Ylh. 1:10). Britaniýa we ABŞ diňe Birinji Jahan urşunyň dowamynda bilelikde dünýä şalygy hökmünde hereket edip başlady.

      d Daniýel 2:41 Sen dabanyň we barmaklaryň az-kem toýundan, az-kem demirdendigini gördüň, ol hem şeýle bölünen patyşalyk bolar. Ýöne çyg toýun demir gatyşyklydyr, şoňa görä, onda biraz demriň berkligi bolar.

      e Daniýel bu patyşanyň şol uruşda etjek elhenç heläkçiligi barada öňünden aýdýar: «Ol üýtgeşik (gorkunç) heläkçilik eder» (Dan. 8:24). Meselem, ABŞ öz duşmanyna atom bombasyny zyňyp, elhenç heläkçilik döretdi.

      f «Ylham — onuň beýik derejesi ýakyndyr!» atly kitaba (rusça, sah. 240, 241, 253) serediň.

      g Daniýel 2:44 Şol patyşalyklaryň günlerinde gökdäki Hudaý bir patyşalyk berkarar eder, ol hiç haçan ýok bolmaz we bu patyşalyk başga halka berilmez. Ol patyşalyklaryň ählisini ýumrup ýok eder, özi bolsa ebedi galar.

      [17-nji sahypadaky çarçuwa]

      «OL PATYŞALYKLARYŇ ÄHLISI» KIMLERI AŇLADÝAR?

      Daniýel 2:44-däki pygamberlikde Hudaýyň Patyşalygy «ol patyşalyklaryň ählisini ýumrup ýok eder» diýilýär. Bu pygamberlikde diňe heýkeliň böleklerini aňladýan patyşalyklar göz öňünde tutulýar.

      Daniýel 2:44-de beýleki patyşalyklara näme boljagy barada aýdylmaýar. Emma bu babatda Ylham kitabyndaky pygamberlikde köpräk aýdylýar. Şol pygamberlige görä, «bütin dünýäniň patyşalary» «ähli zada güýji ýetýän Hudaýyň uly gününde» Ýehowa garşy söweşmek üçin üýşerler (Ylh. 16:14; 19:19—21). Diýmek, Armageddon urşunda diňe bir heýkeliň böleklerini aňladýan patyşalyklar däl-de, eýsem, ähli ynsan hökümetleri ýok ediler.

  • Ýehowadan we Isadan sabyrly bolmagy öwreniň
    Garawul diňi — 2012 | 15 sentýabr
    • Ýehowadan we Isadan sabyrly bolmagy öwreniň

      «Rebbimiziň sabryny gutulyş pursady saýyň» (2 PET. 3:15).

      SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

      • Ýehowanyň sabyrlydygy nämeden görünýär?

      • Isa näme üçin uzak wagtlap sabyr etmelidi?

      • Sabyrly bolmak üçin näme edip bilersiň?

      1. Hudaýyň käbir wepaly gullukçylaryny näme biynjalyk edýär?

      ÝEHOWA onlarça ýyl wepaly gulluk edip, ençeme kynçylyklara hötde gelen bir uýamyz kiçigöwünlilik bilen: «Men ölmänkäm, dünýäniň soňy gelermikä?» diýdi. Ýehowa köpden bäri gulluk edýän käbir dogan-uýalary şeýle sorag biynjalyk edýär. Biz Hudaýyň häzirki kynçylyklary aýryp, ähli zady täzelejek gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýarys (Ylh. 21:5). Şeýtanyň dünýäsiniň soňunyň örän golaýlandygyny bilsek-de, şol güne sabyrly garaşmak kyn bolmagy mümkin.

      2. Biz haýsy soraglara serederis?

      2 Mukaddes Ýazgylarda sabyrly bolmagyň wajypdygy nygtalýar. Hudaýyň gadymy gullukçylary ýaly, biz hem berk imanly bolup, şol wagta sabyrly garaşsak, Hudaýyň wadalaryna gowşarys (Ýewreýler 6:11, 12-nji aýatlary okaň). Ýehowa sabyrly bolmakda gowy görelde görkezýär. Ol islendik wagt erbetligiň soňuna çykyp bilerdi, ýöne bellenen wagta çenli garaşýar (Rim. 9:20—24). Ýehowa näme üçin sabyr edýär? Isa sabyrly bolmakda nähili görelde görkezdi? Sabyrly bolmagyň näme peýdasy bar? Hatda Ýehowa gijä galýan ýaly bolup görünse-de, şu soraglaryň jogaby bize sabyrly we berk imanly bolmaga kömek eder.

      ÝEHOWA NÄME ÜÇIN SABYR EDÝÄR?

      3, 4. a) Ýehowa näme üçin sabyr etdi? b) Erem bagynda pitne turanda Ýehowa näme etdi?

      3 Ýehowanyň sabyr etmeginiň ýerlikli sebäbi bar. Dogry, onuň bütin Älem-jahanyň üstünden höküm sürmäge hemişe doly haky bar. Şeýle-de bolsa, Erem bagyndaky pitneçileriň orta atan meselesine gutarnykly jogap bermek üçin wagt gerekdi, şonuň üçin Ýehowa sabyr edýär. Hudaý gökdäki perişdeleriň we ýerdäki adamlaryň pikirlerini we işlerini gowy bilýär, şonuň üçin bize peýdaly zady edýär (Ýew. 4:13).

      4 Ýehowanyň niýetine görä, Adam ata bilen How enäniň nesli ýer ýüzüni doldurmalydy. Şeýtan How enäni aldap, soňra Adam atany hem pitne turuzmaga iteklese-de, Ýehowa niýetinden ýüz öwürmedi. Ol şonda aljyramady, howlukmaç karara gelmedi ýa-da gaty ünjä düşmedi we adamzat neslini dereksiz hasap etmedi. Gaýtam, adamzat we ýer üçin niýetini amala aşyrmagy dowam etdi (Iş. 55:11). Ýehowa özüne erk edip we sabyrly bolup, niýetini amala aşyrdy hem-de höküm sürmäge haklydygyny subut etdi. Käbir ýagdaýlarda niýetini has gowy amala aşyrmak üçin hatda müňlerçe ýyl garaşdy.

      5. Ýehowanyň sabry nähili bereketler berýär?

      5 Onsoňam, Ýehowa mümkin boldugyndan adamlaryň ebedi ýaşaýşa gowuşmagy üçin sabyrly garaşýar. Ol häzir «uly märekäniň» halas bolmagy barada alada edýär (Ylh. 7:9, 14; 14:6). Ýehowa wagyz işi arkaly adamlary Patyşalygy hem-de adalatly talaplary hakda öwrenmäge çagyrýar. Hudaýyň Patyşalygy baradaky «hoş habar», hakykatdan-da, adamzat üçin iň gowy habar! (Mat. 24:14). Ýehowanyň çagyran her bir adamy dogrulygy söýýän hakyky dostlaryň bütindünýä ýygnagynyň agzasy bolýar (Ýahýa 6:44—47). Söýgüden doly Hudaý olara razylygyny gazanmaga kömek edýär. Şeýle-de Hudaý adamlaryň arasynda gökdäki hökümetiň agzalaryny hem saýlaýar. Olar göge galyp, Hudaýa gulak asýan adamlara kämillige we ebedi ýaşaýşa gowuşmaga kömek ederler. Diýmek, Ýehowa sabyrly garaşsa-da, biziň aladamyzy edip, wadalaryny berjaý etmek üçin tagalla edýär.

      6. a) Ýehowa Nuhuň günlerinde sabyrlydygyny nädip görkezdi? b) Ýehowa biziň günlerimizde sabyrlygyny nädip görkezýär?

      6 Köpler Ýehowany äsgermän erbet iş etse-de, ol sabyr edýär. Muny Nuhuň günlerinde ýer ýüzüni sil almanka bolan wakadan görse bolýar. Şol wagt ýer ýüzi ahlaksyzlykdan, zalymlykdan doludy. Hatda Ýehowa adamlaryň gözgyny ýagdaýyny görüp «ýüreginde agyry duýdy» (Gel. çyk. 6:2—8). Ol şeýle ýagdaýyň ebedilik bolmagyna ýol bermän, gulak asmaýan adamlary ýok etmek kararyna geldi. Ýehowa «Nuhuň günlerinde» sabyr edip, Nuhy we onuň maşgalasyny halas etmäge taýýarlady (1 Pet. 3:20). Wagty gelinde Ýehowa Nuha özüniň gelen kararyny aýtdy we gämi ýasamagy tabşyrdy (Gel. çyk. 6:14—22). Mundan başga-da «dogurlyk wagyzçysy» Nuh ýetip gelýän heläkçilik barada başga adamlara duýdurdy (2 Pet. 2:5). Isa biziň günlerimiziň hem Nuhuň günleri ýaly boljagyny aýtdy. Ýehowa bu zalym dünýäni haçan ýok etmelidigini kesgitledi. «Emma ol güni hem sagady hiç kim» bilmeýär (Mat. 24:36). Şu günler biz hem başga adamlara duýduryp, nädip halas bolmalydygy barada gürrüň berip, Hudaýyň tabşyrygyny berjaý edýäris.

      7. Ýehowa wadalaryny ýerine ýetirmegi gijikdirýärmi? Düşündiriň.

      7 Diýmek, Ýehowanyň sabyr etmegi el gowşuryp oturandygyny aňlatmaýar. Şol sebäpli Hudaý bize üns bermeýär ýa aladamyzy etmeýär öýtmeli däl. Ýöne ýaşyň geçmegi bilen we zalym dünýädäki kynçylyklar sebäpli şeýle pikirler döremegi mümkin. Belki, ruhdan düşýändiris ýa-da Hudaý wadalaryny ýerine ýetirmegi gijikdirýän ýaly bolup görünmegi ahmal (Ýew. 10:36). Ýehowanyň sabyr etmegine degerli sebäpleriň bardygyny we galan wagtyny wepaly gullukçylarynyň peýdasyna ulanýandygyny unutmaň (2 Pet. 2:3; 3:9). Geliň, indi Isanyň sabyr häsiýetine seredeliň.

      ISA SABYRLY BOLMAKDA NÄHILI GÖRELDE GÖRKEZDI?

      8. Isanyň sabyr häsiýeti haýsy ýagdaýlardan görünýär?

      8 Isa müňlerçe ýyllar bäri Hudaýyň islegini höwes bilen ýerine ýetirýär. Şeýtan pitne turzanda, Ýehowa ýalňyz Ogluny ýer ýüzüne Mesih hökmünde ibermegi ýüregine düwdi. Oýlanyp görüň, bellenen wagta çenli Isa müňlerçe ýyllap sabyrly garaşypdyr (Galatýalylar 4:4-i okaň). Şol wagtyň dowamynda Isa-da el gowşuryp oturmandyr. Ol Atasynyň tabşyran işini berjaý edýärdi. Isa ýer ýüzüne gelip, pygamberlikde aýdylyşy ýaly, Şeýtanyň elinden öljegini bilýärdi (Gel. çyk. 3:15; Mat. 16:21). Ol köp görgi hem agyry çekmeli bolsa-da, sabyrly bolup, Hudaýyň islegine boýun boldy. Isa diňe özüni bilmeýärdi. Ol Hudaýyň Ogly bolsa-da, kiçigöwünlidi we kynçylyklardan gaçmaýardy. Ol Hudaýa wepaly bolmakda kämil görelde görkezdi, bizem onuň göreldesine eýermeli (Ýewr.5:8, 9).

      9, 10. a) Isa Ýehowanyň bellän wagtyna garaşyp, nämeler edýär? b) Biz nädip Isanyň göreldesine eýerip bileris?

      9 Isa Mesihe direlenden soňra, ýerde-gökde ygtyýar berildi (Mat. 28:18). Isa şol ygtyýaryny hemişe Ýehowanyň niýetini bellenen wagtda ýerine ýetirmek üçin ulanýar. Şeýlelikde, Ýehowa 1914-nji ýylda duşmanlarynyň üstünden ygtyýar berýänçä, Isa Hudaýyň sagynda sabyrly garaşdy (Zeb. 110:1, 2; Ýew. 10:12, 13). Tizden ol Şeýtanyň dünýäsini ýok eder. Häzir bolsa, Isa adamlara Hudaýy razy etmegi sabyrly öwredýär we olary «ýaşaýyş suwuna» eltýär (Ylh. 7:17).

      10 Sen nädip Isanyň göreldesine eýerip bilersiň? Ol Ýehowanyň käbir zatlar üçin wagt belländigini bilýärdi. Elbetde, Isa Ýehowanyň tabşyrygyny berjaý etmek isleýärdi, muňa garamazdan, ol Hudaýyň bellän wagtyna garaşýardy. Biz hem Şeýtanyň zalym dünýäsiniň ýok edilmegine garaşyp, sabyrly bolmaly. Şeýle hem Hudaýdan öňe geçjek bolmaly däl we lapykeç bolsak hem ruhdan düşmeli däl. Şeýle sabyrly bolmak üçin näme etmeli?

      SABYRLY BOLMAK ÜÇIN NÄME ETMELI?

      11. a) Imanyň we sabryň näme baglanyşygy bar? b) Biziň imanymyz näme üçin has-da berk bolmaly?

      11 Isadan öňki pygamberler we Hudaýyň beýleki wepaly gullukçylary bikämil adamlaryň hem sabyrly çydap biljegini subut etdiler. Olaryň mysalyndan imanyň we sabryň baglanyşyklydygyny görýäris (Ýakup 5:10, 11-nji aýatlary okaň) Eger olar Ýehowanyň aýdanlaryna ýürekden ynanmadyk bolsa — imany gowşak bolsa — onda wadalaryň ýerine ýetmegine sabyrly garaşyp bilerdilermi? Olar gaýta-gaýta gorkunç ýagdaýlara we iman synaglaryna duşsalar-da, çydap bildiler, sebäbi Ýehowanyň wadalarynyň hökman ýerine ýetirjekdigine berk ynanýardylar (Ýew. 11:13, 35—40). Bizde bolsa imanymyzy berkitmäge mümkinçilik has-da köp, sebäbi häzir Isa «imanymyzyň... Kämilleşdirijisi» bolup hyzmat edýär (Ýew. 12:2). Ol köp pygamberlikleri berjaý etdi we bize Ýehowanyň niýetine has-da gowy düşünmäge kömek etdi.

