Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Patyşa ruhanylaryň adamzada berýän berekedi
    Garawul diňi — 2012 | 15 ýanwar
    • Patyşa ruhanylaryň adamzada berýän berekedi

      «Siz... saýlanan nesil, patyşa ruhanylar, mukaddes millet, Hudaýa degişli halksyňyz» (1 PET. 2:9, TD).

      DÜŞÜNDIRIP BILERSIŇIZMI?

      • Ýehowa patyşa ruhanylar barada ilkinji sapar haçan wada berdi?

      • Patyşa ruhanylar täze ähte görä, nädip saýlandy?

      • Patyşa ruhanylar adamzada nähili bereketler berýär?

      1. Näme üçin «Rebbiň naharyna» Ýatlama agşamy hem diýilýär we ol näme maksat bilen bellenilýär?

      BIZIŇ ERAMYZYŇ 33 ýylynyň 14-nji nisanynda agşam Isa 12 resuly bilen iň soňky gezek Pasha baýramyny belledi. Isa haýynlyk eden Iuda Iskarioty iberenden soň, «Rebbiň nahary» diýen täze baýramçylygy girizýär (1 Kor. 11:20). Isa iki sapar: «Muny meni ýada salmak üçin berjaý ediň» diýdi. Bu baýramçylyk bize Isanyň eden işlerini, esasanam, biziň üçin janyny gurban edendigini ýatladýar (1 Kor. 11:24, 25). Bütin dünýäde Ýehowanyň Güwäçileri bu tabşyryga gulak asyp, her ýyl Ýatlama agşamyny belleýärler. 2012-nji ýylda ýewreýleriň kalendary boýunça 14-nji nisanda, ýagny 5-nji aprelde, sişenbe güni gün batandan soň Ýatlama agşamy belleniler.

      2. Isa çörek we şerap barada näme diýdi?

      2 Isanyň şol gün aýdan sözlerini şägirdi Luka iki aýatda şeýle jemledi: «Çöregi aldy-da, şükür etdi, ony döwüp, şägirtlere berip: «Bu Meniň siziň üçin berlen bedenimdir, muny Meni ýada salmak üçin berjaý ediň» diýdi. Şonuň ýaly, agşamlyk naharyndan soň hem, bir käsäni alyp, şeýle diýdi: «Bu käse Meniň siziň üçin dökülen ganym» (Luka 22:19, 20). Resullar Isanyň aýdan sözlerine nähili düşündi?

      3. Isanyň çörek we gan barada aýdan sözlerine şägirtleri nähili düşündiler?

      3 Resullar Iýerusalimdäki ybadathanada ruhanylaryň mal gurbanlaryny berýändigini bilýärdi. Şol gurbanlar Ýehowany razy etmek we günäleriň ötülmegi üçin berilýärdi (Lew. 1:4; 22:17—29). Şol sebäpli Isa bedenimi siziň üçin berýärin, ganymy siziň üçin dökýärin diýende, resullar onuň kämil janyny

  • Maşgala agzalary aýry dine uýsalar-da, bagtly bolup bolýar
    Garawul diňi — 2012 | 15 fewral
    • Maşgala agzalary aýry dine uýsalar-da, bagtly bolup bolýar

      «Sen (ýanýoldaşyňy) halas edip-etmejegiňi nireden bilýärsiň?» (1 KOR. 7:16).

      SEN JOGAP BERIP BILERMIŇ?

      • Aýry dine uýýan maşgalada parahatlygy saklamak üçin mesihçiler näme edip biler?

      • Mesihçi iman etmeýän maşgala agzalaryna hakykaty kabul etmäge nädip kömek edip biler?

      • Biz aýry dine uýýan maşgalada ýaşaýan mesihçä nädip kömek edip bileris?

      1. Hoş habary biri kabul etse, onuň maşgalasyna nähili täsir edýär?

      BIR gezek Isa öz resullaryna: «Barýarkaňyz Gökleriň Patyşalygynyň golaýdygyny wagyz ediň» diýdi (Mat. 10:1, 7). Bu hoş habary minnetdarlyk bilen kabul eden adamlar parahat we bagtly bolmalydylar. Ýöne Isa Patyşalyk baradaky wagyz işine köpleriň garşy çykjakdygyny resullaryna duýdurdy (Mat. 10:16—23). Esasanam, maşgala agzalaryň garşy bolsa, has hem agyr degýär (Matta 10:34—36-njy aýatlary okaň).

      2. Näme üçin aýry dine uýýan maşgalada hem mesihçi bagtly bolup biler?

      2 Bu aýry dine uýýan maşgalada mesihçiniň bagtly bolup bilmejekdigini aňladýarmy? Elbetde, ýok! Mesihçileriň hemmesi maşgalada zalym garşylyga duş gelmeýär. Onsoňam, şeýle garşylyk hemişe bolup durmaýar. Nähili ýagdaý bolaýanda-da, maşgala agzalarynyň garşylygyna ýa-da olaryň hakykata biperwaý garaýşyna dogry garasak, bagtly bolup bileris. Şeýle-de Ýehowa wepaly adamlara pata berýär we kynçylyklara garamazdan, şadyýan bolmaga kömek edýär. Mesihçi 1) öýde parahatçylygy saklamaga jan etse, 2) maşgala agzalaryna hakykaty kabul etmäge ýürekden kömek etse, bagtly bolup biler.

      ÖÝDE PARAHATÇYLYGY SAKLAMAGA JAN EDIŇ

      3. Maşgalada parahatlyk bolar ýaly, mesihçi näme üçin jan etmeli?

      3 Maşgalada dogrulyk tohumy miwe berer ýaly, öýde parahatlyk bolmaly (Ýakup 3:18-i okaň). Hatda maşgala agzalary Ýehowa sežde etmeseler-de, öýde parahatlyk bolar ýaly, mesihçi ýürekden jan etmeli. Nädip?

      4. Mesihçiler nädip kalbynda rahatlyk duýup biler?

      4 Mesihçiler kalbynda rahatlygy saklamaly. Hiç zat bilen deňäp bolmaýan «Hudaýyň parahatçylygyny» dilemesek, kalbymyzda rahatlygy saklap bilmeris (Flp. 4:6, 7). Mundan başga-da, Ýehowa barada bilim almak we Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine eýermek, parahatlyk berýär hem-de bagtly edýär (Iş. 54:13). Şeýle-de parahat we bagtly ýaşamak üçin, ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmaly we yhlasly wagyz etmeli. Aýry dine uýýan maşgalada ýaşasaň-da, wajyp işlere gatnaşmaga wagt tapsa bolýar. Ýanýoldaşy güýçli garşylyk görkezen, Enzanyňa mysalyna seredeliň. Ol öýünde hemme işlerini edenden soňra wagyz edýärdi. Enza şeýle gürrüň berýär: «Men her gezek adamlara hoş habary wagyz edenimde, Ýehowa bol bereket berýär». Şeýle bereketler Enzanyň kalbyna rahatlyk, kanagat we şatlyk berýär.

      5. Mesihçiler aýry dine uýýan maşgalada köplenç nähili kynçylyga uçraýar we olara näme kömek eder?

      5 Biz iman etmeýän maşgala agzalarymyz bilen agzybir ýaşamak üçin tagalla etmeli. Eger olar Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine garşy gelýän zady etdirmek isleseler, agzybirligi saklamak kyn bolýar. Biziň berk ynamymyz käbir maşgala agzalarymyzy gynandyrmagy mümkin. Emma biz Hudaýyň prinsiplerini bozmasak, wagtyň geçmegi bilen maşgalamyzda agzybirlik bolar. Elbetde, Mukaddes Ýazgylaryň prinsipleri bozulmadyk ýagdaýynda, eglişik etsek, onda gerekmejek düşünişmezlikden gaça durarys (Süleýmanyň tymsallary 16:7-ni okaň). Kynçylyklara uçranymyzda, sadyk we akylly hyzmatkäriň edebiýatlarynyň we ýaşulularyň maslahatlaryna eýermeli (Sül. tym. 11:14).

      6, 7. a) Ýehowanyň Güwäçileri bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlanda, näme üçin käbir maşgala agzalary garşy bolýar? b) Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adam ýa-da mesihçi maşgalasynyň garşylygyna nähili garamaly?

      6 Öýde parahatlygy saklamak üçin jan edenimizde, Ýehowa bil baglamaly we maşgala agzalarymyzyň duýgularyna düşünmeli (Sül. tym. 16:20). Hatda Mukaddes Ýazgylary ýaňy öwrenip başlanlar hem muňa düşünmeli. Käbir är-aýallar ýanýoldaşynyň Mukaddes Ýazgylary öwrenmegine garşy bolaýar. Olar hatda munuň maşgala üçin peýdaly boljagyny hem bilýärler. Emma käbirleri zalymlyk bilen garşy bolýarlar. Ester uýa ýanýoldaşy mesihçiler bilen Mukaddes Ýazgylary okap başlanda, gahar-gazaba münendigini gürrüň berýär. Ester şeýle diýýär: «Men onuň edebiýatlaryny zyňýardym we ýakýardym». Aýaly Mukaddes Ýazgylary öwrenende, ilki başda garşy bolan Howard şeýle diýýär: «Köp ärler aýallaryny sekta çekýändirler öýdüp gorkýarlar. Şeýle howply ýagdaýda, olar näme etjegini bilmän, özüni zalym alyp barmagy mümkin».

      7 Biz Mukaddes Ýazgylary öwrenýäniň ýanýoldaşy garşy bolanda, oňa okuwyny goýmaly däldigine düşünmäge kömek etmeli. Ýanýoldaşyň bilen özüňi ýumşak alyp baranyňda we oňa çuňňur hormat goýanyňda köplenç ýagdaý gowulanýar (1 Pet. 3:15). Howard şeýle diýýär: «Men aýalymyň özüne erk edip, rahat alyp barandygyna begenipdim!». Aýaly şeýle diýýär: «Howard meniň Mukaddes Ýazgylar okuwymy taşlamagymy talap etdi. Ol mesihçiler meni aldaýarlar öýdýärdi. Men onuň bilen jeddeleşmän, mümkin sen dogry pikir edýänsiň, ýöne men aldanýandyryn öýdemok diýip, oňa öz öwrenýän kitabymy okamaga berdim. Ol kitaby okap, ýazylan zatlar bilen ylalaşdy. Bu oňa örän gowy täsir etdi». Mesihçi ýygnaga ýa-da wagza gidende, ýanýoldaşynyň özüni taşlanan ýaly duýýandygyny we gorkýandygyny unutmaly däl. Emma ýanýoldaşyňa söýgiňi bildirseň, ol biynjalyk bolmaz.

      OLARA HAKYKATY KABUL ETMÄGE KÖMEK EDIŇ

      8. Pawlus resul iman etmeýän ýanýoldaşy bolan mesihçilere nähili maslahat berdi?

      8 Pawlus resul mesihçilere ýanýoldaşynyň ýöne bir iman etmeýändigi üçin aýrylyşmagy maslahat bermedib (1 Korintoslylar 7:12—16-njy aýatlary okaň). Mesihçi iman etmeýän ýanýoldaşynyň hakykaty kabul etjekdigine umyt etse, bu oňa aýry dine uýýan maşgalada-da, şatlygyny ýitirmezlige kömek eder. Emma hakykat ýanýoldaşynyň ýüregine ýeter ýaly seresap bolmaly. Muny indiki mysallardan görse bolýar.

      9. Iman etmeýän maşgala agzalaryna hakykaty gürrüň bereniňde, nämäni unutmaly däl?

      9 Mukaddes Ýazgylar okuwynda täze öwrenen zatlaryny uly höwes bilen kabul edendigini ýatlap, Jeýson şeýle gürrüň berýär: «Meniň hemmelere bu barada aýdasym gelýärdi!». Öwrenýän adam hakykaty tapandygyna düşünende, ol muny şatlyk bilen durman gürrüň berýär. Belki, ol maşgalasynyň iman etmeýän agzalary hoş habary kabul eder öýdýär, ýöne bu başgaça bolup çykýar. Jeýsonyň hakykaty hyjuw bilen kabul edişi aýalyna nähili täsir etdikä? Aýaly: «Men, indi Jeýson hiç haçan wagyz etmegi bes etmez öýtdüm» diýýär. Ärinden soň 18 ýyldan hakykaty kabul eden bir aýal şeýle diýýär: «Men kem-kemden hemme zady aýyl-saýyl edýänçäm, wagt gerek boldy». Eger-de siz ýanýoldaşy hakykaty kabul etmek islemeýän biri bilen sapak geçýän bolsaňyz, onda oňa hoş habary ýanýoldaşyna sypaýyçylyk bilen aýtmagy düşündirseňiz gowy bolmazmy? Musa pygamber: «Taglymatym ýagyş deý ýagsyn, sözlerim çyg deý düşsün. Ýagsyn ot üstüne çisňeýän ýagmyr deý!» diýdi (Kan. tag. 32:2). Köplenç gerekli wagtda aýdylan az söz hem kän sözlemekden güýçli täsir edýär.

      10—12. a) Petrus resul iman etmeýän ýanýoldaşy bolan mesihçilere nähili maslahat berdi? b) Bir aýala 1 Petrus 3:1, 2-däki maslahata eýermäge näme kömek etdi?

      10 Petrus resul iman etmeýän ýanýoldaşy bolan mesihçi aýallara şeýle maslahat berdi: «Öz äriňize tabyn boluň. Şeýdip, eger käbirleri Hudaýyň sözüne boýun bolmaýan bolsa, siziň gorky içindäki päk edim-gylymyňyzy görüp, öz hatynynyň ýaşaýşy arkaly gürrüňsiz Mesihe gazanylsyn» (1 Pet. 3:1, 2). Hatda äri zalymlyk etse-de, aýaly kiçigöwünlilik bilen oňa çuňňur hormat goýsa, ol hakykaty kabul etmegi mümkin. Şonuň ýaly mesihçi dogan hem, iman etmeýän aýalynyň garşylygyna garamazdan, Hudaýyň isleýşi ýaly, mähirli maşgalabaşy hökmünde özüni alyp barmaly (1 Pet. 3:7—9).

      11 Şu günler Petrusyň maslahatynyň peýdaladygy birnäçe mysallardan görünýär. Meselem, Selmanyň mysalyna sereliň. Haçanda ol Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip başlanda, bu adamsyna ýaramady. Ýanýoldaşy: «Men gaharlanýardym, gabanýardym we biynjalyk bolýardym» diýýär. Selma bolsa: «Men hakykaty bilmänkäm, Stiw bilen ýaşaşan günlerimi it görse, gözi agarar. Ol örän gaharjaňdy. Mukaddes Ýazgylary öwrenip başlanymda, günüm öňküdenem beter boldy» diýýär. Selma näme kömek etdi?

      12 Selma özi bilen sapak geçen uýanyň beren maslahatyny ýatlaýar: «Bir gezek men sapagymy goýjak boldum. Sebäbi bir gün öňünçä men bir zady düşündirjek bolanymda, Stiw meni urdy. Şonda meniň agym tutup, özüme haýpym geldi. Uýamyza bolan zady we duýgularym barada gürrüň berenimden soň, ol maňa 1 Korintoslylar 13:4—7-nji aýatlary okamagy haýyş etdi. Aýatlary okap, men: «Stiw meni hiç haçan beýle söýmändi» diýip, oýlandym. Emma uýamyz maňa bu ýagdaýa başgaça seretmäge kömek etdi. Ol: «Sen äriňe şeýle söýgüni bildirýärmiň?» diýdi. Men: «Ýok, onuň bilen ýaşamak kyn ahyryn» diýdim. Şonda uýa maňa mähirlilik bilen şeýle diýdi: «Selma, kimiň mesihçi bolasy gelýär? Seniňmi ýa Stiwiň?». Şonda men öz pikirimi üýtgetmelidigime düşündüm we Stiwi has söýer ýaly, Ýehowa doga edip başladym. Ýuwaş-ýuwaşdan ýagdaý üýtgäp başlady». 17 ýyldan soň Stiw hakykaty kabul etdi.

      IMANDAŞLAR NÄDIP KÖMEK EDIP BILER?

      13, 14. Aýry dine uýýan maşgalada ýaşaýan mesihçilere imandaşlary nädip kömek edip biler?

      13 Ownuk ýagyş damjasynyň ýeri suwaryp, ösümlikleriň ösmegine ýardam edişi ýaly, ýygnakdaky dogan-uýalar aýry dine uýýan maşgaladaky mesihçilere şatlygyny ýitirmez ýaly kömek edip biler. Braziliýaly Elwina atly bir uýa şeýle diýýär: «Maňa dogan-uýalaryň söýgüsi hakykatda berk durmaga kömek etdi».

      14 Ýygnakdaky dogan-uýalaryň mähir bilen alada edişi maşgaladaky iman etmeýän adamyň ýüregine täsir edýär. Aýalyndan 13 ýyl soň hakykaty kabul eden Nigeriýaly bir dogan şeýle diýýär: «Bir dogan bilen barýarkak, onuň maşyny döwüldi. Ol golaýdaky obadan Ýehowanyň Güwäçilerini tapdy, olar bolsa bizi ýatyrymlaýyn myhman aldy. Olar bizi çagalykdan tanaýan ýaly, aladamyzy etdiler. Men şonda mesihçileriň söýgüsini duýdum. Aýalym bu barada hemişe gürrüň berýärdi». Ärinden 18 ýyl soň hakykaty kabul eden angliýaly bir aýal şeýle ýatlaýar: «Ýehowanyň Güwäçileri biziň ikimizi-de myhmançylyga çagyrýardylar. Olar meni güler ýüz bilen garşy alýardylar». Birnäçe wagtdan Ýehowanyň Güwäçisi bolan angliýaly bir adam bolsa, şeýle diýýär: «Dogan-uýalar biziňkä gelýärdiler ýa-da bizi myhmançylyga çagyrýardylar. Men şonda olaryň aladaçyl adamlardygyna düşündim. Men aýratynam, keselhanada ýatanymda, muňa göz ýetirdim. Olaryň köpüsi meni görmäge gelýärdiler». Siz hem imandaşlaryňyzyň iman etmeýän maşgala agzalarynyň aladasyny edip bilermisiňiz?

      15, 16. Maşgala agzalary hakykaty kabul etmese-de, mesihçi nädip bagtly bolup biler?

      15 Elbetde, mesihçi ençeme ýyl özüni göreldeli alyp baryp, gowy güwälik etse-de, ähli iman etmeýän är-aýallar, şeýle-de çagalar we ata-eneler, başga-da garyndaşlar hakykaty kabul etmeýärler. Käbirleri bolsa, hakykat bilen gyzyklanmaýar ýa-da zalymlyk bilen garşy bolýar (Mat. 10:35—37). Emma mesihçi Hudaýa ýaraýan häsiýetleri bildirse, bu örän gowy netije berer. Aýalyndan soň hakykaty kabul eden bir adam şeýle diýýär: «Mesihçi är ýa-da aýal gowy häsiýetleri bildirende, iman etmeýän ýanýoldaşynyň aňyna we ýüregine munuň nähili täsir edýändigini bilmeýär. Şol sebäpli, iman etmeýän ýanýoldaşyňyz babatda hiç-haçan umydyňyzy üzmäň».

      16 Ýanýoldaşy hakykaty kabul etmese-de, mesihçi bagtly bolup biler. Bir uýa 21 ýyllap ýanýoldaşyna güwälik etmek üçin jan etse-de, ol hoş habary kabul etmeýär. Uýa şeýle diýýär: «Men Ýehowa wepaly bolup, oňa ýaranmaga we onuň bilen gatnaşygymy berkitmäge jan edip, şatlygymy ýitirmeýärin. Şeýle-de men şahsy okuwymy geçirýärin, ýygnaklara gatnaşýaryn, wagyz edýärin we imandaşlarymyň aladasyny edýärin. Bu maňa Ýehowa ýakynlaşmaga we wepaly bolmaga ýardam edýär» (Sül. tym. 4:23).

      RUHDAN DÜŞMÄŇ!

      17, 18. Mesihçi aýry dine uýýan maşgalada ýaşasa-da, näme üçin umydyny üzmeli däl?

      17 Eger-de sen Hudaýa wepaly bolup, aýry dine uýýan maşgalada ýaşaýan bolsaň, ruhdan düşme. «Ýehowa öz beýik adynyň hatyrasyna halkyny terk etmeýändigini» unutma (1 Sam. 12:22). Sen Ýehowa ýapyşsaň, ol seniň bilen bolar (2 Taryhlar 15:2-ni okaň)c. Şol sebäpli, «Rebde keýplen... ýoluňy Ýehowa tabşyr, Oňa bil bagla» (Zeb. 37:4, 5). Söýgüden doly Ýehowa atamyzyň ähli kynçylyklara döz gelmäge kömek etjekdigine ynanyň we «dogada erjellik ediň» (Rim. 12:12).

      18 Öýüňde parahatlyk bolar ýaly, Ýehowadan mukaddes ruhy dile (Ýew. 12:14). Mümkin, wagtyň geçmegi bilen, edýän tagallalaryň bilen iman etmeýän maşgala agzalaryň ýüregine täsir edip bilersiň. Sen «baryny Hudaýyň şöhraty üçin» edip, kalbyňda rahatlyk duýarsyň (1 Kor. 10:31). Sen ýygnakdaky dogan-uýalaryň söýýändigine we goldajakdygyna ynanyp bilersiň!

      a Atlary üýtgedilen.

      b Pawlusyň maslahaty aýratyn ýagdaýlarda aýry ýaşamagy gadagan etmeýär. Bu meselä çynlakaý garap, özüň çözmeli. «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň» kitabynyň 251—253-nji sahypalaryna serediň.

      c 2 Taryhlar 15:2. «Ol Asanyň öňünden çykyp, şeýle diýdi: «Eý Asa, Ýahuda we Benýamin taýpalary, maňa gulak asyň! Siz Ýehowa bilen bolsaňyz, ol hem siziň bilen bolar. Eger ony gözleseňiz, ol özüni tapdyrar. Emma ony terk etseňiz, ol hem sizi terk eder».

      [28-nji sahypadaky surat]

      Dini garaýyşlaryňyzy düşündürmek üçin amatly wagt tapyň

      [29-njy sahypadaky surat]

      Iman etmeýän ýanýoldaşyňyzyň aladasyny ediň

  • Yza seretmäň!
    Garawul diňi — 2012 | 15 mart
    • Yza seretmäň!

      «Eline azaly alansoň, yzyna seredýän adam Hudaýyň Patyşalygyna ýaraşmaz» (LUKA 9:62).

      SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

      • Biz näme üçin Lutuň aýalyny ýada salmaly?

      • Haýsy üç zat üçin yzymyza seretmeli däl?

      • Ýehowanyň guramasyndan yza galmaz ýaly näme etmeli?

      1. Isa nähili duýduryş berdi we nähili soraglar ýüze çykýar?

      «LUTUŇ aýalyny ýada salyň!» (Luka 17:32). Isa Mesihiň takmynan 2 müň ýyl mundan ozal aýdan duýduryşy häzir has-da ähmiýetli. Eýsem, Isa näme diýjek bolduka? Ýewreýler bu sözüň manysyna düşünýärdi. Sebäbi Lutuň aýalyna näme bolandygyny bilýärdiler. Maşgalasy bilen Sodom şäherinden çykyp barýarka, Lutuň aýaly aýdylana gulak asman, yzyna garap, duz sütünine öwrülýär (Gelip çykyş 19:17, 26-njy aýatlary okaň)a.

      2. Lutuň aýaly näme üçin yzyna seredendir we oňa näme boldy?

      2 Lutuň aýaly näme üçin yzyna garadyka? Belki, bolýan zatlary göresi gelendir. Ynanmazçylyk etdimikä ýa imany gowşadymyka? Ýa-da Sodomda galdyran zatlaryna gynanyp yzyna seretdimikä? (Luka 17:31). Nähili bolaýanda-da, ol etmişine görä jezasyny çekdi. Gör nämeler boldy! Ol Sodomyň we Gomoranyň ýaşaýjylary bilen bir günde heläk boldy. Ine, şonuň üçin Isa: «Lutuň aýalyny ýada salyň!» diýdi.

      3. Isa yza seretmegiň howpludygyny nädip düşündirdi?

      3 Biziň ýaşaýan döwrümizde-de, göçme manyda yza seretmek howply. Bir adam Isanyň şägirdi bolmak üçin, ilki, maşgalasy bilen hoşlaşmaga rugsat soraýar. Şonda Isa oňa: «Eline azaly alansoň, yzyna seredýän adam Hudaýyň Patyşalygyna ýaraşmaz» diýip, muny gowy düşündirýär (Luka 9:62). Isa ondan köp zady talap etdimi? Ýok, sebäbi ol adam bahana gözläp, jogapkärçilikden gaçjak bolýardy. Isa şeýle haýal-ýagallygy «yzyňa seretmek» bilen deňeşdirdi. Eline azaly alan daýhan bir salymlyk yzyna seretse-de ýa-da azaly goýup, yzyna öwrülse-de, tapawudy näme? Iki ýagdaýda-da onuň ünsi sowulýar we edýän işiniň hiline ýaramaz täsir edýär.

