-
Hudaýyň dynçlygy näme?Garawul diňi — 2011 | 15 iýul
-
-
Şu günler Hudaýyň dynçlygyna nädip girip bileris?
16, 17. a) Şu günler mesihçiler Hudaýyň dynçlygyna nädip girip biler? b) Indiki makalada näme hakda gürrüň ederis?
16 Şu günler mesihçileriň hiç biri halas bolmak üçin Musanyň Kanunyny berjaý etmelidir öýtmeýär. Bu Pawlus resulyň efeslilere: «Siz iman arkaly merhemet bilen gutuldyňyz. Bu siziň öz tagallaňyz däl, Hudaýyň sylagydyr... oňat işlere-de bagly däldir» diýen sözlerinden aýdyň görünýär (Efes. 2:8, 9). Şeýlelikde, häzirki mesihçiler Hudaýyň dynçlygyna nädip girip biler? Ýadyňda bolsa, Hudaý dynçlyk gününi ýer ýüzi we gulak asýan adamlar babatda niýetini amala aşyrmak üçin saýlapdy. Ýehowa niýetini we bizden näme talap edýändigini guramasy arkaly aýdýar. Eger biz Ýehowa gulak asyp, onuň guramasy bilen işleşsek, Hudaýyň dynçlygyna gireris.
17 Emma sadyk hem akylly hyzmatkäre gulak asmasak ýa-da diňe özümiziň wajyp hasaplaýan zadymyzy etsek, onda Ýehowanyň niýetine garşy gitdigimiz bolar. Eger Ýehowanyň niýetine garşy gitsek, onuň dosty bolup bilmeris. Indiki makalada Hudaýa gulak asýandygymyzy görkezýän käbir ýagdaýlara serederis. Şol ýagdaýlarda gelýän kararlarymyz Hudaýyň dynçlygyna girjekdigimizi ýa-da girmejekdigimizi görkezýär.
-
-
Sen Hudaýyň dynçlygyna girdiňmi?Garawul diňi — 2011 | 15 iýul
-
-
Sen Hudaýyň dynçlygyna girdiňmi?
«Hudaýyň sözi diri hem täsirlidir» (ÝEW. 4:12).
1. Şu günler nädip Hudaýyň dynçlygyna girmeli? Hudaýa gulak asmak näme üçin kyn bolup biler?
BILŞIMIZ ÝALY, şu günler Hudaýyň dynçlygyna girmek üçin Ýehowa gulak asyp, guramasy bilen işleşmeli. Biz Ýehowa gulak asyp, onuň niýetiniň amala aşmagyny isleýändigimizi görkezýäris. Ýöne käte bize Hudaýa gulak asmak kyn bolýar. Meselem, Ýehowa bize gowy görýän zadymyzy etme diýse, birbada gulak asmak kyn bolup biler. Şeýle ýagdaýda biz «diýen ediji» bolmagy öwrenmeli (Ýakup 3:17). Şu makalada serediljek ýagdaýlar arkaly hemişe diýen ediji bolmagy öwreneris.
2, 3. Biz mundan beýläk Ýehowany razy etmek üçin näme etmeli?
2 Sen Mukaddes Ýazgylardan durmuşyňy düzetmelidigiňi bilseň, Hudaýa gulak asmaga taýyn bolarsyňmy? Şu barada oýlanyp görüň: Mukaddes Ýazgylarda Ýehowanyň guramasyna getirýän adamlaryna «ähli milletleriň dürdäneleri» diýilýär (Hag. 2:7). Diýmek, Hudaýyň gymmatly saýyp, saýlan adamlary dogrulygy söýýärler. Dogrudan-da, biziň köpümiz Mukaddes Ýazgylary öwrenip başlanymyzda erbet işleri edýärdik.
-