      12. Imanyňy berkitmek üçin näme etmeli?

      12 Imanyňy berkidip, has-da sabyrly bolmak üçin näme edip bilersiň? Munuň üçin Hudaýyň maslahatlaryna eýermek wajyp. Meselem, Patyşalygy durmuşyňda näme üçin birinji orunda goýmalydygyň hakda oýlanyp gör. Matta 6:33-däki tabşyryga gulak asmak üçin has-da köp tagalla edip bilersiňmi? Belki, sen has-da sada ýaşamagy öwrenmelisiň ýa-da gulluga köpräk çykmalysyň. Eden tagallalaryň üçin Ýehowanyň eýýäm beren bereketlerini gözden salma. Mümkin, sen täze Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlansyň ýa-da «her hili düşünjeden ýokary bolan Hudaýyň parahatçylygyny» alansyň (Filipililer 4:7-i okaň). Ýehowanyň maslahatlaryna eýerip, alan bereketleriň barada näçe oýlansaň, şonça-da sabyrly bolmaga höwesiň artar (Zeb. 34:8).

      Sabyrly bolsaň, öňürti Hudaýyň Patyşalygyny agtaryp, köp bereketler alarsyň!

      13. Imanyň bize has-da sabyrly bolmaga kömek edýändigini haýsy mysal görkezýär?

      13 Imanyň has-da sabyrly bolmaga kömek edýändigini görkezýän bir mysala seredeliň. Daýhan ekini ekýär, suwarýar, ýetişdirýär we hasyl ýygnaýar. Her sapar gowy hasyl alyp, indiki gezek has-da ynamly ekin ekýär, hatda ekin meýdanyny giňeldip başlaýar. Hasyla çenli sabyrly garaşmaly bolsa-da, ekini ekýär, sebäbi gowy hasyl aljagyny bilýär. Şoňa meňzeşlikde, biz hem Ýehowanyň maslahatlaryny öwrenip, olara eýersek, peýdasyny göreris. Netijede, Ýehowa ynamymyz hem imanymyz has-da berkär. Şonda sabyrly bolup, geljekki bereketlere garaşmak hem aňsat bolar (Ýakup 5:7, 8-nji aýatlary okaň).

      14, 15. Biz adamlaryň çekýän horluklaryna nähili garamaly?

      14 Mundan başga-da, sabyrly bolmagy öwrenmek üçin dünýäde bolýan wakalara we öz ýagdaýymyza dogry garamaga çalyşmaly. Ähli zada Ýehowanyň garaýşy ýaly garajak bol. Meselem, Ýehowanyň adamzadyň çekýän horluklaryna garaýşy hakda pikirlenip gör. Ýehowa adamlaryň horluk çekýändigini köpden bäri görüp gelýär we gynanýar. Ýöne şonda-da ýagşylyk etmegini goýmady. Ol ýalňyz Ogluny «iblisiň işlerini ýok etmek» we Şeýtanyň adamlara görkezen ähli horluklaryny aýyrmak üçin iberdi (1 Ýahýa 3:8). Diýmek, häzirki kynçylyklar wagtlaýyn, Hudaý tizden ähli horluklary hemişelik aýrar. Şonuň üçin dünýäde bolýan erbetlikleri görüp, imanymyz gowşamasyn. Ýehowa garaşyp, sabyr käsämiz püre-pür bolmasyn. Geliň, Hudaýyň wadalaryna iman edeliň. Ýehowa erbetligi haçan ýok etjegini anyk bilýär we ony bellän wagtynda-da hökman ýok eder (Iş. 46:13; Nah. 1:9).

      15 Zalym dünýäniň soňky kyn günlerinde imanymyz her hili synalmagy mümkin. Zorluk-süteme duşsak ýa-da dogan-garyndaşymyz horluk çekse, gaharlanmagyň deregine, Ýehowa doly bil baglamagy ýüregimize düwmeli. Bikämil adamlara şeýle etmek aňsat bolmaýar. Ýöne Isanyň görkezen göreldesini unutmalyň (Matta 26:39-y okaň)

      16. Bu dünýäniň soňuna garaşyp, biz nämeden gaça durmaly?

      16 Dünýäniň soňunyň golaýdygyna şübhelenýän adam nädogry düşünjä eýerip başlamagy mümkin. Megerem, ol Ýehowanyň wadalary tama eden wagty ýerine ýetmese, nähili ýaşajakdygy hakynda pikirlenýändir. Ol: «Men biraz garaşyp, Ýehowa aýdan zatlaryny edýärmi ýa ýok, şony göreýin» diýip, oýlanmagy mümkin. Şeýle nädogry düşünjä eýerýändigi üçin oňa sabyrly bolmagam kyndyr. Şol sebäpli-de, belki, bu dünýäde wezipä kowalaşjak bolar ýa-da Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýmagyň deregine, baýlyga bil baglap başlar. Mümkin, ol häzirki dünýäde has gowy ýaşaýyn diýip, ýokary bilimi almagyň küýüne düşer. Eýsem, bu imanyň gowşakdygyny görkezmeýärmi? Ýadyňda bolsa, Pawlus bizi «iman hem sabyr arkaly» Ýehowanyň wada beren bereketlerini alan adamlaryň göreldesine eýermäge höweslendirýär (Ýew. 6:11). Ýehowa häzirki zalym dünýäni ýok etmegi ýüregine düwdi we bellän wagtyndan birje günem gijikmez (Hab. 2:3). Şol wagta garaşyp, biz Ýehowa göwünli-göwünsiz gulluk etmekden ägä bolmaly. Tersine, soňky günlerde ýaşaýandygymyzy unutman, bar güýjümiz bilen hoş habary wagyz etmeli. Bu bize köp şatlyk berer (Luka 21:36).

      SABYRLY BOLMAGYŇ PEÝDASY

      17, 18. a) Sabyr häsiýeti bize nähili mümkinçilik berýär? b) Sabyrly bolsak, nähili bereketler alarys?

      17 Ýehowa birnäçe aý ýa onlarça ýyl gulluk edýän bolsak-da, tapawudy ýok, biz oňa ebedi gulluk etmek isleýäris. Zalym dünýäniň soňuna çenli näçe wagt galan bolsa-da, sabyr häsiýeti bize çydamaga kömek eder. Bizde Ýehowanyň kararlaryna doly bil baglaýandygymyzy we onuň ady üçin horluk çekmäge-de taýýardygymyzy görkezmäge mümkinçilik bar (1 Pet. 4:13, 14). Onsoňam, Hudaý bize soňuna çenli çydap halas bolmak üçin sabyrlylygy öwredýär (1 Pet. 5:10).

      18 Isa ýerde hem gökde ähli ygtyýar berildi, şonuň üçin wepaly bolsaň, özüňden başga hiç bir zat seni onuň goragyndan mahrum edip bilmez (Ýahýa 10:28, 29). Diýmek, gelejekden-de, hatda ölümden-de gorkmaly däl. Soňuna çenli çydan halas bolar. Şonuň üçin, dünýäniň düşünjesiniň ýesiri bolup, Ýehowa bil baglamagy goýmalyň. Gaýtam, Hudaýyň sabyr edýändigini görüp, imanymyzy berkideliň we wagtymyzy paýhasly geçireliň (Mat. 24:13; 2 Petrus 3:17, 18-nji aýatlary okaň).

  • «Kiçi bolmagy» öwreniň
    Garawul diňi — 2012 | 15 noýabr
    • «Kiçi bolmagy» öwreniň

      «Siziň araňyzda kim hemmeden kiçi bolsa, ol uly bolar» (LUKA 9:48).

      JOGAP BERIP BILERSIŇIZMI?

      • Bize kiçigöwünli bolmaga näme kömek eder?

      • Özüni «kiçi» alyp barýanlar haýsy manyda «uly» bolar?

      • Maşgalada, ýygnakda we adamlar bilen gatnaşygymyzda kiçigöwünli bolmak üçin näme etmeli?

      1, 2. Isa resullaryna nähili nesihat berdi we näme üçin?

      BIZIŇ ERAMYZYŇ 32-nji ýylynda Isa şägirtleri bilen Jelile etraplaryndady. Şonda resullar öz arasynda kimiň uludygy hakynda jedel edýärler. Luka muny şeýle beýan edýär: «Şägirtleriň arasynda olaryň haýsysynyň uludygy barada jedel ýüze çykdy. Isa olaryň ýüregindäki pikiri aňyp, bir çagany aldy-da, ýanynda duruzdy. Onsoň olara şeýle diýdi: „Kim bu çagany Meniň adymdan kabul etse, Meni kabul etdigidir. Kim-de Meni kabul etse, Meni Ýollany kabul etdigidir. Siziň araňyzda kim hemmeden kiçi bolsa, ol uly bolar“» (Luka 9:46—48). Isa resullaryna pesgöwünli bolmagy berk tabşyryp, sabyrlylyk bilen düşündirdi.

      2 Isanyň hemmeden kiçi bolmak baradaky nesihaty şol döwürdäki ýewreýleriň garaýşyna gabat gelýärdimi? Ýok, gelmeýärdi. Bir kitapda şol döwrüň adamlary barada şeýle diýilýär: «Her bir meselede kimiň uludygy barada jedel turardy we her kimi abraýyna görä sylamak wajyp hasaplanardy» (Theological Dictionary of the New Testament). Isa resullarynyň şol döwürdeşlerinden tapawutlanmagyny isleýärdi.

      3. a) Kiçi bolmak näme aňladýar we şeýle bolmak näme üçin kyn? b) Şu makaladan haýsy soraglaryň jogabyny bileris?

      3 «Kiçi» diýip terjime edilen grek sözi pespäl, kiçigöwünli, tabyn, ähmiýetsiz, pes derejeli ýa-da ygtyýary ýok diýmegi aňladýar. Isa kiçijik çagany mysal getirip, şägirtlerine kiçigöwünli hem pespäl bolmagy aýdyň düşündirdi. Isanyň beren nesihaty bize-de degişli. Käbir ýagdaýlarda özüňi kiçi ýaly alyp barmak kyn bolmagy mümkin. Ynsan tekepbirligi at-abraýa kowalaşmaga höweslendirýär. Adamlaryň arasyndaky bäsdeşlik hem-de bu dünýäniň ruhy bizi diňe özüňi bilmäge, özdiýenli, dawaçyl bolmaga ýa-da başgalaryň üstünden agalyk etmäge höweslendirip biler. Bize kiçigöwünli bolmaga näme kömek eder? «Aramyzda hemmeden kiçi bolan», haýsy manyda «uly bolar»? Biz nähili ýagdaýlarda kiçigöwünli bolmaga çalyşmaly?

      «HUDAÝYŇ BAÝLYGY, AKYLDARLYGY, BILIMI ÇUŇDUR!»

      4, 5. Kiçigöwünli bolmaga näme kömek edýär? Mysal getiriň.

      4 Pesgöwünli bolmagy öwrenmek üçin Ýehowanyň özümizden has beýikdigi hakda oýlanmaly. Hakykatdanam, «Onuň düşünjesine akyl ýetmez» (Iş. 40:28). Ýehowanyň beýikligi barada Pawlus resul hem: «Hudaýyň baýlygy, akyldarlygy, bilimi çuňdur! Onuň hökümleri akyla sygmaz, ýollary bilinmezdir!» diýdi (Rim. 11:33). Pawlus şol sözleri iki müň ýyl mundan ozal ýazypdy. Şondan bäri adamlar köp zatlary öwrenseler-de, onuň aýdan sözleri öňküsi ýaly dogry. Ýagny biz näçe köp bilsek-de, Ýehowa, onuň işleri hem-de ýollary barada doly öwrenip bilmeris.

      5 Mysal üçin, Leoa atly bir adam Hudaýyň ýaradan zatlaryny hiç haçan doly öwrenip bilmejekdigine düşünip, has pesgöwünli boldy. Ýaş Leo ylym bilen gyzyklanýardy. Ol Älem-jahan barada köpräk bilesi gelip, astrofizikany öwrenip başlady we örän wajyp netijä geldi. Ol şeýle diýýär: «Men ylmy işler bilen meşgullanyp, häzirki ylmy taglymatlaryň adamzada Älem-jahana doly düşünmäge kömek etmeýändigine göz ýetirdim, şol sebäpli-de ýurist bolmagy ýüregime düwdüm». Wagtyň geçmegi bilen, Leo etrap prokurory, soňra bolsa kazyýetde kazy bolýar. Ahyrsoňy, ol aýaly bilen Mukaddes Ýazgylary öwrenip başlady we hakykaty kabul edip, suwda çokundyryldy. Şeýle ýokary bilimli bolsa-da, oňa kiçigöwünli bolmaga näme kömek etdikä? Ol şeýle diýýär: «Ýehowa we Älem-jahan barada näçe köp bilsek-de, bilmeýän zadymyz hemişe has köp bolar».

      [16-njy sahypadaky surat]
Ýehowa bize hoş habary wagyz etmegi tabşyryp, uly hormat goýýar

      [16-njy sahypadaky surat]

      6, 7. a) Ýehowa kiçigöwünli bolmakda nähili ajaýyp görelde görkezýär? b) Hudaýyň kiçigöwünliligi bizi nädip «uly» edýär?

      6 Ýehowanyň özüni kiçigöwünli alyp barmagy hem bize kiçigöwünli bolmaga kömek edýär. «Biz Hudaýyň işdeşleridiris» diýen sözler barada oýlanyp göreliň (1 Kor. 3:9). Göz öňüne getiriň, Ýehowa — deňsiz-taýsyz beýik Hudaý bize Mukaddes Ýazgylary, ýagny Sözüni wagyz etmäge mümkinçilik berip, hormat goýýar. Tohumy ösdürýän Ýehowa bolsa-da, ol bize hakykat tohumyny ekmek we suwarmak işini tabşyrdy (1 Kor. 3:6, 7). Eýsem, mundan Ýehowanyň kiçigöwünliligi görünmeýärmi? Elbetde, Ýehowa kiçigöwünli bolmakda ajaýyp görelde görkezýär. Bu bizi-de kiçigöwünli bolmaga höweslendirmeli.