      4. Biz nirä seretmeli?

      4 Biz yza seretmegiň deregine diňe öňe seretmeli. Bu barada Süleýmanyň tymsallary 4:25-de şeýle diýilýär: «Gözleriň dogry öňe seretsin, nazaryň göni öňe dikilsin».

      5. Biz näme üçin yza seretmeli däl?

      5 Eýsem, biz näme üçin yza seretmeli däl? Sebäbi biz soňky günlerde ýaşaýarys (2 Tim. 3:1). Tizden diňe iki azgyn şäher däl-de, tutuş zalym dünýä ýok ediler. Lutuň aýalynyň ýagdaýyna düşmejek bolsak, näme etmeli? Ilki bilen, yzda galan haýsy zatlaryň bizi yza seretmäge itekleýändigini bilmeli (2 Kor. 2:11). Geliň, şol zatlaryň nämedigini bilip, soňra olardan gaça durmagy öwreneliň.

      «ÖŇLER GOWUDY»

      6. Geçeni bolşy ýaly ýatlamak näme üçin aňsat däl?

      6 Uly howplaryň biri — öňler gowudy diýmekdir. Köplenç geçeni bolşy ýaly ýatlamak aňsat däl. Belki, biz bolan kynçylyklara kän ähmiýet bermän, şatlykly tarapyna köp üns berýändiris. Şeýdip, öňler durmuş has gowy bolan ýaly görünýär. Şeýle nädogry garaýyş sebäpli, biz öňki durmuşy küýsäp başlaýarys. Emma Mukaddes Ýazgylarda şeýle duýduryş berilýär: «Öňler häzirki günlerden gowudy diýme, çünki şeýle diýmek paýhasly däldir» (Wag. 7:10). Şeýle pikir etmek näme üçin howply?

      7—9. a) Ysraýyllylar Müsürde nähili ýaşaýardy? b) Olar näme üçin begenipdiler? ç) Ysraýyllylar näme sebäpli zeýrenip igendiler?

      7 Geliň, Musanyň günlerinde ýaşan ysraýyllylaryň ýagdaýyna seredeliň. Başda ysraýyllylar Müsürde myhman hasaplansalar-da, Ýusubyň ölmegi bilen «müsürliler ysraýyllary mejbury işledip, olary ezmek üçin, olaryň üstünden hojaýynlar bellediler» (Müs. çyk. 1:11). Ahyrsoňy Faraon täze doglan her bir oglany öldürmegi buýrup, Hudaýyň halkyny gyrjak boldy (Müs. çyk. 1:15, 16, 22). Şonuň üçin Ýehowanyň Musa şeýle diýmegi geň galdyrmaýar: «Men halkymyň Müsürde çekýän jebir-sütemini gördüm, olaryň müsür hojaýynlaryndan ýaňa nalaýandyklaryny eşitdim. Men olaryň çekýän jebir-jepalaryny bilýärin» (Müs. çyk. 3:7).

      8 Gulçulykdan azatlyga çykan ysraýyl halkynyň şatlygyny göz öňüne getirip bilermiň? Olar tekepbir faraona we halkyna iberlen on jeza arkaly Ýehowanyň gudratly güýjüni gördüler (Müsürden çykyş 6:6-ny okaň)b. Aslynda, müsürliler ysraýyllylary diňe bir goýbermediler, gaýtam olardan gitmegi haýyş edip gyssadylar hem-de olara şeýle köp altyn-kümüş berdiler welin, Töwratda Hudaýyň halky «müsürlileriň baýlygyny talap gaýtdylar» diýilýär (Müs. Çyk. 12:33—36). Ysraýyllylar faraonyň we onuň goşunynyň Gyzyl deňizde heläk bolşuny görüp, has-da begendiler (Müs. çyk. 14:30, 31). Şeýle gudratly wakalary gözüň bilen görmek imanyňy berkitse gerek!

      9 Gynansak-da, ysraýyllylaryň gudrat bilen azatlyga çykmagyna köp wagt geçmänkä, olar zeýrenip we igenip başladylar. Näme sebäpli? Iýmit üçin! Olar Ýehowanyň berýän zatlaryna kanagat etmän: «Müsürde mugtja iýýän balyklarymyz, hyýarlarymyz, gawunlarymyz, soganlarymyz, düýp soganlarymyz, sarymsaklarymyz ýat boldy-la. Mannadan başga görýän zadymyz bolmansoň, ysgyn-mydarymyz galmady» (San. 11:5, 6). Şeýlelikde, olaryň garaýşy şeýle bozuldy welin, hatda gulçulykda bolan ýurduna dolanmak islediler! (San. 14:2—4). Ysraýyllylar yzyna seredip, Ýehowanyň merhemetinden mahrum boldular (San. 11:10).

      10. Biz ysraýyllylaryň mysalyndan nähili sapak edinip bileris?

      10 Biz ysraýyllylaryň mysalyndan nähili sapak edinip bileris? Kynçylyklara duşsak, öňler, hatda hakykaty bilmänkäm, has oňatdy diýmäliň. Bolan wakalardan sapak edinmek barada oýlanmak ýa-da käbir wakalary ýakymly ýatlamak nädogry bolmasa-da, biz geçmişe paýhasly garamaly, ýogsam häzirki ýagdaýymyza has-da nägile bolup, öňki durmuşa dolanmak isläris (2 Petrus 2:20—22-nji aýatlary okaň).

      YZDA GALAN ZATLAR

      11. Käbir dogan-uýalar Hudaýa gulluk etmek üçin nämelerden geçdi we şol zatlara nähili garaýarlar?

      11 Käbir mesihçiler Hudaýa gulluk etmek üçin köp zatdan geçdiler. Häzir bolsa, şoňa ökünip, elden giden mümkinçilik hasaplaýarlar. Belki, sende öň ýokary bilim almaga, abraýly adam bolmaga we baýamaga mümkinçilik bolandyr, emma olardan ýüz öwrensiň. Dogan-uýalaryň köpüsi köp aýlykly işde işländirler. Meselem, hususy firmasy bolandyr ýa-da meşhur aýdymçy, uniwersitetde professor ýa-da ady belli sportsmen bolandyr. Emma wagt geçdi, zalym dünýäniň soňy gelmedi. Häzir bolsa sen: «Şol zatlardan geçmedik bolsam, durmuşym nähili bolardy» diýip oýlanýarmyň?

      12. Pawlus resul yzda galan zatlara nähili garaýardy?

      12 Pawlus resul Isanyň şägirdi bolmak üçin köp zatlardan geçdi (Flp. 3:4—6). Ol yzda galan zatlar barada näme pikir edýärdi? Pawlus resul şeýle diýýär: «Maňa gazanç bolan her zady Mesihiň hatyrasyna zyýan saýdym». Näme üçin? Ol: «Ugrunda bar zadymy ýitiren Rebbim Mesih Isany tanamagyň artyk gymmaty üçin her zady zyýan saýýaryn, Mesihi gazanjak bolup, syr-süplük saýýaryn» diýip düşündirdic (Flp. 3:7, 8). Hapany ýa musory zyňan adam soňra zyňan zatlaryna ökünmeýär. Pawlus hem bu dünýäde galdyran mümkinçiliklerine asla ökünmeýärdi. Olary gymmat saýmaýardy.

      13, 14. Biz Pawlus resulyň göreldesine nädip eýerip bileris?

      13 Eger-de biz hem şol elden giden mümkinçilikler barada oýlanyp başlasak, näme etmeli? Pawlusyň göreldesine eýermeli. Nädip? Munuň üçin häzirki zatlaryň gadyryny bilmeli. Seniň Ýehowa bilen gymmatly dostlugyň bar we oňa wepaly gulluk edýärsiň (Ýew. 6:10). Heý-de bir seniň häzir alýan we gelejekde aljak ruhy bereketleriňi dünýäniň hödürleýän baýlygy we mümkinçilikleri bilen deňeşdirip bolarmy? (Markus 10:28—30-njy aýatlary okaň).

      14 Soňra Pawlus resul Hudaýa wepaly gulluk etmäge kömek edýän maslahaty berýär. Ol: «Yzdaky zatlary unudyp, öňdäkilere el uzadyň» diýýär (Flp. 3:14). Üns beren bolsaňyz, Pawlus iki ädim ätmegi maslahat berýär. Birinjiden, yzda galan zatlary unutmaly, sebäbi olar barada köp alada edip, güýjümizi we gyzyldan gymmat wagtymyzy ýele sowurýarys. Ikinjiden, pellehana golaýlaşan sportsmen ýaly diňe öňe seredip, ylgawy dowam etmeli.

      15. Hudaýyň wepaly gullukçylarynyň göreldesi hakda oýlanmak näme üçin peýdaly?

      15 Biz Hudaýyň wepaly gullukçylarynyň göreldesi hakda oýlansak, onda yzda galan zatlara däl-de, diňe öňe garamaga islegimiz has-da artar. Meselem, Ybraýym we Sara Ur şäherini unutmadyk bolsalar, onda «yzlaryna dönmäge pursatlary bolardy» (Ýew. 11:13—15). Emma olar Ur şäherine dolanmadylar. Musa pygamber-de Müsürde islendik ysraýyllydan has köp zatlary galdyrypdy. Emma şol zatlaryň hiç birini küýsemändir. Gaýtam, Injile laýyklykda, ol: «Mesih ugrunda çeken sütemini Müsüriň hazynalaryndan uly baýlyk saýdy. Çünki ol öz aljak sylagyna garaýardy» diýilýär (Ýew. 11:26).

      ÇEKILEN KYNÇYLYKLAR

      16. Çeken kynçylyklarymyz bize nähili täsir edýär?

      16 Belki, biz öňler käbir kynçylyklar çekendiris. Eden günämiz ýa-da ýalňyşymyz sussupes edýändir (Zeb. 51:3). Mümkin, berlen maslahatyň ýüregimize salan ýarasy henizem biten däldir (Ýew. 12:11). Adalatsyzlyk ýa-da adalatsyz ýaly bolup görünýän ýagdaýlar bizi gaýga batyrýandyr (Zeb. 55:2). Şeýle zatlar sebäpli yza garamaz ýaly, näme edip bileris? Geliň, üç ýagdaýa seredeliň.

      17. a) Pawlus näme üçin özüne «ähli mukaddesleriň iň ähmiýetsizi» diýdi? b) Pawlus gaýga batyrýan pikirlere nädip hötde geldi?

      17 Edilen ýalňyşlar. Pawlus resul özüne «ähli mukaddesleriň iň ähmiýetsizi» diýýär (Efes. 3:9). Näme üçin? «Sebäbi men Hudaýyň ýygnagyna azar berdim» diýip jogap berýär (1 Kor. 15:9). Pawlus öňler yzarlan mesihçileriniň käbirine duşanda, özüni nähili duýandygy barada oýlanyp görüň. Emma ol şol pikirler sebäpli gaýga batmandyr-da, Hudaýyň görkezen merhemeti barada oýlanypdyr (1 Tim. 1:12—16). Şonda onuň ýüregi minnetdarlykdan dolup, Hudaýa has-da yhlasly gulluk edipdir. Pawlus öňki eden ýalňyşlaryny unutmagy ýüregine düwüpdir. Eger bizem Ýehowanyň görkezen merhemeti barada köpräk oýlansak, onda üýtgedip bolmajak öňki wakalar sebäpli aşa alada edip, güýjümizi biderek sarp etmeris. Biz bar güýjümiz bilen Ýehowanyň häzirki tabşyran işini ederis.

      18. a) Öň berlen maslahaty öýke-kine bilen ýatlasak, näme bolar? b) Maslahaty kabul etmek babatda Süleýmanyň aýdan sözlerine nädip gulak asyp bileris?

      18 Agyr degen maslahat. Belki, biz öň berlen maslahaty öýke-kine bilen ýatlap, yza seredýändiris? Şol maslahat diňe bir agyr degmän, eýsem «ruhdan düşürýändir» (Ýew. 12:5). Maslahaty kabul etmän, «äsgermezlik eden» bolsak ýa-da maslahaty kabul edip, soňra eýerip bilmän, «ruhdan düşen» bolsak — iki ýagdaýda-da biz maslahatyň peýdasyny we täsirini görmeýäris. Süleýmanyň aýdan sözlerine gulak asmak has-da gowy: «Terbiýä berk ýapyş. Ony goýberme, ony gora. Çünki ol seniň ýaşaýşyňdyr» (Sül. tym. 4:13). Ýol hereketiniň düzgünlerine eýerýän sürüji ýaly, geliň, bizem maslahaty kabul edip, durmuşda ulanalyň-da, diňe öňe gideliň (Sül. tym. 4:26, 27; Ýewreýler 12:12, 13-nji aýatlary okaň).

      19. Biz Habakkuk we Ýeremiýa pygamberleriň imanyndan nädip görelde alyp bileris?

      19 Adalatsyzlyk ýa-da adalatsyz ýaly bolup görünýän ýagdaýlar. Bizde käte Habakkuk pygamberiňki ýaly duýgular döremegi ahmal. Ol käbir adalatsyz zatlaryň näme üçin bolýandygyna düşünmän, Ýehowadan adalaty dikeltmek barada ýalbarypdyr (Hab. 1:2, 3). Biz hem: «Men bolsa, Ýehowany beýgeltjek. Gutulyş berýän Hudaýyma şatlanjak» diýen şol pygamberiň imanyndan görelde almaly (Hab. 3:18). Eger biz gadymy döwürde ýaşan Ýeremiýa pygamber ýaly, adalatly Hudaý Ýehowa bütin ýürek bilen «garaşsak», onda ol hökman ähli zady öz wagtynda düzeder (Ýerem. ag. 3:19—24).

      20. «Lutuň aýalyny ýada salsak» näme ederis?

      20 Biz aýgytly döwürde ýaşaýarys. Häzir täsin wakalar bolup geçýär, gelejekde has täsin wakalar bolar. Ýehowanyň guramasy öňe ýöreýär, bizem ondan yza galmalyň. Mukaddes Ýazgylaryň maslahat berişi ýaly, yzda galan zatlara garaman, diňe öňe seredeliň. Şonda «Lutuň aýalyny ýada saldygymyz» bolar!

      a Gelip çykyş 19:17. Galadan çykanlaryndan soň adamlaryň biri: «Indi gaç-da, başyňy gutar. Yzyňa garama! Düzlükde aýak çekme, göni daga gaç, ýogsam gala bilen bile heläk bolarsyň» diýdi. 26. Lutuň aýaly yzyna garady we ol şol bada duz sütünine öwrüldi.

      b Müsürden çykyş 6:6. Şonuň üçin hem ysraýyllara aýt: «Men Rebdirin. Men sizi Müsür zulumyndan çykaryp, gulçulykdan azat ederin. Gudratly güýç bilen we agyr jezalarym bilen Men sizi olardan halas ederin».

      c Türkmen dilinde «syr-süplük» diýmek süpürilip taşlanan hapa, her hili galyndylar diýmegi aňladýar. Şu aýatda «syr-süplük» diýip terjime edilen söz grek dilinde «itlere berilýän zat», «tezek» we «nejesat» diýmegi aňladýar. Mukaddes Ýazgylary öwrenýän bir alymyň aýtmagyna görä, Pawlusyň ulanan sözi adamyň çürt-kesik ýüz öwren zatlaryny aňladýar. Adam şol zatlary dereksiz hem ýürekbulanç hasaplap, gaýdyp göresi gelmeýär.

  • Ýehowa halkyny nähili halas etmelidigini bilýär
    Garawul diňi — 2012 | 15 aprel
    • Ýehowa halkyny nähili halas etmelidigini bilýär

      «Hudaýhonlary synagdan nähili halas etmelidigini, Reb bilýär» (2 PET. 2:9).

      BIZ ÝEHOWANYŇ... NÄME ÜÇIN ŞÜBHELENMELI DÄL?

      • niýeti bilen bagly wakalaryň haçan boljagyny bilýändigine...

      • halkyny halas etmek üçin çäksiz güýjüniň bardygyna...

      • uly muşakgatda nämeleriň boljakdygyny anyk bilýändigine...

      1. «Uly muşakgatda» dünýäniň ýagdaýy nähili bolar?

      ŞEÝTANYŇ dünýäsi birdenkä, garaşylmadyk wagtda ýok ediler (1 Sel. 5:2, 3). «Ýehowanyň beýik gününde» bütin dünýä aljyraňňy ýagdaýa düşer (Sef. 1:14—17). Horluklar we kynçylyklar şeýle köpeler welin, Injilde beýle agyr zamana «dünýäniň başyndan tä şu wagta çenli bolanam däldir, bolmazam» diýilýär (Matta 24:21, 22-nji aýatlary okaň).

      2, 3. a) «Uly muşakgatda» Hudaýyň halkyna näme garaşýar? b) Ýehowa has-da berk bil baglamaga näme kömek eder?

      2 Ezekiýel pygamberiň aýtmagyna görä, agyr muşakgatyň soňunda «Äjit-mäjit» Hudaýyň halkyna soňky sapar topular. «Sansyz-sajaksyz goşun» «gara bulut» kimin Hudaýyň halkyna garşy çykar (Ezek. 38:2, 14—16). Ýehowanyň halkyna hiç bir ynsan guramasy kömek etmez. Olary diňe Ýehowa halas edip biler. Şonda ýok etmäge çykan duşmanlary görüp, Hudaýyň halky özüni nähili alyp barar?

      3 Eger sen Ýehowanyň Güwäçilerinden biri bolsaň, onda agyr muşkgatda Ýehowanyň halkyny halas edip biljegine ynanýarmyň? Petrus resul: «Hudaýhonlary synagdan nähili halas etmelidigini, dogry dälleri... höküm gününe çenli jeza astynda nähili saklamalydygyny Reb bilýär» diýdi (2 Pet. 2:9). Eger Ýehowanyň gadymy döwürde ýaşan gullukçylaryny halas edişi barada oýlansak, onda oňa has-da berk bil baglap bileris. Geliň, üç mysala seredeliň.

      NUH TUPANDA HALAS BOLDY

      4. Tupan gelmänkä nämeler edilmelidi?

      4 Ilki bilen, Nuhuň döwründe bolan Tupan barada gürrüň edeliň. Tupan gelýänçä käbir zatlar edilmelidi. Ullakan gämi gurulmalydy, haýwanlar içine salynmalydy. Töwrata laýyklykda, Ýehowa gäminiň gurulmagyna garaşyp, soňra Tupanyň gelmeli wagtyny bellemändir. Hudaý gämi wagtynda taýýar bolmaz öýdüp, alada-da etmändir. Aslynda, Hudaý Nuha gämi gurmak barada tabşyryk bermezinden ep-esli wagt öň Tupanyň haçan başlanjagyny aýdypdy. Biz näme üçin şeýle netijä gelip bileris?

      5. Gelip çykyş 6:3-e laýyklykda, Ýehowa näme karar kabul etdi we haçan?

      5 Töwratda Ýehowanyň belli bir karara gelip, gökde yglan edendigi aýdylýar. Gelip çykyş 6:3-de Ýehowa: «Men adamzady ebedilik ýaşatmaryn, çünki olar tendir; onuň ömri ýüz ýigrimi ýyl bolar» diýýär. Şu aýatda adamyň ortaça ömrüniň 120 ýyl boljakdygy barada däl-de, Hudaýyň ýer ýüzündäki erbetligi haçan ýok etjekdigi barada aýdylýara. Tupan b. e. öň 2370-nji ýylda başlady, diýmek, Hudaý bu sözleri b. e. öň 2490-njy ýylda aýdan bolmaly. Şol wagt Nuh 480 ýaşyndady (Gel. çyk. 7:6). Takmynan 20 ýyldan, ýagny b. e. öň 2470-nji ýylda Nuhuň ilkinji ogly doguldy (Gel. çyk. 5:32). Şonda Tupana çenli takmynan 100 ýyl galypdy. Emma Ýehowa henizem Nuha adamzady halas etmek üçin gämi gurmak barada tabşyryk bermändi. Eýsem, Hudaý Nuha haçan aýdarka?

      6. Ýehowa Nuha gämi gurmagy haçan tabşyrdy?

      6 Ýehowa Nuha tabşyrygy onlarça ýyldan soň beren bolmaly. Näme üçin şeýle diýse bolar? Sebäbi Hudaý Nuha gämini gurmagy tabşyranda, onuň ogullary eýýäm ulalyp, öýli-işiklidi. Ýehowa oňa: «Men seniň bilen äht baglaşaryn. Sen ogullaryň, aýalyň hem gelinleriň bilen gämä münersiň» diýdi (Gel. çyk. 6:9—18). Diýmek, Nuha gämi gurmak barada tabşyryk Tupanyň başlanmagyna 40 ýa-da 50 ýyl galanda aýdylan bolmaly.

      7. a) Nuh bilen maşgalasy Hudaýa iman edýändigini nädip görkezdiler? b) Tupanyň anyk başlajak wagtyny Hudaý Nuha haçan aýtdy?

      7 Nuh maşgalasy bilen gämi gurýarka: «Hudaý niýetini nädip amala aşyrar we Tupan haçan başlarka?» diýip oýlanan bolsalar gerek. Bu barada olar hiç zat bilmeseler-de, gämini gurmagy bes etmediler. Töwratda: «Nuh Hudaýyň buýran zatlarynyň hemmesini ýerine ýetirdi» diýilýär (Gel. çyk. 6:22). Tupanyň başlanmagyna ýedi gün galanda, Ýehowa Nuh bilen maşgalasyna haýwanlary gämä girizmegi buýurdy. Şeýlelikde, «Nuhuň ömrüniň alty ýüzünji ýylynyň ikinji aýynyň on ýedinji gününde» sil başlanda, ähli zat taýyndy (Gel. çyk. 7:1—5, 11).

      8. Tupan bilen bagly wakany okap, Ýehowanyň halkyny halas etjegine ynamyň artýarmy? Näme üçin?

      8 Tupan bilen bagly wakadan görnüşi ýaly, Ýehowa halkyny haçan we nähili halas etmelidigini gowy bilýär. Bu zalym dünýäniň soňy golaýlaşdygyça, Ýehowanyň niýet eden ähli zatlary aýdan «gününde hem sagadynda» hökman ýerine ýeter (Mat. 24:36; Habakkuk 2:3-i okaň)b.

      GYZYL DEŇIZDE HALAS EDÝÄR

      9, 10. Ýehowa müsür goşunyny duzaga düşürmek üçin näme etdi?

      9 Birinji mysaldan görnüşi ýaly, Ýehowa niýeti bilen bagly wakalaryň haçan boljakdygyny bilýär. Ikinji mysal bolsa Ýehowanyň halkyny halas etmek üçin çäksiz güýjüniň bardygyna ynamyňy artdyrýar. Ýehowa halkyny halas etjegine şeýle ynamly welin, hatda käte olar arkaly duşmanlaryny duzaga düşürýär. Ysraýyllylary müsür gulçulygyndan çykaranda-da, şeýle bolupdy.

      10 Müsürden 3 million töweregi ysraýylly çykypdy. Ýehowa Musa halky belli bir ýol bilen äkitmegi buýurýar. Şonda faraon ysraýyllylar azaşandyr öýdýär (Müsürden çykyş 14:1—3-nji aýatlary okaň)c. Şeýlelikde, faraon goşuny bilen olary kowalap, Gyzyl deňzinde gabaýar. Ysraýyllylar üçin hiç hili çykalga ýok ýalydy (Müs. çyk. 14:5—10). Aslynda bolsa, halka howp abanmaýardy. Näme üçin? Sebäbi olary Ýehowa halas etmekçidi.

      11, 12. a) Ýehowa ysraýyllylara nädip kömek etdi? b) Ýehowanyň kömegi netijesinde näme boldy? Biz mundan näme öwrenýäris?

      11 Ysraýyllylary alyp barýan «bulut sütüni» olaryň yzyna geçip, faraonyň goşunyna böwet bolýar. Şol «bulut sütüni» müsürliler tarapyny garaňky etdi, ysraýyllylar tarapyny bolsa ýagty etdi (Müsürden çykyş 14:19, 20-nji aýatlary okaň)d. Soňra Ýehowa deňzi ikä böldi. Muňa köp wagt gerek bolandyr, sebäbi Töwratda: «Reb bolsa şol bütin gije güýçli gündogar şemaly bilen deňziň suwuny kowdy. Deňiz gury ýere öwrülip, suw ikä bölündi. Ysraýyllar hem deňziň ortasyndaky şol gury ýer bilen geçdiler» diýilýär. Ysraýyllylar müsür esgerlerine garanyňda haýal ýöreýärdiler, ýöne şonda-da müsürliler olaryň yzyndan ýetip bilmediler, sebäbi Ýehowa halkyny goraýardy. Hudaý «olary aljyraňňy ýagdaýa saldy. Reb olaryň söweş arabalarynyň tigirlerini batga batyrdy, şonuň üçin hem olara arabalaryny sürmek gaty kyn düşdi» (Müs. çyk. 14:21—25).

