-
9-njy martdan başlanýan hepdäniň tertibiHudaýa gullugymyz — 2015 | mart
-
-
9-njy martdan başlanýan hepdäniň tertibi
9-NJY MARTDAN BAŞLANÝAN HEPDE
4-nji aýdym we doga
Mukaddes Ýazgylary öwrenmek duşuşygy
lr 45-nji bap (30 min.)
Wagyz mekdebi
Mukaddes Ýazgylary okamak: 1 Şamuwel 1—4 (8 min.)
No. 1: 1 Şamuwel 2:30—36 (3 min. ýa-da ondan az)
No. 2: Mukaddes Ýazgylarda Isa Mesih barada nähili pygamberlikler bar? (igw sah. 10, 11) (5 min.)
No. 3: Ýehowanyň Şaýatlary nähili adamlar? (jl sap. 1) (5 min.)
Gulluk duşuşygy
Şu aýyň temasy: «Her bir oňat işe taýýar boluň». (Titus 3:1)
9-njy aýdym
10 min. «Her bir oňat işe taýýar boluň». Aýyň temasyna esaslanan nutuk. Süleýmanyň tymsallary 21:5; Titus 3:1 we 1 Petrus 3:15-nji aýatlary okap, ara alyp maslahatlaş. Dogan-uýalara gowy taýýarlanmagyň peýdalydygyny düşündir. Şu aý Gulluk duşuşygynda boljak käbir bölümlere gysgaça seredip, olaryň aýyň temasy bilen nähili baglanyşygynyň bardygy barada pikir alyş.
10 min. Wagyz mekdebiniň gözegçisinden interwýu al. Onuň nähili borçlary bar? Ol her hepde Wagyz mekdebine nädip taýýarlyk görýär? Dogan-uýalar ýumuşlaryna näme üçin gowy taýýarlyk görmeli? Dogan-uýalar duşuşyga gelmezden öň, berlen materialy okasalar, näme peýdasy bar? Eger toparyňyzda ýaşuly bolmasa, onuň borçlaryny edebiýatlarymyzdan okap ber.
10 min. «Siz Ýatlama agşamyna taýýarlyk görýäňizmi?» Söhbetdeşlik. 2013-nji ýylyň mart aýyndaky «Hudaýa gullugymyzyň» 2-nji sahypasyndaky maglumata gysgaça seret. Wagyzçy Ýatlama agşamyna gelen adamy garşy alşyny sahnalaşdyrsyn.
25-nji aýdym we doga
-
-
Siz Ýatlama agşamyna taýýarlyk görýäňizmi?Hudaýa gullugymyz — 2015 | mart
-
-
Siz Ýatlama agşamyna taýýarlyk görýäňizmi?
B. e 33-nji ýylynyň nisan aýynyň 13-üne Isa ölmezinden öň ýakyn dostlary bilen sonky sapar ýygnanyşýandygyny bilýärdi. Isa resullary bilen soňky Pesah baýramyny bellemelidi we Ýatlama agşamyny girizmelidi. Bu wajyp duşuşyga taýýarlyk görmek gerekdi. Şonuň üçin Isa gerekli zatlary taýýarlamak üçin Petrus bilen Ýahýany iberdi (Luka 22:7—13). Şondan bäri mesihçiler her ýyl Ýatlama agşamyna taýýarlyk görüp, oňa gatnaşmaly (Luka 22:19). Aprel aýynyň 3-üne geçiriljek Ýatlama agşamyna biz nädip taýýarlyk görmeli?
Dogan-uýalar nädip taýýarlyk görmeli?
Olar Ýatlama agşamy döwri geçirilýän kampaniýa yhlasly gatnaşmak üçin gün tertibinde özgerişler etmeli.
Dogan-garyndaşlaryň, Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýän we beýleki adamlaryň sanawyny düzüp, olary çagyryň. Ýöne täze adamy çagyrmazdan öň, howpsuzlyk üçin topardaky jogapkär dogan bilen maslahatlaşyň.
Mukaddes Ýazgylardan Ýatlama agşamy barada okap, oýlanyň.
Ýatlama agşamyna gelýänleri garşy almak üçin taýýarlyk görüň.
-