      Ýehowa bize hoş habary wagyz etmegi tabşyryp, uly hormat goýýar

      7 Hudaýyň kiçigöwünliligi mezmurçy Dawuda güýçli täsir edipdir. Ol Ýehowa: «Sen maňa gutulyş galkanyňy berdiň, Seniň rehimdarlygyň (kiçigöwünliligiň, TD) meni beýgeltdi» diýip, aýdym aýtdy (2 Şam. 22:36). Ýehowa «eglip», ýagny özüni kiçeldip, Dawuda köp kömek edýär, şol sebäpli-de ol Ysraýylda uly işleri edip bildi. Dawut muňa gowy düşünýärdi (Zeb. 113:5—7). Ýehowa bize-de şeýle kömek edýär. Häsiýetler, ukyplar hem jogapkärçilikler barada aýtsak, olaryň haýsy birini Ýehowadan «almadyk»? (1 Kor. 4:7). Şeýlelik-de, özüni «kiçi» ýaly alyp barýana «uly» diýse bolar, sebäbi ol Ýehowa üçin has gymmatly bolýar (Luka 9:48). Geliň, munuň sebäbine seredeliň.

      «KIM HEMMEDEN KIÇI BOLSA, OL ULY BOLAR»

      8. Ýehowanyň guramasynda gulluk edýänler näme üçin kiçigöwünli bolmaly?

      8 Hudaýyň guramasynda şadyýan gulluk edip, ýygnagy goldamak üçin kiçigöwünli bolmak örän wajyp. Geliň, Ýehowanyň Güwäçileriniň maşgalasynda ulalan Petra atly gyzyň mysalyna seredeliň. Petra öz isleýşi ýaly ýaşamak üçin ýygnakdan daşlaşdy. Birnäçe ýyldan ol ýene-de ýygnak bilen gatnaşyp başlady. Ol häzir Ýehowanyň halkynyň arasynda bagtly gulluk edýär we ýygnagyň geçirýän çärelerini goldaýar. Onuň garaýşy nähili üýtgedikä? Ol şeýle ýazýar: «Ýehowanyň guramasynda şadyýan gulluk etmek üçin iki wajyp häsiýet, ýagny kiçigöwünlilik bilen pespällik gerek ekeni. Men muňa düşünip, şol häsiýetleri öwrenmeli boldum».

      9. Pesgöwünli adam ruhy iýmite nähili garaýar? Bu näme üçin ony has gymmatly edýär?

      9 Kiçigöwünli adam Ýehowanyň halkyna berýän ähli zatlarynyň, şol sanda ruhy iýmitiniň hem gadyryny bilýär. Ol Mukaddes Ýazgylary çuňňur öwrenýär, «Garawul diňi» žurnalyny we beýleki mesihi edebiýatlary höwes bilen okaýar. Ýehowanyň köp gullukçylary ýaly, kiçigöwünli mesihçi her bir täze edebiýaty kitap tekjesine goýmanka okap çykýar. Eger-de biz pesgöwünli bolup, Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlary minnetdarlyk bilen okasak we öwrensek, ruhy taýdan öseris. Şonda Ýehowa bizi gullukda has köpräk ulanyp biler (Ýew. 5:13, 14).

      10. Biz ýygnakda nädip kiçigöwünli bolup bileris?

      10 Kiçigöwünli adam başga manyda-da «uly» hasaplanyp bilner. Ýehowanyň mukaddes ruhunyň ýolbaşçylygynda her ýygnakda ukyply doganlar ýaşuly bellenýär. Olar ýygnak duşuşyklaryny geçirýärler, wagyz işine ýolbaşçylyk edýärler we dogan-uýalaryň aladasyny edýärler. Kiçigöwünli adam şu meselelerde ýaşululary höwes bilen goldap, ýygnagyň şatlygyna, parahatlygyna we agzybirligine goşant goşýar (Ýewreýler 13:7, 17-nji aýatlary okaň). Eger-de sen ýygnakda ýaşuly ýa-da gulluk hyzmatçysy bolsaň, onda Ýehowanyň beren jogapkärli borjunyň gadyryny bilip, özüňi kiçigöwünli alyp barýarmyň?

      11, 12. Haýsy häsiýet bizi Ýehowanyň guramasynda has gymmatly edýär we näme üçin?

      11 Özüni «kiçi» ýaly alyp barýan mesihçä Ýehowanyň guramasynda «uly», ýagny has gymmatly diýsek bolar, sebäbi pesgöwünli adam ýygnagyň göreldeli agzasy bolýar. Isa pygamberiň şägirtlerine kiçigöwünli bolmak barada maslahat bermeginiň sebäbi hem, olaryň käbirine şol wagtky zalym dünýäniň ruhy täsir edýärdi. Luka 9:46-da: «Şägirtleriň arasynda olaryň haýsysynyň uludygy barada jedel ýüze çykdy» diýilýär. Bizem käbir zatlarda imandaşlarymyzdan has gowy ýa-da başga adamlardan has artykdyryn öýdýärismi? Biz bu dünýädäki tekepbir hem nebsewür adamlardan tapawutlanmaly. Eger kiçigöwünli bolup, Ýehowanyň islegini birinji orunda goýsak, biz bilen gatnaşýan dogan-uýalar hemişe özüni rahat duýar.

      12 Dogrudan-da, Isanyň kiçigöwünlik barada beren maslahaty oýlandyrýar. Eýsem, biz durmuşyň ähli ýagdaýlarynda kiçigöwünli bolmaga çalyşýarysmy? Geliň, käbir ýagdaýlara seredeliň.

      «KIÇI» BOLMAGA DYRJAŞYŇ

      13, 14. Är-aýal nädip kiçigöwünli bolup biler we bu maşgala nähili täsir eder?

      13 Maşgalada. Şu günler köp adamlar diňe öz hak-hukuklary barada alada edýärler welin, hatda başgalaryň hukuklaryny sylamaýarlar. Kiçigöwünli mesihçi bolsa, Pawlusyň beren maslahatyna eýermäge çalyşýar. Ol rimlilere ýazan hatynda: «Parahatlyga, biri-birimizi dikeltmäge ýaraýan işler ugrunda dyrjaşalyň» diýýär (Rim. 14:19). Kiçigöwünli mesihçi hemmeler bilen, esasan-da, mähriban ýan ýoldaşy bilen parahat ýaşamaga dyrjaşýar.

      14 Dynç almak meselesine seredeliň. Bu meselede är-aýalyň islegi tapawutlanmagy mümkin. Belki-de, äri boş wagtyny öýünde kitap okap geçirmegi halaýandyr. Aýaly bolsa, aýlanmaga ýa dost-ýarlaryna myhmançylyga gitmegi gowy görýändir. Eger äri kiçigöwünli bolup diňe özüniň gowy görýän zady barada däl-de, aýalynyň islegini hem göz öňünde tutsa, şonda aýalyna adamsyny sylamak has aňsat düşer. Aýaly-da ähli zady özüçe etmän, gaýtam, äriniň islegini göz öňüne tutsa, muny görýän äriniň söýgisi has-da artar we aýalynyň gadyryny biler! Är-aýalyň ikisi-de kiçigöwünli bolsa, maşgala ojagy gitdigiçe berkär (Filipililer 2:1—4-nji aýatlary okaň).

      15, 16. 131-nji mezmura laýyklykda, Dawut ysraýyllary nämä höweslendirdi? Biz şol maslahata ýygnakda nädip eýerip bileris?

      15 Ýygnakda. Bu dünýädäki köp adamlar her bir islegini derrew kanagatlandyrmaga çalyşýarlar. Olar köplenç dargursak bolup, sabyr käsesi çalt dolýar. Emma kiçigöwünli adam Ýehowa garaşýar (Zebur 131:1—3-nji aýatlary okaň). Eger kiçigöwünli bolup, Ýehowa sabyrly garaşsak, köp bereketler alarys, aman-sag ýaşap, göwünlik taparys we bagtly bolarys. Ine, şonuň üçin Dawut ysraýyllary Ýehowa sabyrly garaşmaga höweslendirdi!

      16 Ýehowa kiçigöwünli garaşsaň, senem şeýle göwünlik taparsyň (Zeb. 42:5). Belki, sen «gözegçi bolmaga jan çekip», «oňat işi arzuw edýänsiň» (1 Tim. 3:1—7). Elbetde, sen mukaddes ruhuň kömegine daýanyp, gözegçi doganlara gerek häsiýetleri öwrenmek üçin güýjüňi gaýgyrmaly dälsiň. Emma sen beýlekilere garanyňda has köp garaşmaly bolsaň näme? Kiçigöwünli dogan ýygnakda goşmaça jogapkärligi almak üçin sabyrly garaşar. Şoňa çenli bolsa Ýehowa we ýygnaga şatlyk bilen gulluk etmegini dowam eder.

      17, 18. a) Ötünç soramagyň we başgalary bagyşlamagyň näme peýdasy bar? b) Saý-sebäp bilen sözünde durup bilmedik adama Süleýmanyň tymsallary 6:1—5-nji aýatlarda näme maslahat berilýär?

      17 Adamlar bilen gatnaşygymyzda. Köp adamlar ötünç soramagy kyn görýärler. Emma Ýehowanyň gullukçylary kiçigöwünli bolup, ýalňyşyny boýun alýarlar we ötünç soraýarlar. Şeýle-de olar başgalaryň ýazygyny derrew bagyşlaýarlar. Tekepbirlik agzalalyga eltýär we jenjel turuzýar, ýöne geçirimlilik ýygnakda parahatlyk döredýär.

      18 Onsoňam, ýürekden ötünç sorap, kiçigöwünli bolup bileris. Mümkin, birine söz berip, soňra bolsa saý-sebäp bilen aýdan zadymyzy edip bilen däldiris. Şeýle ýagdaýyň döremegine doly günäkär bolmasak-da, öz ýalňyşymyzyň hem bardygyna düşünip, ony boýun almaly (Süleýmanyň tymsallary 6:1—5-nji aýatlary okaň).

      Sen haýsy ýagdaýlarda kiçigöwünli bolup bilersiň?

      [19-njy sahypadaky surat]
Sen haýsy ýagdaýlarda kiçigöwünli bolup bilersiň?

      [19-njy sahypadaky surat]

      19. Mukaddes Ýazgylaryň kiçigöwünlilik barada berýän maslahatlaryna näme üçin minnetdar bolmaly?

      19 Biz Mukaddes Ýazgylaryň kiçigöwünlilik barada berýän maslahatlaryna minnetdar! Käte kiçigöwünli bolmak aňsat bolmasa-da, Ýaradyjymyzyň özümizden has beýikdigi we onuň kiçigöwünliligi hakda oýlansak, şol ajaýyp häsiýeti öwrenmäge islegimiz artar. Şonda biz Ýehowa üçin has gymmatly bolarys. Şonuň üçin, geliň, hemişe «kiçi» bolmaga çalşalyň.

      a Adam atlary üýtgedildi.

  • Ýetmiş ýyllap ýehudynyň eteginden tutýaryn
    Garawul diňi — 2012 | 15 aprel
    • Terjimehal

      Ýetmiş ýyllap ýehudynyň eteginden tutýaryn

      Lenard Smit gürrüň berdi

      Men ýetginjekkäm, Mukaddes Ýazgylaryň iki aýady maňa örän täsir etdi. Şondan bäri, 70 ýyl geçse-de, men Zakarýa 8:23-üň manysyna doly düşünendigim henizem ýadymda. Ol aýatda şeýle diýilýär: «On adam ýehudynyň eteginden tutup: «Biz siziň bilen gitjek, çünki Hudaýyň siz bilendigini eşitdik diýerler».

      «Ýehudy» mesh edilen mesihçileri aňladýan bolsa, «on adam» bolsa «başga goýunlary», öňki aýdylyşy ýaly «Ýonadab toparyny» aňladýara (Ýahýa 10:16). Men muňa düşünenimde, ebedi ýaşamak üçin, mesh edilen mesihçileri wepaly goldamalydygyma göz ýetirdim.

      Isanyň Matta kitabynyň 25:31—46-njy aýatlaryndaky «goýunlar» we «geçiler» diýen tymsaly-da maňa güýçli täsir etdi. «Goýunlar» bu soňky günlerde ýer ýüzünde ýaşaýan mesh edilen mesihçilere ýagşylyk edip, höküme edilende aklanjak adamlary aňladýar. Men ýaş Ýonadab hökmünde, özüme: «Len, sen Mesihiň goýny bolasyň gelse, onuň mesh edilen doganlaryny goldap, baştutanlygyna boýun bolmalysyň, sebäbi Hudaý olar bilendir» diýdim. Men muňa ýetmiş ýyldan gowrak eýerýärin.

      «MENIŇ ÝERIM NIREDE?»

      Ejem 1925-nji ýylda Beýtelde, ýygnak geçirilýän zalda suwda çokundyryldy. Bu ýere London çadyry diýilýärdi we onda Londonda hem-de töwereginde ýaşaýan doganlar ýygnanýardy. Men 1926-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda doguldym. 1940-njy ýylyň mart aýynda Angliýanyň kenarynda ýerleşýän Duwr şäherinde geçirilen kongresde suwda çokundyryldym. Meniň hakykata bolan söýgim gitdigiçe artýardy. Ejem mesh edilen mesihçi bolandygy üçin, meniň birinji tutan «ýehudynyň etegi» ejemiňkidi. Şol wagt kakam bilen uly gyz doganym Ýehowa gulluk etmeýärdiler. Biz Angliýanyň günorta-gündogarynda ýerleşýän Jillingem şäherindäki ýygnaga barýardyk, şol ýygnakda kän mesh edilen dogan-uýalar bardy. Ejem yhlasly wagyz edip, ajaýyp görelde görkezýärdi.

      1941-nji ýylyň sentýabrynda Lester şäherinde geçirilen kongresde «Aýypsyzlyk» diýen doklatda Älem jahanyň hökümdarlygy baradaky meselä seredildi. Şol doklad maňa Şeýtan we Ýehowanyň arasyndaky jedelli meselä biziň hem degişlidigimize düşünmäge kömek etdi. Şol sebäpli biz Ýehowanyň tarapyny tutup, Älemiň hökümdarynyň öňünde aýypsyzlygymyzy saklamaly.

      Bu kongresde pioner gullugyna köp üns berlip, ýaşlar pioner gullugyna başlamaga höweslendirildi. Men «Guramada pioneriň orny» diýen doklady diňläp, «Meniň ýerim niredekä?» diýen sorag barada oýlandym. Şol kongres maňa Ýonadab hökmünde mesh edilen mesihçilere wagyz işinde bar güýjüm bilen kömek etmelidigime düşünmäge ýardam etdi. Men edil şol ýerde Lester şäherinde pionerler üçin resmikagyzy doldurdym.

      URUŞ DÖWRI PIONER GULLUGY

      1941-nji ýylyň 1-nji dekabrynda 15 ýaşymdakam, meni ýörite pioner edip bellediler. Ejem meniň ilkinji ýoldaşym boldy, emma ol bir ýyldan saglyk ýagdaýy sebäpli pioner gullugyny goýmaly boldy. Şonda Londonyň filialy meniň bilen bile gulluk eder ýaly, häzir Puerto-Rikonyň filialynyň komitetinde gulluk edýän Ron Parkini belledi.

      Bizi Kent graflygynyň kenar ýakasyndaky Brodsters we Ramsgit şäherlerine iberdiler. Biz kireýine alnan otagda ýaşadyk. Şol wagt ýörite pioner her aýda 40 şilling (8 dollara golaý) alýardy. Otagymyz üçin pul töländen soň, birazajyk pulumyz galýardy we biz indiki sapar haçan çörek iýjekdigimizi bilmeýärdik. Nähili bolaýanda-da, Ýehowa ähli gerek zatlarymyzyň hemişe aladasyny edýärdi.

      Biz köplenç tigirli aýlanýardyk. Biz Demirgazyk deňzinden öwüsýän şemala garşy agyr ýükli tigirleriň pedalyny zordan aýlaýardyk. Şeýle-de biz samolýotlaryň hüjümini we Kent şäheriniň üstünden Londona tarap barýan gaty pesden uçýan Fau—1 nemes raketalaryny gördük. Bir sapar edil meniň üstümden bomba geçende, men tigrimden böküp, özümi ýaba zyňmaly boldum. Bomba golaýymdaky meýdanda ýaryldy. Her niçik-de bolsa, Kentde pioner bolup gulluk edenimde, şatlygymy ýitirmeýärdim.

      BEÝTELÇI BOLDUM

      Ejem hemişe Beýtel barada höwes bilen gürrüň berýärdi. Ol: «Men şeýle bir seniň beýtelçi bolmagyňy isleýärin» diýerdi. Göz öňüne getiriň, 1946-njy ýylyň ýanwarynda Londondaky Beýtele üç hepde işlemäge çagyrylanymda, begenjimiň çägi bolmady. Üç hepdeden soň filialda gulluk edýän Praýs Hýuz atly dogan Beýtelde galmagymy haýyş etdi. Şol ýerde öwrenen zatlarym maňa şu çaka çenli kömek edýär.

      Şonda Londonyň Beýtelinde 30 adam, esasanam, ýaş öýlenmedik doganlar gulluk edýärdi. Şeýle-de birnäçe mesh edilen mesihçiler, şol sanda Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzalary bolan Praýs Hýuz, Edgar Kleý we Jek Barr gulluk edýärdi. Meniň ýaly oglanjyk üçin, Mesihiň doganlaryny goldap, şeýle «diregleriň» ruhy gözegçiliginde gulluk etmek uly hormatdy! (Gal. 2:9).

      Beýtelde bir sapar dogan ýanyma gelip, bir uýanyň gapynyň agzynda garaşýandygyny aýtdy. Onuň ejemdigini bilenimde, haýran galdym. Ejemiň elinde bir dolangy zat bardy. Ol meniň işime päsgel bermez ýaly, girmejekdigini aýtdy. Ejem şol dolangy zady berdi-de, gitdi. Onda ýylyja palto bardy. Ejemiň şeýle mähirli aladasy maňa kiçijik Samuel mukaddes çadyrda gulluk edende, Annanyň oňa eşik getirişini ýatlatdy (1 Sam. 2:18, 19).

      GILEAD MEKDEBINDE ÝATDAN ÇYKMAJAK PURSATLAR

      1947-nji ýylda Beýtelimizden bäş adam ABŞ-da geçirilýän Gilead mekdebiniň 11-nji klasyna çagyryldy. Biz indiki ýyl oňa okamaga gitdik. Mekdep geçirilýän ýere Nýu-Ýork ştatynyň demirgazygyna baranymyzda, gaty sowukdy. Men ejemiň sowgat eden ýylyja paltosy üçin, diýseň begenýärdim!

      Gilead mekdebinde geçiren alty aýymy hiç haçan ýatdan çykarmaryn. 16 ýurtdan gelen dogan-uýalar bilen ýakyn gürrüňdeş bolup, gözýetimim giňedi. Mekdepde alan ruhy dürdänelerden başga-da, ýetişen mesihçiler bilen gürrüňdeş bolmak maňa örän peýdaly boldy. Klasdaşym Lloýd Berri, mugallymym Albert Şrýoder, şeýle-de patyşlyk fermasynyň (şol ýerde Gileat ýerleşýärdi) gözegçisi Jon But soňra Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy boldular. Bu doganlaryň maňa söýgi bilen beren maslahatlary we olaryň Ýehowa hem-de guramasyna wepaly göreldesi üçin örän minnetdar.

      AÝLANÝAN GÖZEGÇI WE ÝENE-DE BEÝTELDE

      Gilead mekdebini gutaranymdan soň, Ogaýo ştatyna (ABŞ) aýlanýan gözegçi bellendim. Men bary-ýogy 21 ýaşymda bolsam-da, doganlar hyjuwyma dogry garap, mähirli garşyladylar. Bu welaýatda men uly ýaşly tejribeli doganlardan köp zady öwrendim.

      Birnäçe aýdan soň meni Bruklindäki Beýtele ýene-de okamaga çagyrdylar. Şol ýerde men dürli wagtda Ýolbaşçylyk maslahatynda gulluk eden Milton Henşel, Karl Kleýn, Neýtan Norr, Tomas (Bat) Salliwan we Laýman Suingl ýaly «diregler» bilen tanyşdym. Men olaryň zähmet çekişine we özüni alyp barşyna syn edip, köp zatlary öwrendim. Ýehowanyň guramasyna bolan ynamym ýüz esse artdy. Meni okuwdan soň Ýewropa iberdiler.

      1950-nji ýylyň fewral aýynda ejem aýryldy. Ony jaýlanymyzdan soň, kakam we aýal doganym Dora bilen aç-açan gürrüňdeş boldum. Men olardan: «Ejemem ýok, menem öýden daşda gulluk edýärin, hakykat babatda indi pikiriňiz nähili?» diýip soradym. Olar bir gartaşan mesh edilen Harri Brauning atly dogany tanaýardylar we hormatlaýardylar. Şol sebäpli onuň bilen hakykat barada gürüňdeş bolmaga razy boldular. Bir ýyl geçip geçmänkä, kakam we Dora suwda çokundyryldy. Soňra kakam Jillingemdäki ýygnakda gulluk kömekçisi bellendi. Kakam aýrylandan soň, Dora ýygnakda ýaşuly bolup gulluk edýän Roý Morton atly dogana durmuşa çykdy. Dora ömrüniň ahyryna çenli Ýehowa wepaly gulluk edip, 2010-njy ýylda aradan çykdy.

      FRANSIÝADA GULLUK EDÝÄRIN

      Men hususy orta mekdepde fransuz, nemes we latyn dillerini öwrendim. Maňa fransuz dilini öwrenmek kyn düşdi. Şol sebäpli Pariždäki Beýtele gidip kömek etmegi haýyş edenlerinde, men begenjegimi-de, gynanjagymy-da bilmedim. Meniň üçin ol ýerde gartaşan mesh edilen Anri Žiže dogan bilen gulluk etmek uly bagtdy. Maňa tabşyrylan bu ýumuş aňsat bolmady, şonuň üçin köp ýalňyşlar goýberdim, ýöne adamlaryň arasyndaky gatnaşyk barada kän zatlara düşündim.

      Uruşdan soň, 1951-nji ýylda halkara kongresi Parižde geçirilmelidi we men ony taýýarlamaga kömekleşdim. Maňa kömek etmek üçin Beýtele ýaş aýlanýan gözegçi Leopol Žontes geldi. Soňra Leopol filialyň gözegçisi bellenildi. Kongres Eýfel diňiniň golaýyndaky Sport köşgünde geçirildi. Kongrese 28 ýurtdan delegatlar gatnaşdy. Soňky gün 6 000 sany fransuz Güwäçileri kongrese 10 456 adam gelendigini bilende, çäksiz begendiler!

      Men Fransiýa gelenimde, fransuzçany gowy bilemokdym. Onuň üst-üstüne-de men diňe hemme zady dogry gürlejekdigime ynamym bolanda, agzymy açjakdygymy ýüregime düwüp, ýalňyşlyk goýberdim. Emma ýalňyşmasaň, seni hiç haçan düzetmezler we dogry gürlemegi hiç haçan öwrenmersiň.

      Men ýalňyşymy düzeder ýaly başga ýurtdan gelenler üçin fransuz dili öwrenilýän mekdebe ýazyldym. Men ýygnak geçirilmeýän günleri agşamyna öwrenmäge gidýärdim. Şeýdip fransuz dilini gowy görüp başladym we ýyl-ýyldan oňa bolan söýgim artdy. Bu gullukda-da peýdaly boldy, çünki men fransuz filialynda terjime işine kömek edip bildim. Wagtyň geçmegi bilen, terjimeçi bolup, iňlis dilinden fransuz diline terjime edip başladym. Bütin dünýäde fransuz dilinde gepleýän dogan-uýalar sadyk hem akylly hyzmatkäriň berýän gymmatly ruhy iýmitini alar ýaly, terjime etmek meniň üçin uly hormatdy! (Mat. 24:45—47).

      ÖÝLENDIM WE ALAN BEREKETLERIM

      1956-njy ýylda men köp ýyldan bäri tanaýan Ester atly şweýsariýaly pioner uýa öýlendim. Biz London Beýteliniň ýanynda ýerleşýän Patyşalyk zalynda (ejemiň suwda çokundyrylan ýeri bolan köne London çadyrynda) toý tutduk. Toýda Hýuz dogan doklad bilen çykyş etdi. Esteriň ejesi hem meniň ejem ýaly mesh edilen mesihçidi. Men öýlenip diňe bir wepaly we ajaýyp kömekçi edinmän, eýsem, ruhy taýdan berk gaýynenem bilen birnäçe sagat ruhy gürrüňler edip, bereketler aldym. 2000-nji ýylda gaýynenemiň ýerdäki ömri tamamlandy.

      Durmuş guranymyzdan soň, Ester bilen Beýtelde ýaşamadyk. Muňa garamazdan, men Beýtelde terjime işimi dowam etdim, Ester bolsa Parižiň golaýynda ýörite pioner bolup gulluk edýärdi. Ol birnäçe adama Ýehowanyň gullukçysy bolmaga kömek etdi. 1964-nji ýylda bizi Beýtelde ýaşamaga çagyrdylar. Soňra 1976-njy ýylda Fransiýada filial komiteti ilki döredilende, men onuň agzasy boldum. Ester meni ýyllar boýy hemişe goldaýar.

      «MEN HEMIŞE SIZIŇ ÝANYŇYZDA BOLMARYN»

      Men Nýu-Ýorkdaky bütindünýä baş edara käte baryp bilýändigime begenýärin. Şol ýere baranymda Ýolbaşçylyk maslahatynda gulluk edýän doganlardan peýdaly maslahatlary alýandygyma örän şat. Meselem, men bir gezek biynjalyklanyp, wagtynda işimi ýerine ýetirip bilmeýändigimi aýtdym. Şonda Norr dogan ýylgyryp, şeýle diýdi: «Gaýgy etme-de, işläber!» Şondan bäri ençeme gezek dürli işlerim köpelende, howsala düşmän, ilki bir işi edýän, soňra başgasyny we hemme iş öz wagtynda bitýär.

      Isa ölüminiň öňüsyrasy şägirtlerine şeýle diýdi: «Men hemişe siziň bilen bolmaryn» (Mat. 26:11). Şeýle-de biz, başga goýunlar Mesihiň mesh edilen doganlarynyň ýerde hemişe bolmajakdygyny bilýäris. Şol sebäpli men 70 ýyldan gowrak mesh edilen mesihçiler bilen eginme-egin işleşýändigimi deňsiz-taýsyz hormat saýýaryn we şatlyk bilen ýehudynyň eteginden tutýaryn.

      [Çykgyt]

      a «Ýonadab topary» barada bilmek üçin «Garawul diňiniň» 2010 ý. 15-nji fewral sah. 5 abz. 8—10 serediň.

      [21-nji sahypadaky suratyň aşagyndaky sözler]

      Norr dogan ýylgyryp, şeýle diýdi: «Gaýgy etme-de, işläber!»

      [19-njy sahypadaky suratyň aşagyndaky sözler]

      (Çepde) Ejem we kakam

      (Sagda) Gilead mekdebinde ejemiň sowgat eden ýylyja paltosynda. 1948-nji ýyl

      [20-nji sahypadaky suratyň aşagyndaky sözler]

      Fransuz filialy bagyş edilende, Lloýd Berriniň dokladyny terjime edýärin. 1997-nji ýyl

      [21-nji sahypadaky suratyň aşagyndaky sözler]

      (Çepde) Ester bilen toý güni

      (Sagda) Bile wagyzda

  • 60 ýyldan bäri dowam edýän dostluk
    Garawul diňi — 2012 | 15 oktýabr
    • Terjimehal

      60 ýyldan bäri dowam edýän dostluk

      1951-nji ýylyň tomus günleriniň bir agşamy 20 ýaşlaryndaky dört sany ýaş ýigit Itaka (ABŞ, Nýu-Ýork ştaty) şäherindäki telefon budkasynyň ýanynda durdular. Olar Miçigan, Aýowa we Kaliforniýa ştatlaryna jaň etmäge howlukýardylar. Olar gowy zady habar etmekçidiler!