      12 Ysraýyllylar beýleki kenara geçen badyna, Ýehowa Musa: «Eliňi deňze tarap uzat, goý, suw müsürlileriň, olaryň söweş arabalarynyň we atlylarynyň üstünden basyp, yzyna öwrülsin» diýdi. Esgerler suw tolkunlaryndan gaçjak bolanlarynda, «Reb müsürlileri deňziň ortasyna eltip taşlady». Müsürliler gaçyp gutulyp bilmedi. Hawa, «olaryň ýekejesi hem diri galmady» (Müs. çyk. 14:26—28). Şeýdip, Ýehowa halkyny islendik ýagdaýda halas etmäge güýjüniň bardygyny görkezdi.

      IÝERUSALIM WEÝRAN EDILENDE HALAS BOLDULAR

      13. Isa nähili görkezme berdi? Şägirtler nämäniň aladasyny eden bolmaly?

      13 Üçünji mysaldan görnüşi ýaly, Ýehowa niýeti bilen bagly boljak wakalary anyk bilýär. Geliň, I asyrda rimlileriň Iýerusalimi gabaýşyna seredeliň. B. e. 70 ýylynda şäher weýran bolmazyndan öň, Ýehowa Iýerusalimde we Ýahudada ýaşaýan mesihçilere Isa pygamber arkaly görkezme beripdi: «Daniýel pygamber tarapyndan agzalan weýrançylyk getirýän ýigrenjiniň mukaddes ýerde duranyny göreniňizde, Ýahudadakylar daglara gaçsyn» (Mat. 24:15, 16). Eýsem, Isanyň şägirtleri pygamberligiň ýerine ýetýändigini nädip bilmelidiler?

      14. Nähili wakalar sebäpli Isanyň sözleri has-da aýdyň boldy?

      14 Köp ýyllardan Isanyň sözleri has-da aýdyň boldy. Ýehudylaryň gozgalaňyny ýatyrmak üçin b. e. 66 ýylynda Sestiý Galyň baştutanlygynda rim goşuny Iýerusalimi gabady. Gozgalaňçy ýehudylar, ýagny zelotlar ybadathananyň içinde gizlenende, rim esgerleri ybadathananyň diwaryny köwüp başladylar. Isanyň sözlerini ýada salan mesihçiler bolýan wakalaryň manysyna derrew düşündiler. Sebäbi butparaz rim goşunynyň baýdagy («ýigrenji» zat) ybadathananyň diwaryna («mukaddes ýere») ýetipdi. Diýmek, Isanyň şägirtleriniň «daglara gaçmaly» wagty gelipdi. Olar gabalgy şäherden nädip çykarka? Birdenkä garaşylmadyk wakalar boldy.

      15, 16. a) Isa şägirtlerine nämäni nygtap aýtdy? Şägirtleri näme üçin oňa hökman gulak asmalydy? b) Halas bolmak üçin näme etmeli?

      15 Nähilidir bir sebäp bilen, Sestiý Gal we rim goşuny Iýerusalimi goýup, yzyna dolanýarlar. Zelotlar bolsa olaryň yzyndan kowalaýarlar. Indi şäherde ne rimliler, ne-de gozgalaňçy ýehudylar bardy. Şeýdip, Isanyň şägirtlerine şäherden çykmaga mümkinçilik döredi. Isa şägirtlerine ýany bilen hiç zat alman, şäherden derrew gitmegi nygtap aýdypdy (Matta 24:17, 18-nji aýatlary okaň). Şeýle howlukmaç gitmek gerekdimi? Tizden hemme zat düşnükli boldy. Zelotlar birnäçe günden dolanyp, Iýerusalimiň we Ýahudanyň ýaşaýjylaryny gozgalaňa goşulmaga mejbur edip başladylar. Şäherde birnäçe toparlar agalyk ugrunda söweşýärdi, şäheriň ýagdaýy gitdigiçe erbetleşýärdi. Iýerusalimden çykmak gün-günden kynlaşýardy. B. e. 70 ýylynda rimliler yzyna gelende, şäherden çykmak mümkin däldi. «Seniň başyňa şeýle günler geler: duşmanlaryň daşyňa garymlar gazyp, seni gurşar, her ýandan gysyp-gowrar» (Luka 19:43). Şäherde galan adamlar gabawa düşdi! Isanyň görkezmesine eýerip, daglara gaçan mesihçiler halas boldy. Olar Ýehowanyň halkyny nähili halas etmelidigini bilýändigine göz ýetirdiler. Biz bu wakadan näme öwrenip bileris?

      16 Uly muşakgatda mesihçiler hem Mukaddes Ýazgylaryň we guramanyň görkezmesine eýermeli bolar. Meselem, Isa şägirtlerine «daglara gaçyň» diýipdi. Biz hem uly muşakgatda «gaçmaly» bolarys. Nädip? Muny biz entek anyk bilmeýärise. Emma Ýehowa şeýle görkezmeleri öz wagtynda hökman düşündirer. Diýmek, halas bolmak üçin görkezmelere eýermeli ekeni, şonuň üçin özümizden soralyň: «Häzir Ýehowanyň halkyna berýän görkezmelerine eýerýärinmi? Men olary derrew berjaý edýärinmi ýa-da haýal-ýagallyk edýärinmi?» (Ýakup 3:17).

      ÖŇÜMIZDÄKI MUŞAKGATA TAÝÝAR BOLUŇ

      17. Habakkuk pygamber Hudaýyň halkyna ediljek hüjüm barada näme diýýär?

      17 Geliň, indi makalanyň başynda aýdylan Äjit-mäjidiň hüjümi barada gürrüň edeliň. Habakkuk pygamber şol döwür barada ýazýar: «Ol sesi eşidenimde inim tikenekledi, dodaklarym titredi, süňklerim çüýräp başlady. Endam-janym sandyrasa-da, men halklara (Hudaýyň gullukçylaryna haýbat atýan duşmanlara) garşy çykjak (Ýehowanyň indirjek) betbagtçylyk gününe ümsüm garaşaryn» (Hab. 3:16). Habakkuk pygamber Hudaýyň halkyna topuljak duşmanlar barada eşidip, ini tikenekledi, dodaklary titredi, hatda içinde ysgyn-mydary galmady. Şonda-da ol Ýehowanyň beýik gününe «ümsüm garaşmagy» ýüregine düwdi. Äjit-mäjit ýaranlary bilen topulanda, bizem gorkmagymyz mümkin. Şeýle ýagdaýda bizem Habakkuk pygamberiň göreldesine eýerip, Ýehowanyň halkyny halas etjegine bil baglap bileris (Hab. 3:18, 19).

      18. a) Bize topuljak duşmanlardan näme üçin gorkmaly däl? b) Indiki makalada nämä serederis?

      18 Şu üç mysala seredip, Ýehowanyň halkyny halas edip bilýändigine bir kemsiz göz ýetirdik. Onuň niýeti hökman amala aşar we ol duşmanlaryndan üstün çykar. Eger şol gün Ýehowanyň beýik ýeňşine bilelikde şatlanmak isleýän bolsak, onda biz soňuna çenli wepaly bolmaly. Eýsem, Ýehowa bize aýypsyz bolmaga nädip kömek edýär? Muny indiki makaladan bileris.

      a 15-nji dekabr 2010-njy ýylda çykan «Garawul diňi» žurnalynyň 30, 31-nji sahypalaryna serediň.

      b Habakkuk 2:3. Bu görnüş bellenen wagtda berjaý bolmaly. Ol berjaý bolmaga howlugýar we aldamaýar. Gijikýän ýaly görünse-de, oňa garaş, hökman berjaý bolar, gijikmez.

      c Müsürden çykyş 14:1, 2. «Ysraýyllara aýt, goý, olar yzyna öwrülip... Migdol bilen deňziň arasyndaky Pihahyrotda düşlesinler. 3. Fyrown: „Ysraýyllar çölde azaşyp ýörendirler“ diýip pikir eder».

      d Müsürden çykyş 14:19. Şundan soň, Ysraýyl goşunynyň öňünden ýöreýän Hudaýyň perişdesi olaryň yzyna geçdi. Olaryň öňünden süýşüp barýan bulut sütüni hem olaryň arka tarapyna geçip, 20. Müsür goşuny bilen Ysraýyl goşunynyň arasyna gelip durdy. Bulut gije ysraýyllar tarapyny ýagty, müsürliler tarapyny bolsa garaňky etdi. Şeýdip, bütin gije bular biri-biriniň golaýyna baryp bilmediler».

      e 1-nji maý 1999-njy ýylda çykan «Garawul diňi» žurnalynyň (rusça) 19-njy sahypasyna serediň.

      [24-nji sahypadaky suratyň aşagyndaky sözler]

      Ysraýyllylar faraonyň goşunyndan gorkmalydymy?

  • Sen Ýehowanyň şöhratyny aýna kimin görkezýärsiňmi?
    Garawul diňi — 2012 | 15 maý
    • Sen Ýehowanyň şöhratyny aýna kimin görkezýärsiňmi?

      «Biz Ýehowanyň şöhratyny... aýna kimin görkezýäris» (2 KOR. 3:18, TD).

      SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

      • Biz günäli bolsak-da, Hudaýy nädip şöhratlandyryp bileris?

      • Doga we ýygnak duşuşyklary Hudaýyň şöhratyny aýna kimin görkezmäge nädip kömek edýär?

      • Ýehowany hemişe şöhratlandyrmaga näme kömek eder?

      1, 2. Adamlar näme üçin Hudaýyň häsiýetlerine eýerip bilýär?

      HER BIR adam ene-atasyna meňzeýär. Käte şeýle sözleri eşidýän bolsak gerek: «Bu-ýa tüýs kakasynyň özi». Eger gyz bolsa: «Edil ejesine meňzäp dur-da». Çagalaryň özi hem ene-atasyna meňzemäge çalyşýarlar. Biz barada näme diýse bolar? Biz hem gökdäki Atamyz Ýehowa meňzäp bilerismi? Ýehowany görmesek-de, Sözüni okasak, tebigaty synlasak hem-de Ýazgylaryň üstünde oýlansak, esasanam, Isa Mesihiň aýdan sözleri we eden işleri barada pikirlensek, Hudaýyň ajaýyp häsiýetlerini öwrenip bileris (Ýahýa 1:18; Rim. 1:20). Şeýlelikde, biz Ýehowanyň häsiýetlerine eýerip, onuň şöhratyny aýna kimin görkezýäris.

      2 Hudaý adamlary ýaradyp, olara islegini berjaý etmek, häsiýetlerine eýermek hem-de ony şöhratlandyrmak ukybyny berdi (Gelip çykyş 1:26, 27-nji aýatlary okaň)a. Mesihçiler Hudaýyň häsiýetlerine eýermek isleýärler. Diňe şeýdip, olar Hudaýyň şöhratyny aýna kimin görkezýärler. Bu medeniýetiňe, milletiňe we bilimiňe bagly bolmaýar. Näme üçin? Sebäbi «Hudaý hiç kimi ala tutman, eýsem, her milletde kim Ondan gorksa, dogrulyk etse, şony kabul edýär» (Res. iş. 10:34, 35).

      3. Mesihçiler Ýehowa nädip gulluk edýärler?

      3 Mesh edilen mesihçiler Ýehowanyň şöhratyny aýna kimin görkezýärler. Bu barada Pawlus resul şeýle diýýär: «Biz örtülmedik ýüz bilen Ýehowanyň şöhratyny aýna kimin görkezip, kem-kemden şol keşbe meňzäp, özümizde onuň şöhratyny artdyrýarys» (2 Kor. 3:18, TD). Musa pygamber On tabşyryk ýazylgy iki daş sahypalary eline alyp, Sina dagyndan inip gelýärkä, Hudaý bilen gepleşendigi üçin ýüzi nur saçýardy (Müs. çyk. 34:29, 30). Mesihçiler Hudaý bilen ýüzbe-ýüz gepleşmese-de, ýüzleri nur saçmasa-da, olar Ýehowa hem-de onuň häsiýetleri we adamzat üçin niýeti barada gürrüň berip, ýüzleri şatlykdan doly. Şeýdip, mesh edilen mesihçiler we olaryň ýer ýüzünde ýaşajak ýoldaşlary durmuşynda we gullugynda Ýehowanyň şöhratyny aýna kimin görkezýärler (2 Kor. 4:1). Sen hem yzygiderli wagyzçy hökmünde edim-gylymyň we işleriň bilen Ýehowanyň şöhratyny aýna kimin görkezýärsiňmi?

      BIZ ÝEHOWANYŇ ŞÖHRATYNY AÝNA KIMIN GÖRKEZMEK ISLEÝÄRIS

      4, 5. a) Biz hem Pawlus ýaly nämä garşy göreşmeli bolýarys? b) Günä bize nähili täsir edýär?

      4 Ýehowanyň gullukçylary her bir zatda Ýaradyjysyny begendirmek we şöhratyny aýna kimin görkezmek isleýärler. Emma biz köplenç isleýän ýagşy işlerimizi edip bilmeýäris. Pawlus hem şeýle kynçylyk bilen göreşmeli bolupdyr (Rimliler 7:21—23-nji aýatlary okaň). Başga bir aýatda ol munuň sebäbini düşündirýär: «Bary günä edip, Hudaýyň şöhratyndan mahrum boldy» (Rim. 3:23). Adam atanyň günäsi sebäpli, ähli adamzat günäniň gulçulygynda ýaşaýar we günä rehimsiz patyşa kimin höküm sürýär (Rim. 5:12; 6:12).

      5 Günä näme? Bu Ýehowanyň häsiýetlerine, ýollaryna, kada-kanunlaryna we islegine garşy gelýän zady etmekdir. Günä adamyň Hudaý bilen dostlugyny bozýar. Ýaý atyjynyň atan oky nyşana degmeýşi ýaly, günä nyşana düşmäge päsgel berýär. Biz bilgeşleýin ýa-da ýalňyşyp günä etmegimiz mümkin (San. 15:27—31). Günä adamlara güýçli täsir edip, Hudaý bilen dostlaşmaga böwet bolýar (Zeb. 51:5; Iş. 59:2; Kol. 1:21). Köp adamlar Ýehowanyň ýollaryndan ýöremeýär, şol sebäpli-de Hudaýyň şöhratyny aýna kimin görkezip bilmeýärler. Dogrudan-da, günä adamzat maşgalasyna azar berýän iň erbet keseldir.

      6. Biz günäli dogulsak-da, näme üçin Hudaýyň şöhratyny aýna kimin görkezip bilýäris?

      6 Biz günäli dogulsak-da, Ýehowa bize umyt berýär (Rim. 15:13). Ol Isa Mesihiň töleg gurbany arkaly adamzadyň günäsini ýuwýar. Şol töleg gurbana iman etsek, «biz mundan beýläk günä gulluk etmeris» we Ýehowanyň şöhratyny aýna kimin görkezip bileris (Rim. 5:19; 6:6; Ýahýa 3:16). Hudaý bilen şeýle berk dostlugy saklap, häzir Ýehowanyň bereketlerini alarys, gelejekde bolsa kämillige we ebedi ýaşaýşa gowşarys. Ýehowanyň garaýşyna görä, günälidigine garamazdan, her bir adam onuň şöhratyny aýna kimin görkezip biler. Bu bize uly hormatdyr!

      HUDAÝYŇ ŞÖHRATYNY AÝNA KIMIN GÖRKEZMÄGE NÄME KÖMEK EDÝÄR?

      7. Hudaýyň şöhratyny görkezmek üçin nämäni boýun almaly?

      7 Günäli adamlaryň her birinde gowşak taraplary bolýar. Hudaýyň şöhratyny aýna kimin görkezmek üçin, öz gowşak taraplarymyzy bilmeli (2 Tar. 6:36). Soňra gowşaklygymyzyň bardygyny boýun alyp, olara garşy göreşmeli. Meselem, pornografiýany görüp, günä edýän bolsak, bize ýygnak ýaşulularynyň kömegi gerekdigine düşünip, olardan kömek soramaly (Ýakup 5:14, 15). Dogrudan-da, Hudaýy şöhratlandyrmak isleýän bolsak, bu ilkinji ädimi ätmeli. Biz hemişe özümizi barlap, Ýehowanyň adalatly talaplaryna laýyk ýaşamaga jan etmeli (Sül. tym. 28:18; 1 Kor. 10:12). Bizde nähili günäli höwesler bar bolsa-da, Hudaýyň şöhratyny aýna kimin görkezmek üçin olary «öldürmäge» çalyşmaly.

      8. Biz kämil bolmasak-da, näme etmeli?

      8 Hudaýy hemişe razy eden we onuň şöhratyny aýna kimin görkezen ýeke-täk adam Isa Mesihdir. Biz Isa ýaly kämil bolmasak-da, onuň göreldesine eýermek üçin güýjümizi gaýgyrmaly däl (1 Pet. 2:21). Sebäbi Ýehowa diňe bir ruhy ösüşimizi däl-de, eýsem, ony şöhratlandyrmak üçin edýän tagallamyzy hem görýär we şol yhlasymyza ak pata berýär.

      9. Mukaddes Ýazgylar Hudaýy has-da gowy şöhratlandyrmaga nädip kömek edýär?

      9 Mukaddes Ýazgylar Hudaýy has-da gowy şöhratlandyrmagy öwredýär. Şonuň üçin Hudaýyň Sözüni ünsli okap, aýatlaryň üstünde oýlanmaly (Zeb. 1:1—3). Eger Mukaddes Ýazgylary her gün okasak, nämeleriň üstünde işlemelidigimizi bilip, has gowy mesihçi bolarys (Ýakup 1:22—25-nji aýatlary okaň). Hudaýyň Sözi imanyňy berkidýär, agyr günälerden gaça durmaga kömek edýär hem-de Hudaýy şöhratlandyrmaga islegiňi artdyrýar (Zeb. 119:11, 47, 48).

      10. Ýehowa has-da gowy gulluk etmäge doga nädip kömek edýär?

      10 Şeýle-de Hudaýyň şöhratyny aýna kimin görkezmek üçin «dogada erjellik etmeli» (Rim. 12:12). Biz Ýehowanyň isleýşi ýaly gulluk eder ýaly, ondan kömek soramaly. Munuň üçin Hudaýdan mukaddes ruhuny, imanyňy berkitmegi, synaga garşy durmagy we «hakykat sözüni dogry ulanmak» ukybyny diläp bileris (2 Tim. 2:15; Mat. 6:13; Luka 11:13; 17:5). Kakasyna bil baglaýan çaga kimin, biz hem Atamyz Ýehowa bil baglamaly. Eger Ýehowadan has-da gowy gulluk etmek barada kömek sorasak, ol hökman kömek eder. Hudaýa köp doga edip, ýüregine düşýändiris öýtmäliň! Gaýtam, dogalarymyzda oňa öwgüler hem alkyşlar aýdalyň, synaglara uçranda, maslahat soralyň we mukaddes adyny şöhratlandyryp, gulluk etmek üçin kömek diläliň (Zeb. 86:12; Ýakup 1:5—7).

      11. Ýygnak duşuşyklary Hudaýyň şöhratyny aýna kimin görkezmäge nädip kömek edýär?

      11 Hudaý öz gymmatly goýunlary barada alada etmegi «sadyk hem akylly hyzmatkäre» tabşyrdy (Mat. 24:45—47; Zeb. 100:3). Sadyk hyzmatkär imandaşlaryna Hudaýyň şöhratyny aýna kimin görkezmäge kömek etmek üçin ýygnak duşuşyklaryny gurnaýar. Meselem, tikinçi egin-eşigi her bir adama laýyk tikip, has-da gelşikli geýinmäge kömek edýär. Edil şonuň ýaly, ýygnak duşuşyklary hem mesihçileriň ýaşaýşyny hem-de gylyk-häsiýetlerini düzetmäge kömek edýär (Ýew. 10:24, 25). Şol sebäpli-de, geliň, ýygnaklara wagtynda baralyň, sebäbi gijä galmagy endik edinen bolsak, onda sadyk hyzmatkäriň berýän kömeginden doly peýdalanyp bilmeris.

      HUDAÝYŇ GÖRELDESINE EÝERELIŇ

      12. Biz nädip Hudaýdan görelde alyp bileris?

      12 Biz Ýehowanyň şöhratyny aýna kimin görkezer ýaly «Hudaýdan görelde almaly» (Efes. 5:1). Munuň üçin ähli zada Ýehowanyň garaýşy ýaly garamagy öwrenmeli. Eger öz düşünjämize görä hereket etsek, Hudaýyň adyna ysnat getirip, kynçylyga uçrarys. Şeýtan Iblisiň goly astyndaky dünýäde ýaşaýandygymyz sebäpli, Ýehowanyň ýigrenýän zadyny ýigrenmegi we söýýän zadyny söýmegi ýüregimize berk düwmeli (Zeb. 97:10; 1 Ýahýa 5:19). Diýmek, «her näme etsek-de, baryny Hudaýyň şöhraty üçin etmek» — ýeke-täk dogry ýoldur. Muňa hiç haçan şübhelenmeli däldiris (1 Korintoslylar 10:31-i okaň).

      13. Biz näme üçin günäni ýigrenmeli we bu bizi nämä höweslendirer?

      13 Ýehowa günäni ýigrenýär, biz hem ony ýigrenmeli. Diýmek, biz günäden uzakda durmaga çalyşmaly. Meselem, Hudaýy şöhratlandyrmaýan imandan dänen adamlardan daşrakda durmaly (Kan. tag. 13:6—9). Şonuň üçin biz imandan dänen ýa-da özüni dogan diýip-de, Hudaýyň adyna ysnat getirýän adam bilen hiç hili gatnaşyk saklamaly däl. Ol hatda maşgala agzamyz ýa-da dogan-garyndaşymyz bolsa-da, gatnaşmaly däl (1 Kor. 5:11). Imandan dänen ýa-da Ýehowanyň guramasyny tankytlaýan adamyň delilleriniň ýalandygyny subut etmegiň peýdasy ýok. Aslynda, bilesigelijilik edip, olaryň pikir-düşünjesi barada kitaplardan ýa-da Internetden okamak ruhy taýdan howpludyr, sebäbi Ýehowa bilen dostlugymyzy bozup biler (Işaýa 5:20; Matta 7:6-njy aýatlary okaň)b.

      14. Biz haýsy häsiýet bilen tapawutlanmaly we näme üçin?

      14 Gökdäki Atamyzyň göreldesine eýermek üçin adamlary söýmek iň wajyp zatdyr (1 Ýahýa 4:16—19). Isanyň şägirtleri we Ýehowanyň gullukçylary birek-birege söýgüsi bilen tapawutlanýar (Ýahýa 13:34, 35). Kämilsizlik sebäpli, käte birek-biregi söýmek aňsat bolmasa-da, ähli ýagdaýda söýgi bildirmäge jan etmeli. Eger söýgüni we beýleki mesihi häsiýetleri öwrenmäge çalyşsak, bizi günäden ýa-da gödeklik etmekden saklar (2 Pet. 1:5—7).

      15. Adamlary söýsek, özümizi nähili alyp bararys?

      15 Söýgi adamlara ýagşylyk etmäge höweslendirýär (Rim. 13:8—10). Mysal üçin, ýanýoldaşyny söýýän adam nika hormat goýup, düşegini günä bilen hapalamaz. Ýygnagyň ýaşulularyna bolan söýgi we çekýän zähmetine goýulýan hormat olara gulak asmaga we görkezmesine tabyn bolmaga kömek edýär. Ene-atasyny söýýän çagalar diýlene gulak asyp, hormat goýýarlar we ene-atasy barada erbet zat aýtmaýarlar. Şeýle-de adamlary söýýän bolsak, olary kemsitmeris we gödek gürleşmeris (Ýakup 3:9). Hudaýyň sürüsini söýýän ýaşulular bolsa, olar barada mähirli alada edýär (Res. iş. 20:28, 29).

      16. Söýgi gullukda nädip kömek edýär?

      16 Söýgi häsiýeti gullugymyzda-da aýdyň görünmeli. Adamlar hoş habary kabul etmese ýa diňlemese, Ýehowany söýýändigimiz üçin ruhdan düşmän, wagyz etmegi dowam ederis. Onsoňam, söýgi wagza taýýarlanmaga we ökdeleşmäge höweslendirýär. Hudaýy we ýakynymyzy ýürekden söýýän bolsak, onda wagyz işini içgysgynç hem agyr ýük hasaplamarys. Gaýtam, hoş habary wagyz etmegi uly hormat saýyp, ony şatlyk bilen ýerine ýetireris (Mat. 10:7).

      ÝEHOWANY HEMIŞE ŞÖHRATLANDYR

      17. Biz günäniň güýçli täsir edýändigine düşünip, näme etmeli?

      17 Köp adamlar günäniň güýçli täsir edýändigini bilmeýärler. Emma biz muňa düşünip, günäli höweslere garşy söweşýäris. Şol sebäpli-de biz ynsabymyzy terbiýelemeli. Şonda günäli höwes aňymyzda ýa-da ýüregimizde güýjäp başlasa-da, ynsabymyz dogry zady etmäge kömek eder (Rim. 7:22, 23). Biz gowşak bolsak-da, Hudaý bize islendik ýagdaýda dogry zady etmäge güýç berer (2 Kor. 12:10).

      18, 19. a) Bize zalym ruhlary ýeňmäge näme kömek edýär? b) Biz näme etmegi ýüregimize düwmeli?

      18 Onsoňam, Ýehowany şöhratlandyrmak isleýän bolsak, onda zalym ruhlara garşy söweşmeli. Biz olary Hudaýyň berýän ýaraglary bilen ýeňip bileris (Efes. 6:11—13). Şeýtan Ýehowanyň şöhratlanmagyna päsgel bermek üçin elinde baryny edýär. Şeýle-de Iblis biziň Ýehowa bilen dostlugymyzy bozmak üçin güýjüni gaýgyrmaýar. Millionlarça bikämil erkekleriň, aýallaryň we çagalaryň Hudaýa wepaly bolup, ony şöhratlandyrmagy Şeýtana nähili urgy bolýandyr! Geliň, mundan beýläk-de gökdäki mahluklar ýaly: «Eý Rebbimiz, Hudaýymyz! Sen şöhraty, hormaty hem gudraty almaga mynasypsyň. Çünki hemme zady Sen ýaratdyň. Ählisi Seniň islegiň bilen döredi, ýaradyldy» diýip, Ýehowany şöhratlandyralyň (Ylh. 4:11).

      19 Näme bolaýanda-da, Ýehowany hemişe şöhratlandyrmagy ýüregimize düweliň. Ençeme adamlar Hudaýyň göreldesine eýerip, şöhratyny aýna kimin görkezende, Ýehowa ýürekden begenýär (Sül. tym. 27:11). Geliň, Dawut ýaly: «Ýa Reb, Hudaýym, bütin ýüregim bilen Saňa şükür edeýin, mydama adyňy şöhratlandyraýyn» diýeliň (Zeb. 86:12). Biz Ýehowanyň häsiýetlerine kämil eýerip, ony ebedilik şöhratlandyrjak wagtymyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys! Hudaýa gulak asýan adamlar muny höwes bilen ederler. Sen Hudaýyň şöhratyny aýna kimin häzirden görkezseň, muny baky dowam edip bilersiň!

      a Gelip çykyş 1:26. Hudaý: «Indi Biz Öz keşbimizde, Özümize meňzeş ynsany ýaradalyň. Goý, olar balyklaryň, guşlaryň, mallaryň, bütin ýer ýüzündäki haýwanlaryň we ähli süýrenijileriň üstünden höküm sürsünler!» diýdi 27. Şeýdip, Hudaý Öz keşbinde ynsany ýaratdy, Hawa, Hudaý olary Öz keşbinde ýaratdy, Olary erkek we aýal edip ýaratdy.

      b Işaýa 5:20. Ýamana ýagşy, ýagşa ýaman diýýänleriň, zulmaty nur, nury zulmat saýýanlaryň, aja süýji, süýjä ajy diýýänleriň dat gününe!

      [27-nji sahypadaky surat]

      Senem şeýdip Ýehowanyň şöhratyny aýna kimin görkezýärsiňmi?

  • Olar «mukaddes ruh tarapyndan herekete gelip geplediler»
    Garawul diňi — 2012 | 15 iýun
    • Olar «mukaddes ruh tarapyndan herekete gelip geplediler»

      «Welilik hiç haçan adam islegi bilen dile gelen däldir; Hudaýyň mukaddes adamlary Mukaddes Ruh tarapyndan herekete gelip gepländirler» (2 PET. 1:21).

      OÝLANMAK ÜÇIN SORAGLAR

      • Hudaý öz pikirini adamlara nädip ýazdyrdy?

      • Mukaddes Ýazgylaryň Hudaýdandygyny nämeler subut edýär?

      • Sen Mukaddes Ýazgylara minnetdarlygyňy artdyrmak üçin her gün näme edip bilersiň?

      1. Bize Mukaddes Ýazgylar näme üçin gerek?

      ADAMZAT nädip peýda boldy? Biz näme üçin ýer ýüzünde ýaşaýarys? Gelejegimiz nähili bolar? Dünýä näme üçin bulaşýar? Ölen adamlara näme bolýar? Köp adamlar özlerine şeýle soraglary berýär. Eger-de Hudaýyň ylhamly Sözi bolmadyk bolsa, şu we beýleki wajyp soraglaryň jogabyny bilerdikmi? Mukaddes Ýazgylar bolmadyk bolsa, biz diňe öz tejribämize bil baglamaly bolardyk. Şonda mezmurçynyň «Rebbiň kanuny» barada aýdan sözlerine düşünmezdik (Zebur 19:7-ni okaň).

      2. Mukaddes Ýazgylara minnetdarlygymyzy nädip artdyryp bileris?

      2 Gynansak-da, käbir adamlaryň Mukaddes Ýazgylara bolan ilkinji söýgüsi sowaşdy (Ylham 2:4-i deňeşdiriň). Olar indi Ýehowany begendirip ýaşamaýarlar (Işaýa 30:21). Goý, biziň hakykata bolan söýgimiz sowaşmasyn. Munuň üçin biz Mukaddes Ýazgylara we onuň taglymatlaryna minnetdarlygymyzy artdyrmaga çalyşmaly. Mukaddes Ýazgylar söýgüden doly Ýaradyjynyň beren gymmatbaha sowgadydyr (Ýakup 1:17). Biz «Hudaýyň sözüne» minnetdarlygymyzy nädip artdyryp bileris? Geliň, Hudaýyň Mukaddes Ýazgylary adamlaryň kömegi bilen ýazyşyna seredeliň. Bu kitabyň Hudaýdandygyny görkezýän käbir subutnamalary gözden geçireliň. Şonda Hudaýyň Sözüni her gün okap, maslahatlaryna eýeresimiz geler (Ýew. 4:12).

      OLAR NÄDIP «MUKADDES RUH TARAPYNDAN HEREKETE GELIP GEPLEDILER»?

      3. Mukaddes Ýazgylary ýazan pygamberler we ýazyjylar nädip «mukaddes ruh tarapyndan herekete gelip geplediler»?

      3 Mukaddes Ýazgylary b. e. öň 1513-nji ýyldan başlap, b. e. 98-nji ýylyna çenli, ýagny 1610 ýylyň dowamynda 40-a golaý adam ýazdy. Käbir pygamberler «Mukaddes Ruh tarapyndan herekete gelip» pygamberlik etdiler (2 Petrus 1:20, 21-nji aýatlary okaň). Grek dilinden «herekete gelmek» diýip terjime edilen jümle «bir ýerden başga ýere äkidilmegi ýa-da göçürilmegi» aňladýar hem-de «höweslenmek, alyp barmak, getirmek»a diýen dürli manylary hem bar. Resullaryň işleri 27:15-de şol söz gäminiň ýele urlup, başga bir ugra kowlup äkidilmegini suratlandyrýar. Mukaddes Ýazgylary ýazan pygamberler we ýazyjylar «Mukaddes Ruh tarapyndan herekete geldi» diýilmegi, Hudaýyň olar bilen gürleşendigini we olara mukaddes ruhy arkaly täsir edip, görkezme berendigini aňladýar. Şeýlelikde, olar öz pikirini däl-de, Hudaýyň pikirini ýazdylar. Käte şol pygamberler we ýazyjylar aýdan hem ýazan sözlerine özleri-de düşünmeýärdiler (Dan. 12:8, 9). Hakykatdan-da, «Ýazgylaryň hemmesi Hudaýyň ylhamy» we ynsan pikirleri goşulan däldir (2 Tim. 3:16, 17).

      4—6. Hudaý öz pikirini adamlara nädip ýazdyrdy? Mysal getir.

      4 Hudaý öz pikirini mukaddes ruh arkaly adamlara nädip ýazdyrdy? Olara ýazmaly zatlaryny sözme-söz aýtdymy ýa-da olar berlen pikiri öz sözleri bilen ýazdymy? Hat ýazýan edara başlygyny göz öňüne getir. Aýratyn sözleri ýazmak wajyp bolsa, ol haty özi ýazýar ýa-da sekretaryna ýazmaly sözleri aýdýar. Sekretaryň ýazan hatynyň aşagynda başlyk goluny çekýär. Käte bolsa ol sekretaryna diňe wajyp pikirleri aýdýar. Şeýle ýagdaýda sekretar haty öz sözleri bilen ýazýar. Soňra başlygy haty başdan-aýak okap, sekretaryna düzetmeli ýerlerini aýdýar. Soňunda başlyk taýyn hatyň aşagyna adyny ýazyp, goluny çekýär. Adamlar ony başlykdan gelen hat hökmünde kabul edýär.

      5 Şonuň ýaly Mukaddes Ýazgylaryň käbir bölümlerini «Hudaýyň hut Özi ýazypdy» (Müs. çyk. 31:18). Aýratyn sözleri ýazmak wajyp bolsa, Ýehowa pygamberine ýazmaly zatlaryny sözme-söz aýdypdyr. Meselem, Müsürden çykyş 34:27-ä laýyklykda, Ýehowa Musa: «Şu sözleri ýaz, çünki Men seniň bilen we Ysraýyl bilen şu sözleriň esasynda äht baglaşdym» diýdi. Şeýle-de Ýehowa Ýeremiýa pygambere: «Saňa aýtjak ähli sözlerimi kitaba ýaz» diýdi (Ýerem. 30:2).

      6 Emma köp ýagdaýlarda Hudaý pygamberlerine ýazmaly zatlaryny sözme-söz aýtmandyr. Ýehowa olaryň ýüregine we aňyna gerekli pikirleri guýupdyr. Soňra olar şol pikirleri öz sözleri bilen ýazypdyrlar. Wagyzçy 12:10-da: «Ýygnagy çagyrýan ýakymly sözleri gözläp dogry hem hakykat sözlerini ýazdy» diýilýär. Luka bolsa: «Tä başyndan hemmesini üns bilen barlaşdyryp... ählisini bolşy ýaly, birin-birin» ýazýar (Luka 1:2, 4). Diýmek, Hudaý Mukaddes Ýazgylary adam bikämilligi täsir etmez ýaly edip ýazdyrdy.

      7. Hudaýyň Mukaddes Ýazgylary adamlara ýazdyrmagy näme üçin paýhasly?

      7 Hudaýyň Mukaddes Ýazgylary adamlara ýazdyrmagy paýhaslydyr. Adatça sözleriň kömegi bilen diňe bir maglumat däl-de, adamlaryň duýgulary hem berilýär. Eger Ýehowa Sözüni perişdelere ýazdyran bolsa näme? Olar adamlaryň gorkusyny, gaýgysyny, lapykeçligini beýan edip bilerdimi? Hudaý bikämil adamlara pikirleri öz sözleri bilen ýazmaga rugsat berdi. Netijede, Hudaýyň sözi adamlaryň ýüregine täsir edýär!

      MUKADDES ÝAZGYLARYŇ HUDAÝDANDYGYNY NÄMELER SUBUT EDÝÄR?

      8. Mukaddes Ýazgylar näme üçin beýleki dini kitaplardan tapawutlanýar?

      8 Mukaddes Ýazgylaryň Hudaýyň Sözüdigine ynanar ýaly ençeme subutnamalar bar. Mukaddes Ýazgylar başga dini kitaplardan tapawutlykda, Hudaýy tanamaga kömek edýär. Meselem, induizmiň mukaddes kitabynda dini däp-dessurlar, filosofiýa, rowaýatlar we ahlak düzgünleri barada aýdylýar. Buddizmiň mukaddes kitabynda monah erkekdir aýallaryň eýermeli düzgünleri we olaryň taglymatlary hem-de Buddanyň öwredýän zatlary düşündirilýär. Budda özüni hudaý-da hasaplamaýar, Hudaý barada-da köp zat aýtmaýar. Konfusiýanyň kitaplarynda geçmişde bolan zatlar, ahlak düzgünleri, jadygöýlük we aýdymlar barada aýdylýar. Şeýle-de yslamyň kitabynda bir Hudaýyň bardygy we onuň ähli zady, gelejegi-de bilýändigi barada öwredilýär. Emma Mukaddes Ýazgylarda müňlerçe gezek duş gelýän Ýehowanyň ady onda hatda agzalmaýar.

      9, 10. Mukaddes Ýazgylardan Hudaý barada näme bildik?

      9 Köp dini kitaplarda Hudaý barada örän az zat aýdylýar. Emma Mukaddes Ýazgylar bize Ýehowa Hudaý we onuň ähli eden işleri barada bilmäge ýardam edýär. Şeýle-de ondan Hudaýyň ähli häsiýetlerini bilýäris. Mukaddes Ýazgylarda Hudaý diňe bir adalatly, akyldar, güýçli däl-de, eýsem, bizi söýýändigi hem aýdylýar (Ýahýa 3:16; 1 Ýahýa 4:19-njy aýatlary okaň). Onsoňam, Mukaddes Ýazgylarda: «Hudaý hiç kimi ala tutman, eýsem, her milletde kim Ondan gorksa, dogrulyk etse, şony kabul edýär» diýilýär (Res. iş. 10:34, 35). Mukaddes Ýazgylar köp dillere terjime edildi. Diýmek, Hudaý hiç kimi ala tutmaýar. Dilçileriň aýtmagyna görä, şu günler 6 700 dil bar we dünýä ilatynyň 90 prosenti takmynan 100 dilde gürleýär. Mukaddes Ýazgylar ýa-da onuň käbir kitaplary 2 400-den gowrak dile terjime edildi. Bütin dünýäde ýaşaýan adamlaryň ählisi diýen ýaly Mukaddes Ýazgylaryň hiç bolmanda käbir kitaplaryny ene dilinde okap bilýär.

      10 Isa şeýle diýdi: «Meniň Atam henize çenli işläp ýör, Men hem işleýärin» (Ýahýa 5:17). Ýehowa «ezelden ebedi» Hudaý bolsa, onda Hudaýyň edýän ähli işleri barada oýlanyp gör! (Zeb. 90:2). Ýehowanyň geçmişde eden, häzir edýän we gelejekde etjek işleri barada diňe Mukaddes Ýazgylarda aýdylýar. Biz Hudaýy begendirip ýa-da gynandyryp bilýändigimizi hem-de oňa nädip ýakynlaşyp bolýandygyny bildik (Ýakup 4:8). Goý, yzarlamalar ýa-da kynçylyklar bizi Ýehowadan daşlaşdyrmasyn.

      11. Biz Mukaddes Ýazgylardan nähili paýhasly maslahatlary tapyp bilýäris?

      11 Mukaddes Ýazgylardaky çäksiz akyldarlyk onuň Hudaýyň Sözüdigini subut edýär. Pawlus resul şeýle ýazdy: «Rebbe öwüt berer ýaly, onuň pikirini kim bildi?» (1 Kor. 2:16). Bu aýat Işaýa pygamberiň: «Rebbiň ruhuna kim akyl ýetirdi? Kim Oňa maslahat berip bildi?» diýen döwürdeşlerine beren soragy bilen baglanyşykly (Iş. 40:13). Bu soraga hiç kim jogap berip bilmeýär. Nika, çaga terbiýelemek, göwün açma, gürrüňdeşlik, zähmetsöýerlik, dogruçyllyk we ahlaklylyk barada Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine eýermegiň gowy netije berýändigi geň galdyrmaýar! Biz Mukaddes Ýazgylardan hiç haçan erbet maslahatlary tapmarys. Adamlar bolsa hemişe peýdaly boljak paýhasly maslahat berip bilmeýär (Ýerem. 10:23). Olar öňki beren maslahatlarynyň nädogrydygyny görüp, köplenç garaýşyny üýtgedýär. Mukaddes Ýazgylarda «ynsan pikirleri boşdur» diýilýär (Zeb. 94:11).

      12. Adamlar asyrlar boýy Mukaddes Ýazgylary nädip ýok etjek boldular?

      12 Mukaddes Ýazgylaryň hak Hudaýdandygyny taryh hem subut edýär. Geçmişde köp adamlar Hudaýyň Sözüni ýok etjek boldular. B. e. öň 168-nji ýylda Siriýanyň patyşasy Antioh IV Töwrat, Zebur we Pygamberler kitaplarynyň ählisini tapyp otlamagy buýurdy. Rim imperatory Diokletian b. e 303-nji ýylynda mesihçileriň ýygnanyşýan ýerlerini ýok etmegi we Mukaddes Ýazgylaryny ýakmagy buýurdy. Şeýle ýagdaý onlarça ýyl dowam etdi. XI asyrdan başlap rim papalary sada halk Mukaddes Ýazgylara düşünmez ýaly, onuň başga dillere terjime edilmezligi üçin elinde baryny etdiler. Şeýtan we onuň ýaranlary Mukaddes Ýazgylary ýok etmek üçin jan etseler-de, Hudaýyň Sözi şu günlere çenli abat saklandy. Ýehowa adamlara beren sowgadyny hiç kime ýok etmäge ýol bermedi.

      KÖP ADAMLARY YNANDYRAN SUBUTNAMALAR

      13. Mukaddes Ýazgylaryň ylhamlanandygyny nämeler subut edýär?

      13 Mukaddes Ýazgylaryň Hudaýdandygyna başga-da subutnamalar bar. Meselem, kitaplaryň özara sazlaşygy, ylmy taýdan dogrulygy, ýerine ýeten pygamberlikler, ýazyjylaryň dogruçyllygy, adamlaryň durmuşyny üýtgetmegi, anyk taryhy wakalar we 1-nji abzasda agzalan soraglaryň jogaplary. Käbir adamlar Mukaddes Ýazgylaryň ylhamlanandygyna näme üçin ynandylarka? Geliň, bileliň.

      14—16. a) Mukaddes Ýazgylaryň Hudaýdandygyna üç adamy näme ynandyrdy? b) Sen wagyzda adamlary Mukaddes Ýazgylaryň Hudaýdandygyna nädip ynandyrýarsyň?

      14 Anwarb Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň birinde musulman maşgalada ulaldy. Ol Demirgazyk Amerikada wagtlaýyn ýaşap ýörkä, Ýehowanyň Güwäçileri bilen gürrüňdeş bolýar. «Şol wagtlar men hristian dinini halamaýardym, sebäbi olar geçmişde Hudaýyň adyndan köp erbetçilikler edipdiler. Ýöne men bilesigeliji adam bolandygym üçin, Mukaddes Ýazgylary öwrenip başladym» diýip, Anwar gürrüň berýär. Tizden Anwar öz ýurduna dolanmaly bolýar we Ýehowanyň Güwäçileri bilen gatnaşygyny ýitirýär. Ençeme ýyldan ol Ýewropa göçýär we Mukaddes Ýazgylar okuwyny dowam edýär. Ol şeýle netijä geldi: «Meni pygamberlikleriň ýerine ýetmegi, Mukaddes Ýazgylaryň başdan-aýak bir esasy temasynyň bolmagy, aýatlaryň bir-birine garşy gelmeýändigi we Ýehowanyň gullukçylarynyň arasyndaky söýgi Mukaddes Ýazgylaryň Hudaýyň Sözüdigine ynandyrdy». Anwar 1998-nji ýylda suwda çokundyryldy.

      15 16 ýaşly Aýşa hindi maşgalasynda ulaldy. «Men Hudaýa diňe ybadathana baranymda ýa-da kyn günlerimde doga edýärdim, ýöne durmuşym gülala-güllük mahaly Hudaý hakda asla pikir etmezdim» diýip, Aýşa gürrüň berip, soňra sözüni şeýle dowam edýär: «Günlerde bir gün Ýehowanyň Güwäçileri gapymyzy kakanda welin, durmuşym düýbünden üýtgedi». Aýşa Mukaddes Ýazgylary öwrenip, Hudaý bilen dostlaşdy. Mukaddes Ýazgylaryň Hudaýdandygyna ony näme ynandyrdyka? Ol şeýle düşündirýär: «Mukaddes Ýazgylar meniň ähli soragyma jogap berdi. Hudaýy görmesem-de, ybadathana baryp, buta tagzym etmesem-de, men Hudaýa ynanyp başladym».

      16 Paula katolik maşgalada ulaldy, ýöne ýetginjek döwri Hudaýyň barlygyna şübhelenip başlady. Soňra bir waka onuň düşünjesini üýtgetdi. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men ençeme aýlap görmedik dostuma duşdum. Şol döwür köp adamlar uzyn saç ösdürýärdi we neşe çekýärdi. Dostum welin, üýtgäpdir. Ol saçyny kesdiripdir we örän şadyýandy. Men ondan näme bolandygyny we nirelerde bolandygyny soradym. Ol Ýehowanyň Güwäçileri bilen Mukaddes Ýazgylary okaýandygyny aýtdy-da, maňa wagyz etdi». Paula Mukaddes Ýazgylaryň dostuny üýtgedendigini görüp, hoş habar bilen gyzyklandy we onuň Hudaýdandygyna ynandy.

      «SÖZÜŇ AÝAKLARYMA ÇYRA»

      17. Her gün Mukaddes Ýazgylary okasaň we oýlansaň, näme öwrenersiň?

      17 Mukaddes Ýazgylar Ýehowanyň ruhy arkaly adamlara beren ajaýyp sowgadydyr. Hudaýyň Sözüni her gün okasak, Hudaýa we oňa bolan söýgimiz artar (Zeb. 1:1, 2). Her gezek Mukaddes Ýazgylary okamazdan öň, doga etmeli we okan zatlarymyza düşüner ýaly, Hudaýdan mukaddes ruhuny dilemeli (Luka 11:13). Sebäbi Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň pikirleri bar. Onda aýdylan zatlar hakynda oýlansak, Hudaý ýaly pikir etmegi öwreneris.

      18. Näme üçin sen Mukaddes Ýazgylary öwrenmegi dowam etmek isleýärsiň?

      18 Mukaddes Ýazgylardaky hakykat barada bilim almagy dowam edip, öwrenen zatlaryňa eýer (Zebur 119:105-i okaň). Mukaddes Ýazgylary okamagy aýna seretmek bilen deňeşdirse bolýar. Eger sen käbir gylyk-häsiýetleriňi üýtgetmeli bolsaň, onda üýtgetseň gowy bolar (Ýakup 1:23—25). Hudaýyň Sözüni gylyç kimin ulanyp, dini düşünjeleriňi gora we ýumşak adamlaryň ýüreginden ýalan taglymatlary kesip aýyr (Efes. 6:17). Galyberse-de, Hudaýyň Sözüni «Mukaddes ruh tarapyndan herekete gelip» ýazan adamlara we pygamberlere minnetdar boluň.

      a A Greek-English Lexicon of the New Testament and Other Early Christian Literature.

      b Käbir atlar üýtgedildi.

      [29-njy sahypadaky suratyň aşagyndaky sözler]

      Mukaddes Ýazgylary her gün okasaň, Awtoryna söýgiň artar

      [26-njy sahypadaky surat]

      Hatyň aşagynda kimiň goly çekilen bolsa, şol adamdan gelen hasaplanýar

  • «Kimden heder edeýin?»
    Garawul diňi — 2012 | 15 iýul
    • «Kimden heder edeýin?»

      «Maňa garşy uruş tursa, şonda-da batyr bolaryn (Hudaýa bil baglaryn, TD)» (ZEB. 27:3).

      ŞU AÝATLAR SAŇA BATYRGAÝ BOLMAGA NÄDIP KÖMEK EDÝÄR?

      • Zebur 27:1

      • Zebur 27:4

      • Zebur 27:11

      1. 27-nji mezmur haýsy soraglara jogap berýär?

      DÜNÝÄNIŇ ýagdaýy gitdigiçe erbetleşse-de, biz näme üçin yhlasly wagyz edýäris? Dünýädäki ykdysady kynçylyklara garamazdan, näme üçin bar güýjümizi we wagtymyzy höwes bilen wagza sarp edýäris? Köp adamlar gelejekden gorkýarlar, emma biz nädip batyrgaý bolup bileris? Bu soraglara Dawut patyşanyň ýazan 27-nji mezmury jogap berýär.

      2. Gorky adama nähili täsir edýär, ýöne biz nämä ynanyp bileris?

      2 Dawut mezmuryny şeýle sözler bilen başlaýar: «Reb meniň nurumdyr, Halasgärimdir; kimden gorkaýyn? Ömrümiň güýji Rebdir; kimden heder edeýin?» (Zeb. 27:1). Adam heder edende ýa-da gaty gorkanda, aljyrap näme etjegini bilmeýär. Emma Ýehowa bil baglaýan adam batyrgaý bolup, gorkmaýar (1 Pet. 3:14). Biz Ýehowa berk ýapyşyp, oňa bil baglasak, «aman ýaşap, ýamanlyk gorkusyndan dynç boljakdygymyza» ynanyp bileris (Sül. tym. 1:33; 3:25). Näme üçin?

      «REB MENIŇ NURUMDYR, HALASGÄRIMDIR»

      3. Ýehowa haýsy manyda biziň nurumyz, ýöne biz näme etmeli?

      3 Mukaddes Ýazgylarda: «Reb meniň nurumdyr» diýilýär. Bu Ýehowanyň bize hakykaty öwredýändigini aňladýar (Zeb. 27:1). Göni manydaky nur ýolumyzdaky howply zatlary görkezýär, ýöne olary aýyrmaýar. Biz olary görmek üçin paýhasly bolmaly. Ýehowa dünýädäki bolýan wakalaryň manysyny düşündirýär. Şeýle-de zalym dünýädäki howplar barada duýdurýar. Ýehowa Mukaddes Ýazgylar arkaly bize kömek etmek üçin peýdaly maslahatlar hem berýär. Mezmurçynyň aýtmagyna görä, Hudaýyň tabşyryklary ony duşmanlaryndan we ähli halypalaryndan paýhasly etdi. Biz hem Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine eýersek, has paýhasly bolarys (Zeb. 119:98, 99, 130).

      4. a) Näme üçin Dawut «Reb (Ýehowa) meniň halasgärim» diýdi? b) Ýehowa haçan gullukçylaryny halas eder?

      4 Dawut Ýehowanyň geçmişde nädip halas edendigini unutmady. Ol muny Zebur 27:1-de aýdýar. Mysal üçin, Ýehowa ony ýolbarsdan we aýydan halas etdi. Şeýle-de oňa Golýat atly äpet adamy ýeňmäge kömek etdi. Soňra Saul patyşa Dawudy birnäçe gezek naýza bilen öldürjek bolanda-da, Ýehowa ony halas etdi (1 Sam. 17:37, 49, 50; 18:11, 12; 19:10). Şol sebäpli Dawut «Reb (Ýehowa) meniň halasgärim» diýýär. Ýehowa Dawudy halas edişi ýaly, häzirki gullukçylaryny-da halas eder. Haçan? Ol «agyr muşakgatda» halas eder (Ylh. 7:14; 2 Pet. 2:9).

      ÝEHOWANYŇ SIZE KÖMEK EDENDIGINI UNUTMAŇ

      5, 6. a) Nämäni ýada salsak, has batyrgaý bolmaga kömek eder? b) Geçmişde Ýehowanyň halkyna kömek edendigi hakynda oýlanmak näme üçin peýdaly?

      5 Zebur 27:2, 3-nji aýatlarda has batyrgaý bolmak üçin nämäniň kömek edýändigi aýdylýar (Okaň). Dawut Ýehowanyň halas eden wagtlaryny ýatlady (1 Sam. 17:34—37). Şeýle ýatlamalar oňa batyrgaý bolup, örän agyr kynçylyklara hötde gelmäge kömek etdi. Ýehowanyň saňa nädip kömek edendigi ýadyňa düşýärmi? Bu saňa güýç berýärmi? Meselem, sen kynçylyklarda şatlygyňy ýitirmez ýaly gyzgyn doga edipmidiň? Şonda Ýehowanyň kynçylyklara döz gelmäge akyldarlyk we güýç berendigini duýduňmy? Saňa şatlyk bilen gulluk etmäge päsgel berýän kynçylyklary çözmäge Ýehowanyň nädip kömek edendigi ýa-da wagyz etmek üçin täze mümkinçilikler berendigi ýadyňa düşýärmi? (1 Kor. 16:9). Şeýle ýatlamalar saňa nähili täsir edýär? Bu Ýehowanyň kynçylyklary çözmäge, hatda has agyr synaglara-da döz gelmäge kömek etjekdigine ynanmaga ýardam etmeýärmi näme? (Rim. 5:3—5).

      6 Güýçli hökümetler Ýehowanyň Güwäçileriniň guramasyny ýok etjek bolanlarynda, biz näme etmeli? Häzirki döwürde-de köp adamlar Hudaýyň halkyny ýok etjek boldy, emma bu başa barmady. Eger biz geçmişde Ýehowanyň öz halkyna kömek edendigini ýada salsak, gelejekde nähili synaglar bolaýanda-da, olara döz gelmäge güýç berer (Dan. 3:28).

      HAKYKY SEŽDÄ BOLAN SÖÝGIMIZ

      7, 8. a) Zebur 27:4-e görä, Dawut Ýehowadan näme diledi? b) Ýehowanyň uly ruhy ybadathanasy näme we biz şu günler onda nädip sežde edýäris?

      7 Hakyky seždä bolan söýgimiz batyrgaý bolmaga kömek edýär (Zebur 27:4-i okaň). Dawudyň günlerinde Ýehowanyň öýi çadyrdan bolupdyr. Dawut patyşa ogly Süleýmanyň Ýehowa owadan ybadathana gurmagy üçin ähli zatlary taýýarlady. Ýüzlerçe ýyl geçensoň, Isa adamlaryň ybadathanada Ýehowa sežde etmejek wagtynyň geljekdigini aýtdy (Ýahýa 4:21—23). Ýehowa biziň başgaça sežde etmegimizi isledi. Ol biziň seždämizi kabul eder ýaly, Isanyň töleg gurbanyna iman etmeli. Ýewreýler kitabynyň 8—10-njy baplarynda Pawlus resul «ynsan eli bilen ýasalmadyk» uly ruhy ybadathanada Hudaýa sežde etjekdigimizi aýtdy. Pawlusyň aýtmagyna görä, bu ybadathana b. e. 29-njy ýylynda Isa suwda çokundyrylyp, Ýehowanyň islegini berjaý etmek üçin özüni hödürlemegi bilen peýda boldy (Ýew. 10:10). Bu ybadathanada biz nädip sežde edýäris? «Imanyň beren ynamy bilen çyn ýürekden» doga edip, adamlara batyrgaýlyk bilen wagyz edip sežde edýäris. Şeýle-de ýygnak duşuşyklaryna gatnaşyp we maşgala okuwyny geçirip hem ruhy ybadathanada sežde edýäris (Ýew. 10:21—25). Soňky kyn günlerde bu zatlary etmäge hakyky seždä bolan söýgimiz kömek eder.

      8 Bütin dünýäde Ýehowanyň wepaly gullukçylary köpräk wagyz etmek üçin başga dil öwrenýärler, wagyzçylaryň ýetmeýän ýerine göçýärler. Şeýdip, olar mezmurçydan görelde alýarlar. Ol Ýehowadan bir zady, ýagny «Rebbiň gözelligine (ajaýyp häsiýetlerine) seredip, Onuň ybadathanasynda... mesgen tutmagy» diledi. Şu günlerem Ýehowanyň gullukçylary nähili ýagdaýa düşse-de, oňa sežde edip, ak patasyny almak isleýärler (Zebur 27:6-ny okaň).

      HUDAÝA BIL BAGLAŇ

      9, 10. Zebur 27:10-da nähili wada berilýär?

      9 Dawudyň sözlerinden Ýehowa nädip bil baglamalydygymyzy bilýäris. Ol: «Kakam, ejem meni terk edenlerinde, Reb meni kabul eder» diýdi (Zeb. 27:10). 1 Samuel kitabynyň 22-nji babyndan bilşimiz ýaly, ene-atasy Dawudy terk etmändi. Emma şu günler adamlaryň köpüsinden maşgalasy ýüz öwürýär. Şeýle adamlara ýygnakdaky dogan-uýalar kömek edýärler we olar özüni arkaýyn duýýarlar.

      10 Ýehowa terk edilen gullukçylarynyň hem höwes bilen aladasyny edýär. Elbetde, Ýehowa olaryň başga kynçylyklaryny-da çözmäge kömek eder. Meselem, maşgalamyzy eklemek barada alada edýän bolsak, Ýehowanyň bize kömek etjekdigini unutmaly däl (Ýew. 13:5, 6). Ol biziň ýagdaýymyza düşünýär we nämä mätäçdigimizi bilýär.

      11. Biziň Ýehowa bil baglaýşymyz adamlara nähili täsir edýär? Mysal getiriň.

      11 Liberiýada Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýän Wiktoriýanyň mysalyna seredeliň. Onuň bilen ýaşaşýan adam Wiktoriýany üç çagasy bilen taşlap gidýär. Wiktoriýanyň öýi we işi bolmasa-da, ol Mukaddes Ýazgylary öwrenmegini dowam edip, suwda çokundyryldy. Bir sapar onuň 13 ýaşly gyzy içi puldan doly gapjyk tapýar. Wiktoriýa gyzy bilen synaga düşmez ýaly, pullary sanap hem görmediler. Olar gapjygyň eýesi esgeri derrew tapdylar. Esger olara ähli adamlar Ýehowanyň Güwäçileri ýaly dogruçyl bolsa, durmuş başgaça bolardy diýdi. Wiktoriýa oňa Mukaddes Ýazgylar arkaly Ýehowanyň täze dünýäni wada berýändigini düşündirdi. Onuň imany we dogruçyllygy esgere şeýle täsir etdi welin, ol pulunyň ep-eslisini sylag hökmünde Wiktoriýa berdi. Bütin dünýäde Ýehowanyň Güwäçileri hemişe dogruçyllygy bilen tanalýar. Sebäbi olar dogruçyl bolsa Ýehowanyň alada etjekdigine doly bil baglaýarlar.

      12. Biz işimizi ýa-da pulumyzy ýitirsek-de näme üçin Ýehowa gullugymyzy dowam etmeli? Mysal getiriň.

      12 Sýerra-Leonede ýaşaýan suwda çokundyrylmadyk Tomas atly wagyzçynyň mysalyna seredeliň. Ol mugallym bolup işläp başlanyndan bäri, dokumentleri resmileşdirilmändigi üçin bir ýyla golaý aýlygyny almandy. Tomas aýlygyny almak üçin mekdebiň müdiri bilen gepleşmeli bolýar. Müdir ruhanydy, ol Tomasa Ýehowanyň Güwäçileri mekdepde işläp bilmeýär diýdi. Ruhany Tomas işläsi gelse, Ýehowanyň Güwäçisi bolmaly däldigini aýdýar. Tomas aýlygyny alyp bilmese-de, işden çykdy. Şondan soň Tomas radio we el telefony bejerilýän ýere işe girdi. Şeýle mysallardan görşümiz ýaly, biz Ýehowa bil baglasak, onuň zerur zatlarymyzy berjekdigine ynanmaly. Ýehowa ähli zady ýaradany üçin, halkyny hemişe-de goraýar, ol biziň hem aladamyzy eder.

      13. Garyp ýurtlarda ýaşaýan dogan-uýalar näme üçin köp wagyz edýär?

      13 Garyp ýurtlarda ýaşaýan dogan-uýalar örän yhlasly wagyz edýärler. Näme üçin? Bir filialyň ýazmagyna görä, adamlaryň köpüsi işlemeýändigi üçin Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmäge razylaşýar. Şonuň üçin olar Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmek üçin köpräk wagt sarp edýärler. Dogan-uýalar hem köp wagyz edýärler. Adamlar soňky günlerde ýaşaýandygy bilen ylalaşýarlar, sebäbi durmuşyň erbetleşendigini görýärler. Başga ýurtda wagyzçylaryň köpüsi azyndan üç sany Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýärler. Şol ýerde 12 ýyldan gowrak gulluk edýän missioner: «Göwünaçmalar az bolany üçin dogan-uýalaryň köpüsi wagyz etmäge we Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmäge köp wagt sarp edýärler» diýip ýazýar.

      14. Hudaý uly märekäni nädip goraýar?

      14 Ýehowa guramasyna kömek edip, ony gorajakdygyny we halas etjekdigini wada berdi. Biz onuň sözünde durjakdygyna ynanýarys (Zeb. 37:28; 91:1—3). Uly märeke «agyr muşakgatda» halas bolar (Ylh. 7:9, 14). Ýehowa zalym dünýäniň soňky günlerinde uly märekäni gorap, hiç kime halkyny ýok etmäge ýol bermez. Şeýle-de Ýehowa olar synaglara döz gelip, Onuň bilen dostlugyny saklar ýaly, ähli zatlar bilen üpjün eder. Ol Armageddon urşunda bolsa, gullukçylaryny gorap, halas eder.

      «ÝA REB MAŇA ÝOLUŇY ÖWRET»

      15, 16. Hudaýyň öwreden zatlaryna eýermegiň bize nähili peýdasy bar? Mysal getiriň.

      15 Biz batyrgaý bolmak üçin mundan beýläk hem Hudaýdan öwrenmeli. Dawut şeýle diýdi: «Ýa Reb maňa ýoluňy öwret, meni aňtaýanlardan ýaňa düz ýola rowana et» (Zeb. 27:11). Hudaýdan öwrener ýaly, Mukaddes Ýazgylarda aýdylýan zatlara we Ýehowanyň guramasynyň berýän görkezmesine ünsli bolmaly. Şeýle-de bilen zatlarymyzy durmuşda derrew ulanmaly. Meselem, mesihçileriň köpüsi ýönekeý ýaşamak üçin paýhasly maslahata eýerdiler. Olar gerekmejek zatlaryny satyp, karzlaryny üzdüler. Şeýdip, olar ykdysady kyn döwürde pul ýetmezçilik meselesini çözdüler. Indi olar gerekmejek zatlar üçin pul tölemez ýaly kän işlemän, köpräk wagyz edýärler. Biz özümize şeýle sorag bermeli: «Mukaddes Ýazgylardan we sadyk hem akylly hyzmatkäriň berýän edebiýatlaryndan öwrenýän zatlaryma eýermek meniň üçin kyn bolsa-da, derrew ulanýarynmy?» (Mat. 24:45).

      16 Biz Ýehowanyň öwredişi ýaly ýaşasak, hiç zatdan gorkmarys. ABŞ-ly bir pioner dogan özüniň we bütin maşgalasynyň pioner bolup gulluk etmegini dowam eder ýaly, işinde başga wezipä geçirmegi başlygyndan haýyş edýär. Emma başlygy oňa onuň ýokary biliminiň bolmandygy üçin, şol wezipede işläp bilmejegini aýdýar. Eger sen hem şeýle ýagdaýa düşen bolsaň, kollejde ýa-da uniwersitetde okaman, pioner bolup gulluk edendigiňe ökünermidiň? Iki hepdeden şol başlyk işinden çykarylýar we başga başlyk dogandan maksady barada soraýar. Dogan oňa aýaly bilen Ýehowanyň Güwäçisidigini we pioner bolup gulluk edýändigini hem-de bu gullugy dowam etmek isleýändigini aýtdy. Soňra dogan ýene-de bir zat diýjek bolanda, başlyk ondan öňürtiläp: «Men siziň başga adamlardan tapawutlanýandygyňyzy bilýärin! Kakam ölüm ýassygynda ýatanda, siziň iki uýaňyz her gün gelip, oňa Mukaddes Ýazgylary okap berýärdiler. Şonda men ”Eger haçanam bolsa Ýehowanyň Güwäçilerinden birine kömek etmek mümkinçiligim bolsa, kömek ederin“ diýip, özüme söz beripdim». Ertesi irden dogana beýleki başlygyň bermedik işi berilýär. Hudaýyň Patyşalygyny durmuşymyzda birinji orunda goýsak, Ýehowa ähli gerek zatlary berjek diýen wadasyny berjaý eder (Mat. 6:33).

      IMAN WE UMYT ETMEK WAJYP

      17. Gelejege umyt etmäge bize näme kömek eder?

      17 Dawut patyşa bize iman we umyt etmegiň wajypdygyny düşündirýär. Ol: «Men Rebbiň ýagşylygyny... görjekdigime ynanýaryn» diýip umyt edýärdi (Zeb. 27:13). Hudaý bize umyt bermedik bolsa we biz Zebur 27-de agzalan zatlary bilmedik bolsak, onda biziň durmuşymyz nähili bolardy? Şu soňky günlerde biz mundan beýläk hem Ýehowanyň güýç bermegini we Armageddonda halas etmegini dilemeli (Zebur 27:14-i okaň).

      [23-nji sahypadaky surat]

      Dawut patyşa Ýehowanyň halas edişini ýatlap, batyrgaý boldy

      [25-nji sahypadaky surat]

      Ykdysady taýdan kyn ýagdaýa düşenimizde köpräk wagyz edýärismi?

  • Şeýtana garşy duruň we onuň duzaklaryndan gaçyň!
    Garawul diňi — 2012 | 15 awgust
    • Şeýtana garşy duruň we onuň duzaklaryndan gaçyň!

      «Iblisiň hilelerine garşy duruň» (EFES. 6:11).

      SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

      • Ýehowanyň gullukçylary baýlyga kowalaşmak duzagyndan nädip gaça durup biler?

      • Durmuş guran mesihçilere zynanyň duzagyna düşmezlige näme kömek eder?

      • Siz baýlyga kowalaşmak islegine we jynsy ahlaksyzlyga garşy durmagyň peýdalydygyna näme üçin ynanýarsyňyz?

      1, 2. a) Näme üçin Şeýtan mesh edilenleri we «başga goýunlary» ýigrenýär? b) Bu makalada Şeýtanyň haýsy duzaklaryna serederis?

      ŞEÝTAN IBLIS adamlary, ylaýta-da, Ýehowa gulluk edýänleri ýigrenýär. Ol mesh edilen galynda garşy uruş alyp barýar (Ylh. 12:17). Mesh edilenler Patyşalyk baradaky wagyz işine ýolbaşçylyk edýärler. Iblis olary goldaýan we ebedi ýaşaýşa umydy bolan «başga goýunlary-da» halamaýar (Ýahýa 10:16). Hawa, onuň gahar-gazaba atlanmagy geň galdyrmaýar! Şeýtan mesh edilenleriň-de, başga goýunlaryň-da duşmany. Onuň maksady — bizi ele salmak (1 Pet. 5:8).

      2 Şeýtan bu maksadyna ýetmek üçin dürli duzaklary, ýagny torlary gurýar. Ol «imansyzlaryň akyllaryny küteldendir». Şol sebäpli olar hoş habary kabul etmeýärler we Şeýtanyň guran duzaklaryny görmeýärler. Emma Iblis Patyşalyk habaryny kabul eden käbir adamlary hem duzaga saldy (2 Kor. 4:3, 4). Biz geçen makalada Şeýtanyň üç duzagyndan, ýagny 1) erk edilmeýän dilden, 2) gorky we adamlaryň täsirinden, 3) özüňi çendenaşa günäkärlemek duýgusyndan nädip gaça durup bolýandygyna seretdik. Geliň, häzir onuň ýene-de iki duzagyna: baýlyga kowalaşmak we zyna etmek synagyna nädip garşy durmalydygyna seredeliň.

      BAÝLYGA KOWALAŞMAK — BOGÝAN DUZAK

      3, 4. Dünýäniň gaýgylary baýlyga kowalaşmaga nädip iterip biler?

      3 Isa ekin tymsalyny gürrüň berende, birnäçe tohumyň tikenleriň arasyna düşendigini aýtdy. Ol muny şeýle düşündirdi: «Tikenler arasyna düşenler bolsa budur: ol sözi eşidýär, ýöne dünýäniň gaýgylary, baýlygyň aldawçylygy sözi bogýar we... (ol) hasylsyz bolýar» (Mat. 13:22). Görşümiz ýaly, Şeýtanyň ulanýan duzaklarynyň biri — baýlyga kowalaşmak.

      4 Diýmek, sözi iki zat «bogup» bilýär. Olaryň biri «dünýäniň gaýgylary». Şu günki «kyn pursatlarda» bizi alada goýýan zatlar örän köp (2 Tim. 3:1). Belki-de, bahalaryň galmagy we işsizligiň köpelmegi zerarly, siz gün-güzeranyňyzy zordan dolandyrýansyňyz. Gelejek barada alada edip, özüňize: «Garran çagymda aljak pulum ýeterlikli bolarmyka?» diýip sorag berýänsiňiz. Käbir adamlar şeýle zatlaryň aladasyny edýärler we pul gorag berer öýdüp, baýlyk toplap başlaýarlar.

      5. «Baýlyk» nädip aldawçy bolup biler?

      5 Isa ýene bir zady, ýagny «baýlygyň aldawçydygyny» aýtdy. Baýlygyň aldawçylygy hem-de dünýäniň gaýgylary bilelikde sözi bogup bilýär. Mukaddes Ýazgylarda «puluň... gorag» bolup bilýändigi barada aýdylýar (Wag. 7:12). Emma baýlyga kowalaşmak paýhassyzlykdyr. Köp adamlar baýlyk toplamak üçin näçe köp zähmet çekdigiçe, şonça-da maddy üpjünçiligiň toruna çolaşdylar. Hatda käbirleri baýlygyň guly boldular (Mat. 6:24).

      6, 7. a) Işde nädip baýlygyň toruna düşmegimiz mümkin? b) Işden soň işlemeklik teklip edilende, mesihçi näme barada oýlanmaly?

      6 Baýlyga kowalaşmak islegi ujypsyz zatlardan başlamagy mümkin. Aýdaly, başlygyňyz sizi ýanyna çagyryp, şeýle diýýär: «Men saňa gowy habar aýtmakçy! Biziň kärhanamyz uly şertnama baglaşdy. Bu birnäçe aýlap iş wagtdan daşary işlemegi talap eder. Men saňa köp pul tölejegime söz berýärin». Siz şeýle teklibe nähili gararsyňyz? Elbetde, maşgalanyň maddy taýdan aladasyny etmek örän wajyp, ýöne bu ýeterlikli däl (1 Tim. 5:8). Siz başga-da zatlary göz öňünde tutmaly. Işden soň işlemäge ýene-de näçeräk wagt sarp etmeli bolar? Ol ýygnak duşuşyklaryna we maşgala okuwyny geçirmäge päsgel berermi?

      7 Belli bir karara gelmek üçin, ilki bilen, siz näme barada oýlanarsyňyz? Işe köp wagt sarp etseňiz, bankdaky puluňyzyň möçberine täsir edişi baradamy ýa-da ruhy işleriňize täsir edişi hakynda? Köp pul gazanmak islegi size Patyşalyk işlerini birinji orunda goýmaga päsgel berermi? Eger siz baýlyga kowalaşsaňyz, bu siziň ruhy saglygyňyza we maşgalaňyza zyýan ýetirmezmi? Ruhy saglygyňyza howp abanýan bolsa, sizi baýlyk «bogmaz» ýaly, ondan nädip gaça durup bilersiňiz? (1 Timoteos 6:9, 10-njy aýatlary okaň).

      8. Mukaddes Ýazgylardaky haýsy mysallar bize ýaşaýşymyzy barlamaga kömek eder?

      8 Biz bogýan baýlykdan gaça durmak üçin wagtal-wagtal nähili ýaşaýandygymyzy barlap durmaly. Ruhy zatlara biperwaý garan Esawa hiç haçan meňzemäliň! (Gel. çyk. 25:34; Ýew. 12:16). Isanyň yzyna düşmek üçin mal-mülkini satmaly we garyplara paýlamaly bolan baý adama-da meňzemäliň. Sebäbi ol şeýle teklibi eşidende, «tukat bolup gitdi, çünki onuň köp mal-mülki bardy» (Mat. 19:21, 22). Baýlygyň duzagyna düşen bu adam uly hormatdan, ýagny ýer ýüzünde ýaşan iň beýik adamyň yzyna eýermek mümkinçiliginden mahrum boldy. Isa Mesihiň şägirdi bolmak hormatyny ýitirmekden ägä bolalyň!

      9, 10. Siz Mukaddes Ýazgylaryň maddy zatlara bolan garaýşyny nädip düşündirip bilersiňiz?

      9 Isa maddy zatlar barada aşa köp alada etmeli däldigi hakynda şeýle maslahat berdi: «Şoňa görä, „Näme iýeris?“, „Näme içeris?“, „Näme geýeris?“ diýip, gaýgy etmäň. Bütin bu zatlary başga milletler agtarýarlar; ýöne gökdäki Ataňyz bu zatlaryň barynyň size gerekdigini bilýär» (Mat. 6:31, 32; Luka 21:34, 35).

      10 Baýlygyň aldawçy duzagyna düşmez ýaly, Mukaddes Ýazgylary ýazan Aguryň garaýşyna eýerjek bolalyň. Ol şeýle diýdi: «Maňa garyplyk ýa baýlyk berme; çörekden rysgalymy ýetir» (Sül. tym. 30:9). Hawa, Agur puluň gorag berýändigine-de, baýlygyň aldawçydygyna-da düşünýärdi. Biz bu dünýäniň gaýgylarynyň we baýlygyň aldawçylygynyň ruhy taýdan heläkçilige getirýändigine akyl ýetirmeli. Maddy zatlar barada aşa köp alada etsek, olar wagtymyzy we güýjümizi alar. Patyşalyk işlerine bolsa, wagtymyz az galar ýa-da asla galmaz. Geliň, şonuň üçin Şeýtanyň gurýan baýlyk duzagyna düşmezligi ýüregimize düweliň! (Ýewreýler 13:5-i okaň).

      ZYNA — GIZLIN ÇUKUR

      11, 12. Mesihçi iş ýerinde nädip zynanyň duzagyna düşmegi mümkin?

      11 Awçy güýçli haýwany tutmakçy bolanda, onuň ýörejek ýolunda çuň çukur gazýar. Soňra çukury gizlemek üçin, onuň üstüni ot-çöp we gum bilen basyrýar. Şeýtanyň üstünlikli ulanýan duzaklarynyň biri-de şoňa meňzeýär. Bu — ahlaksyzlyk duzagy (Sül. tym. 22:14; 23:27). Ençeme mesihçiler özüni howply ýagdaýlara salyp, şol çukura aňsatlyk bilen düşdüler. Durmuş guran käbir mesihçiler ýanýoldaşyndan başga adama göwün berip, soňra zyna etdiler.

      12 Ýanýoldaşyňdan başga adama bolan duýgy işleýän ýeriňde-de döremegi mümkin. Bir geçirilen barlaga görä, gelin-gyzlaryň ýarysy we erkek adamlaryň dörtden üç bölegi iş ýerinde zyna edipdirler. Dogan-uýalaryň hem käbiri işleýän ýerinde dünýewi adamlar bilen gepleşmeli bolýar. Seniň hem işiň şeýle bolsa, işdeşleriň bilen özüňi nähili alyp barýarsyň? Olar bilen iş salyşmaly bolanyňda, özüňe çäk goýup, diňe iş barada gepleşýärmiň? Aýdaly, bir uýa işgäri bilen ençeme sapar gürrüňdeş bolýar. Soňra uýa ol erkek kişä syrlaryny açyp başlaýar. Ol hatda maşgalasyndaky kynçylyklaryny-da gürrüň berýär. Ýa-da, diýeli, dogan işdeş bir aýal bilen dostlaşyp başlaýar. Doganyň şeýle pikir etmegi mümkin: «Bu aýal meniň aýdýanlarym bilen ylalaşýar, meni ünsli diňleýär, maňa hormat goýýar. Maňa öýde-de şeýle garasalar nähili gowy bolardy!» Sen şeýle ýagdaýlaryň zyna etmäge iterip bilýändigine düşünýärmiň?

      13. Dogan-uýalaryň arasynda nädip ýerliksiz duýgy döräp biler?

      13 Kimdir birine bolan ýerliksiz duýgy ýygnak duşuşygynda-da döräp biler. Bir bolup geçen waka seredeliň. Deniýel ýaşulydy we ol aýaly Saraa bilen pioner bolup gulluk edýärdi. Ýygnaga kömek gerek bolanda, Deniýel hiç haçan «ýok» diýmeýärdi. Ol ýygnakdaky her bir borjuny höwes bilen ýerine ýetirýärdi. Şeýle-de Deniýel bäş adam bilen okuw geçýärdi. Olaryň üçüsi suwda çokundyryldy. Bu ýaş doganlara kömek gerekdi. Şonda olary Sara goldaýardy, sebäbi Deniýel teokratik işleri bilen gümrady. Biraz wagtdan şeýle ýagdaý ýüze çykdy: Deniýel bilen okuw geçen adamlara duýgy taýdan kömek gerek bolanda, köplenç olara Sara goltgy berýärdi. Ýöne Saranyň özi-de duýgy taýdan kömege mätäçdi. Şeýle ýagdaýda ol bu kömegi şolardan alýardy. Netijede, heläkçilige eltýän duzak guruldy. Deniýel şeýle gürrüň berýär: «Meniň aýalym ruhy we duýgy taýdan gowşapdy. Men muňa biperwaý garadym, şol sebäpli-de, biz betbagtçylykly ýagdaýa uçradyk. Aýalym okuw geçýänlerimiň birisi bilen zyna etdi. Ol meniň gözümiň alnynda ruhy taýdan gowşap başlapdyr, men bolsa teokratik işleri bilen başagaýdym». Sen şeýle betbagtçylykdan nädip gaça durup bilersiň?

      14, 15. Durmuş guran mesihçilere zynanyň duzagyndan gaça durmaga näme kömek eder?

      14 Zyna etmek duzagyndan gaça durmak üçin nikadaky borçlaryňa gowy düşünmeli. Isa: «Hudaýyň goşanyny ynsan aýyrmasyn» diýdi (Mat. 19:6). Ýygnakdaky borçlaryň maşgaladaky borçlaryňdan has wajypdyr öýtme. Şeýle-de möhüm bolmadyk işler zerarly wagtyňy köplenç ýanýoldaşyňdan aýry geçirseň, maşgala gatnaşygynyň sowamagy mümkin. Bu bolsa, synaga salyp, agyr günä eltip biler.

      15 Onda ýaşulular süriniň aladasyny etmeli dälmi? Petrus resul şeýle ýazdy: «Hudaýyň sürüsine mejburlyk bilen däl-de, meýletinlik bilen gözegçilik ediň. Olary biabraýçylykly gazanç üçin däl, isleg bilen... otladyň» (1 Pet. 5:2, 3). Elbetde, dogan-uýalaryň aladasyny etmeklige biperwaý garamaly däl. Emma ýaşuly borjuňy ýerine ýetirjek bolup, maşgaladaky borjuňy-da ünsden sowmaly däl. Bar ünsüňi ýygnagy ruhy taýdan naharlamaga gönükdirip, maşgalaňy göçme manyda aç goýmak nädogry, hatda howply bolardy. Deniýel gürrüňini şeýle dowam etdi: «Ähli güýjüňi ýygnaga berip, öz maşgalaňa zyýan ýetirmeli däl».

      16, 17. a) Mesihçilere ýanýoldaşyna ikilik etmek islemeýändigini görkezmek üçin iş ýerinde nähili çäk goýmak peýdaly? b) «Hudaýyň söýgüsi» kitabynda durmuş guran mesihçilere nähili maslahat berilýär?

      16 Durmuş guran mesihçilere zynanyň duzagyndan gaça durmaga kömek edýän ençeme maslahatlary «Garawul diňi» we «Oýanyň!» žurnallaryndan tapsa bolýar. Meselem, 2006-njy ýylyň 15-nji sentýabrynda çykan «Garawul diňi» žurnalynda şeýle maslahat berilýär: «Işleýän ýerimizde we islendik ýerde jynsy gatnaşyga eltýän ýagdaýlardan ägä bolmaly. Meselem, iş wagtyndan daşary işlänimizde başga jynsdaky adam bilen ýeke galsak, günä eltmegi mümkin. Durmuş guran adamlar biri bilen gepleşende we özüni alyp baranda ýanýoldaşyna ikilik etmek islemeýändigini görkezmeli. Biz Hudaýyň gullukçylary hökmünde näz-kereşme, edepsiz eşigimiz we daşky sypatymyz bilen biriniň ünsüni çekmek islemeýäris... Iş ýerimizde ýanýoldaşymyzyň, çagalarymyzyň suratlaryny görünýän ýerde goýup, özümize we başga adamlara maşgalamyza hormat goýýandygymyzy ýatladýarys. Hiç haçan kimdir biriniň başyňy aýlap, aldamagyna ýol berme we özüňem şony goldamazlygy ýüregiňe berk düw».

      17 «Hudaýyň söýgüsi» kitabynyň 11-nji babynyň 17-nji abzasynda ýanýoldaşy bolmadyk adam bilen jynsy gatnaşyk edýänleriň Hudaýyň ahlak kadalaryny depeleýändigi aýdylýar. Hawa, şu günler köp adamlar ahlaksyzlygy ýazgarmaýarlar. Emma başga adamlaryň ahlaksyzlyga bolan garaýşy mesihçilere täsir etmeli däldir. Sebäbi olar «ahlaksyzlary, zynahorlary» adamlaryň däl-de, «Hudaýyň höküm etjekdigine» düşünýärler (Ýew. 10:31; 12:29). Eger siz durmuş guran bolsaňyz, ýanýoldaşyňyz bilen şeýle maslahatlar barada wagtal-wagtal pikir alyşsaňyz paýhasly bolardy. Nikany Ýehowa döretdi. Nika mukaddesdir. Ýanýoldaşyňyz bilen nikadaky gatnaşygyňyz barada gürrüň etmäge wagt sarp etseňiz, ony mukaddes saýýandygyňyzy görkezersiňiz (Gel. çyk. 2:21—24).

      18, 19. a) Zyna nähili zyýan ýetirýär? b) Ýanýoldaşyňa wepaly bolmak nähili bereketleri berýär?

      18 Eger sen özüňde kimdir birine ýerliksiz söýgüniň döreýändigini duýsaň, onda ýanýoldaşyňa ikilik etmegiň we zynanyň erbet netijesi barada oýlan (Sül. tym. 7:22—23; Gal. 6:7). Ahlaksyzlyk edýän adamlar Ýehowany gynandyrýar, olar hem ýanýoldaşyna, hem özüne zyýan ýetirýär (Malaki 2:13, 14-nji aýatlary okaň)b. Şol sebäpli päk gatnaşygyň peýdasy barada pikirlenmeli. Şeýle adamlaryň diňe bir gelejekde ebedi ýaşaýşa umydy bolman, eýsem, häzirden bagtly ýaşaýyşdan lezzet alyp, ynsabyny päk saklaýarlar (Süleýmanyň tymsallary 3:1, 2-nji aýatlary okaň).

      19 Mezmurçy şeýle nagma aýdýar: «Seniň kanunyňy söýýänlere uly parahatlyk bar, olara bökdenç bolmaz» (Zeb. 119:165). Hakykaty söýüň we bu zalym dünýäde «akylsyzlar ýaly däl-de, akyldarlar ýaly, ünsüňizi dykgatly gezmäge gönükdiriň» (Efes. 5:15, 16). Şeýtan Hudaýyň gullukçylaryny tora salmak üçin, olaryň ýörejek ýolunda duzaklar gurýar. Emma biziň özümizi gorar ýaly gowy ýaraglarymyz bar. Ýehowa bize Iblise «garşy durmaga» we onuň «bütin otly oklaryny öçürmäge» gerekli zatlary berýär (Efes. 6:11, 16).

      a Atlar üýtgedildi.

      b Malaki 2:13 Siz Ýehowanyň gurbanlyk sypasyny gözýaşlar bilen, möňňürip, ahy-nala bilen doldurýarsyňyz, sebäbi Ýehowa indi siziň getirýän sadakalaryňyza seretmeýär, olary eliňizden hoşallyk bilen kabul etmeýär. 14 Siz: ”Näme üçin?“ diýip soraýarsyňyz. Sebäbi Ýehowa ýaşlygyňy bile geçiren aýalyň bilen seniň araňda şaýatdyr. Ol seniň wada beren aýalyň hem joraň bolsa-da, sen oňa haýynlyk etdiň.

      [26-njy sahypadaky surat]

      Baýlyga kowalaşmaklyk adamy ruhy taýdan bogup biler. Siz muňa ýol bermäň

      [29-njy sahypadaky surat]

      Näz-kereşme etseň ýa-da başgalaryň saňa näz-kereşme etmegine ýol berseň, zynanyň duzagyna düşersiň

  • «Ne geljek gününi, ne-de sagadyny bilýärsiňiz»
    Garawul diňi — 2012 | 15 sentýabr
    • «Ne geljek gününi, ne-de sagadyny bilýärsiňiz»

      «Oýa boluň, çünki siz Ynsan Oglunyň ne geljek gününi, ne-de sagadyny bilýärsiňiz» (MAT. 25:13).

      SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

      • Zalym dünýäniň haçan ýok ediljegini bilmeýändigimiz näme üçin peýdaly?

      • Mesh edilen mesihçiler nädip oýa bolýardylar?

      • Biz Isanyň gelmegine taýýardygymyzy nädip görkezip bileris?

      1—3. a) Haýsy mysallar Isanyň iki tymsalynyň manysyny gowy düşündirýär? b) Biz haýsy soraglaryň jogabyny bilmeli?

      AÝDALY, ýokary wezipeli bir adam wajyp duşuşyga maşynly äkitmegi senden haýyş edýär. Ýöne gitmäge birnäçe minut galanda welin, sen maşynda ýangyjyň azdygyny bilip, ýangyç guýdurmaga gidýärsiň. Şol wagt ýaňky adam gelýär. Ol daş-töweregine seredişdirip, seni gözleýär, ýöne tapmansoň, başga birinden äkitmegi haýyş edýär. Biraz wagtdan gelip görseň, ol adam sensiz gidipdir. Sen özüňi nähili duýarsyň?

      2 Aýdaly, indi seniň özüň başlyk. Biraz wagtlyk başga ýurda gitmeli bolýarsyň, şol sebäpli üç sany başarjaň adamy saýlap, olaryň hersine wajyp işleri tabşyrýarsyň we etmeli işlerini düşündirýärsiň. Olar tabşyrygyňy höwes bilen kabul edýärler. Yzyňa gaýdyp geleniňde welin, diňe ikisiniň aýdan işiňi edendigini görýärsiň. Işini etmedik üçünji adam bolsa, her hili bahana gözleýär. Ol beren işiňi etmäge-de synanyşmandyr. Sen özüňi nähili duýarsyň?

      3 Isa pygamber hem on gyz we amanat pul baradaky tymsalynda şuňa meňzeş ýagdaýlary gürrüň berip, döwrüň soňunda näme üçin käbir mesh edilen mesihçileriň sadyk hem akylly boljakdygyny, käbirleriniň bolsa erbet hem akylsyz boljakdygyny düşündirýära (Mat. 25:1—30). Isa şol iki tymsaldan näme sapak edinmelidigimizi aýdýar: «Oýa boluň, çünki siz Ynsan Oglunyň ne geljek gününi, ne-de sagadyny bilýärsiňiz», ýagny biz Isanyň Şeýtanyň dünýäsini ýok etjek wagtyny anyk bilmeýäris (Mat. 25:13). Şonuň üçin onuň masalahaty bize-de degişli. Isanyň aýdyşy ýaly, oýa bolmagyň näme peýdasy barka? Kimler oýa bolup, halas bolmaga taýýardygyny subut etdi? Şu günler oýa bolmak üçin näme etmeli?

      OÝA BOLMAGYŇ PEÝDASY

      4. Oýa bolmak üçin anyk wagty bilmek hökmanmy? Düşündiriň.

      4 Önümçilikde işlemek, lukmanyň ýanyna barmak we ulaga münmek üçin gün tertibe eýermeli bolýarys ýa-da sagada seretmeli bolýarys. Ýöne ot söndürýänçiler ýa-da betbagtçylyk mahaly adamlary halas edýänler sagada seretmeýärler, sebäbi bu olaryň ünsüni sowar, hatda howply. Şeýle ýagdaýlarda gyssagly işi ýerine ýetirmek sagadyň näçe bolandygyny bilmekden has wajypdyr. Biz Ýehowanyň adamzady halas etmek isleýändigi barada wagyz edýäris. Zalym dünýäniň soňy golaýlaşýandygy üçin, wagyz işine yhlasly gatnaşmak has-da wajypdyr. Eger oýa bolup, Ýehowanyň beren tabşyrygy bilen meşgul bolsak, onda zalym dünýäniň ýok ediljek wagtyny bilmek gerek bolmaz. Aslynda, anyk güni we sagady bilmeýändigimiz bize peýdaly. Geliň, munuň bäş sebäbine seredeliň.

      5. Ol güni hem sagady bilmeýändigimiz ýüregimizi nädip aýan edýär?

      5 Birinjiden, biz zalym dünýäniň ýok ediljek wagtyny bilmesek ýüregimiziň nähilidigi äşgär bolýar. Onsoňam, erkinligi dogry ulanyp, Ýehowa wepaly bolmak isleýändigimizi görkezip bilýäris. Biz diňe bir zalym dünýä ýok edilende aman galyp, ebedi ýaşaýşa gowuşmak üçin däl-de, Ýehowany söýýändigimiz üçin gulluk edýäris (Zebur 37:4-i okaň). Biz Hudaýyň islegini höwes bilen berjaý edip, öwredýän zatlarynyň peýdalydygyna düşünýäris (Iş. 48:17). Onuň tabşyryklary asla agyr däldir (1 Ýahýa 5:3).

      6. Ýehowa söýgi bilen gulluk edenimizde oňa nähili täsir edýär we näme üçin?

      6 Ikinjiden, biz zalym dünýäniň ýok ediljek wagtyny bilmesek, Ýehowanyň ýüregini şatlandyrmaga mümkinçiligimiz bolýar. Biz dünýäniň soňunyň golaýdygy üçin ýa-da sylag almak üçin däl-de, Hudaýy söýýändigimiz üçin gulluk edýäris. Şonda, Ýehowa töhmet atýan Şeýtana jogap berip biler (Eýýup 2:4, 5; Süleýmanyň tymsallary 27:11-i okaň). Iblis sebäpli adamzat köp görgi gördi we kynçylyk çekdi. Şonuň üçin Şeýtanyň hökümdarlygyndan has hem beter ýüz öwrüp, şatlyk bilen Ýehowanyň hökümdarlygyny goldaýarys.

      7. Sen näme üçin ömrüňi Hudaýa gulluk etmäge we başgalara kömek etmäge bagyş etmek isleýärsiň?

      7 Üçünjiden, zalym dünýäniň ýok ediljek wagtyny anyk bilmeýändigimiz bizi jan aýaman gulluk etmäge höweslendirýär. Şu günler Hudaýy tanamaýan adamlar hem dünýäniň soňunyň golaýdygyna ynanýarlar. Olar bir betbagtçylyk sebäpli ýer ýüzi ýok ediler öýdýärler, şol sebäpli «iýeliň, içeliň, çünki ertir öleris» diýen düşünjä eýerýärler (1 Kor. 15:32). Biz welin, beýle gorky bilen ýaşamaýarys we diňe öz aladamyzy etmeýäris (Sül. tym. 18:1). Gaýtam, biz Ýehowanyň islegini birinji orunda goýup, bar wagtymyzy we güýjümizi Hudaýyň Patyşalygy barada hoş habary wagyz etmäge höwes bilen bagyş edýäris (Matta 16:24-i okaň). Biz Hudaýa gulluk etmekden, esasanam, Ýehowa barada adamlara gürrüň bermekden şatlyk tapýarys.

      8. Ýehowa we onuň Sözüne köpräk bil baglamagyň wajypdygy haýsy mysaldan görünýär?

      8 Dördünjiden, zalym dünýäniň ýok ediljek gününi we sagadyny bilmesek, Ýehowa köpräk bil baglamaga we onuň Sözüne has yhlasly eýermäge mümkinçilik berýär. Bikämillik sebäpli biz özümize bil baglamaga öwrenişipdiris. Şol sebäpli Pawlus mesihçilere: «Dogrudyryn diýip pikir edýän adam öz ýykylmagyndan ägä bolsun» diýip duýdurdy. Hudaýyň halky Ýeşuwyň ýolbaşçylygynda Wada edilen diýara girjek bolup durka, 23 müň adam Ýehowa gulak asmanlygy üçin heläk boldy. Pawlusyň aýtmagyna görä, «bu zatlaryň bary olaryň başyna görelde hökmünde inip, döwürleriň soňuna ýeten bize ündew üçin ýazyldy» (1 Kor. 10:8, 11, 12).

      9. Synaglar imanyňy we Ýehowa bilen dostlugyňy nädip berkidip biler?

      9 Bäşinjiden, zalym dünýäniň ýok ediljek wagtyny bilmesek, synaglarda gowy häsiýetleri öwrenip, imanymyzy berkidýäris (Zebur 119:71-i okaň). Biz zalym dünýäniň soňky günleriniň kyn pursatlarynda ýaşaýarys (2 Tim. 3:1—5). Şeýtanyň dünýäsindäki köp adamlar bizi ýigrenip, din sebäpli yzarlaýarlar (Ýahýa 15:19; 16:2). Ýöne oduň demri arassalaýşy ýaly, synaglar hem imanyňy arassalaýar we berkidýär. Biz kiçigöwünli bolup, Hudaýyň maslahatyny gözlesek, synaglara garamazdan gullugy dowam ederis. Şonda Ýehowa bilen dostlugymyz has-da berkär (Ýakup 1:2—4; 4:8).

      10. Haýsy ýagdaýda wagt çalt geçýär?

      10 Käte wagt çalt ýa haýal geçýän ýaly bolup görünýär. Eger biz bir işe başagaý bolup, sagada seredip durmasak, wagt çalt geçen ýaly bolýar. Şoňa meňzeşlikde, biz Ýehowanyň tabşyran gyzykly işi bilen meşgul bolsak, dünýäniň soňy biziň çak edişimizden hem çalt geler. Bu babatda mesh edilen mesihçiler ajaýyp görelde görkezýärler. 1914-nji ýylda Isa patyşa bolanda käbir mesh edilen mesihçiler oýa bolup, taýýardylar, käbirleri bolsa taýýar däldiler. Geliň, şol wakalara gysgaça seredeliň.

      MESH EDILENLER TAÝÝARDYLAR

      11. 1914-nji ýyldan soňra, näme üçin käbir mesh edilen mesihçiler Isa gijä galýandyr öýtdi?

      11 Isanyň on gyz we amanat pul tymsalyny ýada salalyň. Eger tymsalda agzalýan gyzlar ýa-da hyzmatkärler giýewiň ýa agasynyň haçan geljegini bilen bolsalar, onda oýa bolmak gerek bolmazdy. Olar geljek belli wagtyny bilenokdylar, şol sebäpli-de hemişe taýýar bolmalydylar. Mesh edilen mesihçiler onlarça ýylyň dowamynda 1914-nji ýyla sabyrsyzlyk bilen garaşsalar-da, ýöne şol ýyl näme boljakdygyna doly düşünmeýärdiler. Şol ýyl mesh edilenleriň tamasy çykmady we käbirleri Isa gijä galýandyr öýtdi. Bir doganyň aýtmagyna görä: «Käbirleri (1914-nji ýylyň) oktýabryň ilkinji hepdesinde göge galmak hakda çynlakaý pikir edýärdi».

      12. Mesh edilen mesihçiler sadyk hem akyllydygyny nädip görkezdiler?

      12 Göz öňüne getiriň, olar dünýäniň soňuna garaşdylar, ýöne tamasy çykmady. Olar nähili lapykeç bolandyrlar! Onsoňam, Birinji Jahan urşy döwründe doganlar yzarlamalar sebäpli köp görgi gördüler. Wagyz işi durdy diýen ýalydy. Mesh edilen mesihçiler uka giden ýaly bolup görünýärdi. Ýöne olar 1919-nji ýylda birden oýandylar! Isa özüne mesihçi diýýänleri barlamaga geldi. Mesh edilen mesihçileriň käbiri şol barlagdan geçip bilmedi we indi olar Agasy Isanyň «söwda» işine gatnaşyp bilmeýärdiler (Mat. 25:16). Olar şol akylsyz gyzlar ýaly, gaplarynda ruhy ýagy artykmajy bilen saklamak hakda alada etmediler hem-de ýalta hyzmatkär ýaly, Patyşalygyň hatyrasyna jan aýaman gulluk etmek islemediler. Emma welin, kynçylykly uruş ýyllarynda mesh edilen mesihçileriň köpüsi Agasy Isa ýürekden wepalydylar we oňa bar güýji bilen gulluk etmek isleýärdiler.

      13. 1914-nji ýyldan soňra sadyk hyzmatkäriň garaýşy nähilidi we şu günler nähili?

      13 Bu babatda 1916-njy ýylyň 1-nji fewralynda çykan «Garawul diňi» žurnalynda şeýle diýilýär: «Hudaýa dogry garaýyşly adamlar onuň eden hiç bir zadyndan närazy däldir. Biz öz islegimiziň amala aşmagyny islemeýäris. Onsoňam, biz 1914-nji ýylyň oktýabrynda ýalňyş zada garaşandygymyza düşünip, soňra Rebbiň öz niýetini bize görä üýtgetmändigine begendik. Biz onuň beýle etmegini hem islemeýäris. Ýöne onuň maksadyna we niýetine doly düşünmäge islegimiz bar». Şu günlerem mesh edilen mesihçiler kiçigöwünligi hem-de Hudaýa wepadarlygy bilen tapawutlanýarlar. Olar gadymy döwürde Mukaddes Ýazgylary ýazan pygamberler ýaly ylhamlanyp gepleýändiris öýtmeýärler, ýöne Isanyň ýer ýüzünde tabşyran işini ýürekden berjaý etmek isleýärler. Ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga umyt edýän «başga goýunlar», ýagny «uly märeke» olardan görelde alýarlar (Ylh. 7:9; Ýahýa 10:16).

      BAŞGA GOÝUNLAR TAÝÝARDYLAR

      14. Ýehowanyň sadyk hem akylly hyzmatkär arkaly öwredýänlerine gulak asmak näme üçin peýdaly?

      14 Hudaý halkyna wagtly-wagtynda ruhy iýmiti paýlamak üçin sadyk hem akylly hyzmatkäri belledi. Mesh edilen mesihçiler we uly märeke Ýehowanyň sadyk hyzmatkär arkaly öwredýänlerine gulak asyp, oýa hem taýýardygyny görkezýärler. Şeýdip, olar Mukaddes Ýazgylaryň we Hudaýyň ruhunyň kömegi bilen çyralaryny ýagdan doldurýarlar (Zebur 119:130-y we Ýahýa 16:13-i okaň). Bu olaryň imanyny berkidýär, netijede, olar agyr synaglara garamazdan, yhlasly gulluk edip, Mesihiň dolanmagyna taýýar bolýarlar. Meselem, faşistleriň bir türmesine düşen doganlarda ilkibada diňe bir sany Mukaddes Ýazgylar bardy. Şonuň üçin olar ruhy iýmit diläp, Ýehowa doga edýärler. Tizara türmä täze bir dogan gelýär. Ol özüniň agaç aýagyna «Garawul diňi» žurnalyň birnäçesini salyp, türmäniň içine geçirmegi başarypdyr. Şol günleri başdan geçiren Ernst Wauer atly mesh edilen dogan şeýle ýatlaýar: «Ýehowa bize makaladan imanyňy berkidýän pikirleri ýat tutmaga her hili ýollar bilen kömek etdi». Soňra bolsa: «Häzir ruhy iýmiti tapmak şeýle aňsat welin, eýsem, biz onuň gadyryny bilýärismi? Ýehowa bil baglap, wepaly gulluk edýänlere we onuň saçagyndan iýmitlenýänlere köp-köp bereketler garaşýar» diýip, sözüni jemleýär.

      Agyr ýagdaýlarda-da, ruhy taýdan iýmitleniň

      15, 16. Bir är-aýalyň yhlasy nähili sylaglandy we şeýle wakalardan näme öwrenip bilersiň?

      15 Başga goýunlar hem Agasynyň işini yhlasly ýerine ýetirip, mesh edilen mesihçileri ýürekden goldaýarlar (Mat. 25:40). Isanyň tymsalyndaky erbet hem ýalta hyzmatkärden tapawutlykda, olar köp zatlardan geçip, Patyşalygyň bähbitlerini ileri tutmak üçin köp tagalla edýärler. Mysal üçin, Jon bilen Masakony Keniýada hytaýça gürleýän adamlara ruhy taýdan kömek etmäge çagyrdylar. Olar başda gitjegini-gitmejegini bilmediler, ýöne Ýehowa doga edip, öz ýagdaýlary barada oýlanyp, şol ýere göçmek kararyna geldiler.

      16 Bu är-aýalyň yhlasy artygy bilen sylaglandy. Olaryň aýtmagyna görä: «Wagyz diýseň gyzykly geçýär». Olar ýedi sany Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlady we wagyzda her hili gyzykly wakalary başdan geçirdiler. Soňra olar: «Bärde bolýan her günümiz üçin Ýehowa minnetdarlyk aýdýarys» diýdiler. Dünýäniň soňy haçan geljegine garaman, bar güýji bilen Hudaýa gulluk etmegi ýüregine düwen başga-da ençeme dogan-uýalar bar. Gilead mekdebini gutaryp, missioner gullugyna başlan ýa-da köpräk gulluk etmek üçin daşary ýurda göçen müňlerçe dogan-uýalar barada oýlanyp görüň. Wagyzçylaryň ýetmeýän ýerine göçmegiň berýän bereketleri barada bilmek üçin «Garawul diňi» žurnalynyň 2012-nji ýylyň 15-nji iýulynda çykan sanyndaky «Olar Ekwadorda höwes bilen gulluk edýärler» diýen makalany okap bilersiňizmi? Daşary ýurtda gulluk edýän dogan-uýalaryň aýdan sözlerini okap, Hudaýa öwgi gurbanlaryňy we şatlygyňy artdyrmak üçin nämeler edip biljekdigiňiz hakda pikirlenip görüň.

      SIZ HEM OÝA BOLUŇ

      17. Dünýäniň ýok ediljek gününi ýa sagadyny bilmeýändigimiz nähili peýdalar getirýär?

      17 Hawa, zalym dünýäniň ýok ediljek gününi we sagadyny bilmesek-de, biz lapykeç bolmaýarys hem-de ruhdan düşmeýäris. Gaýtam, munuň peýdasy köp. Biz Hudaýyň islegini yhlasly berjaý edýäris we mähirli Atamyz Ýehowa bilen dostlugymyzy berkeýär. Onsoňam, Isanyň tabşyran işi bilen gümra bolup, ünsümiz başga biderek zatlara sowulmaýar we Ýehowa şatlyk bilen gulluk edýäris (Luka 9:62).

      Hudaýa gulluk etmek bilen meşgul bolsak, wagt çalt geçer

      18. Biz näme üçin Hudaýa wepaly gulluk etmek isleýäris?

      18 Hudaýyň höküm güni gitdigiçe golaýlaşýar. Hiç birimiz Ýehowany ýa Isany närazy etmek islemeýäris. Olar bize soňky günlerde hormatly işi tabşyrdy. Biz hem olaryň ynamyny ödemäge çalyşýarys! (1 Timoteos 1:12-i okaň).

      19. Biz nädip oýa bolup bileris?

      19 Biz gökde ýaşamagy ýa-da ýer ýüzündäki Jennetde ýaşamagy umyt edýän bolsak-da, geliň, Hudaýyň tabşyran wagyz etmek hem şägirt taýýarlamak işine gatnaşyp, wepaly bolalyň. Dogry, biz Ýehowanyň gününiň haçan geljegini bilmeýäris, eýsem, ony bilmek gerekmi? Biz mundan beýläk-de oýa hem taýýar bolmaly (Matta 24:36, 44). Şeýlelikde, Ýehowa ýürekden bil baglap, Patyşalygy birinji orunda goýsak, hiç haçan lapykeç bolmarys (Rim. 10:11).

      a «Garawul diňi» žurnalynyň 2004-nji ýylyň 1-nji martynda çykan sanyna (rusça, sah. 14—18) serediň.

  • Hudaýyň wadalarynyň ýerine ýetişini görmek üçin gulak asyň
    Garawul diňi — 2012 | 15 oktýabr
    • Hudaýyň wadalarynyň ýerine ýetişini görmek üçin gulak asyň

      Hudaý «Özünden uly bolan biriniň adyndan ant içip bilmäni üçin, Öz adyndan ant içdi» (ÝEW. 6:13).

      NÄHILI DÜŞÜNDIRERSIŇIZ?

      • Biz näme üçin Hudaýyň niýetleriniň amala aşjagyna ynanýarys?

      • Adam ata we How ene günä edenden soň Hudaý näme wada etdi?

      • Hudaýyň Ybraýyma ant içip beren wadasynyň bize näme peýdasy bar?

      1. Ýehowanyň aýdan sözi günäli adamlaryňkydan nädip tapawutlanýar?

      ÝEHOWA — «hakykat Hudaýy» (Zeb. 31:5). Günäli adamlaryň aýdan sözlerine hemişe ynanyp bolmaýar, ýöne «Hudaýyň ýalan sözlemegi mümkin» däl (Ýew. 6:18; Sanlar 23:19-y okaň). Hudaý adamlara beren wadasyny elmydama berjaý edýär. Meselem, Hudaýyň ýaradylyşyň her gününiň başynda aýdan ähli zady ýerine ýetdi. Şeýlelik-de, ýaradylyşyň altynjy gününiň soňunda «Hudaý öz ýaradan zatlarynyň juda gowudygyny gördi» (Gel. çyk. 1:6, 7, 30, 31).

      [22-nji sahypadaky surat]

      2. Hudaýyň dynç güni näme we näme üçin ony «aýratyn gün hökmünde ýalkady»?

      2 Ýehowa Hudaý ýaradan ähli zatlaryny gözden geçirip, ýedinji günüň başlandygyny aýtdy. Muňa Hudaýyň dynç güni diýilýär. Ol gün 24 sagatdan ybarat däl-de, uzak döwri öz içine alýar. Hudaý şol gün ýer ýüzüni ýaratmakdan dynç alýar (Gel. çyk. 2:2). Hudaýyň dynç güni henizem dowam edýär (Ýew. 4:9, 10). Töwratda şol günüň haçan başlandygy anyk aýdylmaýar. Ol gün Adam atanyň aýaly How ene ýaradylandan soňra, ýagny takmynan 6 müň ýyl mundan ozal başlan bolmaly. Mesihiň müňýyllyk hökümdarlygy tizden başlar, şonda Hudaý ýer ýüzi babatda niýetini amala aşyrar. Hudaý ýer ýüzüniň jennete öwrülip, kämil adamlaryň ebedi ýaşamagyny isleýär (Gel. çyk. 1:27, 28; Ylh. 20:6). Sen hem şeýle bagtly gelejege umyt baglap bilersiňmi? Elbetde! Sebäbi «Hudaý ýedinji güni aýratyn gün hökmünde ýalkady». Diýmek, nähili kynçylyklar dörese-de, Hudaýyň niýeti dynç günüň soňuna çenli hökman ýerine ýeter (Gel. çyk. 2:3).

      3. a) Hudaýyň dynç güni başlanda, nähili pitne turdy? b) Ýehowa pitneli meseläni nähili çözjegini nädip düşündirdi?

      3 Emma Hudaýyň dynç güni başlanda, gökdäki bir perişde — Şeýtan — pitne turuzdy. Ol başgalary Hudaýa däl-de, özüne sežde etdirjek boldy. Şeýtan How enäni ýalan sözler bilen aldady welin, ol Ýehowa gulak asmady (1 Tim. 2:14). Soňra How ene ärini Ýehowa gulak asmazlyga yrdy (Gel. çyk. 3:1—6). Olaryň eden işi gaty erbetdi. Şeýtan Ýehowany ýalan sözlemekde aýyplasa-da, Ýehowa ýer ýüzi babatda niýetini amala aşyrjakdygyna ant içip durmady. Ýöne wagtyň geçmegi bilen düşüniljek başga bir zady wada berdi. Ol pitneli meseläni nähili çözjegini aýtdy: «Seniň (Şeýtan) bilen aýalyň, Seniň tohumyň bilen aýalyň tohumynyň arasyna, duşmançylyk salaryn Men. Ol (wada edilen tohum, ýagny nesil) seniň kelläňi owradar, Sen bolsa onuň dabanyndan çakarsyň» (Gel. çyk. 3:15; Ylh. 12:9).

      ANT IÇMEK WADANYŇ HAKYKATDYGYNY TASSYKLAÝAR

      4, 5. Ybraýym beren wadasynyň dogrudygyny tassyklamak üçin näme edipdir?

      4 Ilki-ilkiler bir zadyň dogrudygyny tassyklamak üçin ant içmek gerek däldi. Hudaýy söýýänler we onuň göreldesine eýerýänler ant içmeýärdi. Sebäbi olar hemişe hakykaty aýdýardy we bir-birine ýürekden ynanýardylar. Emma Adam ata bilen How enäniň günä edip, bikämil bolmagy bilen, ýalan sözlemek we aldamak gitdigiçe ýaýrady. Indi adamlar bir wajyp zadyň dogrudygyny tassyklamak üçin ant içýärler.

      5 Ybraýym pygamber hem azyndan üç sapar ant içipdir (Gel. çyk. 21:22—24; 24:2—4, 9). Meselem, ol Kedorlagomeri we onuň ýanyndaky şalary derbi-dagyn edip gelenden soňra ant içipdir. Salymyň we Sodomyň şalary Ybraýymy garşy almaga öňünden çykýarlar. Salymyň şasy Mäliksadyk «Beýik Allanyň ruhanysydy». Ol Ybraýyma pata berip, duşmanlary ýeňmäge kömek eden Hudaýy şöhratlandyrdy (Gel. çyk. 14:17—20). Soňra Sodomyň şasy duşmanlardan adamlaryny halas edeni üçin Ybraýymy sylaglajak boldy, ýöne ol: «Ybramy men gurplandyrdym» diýmeziň ýaly, saňa degişli zatlaryň hiç birini, hatda bir guşajygy ýa-da sapajygy hem almajakdygyma ýeri-gögi ýaradan Beýik Alla Rebbiň adyndan ant içýärin» diýdi (Gel. çyk. 14:21—23).

      ÝEHOWA YBRAÝYMA BEREN WADASYNY TASSYKLAMAK ÜÇIN ANT IÇÝÄR

      6. a) Ybraýym bize nähili görelde görkezdi? b) Ybraýymyň gulak asmagynyň bize nähili peýdasy degdi?

      6 Wadalaryny ýerine ýetirjekdigine günäli adamlary ynandyrmak üçin Ýehowa Hudaý hem ant içipdir. Mysal üçin, Ýehowa: «Öz barlygymdan ant içýärin... Muny Hökmürowan Reb aýdýar» diýen ýaly sözleri ulanypdyr (Ezek. 17:16). Mukaddes Ýazgylarda Ýehowanyň 40-dan gowrak ant içendigi aýdylýar. Şolardan Ybraýym bilen bagly wakany has gowy bilýän bolsaň gerek. Ýehowa ençeme ýyllaryň dowamynda Ybraýym bilen birnäçe sapar äht baglaşdy. Ybraýym şol ähtlerden wada edilen Nesliň Yshakdan gelip çykjakdygyny bilýär (Gel. çyk. 12:1—3, 7; 13:14—17; 15:5, 18; 21:12). Soňra Ýehowa Ybraýymy agyr synagdan geçirýär. Ol Ybraýyma söýgüli ogluny gurban bermegi tabşyrýar. Ybraýym derrew gulak asyp, ogluny gurban berjek bolup durka, ony Hudaýyň perişdesi saklaýar. Şonda Hudaý şeýle ant içýär: «Men Öz adymdan ant içýärin. Seniň bu işi edendigiň üçin, ýagny öz ýalňyz ogluňy Menden gaýgyrmandygyň üçin, Men hakykatdanam seni ýalkap, seniň nesliňi asman ýyldyzlarydyr deňiz ýakasynyň çägeleri deý köpelderin. Seniň nesliň öz duşmanlaryndan üstün çykar. Meniň sözüme gulak asandygyň üçin, ýer ýüzüniň ähli milletleri seniň nesilleriňden pata alarlar» (Gel. çyk. 22:1—3, 9—12, 15—18).

      7, 8. a) Hudaý Ybraýyma näme üçin ant içdi? b) Ýehowanyň wadalary we Ybraýyma berlen kasam Isanyň «başga goýunlaryna» näme peýda berýär?

      7 Ýehowa wadalaryny ýerine ýetirjekdigi barada Ybraýyma näme üçin ant içdi? Sebäbi Ýehowa Mesih bilen höküm sürjek adamlaryň we wada edilen «nesliň» beýleki agzalarynyň imanyny berkidip, ruhlandyrmak isleýärdi (Ýewreýler 6:13—18-nji aýatlary okaň; Gal. 3:29). Şeýlelikde, mesh edilen mesihçilere öňünde goýlan umyda berk ýapyşmaga kömek edýän iki üýtgewsiz zat bar. Olar Hudaýyň wadasy we kasamy. Bular babatda «Hudaýyň ýalan sözlemegi mümkin» däl. Şol sebäpli-de Pawlus resulyň aýtmagyna görä, Ýehowa «wadasyny ant bilen tassyklady».

      [24-nji sahypadaky surat]

      Tizden Ybraýym Ýehowanyň wadasynyň amala aşanyny görer

      8 Hudaýyň Ybraýym pygambere ant içip beren wadasy diňe bir mesh edilen mesihçilere peýda getirmeýär. Ýehowa «ýer ýüzüniň ähli milletleri» Ybraýymyň «nesillerinden pata alarlar» diýip, ant içdi (Gel. çyk. 22:18). Mesihiň kiçigöwünli «başga goýunlary» şol bereketleri alyp, ýer ýüzünde boljak Jennetde ebedi ýaşamaga umyt edýärler (Ýahýa 10:16). Sen gökde ýa ýerde ýaşamagy umyt edýän bolsaň, ähli zatda Hudaýa gulak asyp, şol umydyňa berk ýapyş (Ýewreýler 6:11, 12-nji aýatlary okaň).

      YBRAÝYMA BERLEN WADALAR BILEN BAGLY KASAMLAR

      9. Hudaý Müsür gulçulygynda ýaşaýan Ybraýymyň nesillerine näme barada ant içdi?

      9 Birnäçe asyrdan Ýehowa Musany Müsür gulçulygynda ýaşaýan ysraýyllara iberip, Ybraýym pygambere beren wadalaryny ýerine ýetirjekdigine ýene-de ant içdi (Müs. çyk. 6:6—8). Hudaý şonda olara ant içendigini ýatlatdy: «Ysraýyly saýlan günüm... ant içen günümdir. Hawa, şol gün Men olary Müsür ýurdundan çykaryp, olar üçin gözlän ýurduma... süýt we bal akýan ýurda getirjekdigime söz berdim» (Ezek. 20:5, 6).

      10. Hudaý ysraýyllary Müsürden azat edip, näme wada berdi?

      10 Ýehowa ysraýyllary Müsür gulçulygyndan azat edip, ant içip, ýene bir wada berdi: «Siz Meniň sözüme boýun bolup, Meniň ähtimi saklasaňyz, ähli halklaryň arasynda siz Meniň Öz saýlan halkym bolarsyňyz, çünki tutuş zemin Meniňkidir. Siz Meniň üçin ruhanylar bolup hyzmat edýän, Maňa bagyş edilen mukaddes halk bolarsyňyz» (Müs. çyk. 19:5, 6). Hudaý ysraýyl halkyna nähili ajaýyp mümkinçilik berýär! Diýmek, olar Ýehowa gulak assalar, onda ähli halklara pata berjek ruhanylar patyşalygy bolup bilerdi. Wagtyň geçmegi bilen, Ýehowa şol wadasy babatda: «Saňa ant içip, seniň bilen äht baglaşdym» diýdi (Ezek. 16:8).

      11. Hudaý ysraýyllara saýlan halky bolmagy teklip edende, olar näme jogap berdiler?

      11 Ýehowa ysraýyllary gulak asmak barada zorluk bilen ant içdirmedi, dost bolmaga-da mejbur etmedi. Gaýtam, olar öz islegi bilen: «Biz Rebbiň aýdanlarynyň barysyny ýerine ýetireris» diýip, ant içdiler (Müs. çyk. 19:8). Üç günden Ýehowa Hudaý saýlan halkyna kada-kanunlaryny mälim etdi. Hudaý başda olara On tabşyrygy berdi, soňra bolsa Musa arkaly beýleki tabşyryklaryny aýtdy. Şol tabşyryklar Müsürden çykyş 20:22-den başlap, 23:33-e çenli ýazylgy. Şonda ysraýyl halky näme jogap berdi? «Tutuş halk bir agyzdan oňa: „Biz Rebbiň aýdan ähli sözlerini ýerine ýetireris“ diýip, jogap berdi» (Müs. çyk. 24:3). Soňra Musa ähli kanunlary «Äht kitabyna» ýazyp, ony halka ýene-de eşitdirip okap berdi. Şonda tutuş halk üçünji sapar: «Rebbiň aýdanlarynyň ählisini ýerine ýetireris we oňa boýun bolarys» diýip, wada berdi (Müs. çyk. 24:4, 7, 8).

      12. Ýehowa baglaşan ähtine görä näme etdi? Ysraýyllar Hudaýa wada berip, soňra näme etdiler?

      12 Ýehowa ysraýyl bilen baglaşan ähtine laýyklykda wadalaryny dessine ýerine ýetirip başlady. Ol sežde edilýän çadyrda gulluk etjek ruhanylary saýlady. Ruhanylar bikämil adamlara Hudaýa ýakynlaşmaga kömek etmelidi. Ysraýyl bolsa özüni Hudaýa bagyş edendigini derrew unutdy, hatda «Ysraýylyň Mukaddesini ynjatdylar» (Zeb. 78:41). Meselem, Musa Ýehowadan başga-da tabşyryklary almak üçin Sinaý dagyna çykdy welin, ysraýyllaryň sabyr käsesi dolup, Hudaýa imany gowşady. Olar Musa gaçyp gidendir öýtdiler. Şonuň üçin olar altyn göläniň heýkelini ýasap, halka: «Eý Ysraýyl, ynha, sizi Müsürden çykaran hudaýlaryňyz şudur» diýişdiler (Müs. çyk. 32:1, 4). Soňra bolsa «Rebbiň şanyna baýramçylyk edýäris» diýip, aslynda, adam eli bilen ýasalan heýkele tagzym etdiler we gurbanlyk berdiler. Ýehowa şeýle butparazlygy görüp, Musa: «Olar Meniň aýdan ýolumdan gaty çalt çykdylar» diýdi (Müs. çyk. 32:5, 6, 8). Gynansak-da, şondan bäri ysraýyllar Hudaýa näçe sapar wada berse-de, şonça saparam wadasyny bozdular (San. 30:2).

      ÝENE-DE IKI ANT

      13. Ýehowa Dawuda näme ant içdi? Munuň wada edilen Nesil bilen baglydygyny nireden bilýäris?

      13 Dawut patyşanyň döwründe Ýehowa gulak asýan adamlara peýda getirjek iki zady ant içip, wada berdi. Birinjiden, ol Dawudyň nesli tagtynda ebedilik oturar diýip, ant içdi (Zeb. 89:35, 36; 132:11, 12). Diýmek, wada edilen Nesle «Dawudyň ogly» diýilmelidi (Mat. 1:1; 21:9). Dawut wada edilen Nesle kiçigöwünlilik bilen «Rebbim» diýýär, sebäbi Mesih ondan has ýokary wezipäni eýelemelidi (Mat. 22:42—44).

      14. Ýehowa wada edilen Nesil babatda näme ant içdi? Munuň bize näme peýdasy bar?

      14 Ikinjiden, Ýehowa Dawuda wada edilen Nesliň diňe bir Patyşa däl-de, eýsem, adamzadyň Baş Ruhanysy boljakdygyny-da aýan etdi. Ysraýylda patyşa we ruhany aýry-aýry adamlar bolýardy. Ruhanylar lewi taýpasyndandy, patyşalar bolsa ýehudy taýpasyndandy. Ýöne Dawut geljekki mirasdüşeri babatda: «Hudaý rebbime şeýle sözledi: „Duşmanlaryňy aýagyňyň astyna serýänçäm, Meniň sagymda otur“. Reb ant içdi, Ol ondan dänmez: „Mäliksadygyň derejesindäki müdimilik ruhanysyň sen“» diýdi (Zeb. 110:1, 4). Şol pygamberlige laýyklykda, wada edilen Nesil, Isa Mesih häzir göklerde Hudaýyň sagynda oturyp, höküm sürýär. Şeýle-de ol adamzadyň Baş Ruhanysy hökmünde toba eden adamlara Hudaý bilen dostlugyny dikeltmäge kömek edýär (Ýewreýler 7:21, 25, 26-njy aýatlary okaň).

      HUDAÝYŇ TÄZE YSRAÝYLY

      15, 16. a) Mukaddes Ýazgylarda haýsy iki Ysraýyl barada aýdylýar we olaryň haýsysyny şu günler Hudaý ýalkaýar? b) Ant içmek barada Isa öz şägirtlerine näme tabşyryk berdi?

      15 Ysraýyl halky Isa Mesihden ýüz öwrensoň, Hudaý hem olardan ýüz öwürdi we ahyry olar «patyşa ruhanylar» bolmak mümkinçiligini elden gidirdiler. Isa ýewreý dini ýolbaşçylaryna şeýle diýdi: «Hudaýyň Patyşalygy sizden alnyp, Onuň miwelerini öndürjek millete berler» (Matta 21:43). Isanyň aýdan bu täze halky b. e. 33 ýylynda Pentikost gününde peýda boldy. Şonda Isanyň takmynan 120 şägirdi Iýerusalime ýygnanyşanda Hudaý mukaddes ruhuny döküpdi. Bu täze «halka» «Hudaýyň Ysraýyly» diýildi. Tizden olara özge milletlerden hem müňlerçe adamlar goşulyp, Hudaýyň Ysraýyly boldular (Gal. 6:16).

      16 Gulak asmaz tebigy ysraýyl halkyndan tapawutlykda, Hudaýyň täze ruhy halky hemişe gulak asyp, ýagşy miwe öndürýärdiler. Olara berlen tabşyryklaryň biri hem ant içmek barada. Hawa, Isa ýer ýüzünde ýaşan mahaly adamlar ýaman niýet bilen ýa-da bolgusyz zatlar üçin ant içýärdiler (Mat. 23:16—22). Ýöne Isa şägirtlerine: «Asla ant içmäň diýýärin... siziň - „Hawa“ diýen sözüňiz „Hawa“, „Ýok“ diýeniňiz „Ýok“ bolsun. Mundan artygy iblisdendir» diýip öwretdi (Mat. 5:34, 37).

      Ýehowanyň wadasy hemişe amala aşýar

      17. Indiki makalada haýsy soraglara serederis?

      17 Bu hemişe ant içmegiň nädogrydygyny aňladýarmy? Esasanam, biziň «hawa» diýen sözümiz «hawa» bolar ýaly näme etmeli? Indiki makaladan şu soraglaryň jogabyny bileris. Geliň, Ýehowanyň tabşyryklary barada oýlanyp, oňa hemişe gulak asmaga taýýar bolalyň. Şonda olam bizi özüniň ant içip beren wadasyna laýyklykda hemişe patalar.

  • Biri-biriňizi bagyşlaň
    Garawul diňi — 2012 | 15 noýabr
    • Biri-biriňizi bagyşlaň

      «Biri-biriňize mähriban, gamhor boluň, Hudaýyň sizi Mesihde bagyşlaýşy ýaly, siz hem biri-biriňizi bagyşlaň» (EFES. 4:32).

      SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

      • Biz näme üçin bagyşlamaly?

      • Isa bagyşlamagyň wajypdygyny nädip düşündirdi?

      • Başgalary bagyşlasak nähili bereketler alarys?

      1, 2. Geçirimli bolmak barada näme üçin oýlanmaly?

      MUKADDES ÝAZGYLARDA Ýehowanyň günä eden adamlara hem-de olaryň eden günäsine garaýşy gürrüň berilýär. Şeýle-de Hudaýyň geçirimlidigi barada aýdylýar. Geçen makalada biz Ýehowanyň näme üçin Dawudy we Manaşeni bagyşlandygyna seredipdik. Olar eden etmişini Ýehowanyň öňünde boýun alyp, köp ökündiler we soňra şol günäleri gaýtalamazlygy ýüregine düwdüler. Olar ýürekden toba edip, ýene-de Ýehowanyň razylygyny gazandylar.

      2 Geliň, indi özümiz hem geçirimli bolmagy öwreneliň. Eger dogan-garyndaşlaryňdan biri Manaşe sebäpli aradan çykan bolsa, özüňi nähili duýardyň? Manaşeni bagyşlap bilerdiňmi? Bu örän ýerlikli soraglar, çünki biz zalym, rehimsiz hem nebsewür dünýäde ýaşaýarys. Biz näme üçin geçirimli bolmagy öwrenmeli? Eger saňa ýamanlyk eden bolsalar, onda saňa duýgularyňa erk edip, muňa Ýehowanyň garaýşy ýaly garamaga we geçirimlilik etmäge näme kömek eder?

      NÄME ÜÇIN GEÇIRIMLI BOLMALY?

      3—5. a) Geçirimli bolmagyň ähmiýetini düşündirmek üçin Isa nähili mysal getirdi? b) Isanyň Matta 18:21—35-nji aýatlarda aýdan mysalyndan näme sapak edinýäris?

      3 Biziň göwnümize degen mesihçi bolsa-da, bolmasa-da, biz hemişe bagyşlamaly. Şeýtsek, onda maşgala agzalarymyz, dost-ýarlarymyz, başga adamlar hem-de Ýehowa bilen agzybirligi saklarys. Mukaddes Ýazgylara laýyklykda, adamlar näçe sapar göwnümize degseler-de, olary bagyşlamak — her bir mesihçiniň borjy. Isa pygamber muny düşündirmek üçin bir bergidar hyzmatkär barada mysal getirýär.

      4 Hyzmatkär hojaýynyna örän köp pul borçly ekeni. Onuň eden bergisi bir işçiniň 60 million günüň dowamynda gazanyp biljek puluna deňdir. Ýöne hojaýyn onuň bergisini geçýär. Emma şol hyzmatkär başga birine karz pul beren ekeni. Onuň beren karzy bir işçiniň 100 günde gazanyp biljek puluna deňdi. Ikinji hyzmatkär garaşmagy haýyş edýär, emma ummasyz bergisi bagyşlanan hyzmatkär rehim etmegiň deregine, ony zyndana saldyrýar. Olaryň agasy bu barada eşidende, gaty gahary gelip: «Meniň saňa rehim edişim ýaly, sen hem ýoldaşyňa rehim etmeli dälmidiň?» diýýär-de, «agasy gazaplanyp, bergisini berýänçä, ony gynaýanlaryň eline berýär» (Mat. 18:21—34).

      Şu tymsal arkaly Isa näme diýjek boldy?

      [27-nji sahypadaky surat]
Şu tymsal arkaly Isa näme diýjek boldy?

      [27-nji sahypadaky surat]

      5 Isa şu tymsal arkaly näme öwretjek boldy? Ol sözüni şeýle jemleýär: «Siziň hem her biriňiz öz doganynyň ýazyklaryny ýürekden bagyşlamasa, Meniň Gökdäki Atam hem sizi şeýle eder» (Mat. 18:35). Isanyň öwreden sapagy düşnükli. Biz bikämil ömrümiziň dowamynda şeýle köp günä edýäris welin, hiç haçan Ýehowanyň kadalaryna doly laýyk gelip bilmeris. Şonda-da Hudaý bizi bagyşlap, şol günäleri göýä hiç haçan bolmadyk ýaly hasaplaýar. Diýmek, Ýehowanyň dosty bolmak isleýän mesihçi hem beýleki adamlaryň kemçiliklerini bagyşlamaga borçly. Isa pygamber Dagdaky wagzynda-da: «Siz adamlaryň ýazyklaryny bagyşlasaňyz, gökdäki Ataňyz hem siziň ýazyklaryňyzy bagyşlar. Adamlaryň ýazyklaryny bagyşlamasaňyz, Ataňyz hem siziň ýazyklaryňyzy bagyşlamaz» diýipdi (Mat. 6:14, 15).

      6. Bagyşlamak näme üçin hemişe aňsat däl?

      6 Belki, siz: «Bagyşlamak dilde aňsat, ýöne durmuşda muny etmek kyn» diýýänsiňiz. Dogry, öýke-kine köplenç ýürege ýara salýar. Göwnüne deglen adamyň gahary gelýändir, ol özüne dönüklik edilendir öýdýär, adalaty gözleýär, hatda ar alasy gelýändir. Ol käte göwnüne degen adamy hiç haçan bagyşlap bilmerin öýdýär. Eger sende-de şeýle duýgular döreýän bolsa, onda Ýehowanyň öwredişi ýaly, geçirimli bolup bilersiňmi?

      SEN NÄMÄ GAHARLANÝARSYŇ?

      7, 8. Biri özüni gödek alyp barsa, saňa bagyşlamaga näme kömek eder?

      7 Biziň göwnümize degseler ýa-da göwnümize degilýän ýaly bolup görünse, gaty gaharymyz gelip biler. Bir ýaş ýigit öz gahary barada şeýle gürrüň berýär: «Bir gezek... gahardan ýaňa ganym gyzyp, öýden çykyp gitdim, hiç haçan öýe dolanmajagyma ant içdim. Tomus günleriniň biridi, öýümizden ep-esli arany açypdyryn. Şol gidişime daş-töweregiň ümsümligi we tebigatyň owadanlygy kem-kemden gaharymy köşeşdirip, kalbyma rahatlyk ornaşdyrdy welin, soňra öz bolşuma özüm utanyp, gaharymdan nam-nyşan galmady. Birnäçe sagatdan ökünip öýe dolandym». Şu wakadan görnüşi ýaly, köşeşmäge biraz wagt tapyp, başyňa düşen ýagdaý barada dury kelläňe pikirlenseň, gahardan ýaňa edilýän hereketleriň öňüni alyp bilersiň (Zeb. 4:4; Sül. tym. 14:29; Ýakup 1:19, 20).

      8 Şonda-da ýakymsyz duýgular aýrylmasa, näme etmeli? Gaharyň näme üçin gelýändigi barada pikirlen. Belki, saňa garşy adalatsyzlyk edilendir? Belki, biri özüni gödek alyp barandyr? Mümkin, ol bilgeşleýin göwnüme degjek bolýar diýip pikir edýänsiň? Ol, hakykatdan-da, ýamanlyk etjek bolýarmy? Eger-de gaharyňy getirýän zadyň sebäbini anyklamaga jan etseň, ýakymsyz duýgularyňa hötde gelmäge kömek edýän prinsipleri taparsyň we Ýehowanyň garaýşy ýaly garamagy öwrenersiň (Süleýmanyň tymsallary 15:28; 17:27-nji aýatlary okaň). Eger sen duýgularyň barada däl-de, ýokarda agzalan zatlar hakda çuňňur oýlansaň, gözýetimiň giňär we has geçirimli bolarsyň. Başyňa düşen ýagdaýa şeýle garamak näçe kyn bolsa-da, goý, Hudaýyň Sözi «ýüregiň düşünjeleridir niýetlerini» derňäp, saňa Ýehowa ýaly geçirimli bolmagy öwretsin (Ýew. 4:12).

      HER BIR ZADY GÖWNÜŇE ALARSYŇMY?

      9, 10. a) Göwnüňe deglen ýaly bolsa, näme etmeli? b) Adamlary bagyşlamagy we ýagdaýa dogry garamagy öwrenseň, özüňi nähili duýarsyň?

      9 Durmuşda bolýan köp wakalar gaharymyzy getirmegi mümkin. Meselem, maşynly barýarkaňyz, başga biri siziň maşynyňyza degjek-degjek bolup geçip gidýär. Siz näme edersiňiz? Käbir adamlaryň gahary gelip, onuň özündenem beter bolýarlar. Ýöne mesihçiler, elbetde, beýle etmez.

      10 Ilki, ýüze çykan ýagdaý hakda biraz oýlanyp görüň. Mümkin, siziň ünsüňiz sowlup, özüňizde-de günä bardyr. Ýa-da beýleki sürüjiniň maşynyna bir zat bolandyr. Eger-de biz şeýle oýlanyp, sebäbine düşünip bilsek, ýagdaýa dogry baha bersek we geçirimlilik etsek, onda derrew gaharymyz gelmez, gaty görmeris ýa-da beýleki ýaramaz duýgular döremez. Wagyzçy 7:9-da: «Tizgahar bolma, çünki gahar (öýke-kine, TD) akylsyzlaryň gursagynda ornaşýar» diýilýär. Şonuň üçin öýkelemäň. Köp ýagdaýlarda seniň göwnüňe degjek bolandyrlar öýdýänsiň. Aslynda welin, adam bikämil bolany üçin ýalňyş hereket edýär. Belki-de, biz bolup geçen ýagdaýyň esasy sebäbine düşünen däldiris. Şonuň üçin edilen işiň ýa-da aýdylan sözüň hemme sebäplerini doly bilmeýändigiňi ýadyňda sakla. Şonda adamlary söýgi bilen bagyşlamak aňsat bolar. Şeýle etseň, has-da bagtly bolarsyň (1 Petrus 4:8-i okaň).

      «PARAHATLYK... ÝENE ÖZÜŇIZE ÖWRÜLSIN»

      11. Adamlar hoş habara nähili garasa-da, biz özümizi nähili alyp barmaly?

      11 Wagyzda gödek adama duşsaňyz, özüňize nädip erk edip bilersiňiz? Isa 70 şägirdini wagyz etmäge ugradyp: «Bu öýe parahatlyk!» diýmegi tabşyrdy. Ol sözüni dowam edip: «Ol öýde parahatlygy söýýän adam bar bolsa, salamyňyz onuň üstüne gonar, ýok-da bolsa, ýene özüňize öwrüler» diýdi (Luka 10:1, 5, 6). Adamlar hoş habary kabul etseler, olar köp bereketler alýar, bizi hem örän begendirýär. Ýöne hemişe bizi parahatlyk bilen garşy almaýarlar. Şeýle ýagdaýda näme etmeli? Isa şonda-da parahatlygyň biziň özümizde galmalydygyny aýtdy. Öý eýesi özüni nähili alyp barsa-da, biz ol öýden gaýdanymyzda kalbymyzda parahatlyk bolmaly. Eger-de biz öý eýesiniň gödekligi sebäpli gaharlansak, Isanyň aýdan parahatlygy bizde bolmaz.

      12. Pawlusyň Efesliler 4: 31, 32-nji aýatlarda aýdan sözlerine laýyklykda, biz näme etmeli?

      12 Diňe wagyzda däl-de, başga ýagdaýlarda-da parahatlygy saklajak bol. Göwnüňe degen adamy bagyşlamak onuň nädogry hereketini makullamagy ýa-da onuň ýetiren zyýanyna biparh garamagy aňlatmaýar. Bagyşlamak ýalňyş hereket sebäpli dörän öýke-kinäni unudyp, parahatlygy saklamagy aňladýar. Käbir adamlar ýaramaz pikirler we edilen adalatsyzlyk hakda gaýta-gaýta oýlanyp, başga biriniň hereketi sebäpli şatlygyny ýitirýärler. Gahar-gazap saňa agalyk etmesin. Içiňde öýke-kine bar bolsa, bagtly bolup bilmersiň. Şonuň üçin geçirimli bol! (Efesliler 4:31, 32-nji aýatlary okaň).

      ÝEHOWANY BEGENDIRIŇ

      13. a) Mesihçi nädip duşmanynyň «başyna közler guýup» biler? b) Ýumşak jogabyň näme peýdasy bar?

      13 Käte mesihçi däl biri saňa ýamanlyk etmegi mümkin. Şeýle ýagdaýda ony hakykat bilen gyzyklandyrmaga mümkinçilik döremegi ahmal. Pawlus resul: «„Duşmanyň aç bolsa, ony naharla, suwsan bolsa gandyr, sebäbi muny etseň, onuň başyna közler guýarsyň“ diýip ýazylgydyr. Özüňi ýamanlyga ýeňdirme-de, ýamanlygy ýagşylyk bilen ýeň» diýdi (Rim. 12:20, 21). Adamlar özüni gaharly alyp barsa-da, seniň ýumşaklygyň olaryň garaýşyny üýtgedip, özüni gowy alyp barmaga höweslendirer. Göwnüňe degen adamyň ýagdaýyna düşünseň, duýgudaşlyk bildirseň, belki, onuň hakykaty-da öwrenesi geler. Nähili bolaýanda-da, ýumşak jogaplaryň bilen ony oýlandyrarsyň (1 Pet. 2:12; 3:16).

      14. Adamlar bize näçe ýamanlyk etse-de, öýke-kinäni ýeňmäge näme kömek eder?

      14 Käbir adamlar bilen gatnaşmak nädogry. Meselem, muňa bir wagtlar ýygnagyň agzasy bolup, soňra günä edip, toba etmekdik we gatnaşykdan kesilen adamlar degişli. Elbetde, saňa ýamanlyk eden adam toba edensoňam, bagyşlamak örän kyndyr, sebäbi ýürek ýarasynyň bitmegi üçin wagt gerek. Şeýle ýagdaýda toba eden günäkäri bagyşlap bilmegiň üçin, Ýehowadan kömek etmegi sora. Onsoňam, adamyň ýüregini kim bilýär? Diňe Ýehowa bilýär. Ol adamyň içki dünýäsini görüp, günäkärlere sabyr-takatly bolýar (Zeb. 7:9; Sül. tym. 17:3). Şol sebäpli-de Injilde şeýle diýilýär: «Ýamanlyk deregine hiç kime ýamanlyk etmäň. Ähli adamlaryň öňünde oňat işlere üns beriň. Oňardygyňyzdan ähli adamlar bilen oňşukly ýaşamak barada eliňizden geleni aýamaň. Eý, söýgüli doganlar, özüňiz öç alman, Hudaýyň gazabyna ýol beriň. Çünki: «Reb diýýär: Öç Meniňkidir, öwezini Men bererin» (Rim. 12:17—19). Biz Ýehowadan tapawutlylykda ähli zady bilmeýäris, şol sebäpli-de başgalary höküm etmäge, ýagny ýazgarmaga hakymyz ýok (Mat. 7:1, 2). Geliň, Ýehowanyň hökman adalaty dikeltjekdigini unutmalyň.

      15. Göwnümize degen adama gaharlanyp ýörmez ýaly näme etmeli?

      15 Eger-de göwnüňize degen adam toba etse-de, siz ony bagyşlap bilmän ejir çekýän bolsaňyz, onda onuň özüniň hem ejir çekýändigini ýatlasaňyz gowy bolardy. Ol hem bikämillik sebäpli kösenýär (Rim. 3:23). Ýehowanyň ähli bikämil adamzada haýpy gelýär. Şol sebäpli göwnüňe degen adam üçin doga etseň, dogry bolardy. Şeýle etseň, hemişe oňa gaharlanyp ýörmeseň gerek. Şeýle-de hemişe öýkäläp ýörmeli däldigimiz Isanyň sözlerinden hem görünýär: «Duşmanlaryňyzy söýüň... yzarlaýanlar üçin doga ediň» (Mat. 5:44).

      16, 17. Ýygnak ýaşululary günäkär toba edýär diýen karara gelseler, sen näme etmeli we näme üçin?

      16 Ýehowa agyr günä eden adamlaryň işine seredip, karar kabul etmegi ýygnak ýaşulularyna tabşyrdy. Hudaýdan tapawutlykda, doganlar ähli zady bilmeýärler, ýöne mukaddes ruhuň kömegi bilen, Mukaddes Ýazgylar esasynda dogry karara gelmäge çalyşýarlar. Şeýlelikde, Ýehowadan kömek sorap olaryň gelen karary Ýehowanyň garaýşyna laýyk gelýär (Mat. 18:18).

      [30-njy sahypadaky surat]
Bagyşlamak — her bir mesihçiniň borjy

      [30-njy sahypadaky surat]

      17 Şeýle ýagdaýlarda wepaly bolmak wajyp. Sen hem toba eden günäkäri bagyşlap, oňa söýgiňi «tassyklarsyňmy»? (2 Kor. 2:5—8). Eger-de seniň özüň ýa-da dogan-garyndaşlaryňdan biri toba eden günäkär sebäpli ejir çeken bolsa, ony bagyşlamak aňsat bolmasa gerek. Emma Ýehowa bil baglap, onuň ýygnakdaky işleri dogry çözýändigine ynansaň, paýhasly bolar. Şonda ýürekden bagyşlap bilersiň (Sül. tym. 3:5, 6).

      Bagyşlamak — her bir mesihçiniň borjy

      18. Geçirimli bolmagyň näme peýdasy bar?

      18 Geçirimli bolmasak, köp zyýan ýetirýär: jan-saglygyň erbetleşýär, kellagyry köpelýär, adamlar bilen araň bozulýar we açyk gürrüňdeşlik bolmaýar. Başga tarapdan, lukmanlaryň aýtmagyna görä, geçirimli bolmak örän peýdaly: adamyň saglygyny zaýalaýan duýgulardan we pikirlerden azat edýär, hatda adamlar bilen gatnaşygyň berkäp, has bagtly bolýarsyň. Iň wajyp zat bolsa, geçirimli bolsak, gökdäki Atamyz Ýehowa bilen dostlugymyz has-da berkär (Koloseliler 3:12—14-nji aýatlary okaň).

  • «Wagtlaýyn ýaşaýjylar» agzybir sežde edýärler
    Garawul diňi — 2012 | 15 dekabr
    • hakyky mesihçiler Şeýtanyň zalym dünýäsinde gelmişek we wagtlaýyn ýaşaýjylar ýaly ýaşaýarlar. Olar hem Ybraýym we gadymy döwürde ýaşan ençeme wepaly adamlar ýaly «özleriniň ýer ýüzünde ýat hem mysapyrdyklaryny boýun alýarlar» (Ýew. 11:13). Nirede ýaşamaga umydymyz bolsa-da: gökde bolsun, ýerde bolsun, Ybraýym ýaly biziň hem Ýehowa bilen dostlaşmaga mümkinçiligimiz bar. Ýakup şeýle düşündirdi: «„Ybraýym Hudaýa iman getirdi, bu oňa dogrulyk saýyldy“ diýen Ýazgy-da ýerine ýetip, oňa Hudaýyň dosty diýildi» (Ýakup 2:23).

      8. Ýehowa Ybraýyma nämäni wada etdi we onuň ýerine ýetjekdigi barada Ybraýym näme pikir edýärdi?

      8 Hudaý Ybraýymyň nesilleri arkaly diňe bir milletiň däl, eýsem, ýer ýüzündäki ähli maşgalalaryň pata aljakdygyny wada berdi (Gelip çykyş 22:15—18-nji aýatlary okaň)a. Hudaýyň beren bu wadasy uzak gelejekde ýerine ýetmeli bolsa-da, Ybraýym onuň ýerine ýetjekdigine ynanýardy. Ol ömrüniň köp bölegini öý-içerisi bilen bir ýerden beýleki ýere göçüp-gonup geçirdi we Ýehowa bilen dostlugyny saklady.

      9, 10. a) Biz nädip Ybraýymyň göreldesine eýerip bileris? b) Biz adamlara nähili çakylygy ýetirip bilýäris?

      9 Ybraýym berlen wadanyň haçan ýerine ýetjekdigini bilmese-de, onuň Ýehowa bolan söýgüsi we wepalylygy hiç gowşamandy. Ol haýsy-da bolsa bir ýurtda hemişelik ornaşmagyň pikirini-de etmeýärdi (Ýew. 11:14, 15). Biz hem baýamak, il arasynda at-abraý gazanmak we wezipä kowalaşmak barada pikir etmän, Ybraýymyň göreldesine eýerip, ýönekeý ýaşasak, gör, nähili paýhasly bolar! Tizden soňy ýetip gelýän dünýäde amatly ýaşaýşy gözlemek nämä gerek? Geçegçi dünýäniň nämesini söýjek diýsene!? Gaýtam, biz hem Ybraýym ýaly gelejekde boljak has gowy zatlara garaşýarys. Hawa, biz umydymyz amala aşýança sabyrly garaşmaga taýýardyrys (Rimliler 8:25-i okaň).

      [24-nji sahypadaky surat]

      [25-nji sahypadaky surat]

      Sen Hudaýyň wadalarynyň ýerine ýetmegine Ybraýym ýaly garaşýarmyň?

      10 Ýehowa häzir hem ähli milletleri Ybraýymyň nesli arkaly pata almak üçin çagyrýar. «Rebbiň ruhanylary» we «gelmişek» hasaplanylýan başga goýunlar hem bütin dünýä boýunça 600-den gowrak dilde adamlara bu çakylygy ýetirýärler.

      ÄHLI MILLETLERI SÖÝÜŇ

      11. Süleýman patyşa ähli milletlere bolan garaýşyny nädip görkezdi?

      11 B. e. öň 1026-njy ýylda Süleýman patyşa ybadathananyň dabaraly açylyşyny gurnaýar. Şonda ol eden dogasynda ähli milletleriň Ýehowany bilelikde şöhratlandyrjakdygyny belläp geçýär. Süleýman ýürekden şeýle doga edýär: «Halkyň ysraýyldan bolmadyk, ýöne Seniň beýik adyň, gudratyň hem-de Öz halkyň üçin eden beýik işleriň barada eşidip, uzak ýurtdan gelen keseki şu öýde dileg etse, Sen Öz gökdäki mesgeniňde ony eşit-de, dünýäniň ähli halklarynyň ysraýyl halky ýaly Seniň adyňy bilip, Senden gorkar... ýaly, kesekiniň dilegine-de jogap ber» (1 Pat. 8:41—43).

      12. Käbir adamlar näme üçin Ýehowanyň Güwäçilerini «keseki» saýmaklary mümkin?

      12 Başga ýurtdan ýa-da milletden bolan adamy köplenç keseki ýa-da gelmişek hasaplaýarlar. Ýehowanyň Güwäçilerine-de, göçme manyda, gelmişek diýse bolar. Olar esasan Isanyň

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş