-
Mukaddes Ýazgylar arkaly doga etmegi öwreniňGarawul diňi — 2009 | 15 noýabr
-
-
Mukaddes Ýazgylar arkaly doga etmegi öwreniň
«Eý Ýehowa, haýyş edýärin, gullukçyň dogasyny ünsli diňle» (NEH. 1:11).
1, 2. Mukaddes Ýazgylardaky dogalara seretmek näme üçin peýdaly?
DOGA ETMEK we Mukaddes Ýazgylary öwrenmek hakyky seždäniň esasy bölegidir (1 Sel. 5:17; 2 Tim. 3:16, 17). Elbetde, Mukaddes Ýazgylar dogalar kitaby däl, emma onda, esasanam, Zebur kitabynda birnäçe dogalar ýazylan.
2 Siz Mukaddes Ýazgylary okasaňyz we öwrenseňiz, özüňize degişli dogalary taparsyňyz. Hudaýyň Sözünde ýazylan dogalar gowy we mazmunly doga etmäge kömek edýär. Siz şol dogalardan we olaryň mazmunyndan näme öwrenip bilersiňiz?
Hudaýyň görkezmesini gözläň we oňa eýeriň
3, 4. Ybraýym hyzmatkärine nähili ýumuş tabşyrdy we hyzmatkäriň dogasyna Ýehowanyň jogap berşinden näme öwrenip bileris?
3 Mukaddes Ýazgylar Hudaýa hemişe doga etmegi we ondan görkezme dilemegi maslahat berýär. Geliň, Ybraýymyň hyzmatkärleriniň iň ulusy (megerem, Eliýezer) bilen bolan waka seredeliň. Ybraýym ony
-