      Şol ýylyň fewral aýynda 122 sany pioner Gilead mekdebiniň 17-nji klasynda okamaga Saut-Lansinge (Nýu-Ýork ştaty) geldiler. Gelejekki missionerleriň arasynda Louell Terner, Uilýam (Bill) Kasten, Riçard Kelsi we Reýmon Templton dagylar hem bardy. Louell bilen Bill Miçigandandy, Riçard Aýowadan, Reýmon bolsa Kaliforniýadandy. Tizden olaryň dördüsi dostlaşdylar.

      Çepden saga: Riçard, Louell, Reýmon we Bill Gilead mekdebinde dostlaşdylar

      [17-nji sahypadaky surat]
Çepden saga: Riçard, Louell, Reýmon we Bill Gilead mekdebinde dostlaşdylar

      [17-nji sahypadaky surat]

      Takmynan bäş aý geçenden soň, bütindünýä baş edarada gulluk edýän Neýtan Norr doganyň çykyş etjekdigi barada talyplara bildiriş edildi. Şol güne hemmeler garaşýardy. Mundan birnäçe gün öň dört dost, eger mümkin bolsa, bile bir ýurtda gulluk etmek islegleriniň bardygyny aýdypdylar. Häzir olar nirä bellenjekdiklerini bilerlermi? Elbetde!

      Norr dogan talyplaryň haýsy ýurtlara bellenendiklerini aýdyp başlanda, klasda oturanlaryň ählisi janlanyp ugrady. Ilki bilen, dört dost sahna çagyryldy. Olar örän tolgunýardy, emma bir ýerde gulluk etjekdiklerini bilip, uludan dem aldylar. Olary nirä bellärler? Haçanda Norr dogan olaryň Germaniýada gulluk etjekdikleri barada aýdanynda, synpdaşlary örän geň galdylar we uzak wagtlap el çarpdylar.

      1933-nji ýylda Gitleriň goly astyndaky Germaniýada Hudaýa wepaly bolan Güwäçiler baradaky gürrüňler bütin dünýädäki Ýehowanyň Güwäçilerini haýran galdyrýardy. Ikinji Jahan urşundan soňra Ýewropadaky doganlara eşik we başga-da gerekli zatlaryň iberilendiginden talyplaryň köpüsi habarlydy. Germaniýadaky Hudaýyň halky iman, gaýduwsyzlyk, mertlik we Ýehowa bil baglamak babatda ajaýyp görelde galdyrdylar. Şonda Louell şeýle pikir etdi: «Indi şol mähriban dogan-uýalar bilen biziň hut özümiz tanyş bolarys». Dostlaryň nirä bellenendiklerini dogan-garyndaşlaryna jaň edip aýtmaga howlugandyklary geň galdyrmaýar!

      GERMANIÝA BARÝAN ÝOLDA

      [18-nji sahypadaky surat]
Ýokarda: Reýmon Patyşalyk gullugynyň mekdebini geçirýär

      [18-nji sahypadaky surat]

      1951-nji ýylyň 27-nji iýulynda «Houmlend» gämisi Ist-Riweriň (Nýu-Ýork ştaty) gämi duralgasyndan daşlaşyp, Germaniýa tarap 11 günlük ýola düşdi. Bu gämide dört dost hem bardy. Gilead mekdebiniň mugallymy we soňra Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy bolan Albert Şrýoder olara nemesçe birnäçe söz öwredipdi. Bu dört dost gämidäki birnäçe nemes adamlary görüp, olardan nemes dilinde ýene-de käbir zatlary öwreneris öýdüp pikir etdiler. Ýöne ýolagçylar dürli şiwede gepleýärdiler, bu bolsa doganlaryň başyny çaşyrdy.

      Ýokarda: Reýmon Patyşalyk gullugynyň mekdebini geçirýär

      Doganlar gämide barýarkalar deňiz keseline uçradylar. Olar 7-nji awgustda, sişenbe güni irden Germaniýanyň Gamburg diýen ýerine gelip düşdüler. Urşuň tamamlanyna bary-ýogy alty ýyl bolupdy we onuň ýetiren zyýany mese-mälim görnüp durdy. Gözüniň görýän zatlaryna geň galyp, doganlar Wisbadene gidýän gijeki otla mündüler. Şol wagtlar filial Wisbadende ýerleşýärdi.

      [18-nji sahypadaky surat]
Riçard Wisbadendäki Beýtelde kanwertiň daşyna salgyny çap edýän maşynda işleýär

      [18-nji sahypadaky surat]

      Doganlar çarşenbe güni irden birinji sapar Hans diýen ýerli Güwäçini gördüler. Onuň tüýs nemes ady bardy. Ol doganlary demir ýol duralgasyndan Beýtele getirdi we olaryň aladasyny etmegi dogumly gartaşan uýa tabşyrdy. Ol uýa iňlisçe ýekeje söz hem bilmeýärdi. Ýöne ol gaty gepleseň, bu kynçylygy ýeňip bolar öýden bolmagy ahmal. Emma uýa näçe gaty geplese-de, dört dost hiç zada düşünmeýärdi we tizden uýanyň özi-de, doganlar-da ýadady. Ahyry, filialda gulluk edýän Erih Frost dogan gelip, olar bilen iňlis dilinde mähirli salamlaşdy. Şonda doganlar özlerini has arkaýyn duýdular.

      Riçard Wisbadendäki Beýtelde kanwertiň daşyna salgyny çap edýän maşynda işleýär

      Bu dört dogan awgust aýynyň ahyrynda ilkinji sapar Frankfurt-na-Maýnede geçirilen «Arassa sežde» atly nemes kongresine gatnaşdylar. Kongrese gatnaşan adamlaryň iň ýokary sany 7 432 boldy. 2 373 adamyň suwda çokundyrylandygyny bilip, bu dört dostuň missioner bolmak yhlasy we wagyz etmek islegi has güýjedi. Ýöne birnäçe gün geçensoň, olar Norr dogandan özleriniň Beýtelde gulluk etmäge bellenendigini bildiler.

      Reýmonda öň Amerikanyň Birleşen Ştatyndaky Beýtelde gulluk etmäge mümkinçiligi bolupdy, emma ol ondan el çekipdi. Sebäbi Reýmon bütin ýüregi bilen missioner bolmak isleýärdi. Riçard bilen Bill hem hiç haçan Beýtelde gulluk etmek barada oýlanmandylar. Emma wagtyň geçmegi bilen, olar bellenen ýerlerinde gulluk etmekden köp şatlyk tapdylar. Bu bolsa olary Ýehowanyň kimiň nirede gulluk etmelidigini hemişe gowy bilýändigine ynandyrdy. Şonuň üçin öz islegiňe däl-de, Onuň berýän görkezmesine eýermek has paýhaslydyr! Muňa ýürekden düşünen adam, Ýehowa nirede gulluk edip, nähili borjy ýerine ýetirse-de, özüni bagtly duýar.

      «FERBOTEN!»

      Beýtel maşgalasynyň köp agzalary amerikan doganlaryň gelenine örän begendiler. Sebäbi olarda indi iňlis dilinde gepleşmäge gowy mümkinçilik döräpdi. Ýöne bir gezek naharhanada, olaryň eden arzuwy puç boldy. Frost dogan özüne mahsus bolan ruhubelentlik äheňde, nemes dilinde örän möhüm zat barada aýdyp başlady. Beýtel agzalarynyň köpüsinden ses-seda çakmady. Olar ýüzlerini aşak salyp, bir nokada seredip galdylar. Täze gelenler Frost doganyň sözlerine düşünmeseler-de, olar gürrüňiň özleri barada gidýändigini aňdylar. Frost dogan gaty ses bilen: «FERBOTEN!» («Gadagan!») diýdi we ony nygtamak üçin batly sesi bilen ýene-de gaýtalap aýtdy. Şonda Amerikadan gelen doganlar özlerini oňaýsyz ýagdaýda duýdular. Beýle ýagdaý ýüze çykar ýaly, olar näme etdilerkä?

      [19-njy sahypadaky surat]
Ýokarda: Frost dogan (sagda), Norr (çepde) we başga doganlar

      [19-njy sahypadaky surat]

      Nahardan soň doga edildi we ähli dogan-uýalar öz otaglaryna tarap howlukdylar. Soňra bir dogan bize şeýle düşündirdi: «Bize kömek etmek üçin, siz nemes dilinde geplemegi öwrenmeli. Şol sebäpli Frost dogan tä siz nemes dilini öwrenýänçäňiz, siziň bilen iňlis dilinde gepleşmegi FERBOTEN, ýagny gadagan etdi».

      Ýokarda: Frost dogan (sagda), Norr (çepde) we başga doganlar

      Beýtel maşgalasynyň agzalary derrew görkezmä gulak asdylar. Doganyň söýgi bilen beren maslahatyny başda ýerine ýetirmek kyn bolsa-da, bu täze gelenlere diňe bir nemes dilini öwrenmäge däl, eýsem, berilýän maslahatyň köplenç peýda getirýändigine düşünmäge kömek etdi. Frost doganyň beren maslahaty Ýehowanyň guramasynyň bähbidi üçindi we doganlara bolan söýgüsini görkezýärdia. Wagtyň geçmegi bilen, dostlaryň dördüsi-de, ol dogany örän gowy gördüler!

      DOSTLARDAN NÄME ÖWRENSE BOLÝAR

      [19-njy sahypadaky surat]
1952-nji ýylda Şweýsariýada dynç alyş günleri

      [19-njy sahypadaky surat]

      Hudaýdan gorkýan bu dostlardan biz Ýehowa bilen dostlukly gatnaşygymyzy berkitmäge ýardam edýän köp zatlary öwrenip bileris. Bu dört dost Hudaýa wepaly ençeme nemes dogan-uýalardan we biri-birinden köp zatlary öwrendiler. Riçard şeýle düşündirýär: «Louell biraz nemes dilini bilýärdi we oňa bu dili öwrenmek aňsatdy. Bize bolsa kyn düşýärdi. Şeýle-de Louelliň ýaşy bizden uludy. Şol sebäpli dil babatda sorag dörände we görkezme gerek bolanda, biz derrew oňa ýüz tutardyk». Reýmon şeýle ýatlaýar: «Germaniýada gulluk edenimize bir ýyl bolanda, biz ilkinji dynç alyş günlerimizi Şweýsariýanyň daglyk obasynda geçirdik, sebäbi şweýsariýaly bir dogan bize öýüni hödürläpdi. Meniň begenjimiň çägi ýokdy! Iki hepdeläp dostlaryň bilen bile bolmak we nemes dilinde geplemegi alada etmän dynç almak, diýseň gowudy! Ýöne men Louelliň bardygyny unudypdyryn. Ol her gün irden gündeki aýady we oňa degşli düşündirişi nemes dilinde okamagy hem-de pikir alyşmagy bizden berk talap edýärdi. Ol örän tutanýerlidi! Emma biziň ýürekden aladamyzy edýän adamyň berýän görkezmesi bilen käte ylalaşmasak-da, oňa eýermelidigi babatda özümize gymmatly sapak edindik. Bu prinsip bize köp ýyllaryň dowamynda kömek etdi we teokratik görkezmä tabyn bolmak bize aňsat boldy».

      1952-nji ýylda Şweýsariýada dynç alyş günleri

      Dört dost Filipililer 2:3-däki: «Başgalary özüňizden üstün saýyp, pespäl boluň» diýen sözlere eýerip, biri-biriniň güýçli taraplaryny gymmat saýmagy öwrendiler. Meselem, käbir işleri Billiň gowy başarýandygyny dostlaryň ählisi boýun alýardy. Doganlar oňa hormat goýýardylar we köplenç şeýle işleri oňa tabşyrýardylar. Louell şeýle ýatlaýar: «Haçanda belli bir karara gelmek ýa-da gowy däl habary aýtmak babatda kyn meseläni çözmeli bolanda, biz Bille ýüz tutýardyk. Ol iň kyn ýagdaýlardan hem gowy baş alyp çykýardy. Elbetde, biz hem şeýle edip bilerdik, ýöne bize batyrgaýlyk we ukyp ýetmeýän ýalydy».

      BAGTLY NIKALAR

      Dört dost yzly-yzyna öýlenmek kararyna gelýärler. Olaryň dostlugy Ýehowa bolan söýgä we doly wagtly gulluga esaslanýardy. Şol sebäpli olar durmuşda Hudaýa gulluk etmegi birinji orunda goýýan uýalardan özlerine gelinlik gözleýärdiler. Doly wagtly gulluk olara bermegiň almakdan has köp şatlyk berýändigine we Patyşalyk işleriniň öz arzuw-islegleriňden has wajyp bolmalydygyna düşünmäge kömek etdi. Şonuň üçin olar doly wagtly gulluk edýän uýalara öýlendiler. Şeýlelikde, dört sany bagtly maşgala döredi.

      Eger dostluk ýa-da maşgala gatnaşyklary Ýehowa bolan söýgä esaslansa, olar, hakykatdan-da, berk bolar (Wag. 4:12). Bill bilen Reýmonyň aýaly aradan çykan hem bolsa, olar wepaly ýanýoldaşyň nähili şatlyk we goldaw berýändigini gördüler. Louell bilen Riçard häzirem maşgalasy bilen bagtly ýaşaýarlar. Bill soňra ýene-de öýlendi. Ol akyldarlyk bilen özüne gelinlik saýlandygy üçin, doly wagtly gullugyny dowam edýär.

      Soňky ýyllarda dostlar dürli ýurtlarda: Germaniýada, Awstriýada, Lýuksemburgda, Kanadada we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda gulluk etdiler. Şol sebäpli olar öz isleýişleri ýaly, köp wagtyny bile geçirip bilmediler. Ýöne olar uzak aralykda ýaşasalar-da, biri-biri bilen habarlaşyp durardylar. Olar alýan bereketlerine bile şatlanýardylar, hasrat çekenlerinde bile aglaýardylar (Rim. 12:15). Elbetde, şeýle dostlaryň gadyryny bilmeli we olara minnetdar bolmaly. Olar — Ýehowanyň beren gymmatly sowgady (Sül. tym. 17:17). Şu günler hakyky dost tapmak örän kyn! Emma her bir mesihçi özüne ençeme dost tapynyp biler. Ýehowanyň Güwäçileri hökmünde, biz dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýan dogan-uýalar bilen, iň esasy-da, Ýehowa Hudaý we Isa Mesih bilen dostlaşýarys.

      Bu dört dost hem beýlekiler ýaly köp zatlary, ýagny ýanýoldaşyňy ýitirmek hasratyny, agyr kesel sebäpli döreýän kynçylyklary, garry ata-enesiniň aladasyny etmegi, doly wagtly gulluk edýän döwri çagalaryny terbiýelemek kynçylygyny, täze berilýän teokratik borçlar sebäpli döreýän aladalary başdan geçirdiler. Indi bolsa, olar garrylyk çagynda gitdigiçe köpelýän kynçylyklara duçar bolýarlar. Ýöne olar öz tejribesinden dostlaryň biri-birinden uzakda ýaşasalar-da, Ýehowany söýmäge we ähli kynçylyklaryň hötdesinden gelmäge birek-birege kömek edýändigine düşündiler.

      EBEDI DOSTLUK

      Louell, Reýmon, Bill we Riçard özlerini ýaş wagtlary Ýehowa bagyş etdiler. Şonda olar 18, 12, 11 we 10 ýaşlaryndady. Haçanda olaryň ýaşy 17-den 21 aralygy bolanda, ählisi doly wagtly gulluga başlady. Olar Wagyzçy 12:1-däki: «Juwanlygyňda... özüňi Ýaradany ýatla» diýen masalahata eýerdiler.

      Eger siz ýaş dogan bolsaňyz we sizde doly wagtly gulluk etmäge mümkinçilik bar bolsa, onda Ýehowanyň çakylygyny kabul ediň. Şonda siz Onuň merhemeti bilen, bu dört dost ýaly, etrap, welaýat ýa-da filiallara seredýän gözegçi bolup, Beýtelde, şeýle-de filialyň komitetinde gulluk edip, Pionerler we Patyşalyk gullugynyň mekdebinde öwredip, uly hem kiçi kongreslerde doklad bilen çykyş edip, köp şatlyk taparsyňyz. Bu dört dogan edýän gullugynyň on müňlerçe adamlara peýda getirendigine örän begenýärler! Olar ýaş wagtlary Ýehowa bütin ýüregi bilen gulluk etmek üçin, Onuň söýgüden doly çakylygyna seslenendikleri sebäpli şeýle ajaýyp üstünlikleri gazanyp bildiler (Kol. 3:23).

      Çepden saga: Riçard, Bill, Louell we Reýmon 1984-nji ýylda Zeltersdäki täze filial bagyş edilende duşuşdylar

      [20-nji sahypadaky surat]
Çepden saga: Riçard, Bill, Louell we Reýmon 1984-nji ýylda Zeltersdäki täze filial bagyş edilende duşuşdylar

      [20-nji sahypadaky surat]

      Şu günler Louell, Riçard we Reýmon ýene-de bile Zeltersdäki (Germaniýa) filialda gulluk edýärler. Gynansak-da, 2010-njy ýylda Bill aradan çykýar. Ol Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýörite pioner bolup gulluk edýärdi. Ölüm — dört doganyň 60 ýyla golaý dowam edip gelýän dostlugyň bagyny üzdi! Ýöne biziň Hudaýymyz Ýehowa hiç haçan dostlaryny unutmaýar. Onuň Patyşalygynyň ýolbaşçylygy astynda, her bir mesihçiniň ölüm sebäpli kesilen dostlugynyň dikeldiljekdigine şübhelenmän bileris.

      Ölmeziniň öň ýany Bill şeýle ýazýar: «Bütin 60 ýylyň dowamynda dostlukly gatnaşygymyzda ýüze çykan erbetlik meniň ýadyma düşenok. Biziň dostlugymyz meniň üçin hemişe gymmatlydy». Bill täze dünýäde olaryň dostlugynyň dowam etjekdigini göz öňünde tutup, şeýle diýdi: «Bu entek başlangyjydyr».

      a Frost doganyň terjimehaly 1961-nji ýylyň 15-nji aprelinde çykan «Garawul diňi» žurnalynyň 244—249-njy sahypalarynda çap edildi (iňl.).

      Olar bellenen ýerlerinde gulluk etmekden köp şatlyk tapdylar. Bu bolsa olary Ýehowanyň kimiň nirede gulluk etmelidigini hemişe gowy bilýändigine ynandyrdy

      «Bütin 60 ýylyň dowamynda dostlukly gatnaşygymyzda ýüze çykan erbetlik meniň ýadyma düşenok»

  • Ýehowa maňa islegini berjaý etmegi öwretdi
    Garawul diňi — 2012 | 15 iýul
    • Terjimehal

      Ýehowa maňa islegini berjaý etmegi öwretdi

      Maks Lloýd gürrüň berdi

      Bu waka 1955-nji ýylda bir gün ýary gije bolupdy. Men birnäçe missionerler bilen Günorta Amerikada Paragwaýda gulluk edýärdim. Biz jaýyň içindekäk gazaba münen birnäçe adam daşymyzy gabap: «Biziň hudaýymyz ganhor hudaýdyr. Biz daşary ýurtly adamlaryň janyny almak isleýäris» diýip haýbat atdylar. Biz bu ýere nädip düşdük?

      BU ENÇEME ýyl öň dogduk mekanym Awstraliýada başlapdy. Ol ýerde Ýehowa maňa islegini berjaý etmegi öwredip başlady. 1938-nji ýylda kakama Ýehowanyň Güwäçileri «Duşmanlar» diýen kitaby beripdiler. Şol wagt eýýäm ejem bilen kakam ýerli ruhanynyň Mukaddes Ýazgylaryň käbir kitaplaryna erteki diýenine lapykeç bolupdy. Bir ýyl geçip-geçmänkä olar özüni Ýehowa bagyş edip, suwda çokundyryldy. Şondan soň maşgalamyzda Ýehowanyň islegini berjaý etmegi örän wajyp saýýardyk. Soňra menden bäş ýaş uly aýal doganym Lesli suwda çokundyryldy, men bolsa 1940-njy ýylda dokuz ýaşymda suwda çokundyryldym.

      Ikinji jahan urşy başlandan soň Awstraliýada Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlary çap etmek we ýaýratmak gadagan edildi. Men ýaşlykdan imanym barada diňe Mukaddes Ýazgylar arkaly düşündirmegi öwrendim. Mekdepde näme üçin baýdaga tagzym etmeýändigimi we milletparazlygy döredýän urşy goldamaýandygymy düşündirmek üçin, men hemişe Mukaddes Ýazgylary ýanym bilen alýardym (Müs. çyk. 20:4, 5; Mat. 4:10; Ýahýa 17:16; 1 Ýahýa 5:21).

      Mekdepde köp okuwçylar maňa «nemesleriň şpiony» diýip, meniň bilen gepleşmeýärdi. Bir sapar mekdepde film görkezdiler. Kino başlamazdan öň, her kim ýerinden turup milli gimni aýtdylar. Men ýerimden turmadym, şonda iki-üç oglan meniň saçymdan çekip, ýerimden galdyrjak boldular. Iň soňy Mukaddes Ýazgylara esaslanan imanym üçin meni mekdepden kowdular. Emma men soňra gaýbana okadym.

      AHYR SOŇY MAKSADYMA ÝETDIM

      14 ýaşym dolanda, men pioner bolup gulluk edip başlamagy maksat edinipdim. Emma ata-enem maňa ilki iş tapyp, işlemelidigimi aýdanda, örän lapykeç boldum. Olar men entek öýde ýaşaýarkam, özümi eklemelidigimi aýtdylar. Ýöne 18 ýaşym dolansoň pioner bolmaga rugsat berjekdigini söz berdiler. Aýlyk alan günlerim hemişe ata-enem meniň bilen gürrüňdeşlik geçirýärdi. Sebäbi men alan aýlygymy pioner bolup gulluk etmek üçin jemlemek isleýändigimi aýdýardym. Emma şonda-da olar pulumy alýardy.

      Pioner bolup gulluk edip başlamaga wagt gelende, ata-enem meniň bilen oturyp, gazanan pullarymy banka goýup, jemländiklerini aýtdylar. Olar pioner bolup gulluk etmek üçin egin-eşik we başga zatlar almak üçin pulumy gaýdyp berdiler. Olar maňa özümi eklemegi we başgalardan muny tama etmezligi öwretdiler. Indi muny ýatlap, wajyp zady öwrenendigime düşünýärin.

      Biz Lesli bilen entek çagakak, pionerler köplenç bizde myhmançylykda bolýardy we olar bilen wagyz etmegi gowy görerdik. Dynç günleri öýden-öýe, köçelerde wagyz edýärdik we Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýärdik. Şol ýyllar ýygnakdaky wagyzçylar aýda 60 sagat wagyz etmegi maksat edinýärdi. Ejem hemişe diýen ýaly bu maksadyna ýetip, Lesli ikimize gowy görelde görkezýärdi.

      TASMANIÝADA PIONER BOLUP GULLUK EDÝÄRIN

      Men Lesli we onuň ýanýoldaşy bilen Awstraliýanyň Tasmaniýa adasynda pioner bolup gulluk edip başladym. Emma tizden olary Gilead mekdebiniň 15-nji klasyna okuwa çagyrdylar. Men örän çekinjeňdim we öň öýden hiç haçan daş gitmeýärdim. Käbirleri maňa Tasmaniýada üç aý hem galyp bilmersiň diýýärdi. Emma bir ýyldan, 1950-nji ýylda meni birleşik gullukçysy (häzirki ýaşuly maslahatynyň koordinatory) edip bellediler. Soňra meni bir ýaş dogan bilen ýörite pioner edip bellediler.

      Bizi mis çykarylýan şähere bellediler, ol ýerde Ýehowanyň Güwäçileri ýokdy. Ol ýere biz agşamara awtobusly baryp, şol gije köne myhmanhanada bolduk. Ertesi güni öýden-öýe wagyz etmäge gitdik we kireýine berilýän jaý gözledik. Agşam bir adam protestantlaryň buthanasynyň golaýynda ruhanynyň jaýynyň boşdugyny we onuň kömekçisi bilen gürleşmegi maslahat berdi. Ruhanynyň kömekçisi garşy bolman, şol jaýda ýaşamaga rugsat berdi. Biziň üçin ruhanynyň öýünden her gün wagza gitmek geň zatdy.

      Wagyz edýän ýerimiz hasyllydy. Wagyzda gowy gürrüňler edip, ençeme Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirip başladyk. Paýtagtda dini ýolbaşçylar bu barada bilip, ruhanynyň kömekçisiniň hem Ýehowanyň Güwäçilerine kömek edýänini eşidende, ondan bizi derrew kowmagy talap etdiler. Biz ýene-de jaýsyz galdyk!

      Ertirsi günortana çenli wagyz edenimizden soň, biz ýene-de ýatara jaý gözledik. Ýatmak üçin iň gowy ýer diýip tapan ýerimiz, stadionyň tribunasydy. Biz ol ýerde çemedanlarymyzy gizläp, ýene-de wagyz etmäge gitdik. Garaňky düşüp ugrapdy, emma biz köçäniň ugrundaky galan öýlere hem aýlanmagy ýüregimize düwdük. Şol öýleriň birinde bir adam bize melleginiň aýak ujundan iki kiçi otagly jaýda ýaşamagy hödür etdi.

      AÝLANÝAN GÖZEGÇILIK IŞI WE GILEAD MEKDEBI

      Sekiz aý ýörite pioner bolup wagyz edenimden soň, men Awstraliýanyň filialyndan aýlanýan gözegçi bolmaga çakylyk aldym. Men entek 20 ýaşymdadym, şonuň üçin muňa haýran galdym. Birnäçe hepde okanymdan soň, ýygnaklara aýlanyp, dogan-uýalary ruhlandyryp başladym. Menden uly dogan-uýalar (ýagny hemmeler diýen ýaly) ýaşdygyma äsgermezlik etmän, edýän işime hormat goýýardylar.

      Ýygnakdan-ýygnaga her hili ulaglarda barmaly bolýardym. Bir hepde awtobusly, indiki hepde tramwaýly, käte maşynly ýa-da motosikliň yzynda agyr çemedany we wagyz üçin sumkany tutup gidýärdim. Dogan-uýalaryňkyda bolmagy gowy görýärdim. Birleşik gullukçysy bolup gulluk edýän bir dogan jaýy doly gurlup gutarylmadyk bolsa-da, meni öýünde myhman almagy gowy görerdi. Şol hepde maňa dogan ýatar ýaly düşegi wannanyň içine düşäp berýärdi, emma Ýehowa bile gulluk edip, şonda-da hepdäni şadyýan geçirerdik.

      1953-nji ýylda ýene-de bir şatlykly habary aldym, ýagny men Gilead mekdebiniň 22-nji klasyna çagyryldym. Emma men begenjegimi-de, gynanjagymy-da bilmedim. Sebäbi aýal doganymy ýanýoldaşy bilen Gilead mekdebini 1950-nji ýylyň 30-njy iýulynda tamamlansoň, Pakistana ugratdylar. Bir ýyl geçip-geçmänkä, Lesli ol ýerde keselläp, aýryldy. Gilead mekdebini gutaransoň, dünýäniň haýsydyr bir künjegine gitmegime ata-enem nähili gararka diýip biynjalyk bolýardym. Emma olar: «Ýehowa nirä iberse, şol ýere git» diýdiler. Şondan soň men kakamy görmedim. Ol 1957-nji ýylda aradan çykdy.

      Tizden men Nýu-Ýork şäherine barmak üçin awstraliýaly bäş dogan-uýa bilen gämä münüp, alty hepdelik ýol geçdik. Ýolda Mukaddes Ýazgylary okaýardyk, ýolagçylara wagyz edýärdik. Biz Nýu-Ýorgyň demirgazygynda ýerleşýän Saut-Lansinge Gilead mekdebine barmazdan öň, 1953-nji ýylyň iýul aýynda «Ýanki» stadionynda geçirilýän halkara kongresine bardyk. Kongrese 165 829 delegat geldi!

      Gilead mekdebinde klasymyzda okan 120 student dünýäniň ähli künjeginden gelipdiler. Biz soňky güne çenli nirede gulluk etjekdigimizi bilmedik. Muny bilen badymyza, bellenen ýurtlarymyz barada köpräk bilmek üçin, Gilead mekdebiniň kitaphanasyna eňdik. Men Paragwaýa bellenipdim. Bu ýurtda syýasy rewolýusiýalar köp bolýardy. Paragwaýa baranymda, bir güni irden başga missionerlerden şu gije nähili «baýramçylyk» bellediler diýip soradym. Olar ýylgyryp: «Sen birinji rewolýusiýany başdan geçirdiň. Gapyny açyp seret» diýdiler. Her burçda esgerler durdy!

      ÝATDAN ÇYKMAJAK WAKA

      Bir sapar men aýlanýan gözegçi bilen uzakda ýerleşýän ýygnaga «Täze dünýä jemgyýeti hereketde» diýen filmi görkezmäge gitdim. Biz sekiz ýa dokuz sagat ilki otluda, soňra atly, iň soňy öküze dakylan arabada ýöredik. Biz ýanymyz bilen generator we kinoproýektory aldyk. Ahyry barmaly ýerimize bardyk we indiki gün daýhanlaryň öýüne aýlanyp, olaryň hemmesini agşam kino görmäge çagyrdyk. Kinony görmäge 15-e golaý adam geldi.

      Filmi 20 minuda golaý görensoň, bize mümkin boldugyndan, derrew öýe giriň diýdiler. Biz kinoproýektory alyp, öýe girdik. Soňra bir topar adam gygyrşyp, ok atyşyp: «Biziň hudaýymyz ganhor hudaýdyr. Biz daşary ýurtly adamlaryň janyny almak isleýäris» diýip, haýbat atyp başladylar. Öýde diňe iki daşary ýurtly adam bardy, olaryň biri mendim. Ol adamlar öýe kürsäp girmez ýaly, filmi görenler gapyny daşyndan saklap durdular. Daňdan sagat üçe golaý pitneçiler ýene gelip, ok atyşyp, şähere yzymyza gaýdanymyzda ýolda tutarys diýip haýbat atyp gitdiler.

      Doganlar döwlet işgäri bilen gepleşdiler we ol öýlän iki sany at bilen bizi şähere alyp gitmäge geldi. Biz gidip barýarkak, ol jeňňelligiň ýa-da gür gyrymsy agaçlaryň golaýyndan geçenimizde, döwlet işgäri şol ýeri barlamak üçin ýaragyny çykaryp, öňümizden ýöreýärdi. Men şonda atyň gowy ulagdygyna göz ýetirdim we soňra bir at aldym.

      TÄZE MISSIONERLER GELÝÄR

      Dini ýolbaşçylaryň garşylygyna garamazdan, wagyz işi gowy netijeler berýärdi. 1955-nji ýylda bäş sany missioner geldi, olaryň arasynda Gilead mekdebiniň 25-nji klasyny gutaran kanadaly ýaş uýa Elsi Swanson hem bardy. Ol başga şähere bellenmezinden öň, biziň bile filialda gulluk etdi. Elsini hakykaty kabul etmedik ata-enesi goldamasa-da, ol özüni Ýehowa bagyş edipdi. 1957-nji ýylyň 31-nji dekabrynda men Elsi uýa öýlendim we Paragwaýyň günortasyndaky missionerleriň öýünde ýeke özümiz ýaşadyk.

      Öýümizde suw akýan kran ýokdy, emma oňa derek, howlymyzda guýy bardy. Jaýyň içinde duş, hajathana, kir ýuwýan maşyn, hatda holodilnik hem ýokdy. Tiz zaýalanýan iýmit önümlerini her gün satyn alýardyk. Sada ýaşaýandygymyza garamazdan, dogan-uýalar bilen mähirli gatnaşykda bolup, özümizi örän bagtly duýýardyk.

      1963-nji ýylda biz ejem bilen görüşmek üçin Awstraliýa baranymyzdan biraz wagt geçensoň, ejem on ýyllap ogluny görmändigi üçin, tolgunyp, ýüreginden tutdy. Paragwaýa gaýtmaly wagtymyz golaýladygy saýyn, bir uly meseläni çözmeli bolduk. Biz ejemi keselhanada goýup, biri aladasyny eder öýdüp, Paragwaýa halaýan gullugymyza dolanarysmy ýa-da ejem bilen galarys? Kän doga etdik we Elsi bilen ejeme seretmek üçin galdyk. Ejem tä aradan çykýança, ýagny 1966-njy ýyla çenli biz oňa seretdik, emma doly wagtly gullugymyzy-da goýmadyk.

      Birnäçe ýyl Awstraliýada etrap we welaýat gözegçi bolup gulluk etdim hem-de ýaşulular üçin geçirilýän Hudaýa gulluk mekdebinde okatdym. Bu meniň üçin uly hormatdy! Soňra durmuşymyzda ýene-de bir özgerişik boldy. Meni Awstraliýanyň ilkinji filialynyň Komitetiniň agzasy edip bellediler. Täze filial gurlup başlanda, meni Gurluşyk komitetiniň ýolbaşçysy etdiler. Ençeme tejribeli dogan-uýalaryň kömegi bilen owadan filial gurlup gutaryldy.

      Soňra meni ýurduň wagyz işine gözegçilik edýän Gulluk bölümine bellediler. Şeýle-de maňa bütin dünýädäki filiallara aýlanyp, kömek etmek we ruhlandyrmak üçin zonal gözegçisi bolup gulluk etmek hormatly işi ynanyldy. Käbir ýurtlarda birnäçe, hatda onlarça ýyl Ýehowa wepaly gulak asany üçin türmede we konsetrasion lagerde oturan dogan-uýalar bilen tanşyp, imanym hasam berkedi.

      HÄZIRKI GULLUGYMYZ

      2001-nji ýylda kyn zonal gözegçilik işinden dolanansoň, Birleşen Ştatlarynyň filialynyň täze döredilen Komitetinde gulluk etmek üçin Bruklinden (Nýu-Ýork) çakylyk haty geldi. Elsi bilen bu hat barada doga edip, ondaky teklibi ara-alyp maslahatlaşanymyzdan soň, ony şatlyk bilen kabul etdik. Bruklinde gulluk edýänimize eýýäm 11 ýyl boldy.

      Men aýalymyň Ýehowanyň islendik haýyşyny şatlyk bilen kabul edýändigine begenýärin. Häzir Elsi bilen ýaşymyz 80-den agdy, saglygymyz hem ganymat. Biz Ýehowanyň berjek ebedi tälimine we onuň islegini berjaý edýänlere eçjek bol bereketlerine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.

      [19-njy sahypadaky suratyň aşagyndaky sözler]

      Bir hepde awtobusly, indiki hepde tramwaýly, käte maşynly ýa-da motosikliň yzynda agyr çemedany we wagyz üçin sumkany tutup gidýärdim

      [21-nji sahypadaky suratyň aşagyndaky sözler]

      Biz Ýehowanyň berjek ebedi tälimine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys

      [18-nji sahypadaky surat]

      Çepde: Awstraliýada aýlanýan gözegçi bolan wagtym

      Sagda: Men ata-enem bilen

      [20-nji sahypadaky surat]

      Toý güni, 31 dekabr 1957 ý.

  • Agzybirligiň we ägirt uly taslamalaryň duşuşygy
    Garawul diňi — 2012 | 15 awgust
    • Ýyllyk ýygnagynyň hasabaty

      Agzybirligiň we ägirt uly taslamalaryň duşuşygy

      PENSILWANIÝADAKY Garawul diňi, Mukaddes Ýazgylar we kitapça jemgyýetiniň her ýyl geçirýän duşuşygy tolgundyryjy bolýar. 2011-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda, şenbe güni geçirilen 127-nji ýyllyk duşuşygy-da örän tolgundyryjy boldy! Dünýäniň dürli künjeginden çagyrylan dogan-uýalar Jersi-Sitidäki (ABŞ, Nýu-Jersi ştaty) Ýehowanyň Güwäçileriniň kongres zalynda ýygnanyşdylar.

      Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy Gerrit Lýoş 85 ýurtdan gelen dogan-uýalary mähirli garşylady we imandaşlarymyzyň arasyndaky bütindünýä doganlyk agzybirligini belläp geçdi. Bu agzybirlik gowy güwälik bolup, Ýehowany şöhratlandyrýar. Hawa, duşuşykda agzybirlik temasy birnäçe gezek gaýtalanypdy.

      MEKSIKADAN GELEN GOWY HABAR

      Duşuşygyň birinji bölüminde Ýehowanyň halkynyň agzybirligi barada gürrüň edildi. Baltasar Perla Meksikadan gelen üç sany Beýtel agzasyndan interwýu aldy. Perla dogan olardan Merkezi Amerikadaky alty sany filialyň Meksikadaky filial bilen birleşişi hakynda sorady. Bu özgerişlik sebäpli Meksikanyň Beýtel maşgalasynda dürli medeniýetli we milletli dogan-uýalar köpeldi. Olar eginme-egin işleşip, birek-biregi ruhlandyrdylar. Bu, göräýmäge, döwletler arasyndaky araçägi Ýehowanyň eli bilen aýrylan ýaly boldy.

      Şeýle özgerişlikden soňra, her bir ýygnak filial bilen habarlaşyp durar ýaly, howpsuz elektron poçtasy döredildi. Bu aragatnaşyk filiallaryň ýapylan ýerlerindäki dogan-uýalara Ýehowanyň guramasyndan daşlaşmandygyny duýmaga kömek etdi.

      ÝAPONIÝADAKY TÄZELIKLER

      Ýaponiýadaky filialdan gelen Jeýms Linton atly dogan 2011-nji ýylyň mart aýynda bolan ýer titremäniň we sunaminiň (ägirt suw tolkunlary) dogan-uýalara ýetiren zyýany hakynda gürrüň berdi. Güwäçileriň köpüsi öz dogan-garyndaşlaryndan we emläginden mahrum bolupdy. Ýaponiýanyň başga künjeklerinde ýaşaýan dogan-uýalar heläkçilige uçran imandaşlaryna 3 100-den gowrak jaýlary we müňlerçe ulaglary hödürlediler. Regional gurluşyk komitetlerinde gulluk edýän meýletin gullukçylar dogan-uýalaryň jaýlaryny dikeltmek üçin dyngysyz işlediler. 1 700-den gowrak meýletin gullukçylar bolsa, zerurlygy bolan ýerlere kömek etdiler. 575 sany meýletin gullukçylar Patyşalyk zallarynyň dikeldiş işlerine ýardam berdiler. Bu işe ABŞ-dan gelen dogan-uýalar hem gatnaşdylar.

      Ejir çeken dogan-uýalara, esasan-da, ruhy we duýgy taýdan kömek berildi. Şeýle kömege mätäç dogan-uýalara 400-den gowrak ýaşuly kömek etdi. Betbagtçylyga uçran dogan-uýalara göwünlik bermek üçin Bütindünýä baş edaradan iki zonal gözegçisi gelende, Ýolbaşçylyk maslahatynyň imandaşlary barada alada edýändigi aýdyň göründi. Bütin dünýädäki Güwäçileriň beren kömegi we duýgudaşlyk sözleri Ýaponiýadaky dogan-uýalary örän ruhlandyrýardy.

      GAZANYLAN ÝEŇIŞLER

      Diňleýjiler Britaniýadaky filialdan gelen doganymyz Stiwen Hardiniň ýakynda kazyýetde gazanylan ýeňişleri hakynda beren gürrüňini höwes bilen diňlediler. Meselem, Fransiýanyň hökümeti şol ýurtdaky guramamyzdan salgyt hökmünde 82 million amerikan dollaryny talap etdi. Emma Ýewropanyň adam hukuklary boýunça kazyýeti (ÝEAHBK) Fransiýa hökümetiniň halkara şertnamasynyň, ýagny Ýewropanyň konwensiýasynyň adamlaryň islendik dine uýmaga haklydygyny görkezýän 9-njy maddasyny bozandygyny aýdyp, bu işi biziň peýdamyza çözdi. Kazyýetiň aýtmagyna görä, Fransiýa döwletiniň esasy maksady pul almak däldi. Çykarylan kararda şeýle diýilýär: «Fransiýa hökümeti Guramany din hökmünde kabul etmezlik üçin, olaryň ýerine ýetirýän işlerine garşy çykdy we kemsidiji sözleri aýdyp, guramany ýatyrmak isledi. Şeýdip, ol Ýewropanyň konwensiýasynyň 9-njy maddasyny bozdy».

      Şeýle-de ÝEAHBK Ermenistanda ýüze çykan meseläni biziň peýdamyza çözdi. 1965-nji ýyldan bäri ÝEAHBK-nyň aýtmagyna görä, Ýewropanyň konwensiýasy adamy harby gullugyna gitmek borjundan goramaýardy. Emma Ýewropa kazyýetiniň ýokary palatasy Ýewropanyň konwensiýasynyň adamyň dini garaýşy we ynsabyny göz öňünde tutup, harby gullugyna gitmek borjundan boşatmaklyk kararyny girizmelidigini aýtdy. Kazyýetiň gelen kararyny Ermenistan bilen bilelikde Azerbaýjan we Türkiýe döwletleriniň-de kabul etmelidigi aýdyldy.

      GURLUŞYK TASLAMALARY

      Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy Gaý Pirs zalda oturanlaryň ählisiniň Nýu-Ýork ştatyndaky gurluşyk işleri barada gyzyklanýandyklarygyny belläp geçdi. Ol ýakynda Uolkillde, Pattersonda, Uorwik we Taksido (Nýu-Ýork ştaty) ýer satyn alnandygyny aýtdy we ol ýerlerde edilen hem-de ediljek işler hakynda film görkezdi. Uolkillde 300 otagly ýaşaýyş jaýynyň gurluşyk işleri 2014-nji ýylda tamamlanjakdygy barada aýdyldy.

      Uorwikde 100 gektarly ýerde gurluşyk işleri planlaşdyrylýar. Pirs doganymyz şeýle diýdi: «Biz Uorwikde ediljek zatlar babatda Ýehowanyň nähili niýetiniň bardygyny entek bilemizok, ýöne Ýehowanyň Güwäçileriniň bütindünýä baş edarasyny şol ýere geçirmek maksady bilen, biz gurluşyk işlerini dowam edýäris». Gurluşyk işleri üçin gerekli tehnikany we materiallary Uorwikden 10 kilometr demirgazykda 20 gektarly meýdançada ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar. Doganymyz Pirs sözüni şeýle dowam etdi: «Gurluşyga başlamaga rugsat alanymyzdan soň, ähli taslama işlerini dört ýylyň içinde amala aşyrarys diýip umyt edýäris. Şondan soň Bruklindäki emlägimizi satyp bileris».

      Doganymyz Pirs sözüni şeýle jemledi: «Bu taslamalar Ýolbaşçylyk maslahatyň uly muşakgaty soňa goýandygyny görkezýärmi? Elbetde, ýok! Eger uly muşakgat biziň goýan maksadymyzy bozsa, örän gowy, juda gowy bolar!».

      ARLAÝJY ARSLANDAN HABARDAR BOLUŇ

      Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy Stiwen Lett 1 Petrus 5:8-e esaslanyp çykyş etdi. Bu aýatda şeýle diýilýär: «Hüşgär boluň, oýanyň; ýagyňyz bolan iblis arlaýjy arslan kimin aýlanyp, ýuwutjagyny agtaryp ýörendir». Doganymyz Lett Iblis bilen arslanyň arasyndaky umumy meňzeşligiň birnäçesini belläp geçdi.

      Şeýtan arslan ýaly güýçli hem-de çalt hereket edýär. Şol sebäpli biz Şeýtan bilen söweşenimizde ýa-da ondan gaçjak bolanymyzda öz güýjümize daýanmaly däl. Bize Ýehowanyň kömegi gerek (Iş. 40:31). Arslan awuny tutmak üçin assyrynlyk bilen hereket edýär. Şeýtan hem oljasyny ruhy garaňkylykdan gözleýär. Şol sebäpli biz ol garaňkylyga düşmez ýaly, örän seresap bolmaly. Arslanyň jereni ýa-da uklap ýatan zebranyň çagasyny zalymlyk bilen awlaýşy ýaly, Şeýtan hem bizi rehimsizlik bilen daraýar we öldürmek isleýär. Arslan gerk-gäbe doýandan soňra, köplenç onuň penjesine düşen haýwany tanar ýaly bolmaýar. Şeýtanyň oljasy bolan mesihçiniň hem «soňky ýagdaýy öňküden-de erbet» bolýar (2 Pet. 2:19). Şol sebäpli biz Şeýtana garşy durup, Mukaddes Ýazgylardan bilen prinsiplerimize görä ýaşamaly (1 Pet. 5:9).

      ÝEHOWANYŇ ÖÝÜNDÄKI ORNUŇYZY GYMMAT SAÝYŇ

      Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy Semýuel Hýord dokladyny şeýle sözler bilen başlady: «Ýehowanyň öýünde biziň her birimiziň ornumyz bar». Bu «öý» Hudaýyň ruhy ybadathanasyny, ýagny Mesihiň töleg gurbany esasynda sežde etmekligi aňladýar. Ol ýerde bolmak biziň üçin uly hormat. Biz hem Dawut ýaly «ömrümiziň ähli günlerini Rebbiň (Ýehowanyň) öýünde» geçirmek isleýäris (Zeb. 27:4).

      Doganymyz Hýord diňleýjileriň ünsüni Zebur 92:12—14-nji aýatlara çekip, olara şeýle sorag berdi: «Ýehowa bize ruhy taýdan ösmäge nädip kömek edýär?» Soňra ol soragyna jogap berip, şeýle diýdi: «Hudaý bizi ruhy jennetde mähri bilen çoýýar, goraýar we hakykat suwundan gandyrýar». Doganymyz Hýord diňleýjilere: «Geliň, bu zatlar üçin Hudaýa minnetdar bolalyň. Ýehowanyň öýünde ornumyzyň bardygyna begeneliň we onda az wagtlaýyn däl-de, ebedilik galalyň» diýip, ruhlandyryjy sözleri aýtdy.

      MESIHÇILER HUDAÝYŇ SÖZÜNE HORMAT GOÝÝARLAR

      Şeýle-de Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy Deýwid Spleýn mesihçileriň hemişe Hudaýyň Sözüne hormat goýýandygy barada çykyş etdi. I asyrdaky mesihçiler sünnetlenmek meselesini çözmeli bolanda, Mukaddes Ýazgylara bil baglapdylar (Res. iş. 15:16, 17). Emma II asyrda özlerini mesihçi hasaplan käbir adamlar grek filosofiýasynyň tarapyny tutup, öz bilimini Hudaýyň Sözünden ýokary saýdylar. Soňra Mukaddes Ýazgylaryň taglymatlaryna derek, Buthana Atalarynyň we Rim imperatorlarynyň pikirlerini öňe sürüp, ýalan taglymatlary döretdiler.

      Doganymyz Spleýn diňleýjileriň ünsüni Isanyň getiren mysalyna çekip, ýer ýüzünde hakykaty gorajak mesh edilen mesihçileriň boljakdygyny belläp geçdi (Mat. 13:24—30). Biz olaryň kimdigini anyk bilemizok. Emma asyrlar boýy Mukaddes Ýazgylara esaslanmadyk taglymatlary we işleri ýazgaran adamlar bolupdyr. Olaryň arasynda ruhany Agobard Lion (IX asyr), Petrus de Brýu, Genrih Lozann we Waldes ýa-da Waldo (XII asyr), Jon Uiklif (XIV asyr), Uilýam Tindal (XVI asyr) hem-de Genri Gru bilen Jorj Storrz (XIX asyr) dagylar bardy. Şu günler hem Ýehowanyň Güwäçileri Mukaddes Ýazgylaryň kadalaryna görä ýaşaýarlar we ony hakykatyň özeni hasaplaýarlar. Şol sebäpli-de Ýolbaşçylyk maslahaty Ýahýa 17:17-ni 2012-nji ýylyň ýyllyk aýady hökmünde saýlady. Bu aýatda şeýle diýilýär: «Seniň sözüň hakykatdyr».

      BILIM BERMEKDE WE WAGYZ ETMEKDE AJAÝYP ÖZGERIŞLIKLER

      Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy Entoni Morris missionerler we ýörite pionerler üçin edilen özgerişlikleri yglan etdi. 2012-nji ýylyň sentýabr aýyndan başlap, käbir ýurtlarda Mesihçi är-aýallar üçin mekdep geçirilip başlar. Şeýle-de Gilead mekdebi babatda özgerişlikler kabul edildi. 2011-nji ýylyň oktýabr aýyndan başlap, bu mekdebe diňe ýörite doly wagtly gulluga gatnaşýan wagyzçylar, meselem, Gilead mekdebinde okamadyk missionerler, ýörite pionerler, aýlanýan gözegçiler we Beýtel maşgalasynyň agzalary çagyrylýar. Mekdebi tamamlanlar filiallara, aýlanýan gözegçilik gullugyna hem-de köp adamly ýerlerdäki ýygnaklara belleniler. Şeýlelikde, olar Hudaýyň halkynyň ruhy taýdan berkemegine we hoş habary yhlasly wagyz etmegine ýardam ederler.

      2012-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Sallah doganlar üçin we Mesihçi är-aýallar üçin mekdebi tamamlanlaryň käbiri wagyzçylaryň ýok ýerinde bir ýyllyk wagtlaýyn ýörite pioner hökmünde belleniljekdigi bildiriş edildi. Emma olaryň gullugy üç ýyla-da çekip biler. Gullugyny üstünlikli ýerine ýetirenler hemişelik ýörite pioner bolup belleniler.

      Hawa, 2011-nji ýylda geçirilen ýyllyk ýygnagy şatlykly boldy. Hoş habary has-da üstünlikli wagyz etmek we doganlyk agzybirligini berkitmek üçin edilen özgerişlikleri Ýehowanyň patalamagyna garaşýarys. Goý, bu edilen işler Hudaýa öwgi we şöhrat getirsin!

      [18-nji we 19-njy sahypalardaky çarçuwa/suratlar]

      HAS ÝAKYNDAN TYNYŞ BOLALYŇ

      Duşuşykda Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzalarynyň aýallaryndan interwýu alyndy. Bäş sany dul galan uýalar Marina Sidlik, Edit Sýuter, Melita Ýaraç, Melba Berri we Sidni Barber hakykaty nädip bilendiklerini hem-de doly wagtly gullugyna nädip başlandyklary barada gürrüň berdiler. Olaryň her biri ýanýoldaşy barada we olar bilen alan bereketleri hakynda gymmatly ýatlamalaryny paýlaşdylar. Bu täsirli interwýu «Hudaýa wepaly aýallar we uýalar» diýen 86-njy aýdymy bilelikde aýtmak bilen tamamlandy.

      [Suratlar]

      (Ýokarda) Deniýel we Marina Sidlik; Grant we Edit Sýuter; Teodor we Melita Ýaraç

      (Aşakda) Lloýd we Melba Berri; Kerri we Sidni Barber

      [16-njy sahypadaky karta]

      (Teksti doly görmek üçin edebiýata serediň)

      Alty sany filial Meksikadaky filial bilen birleşdirildi

      MEKSIKA

      GWATEMALA

      GONDURAS

      SALWADOR

      NIKARAGUA

      KOSTA-RIKA

      PANAMA

      [17-nji sahypadaky surat]

      Ýehowanyň Güwäçileriniň Uorwikdäki bütindünýä baş edarasynyň eskizi (Nýu-Ýork ştaty)

  • Ýadyňyzdamy?
    Garawul diňi — 2012 | 15 dekabr
    • Ýadyňyzdamy?

      Siz «Garawul diňi» žurnalynyň soňky sanlaryny ünsli okadyňyzmy? Onda aşakdaky soraglara jogap bermäge synanyşyň.

      Biz dilimiz bilen ot ýakmaz ýaly, oňa nädip erk edip bileris?

      Ilki bilen, biz ýüregimizi barlamaly. Dilimiz bilen ot ýakmaz ýaly, biz erbet pikirlerden gaça durýarysmy? Meselem, haýsydyr bir dogana hormatly borjuň berlendigini eşitsek, onuň ýagşy niýetlidigine ynanýarysmy ýa-da ol at-abraýa kowalaşýandyrys öýdýäris? Dartgynly ýagdaýa düşsek hem tankytlamagymyz mümkin (15.8. sahypa 21).

      Imanyň we sabryň näme baglanyşygy bar?

      Imanyň gowşak bolsa, Ýehowanyň wadalaryna sabyrly garaşyp bolmaýar. Ýehowanyň gadymy gullukçylary gaýta-gaýta gorkunç ýagdaýlara we iman synaglaryna duşsalar-da, çydap bildiler, sebäbi Ýehowanyň wadalarynyň hökman ýerine ýetjekdigine berk ynanýardylar (15.9. sahypa 20).

      Dünýäniň soňy gelmänkä, haýsy wakalar ýerine ýetmeli?

      «Her zat parahatlyk, aman» diýip yglan ediler. Halklar «Beýik Babyla» topulyp, ony ýok eder. Ýehowanyň halkyna topularlar. Armageddon urşy bolar, soňra bolsa Şeýtan we onuň jynlary düýpsüz çuňluga zyňlar (15.9. sahypa 4).

      Zalym dünýäniň haçan ýok ediljegini bilmeýändigimiz näme üçin peýdaly?

      Biz zalym dünýäniň ýok ediljek wagtyny anyk bilmesek, ýüregimiziň nähilidigi äşgär bolýar. Bu Ýehowanyň ýüregini şatlandyrmaga mümkinçilik berýär, jan aýaman gulluk etmäge höweslendirýär. Şeýle-de Ýehowa köpräk bil baglamaga we onuň Sözüne has yhlasly eýermäge mümkinçilik döredýär. Onsoňam, synaglarda gowy häsiýetleri ösdürip, imanymyzy berkidýäris (15.9. sahypa 24, 25).

      Pawlus Galatýalylar 6:18-de «ruh» sözüni nähili manyda ulandy?

      Pawlusyň bu aýatda ulanan «ruh» sözi bizi geplemäge ýa-da hereket etmäge höweslendirýän güýji aňladýar. Ol «Reb... seniň ruhuň bilen bolsun» diýip, doganlary Hudaýyň niýetine we Mesihiň häsiýetine laýyk gelýän ruhy görkezmäge höweslendirdi (15.10. sahypa 12).

      Isanyň sag elindäki «ýedi ýyldyz» näme aňladýar? (Ylh. 1:16, 20)

      Olar mesh edilen mesihçileri, has giň manyda bolsa, ýygnakdaky ähli gözegçileri aňladýar (15.10. sahypa 14).

      Isa Mesihiň şägitleri haýsy ýagdaýlarda iň wajyp «hawa» sözüni aýdýar?

      Kim Isanyň şägirdi bolmak isleýän bolsa, üç ýagdaýda: wagyzçy boljak bolanda, özüni bagyş edende we suwda çokundyrylmaly gün gelip ýetende, berlen soraga «hawa» diýip jogap berýär (15.10. sahypa 30).

      Biz Resullaryň işleri 14:22-de aýdylýan «köp muşakgatlara» nähili garamaly?

      Kynçylyga uçranymyzda tukatlanmagyň deregine, oňa mertligimizi bildirmäge we Hudaýyň kömek etmegi başarýandygyna iman edýändigimizi görkezmäge mümkinçilik hökmünde garamaly (15.10. sahypa 9).

      Isa Işaýa 50:4, 5-nji aýatlarda aýdylýan kiçigöwünligi nädip görkezdi?

      Aýatlardan görnüşi ýaly, «dana dil berlen... yza çekilmändir». Isa Ýehowanyň öwredýänlerini ünsli diňlemek üçin özüni pes göwünli alyp bardy. Ol Hudaýyň günäli adamlara bildirýän rehimdarlygyny ýakyndan synlap, Ýehowadan pesgöwünliligi öwrenmäge isleginiň we taýýarlygynyň bardygyny görkezdi (15.11. sahypa 11).

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş