-
Hakykatyň esasyna düşünmegiň peýdasyGarawul diňi — 2012 | 15 ýanwar
-
-
Hakykatyň esasyna düşünmegiň peýdasy
«(Siz) kanunda bilim we hakykatyň esasyna eýesiňiz» (RIM. 2:19).
1. Pawlusyň Musanyň kanuny barada aýdan sözlerine düşünmek näme üçin peýdaly?
EGER Pawlus resulyň ylhamly hatlary bolmadyk bolsa, onda Musanyň käbir kanunlarynyň manysyna düşünmek kyn bolardy. Meselem, Pawlus Ýewreýlere ýazan hatynda Isanyň bir gezekde hemişelik gurban beren «sadyk Baş Ruhanydygyny» düşündirýär. Şol töleg gurbana iman eden adamlar Hudaý bilen ýaraşyp, «ebedi gutulyş» gazanýarlar (Ýew. 2:17; 9:11, 12). Şeýle-de ol çadyryň «asmana degişli zatlaryň nusgasydygyny» aýtdy. Isa Musanyň Kanunyndan «has oňat ähtiň» töwellaçysy boldy (Ýew. 7:22; 8:1—5). Pawlus resulyň Musanyň käbir kanunlaryny düşündirmegi şol wagtky mesihçilere köp kömek etdi. Biz hem onuň sözleri barada oýlansak, Hudaýyň eden ähli ýagşylyklaryna minnetdarlygymyz artar.
2. Ýewreý mesihçileriň nähili mümkinçiligi bardy?
2 Pawlusyň hat ýazan rimli mesihçileriniň käbiri öňler Musanyň Kanuny boýunça ýaşan ýewreýlerdi. Olar Musanyň Kanuny bilen tanyş bolup, Ýehowa we onuň adyl prinsipleri barada «bilimiň we hakykatyň esasyny» gowy bilýärdiler. Olar Musanyň Kanunynyň esasy hakykatlaryna düşünip, ony söýýärdiler. Şeýlelikde, gadymy döwürde ýaşan wepaly ýehudylar ýaly, olar hem başga milletlere Ýehowa barada esasy hakykatlary öwredip bilerdi (Rimliler 2:17—20-nji aýatlary okaň).
-
-
Wagtyň az galandygyny unutmaňGarawul diňi — 2012 | 15 mart
-
-
Wagtyň az galandygyny unutmaň
«Hudaýyň sözüni wagyz et... taýýar bol» (2 TIM. 4:2).
1, 2. Pawlus resulyň wagyz etmäge «taýýar bol» diýen sözleri näme aňladýar we nähili soraglar ýüze çykýar?
HALAS EDIJILER adatça gyssagly hereket edýärler. Mysal üçin, ýangyn söndürijiler jaň edilen badyna, haýal etmän ýola çykýarlar, sebäbi adamyň janyna howp abanýandygyny bilýär.
2 Ýehowanyň Güwäçileri hem adamlary halas etmek isleýär. Şol sebäpli-de biz Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz etmegi gyssagly iş hasaplaýarys. Elbetde, biz näme etjegimizi bilmän eýläk-beýläk urunmaýarys. Pawlus resul: «Hudaýyň sözüni wagyz et... taýýar bol» diýen maslahaty berýär (2 Tim. 4:2). Şu aýatda «taýýar bol» diýip, terjime edilen grek sözi «gyssagly we haýal etmän hereket etmegi» aňladýar. Biz gyssagly wagyz etmek üçin näme etmeli? Wagyz etmek näme üçin wajyp?
WAGYZ ETMEK NÄME ÜÇIN WAJYP?
3. Hoş habary kabul edýän we etmeýän adamlara näme bolar?
3 Siz wagyz edip, adamlary halas edýändigiňiz barada oýlansaňyz, hoş habary gürrüň bermäge islegiňiz has-da artýandyr (Rim. 10:13, 14). Hudaýyň Sözünde: «Men erbet adama: «Sen ölersiň» diýsem, ýöne ol günäsine toba edip, adalatly bolup, dogrulyk etse... sag-aman ýaşar we ölmez. Eden günäleriniň hiç biri ýada salynmaz» diýilýär (Ezek. 33:14—16). Injilde bolsa, hoş habary öwredýän mesihçiler «hem özüni, hem özüne gulak asýanlary halas eder» diýilýär (1 Tim. 4:16; Ezek. 3:17—21).
4. I asyrasyrda ýalan taglymatyň ýaýramagy sebäpli, wagyz etmek näme üçin wajypdy?
4 Pawlusyň Timoteosa näme üçin gyssagly wagyz etmegi öwüt berendigine düşünmek üçin, şol sözleri näme maksat bilen ýazandygyny bileliň. Ol şeýle ýazýar: «Hudaýyň sözüni wagyz et. Pursat amatly bolsun, bolmasyn, taýýar bol. Ynsanlara doly sabyr, taglymat bilen käýe, ýola getir, öwüt-ündew et. Çünki şeýle bir zamana bolar, adamlar sagdyn taglymata çydaman, gulaklaryna ýakýan sözleri diňlejek bolup, öz höweslerine ýaraşykly mugallymlar üýşürer. Gulaklaryny hakykatdan sowar» (2 Tim. 4:2—4). Isa ýygnagyň içinde ýalan taglymatlary ýaýratjak adamlaryň peýda boljakdygyny öňünden aýtdy (Mat. 13:24, 25, 38). Diýmek, mesihçiler ýalan taglymatlar bilen aldanmaz ýaly, Timoteos Hudaýyň sözüni wagyz etmelidi we ýygnaga öwretmelidi. Sebäbi dogan-uýalaryň janyna howp abanýardy. Eýsem, biziň günlerimiz barada näme diýse bolar?
5, 6. Wagyzda duşýan adamlar köplenç nämä ynanýarlar?
5 Şu günler hakyky dinden dänen adamlar gitdigiçe köpelýär (2 Sel. 2:3, 8). Haýsy taglymatlar häzirki adamlaryň gulagyna ýakýar? Köp ýurtlarda ewolýusiýa taglymaty diniň ýaýraýşy ýaly ýaýraýar. Ewolýusiýa ylmy taglymat bolsa-da, dinden hiç hili tapawudy ýok, sebäbi adamlaryň Hudaýa garaýşyna we birek-biregi bilen gatnaşygyna täsir edýär. Başga bir giňden ýaýran taglymata laýyklykda, Hudaýyň biz bilen işi ýok, şonuň üçin biz hem Hudaý bilen gyzyklanmaly däl. Şeýle taglymatlar näme üçin millionlarça adamlary meýmiredip, ruhy taýdan ukladýarka? Çünki şol taglymatlaryň düýp manysy: «Göwnüňe geleni et, sebäbi senden hasap sorajak ýok». Bu bolsa, köp adamlaryň gulagyna ýakýar (Zebur 10:4-i okaň).
6 Adamlaryň gulagyna ýakymly başga zatlar hem bar. Mysal üçin, käbir adamlar eşidesi gelýän sözleri aýdýan dini ýolbaşçylaryň wagzyny diňleýär. Dini ýolbaşçylar däp-dessurlary berjaý etseň we öýüňde doga-tumarlary saklasaň, bela-beterden goraýar diýip, adamlaryň gulagyna ýakýan zatlary aýdýarlar. Ýöne adamlar munuň howpludygyna düşünmeýärler (Zeb. 115:4—8). Biz olary ruhy taýdan oýaryp, hoş habary düşündirsek, olar hem Patyşalygyň bereketlerini alarlar.
WAGTYŇ AZDYGYNY BILIP, WAGYZ ETMEK NÄME AŇLADÝAR?
7. Wagtyň azdygyny bilýän bolsak, näme ederis?
7 Ynsaply lukman operasiýa wagty bar ünsüni syrkawa bermeli, ýogsam, onuň saglygyna zyýan ýeter. Wagtyň azdygyny bilýän mesihçi hem bar ünsüni wagza bermeli, meselem, adamlary gyzyklandyrýan meseleler, sowallar we beýleki zatlar barada oýlanmaly. Şeýle-de wagtyň azdygyny bilip, biz gün tertibimizi üýtgetmeli we adamlara hoş habary diňläýjek wagtlary wagyz etmeli (Rim. 1:15, 16; 1 Tim. 4:16).
8. Wagty az galan adam adatça näme eder?
8 Wagtyň azdygyny bilýän adam durmuşynda wajyp zatlary birinji orunda goýýar (Gelip çykyş 19:15-i okaň). Aýdaly, lukman seni barlagdan geçirip, netijesini alýar-da, seni otagyna çagyryp: «Seniň ýagdaýyň öwerlik däl. Özüňi bejertmäge bary-ýogy bir aýyň galdy» diýip, janygyp aýdýar. Elbetde, sen onuň otagyndan ýangyn söndüriji ýaly atylyp çykmasaň gerek. Gaýtam, sen lukmanyň maslahatlaryny dykgatly diňläp, öýüňe gidersiň we durmuşyňda iň wajyp zatlar barada pikirlenersiň.
9. Pawlus Efesde nähili wagyz etdi?
9 Pawlus resul hem wagtynyň azdygyny bilýärdi. Bu onuň efesli ýaşululara Aziýa welaýatynda wagyz edişi barada aýdan sözlerinden görünýär (Resullaryň işleri 20:18—21-nji aýatlary okaň). Ol ilkinji gününden başlap, öýme-öý aýlanyp, adamlara hoş habary wagyz edipdir. Onsoňam, Pawlus iki ýyllap, «her gün Tirannosyň mekdebinde» hakykat ýoluny gürrüň berdi (Res. Iş. 19:1, 8—10). Diýmek, Pawlus wagtyň azdygyna düşünip, gün tertibini şoňa görä-de düzüpdir. Gyssagly wagyz etmek ähli işiňi taşlap, diňe wagyz edip ýörmegi aňlatmaýar. Ýöne wagyz işi durmuşymyzda örän wajyp orny tutmaly.
10. Takmynan 100 ýyl mundan ozal, mesihçileriň gyssagly wagyz edendigine näme üçin begenýäris?
10 1914-nji ýyldan öň, Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň kiçiräk topary hoş habary wagyz etmäge başlapdyr. Olaryň mysalyndan wagtyň az galandygyny öwrenýäris. Olar bary-ýogy birnäçe müň adam bolsa-da, aýgytly döwürde ýaşaýandygyna düşünip, Hudaýyň Patyşalygy barada yhlasly wagyz etdiler. Olar hoş habary wagyz etmek üçin 2 müňden gowrak gazetde makalalar çap edipdirler we ýaradylyş hakynda reňkli suratlary görkezdiler. Şeýdip, olar hoş habary millionlarça adamlara ýetirdiler. Eger olar hoş habary şeýle gyssagly wagyz etmedik bolsalar, häzire çenli biziň köpümiz hoş habary eşidermidik? (Zebur 119:60-y okaň).
HAÝAL-ÝAGALLYKDAN ÄGÄ BOLUŇ!
11. Käbir mesihçiler näme üçin wagtyň azdygyny unutdy?
11 Ünsi sowlan mesihçi wagyz işiniň ähmiýetini unudýar. Şeýtan zalym dünýäni ulanyp, öz bähbidimize çapmaga we gerekmejek işler bilen meşgullanmaga höweslendirýär hem-de ünsümizi Ýehowa gulluk etmekden sowýar (1 Pet. 5:8; 1 Ýahýa 2:15—17). Ýehowa gullugy birinji orunda goýan adamlar hem käte wagtyň azdygyny unudýarlar. Meselem, I asyrasyrda Dimas atly mesihçi Pawlusyň işdeşi bolupdyr, emma soňra ol häzirki zalym dünýäniň yşkyna düşdi. Ol Pawlusy mundan beýläk-de agyr ýagdaýda goldamagyň deregine, ony taşlap gidýär (Flm. 23, 24; 2 Tim. 4:10).
12. Häzir nähili mümkinçilik bar we gelejekde nähili mümkinçilikler bolar?
12 Eger biz wagtyň azdygyny unutmasak, onda häzirki durmuşdan doly peýdalanman, gaýtam «soňsuz ýaşaýşa eýe bolmaga» tagalla ederis (1 Tim. 6:18, 19). Sen Hudaýyň Patyşalygy astynda boljak ebedi ýaşaýyşda gyzykly işlere güýmenmäge tükeniksiz mümkinçilikleriň boljakdygyny bilýän bolsaň gerek. Ýöne häzirlikçe bolsa, adamlara Armageddonda diri galmaga kömek etmeli. Şeýle mümkinçilik hiç haçan gaýtalanmaz.
13. Bize hüşgär bolmaga näme kömek eder?
13 Häzir köp adamlar ruhy taýdan ukuda ýatyr. Onda bize hüşgär bolmaga näme kömek eder? Bizem bir wagtlar ruhy taýdan garaňkylykda gezip, Hudaý barada bilemizokdyk we gelejege umydymyz ýokdy. Ýöne biz Ýehowa Hudaý we Isa pygamber barada hakykaty bilip, indi «yşygy» saçýarys, ýagny şol hakykaty adamlara öwredýäris (Efesliler 5:14-i okaň). Şol sebäpli Pawlus şeýle ýazýar: «Akylsyzlar ýaly däl-de, akyldarlar ýaly, ünsüňizi dykgatly gezmäge gönükdiriň. Pursatdan peýdalanyň, çünki günler ýamandyr» (Efes. 5:15, 16). Häzirki ýaman günlerde «pursatdan peýdalanyp», ruhy taýdan oýa bolmaga kömek edýän işleri edeliň.
BIZ AÝGYTLY DÖWÜRDE ÝAŞAÝARYS
14—16. Näme üçin häzir hoş habary öňküdenem gyssagly wagyz etmeli?
14 Hoş habary wagyz etmek hemişe-de gyssagly hasaplanýardy, häzir bolsa, has-da gyssagly. Biz 1914-nji ýyldan bäri, Mukaddes Ýazgylarda aýdylan wakalaryň ýerine ýetişini has-da aýdyň görýäris (Mat. 24:3—51). Adamzat maşgalasyna şeýle heläkçilik hiç haçan abanmandy. Dünýäniň iň güýçli döwletleri özara parahatlyk barada ylalaşyk baglaşsalar-da, olarda entegem 2 müňe golaý ýadro ýaragy bar. Olar ony islendik wagt, islendik ýerde ulanyp biler. Käbir döwlet işgärleri ýadro materiallarynyň ençeme gezek ýitendigi barada habar berýärler. Eýsem, olaryň käbiri terrorçylaryň eline düşdümikä? Käbir adamlaryň aýtmagyna görä, bir terrorçynyň başlan urşy netijesinde bütin adamzat heläk bolmagy mümkin. Emma adamzada abanýan başga-da howplar bar.
15 2009-njy ýylda çykan bir habara laýyklykda: «Howanyň üýtgemegi XXI asyrasyrda ähli adamlaryň jan-saglygyna howp salýar» (The Lancet and University College London). Soňra şeýle diýilýär: «Howanyň üýtgemegi indiki onýyllyklarda adamlaryň köpüsine täsir edip, milliardlarça adamlaryň jan-saglygyna zyýan ýetirer». Köp ýerler deňiz derejesiniň galmagy, gurakçylyk, sil, gyrgynçylyk, harasat we uruş sebäpli ýok bolmagy mümkin. Görşümiz ýaly, uruşlar we tebigy betbagtçylyklar adamzada howp salýar.
16 Käbir adamlaryň pikir etmegine görä, ýadro urşy başlasa, Isanyň soňky günler baradaky pygamberliginde aýdan «alamatlary» ýerine ýeter. Emma şeýle pikir edýän adamlar Isanyň pygamberliginiň düýp manysyna düşünmeýärler. Biz onlarça ýyl bäri Isanyň höküm sürýändigini we zalym dünýäniň soňunyň golaýlaşandygyny aňladýan wakalary görüp gelýäris (Mat. 24:3). Biz Isanyň pygamberligindäki köp alamatlaryň berjaý bolşuny hiç haçan şeýle aýdyň görmändik. Häzir adamlar üçin ruhy taýdan oýanmaga tüýs wagtdyr. Biz wagyz edip, olara oýanmaga kömek edýäris.
17, 18. a) «Zamana» bize nähili täsir edýär? b) Adamlaryň hoş habara garaýşy näme sebäpli üýtgäp biler?
17 Ýehowa söýgümizi görkezmek we soňky günlerde wagyz etmek üçin wagt az galdy. Pawlusyň I asyrasyrda ýaşan rimli mesihçilere aýdan sözleri häzir has-da ähmiýetli: «Muny häzirki zamana düşünip ediň. Biziň ukudan oýanmaly sagadymyz eýýäm geldi, çünki şu wagt gutulyşymyz iman eden wagtymyzdakydan ýakyndyr» (Rim. 13:11).
18 Käbir adamlar soňky günler baradaky pygamberligiň ýerine ýetişini görüp, Hudaý barada köpräk bilesi gelýär. Başga adamlar bolsa, ynsan hökümetleriniň ykdysady kynçylyga, ýadro howpuna, jenaýatçylyga hem-de tebigy betbagtçylyga hötde gelip bilmeýändigini görüp, Hudaý bilen gyzyklanyp başlaýarlar. Käbir adamlar bolsa, maşgala ýagdaýy, meselem, keselçilik, nikanyň bozulmagy ýa-da dogan-garyndaşlarynyň aradan çykmagy sebäpli hoş habar bilen gyzyklanyp başlaýar. Biz wagyz etsek, şeýle adamlara kömek edip bileris.
WAGTYŇ AZDYGYNA DÜŞÜNEN MESIHÇILER
19, 20. Köp mesihçiler wagtyň azdygyna düşünip, durmuşyny nädip üýtgetdiler?
19 Köp mesihçiler wagtyň azdygyna düşünip, köpräk gulluk edip başladylar. Meselem, ekwadorly ýaş är-aýal 2006-njy ýylda «Sada gözli boluň» atly ýörite bir günlük kongrese gatnaşyp, has-da sada ýaşamak kararyna geldi. Olar gerekmejek zatlaryň sanawyny düzüp, birnäçe aýdan üç otagly öýden bir otagly öýe göçdüler we käbir zatlaryny satyp, bergiden çykdylar. Tizden olar kömekçi pioner bolup, etrap gözegçisiniň maslahaty boýunça wagyzçylaryň ýetmeýän ýygnagyna geçdiler.
20 ABŞ-ly bir dogan şeýle gürrüň berýär: «2006-njy ýylda etrap kongresine gatnaşanymyzda, aýalym ikimiziň suwda çokundyrylanymyza 30 ýyl bolupdy. Biz kongresden öýe gaýdyşyn sada ýaşamak barada maslahata eýermegi ara alyp maslahatlaşdyk (Mat. 6:19—22). Biziň üç öýümiz, mellegimiz, gymmatbaha maşynlarymyz, gämimiz hem-de tigirli öýümiz bardy. Biz özümizi «akylsyz» mesihçiler ýaly duýduk hem-de pioner gullugyna başlamagy maksat edindik. 2008-nji ýylda biz hem gyzymyz ýaly pioner bolup gulluk edip başladyk. Dogan-uýalar bilen eginme-egin gulluk etmek uly şatlyk ekeni! Biz wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde-de gulluk etdik. Ýehowa köp gulluk edip, dostlugymyz has-da berkedi. Adamlaryň Hudaýyň Sözüne düşünip, gözleriniň açylyşyny görüp, göwnüň göterilýär».
21. Bizi gyssagly wagyz etmäge näme höweslendirýär?
21 Biz tizden «höküm gününde, hudaýsyz adamlaryň heläk boljakdygyny» bilýäris (2 Pet. 3:7). Biz Hudaýyň Sözüni çuňňur öwrenýändigimiz üçin, geljekki muşakgat we täze dünýä barada yhlasly wagyz edýäris. Biz wagtyň azdygyna düşünip, adamlara gelejege bolan umydymyz barada gürrüň berýäris. Bu gyssagly işi bar güýjümiz bilen ýerine ýetirip, Hudaýa we adamlara söýgümizi subut edýäris.
-
-
Ýehowa bütin ýürek bilen gulluk ediňGarawul diňi — 2012 | 15 aprel
-
-
Ýehowa bütin ýürek bilen gulluk ediň
«Oglum... öz ataň Hudaýyny tana we oňa bütin ýüregiň bilen gulluk et» (1 TAR. 28:9).
1, 2. a) Hudaýyň Sözünde haýsy beden agzasy has köp agzalýar? b) Göçme manydaky ýüregiň manysyna düşünmek näme üçin wajyp?
MUKADDES ÝAZGYLARDA köplenç adamyň beden agzalary göçme manyda ulanylýar. Mysal üçin, Ýakup: «Dil otdur» diýdi. Süleýman patyşa: «Hoş habar bolsa süňküňe kuwwat berýär» diýdi. Isa pygamber: «Sag gözüň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony oýup çykar-da taşla... Sag eliň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony kes-de taşla» diýdi. Pawlus resula bolsa: «Sen biziň gulagymyza käbir ýat zatlary getirýärsiň» diýdiler (Ýakup 3:6; Sül. tym. 15:30; Matta 5:29, 30; Res. iş.17:20).
2 Ýöne Hudaýyň Sözünde bir beden agzasy beýleki beden agzalaryna seredeniňde göçme manyda has köp ulanylýar. Meselem, hudaýhon Anna: «Meniň ýüregim Ýehowada şatlanýar» diýip doga etdi (1 Sam. 2:1). Hakykatdan-da, Mukaddes Ýazgylarda «ýürek» sözi müňlerçe sapar agzalýar; hemişe diýen ýaly göçme manyda gelýär. Hudaýyň Sözünde ýüregi goramak maslahat berilýändigi üçin onuň nämedigine düşünmek örän wajyp (Süleýmanyň tymsallary 4:23-i okaň).
GÖÇME MANYDAKY ÝÜREK NÄME AŇLADÝAR?
3. Mukaddes Ýazgylardaky «ýürek» sözüniň manysyna nädip düşünmeli? Mysal getir.
3 Mukaddes Ýazgylar göçme manydaky «ýürek» söze kesgitleme bermese-de, onuň manysyna düşünmäge kömek edýär. Nädip? Mysal üçin, ýaprakly agajy göz öňüne getiriň. Haçan-da agaja golaý dursak, bary-ýogy birnäçe ýapragyny göreris. Eger biraz yza ätlesek, agajy bütinleý göreris. Şonuň ýaly-da Mukaddes Ýazgylardan «ýürek» sözi bilen bagly birnäçe wakalara seretsek, onuň nämedigine doly göz ýetireris.
4. a) «Ýürek» diýmek näme? b) Isanyň Matta 22:37-de aýdan sözleri näme aňladýar?
4 Mukaddes Ýazgylarda «ýürek» diýlende, adamyň içki dünýäsi göz öňünde tutulýar. Meselem, islegi, pikiri, gylyk-häsiýeti, düşünjesi, ukyby, niýeti we maksady (Kanun taglymaty 15:7; Süleýmanyň tymsallary 16:9; Zebur 119:111-nji aýatlary okaň). Käte «ýürek» sözüniň onçakly giň manysy bolmaýar. Ýadyňyzda bolsa, Isa: «Hudaýyň Rebbi bütin ýüregiň, bütin janyň, bütin düşünjäň bilen söý» diýipdi (Mat. 22:37). Şu aýatdaky «ýürek» sözi adamyň duýgusyny, islegini aňladýar. Isa ýüregi, jany we düşünjäni aýratynlykda agzamak bilen Hudaýy duýgularyň, ýaşaýşyň we akylyň bilen söýmelidigini aýtjak boldy (Ýahýa 17:3; Efes. 6:6). Şeýlelikde, «ýürek» sözi ýeke gelse, adamyň içgi dünýäsi göz öňünde tutulýar.
BIZ NÄME ÜÇIN ÝÜREGIMIZI GORAMALY?
5. Biz näme üçin Ýehowa bütin ýüregimiz bilen gulluk etmek isleýäris?
5 Dawut patyşa ýürek barada ogly Süleýmana şeýle diýdi: «Oglum, öz ataň Hudaýyny tana we oňa bütin ýüregiň, janyň bilen gulluk et, sebäbi Ýehowa ähli ýürekleri barlaýandyr we her bir pikiri bilýändir» (1 Tar. 28:9). Hawa, Ýehowa ähli ýürekleri şol sanda biziň hem ýüregimizi barlaýan Hudaýdyr (Sül. tym. 17:3; 21:2). Eger Ýehowa ýüregimizdäki zatlary halasa, onda onuň dosty bolup bileris we bagtly gelejegimiz bolar. Şoňa görä-de Dawudyň maslahatyna eýerip, Ýehowa bütin ýüregimiz bilen gulluk edeliň.
6. Hudaýa gulluk etmek islegimize nämeler täsir edip biler?
6 Ýehowanyň halky tabşyrylan işe yhlasly ýapyşyp, Hudaýa bütin ýürekden gulluk etmek isleýändigini görkezýär. Emma Şeýtanyň zalym dünýäsi we günäli höweslerimiz bize güýçli täsir edip, Ýehowa bütin ýürekden gulluk etmek islegimizi gowşadyp biler (Ýerem. 17:9; Efes. 2:1, 2). Şeýle ýagdaýyň öňüni almak üçin, biz ýüregimizi wagtal-wagtal barlap durmaly. Nädip?
7. Ýüregimizi näme aýan edýär?
7 Agajyň özenini hiç kimiň görüp bilmeýşi ýaly, biziň içki dünýämizi hem hiç kim görüp bilmeýär. Emma Isanyň Dagdaky wagzynda aýdyşy ýaly, agajy miwelerinden tanap bolýar. Biziň edýän işlerimiz hem ýüregimizi aýan edýär (Mat. 7:17—20). Geliň, şolaryň birine seredeliň.
ÝÜREGIMIZI BARLAMAGYŇ GOWY USULY
8. Isanyň Matta 6:33-de aýdan sözleriniň ýüregimiz bilen näme baglanyşygy bar?
8 Isa şol Dagdaky wagzynda diňleýjilerine Ýehowa bütin ýürekden gulluk etmek üçin näme etmelidigini aýtdy: «Siz öňürti Hudaýyň Patyşalygyny, Onuň dogrulygyny agtaryň, şonda bu zatlar hem size onuň üstüne goşulyp berler» (Mat. 6:33). Biz durmuşymyzda birinji orunda goýan zatlarymyz bilen ýüregimizdäki islegi, pikiri we niýeti aýan edýäris. Diýmek, Hudaýa bütin ýürekden gulluk edýändigimizi bilmek üçin durmuşymyzda nämäniň wajypdygy hakynda oýlanmaly.
9. Isa birnäçe adamy näme etmäge çagyrdy we olar näme etdi?
9 Isa şägirtlerine «öňürti Hudaýyň Patyşalygyny agtaryň» diýenine biraz wagt geçensoň bir waka boldy. Bu wakadan adamyň durmuşynda birinji orunda goýan zadynyň ýüregini aýan edýändigi görünýär. Lukanyň aýtmagyna görä, agyr synaglar garaşýandygyna garamazdan, «Isa Iýerusalime tarap aýgytly ýola düşdi». Isa we şägirtleri «ýol bilen barýarkalar» birnäçe adama duşýarlar. Isa olaryň her birine: «Meniň yzyma düş» diýdi. Şol adamlar Isanyň yzyna düşmek isleýärdi, ýöne belli bir şert bilen. Olaryň biri: «Rugsat et, öňürti gidip, kakamy jaýlaýyn» diýdi. Beýlekisi bolsa: «Ýa Reb! Seniň yzyňa düşeýin, ýöne rugsat ber, öňürti öz maşgalam bilen hoşlaşaýyn» diýdi» (Luka 9:51, 57—61). Isa aýgytly hem dogumly hereketi bilen şol gowşak hem bahana gözleýän adamlardan nähili tapawutlanýar! Olar Hudaýyň Patyşalygynyň bähbitlerini däl-de, öz gaýgy-aladalaryny birinji orunda goýup, Ýehowa bütin ýürekden gulluk etmek islemeýändigini görkezdiler.
10. a) Biz Isanyň çakylygyna nähili seslendik? b) Isa nähili mysal getirdi?
10 Şol ikigöwünli adamlardan tapawutlykda, biz Isa Mesihiň çakylygyny kabul edip, şägirdi bolduk we Ýehowa her gün gulluk edýäris. Bu biziň ýüregimiziň nähilidigini aýan edýär. Ýöne Ýehowa yhlasly gulluk edýän bolsak-da, ýüregimize abanýan howpuň bardygyny hem unutmaly däl. Ol nämekä? Isa ýokarda agzalan adamlara şol howp barada aýdypdy: «Eline azaly alansoň, yzyna seredýän adam Hudaýyň Patyşalygyna ýaraşmaz» (Luka 9:62). Bu mysal bize näme öwredýär?
«ÝAGŞYLYGA ÝAPYŞÝARYSMY»?
11. Isanyň mysalyndaky daýhan işini nähili ýerine ýetirdi we näme üçin?
11 Isanyň mysalyna düşünmek üçin daýhany göz öňüne getireliň. Daýhan ýeri sürüp ýör. Şol wagtyň özünde-de öýünde göwün açýan dogan-garyndaşlary, dost-ýarlary, näz-nygmatlar, aýdym-saz we şadyýan gülküler we salkyn howa barada pikir edip, arzuw edýär. Daýhan biraz işlese-de, şeýle pikirler gününe goýman, göwün açmaga islegi has-da möwjäp, «yzyna seredýär». Edilmeli iş köp bolsa-da, daýhanyň ünsi sowuldy we işine erbet täsir etdi. Elbetde, daýhanyň tutanýerli däldigini görüp, hojaýyny lapykeç bolýar.
12. Isanyň mysalyndaky daýhan bilen käbir mesihçileriň näme meňzeşligi bar?
12 Indi biziň günlerimize dolanalyň. Daýhany ruhy taýdan berk ýaly, ýöne howp abanýan mesihçä meňzedip bolar. Geliň, yhlasly gulluk edýän dogany göz öňüne getireliň. Ol ýygnaklara yzygiderli barsa-da, yhlasly wagyz etse-de, bu dünýädäki käbir zatlar barada hemişe oýlanýar. Ýüreginiň töründe şol zatlary küýseýär. Birnäçe ýyl gulluk edýändigine garamazdan, şol pikirler gününe goýman, ahyry dünýädäki käbir zatlara höwesi şeýle güýjeýär welin, hatda «yzyna seredýär». Gullukda edilmeli iş köp bolsa-da, ol «ýaşaýyş sözüni gaýym tutmaýar», Hudaýa indi öňküsi ýaly gulluk edenok (Flp. 2:16). «Hasyl eýesi» Ýehowa mesihçiniň erjellik bilen gulluk etmeýänine gynanýar (Luka 10:2).
13. Ýehowa tüýs ýürekden gulluk etmek näme aňladýar?
13 Biziň üçin edinmeli sapak mese-mälim. Ýehowa tüýs ýürekden gulluk etmek üçin yzygiderli ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmak we wagyz etmek ýeterlikli däl (2 Tar. 25:1, 2, 27). Eger mesihçi ýüreginiň töründe dünýädäki käbir zatlary söýýän bolsa, Ýehowa bilen ýakyn gatnaşygyna howp abanyp biler (Luka 17:32). Diýmek, Hudaýa bütin ýürek bilen gulluk etmek üçin «erbetligi ýigrenip, ýagşylyga ýapyşmaly» (Rim. 12:9; Luka 9:62). Şol sebäpli Şeýtanyň dünýäsinde käbir zatlar peýdaly hem ýakymly görünse-de, Hudaýyň Patyşalygyna ak ýürekden gulluk etmäge päsgel bermez ýaly habardar bolmaly (2 Kor. 11:14; Filipililer 3:13, 14-nji aýatlary okaň).
HÜŞGÄR BOLUŇ!
14, 15. a) Şeýtan ýüregimize täsir etmek üçin näme edýär? b) Şeýtanyň usulynyň mekirdigini mysal arkaly düşündiriň.
14 Biz Ýehowany söýüp, özümizi oňa bagyş etdik. Şondan bäri ençeme ýyllardyr Ýehowa tüýs ýürekden gulluk edip gelýäris. Emma Şeýtan bizi öz günümize goýmaýar. Ol henizem ýüregimizi awlamak isleýär (Efes. 6:12). Elbetde, ol biziň Ýehowa gulluk etmegi birden goýmajagymyzy bilýär. Şol sebäpli ol yhlasymyzy kem-kemden gowşatmak üçin «dünýä» arkaly mekirlik bilen täsir edýär (Markus 4:18, 19-njy aýatlary okaň). Şeýtanyň bu usuly näme üçin başa barýarka?
15 Bir mysal bu soraga jogap bermäge kömek eder. Aýdaly, siz 100 watly çyranyň ýagtylygynda kitap okaýarsyňyz, birdenem çyra köýýär. Siz tüm garaňkylygyň sebäbine düşünip, çyrany çalyşýarsyňyz. Otag ýene-de ýagty bolýar. Ertesi agşam siz şol çyranyň yşygynda kitap okaýarsyňyz. Emma kimdir biriniň 100 watly çyrany 95 watla çalşandygyndan habarsyz. Siz munuň tapawudyny bilersiňizmi? Bilmeseňiz gerek. Ertesi biri indi 90 watly çyra çalyşsa näme? Munuň tapawudyny hem siz saýgaryp bilmersiňiz. Näme üçin? Sebäbi çyranyň ýagtylygy gün-günden sähelçe peselýär. Şonuň ýaly Şeýtanyň dünýäsiniň täsiri arkaly yhlasymyz kem-kemden gowşap biler. Eger yhlasymyz gowşaýan bolsa, onda Şeýtan göçme manyda Ýehowa gulluk etmek yhlasymyzy 100 watdan pes kuwwata düşürýär. Mesihçi hüşgär bolmasa, kem-kemden bolýan bu üýtgeşiklige üns bermezligi mümkin (Mat. 24:42; 1 Pet. 5:8).
DOGA ETMEK WAJYP
16. Biz özümizi Şeýtanyň hilelerinden nädip gorap bileris?
16 Biz özümizi nädip Şeýtanyň hilelerinden gorap, ak ýürekden Ýehowa gulluk edip bileris? (2 Kor. 2:11). Munuň üçin doga etmek wajypdyr. Pawlus resul mesihçilere: «Iblisiň hilelerine garşy durup biler ýaly... Her hili doga we dileg bilen, hemişe... doga ediň» diýdi (Efes. 6:11, 18; 1 Pet. 4:7).
17. Biz Isanyň doga edişinden näme öwrenip bileris?
17 Şeýtana garşy durmak üçin Isa ýaly doga etmeli. Onuň eden dogasyndan bütin ýüregi bilen Ýehowa gulluk etmek isleýändigi görünýär. Mysal üçin, hoş habarçy Luka Isanyň ölmezinden öňki gije «agyr ynja düşüp, gaty yhlas bilen doga edendigini» ýazýar (Luka 22:44). Isa öňem erjellik bilen doga edýärdi, emma ýer ýüzünde agyr synaga uçranda, «gaty yhlas» bilen doga etdi. Ýehowa hem dogasyny eşitdi. Isanyň mysalyndan görnüşi ýaly dogalar her hili bolýar. Şol sebäpli synag näçe agyr, Şeýtanyň hileleri näçe mekir bolsa, biz Ýehowa şonça-da «gaty yhlas» bilen doga etmeli.
18. a) Doga babatda özümize nähili sorag bermeli we näme üçin? b) Ýüregimize näme täsir edýär we nädip? (16-njy sahypadaky çarçuwa seret).
18 Şeýle dogalar bize nähili täsir etmeli? Pawlus resul: «Hiç zadyň aladasyny etmän, her zatda dilegleriňizi doga we ýalbarma arkaly şükür bilen Hudaýa bildiriň. Her hili düşünjeden ýokary bolan Hudaýyň parahatçylygy Mesih Isada siziň ýüregiňizi, pikirleriňizi gorar» diýýär (Flp. 4:6, 7). Hawa, ikigöwünli bolmaz ýaly ýygy-ýygydan we gyzgyn doga etmeli (Luka 6:12). Şonuň üçin özüňize şeýle sorag beriň: «Men ak ýürekden we ýygy-ýygydan doga edýärinmi?» (Mat. 7:7; Rim. 12:12). Şu soraga berýän jogabyňyz tüýs ýürekden Ýehowa gulluk etmek isleýändigiňizi görkezer.
19. Sen Ýehowa bütin ýüregiň bilen gulluk etmek üçin näme etmekçi?
19 Durmuşymyzda birinji orunda goýýan zatlarymyz ýüregimiziň nähilidigini aýan edýändigine göz ýetirdik. Şeýlelikde, Ýehowa bütin ýüregimiz bilen gulluk etmek islegimizi yzda galan zatlar ýa-da Şeýtanyň mekir hileleri gowşatmasyn (Luka 21:19, 34—36-njy aýatlary okaň). Şonuň üçin Dawut pygamber ýaly Ýehowa: «Ýüregimi ýeke Özüňe bagla» diýip doga edeliň (Zeb. 86:11).
[16-njy sahypadaky çarçuwa]
ÝÜREGIMIZE TÄSIR EDÝÄN ÜÇ ÝAGDAÝ
Biz göni manydaky ýüregimiz barada alada edişimiz ýaly, göçme manydaky ýüregimiziň hem aladasyny etmeli. Geliň, üç wajyp ýagdaýa seredeliň.
1 Iýmitlenmek. Ýüregi ýokumly maddalar bilen üpjün etmeli. Şoňa meňzeşlikde, göçme manydaky ýürek sagdyn bolar ýaly, yzygider şahsy okuw geçirmek, oýlanmak we ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmak wajyp (Zeb. 1:1, 2; Sül. tym. 15:28; Ýew. 10:24, 25).
2 Türgenleşmek. Ýürek sagdyn bolar ýaly käwagt maşk etmeli. Edil şonuň ýaly, biz yhlasly wagyz etsek, mümkin bolsa bu işe köpräk gatnaşmagy maksat edinsek, göçme manydaky ýüregimiz sagdyn bolar (Luka 13:24; Flp. 3:12).
3 Gatnaşýan adamlarymyz. Biz hudaýsyz adamlar bilen işlemeli we ýaşamaly bolýarys, şol sebäpli-de göni we göçme manydaky ýüregimize agram düşýär. Eger aladamyzy edýän we Ýehowa bütin ýürekden gulluk edýän imandaşlarymyz bilen köpräk gatnaşsak, ýüregimize kän bir agram düşmez (Zeb. 119:63; Sül. tym. 13:20).
-
-
Ýehowa «ýakynda bolmaly zatlary» aýan edýärGarawul diňi — 2012 | 15 iýun
-
-
Ýehowa «ýakynda bolmaly zatlary» aýan edýär
«Bu Hudaýyň, ýakyn wagtda bolmaly zatlary bendelerine görkezmek üçin Isa Mesihe beren ylhamydyr» (YLH. 1:1).
1, 2. a) Daniýeliň we Ýahýanyň pygamberliginden näme öwrenýäris? b) Janawaryň ilkinji alty kellesi näme aňladýar?
DANIÝEL PYGAMBERIŇ we Ýahýa resulyň pygamberliklerini deňeşdirip, biz dünýäde bolýan we boljak wakalara düşünýäris. Eýsem, biz Ýahýanyň janawar baradaky, Daniýeliň on şahly wagşy haýwan hakdaky görnüşinden we Nebukadnezaryň ägirt heýkel baradaky düýşünden näme öwrenip bileris? Şol pygamberlikler bizi nämä höweslendirmeli?
2 Geliň, Ýahýanyň gören janawary hakda gürrüň edeliň (Ylhamyň 13-nji baby). Geçen makaladan bilşimiz ýaly, janawaryň ilkinji alty kellesi Müsüri, Assiriýany, Babyly, Midiýa-Pars patyşalygyny, Gresiýany we Rimi aňladýar. Bu dünýä şalyklarynyň hemmesi aýalyň neslini ýigrendiler (Gel. çyk. 3:15). Ýahýa görnüşi gören wagty Rim dünýä şalygydy we ýüzlerçe ýyllap höküm sürdi. Wagtyň geçmegi bilen, Rimiň, ýagny altynjy kelläniň ýerini ýedinji kelle tutmalydy. Bu dünýä şalygy kimkä we ol aýalyň nesline nähili garar?
BRITANIÝA WE ABŞ AÝAGA GALÝAR
3. On şahly wagşy haýwan kim we onuň on şahy näme aňladýar?
3 Ylhamyň 13-nji babyndaky janawaryň kimdigini bilmek üçin Ýahýanyň görnüşini Daniýeliň on şahly wagşy haýwan baradaky görnüşi bilen deňeşdirmelia (Daniýel 7:7-ni okaň)b. Daniýeliň gören wagşy haýwany Rim dünýä şalygyny aňladýar (12, 13-nji sahypalardaky çarçuwa serediň). B. e. V asyrynda Rim şalygy kiçi patyşalyklara bölnüp başlady. Daniýeliň gören wagşy haýwanynyň on şahy Rim şalygyndan dörän patyşalyklary aňladýar.
4, 5. a) «Kiçiräk şah» näme aňladýar? b) Janawaryň ýedinji kellesi näme?
4 Wagşy haýwanyň kellesinde çykan dört şah, ýagny patyşalyk barada aýratyn agzalýar. Soňra başga bir «kiçiräk şah» üç şahy gysyp çykarýar. Bu pygamberlik Rim şalygynyň daşky welaýaty Britaniýa güýjäp başlanda ýerine ýetdi. XVII asyra çenli Britaniýa onçakly güýçli däldi. Rim şalygynyň beýleki üç bölegi — Ispaniýa, Niderlandlar we Fransiýa — has güýçlüdi. Britaniýa olary birin-birin gysyp çykardy, ýagny abraýdan gaçyrdy. XVIII asyryň ortalarynda Britaniýa gitdigiçe güýjäp başlaýar. Ýöne ol entek janawaryň ýedinji kellesi däldi.
5 Britaniýa güýjese-de, onuň Demirgazyk Amerikadaky koloniýalary garaşsyzlygyny yglan edýär. Britaniýa ABŞ-nyň (Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň) güýçli döwlet bolmagyna päsgel bermedi, gaýtam, ony deňiz goşuny bilen gorady. 1914-nji ýylda Rebbiň güni başlanda, Britaniýa taryhda iň uly şalykdy, ABŞ bolsa senagatda iň ösen ýurtdyc. Birinji Jahan urşunyň dowamynda ABŞ we Britaniýa ýakyn hyzmatdaşlyk etdiler. Netijede, olar Iňlis-Amerikan dünýä şalygyna öwrüldi. Bu dünýä şalygy janawaryň ýedinji kellesi boldy. Eýsem, janawaryň ýedinji kellesi aýalyň nesline nähili garaýardy?
6. Ýedinji kelle Hudaýyň halkyna nähili garaýardy?
6 Rebbiň güni başlan badyna ýedinji kelle Hudaýyň halkyna, ýagny Mesihiň ýerdäki doganlaryna topulyp başlady (Mat. 25:40). Isa nesliň ýerdäki galyndysynyň Rebbiň gününde işeňňir hereket etjekdigini aýtdy (Mat. 24:45—47; Gal. 3:26—29). Iňlis-Amerikan dünýä şalygy «mukaddeslere», ýagny Mesihiň doganlaryna garşy urşup başlady (Ylh. 13:3, 7). Ol Birinji Jahan urşy döwründe Hudaýyň halkyna azar berip, käbir edebiýatlaryny gadagan etdi we sadyk hyzmatkäriň wekillerini türmä basdy. Ýedinji kelle biraz wagtlyk wagyz işini düýbünden diýen ýaly duruzdy. Emma aýalyň neslinden bolan mukaddesleriň bedenine ýaşaýyş demi girip, aýak üstüne galjagyny Hudaý aýdypdy. Diýmek, olar wagyz işine täzeden başlamalydylar (Ylh. 11:3, 7—11). Ýehowanyň gullukçylarynyň häzirki zaman taryhy munuň şeýle-de bolandygyny tassyklaýar.
IŇLIS-AMERIKAN DÜNÝÄ ŞALYGY HEM-DE DEMIR WE TOÝUN GARYLAN DABAN
7. Janawaryň ýedinji kellesi bilen ägirt heýkeliň näme baglanyşygy bar?
7 Janawaryň ýedinji kellesi bilen ägirt heýkeliň näme baglanyşygy bar? Britaniýa hem-de ABŞ Rim şalygyndan döredi. Heýkeliň dabany barada näme diýip bolar? Heýkeliň dabany demirden we toýundan ybarat (Daniýel 2:41-i okaň)d. Bu janawaryň ýedinji kellesiniň — Iňlis-Amerikan şalygynyň — agalyk edip başlan döwrüne gabat gelýär. Toýun gatyşykly demriň arassa demirden gowşak bolşy ýaly, Iňlis-Amerikan dünýä şalygy hem Rim şalygyndan gowşakdyr. Munuň sebäbi näme?
8, 9. a) Ýedinji dünýä şalygy nädip demir ýaly berk güýjüni görkezdi? b) Heýkeliň toýun dabany näme aňladýar?
8 Janawaryň ýedinji kellesi käte özüni demir häsiýetli alyp barýar. Meselem, ol Birinji Jahan urşunda ýeňiş gazanyp, güýjüni görkezdi. Ikinji Jahan urşy döwründe-de onuň «demir» ýaly berk güýji göründie. Şol uruşdan soňra-da ýedinji kelle käte demir häsiýetlerini görkezýär. Emma Iňlis-Amerikan şalygy peýda bolanda eýýäm toýun bilen demir garyşykdy.
9 Ýehowanyň gullukçylary heýkeliň dabanynyň manysyna köpden bäri düşünmäge çalyşýarlar. Daniýel 2:41-den görnüşi ýaly, toýun gatyşykly demir daban köp patyşalyklary däl-de, bir «patyşalygy» aňladýar. Toýun Iňlis-Amerikan dünýä şalygynyň tabynlygynda ýaşaýan adamlary aňladýar. Olar bu dünýä şalygyny Rim şalygyny aňladýan «arassa demirden» gowşak edýär. Şonuň üçin toýna «ynsan nesli», ýagny sada halk diýilýär (Dan. 2:43). Iňlis-Amerikan dünýä şalygynda ýaşaýan adamlar raýatlaryň we işgärleriň hukugyny goraýan guramalary, bileleşikleri hem-de garaşsyzlyk ugrunda hereketleri döredip, hak-hukuklary üçin göreşýärler. Sada halk ony özüni demir ýaly berk alyp barmakdan saklaýar. Hatda meşhur syýasatçylar hem saýlawlarda ýeterlik ses alyp bilmän, garşydaşlarynyň pikirini göz öňünde tutmaly bolýar, şol sebäpli-de olarda öz syýasatyny ýöretmäge ýeterlik ygtyýary ýok. Daniýel: «Patyşalyk käte güýçli, käte gowşak bolar» diýip, öňünden aýdypdy (Dan. 2:42; 2 Tim. 3:1—3).
10, 11. a) «Dabana» gelejekde näme bolar? b) Barmak sanlarynyň ähmiýeti barmy?
10 XXI asyrda-da Britaniýa we ABŞ dünýä işlerine köplenç bilelikde gatnaşyp, ýakyn hyzmatdaşlygyny dowam etdirýär. Olar pygamberlikdäki ägirt heýkeliň iň soňky bölegi, ýagny dabany we janawaryň iň soňky ýedinji kellesi. Bu bolsa Iňlis-Amerikan dünýä şalygynyň ýerine başga bir dünýä şalygynyň peýda bolmajakdygyny aňladýar. Hatda demir aýagy aňladýan Rimden ejizräk bolsa-da, ol öz-özünden dargamaz.
11 Heýkeliň aýagyndaky barmaklaryň sany hem bir zady aňladýarmyka? Daniýel beýleki görnüşlerinde sanlara üns berýär. Mysal üçin, wagşy haýwanyň kellesindäki şahlaryň sany agzalýar. Ýöne Daniýel heýkeliň näçe barmagynyň bardygyny aýtmaýar. Diýmek, heýkeliň barmak sany hiç hili many aňlatmaýar. Şeýle-de heýkeliň näçe eli ýa aýagy bardygy hem aýdylmaýar. Daniýel diňe heýkeliň barmaklarynyň demirden hem toýundandygyny aýdyp geçýär. Şeýlelikde, dünýäde Iňlis-Amerikan şalygy höküm sürýärkä, Hudaýyň Patyşalygyny aňladýan «daş» heýkeliň dabanyna urar (Dan. 2:45).
IŇLIS-AMERIKAN ŞALYGY WE IKI ŞAHLY JANAWAR
12, 13. Iki şahly janawar näme aňladýar we ol näme edýär?
12 Iňlis-Amerikan dünýä şalygy demirden we toýundan ybarat bolsa-da, Isanyň Ýahýa beren görnüşine laýyklykda, soňky günlerde bu şalygyň ähmiýeti uly bolar. Ýahýa iki şahly janawaryň aždarha ýaly ses edýändigini görýär. Ol janawar kimi aňladýarka? Onuň iki şahy bar, diýmek, iki güýji aňladýar. Şeýlelikde, Ýahýa ýene-de Iňlis-Amerikan dünýä şalygyny görýär, ýöne ol indi başga bir üýtgeşik zady edýär (Ylham 13:11—15-nji aýatlary okaň).
13 Bu janawar adamlara öňki janawaryň butuny ýasadýar. Ýahýanyň aýtmagyna görä, janawaryň buty «bir wagtlar bardy, indi ýok, ýöne ýene geler». Britaniýanyň we ABŞ-nyň döreden guramasyna hut şeýle hem boldy. Ol gurama dünýä döwletlerini birleşdirip, olara wekilçilik etmelidif. Bu gurama Birinji Jahan urşundan soň döredilip, Milletler Ligasy diýen ady aldy. Ol Ikinji Jahan urşunyň başlamagy bilen dargady. Uruş döwürleri Hudaýyň halky Ylham kitabyna esaslanyp, janawaryň butunyň ýene-de peýda boljagyny yglan etdiler. Ol, hakykatdan-da, peýda boldy — Birleşen Milletler Guramasy döredildi (Ylh. 17:8).
14. Janawaryň butuna näme üçin patyşalaryň «sekizinjisi» diýilýär?
14 Ýahýanyň aýtmagyna görä, janawaryň buty patyşalaryň «sekizinjisidir». Näme üçin? Ol başdaky janawaryň sekizinji kellesi däl-de, ol şol janawaryň buty. Şol buta erk-ygtyýary Birleşen Milletler Guramasynyň agzalary, esasanam, Iňlis-Amerikan dünýä şalygy berýär (Ylh. 17:10, 11). Ol edil patyşa ýaly hereket edip, özüne berlen ygtyýar esasynda bütin dünýäni üýtgetjek bir zady eder.
JANAWARYŇ BUTY KEMÇINI ÝOK EDÝÄR
15, 16. Kemçin aýal nämäni aňladýar? Häzir adamlar dine nähili garaýar?
15 Ýahýanyň aýtmagyna görä, gyzyl janawaryň, ýagny ýedi kelleli janawaryň butunyň üstünde bir aýal oturyp, oňa diýenini etdirýär. Oňa «Beýik Babyl» diýen at berlipdir (Ylh. 17:1—6). Ol kemçin aýal ähli ýalan dinleri aňladýar. Hristian dünýäsiniň dinleri bolsa Beýik Babylyň esasy bölegidir. Ýalan dinler janawaryň butuny, ýagny Birleşen Milletler Guramasyny aç-açan goldaýarlar we oňa täsir etmäge çalyşýarlar.
16 Beýik Babylyň suwlaryň üstünde oturandygy aýdylýar. Şol suwlar ony goldaýan adamlary aňladýar. Emma Rebbiň gününde adamlar Beýik Babyly öňküsi ýaly goldamaýarlar. Şonuň üçin «derýanyň suwlary gurady» diýilýär (Ylh. 16:12; 17:15). Meselem, janawaryň buty ilki-ilki peýda bolanda, hristian dinleri günbatar ýurtlarynda örän abraýlydy. Häzir bolsa köp adamlar şol dinleri onçakly sylanok. Köpleriň pikirine görä, dünýädäki kynçylyklar, esasan, din sebäpli döreýär. Başgalar bolsa dinleriň adamzat jemgyýetine asla täsir etmegini islemeýär.
17. Tizden ýalan dine näme bolar we näme üçin?
17 Emma ýalan din öz-özünden ýok bolmaz. Hudaý patyşalaryň ýüregine kemçini ýok etmek islegini guýýança, kemçin aýal hökümdarlara öz islegini etdirmäge çalşar we güýç-kuwwatyny ýitirmez (Ylham 17:16, 17-nji aýatlary okaň). Tizden Ýehowa Şeýtanyň dünýäsiniň syýasy ýolbaşçylaryny — BMG-ni — ýalan dine topulmaga höweslendirer. Kemçin aýal indi patyşalara täsir edip bilmez we baýlygyndan mahrum bolar. Beýle zat bolar diýip, bary-ýogy birnäçe on ýyl öňräk aýtmak kyndy. Häzir bolsa kemçin aýal gyzyl janawaryň arkasynda zordan ýapyşyp otyr. Şonda-da ol kem-kemden sypyrylyp düşmez. Ol birdenkä rehimsiz ýok ediler (Ylh. 18:7, 8, 15—19).
JANAWARLAR ÝOK EDILÝÄR
18. a) Janawar näme eder we netijesi näme bolar? b) Daniýel 2:44-e laýyklykda, Hudaýyň Patyşalygy haýsy patyşalyklary ýok eder? (17-nji sahypadaky çarçuwa serediň).
18 Ýalan din ýok edilenden soňra, janawar we Şeýtanyň ýerdäki hökümetleri Hudaýyň Patyşalygyna hüjüm eder. Olar göge ýetip bilmez, şonuň üçin Hudaýyň Patyşalygyny goldaýan adamlara topular. Netijede, olar Hudaýa garşy soňky urşa çykarlar (Ylh. 16:13—16; 17:12—14). Daniýel soňky söweş barada käbir zatlary aýdýar (Daniýel 2:44-i okaň)g. Ylham 13:1-de agzalýan janawar, onuň buty we iki şahly janawar ýok ediler.
19. Nämeler hökman bolar we häzir näme etmegiň wagty?
19 Biz janawaryň ýedinji kellesiniň döwründe ýaşaýarys. Ol ýok edilýänçä başga kelle peýda bolmaz. Ýalan din ýok edilen mahaly, Iňlis-Amerikan şalygy dünýäde höküm sürer. Daniýeliň we Ýahýanyň aýdan pygamberlikleri jikme-jik ýerine ýetdi. Tizden ýalan din hökman ýok ediler we Armageddon urşy başlar. Bu zatlary Hudaý bize öňünden aýdýar. Eýsem, biz şol pygamberliklere gulak asýarysmy? (2 Pet. 1:19). Häzir Ýehowanyň tarapyna geçip, gökdäki Patyşalygyny goldamagyň tüýs wagtydyr! (Ylh. 14:6, 7).
a Mukaddes Ýazgylarda onluk san köplenç bir zadyň dolulygyny aňladýar. Şu aýatda bolsa, Rim şalygynyň dargamagy bilen dörän ähli patyşalyklary aňladýar.
b Daniýel 7:7 Soňra gijeki görnüşlerde elhenç hem gorkunç örän güýçli dördünji janawary gördüm. Onuň ullakan demir dişleri bardy. Ol ähli zady lak-luk atýardy we parça-parça edýärdi, galanyny bolsa aýagy bilen depeleýärdi. Ol öňki janawarlardan tapawutlanýardy we on şahy bardy.
c Britaniýa şalygy-da, ABŞ-da XVIII asyrdan bäri bardy. Ýöne Ýahýanyň gören görnüşine laýyklykda, olar Rebbiň gününiň başynda bir dünýä şalygy bolmalydy. Ylham kitabynda ýazylan görnüşler «Rebbiň gününde» ýerine ýetýär (Ylh. 1:10). Britaniýa we ABŞ diňe Birinji Jahan urşunyň dowamynda bilelikde dünýä şalygy hökmünde hereket edip başlady.
d Daniýel 2:41 Sen dabanyň we barmaklaryň az-kem toýundan, az-kem demirdendigini gördüň, ol hem şeýle bölünen patyşalyk bolar. Ýöne çyg toýun demir gatyşyklydyr, şoňa görä, onda biraz demriň berkligi bolar.
e Daniýel bu patyşanyň şol uruşda etjek elhenç heläkçiligi barada öňünden aýdýar: «Ol üýtgeşik (gorkunç) heläkçilik eder» (Dan. 8:24). Meselem, ABŞ öz duşmanyna atom bombasyny zyňyp, elhenç heläkçilik döretdi.
f «Ylham — onuň beýik derejesi ýakyndyr!» atly kitaba (rusça, sah. 240, 241, 253) serediň.
g Daniýel 2:44 Şol patyşalyklaryň günlerinde gökdäki Hudaý bir patyşalyk berkarar eder, ol hiç haçan ýok bolmaz we bu patyşalyk başga halka berilmez. Ol patyşalyklaryň ählisini ýumrup ýok eder, özi bolsa ebedi galar.
[17-nji sahypadaky çarçuwa]
«OL PATYŞALYKLARYŇ ÄHLISI» KIMLERI AŇLADÝAR?
Daniýel 2:44-däki pygamberlikde Hudaýyň Patyşalygy «ol patyşalyklaryň ählisini ýumrup ýok eder» diýilýär. Bu pygamberlikde diňe heýkeliň böleklerini aňladýan patyşalyklar göz öňünde tutulýar.
Daniýel 2:44-de beýleki patyşalyklara näme boljagy barada aýdylmaýar. Emma bu babatda Ylham kitabyndaky pygamberlikde köpräk aýdylýar. Şol pygamberlige görä, «bütin dünýäniň patyşalary» «ähli zada güýji ýetýän Hudaýyň uly gününde» Ýehowa garşy söweşmek üçin üýşerler (Ylh. 16:14; 19:19—21). Diýmek, Armageddon urşunda diňe bir heýkeliň böleklerini aňladýan patyşalyklar däl-de, eýsem, ähli ynsan hökümetleri ýok ediler.
-
-
Erkinlik berýän Ýehowa gulluk ediňGarawul diňi — 2012 | 15 iýul
-
-
Erkinlik berýän Ýehowa gulluk ediň
«Hudaýyň söýgüsi Onuň buýruklaryny berjaý etmekdir, Onuň buýruklary bolsa agyr däldir» (1 ÝAHÝA 5:3).
1. Ýehowa erkinlige nähili garaýar we Ol Adam ata bilen How enä nähili erkinlik berdi?
DIŇE Ýehowada doly erkinlik bar. Ol hemişe erkinligini dogry ulanýar. Emma gullukçylarynyň edýän her bir ujypsyz işine gözegçilik etmän, gaýtam, adamlara karara gelmek üçin erkinlik berip, olaryň ähli dogry isleglerini kanagatlandyrýar. Meselem, Hudaý Adam ata bilen How enä diňe bir zat etmegi rugsat bermedi. Ýehowa olara: «Ýagşy-ýamany saýgaryş daragtynyň miwesinden iýmäň» diýdi (Gel. çyk. 2:17). Olar Hudaýyň islegini berjaý edip bilerdi we şu günlere çenli ajaýyp erkinlikde bolardy!
2. Näme üçin Adam ata bilen How ene günäniň guly boldy?
2 Hudaý näme üçin Adam ata bilen How enä şeýle köp erkinlik berdikä? Sebäbi Ýehowa olara ynsap berdi we olary özüne meňzedip ýaratdy. Adam ata bilen How ene dogry iş edip, Ýaradyja bolan söýgüsini görkezmelidi (Gel. çyk. 1:27; Rim. 2:15). Gynansak-da, Adam ata bilen How ene Ýaradyjynyň beren erkinliginiň gadyryny bilmedi. Olar ýagşyny we ýamany özleri çözesi geldi. Şeýtmek bilen, olar has erkin bolarys öýtdüler, ýöne, aslynda, olaryň gelen karary özüni we çagalaryny günäniň guly edip, iň soňy horluga hem-de ölüme eltdi (Rim. 5:12).
3, 4. Şeýtan Hudaýyň talaplary barada biziň nähili pikir etmegimizi isleýär?
3 Eger Şeýtan iki kämil adamy we ençeme perişdeleri Hudaýyň hökümdarlygyna garşy gitdirmek üçin täsir edip bilen bolsa, onda bize-de täsir edip biler. Şeýtanyň hileleri üýtgemedi. Ol biziň hem Hudaýyň tabşyryklaryny berjaý etmek kyn diýip pikir etmegimizi isleýär. Şeýle-de ol Hudaýa gulluk etsek durmuşdan lezzet alyp bilmeris öýtmegimizi isleýär (1 Ýahýa 5:3). Biz dünýädäki adamlar bilen köp wagtymyzy geçirsek, olar ýaly pikir edip başlamagymyz mümkin. 24 ýaşly uýa erbet joralarynyň ýaramaz täsirine düşendigini aýdýar. Ol beýleki ýaşlardan tapawutlanmaga çekinip, ahlaksyzlyk etdi. Belki, sen hem dostlaryň güýçli täsir edýändigini duýýansyň.
4 Gynansak-da, mesihçiler ýygnagynda hem käbirleriniň erbet täsir etmegi mümkin. Bir ýaş dogan ýygnakdaky dostlarynyň Ýehowa gulluk etmeýän adamlar bilen söýşendigini gürrüň berýär. Ol şol dostlary bilen köp wagtyny geçirip, gitdigiçe şolara meňzäp başlady. Ol şeýle diýýär: «Meniň Ýehowa bilen dostlugym bozuldy. Men ýygnaga barmaýardym, wagyz hem etmeýärdim. Men muňa düşünenimde, Ýehowa gulluk etmeýän adamlardan aramy açdym!» Sen hem dostlaryň nähili güýçli täsir edýändigine düşünýärsiňmi? Mukaddes Ýazgylardan bize kömek etjek bir mysala seredeliň (Rim. 15:4).
OL OLARYŇ ÝÜREGINI AWLADY
5, 6. Abşalom adamlary nädip aldady we onuň niýeti başa bardymy?
5 Mukaddes Ýazgylarda erbet täsir eden adamlaryň birnäçe mysallary bar. Olaryň biri Dawut patyşanyň ogly Abşalom. Ol örän görmegeý ýigitdi. Ol Şeýtan ýaly ýüreginde erbet höwesleriň kök urmagyna ýol berdi. Onuň patyşa bolmaga haky bolmasa-da, kakasynyň tagtyna geçmek isledia. Abşalom arzuwyna ýetjek bolup, patyşanyň adamlara kömek etmek islemeýändigini, özüniň bolsa kömek etjekdigini aýtdy. Erem bagynda edil Iblisiň edişi ýaly, Abşalom hem adamlaryň aladasyny edýärin diýip, atasyna töhmet atdy (2 Sam. 15:1—5).
6 Abşalomyň niýeti başa bardymy? Ilkibaşda biraz başa bardy diýse bolar. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Abşalom ysraýyllylaryň ýüregini awlady» (2 Sam. 15:6). Abşalom köp adamlary aldasa-da, iň soňy ýeňlişe sezewar boldy. Onuň tekepbirligi özüniň we aldanan müňlerçe adamlaryň ölümine eltdi (2 Sam. 18:7, 14—17).
7. Abşalomyň mysalyndan biz nähili sapak edinip bileris? (14-nji sahypadaky surata seret).
7 Näme üçin Abşaloma ysraýyllylary aldamak kyn bolmady? Belki, Abşalom olaryň göwnünden turaýjak zady wada berendir. Ýa-da olara onuň görmegeýligi täsir edendir. Nähili bolaýanda-da, olar Ýehowa we onuň saýlan patyşasyna wepaly bolmadylar. Şu günlerem Şeýtan Abşalom ýaly adamlar arkaly Ýehowanyň gullukçylaryny aldajak bolýar. Olar Ýehowanyň talaplaryny berjaý etmek kyn ýa-da Ýehowa gulluk etmeýänler has bagtly diýmekleri mümkin. Siz şeýle zatlary eşideniňizde, munuň ýalandygyna we Hudaýa wepaly bolmalydygyna düşünýärsiňizmi? Siz Ýehowanyň «kämil kanuny», Mesihiň kanuny hakyky azatlygy berýändigine göz ýetirýärsiňizmi? (Ýakup 1:25). Siz muňa göz ýetirýän bolsaňyz, şol kanuna bolan söýgiňizi görkezýärsiňiz we erkinligiňizi dogry ulanyp, Ýehowany razy edýärsiňiz (1 Petrus 2:16-ny okaň).
8. Ýehowanyň tabşyryklaryny berjaý etmesek bagtly bolmajakdygymyzy haýsy mysallar görkezýär?
8 Şeýtan, esasanam, ýaşlary aldamak isleýär. 30 ýaşyndaky bir dogan ýetginjekkä, Ýehowanyň ahlak kadalary goramaýar-da, gaýtam çäklendirýär diýip pikir edendigini aýdýar. Iň soňy, ol jynsy ahlaksyzlyk etdi, ýöne özüni bagtly duýmady. Gaýtam birnäçe ýyl özüni günäkär duýup, eden işine ökündi. Ýetginjek ýaşynda ahlaksyzlyk eden uýa, soňra gaty gynanyp, özüni dereksiz duýandygyny ýazýar. Ol şeýle diýýär: «Şondan soň 19 ýyl geçse-de, öňki bolan erbet zatlar ýadyma düşýär». Başga uýa bolsa eden etmişiniň iň ýakyn adamlaryna nähili erbet täsir edendigi hakynda oýlananda, ýüreginiň gyýylýandygyny aýdýar. Şeýtan eden günäňiziň netijesi hakynda oýlanmagyňyzy islemeýär.
9. a) Ýehowanyň kanunlary we prinsipleri barada özüňe nähili soraglary bermeli? b) Näme üçin Hudaýy gowy tanamaly?
9 Şeýle mysallar Hudaýa gulak asmazlygyň örän erbet netije berýändigini görkezýär. Gynansak-da, Hudaýa gulluk edýän köp ýaşlar, hatda uly adamlar hem günä edensoň, gören görgüsinden sapak edinýärler! (Gal. 6:7, 8). Sen özüňe şeýle soraglary ber: «Şeýtanyň meni aldajak bolýandygyna düşünýärinmi? Ýehowany iň gowy Dost hasaplap, onuň hemişe hakykaty aýdýandygyna we maňa iň gowy zatlary isleýändigine düşünýärinmi? Bagtly bolmagym üçin hiç haçan Hudaýyň hiç bir gowy zady gaýgyrmaýandygyna ýürekden ynanýarynmy? (Işaýa 48:17, 18-nji aýatlary okaň)b. Sen şu soraglara «Hawa» diýip jogap berýän bolsaň, onda Ýehowany gowy tanaýarsyň. Sen Ýehowanyň kanunlarynyň we prinsipleriniň, Onuň saňa bolan söýgüsini görkezýändigine hem-de erkinligiňi çäklendirmek islemeýändigine düşünmeli (Zeb. 25:14).
AKYLDARLYK WE GULAK ASMAK BARADA DOGA EDIŇ
10. Biz näme üçin ýaş Süleýman patyşanyň göreldesine eýermeli?
10 Süleýman patyşa ýaşka Ýehowa kiçigöwünlilik bilen: «Men entek ýaş we baştutan bolup bilmeýärin» diýip, akyldar bolmagy we gulak asmagy diledi (1 Pat. 3:7—9, 12). Ýehowa onuň ýürekden eden dogasyna jogap berdi. Sen hem ýaşlygyňa ýa garrylygyňa garamazdan, şulary dileseň, Ýehowa dogaňa jogap berer. Emma sen Hudaýyň Sözüni ünsli okamasaň, mukaddes ruhy dilemeseň, ýygnak duşuşyklarynda berilýän öwüde we görkezmä eýermeseň, Ýehowa saňa akyldarlyk bermez (Ýakup 1:5). Diýmek, Ýehowa ýaş gullukçylaryny Hudaýa gulak asmaýan garry we bilimli adamlardanam akyldar edýär (Luka 10:21; Zebur 119:98—100-nji aýatlary okaň).
11—13. a) Zebur 26:4, Süleýmanyň tymsallary 13:20, 1 Korintoslylar 15:33-nji aýatlardan nähili wajyp sapak edinip bileris? b) Sen şu prinsiplere nädip eýerip bilersiň?
11 Geliň, dost saýlamak babatda wajyp sapak edinmek üçin Mukaddes Ýazgylardan birnäçe aýada seredeliň. Bu bize Ýehowany gowy tanamak üçin Mukaddes Ýazgylary okamagyň we okan zatlarymyz hakynda oýlanmagyň wajypdygyna düşünmäge kömek eder. Zebur 26:4-de: «Ýalançylar bilen oturmadym, ikiýüzlüler bilen gatnaşyk etmerin» diýilýär. Süleýmanyň tymsallary 13:20-de bolsa: «Akyldarlar bilen gezýän adam akyldar bolar; akylsyzlaryň dosty bolsa zelel çeker» diýilýär. 1 Korintoslylar 15:33-de: «Aldanmaň! Ýaman ýaranlar ýagşy ahlagy bozýandyr» diýilýär.
12 Biz şu aýatlardan nähili sapak edinip bileris? Ýehowa dost-ýarlary ünsli saýlamagymyzy isleýär Ol bizi dostlarymyzyň ýaramaz täsirinden goramak isleýär. Hakykatdanam, dostlarymyz bize gowy ýa-da erbet täsir edýär. Ýokarda getirlen aýatlardan görnüşi ýaly, Ýehowa biziň ýüregimize täsir etmek isleýär. Şu aýatlarda hakykatyň ýönekeý ýazylyşyna üns beriň, olar «sen muny etme» ýa-da «sen ony etme» diýen düzgün hökmünde ýazylmandyr. Bu Ýehowanyň bize: «Bu hakykatdyr. Sen näme edersiň? Ýüregiňe nämäni düwdüň?» diýdigidir.
13 Ýokarda getirilen üç aýat şeýle düşnükli ýazylan welin, şu günler hem adamlar köp ýagdaýlarda olara eýerip bilýär. Özüňe şeýle soraglary ber: «Men «ikiýüzlüler bilen gatnaşyk» etmekden nädip gaça durup bilerin? Men olar bilen dostlaşmaz ýaly näme edip bilerin?» (Sül. tym. 3:32; 6:12). Ýehowa nähili «akyldarlar» bilen dostlaşmagymy isleýär? Men nähili «akylsyzlardan» gaça durmaly? (Zeb. 111:10; 112:1; Sül. tym. 1:7). Men ýaman dostlary saýlasam, nähili «ýagşy ahlagym» bozular? Men «ýaman ýaranlara» diňe şu dünýädäki adamlaryň arasynda duşýarynmy? (2 Pet. 2:1—3). Sen şu soraglara nähili jogap berersiň?
14. Maşgala okuwyny nädip gowulandyryp bilersiňiz?
14 Sen we maşgalaň Hudaýyň garaýşyna düşüner ýaly, diňe şu üç aýady däl, eýsem başga aýatlary hem okap bilersiňc. Ata-eneler, maşgala okuwynda şol temalara serediň. Okuw geçende maksadyňyzy unutmaň, ýagny maşgala agzalarynyň her birine Hudaýyň kanunlary we prinsipleri bize bolan söýgüsini görkezýändigine düşünmäge kömek etmeli (Zeb. 119:72). Şeýdip, maşgala okuwyny geçirseňiz, Ýehowa bilen we biri-biriňiz bilen gatnaşygyňyzy berkidersiňiz.
15. Sen akyldardygyňy we gulak asýandygyňy nädip bilmeli?
15 Sen akyldardygyňy we gulak asýandygyňy nädip bilmeli? Muny bilmek üçin pikirimizi gadymy döwürdäki Hudaýyň wepaly gullukçysy Dawut patyşanyň pikiri bilen deňeşdirmeli. Ol şeýle ýazdy: «Men Seniň islegiňi berjaý etmekden keýp alýaryn, eý Hudaýym; kanunyň ýüregimiň içindedir» (Zeb. 40:8). Şeýle-de 119-njy mezmurda: «Men Seniň kanunyňy nähili soýýärin! Bütin gün oý-pikirim şol hakda» diýilýär (Zeb. 119:97). Hudaýyň kanunyny şeýle söýmek üçin tagalla etmeli. Sen Mukaddes Ýazgylary çynlakaý öwrenseň, doga etseň we oýlansaň şeýle söýgiňi artdyryp bilersiň. Şeýle-de Ýehowanyň tabşyryklaryny berjaý edip, köp bereketler alanyňda, söýgiň artýandygyna göz ýetirersiň (Zeb. 34:8).
MESIHI ERKINLIK UGRUNDA GÖREŞ!
16. Azatlyk ugrunda göreşeniňde üstün çykmak üçin nämäni unutmaly däl?
16 Taryhdan bilşimiz ýaly, halklar azatlyk ugrunda ýowuz uruşlar alyp barýardy. Sen onda mesihi azatlyk üçin has-da göreşmeli. Duşmanyň diňe bir Şeýtan we dünýädäki çüýrük pikirler däldigini unutma. Şeýle-de bikämilligiňe we mekir ýüregiňe garşy göreşmeli (Ýerem. 17:9; Efes. 2:3). Ýehowanyň kömegi bilen üstün çykyp bilersiň. Her gezek dogry zady etmegi saýlanyňda, iň bolmanda, iki sany gowy netije berýändigini görersiň. Birinjiden, Ýehowanyň ýüregini şatlandyrarsyň (Sül. tym. 27:11). Ikinjiden, «kämil kanuna, azatlyk kanunyna» gulak asanyňda, özüň üçin gowudygyna her sapar düşünersiň we ebedi ýaşaýşa eltýän ýoldan ýöremegi ýüregiňe berk düwersiň. Gelejekde bolsa, Ýehowanyň ähli wepaly gullukçylaryna wada eden azatlygyny has köp alarsyň (Ýakup 1:25; Mat. 7:13, 14).
17. Biz ýalňyşanymyzda näme üçin göwünçökgün bolmaly däl? Ýalňyşanymyzda Ýehowa bize nädip kömek edýär?
17 Elbetde, biziň ählimiz käte ýalňyşýarys (Wag. 7:20). Sen hem ýalňyşan bolsaň özüňi dereksiz duýma we göwünçökgün bolma. Şeýle ýagdaýda ýalňyşyňy düzetmek üçin ýaşululardan kömek sora. Ýakup olaryň «iman dogasy syrkawa şypa berer; Reb ony dikelder. Eger ol günä eden bolsa bagyşlanar» diýýär (Ýakup 5:15). Hudaýyň rehimdardygyny we sende bir gowy häsiýetiňi görüp, ýygnakda galmagyňy isleýändigini unutma (Zebur 103:8, 9-njy aýatlary okaň). Ýehowa hemişe bütin ýüregiň bilen gulluk etseň, ol seni hiç haçan terk etmez (1 Tar. 28:9).
18. Ýehowa bizi gorar ýaly näme etmeli?
18 Isa ölüminiň soňky gijesi 11 wepaly resuly üçin doga edip, Atasyndan olary goramagy diledi. Isa: «Olary dünýäden almagyňy däl-de, ýamanlykdan goramagyňy dileýärin» diýip, ýatdan çykmajak sözleri aýtdy (Ýahýa 17:15). Şonda Isa diňe öz resullary barada däl-de, eýsem häzirki şägirtleri barada-da alada edipdi. Şonuň üçin şu kyn günlerde Ýehowanyň bizi gorap, Isanyň dogalaryna jogap berýändigine ynamly bolup bileris. Süleýmanyň tymsallary 2:7, 8-nji aýatlarda Ýehowanyň wepaly gullukçylary üçin galkan kimindigi we «Özüne sadyklaryň ýoluny goraýandygy» aýdylýar. Elbetde, Ýehowanyň talaplaryny hemişe berjaý etmek aňsat däl. Emma diňe Ýehowa gulak asýanlar ebedi ýaşar we hakyky azatlyga gowşar (Rim. 8:21). Goý, Ýehowanyň ýolundan ýöremäge saňa hiç kim päsgel bermesin!
a Hudaý Dawuda ondan soň patyşa boljak «nesil» ýa-da ogul barada wada berende, Abşalom eýýäm dünýä inipdi. Abşalom Ýehowanyň ony Dawutdan soňky patyşa edip saýlamandygyny bilýärdi (2 Sam. 3:3; 7:12).
b Işaýa 48:17 Penakäriňiz, Ysraýylyň Mukaddesi Reb şeýle diýýär: «Peýdaly zady öwredýän size, ýöremeli ýoluňyzdan äkidýän Hudaýyňyz Reb Mendirin. 18 Käşgä tabşyryklaryma gulak asan bolsadyňyz, şonda abadançylygyňyz derýa deý, deňiz tolkunlary deý bolardy dogrulygyňyz.
c Pawlusyň söýgi barada aýdan 1 Korintoslylar 13:4—8-nji aýatlardan we Ýehowanyň kanunlaryna gulak assak, aljak ençeme bereketler barada aýdylýan Zebur 19:7—11-nji aýatlardan gowy mysallar getiriň.
[14-nji sahypadaky suratlar]
Häzirki Abşalomlary nädip tanap bolar we olaryň täsirinden nädip gaça durup bileris?
-
-
Siz nähili ruhy bildirýärsiňiz?Garawul diňi — 2012 | 15 oktýabr
-
-
Siz nähili ruhy bildirýärsiňiz?
«Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti siziň ruhuňyz bilen bolsun!» (FLM. 25).
1. Pawlus mesihçilere ýazan hatynda nämä umyt edýändigi barada aýtdy?
PAWLUS RESUL ýygnaklaryň bildirilýän ruhundan Hudaýyň we Isa Mesihiň razydygyna umyt edýärdi. Şol sebäpli ol bu barada mesihçilere telim gezek hat ýazdy. Meselem, ol galatýalylara şeýle ýazdy: «Eý doganlarym! Goý, Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti siziň bildirýän ruhuňyz bilen bolsun. Omyn!» (Gal. 6:18, TD). Pawlus «siziň bildirýän ruhuňyz» diýmek bilen nämäni göz öňünde tutdy?
2, 3. a) Käbir ýagdaýlarda Pawlus «ruh» sözüni nähili manyda ulandy? b) Biz bildirýän ruhumyz babatda özümize nähili soraglary berip bileris?
2 Pawlusyň bu aýatda ulanan «ruh» sözi bizi geplemäge ýa-da hereket etmäge höweslendirýän güýji aňladýar. Käbir adamlar mähirli, ünsli, mylaýym, eli açyk we geçirimli bolýar. Mukaddes Ýazgylarda «ýumşak, ýuwaş ruhly» we «mylaýym ruhly» adamlar öwülýär (1 Pet. 3:4; Sül. tym. 17:27). Emma käbirleri içýakgyç, öz peýdasyna çapýan, öýkelek bolýarlar ýa-da özbaşdak bolmaklygy isleýärler. Şeýle-de ahlaksyz, boýun egmezek, hatda pitneçi ruhy bildirýänler hem bar.
3 Şol sebäpli Pawlus: «Reb... seniň ruhuň bilen bolsun» diýen sözleri ulanyp, doganlary Hudaýyň niýetine we Mesihiň häsiýetine laýyk gelýän ruhy bildirmäge höweslendirdi (2 Tim. 4:22; Koloseliler 3:9—12-nji aýatlary okaň). Şonuň üçin biz özümize şeýle soraglar bersek gowy bolar: «Men nähili ruhy bildirýärin? Men bildirýän ruhumyň Hudaýa has ýaramly bolmagy üçin näme edip bilerin? Men ýygnagyň gowy ruhuna nähili goşant goşup bilerin?» Günebakarly meýdany göz öňüne getiriň. Ol ýerdäki her bir gül tutuş meýdana gözellik berýär. Biz hem şol gülleriň birine meňzäp, ýygnagyň owadanlygyna owadanlyk goşup bilerismi? Elbetde, biz şeýle etmäge jan etmeli. Geliň, Hudaýa ýaramly ruhy bildirmek üçin näme etmelidigine seredeliň.
DÜNÝÄNIŇ RUHUNDAN GAÇA DURUŇ
4. «Dünýäniň ruhy» näme?
4 Mukaddes Ýazgylarda: «Biz bu dünýäniň ruhuny däl-de... Hudaýdan gelen Ruhy aldyk» diýilýär (1 Kor. 2:12). «Dünýäniň ruhy» näme? Bu ruh Efesliler 2:1, 2-nji aýatlarda-da agzalýar: «Siz bir wagtlar içinde gezýän ýazyk we günäleriňiz zerarly ölüdiňiz. Bu dünýäniň gerdişine, söz diňlemeýän adamlarda häzir işleýän ruhuň, ýagny howadaky erbet güýçleriň hökümdaryna uýýardyňyz». Bu ýerde aýdylýan «howa» dünýäniň ruhuny ýa-da garaýşyny aňladýar. Olar edil howa ýaly bizi gurşap alýar. Ony şu günler köp adamlara mahsus bolan garaýyşdan görse bolýar, ýagny olar köplenç şeýle diýýärler: «Hiç kimiň maňa görkezme bermäge haky ýok» ýa-da «Öz hakyň üçin göreş!» Olar Şeýtanyň dünýäsindäki «sözi diňlemeýän» adamlardyr.
5. Ysraýyllylaryň käbiri nähili ruha eýerdiler?
5 Bu garaýyş ýaňy-ýakynda döremedi. Musanyň döwründe Korah Ysraýyl ýygnagyna ýolbaşçylyk eden adamlara garşy çykdy. Ol, esasanam, Haruna we onuň ruhany bolup gulluk edýän ogullaryna garşy boldy. Belki-de, Korah olaryň kämilsizligini görendir. Ýa-da ol Musanyň kowum-garyndaşlaryna uly wezipe berip, ony garyndaşparaz hasaplandyr. Nähili sebäp bolaýanda-da, Korah ähli zada ynsan garaýşy bilen seredip, Ýehowanyň bellän adamlaryna gödeklik bilen: «Siz juda öte geçdiňiz!.. Siz özüňizi näme üçin Rebbiň jemagatyndan ýokary tutýarsyňyz?» diýip, olaryň garşysyna gitdi (San. 16:3). Datan bilen Abyram hem Musa zeýrenip, ol biziň «üstümizden höküm hem sürjek bolýar» diýdiler. Haçanda olary Musanyň ýanyna çagyranlarynda: «Biz barjak däl» diýip, tekepbirlik bilen jogap berdiler (San. 16:12—14). Ýehowa olaryň görkezen ruhundan närazy boldy. Ol ähli pitneçilere ölüm jezasyny berdi (San. 16:28—35).
6. I asyrda käbirleriniň erbet garaýşy nädip aýan boldy we ol näme sebäpden döredi?
6 I asyrda-da käbirleri ýygnakda ýolbaşçylyk edýän doganlary tankytlapdyrlar. Ýahuda şägirt olaryň «häkimiýeti äsgermeýändigini» aýtdy (Ýahuda 8). Olar öz ornundan närazy bolan bolmaly we Hudaýyň tabşyran borjuny ak ýürekden ýerine ýetirýän doganlara garşy başgalary-da öjükdiripdirler (3 Ýahýa 9, 10-njy aýatlary okaň).
7. Biz ýygnakda nähili ruhdan seresap bolmaly?
7 Elbetde, şeýle ruha mesihçiler ýygnagynda orun ýok. Bu ruh bizde döremez ýaly, seresap bolmaly. Ýygnakdaky ýaşulular-da, Musanyň we Ýahýa resulyň döwründäki ýaly kämilsiz adamlar. Käte ýaşulular biziň hut özümize degişli ýalňyşlygy goýberip biler. Eger şeýle ýagdaý ýüze çyksa, ýygnagyň her bir agzasy bu dünýäniň ruhuna eýerip, erjellik bilen «adalatlygy» talap etse ýa-da «bu dogan ýaşuly bolmaga mynasyp däl» diýse, nähili ýerliksiz bolardy! Eger ujypsyz ýalňyşlyk goýberilse, Ýehowa oňa üns bermeýär. Biz hem şeýle etmeli dälmi näme? Käbirleri agyr günä edip, ýaşulular komiteti bilen gürrüňdeş bolmakdan ýüz öwürdiler. Sebäbi olar bu ýaşulularyň haýsy-da bolsa bir häsiýetini halamaýardy. Şeýle adamlary lukmanyň haýsydyr bir häsiýetini halaman, bejergi almak islemeýän syrkawa meňzetse bolýar.
8. Mukaddes Ýazgylardaky haýsy aýatlar ýolbaşçylyk edýän doganlara dogry garaýyşda bolmaga kömek edýär?
8 Şeýle ruhuň bizde döremezligi üçin, Mukaddes Ýazgylarda «sag elinde ýedi ýyldyzy» saklap duran Isanyň suratlandyrylyşyny unutmaly däl. «Ýyldyzlar» mesh edilen mesihçileri, has giň manyda bolsa, ýygnakdaky ähli gözegçi doganlary aňladýar. Isa elindäki «ýyldyzlary» zerur hasaplaýan tarapyna ugrukdyryp bilýär (Ylh. 1:16, 20). Diýmek, mesihçiler ýygnagynyň Başy Isa ähli ýaşulular maslahatyna gözegçilik edýär. Eger ýaşululardan kimdir birine düzediş bermek zerur bolsa, «gözleri ot ýalny ýaly» bolan Isa ony görüp, dogany wagtynda we Özüne ýaramly görnüşde düzetmegiň aladasyny eder (Ylh. 1:14). Emma ondan öň, biz mukaddes ruh tarapyndan bellenenlere ähli taraplaýyn hormat goýmaly. Bu babatda Pawlus şeýle ýazdy: «Ýolbaşçylaryňyzyň sözüne gulak asyň, olara janyňyz hakda hasabat berjekler hökmünde tabyn boluň. Çünki olar gözegçilik edýändir. Olar bu wezipelerini ahy-nala bilen däl-de, — munuň size haýry bolmaz — eýsem, şatlyk bilen ýerine ýetirer ýaly, olara tabyn boluň» (Ýew. 13:17).
Isanyň tutýan orny hakynda oýlansaňyz, siziň maslahaty kabul edişiňize nädip täsir eder?
1. Someone rejecting counsel; 2. Someone accepting counsel; 3. Jesus holding the seven stars
9. a) Mesihçä düzediş ýa-da maslahat berlende, onuň imany nädip synalmagy mümkin? b) Käýinç berlende nähili garaýyşda bolsak gowy bolar?
9 Şeýle-de mesihçä düzediş berlende ýa-da ol ýygnakdaky hormatly borçdan aýrylanda, onuň ruhy garaýşy synalyp biler. Zorlukly wideooýunlary oýnaýan bir ýaş dogana ýaşulular sypaýçylyk bilen maslahat berdiler. Gynansak-da, ol maslahaty diňlemedi we gulluk hyzmatçysy borjundan aýryldy. Sebäbi ol indi Mukaddes Ýazgylaryň talabyna laýyk gelmeýärdi (Zeb. 11:5; 1 Tim. 3:8—10). Şondan soňra ol dogan gelnen karar bilen özüniň närazydygyny hemmelere gürrüň berip başlaýar we ýaşululary tankytlap birnäçe sapar filiala hat ýazýar. Hatda ol ýygnagyň beýleki agzalaryna hem filiala hat ýazdyrtjak bolýar. Eger biz özümizi aklajak bolup, ýygnagyň agzybirligine howp salsak, gaty nädogry bolardy. Emma berlen käýinje dogry garaýyşda bolup, özümiziň gowşak taraplarymyzy görmäge mümkinçilik hökmünde garasak we ony rahatlyk bilen kabul etsek gowy bolardy (Ýeremiýanyň agysy 3:28, 29-njy aýatlary okaň)a.
10. a) Ýagşy we ýaman ruh barada Ýakup 3:16—18-nji aýatlardan näme öwrenip bileris? b) «Gökden inen akyldarlyga» eýersek nähili peýda getirer?
10 Ýakup 3:16—18-nji aýatlarda ýygnakda haýsy ruha eýermegiň dogrudygy, haýsysynyň nädogrudygy babatda gowy görkezme berilýär: «Nirede içigaralyk, igenjeňlik bar bolsa, ol ýerde başbozarlyk, her hili erbet iş hem bardyr. Emma Gökden inen akyldarlyk ilki bilen, sap, ondan soň-da parahatlyk söýüji, mylaýym, diýenediji, rehimden, oňat miwelerden doly, ýüz görmezek we ikiýüzlülikden halasdyr. Parahatlyk döredýänler dogrulyk miwesini parahatlykda ekýändir». Eger biz «Gökden inen akyldarlyga» eýersek, Hudaýa mahsus häsiýetleri görkezeris we doganlaryň arasynda gowy ruhuň bolmagyna ýardam ederis.
ÝYGNAKDA SYLAG-HORMAT RUHUNY BILDIRIŇ
11. a) Biz dogry garaýşy saklasak nämeden gaça durup bileris? b) Dawudyň göreldesinden nähili sapak edinip bileris?
11 Biz Ýehowanyň «Öz... ýygnagyny bakmaga» ýaşululary belländigini unutmaly däl (Res. iş. 20:28; 1 Pet. 5:2). Şol sebäpli ýaşuly bolup gulluk edýändigimize ýa-da etmeýändigimize garamazdan, biz Hudaýyň ýola goýan düzgünine hormat goýmagyň paýhaslydygyna düşünýäris. Biz dogry garaýşymyzy saklasak, ýygnakdaky borjumyz barada çendenaşa aladalanmarys. Haçanda Ysraýylyň patyşasy Saul öz ýerine Dawudyň patyşa bolup biljekdigini duýanda, ol «Dawuda şübheli garap başlady» (1 Sam. 18:9, TD). Saul patyşada erbet ruh peýda boldy, hatda ol Dawudy öldürmek isledi. Saul ýaly öz tutýan ornuň barada çendenaşa köp oýlanmagyň deregine, Dawutdan görelde alsak gowy bolar. Bu ýaş ýigit özüne edilen ähli adalatsyzlyga garamazdan, Hudaýyň bellän häkimiýetine hormat goýmagyny dowam etdi (1 Samuel 26:23-i okaň)b.
12. Ýygnagyň agzybir bolmagyna näme kömek eder?
12 Ýygnakda imandaşlaryň garaýşynyň tapawutlanýandygy sebäpli, hatda gözegçi doganlaryň arasynda-da nägilelik döräp biler. Bu babatda Injildäki şu maslahat kömek eder: «Hormatda her kişi beýlekini özünden ýokary saýsyn... Akyllysyramaň» (Rim. 12:10, 16). Öz pikiriňi dogry hasaplap, öz sözüňi gögertmegiň deregine, köplenç käbir ýagdaýlary çözmegiň birnäçe dogry ýollarynyň bolýandygyny boýun almaly. Eger biz başgalaryň garaýşyny göz öňünde tutmaga çalyşsak, ýygnagyň agzybirligine ýardam ederis (Flp. 4:5).
13. Biz öz pikirimize nähili garamaly we Mukaddes Ýazgylardaky haýsy waka muňa düşünmäge kömek edýär?
13 Aýdaly, biz ýygnakda haýsydyr bir zady özgertmelidigini görýäris, emma bu barada hiç zat aýtmaly däl diýmek dogrumy? Ýok. I asyrda jedelli sorag ýüze çykanda, doganlar «beýleki doganlaryň birnäçesi bilen birlikde Pawlus bilen Barnabas resullaryň, ýolbaşçylaryň ýanyna, Iýerusalime gitmeli diýen karara geldiler» (Res. iş. 15:2). Elbetde, bu sorag we onuň çözgüdi babatda her doganyň öz pikiri bardy. Emma olaryň hersi öz pikirini aýdyp, mukaddes ruhuň görkezmesi esasynda karara gelenlerinden soňra, olaryň hiç biri öz sözüni gögertjek bolmadylar. Doganlaryň gelen karary hat üsti bilen ýygnaklara ýetirilende, dogan-uýalar «bu öwüt-nesihat hakda begenişdiler» we olaryň «imany berkeşýärdi» (Res. iş. 15:31; 16:4, 5). Biz hem biynjalyk bolýan zatlarymyzy jogapkär doganlara aýdanymyzdan soňra, bu babatda çendenaşa alada etmän, olara ynanmaly. Sebäbi olar bu meseläni düýpli ara alyp maslahatlaşýarlar.
BAŞGALAR BABATDA GOWY GARAÝYŞDA BOLUŇ
14. Biz başgalara dogry garaýyşdadygymyzy nädip görkezip bileris?
14 Başgalar babatda gowy garaýyşda bolmaga bizde köp mümkinçilikler bar. Biziň göwnümize degenlerinde, bagyşlamaga taýyn bolsak, biz gowy garaýyşdadygymyzy görkezýäris. Hudaýyň Sözünde şeýle diýilýär: «Biri-biriňize sabyr-takatly boluň. Birew birewden kineli bolsa, Ýehowanyň sizi rehimdarlyk bilen bagyşlaýşy ýaly, siz hem birek-biregi bagyşlaň» (Kol. 3:13, TD). «Birew birewden kineli bolsa» diýen jümle, nägile bolmaga degerli sebäbiň bar bolmagyny aňladýar. Emma imandaşymyzyň gowşak tarapyna aşa köp üns berip, ýygnagyň parahatlygyna zyýan ýetirmegiň deregine, Ýehowanyň göreldesine eýermäge jan edeliň we dogan-uýalary ýürekden bagyşlap, olar bilen Hudaýa gullugymyzy dowam edeliň.
15. a) Bagyşlamak babatda Eýýupdan näme öwrenip bileris? b) Doga etmeklik bize Hudaýa ýaramly garaýşy ösdürmäge nädip kömek edýär?
15 Bagyşlamak babatda Eýýupdan görelde alyp bileris. Üç sany dereksiz teselli berijiler oňa ençeme erbet sözleri aýdyp, onuň göwnüne degdiler. Muňa garamazdan, Eýýup geçirimlilik etdi. Nädip? «Eýýup dostlary üçin dileg etdi» (Eýýup 16:2; 42:10). Başgalar üçin doga etsek, bu biziň olara bolan garaýşymyzy üýtgedip biler. Bütin dünýädäki dogan-uýalar üçin edýän dogamyz, Isa Mesihiň ruhuna eýermäge kömek edýär (Ýahýa 13:34, 35). Biz doganlar üçin diňe bir doga etmek bilen çäklenmän, eýsem, mukaddes ruhy hem dilemeli (Luka 11:13). Hudaýyň ruhy bize başgalar bilen gatnaşanymyzda mesihçi häsiýetlerini bildirmäge kömek edýär (Galatýalylar 5:22, 23-nji aýatlary okaň).
HUDAÝYŇ GURAMASYNDA GOWY RUHY ÖSDÜRMÄGE GOŞANT GOŞUŇ
16, 17. Siz bildirýän ruhuňyzyň Ýehowa ýaramly bolmagy üçin näme etmek isleýärsiňiz?
16 Ýygnagyň her bir agzasy gowy ruhy ösdürmegi maksat edinse, gör, nähili ajaýyp bolar! Bu makalany okap, belki-de, siz gowy ruhy ösdürmeli diýen karara gelensiňiz. Eger şeýle bolsa, özüňizi Hudaýyň Sözi arkaly barlap görüň (Ýew. 4:12). Pawlus ýygnaga gowy täsir etmegiň aladasyny edip, şeýle diýdi: «Men özümde bir aýyp görmeýärin, ýöne munuň bilen özümi aklamaýaryn. Meniň üstümden höküm çykarýan Rebdir» (1 Kor. 4:4).
17 Gökden inen akyldarlyga eýermäge çalşyp, özümiz ýa-da tutýan ornumyz hakda çendenaşa aladalanmasak, biz ýygnagyň gowy ruhuna goşant goşarys. Eger biz başgalar babatda gowy pikirde bolup, olary bagyşlamaga taýyn bolsak, imandaşlarymyzyň arasyndaky agzybirligi berkideris (Flp. 4:8). Şonda biz Ýehowanyň we Isanyň biziň bildirýän ruhumyzdan hoşaldygyna ynamly bolup bileris (Flm. 25).
a Ýeremiýanyň agysy 3:28 Ynsan dymyp, ýalňyz otursyn, çünki boýuntyrygy dakan Rebdir. 29 Ýere ýüzin ýykylsyn, belki, umyt bardyr.
b 1 Samuel 26:23 Reb her kimi öz adalatlylygy hem-de wepalylygy üçin sylaglaýandyr. Şu gün Reb seni meniň elime berdi, ýöne men Rebbiň seçip saýlan adamyna el götermek islemedim.
-
-
«Kiçi bolmagy» öwreniňGarawul diňi — 2012 | 15 noýabr
-
-
«Kiçi bolmagy» öwreniň
«Siziň araňyzda kim hemmeden kiçi bolsa, ol uly bolar» (LUKA 9:48).
1, 2. Isa resullaryna nähili nesihat berdi we näme üçin?
BIZIŇ ERAMYZYŇ 32-nji ýylynda Isa şägirtleri bilen Jelile etraplaryndady. Şonda resullar öz arasynda kimiň uludygy hakynda jedel edýärler. Luka muny şeýle beýan edýär: «Şägirtleriň arasynda olaryň haýsysynyň uludygy barada jedel ýüze çykdy. Isa olaryň ýüregindäki pikiri aňyp, bir çagany aldy-da, ýanynda duruzdy. Onsoň olara şeýle diýdi: „Kim bu çagany Meniň adymdan kabul etse, Meni kabul etdigidir. Kim-de Meni kabul etse, Meni Ýollany kabul etdigidir. Siziň araňyzda kim hemmeden kiçi bolsa, ol uly bolar“» (Luka 9:46—48). Isa resullaryna pesgöwünli bolmagy berk tabşyryp, sabyrlylyk bilen düşündirdi.
2 Isanyň hemmeden kiçi bolmak baradaky nesihaty şol döwürdäki ýewreýleriň garaýşyna gabat gelýärdimi? Ýok, gelmeýärdi. Bir kitapda şol döwrüň adamlary barada şeýle diýilýär: «Her bir meselede kimiň uludygy barada jedel turardy we her kimi abraýyna görä sylamak wajyp hasaplanardy» (Theological Dictionary of the New Testament). Isa resullarynyň şol döwürdeşlerinden tapawutlanmagyny isleýärdi.
3. a) Kiçi bolmak näme aňladýar we şeýle bolmak näme üçin kyn? b) Şu makaladan haýsy soraglaryň jogabyny bileris?
3 «Kiçi» diýip terjime edilen grek sözi pespäl, kiçigöwünli, tabyn, ähmiýetsiz, pes derejeli ýa-da ygtyýary ýok diýmegi aňladýar. Isa kiçijik çagany mysal getirip, şägirtlerine kiçigöwünli hem pespäl bolmagy aýdyň düşündirdi. Isanyň beren nesihaty bize-de degişli. Käbir ýagdaýlarda özüňi kiçi ýaly alyp barmak kyn bolmagy mümkin. Ynsan tekepbirligi at-abraýa kowalaşmaga höweslendirýär. Adamlaryň arasyndaky bäsdeşlik hem-de bu dünýäniň ruhy bizi diňe özüňi bilmäge, özdiýenli, dawaçyl bolmaga ýa-da başgalaryň üstünden agalyk etmäge höweslendirip biler. Bize kiçigöwünli bolmaga näme kömek eder? «Aramyzda hemmeden kiçi bolan», haýsy manyda «uly bolar»? Biz nähili ýagdaýlarda kiçigöwünli bolmaga çalyşmaly?
«HUDAÝYŇ BAÝLYGY, AKYLDARLYGY, BILIMI ÇUŇDUR!»
4, 5. Kiçigöwünli bolmaga näme kömek edýär? Mysal getiriň.
4 Pesgöwünli bolmagy öwrenmek üçin Ýehowanyň özümizden has beýikdigi hakda oýlanmaly. Hakykatdanam, «Onuň düşünjesine akyl ýetmez» (Iş. 40:28). Ýehowanyň beýikligi barada Pawlus resul hem: «Hudaýyň baýlygy, akyldarlygy, bilimi çuňdur! Onuň hökümleri akyla sygmaz, ýollary bilinmezdir!» diýdi (Rim. 11:33). Pawlus şol sözleri iki müň ýyl mundan ozal ýazypdy. Şondan bäri adamlar köp zatlary öwrenseler-de, onuň aýdan sözleri öňküsi ýaly dogry. Ýagny biz näçe köp bilsek-de, Ýehowa, onuň işleri hem-de ýollary barada doly öwrenip bilmeris.
5 Mysal üçin, Leoa atly bir adam Hudaýyň ýaradan zatlaryny hiç haçan doly öwrenip bilmejekdigine düşünip, has pesgöwünli boldy. Ýaş Leo ylym bilen gyzyklanýardy. Ol Älem-jahan barada köpräk bilesi gelip, astrofizikany öwrenip başlady we örän wajyp netijä geldi. Ol şeýle diýýär: «Men ylmy işler bilen meşgullanyp, häzirki ylmy taglymatlaryň adamzada Älem-jahana doly düşünmäge kömek etmeýändigine göz ýetirdim, şol sebäpli-de ýurist bolmagy ýüregime düwdüm». Wagtyň geçmegi bilen, Leo etrap prokurory, soňra bolsa kazyýetde kazy bolýar. Ahyrsoňy, ol aýaly bilen Mukaddes Ýazgylary öwrenip başlady we hakykaty kabul edip, suwda çokundyryldy. Şeýle ýokary bilimli bolsa-da, oňa kiçigöwünli bolmaga näme kömek etdikä? Ol şeýle diýýär: «Ýehowa we Älem-jahan barada näçe köp bilsek-de, bilmeýän zadymyz hemişe has köp bolar».
[16-njy sahypadaky surat]
6, 7. a) Ýehowa kiçigöwünli bolmakda nähili ajaýyp görelde görkezýär? b) Hudaýyň kiçigöwünliligi bizi nädip «uly» edýär?
6 Ýehowanyň özüni kiçigöwünli alyp barmagy hem bize kiçigöwünli bolmaga kömek edýär. «Biz Hudaýyň işdeşleridiris» diýen sözler barada oýlanyp göreliň (1 Kor. 3:9). Göz öňüne getiriň, Ýehowa — deňsiz-taýsyz beýik Hudaý bize Mukaddes Ýazgylary, ýagny Sözüni wagyz etmäge mümkinçilik berip, hormat goýýar. Tohumy ösdürýän Ýehowa bolsa-da, ol bize hakykat tohumyny ekmek we suwarmak işini tabşyrdy (1 Kor. 3:6, 7). Eýsem, mundan Ýehowanyň kiçigöwünliligi görünmeýärmi? Elbetde, Ýehowa kiçigöwünli bolmakda ajaýyp görelde görkezýär. Bu bizi-de kiçigöwünli bolmaga höweslendirmeli.
Ýehowa bize hoş habary wagyz etmegi tabşyryp, uly hormat goýýar
7 Hudaýyň kiçigöwünliligi mezmurçy Dawuda güýçli täsir edipdir. Ol Ýehowa: «Sen maňa gutulyş galkanyňy berdiň, Seniň rehimdarlygyň (kiçigöwünliligiň, TD) meni beýgeltdi» diýip, aýdym aýtdy (2 Şam. 22:36). Ýehowa «eglip», ýagny özüni kiçeldip, Dawuda köp kömek edýär, şol sebäpli-de ol Ysraýylda uly işleri edip bildi. Dawut muňa gowy düşünýärdi (Zeb. 113:5—7). Ýehowa bize-de şeýle kömek edýär. Häsiýetler, ukyplar hem jogapkärçilikler barada aýtsak, olaryň haýsy birini Ýehowadan «almadyk»? (1 Kor. 4:7). Şeýlelik-de, özüni «kiçi» ýaly alyp barýana «uly» diýse bolar, sebäbi ol Ýehowa üçin has gymmatly bolýar (Luka 9:48). Geliň, munuň sebäbine seredeliň.
«KIM HEMMEDEN KIÇI BOLSA, OL ULY BOLAR»
8. Ýehowanyň guramasynda gulluk edýänler näme üçin kiçigöwünli bolmaly?
8 Hudaýyň guramasynda şadyýan gulluk edip, ýygnagy goldamak üçin kiçigöwünli bolmak örän wajyp. Geliň, Ýehowanyň Güwäçileriniň maşgalasynda ulalan Petra atly gyzyň mysalyna seredeliň. Petra öz isleýşi ýaly ýaşamak üçin ýygnakdan daşlaşdy. Birnäçe ýyldan ol ýene-de ýygnak bilen gatnaşyp başlady. Ol häzir Ýehowanyň halkynyň arasynda bagtly gulluk edýär we ýygnagyň geçirýän çärelerini goldaýar. Onuň garaýşy nähili üýtgedikä? Ol şeýle ýazýar: «Ýehowanyň guramasynda şadyýan gulluk etmek üçin iki wajyp häsiýet, ýagny kiçigöwünlilik bilen pespällik gerek ekeni. Men muňa düşünip, şol häsiýetleri öwrenmeli boldum».
9. Pesgöwünli adam ruhy iýmite nähili garaýar? Bu näme üçin ony has gymmatly edýär?
9 Kiçigöwünli adam Ýehowanyň halkyna berýän ähli zatlarynyň, şol sanda ruhy iýmitiniň hem gadyryny bilýär. Ol Mukaddes Ýazgylary çuňňur öwrenýär, «Garawul diňi» žurnalyny we beýleki mesihi edebiýatlary höwes bilen okaýar. Ýehowanyň köp gullukçylary ýaly, kiçigöwünli mesihçi her bir täze edebiýaty kitap tekjesine goýmanka okap çykýar. Eger-de biz pesgöwünli bolup, Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlary minnetdarlyk bilen okasak we öwrensek, ruhy taýdan öseris. Şonda Ýehowa bizi gullukda has köpräk ulanyp biler (Ýew. 5:13, 14).
10. Biz ýygnakda nädip kiçigöwünli bolup bileris?
10 Kiçigöwünli adam başga manyda-da «uly» hasaplanyp bilner. Ýehowanyň mukaddes ruhunyň ýolbaşçylygynda her ýygnakda ukyply doganlar ýaşuly bellenýär. Olar ýygnak duşuşyklaryny geçirýärler, wagyz işine ýolbaşçylyk edýärler we dogan-uýalaryň aladasyny edýärler. Kiçigöwünli adam şu meselelerde ýaşululary höwes bilen goldap, ýygnagyň şatlygyna, parahatlygyna we agzybirligine goşant goşýar (Ýewreýler 13:7, 17-nji aýatlary okaň). Eger-de sen ýygnakda ýaşuly ýa-da gulluk hyzmatçysy bolsaň, onda Ýehowanyň beren jogapkärli borjunyň gadyryny bilip, özüňi kiçigöwünli alyp barýarmyň?
11, 12. Haýsy häsiýet bizi Ýehowanyň guramasynda has gymmatly edýär we näme üçin?
11 Özüni «kiçi» ýaly alyp barýan mesihçä Ýehowanyň guramasynda «uly», ýagny has gymmatly diýsek bolar, sebäbi pesgöwünli adam ýygnagyň göreldeli agzasy bolýar. Isa pygamberiň şägirtlerine kiçigöwünli bolmak barada maslahat bermeginiň sebäbi hem, olaryň käbirine şol wagtky zalym dünýäniň ruhy täsir edýärdi. Luka 9:46-da: «Şägirtleriň arasynda olaryň haýsysynyň uludygy barada jedel ýüze çykdy» diýilýär. Bizem käbir zatlarda imandaşlarymyzdan has gowy ýa-da başga adamlardan has artykdyryn öýdýärismi? Biz bu dünýädäki tekepbir hem nebsewür adamlardan tapawutlanmaly. Eger kiçigöwünli bolup, Ýehowanyň islegini birinji orunda goýsak, biz bilen gatnaşýan dogan-uýalar hemişe özüni rahat duýar.
12 Dogrudan-da, Isanyň kiçigöwünlik barada beren maslahaty oýlandyrýar. Eýsem, biz durmuşyň ähli ýagdaýlarynda kiçigöwünli bolmaga çalyşýarysmy? Geliň, käbir ýagdaýlara seredeliň.
«KIÇI» BOLMAGA DYRJAŞYŇ
13, 14. Är-aýal nädip kiçigöwünli bolup biler we bu maşgala nähili täsir eder?
13 Maşgalada. Şu günler köp adamlar diňe öz hak-hukuklary barada alada edýärler welin, hatda başgalaryň hukuklaryny sylamaýarlar. Kiçigöwünli mesihçi bolsa, Pawlusyň beren maslahatyna eýermäge çalyşýar. Ol rimlilere ýazan hatynda: «Parahatlyga, biri-birimizi dikeltmäge ýaraýan işler ugrunda dyrjaşalyň» diýýär (Rim. 14:19). Kiçigöwünli mesihçi hemmeler bilen, esasan-da, mähriban ýan ýoldaşy bilen parahat ýaşamaga dyrjaşýar.
14 Dynç almak meselesine seredeliň. Bu meselede är-aýalyň islegi tapawutlanmagy mümkin. Belki-de, äri boş wagtyny öýünde kitap okap geçirmegi halaýandyr. Aýaly bolsa, aýlanmaga ýa dost-ýarlaryna myhmançylyga gitmegi gowy görýändir. Eger äri kiçigöwünli bolup diňe özüniň gowy görýän zady barada däl-de, aýalynyň islegini hem göz öňünde tutsa, şonda aýalyna adamsyny sylamak has aňsat düşer. Aýaly-da ähli zady özüçe etmän, gaýtam, äriniň islegini göz öňüne tutsa, muny görýän äriniň söýgisi has-da artar we aýalynyň gadyryny biler! Är-aýalyň ikisi-de kiçigöwünli bolsa, maşgala ojagy gitdigiçe berkär (Filipililer 2:1—4-nji aýatlary okaň).
15, 16. 131-nji mezmura laýyklykda, Dawut ysraýyllary nämä höweslendirdi? Biz şol maslahata ýygnakda nädip eýerip bileris?
15 Ýygnakda. Bu dünýädäki köp adamlar her bir islegini derrew kanagatlandyrmaga çalyşýarlar. Olar köplenç dargursak bolup, sabyr käsesi çalt dolýar. Emma kiçigöwünli adam Ýehowa garaşýar (Zebur 131:1—3-nji aýatlary okaň). Eger kiçigöwünli bolup, Ýehowa sabyrly garaşsak, köp bereketler alarys, aman-sag ýaşap, göwünlik taparys we bagtly bolarys. Ine, şonuň üçin Dawut ysraýyllary Ýehowa sabyrly garaşmaga höweslendirdi!
16 Ýehowa kiçigöwünli garaşsaň, senem şeýle göwünlik taparsyň (Zeb. 42:5). Belki, sen «gözegçi bolmaga jan çekip», «oňat işi arzuw edýänsiň» (1 Tim. 3:1—7). Elbetde, sen mukaddes ruhuň kömegine daýanyp, gözegçi doganlara gerek häsiýetleri öwrenmek üçin güýjüňi gaýgyrmaly dälsiň. Emma sen beýlekilere garanyňda has köp garaşmaly bolsaň näme? Kiçigöwünli dogan ýygnakda goşmaça jogapkärligi almak üçin sabyrly garaşar. Şoňa çenli bolsa Ýehowa we ýygnaga şatlyk bilen gulluk etmegini dowam eder.
17, 18. a) Ötünç soramagyň we başgalary bagyşlamagyň näme peýdasy bar? b) Saý-sebäp bilen sözünde durup bilmedik adama Süleýmanyň tymsallary 6:1—5-nji aýatlarda näme maslahat berilýär?
17 Adamlar bilen gatnaşygymyzda. Köp adamlar ötünç soramagy kyn görýärler. Emma Ýehowanyň gullukçylary kiçigöwünli bolup, ýalňyşyny boýun alýarlar we ötünç soraýarlar. Şeýle-de olar başgalaryň ýazygyny derrew bagyşlaýarlar. Tekepbirlik agzalalyga eltýär we jenjel turuzýar, ýöne geçirimlilik ýygnakda parahatlyk döredýär.
18 Onsoňam, ýürekden ötünç sorap, kiçigöwünli bolup bileris. Mümkin, birine söz berip, soňra bolsa saý-sebäp bilen aýdan zadymyzy edip bilen däldiris. Şeýle ýagdaýyň döremegine doly günäkär bolmasak-da, öz ýalňyşymyzyň hem bardygyna düşünip, ony boýun almaly (Süleýmanyň tymsallary 6:1—5-nji aýatlary okaň).
Sen haýsy ýagdaýlarda kiçigöwünli bolup bilersiň?
[19-njy sahypadaky surat]
19. Mukaddes Ýazgylaryň kiçigöwünlilik barada berýän maslahatlaryna näme üçin minnetdar bolmaly?
19 Biz Mukaddes Ýazgylaryň kiçigöwünlilik barada berýän maslahatlaryna minnetdar! Käte kiçigöwünli bolmak aňsat bolmasa-da, Ýaradyjymyzyň özümizden has beýikdigi we onuň kiçigöwünliligi hakda oýlansak, şol ajaýyp häsiýeti öwrenmäge islegimiz artar. Şonda biz Ýehowa üçin has gymmatly bolarys. Şonuň üçin, geliň, hemişe «kiçi» bolmaga çalşalyň.
a Adam atlary üýtgedildi.
-
-
Göriplik aňyňy zäherleýärGarawul diňi — 2012 | 15 fewral
-
-
Göriplik aňyňy zäherleýär
Napoleon Bonapartda-da, Ýuliý Sezarda-da, Aleksandr Makedonskide-de göriplik bardy. Olar güýçli we şan-şöhrata eýe bolsalar-da, her biriniň ýüregi göriplik bilen zäherlenipdi.
Angliýaly filosof Bertran Rassel şeýle ýazdy: «Napoleon Bonapart Sezara, Sezar Aleksandr Makedonskä, ol bolsa, aslynda hiç haçan bolmadyk Gerkulese göriplik etdi». Islendik adamda baýlygyna, zehinine we durmuşda gazanýan üstünligine garamazdan, göriplik bolup biler.
Göriplik — kimdir biriniň baýlygyna, zadyna, ornuna ýa-da ýagdaýyna göz gyzdyryp, ýamanlyk islemek. Bir kitapda gabanjaňlygyň göriplikden tapawudy şeýle düşündirilýär: «Gabanjaňlyk — başgalardan kem bolmazlygy, «göriplik» bolsa, adamy bar zadyndan mahrum etmek islegi aňladýar». Görip adam kimdir biriniň zadyna ýöne bir göz gyzdyrman, eýsem, onda şol zatlaryň bolmazlygyny isleýär.
Göripligiň ýüregimizde nädip ornaşjagyny we onuň nähili netije berjegini bilmek wajyp. Aýratynam, göriplik bizi eýelemez ýaly, näme etmelidigini bilmeli.
GÖRIPÇILIGI NÄME GÜÝJEDÝÄR?
Ähli bikämil adamlar göripçilige ýykgyn bolýar. Emma käbir zatlar bu häsiýeti güýjedýär (Ýakup 4:5). Pawlus resul olaryň birini agzap, şeýle diýdi: «Biri-birimizi gaharlandyryp, bir-birimize içigaraçylyk edip, şöhratparaz bolmalyň» (Gal. 5:26). Bäsdeşlik ruhy dogabitdi göripçilige ýykgynlygymyzy güýjedip bilýär. Kristina uýa we Hosea dogan muňa öz durmuşynda göz ýetirdiler.
Pioner bolup gulluk edýän Kristina uýa şeýle diýýär: «Men, köplenç, birine göriplik edýändigimi duýýaryn. Men özümde bolmadyk, iliň zatlaryna göz gyzdyrýaryn». Bir sapar Kristina aýlanýan gözegçi bolup gulluk edýän bir maşgala bilen bile nahar iýdi. Şonda Kristina we adamsy Erigiň olar bilen ýaşdaşdygyny we öň bir meňzeş borçlarynyň bolandygyny ýatlap, şeýle diýdi: «Meniň ýanýoldaşym hem ýaşuly! Bu nähili beýle bolýar, siz-ä aýlanýan gözegçi, biz bolsa hiç kim?» Bäsdeşlik ruhy ony göripçilige iterdi we adamsy bilen bile eden ýagşy işlerini unudyp, şatlygyny ýitirdi.
Hose gulluk kömekçisi bolmak isleýärdi. Başga doganlary gulluk kömekçisi belläp, ony bellemänlerinde, ol göripçilik edip, ýaşulular maslahatynyň koordinatoryndan gaty gördi. Hose şeýle diýýär: «Men göriplikden ýaňa şol dogany ýigrendim we ol ýygnakda jogapkärli borjy almagymy islemeýändir öýtdüm. Göriplik aňyňy eýelände, gowy oýlanyp bilmeýärsiň we diňe özüň hakda pikir edýärsiň».
MUKADDES ÝAZGYLARDAKY MYSALLARDAN NÄME ÖWRENÝÄRIS?
Mukaddes Ýazgylarda bu babatda sapak edinmeli köp mysallar bar (1 Kor. 10:11). Olaryň käbiri göripçiligiň nädip döreýändigini we onuň ýüregine ornaşmagyna ýol beren adamlaryň aňyny zäherländigini görkezýär.
Meselem, Adam ata bilen How enäniň ilkinji ogly Kabyl, Ýehowa onuň gurbanyny kabul etmän, dogany Habylyňkyny kabul edende gaty gaharlandy. Kabyl dogry hereket edip bilerdi, emma ol göriplige akyl-huşuny aldyryp, öz doganyny öldürdi (Gel. çyk. 4:4—8). Şol sebäpli Mukaddes Ýazgylarda Kabyla «Iblisden bolan» diýlendigi geň galdyrmaýar! (1 Ýahýa 3:12).
Ýusubyň on dogany kakasy ony has gowy görýändigi üçin göripçilik etdiler. Ýusup pygamberlik düýşlerini gürrüň berensoň, olar ony has-da beter ýigrendiler. Doganlary Ýusuby hatda öldürmek islediler. Ahyrsoňy, olar inisini gulçulyga satyp, Ýusup öldi diýip, kakalaryny zalymlyk bilen aldadylar (Gel. çyk. 37:4—11, 23—28, 31—33). Ýyllar geçensoň, olar öz eden günäsini boýun alyp, biri-birilerine: «Biz öz doganymyzyň garşysyna eden günämiz üçin jeza çekýäris. Ol bize nähililer ýalbarypdy, emma biz onuň çekýän hasratyna pisint etmändik» diýişdiler (Gel. çyk. 42:21; 50:15—19).
Şeýle hem Kora, Datan we Abyram edýän hormatly borçlaryny Musa hem Harunyňky bilen deňeşdirip, göripçilik edip başladylar. Olar Musany «üstlerinden höküm sürmek» isleýär we özüni başgalardan ýokary tutýar diýip aýypladylar (San. 16:13). Elbetde, bu töhmetdi (San. 11:14, 15). Musany Ýehowanyň özi belledi. Pitneçiler bolsa, Hudaýyň pygamberi Musanyň ornuna göripçilik etdiler. Göripçilik edendigi sebäpli, Ýehowa olary ýok etdi (Zeb. 106:16, 17).
Süleýman patyşa göripçilik ýüregiňe ornaşanda, nähili zalymlyk edilýändigine göz ýetirdi. Ýaňy doglan çagasy ölen bir aýal, bir öýde bile ýaşaýan aýalyň diri çagasyny alyp, ony aldajak bolup, özüniň öli bäbegini onuň ýanynda goýýar. Şu meseläni çözmek üçin, olar Süleýman patyşanyň ýanyna barýarlar, şonda ýalançy aýal diri çaganyň hatda öldürilmegine razy bolýar. Emma patyşa çaganyň hakyky ejesiniň kimdigine düşünip, çagany oňa bermegi buýurýar (1 Pat. 3:16—27).
Göripçilik elhenç zatlara eltýär. Ýokarda aýdylan mysallardan görşümiz ýaly, ol ýigrenje, adalatsyzlyga we adam öldürmäge-de iterip bilýär. Şeýle-de bu mysallardan göripçilik edilen adamlaryň bigünä ýere ejir çekendigini görse bolýar. Göripçilik ýüregimizde ornaşmaz ýaly näme etmeli? Biz göripçilige garşy nähili çäreler görüp bileris?
ZÄHERE GARŞY GÜÝÇLI ÇÄRELER!
Doganlyk söýgüsini ösdüriň. Pawlus resul mesihçilere: «Ruh arkaly hakykata boýun bolmak bilen, janlaryňyzy hilesiz dogan söýgüsi üçin tämizläniňizden soň, birek-biregi ýürekden yhlas bilen söýüň» diýip tabşyrdy (1 Pet. 1:22). Emma söýgi näme? Pawlus: «Söýgi sabyrlydyr, şepagatlydyr, söýgi göripçilik edýän däldir, söýgi öwünip, tekepbirlik edýän däldir» diýip ýazdy (1 Kor. 13:4, 5). Eger biz göripçilik edýän bolsak, dogan-uýalary ýürekden söýýäris diýip bilerismi? (1 Pet. 2:1). Ýonatan Dawuda göripçilik etmedi, çünki «ony jany ýaly söýýärdi» (1 Sam. 18:1).
Imandaşlar bilen gürrüňdeş boluň. 73-nji Mezmury ýazan adam asuda we örän baý ýaşaýan adamlara bahyllyk edýär. Emma ol «Hudaýyň mukaddes mekanyna girende» munuň nädogrudygyna düşünýär (Zeb. 73:3—5, 16, 17). Mezmurçynyň imandaşlary bilen gürrüňdeş bolmagy, Hudaýa ýakynlaşyp alan bereketlerini görmäge kömek etdi (Zeb. 73:28). Biz hem mesihçiler ýygnagynda, dogan-uýalar bilen hemişe gürrüňdeş bolsak, şeýle bereketleri alarys.
Ýagşylyk etmäge jan ediň. Hudaý Kabylyň ýüreginde göripligiň we ýigrenjiň dörändigini bilip, oňa «ýagşylyk et» diýdi (Gel. çyk. 4:7). Mesihçiler nädip ýagşylyk edip biler? Isa: «Hudaýyň Rebbi bütin ýüregiň, bütin janyň, bütin düşünjäň bilen söý» we «goňşyňy özüň ýaly söý» diýdi (Mat. 22:37—39). Biz ünsümizi Ýehowa we adamlara kömek etmäge gönükdirsek, şatlyk taparys we göripçilik etmeris. Biz ýürekden wagyz edip, şägirt taýýarlasak, Hudaýy we ýakynymyzy söýýändigimizi görkezeris. Biz şeýdip Ýehowanyň berekedini alarys (Sül. tym. 10:22).
«Şatlanýanlar bilen şatlanyň» (Rim. 12:15). Isa şägirtleriniň üstünliklerine begenip, olaryň has köp wagyz etjekdigini aýtdy (Luka 10:17, 21; Ýahýa 14:12). Biziň hemmämiz Ýehowa agzybir bolup gulluk edýäris. Diýmek, bir adamyň üstünligi hemmeler üçin bereket bolup bilýär (1 Kor. 12:25, 26). Şol sebäpli başgalara jogapkär borçlar berilse, göripçilik etmän, gaýtam begenmeli.
KYN GÖREŞ
Göripçilige garşy göreşmek üçin hemişe tagalla etmeli. Kristina şeýle diýýär: «Mende entegem göripçiligiň bardygyny duýýaryn. Men göripligi ýigrensem-de, ony goýup bilemok, şol sebäpli hemişe göreşmeli bolýaryn». Hose hem göriplige garşy göreşýär. Ol şeýle diýýär: «Ýehowa maňa ýaşulular maslahatynyň koordinatorynyň gowy häsiýetlerini görmäge kömek etdi. Şeýle-de maňa Ýehowa bilen ýakyn gatnaşykda bolmak üçin edýän tagallalarym ýardam etdi».
Göripçilik «ten işleri» bolandygy üçin, her bir mesihçi göreşmeli bolýar (Gal. 5:19—21). Eger biz göripçiligiň aňymyza we ýüregimize ornaşmagyna ýol bermesek, has bagtly bolarys we gökdäki atamyz Ýehowany begendireris.
[Çykgyt]
a Atlary üýtgedilen.
[17-nji sahypadaky sitata]
«Şatlanýanlar bilen şatlanyň»
-
-
Teokratik mekdepler Ýehowanyň söýgüsini görkezýärGarawul diňi — 2012 | 15 sentýabr
-
-
Teokratik mekdepler Ýehowanyň söýgüsini görkezýär
ÝEHOWA — biziň Beýik «Mugallymymyz» (Iş. 30:20). Ol söýýändigi sebäpli adamlara tälim berýär we öwredýär. Meselem, söýgüden doly Ýehowa «ähli edýän zatlaryny» Isa görkezýär (Ýahýa 5:20). Biz Ýehowany şöhratlandyrmak we adamlara kömek etmek üçin elimizde baryny edenimzde, Ol Güwäçilerine, ýagny bize «dana dili» söýgi bilen berýär (Iş. 50:4).
Şeýle söýgini bildirmek üçin, Ýolbaşçylyk maslahatynyň Okuw komiteti on sany teokratik mekdepleri arkaly isleg bildirýänlere hem-de mümkinçiligi bolanlara bilim berýär. Siz Ýehowanyň bu mekdepler arkaly bize söýgüsini görkezýändigine ynanýarmysyňyz?
Teokratik mekdepleri bilen gysgaça tanşyň we olarda okan dogan-uýalaryň aýdan sözleri barada oýlanyp, özüňize şeýle sorag beriň: «Men Hudaýyň berýän biliminden nähili peýda alyp bilerin?»
TEOKRATIK BILIMINDEN PEÝDALANYŇ
Ýehowa — «söýgi... Hudaýy». Ýehowanyň berýän bilimi durmuşymyzy manyly edýär we bize kynçylyklary ýeňmäge hem-de Oňa gulluk etmekden köp şatlyk tapmaga ýardam berýär (2 Kor. 13:11). I asyrdaky mesihçiler ýaly, biz hem indi adamlara Isanyň tabşyran «ähli zatlaryny berjaý etmegi... öwretmäge» taýyndyrys (Mat. 28:20).
Bu mekdepleriň ählisinde okamaga mümkinçiligimiz bolmasa-da, biz olaryň birinde ýa-da birnäçesinde okap bileris. Galyberse-de, biz ýygnak duşuşygynda Mukaddes Ýazgylara esaslanan bilimi alýarys. Şeýle-de biz Ýehowanyň tejribeli gullukçylary bilen işleşip, has-da ökde wagyz etmegi öwrenýäris.
Özüňe şeýle sorag berip gör: «Bu mekdepleriň birinde okamaga meniň mümkinçiligim barmy?»
Ýehowanyň ähli gullukçylary teokratik mekdeplerinde okamaga bolan mümkinçiligi gymmat saýýarlar. Goý, siziň alan bilimiňiz sizi has-da Ýehowa ýakynlaşdyrsyn we Onuň öňündäki borjuňyzy ýerine ýetirmäge, esasanam, hoş habary wagyz etmäge kömek etsin.
-
-
Men gartaşan adamlardan paýhasly bolmagy öwrendimGarawul diňi — 2012 | 15 maý
-
-
Terjimehal
Men gartaşan adamlardan paýhasly bolmagy öwrendim
Elwa Gerde gürrüň berdi
70 ýyl mundan ozal, öýümize gelen adamyň kakama beren maslahaty meniň bütin ömrüme täsir etdi. Şol ýatdan çykmajak günden bäri, käbir başga adamlar hem meniň durmuşyma täsir edýär. Wagtyň geçmegi bilen, men ähli zatdan gymmat ajaýyp dostlugy gazandym. Geliň, men size gürrüň bereýin.
MEN 1932-nji ýylda Awstraliýanyň Sidneý şäherinde buthana barmaýan, ýöne Hudaýa ynanýan maşgalada doguldym. Ejem maňa Hudaý hemişe syn edýär we gulak asmasaň, temmi berer diýip, öwredýärdi. Şonuň üçin men Hudaýdan gorkýardym. Emma Mukaddes Ýazgylar meni örän haýran galdyrýardy. Dynç günleri daýzam öýe gelip, Mukaddes Ýazgylardan köp gyzykly wakalary maňa gürrüň bererdi. Men hemişe sabyrsyzlyk bilen onuň gelerine garaşardym.
Men ýetginjekkäm, kakam Ýehowanyň Güwäçisi bolan bir gartaşan aýalyň ejeme beren kitaplaryny okap başlady. Mesihçileriň şol edebiýatlary oňa şeýle bir täsir etdi welin, ol Güwäçiler bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmek isledi. Bir gün agşam kakam Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýärkä, meniň diňläp duranymy gördi. Ol meni ýatmaga ugratjak bolanda, sapak geçýän dogan: «Näme üçin sen Elwa oturmaga rugsat bereňok?» diýdi. Bu sözler meniň durmuşyma güýçli täsir edip, hak Hudaý Ýehowa bilen dostlugymyň başlangyjy boldy.
Biraz wagtdan men kakam bilen mesihçileriň ýygnagyna gatnaşyp başladym. Öwrenen zatlary kakama durmuşyny üýtgetmäge ýardam etdi. Ol hatda özüne erk edip başlady. Bu ejeme we uly doganym Franka şeýle bir täsir etdi welin, olar hem ýygnaklara gatnaşyp başladylara. Biziň dördümiz hem ruhy taýdan ösüp, Ýehowanyň Güwäçisi hökmünde suwda çokundyryldyk. Şondan bäri, nähili ýagdaý bolaýanda-da, ençeme gartaşan adamlar maňa gowy täsir etdiler.
ÝAŞAÝYŞ ÝOLUNY SAÝLAÝARYN
Ýetginjekkäm, ýygnakdaky uly ýaşly dogan-uýalar bilen gürrüňdeş bolmagy gowy görýärdim. Olaryň biri maşgalamyzy ilkinji ideg eden gartaşan uýa Elis Pleýsdi. Ol meniň enem ýalydy. Elis maňa wagyz etmegi öwredip, suwda çokundyrylmaga höweslendirýärdi. Men 15 ýaşymda suwda çokundyrylyp, maksadyma ýetdim.
Men Persi we Margaret Danem atly gartaşan är-aýal bilen hem dost boldum. Olar bilen dostlugym gelejegime uly täsir etdi. Men matematikany gowy görýändigim üçin, mugallym bolmagy ýüregime düwüpdim. Persi we Margaret 1930-njy ýyllarda Latwiýada missioner bolup gulluk edipdirler. Ýewropada Ikinji Jahan urşy turanda, olar Awstraliýanyň Sidneý şäheriniň çetinde ýerleşýän Beýtele çagyrylýar. Persi we Margaret ýürekden meniň aladamy edip, missioner gullugynda bolan köp gyzykly wakalary şatlyk bilen gürrüň berýärdiler. Men matematikany öwrenmekden, Mukaddes Ýazgylary öwrenmegiň has hem gowudygyna göz ýetirdim. Şeýdip, men mugallym däl-de, missioner bolmagy ýüregime düwdüm.
Danemleriň maşgalasy missioner bolmak üçin, meniň pioner gullugyna başlamalydygymy aýtdy. Men 1948-nji ýylda 16 ýaşymdakam, Hýorstwilde (Sidneý) ýygnagymdaky şadyýan pioner bolup gulluk edýän on sany ýaş dogan-uýalara goşuldym.
Dört ýyl geçen soň, men Täze günorta Uelsiň we Kwinslendiň dört dürli şäherinde pioner bolup gulluk etdim. Men birinji sapar Betti Lo (häzir Remnent) bilen sapak geçdim. Betti örän aladaçyldy we menden iki ýaş uly gyzdy. Soňra ol meniň bilen bile Sidneýiň 230 kilometr günbatarynda ýerleşýän Kaura şäherinde pioner bolup gulluk etdi. Biz bile gysga wagt gulluk etsek-de, Betti häzirem meniň joram.
Ýörite pioner bellenenimden soň, men Kauradan 220 kilometr günorta-günbatarda ýerleşýän Narrandera şäherine göçdüm. Meniň täze ýoldaşym yhlasly pioner uýa Joý Lennoksdy (häzir Hanter), ol hem menden iki ýaş uludy. Şol şäherde ikimizden başga Güwäçi ýokdy. Biz myhmansöýer är-aýal Reý we Ester Aýronslar bilen bile ýaşaýardyk. Reý, Ester we olaryň ogly hemde üç gyzy hakykat bilen gyzyklanýardy. Reý hepdäniň dowamynda ogly bilen şäheriň daşynda ýerleşýän fermada maldarçylyk bilen meşgullanýardylar we bugdaý ekýärdiler. Ester bolsa, gyzlary bilen myhmanhanany dolandyrýardy. Her ýekşenbe güni Joý ikimiz Aýronslaryň maşgalasy we myhmanhanada ýaşaýan, demir ýolda işleýän işdäsi açyk birnäçe adamlar üçin kän nahar bişirýärdik. Şeýdip, biz jaýa tölenýän puluň ýarysyny ýapýardyk. Iýip-içilen zatlary aýryşdyranymyzdan soň, Aýronsyň maşgalasy bilen tagamly ruhy nahary, ýagny her hepde geçilýän «Garawul diňini» öwrenýärdik. Reý, Ester we olaryň dört çagasy hakykaty kabul edip, Narranderadaky ýygnagyň ilkinji agzalary boldular.
1951-nji ýylda Sidneý şäherinde geçirilen Ýehowanyň Güwäçileriniň kongresine gatnaşdym. Şol ýerde men missioner gullugy bilen gyzyklanýan pionerler üçin geçirilýän ýörite duşuşyga bardym. Bu duşuşyga gatnaşmak üçin 300-den gowrak dogan-uýalar uly saýawanyň aşagyna ýygnandy. Bruklindäki Beýtelden gelen dogan Neýtan Norr ýygnanan dogan-uýalara ýüzlenip, ýer ýüzüniň ähli künjeginde hoş habary gaýragoýulmasyz ýaýratmalydygyny aýtdy. Biz onuň her bir sözüni sypdyrman diňledik. Şol duşuşykda bolan pionerleriň köpüsi Ýuwaş okeanyň günortasynda we beýleki ýerlerde-de, Patyşalyk barada hoş habary wagyz edip başladylar. 1952-nji ýylda Gilead mekdebiniň 19-njy klasyna awstraliýaly on ýedi dogan-uýa bilen men hem çagyrylanymda, begenjimiň çägi bolmady. Men entek 20 ýaşymdakam, missioner bolup gulluk etmek arzuwyma ýetdim!
ÖZGERIŞLIK ETMELI
Gilead mekdebinde alan bilimim we dogan-uýalar bilen gürrüňdeşligim diňe bir Mukaddes Ýazgylar baradaky bilimimi we imanymy artdyrman, eýsem, häsiýetlerimi üýtgetmäge ýardam etdi. Men ýaşkam, özümden we başgalardan kämillige garaşýardym hem-de çendenaşa talap edijidim. Meselem, haçanda Norr doganyň ýaş beýtelçiler bilen şadyýan bolup, top oýnaýandygyny görenimde, aňk-taňk boldum.
Gileadyň mugallymlary tejribeli, düşünjeli adamlar bolandygy üçin, meniň şeýle häsiýetimiň bardygyny bilen bolmaly. Olar meniň aladamy edip, garaýşymy üýtgetmäge kömek etdiler. Men kem-kemden Ýehowanyň berk tutýan we talap ediji däl-de, eýsem, söýýän, minnetdar Hudaýdygyna göz ýetirdim. Käbir klasdaşlarym hem maňa kömek etdi. Men olaryň biriniň: «Elwa, Ýehowa üstüňde durup gamçylamaýar. Özüňden köp zady talap etme!» diýeni ýadymda. Onuň şeýle açyk aýdan sözleri ýüregime jüňk boldy.
Gilead mekdebini gutaranymdan soň, meni dört klasdaşym bilen Namibiýa, Afrika wagyz etmäge iberdiler. Tizden biz ol ýerde 80 sany Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirdik. Men Namibiýany we missioner gullugyny gowy görýärdim, ýöne Şweýsariýa bellenen Gilead mekdebinde bile okan klasdaşymy haladym. Namibiýada bir ýyl gulluk edenimden soň, Şweýsariýa ýigidimiň ýanyna gitdim. Biz durmuş guranymyzdan soň, ýanýoldaşym aýlanýan gözegçi bolandygy üçin, onuň bilen bile gulluk etdik.
ÇYKGYNSYZ ÝAGDAÝA DÜŞENIMDE
Ýanýoldaşym bilen bäş ýyl aýlanyp gulluk edenimizden soň, Şweýsariýanyň Beýteline çagyrdylar. Meniň Beýtel maşgalasynda ençeme ruhy taýdan ösen gartaşan dogan-uýalaryň arasynda bolýandygyma begenjimiň çägi ýokdy.
Tiz wagtdan men agyr ýitgä uçradym. Men ýanýoldaşymyň maňa we Ýehowa biwepalyk edendigini bildim. Ol meni taşlap gitdi. Meniň bagrym dilindi! Beýtel maşgalasyndaky gartaşan dostlarym söýgi bildirip, goldamadyk bolsa, bu ýagdaýa nädip döz gelmelidigini bilmezdim. Olar ýüregimi dökenimde, diňleýärdi we dynç almaga mümkinçilik döredýärdi. Olaryň göwnüňi göterýän sözleri we edýän ýagşylygy meniň derdimi ýeňledip, hasam Ýehowa ýakynlaşmaga ýardam etdi.
Şeýle-de köp synaglary başyndan geçiren gartaşan dogan-uýalaryň aýdan sözleri ýadyma düşýär. Margaret Danem bir gezek şeýle diýdi: «Elwa, sen Ýehowa gulluk edeniňde, köp synaglara duçar bolarsyň, emma ýakynlaryň tarapyndan bolýan synag has agyr deger. Şeýle synaglarda Ýehowa has-da bil bagla. Ýadyňda sakla, sen bikämil adamlara däl-de, Ýehowa sežde edýärsiň!» Margaretiň maslahaty maňa kyn ýagdaýlara döz gelmäge kömek etdi. Ýanýoldaşymyň ýalňyşlygynyň meni Ýehowadan daşlaşdyrmagyna hiç haçan ýol bermezligi ýüregime düwdüm.
Soňra men Awstraliýa dolanyp, maşgalamyza golaý ýerde pioner bolup gulluk etmeli diýen netijä geldim. Okean arkaly gämili öýe gaýdanymda, ýolagçylaryň bir topary bilen yzygiderli Mukaddes Ýazgylar barada gyzykly gürrüňler etdim. Şol toparda norwegiýaly Arno Gerde atly bir ýuwaş adam bardy. Eşiden zatlary oňa ýarady. Arno soňra Sidneý şäherine meni we maşgalamyzy görmäge geldi. Ol çalt ruhy taýdan ösdi we Ýehowanyň Güwäçisi boldy. Biz Arno bilen 1963-nji ýylda durmuş gurduk we iki ýyldan Gari atly oglumyz boldy.
ÝITGÄ SEZEWAR BOLANYMDA
Biz bagtly ýaşaýardyk. Soňra gartaşan ata-enem ýanymyzda ýaşar ýaly, Arno jaý gurdy. Durmuş guranymyza alty ýyl bolanda, başymyza betbagtçylyk indi. Arnonyň beýnisinde rak keseli tapyldy. Ol keselhanada uzak wagtlap şöhleli bejergini alanda, men günde ony görmäge barýardym. Arno az wagtlaýyn gowulaşan ýaly boldy, ýöne soňra ýagdaýy erbetleşip, beýnisine gan indi. Ol iki hepdeden köp ýaşamaz diýdiler. Her niçik-de bolsa, Arno gutuldy. Ol öýe gelende, men onuň aladasyny edip, ýuwaş-ýuwaşdan aýaga galmaga kömek etdim. Biraz wagtdan ol ýöräp başlady, hatda ýygnagyň ýaşulusy bolup gulluk etmegini dowam etdi. Ýanýoldaşymyň şadyýanlygy, degişgenligi onuň sagalmagyna we maňa mundan beýläk hem aladasyny etmäge ýardam etdi.
1986-njy ýylda, Arnonyň saglygy ýene-de erbetleşdi. Ata-enem hem aradan çykandygy sebäpli, biz dostlarymyza ýakynrak bolmak üçin, Sidneýiň golaýynda ýerleşýän owadan Mawy dagly etrapa göçdük. Soňra Gari oglum mähirli Karen atly uýa öýlendi we olar bize dört bolup bir jaýda ýaşamagy teklip etdiler. Birnäçe aýdan soň, biziň hemmämiz Arno bilen öňki ýaşan ýerimizden birnäçe köçe aňyrdaky jaýa göçdük.
Arno ömrüniň soňky bir ýarym ýyly ýerinden galyp bilmändigi üçin, oňa hemişe seretmelidi. Men ony köp wagt ýeke goýup bilmeýändigim sebäpli, her gün iki sagat Mukaddes Ýazgylary we oňa esaslanan edebiýatlary okaýardym. Şeýdip, kynçylygyma döz geler ýaly köp paýhasly maslahatlary tapýardym. Şeýle-de meniňki ýaly synaglara döz gelen ýygnagymyzdaky käbir gartaşan dogan-uýalar hem meni mähirli ideg etdiler. Olaryň aladasy meni hakykatdan-da ruhlandyrdy! Arno 2003-nji ýylyň aprel aýynda direlişe umyt edip, aradan çykdy.
MAŇA ULY GOLDAW
Men ýaşkam, hemme zat gülala-güllük bolmalydyr öýdýärdim. Ýöne men durmuşda köplenç tama edişiň ýaly bolmaýandygyna göz ýetirdim. Men ençeme bereketler alsam-da, iki uly betbagtçylyga-da uçradym, ýagny birinji ýanýoldaşymy biwepalygy, ikinjisini bolsa, keseli sebäpli ýitirdim. Şeýle ýagdaýda men köp zatlardan görkezme alyp, teselli tapýardym. «Gadym günleriň» Hudaýy Ýehowa häzire çenli meni goldaýar (Dan. 7:9). Onuň maslahatlary häsiýetlerimi üýtgetmäge we missioner gullugynda köp bereketleri almaga ýardam etdi. Kynçylyk ýüze çykanda, Ýehowanyň «merhemeti meni tutýar... tesellisi janyma rahatlyk berýär» (Zeb. 94:18, 19). Şeýle-de meni maşgalam we aladaly gün üçin doglan hakyky dostlarym söýgi bilen goldaýardy (Sül. tym. 17:17). Olaryň köpüsi paýhasly, gartaşan dogan-uýalardy.
Eýýup pygamber: «Eýsem, gartaşan adamlar akyldar dälmi? Uzak ýaşaýanlar bolsa, düşünjeli dälmi?» diýdi (Eýýup 12:12). Men durmuşyma göz aýlap, munuň dogrudygyna göz ýetirdim. Gartaşan dogan-uýalaryň paýhasly maslahatlary maňa kömek etdi, tesellisi goltgy berdi. Olar bilen dostlugym meniň tejribämi baýlaşdyrdy. Men olar bilen dostlaşanyma minnetdar.
Şu wagt men 80 ýaşymda, indi özümem gartaşan. Meniň başdan geçirenlerim gartaşan adamlara has-da ünsli bolmaga kömek etdi. Men häzirem olary idemegi we kömek etmegi halaýaryn. Ýöne men ýaşlar bilen hem dost bolmagy gowy görýärin. Olaryň gujurlygy ruhlandyrýar we hyjuwlygy özüne çekýär. Ýaşlar maslahat we goldaw üçin meniň ýanyma gelende, kömek edip bilsem, begenýärin.
[Çykgyt]
a Elwanyň dogany Frank Lambert Awstraliýanyň az ilatly ýerinde pioner bolup yhlasly gulluk edýär.
[14-nji sahypadaky surat]
Narranderada Joý Lennoks bilen pioner bolup gulluk edýäris
[15-nji sahypadaky surat]
1960 ýyl. Elwa Şweýsariýada Beýtel maşgalasynda
[16-njy sahypadaky surat]
Arno kesellän mahaly
-
-
Agzybirligiň we ägirt uly taslamalaryň duşuşygyGarawul diňi — 2012 | 15 awgust
-
-
Ýyllyk ýygnagynyň hasabaty
Agzybirligiň we ägirt uly taslamalaryň duşuşygy
PENSILWANIÝADAKY Garawul diňi, Mukaddes Ýazgylar we kitapça jemgyýetiniň her ýyl geçirýän duşuşygy tolgundyryjy bolýar. 2011-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda, şenbe güni geçirilen 127-nji ýyllyk duşuşygy-da örän tolgundyryjy boldy! Dünýäniň dürli künjeginden çagyrylan dogan-uýalar Jersi-Sitidäki (ABŞ, Nýu-Jersi ştaty) Ýehowanyň Güwäçileriniň kongres zalynda ýygnanyşdylar.
Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy Gerrit Lýoş 85 ýurtdan gelen dogan-uýalary mähirli garşylady we imandaşlarymyzyň arasyndaky bütindünýä doganlyk agzybirligini belläp geçdi. Bu agzybirlik gowy güwälik bolup, Ýehowany şöhratlandyrýar. Hawa, duşuşykda agzybirlik temasy birnäçe gezek gaýtalanypdy.
MEKSIKADAN GELEN GOWY HABAR
Duşuşygyň birinji bölüminde Ýehowanyň halkynyň agzybirligi barada gürrüň edildi. Baltasar Perla Meksikadan gelen üç sany Beýtel agzasyndan interwýu aldy. Perla dogan olardan Merkezi Amerikadaky alty sany filialyň Meksikadaky filial bilen birleşişi hakynda sorady. Bu özgerişlik sebäpli Meksikanyň Beýtel maşgalasynda dürli medeniýetli we milletli dogan-uýalar köpeldi. Olar eginme-egin işleşip, birek-biregi ruhlandyrdylar. Bu, göräýmäge, döwletler arasyndaky araçägi Ýehowanyň eli bilen aýrylan ýaly boldy.
Şeýle özgerişlikden soňra, her bir ýygnak filial bilen habarlaşyp durar ýaly, howpsuz elektron poçtasy döredildi. Bu aragatnaşyk filiallaryň ýapylan ýerlerindäki dogan-uýalara Ýehowanyň guramasyndan daşlaşmandygyny duýmaga kömek etdi.
ÝAPONIÝADAKY TÄZELIKLER
Ýaponiýadaky filialdan gelen Jeýms Linton atly dogan 2011-nji ýylyň mart aýynda bolan ýer titremäniň we sunaminiň (ägirt suw tolkunlary) dogan-uýalara ýetiren zyýany hakynda gürrüň berdi. Güwäçileriň köpüsi öz dogan-garyndaşlaryndan we emläginden mahrum bolupdy. Ýaponiýanyň başga künjeklerinde ýaşaýan dogan-uýalar heläkçilige uçran imandaşlaryna 3 100-den gowrak jaýlary we müňlerçe ulaglary hödürlediler. Regional gurluşyk komitetlerinde gulluk edýän meýletin gullukçylar dogan-uýalaryň jaýlaryny dikeltmek üçin dyngysyz işlediler. 1 700-den gowrak meýletin gullukçylar bolsa, zerurlygy bolan ýerlere kömek etdiler. 575 sany meýletin gullukçylar Patyşalyk zallarynyň dikeldiş işlerine ýardam berdiler. Bu işe ABŞ-dan gelen dogan-uýalar hem gatnaşdylar.
Ejir çeken dogan-uýalara, esasan-da, ruhy we duýgy taýdan kömek berildi. Şeýle kömege mätäç dogan-uýalara 400-den gowrak ýaşuly kömek etdi. Betbagtçylyga uçran dogan-uýalara göwünlik bermek üçin Bütindünýä baş edaradan iki zonal gözegçisi gelende, Ýolbaşçylyk maslahatynyň imandaşlary barada alada edýändigi aýdyň göründi. Bütin dünýädäki Güwäçileriň beren kömegi we duýgudaşlyk sözleri Ýaponiýadaky dogan-uýalary örän ruhlandyrýardy.
GAZANYLAN ÝEŇIŞLER
Diňleýjiler Britaniýadaky filialdan gelen doganymyz Stiwen Hardiniň ýakynda kazyýetde gazanylan ýeňişleri hakynda beren gürrüňini höwes bilen diňlediler. Meselem, Fransiýanyň hökümeti şol ýurtdaky guramamyzdan salgyt hökmünde 82 million amerikan dollaryny talap etdi. Emma Ýewropanyň adam hukuklary boýunça kazyýeti (ÝEAHBK) Fransiýa hökümetiniň halkara şertnamasynyň, ýagny Ýewropanyň konwensiýasynyň adamlaryň islendik dine uýmaga haklydygyny görkezýän 9-njy maddasyny bozandygyny aýdyp, bu işi biziň peýdamyza çözdi. Kazyýetiň aýtmagyna görä, Fransiýa döwletiniň esasy maksady pul almak däldi. Çykarylan kararda şeýle diýilýär: «Fransiýa hökümeti Guramany din hökmünde kabul etmezlik üçin, olaryň ýerine ýetirýän işlerine garşy çykdy we kemsidiji sözleri aýdyp, guramany ýatyrmak isledi. Şeýdip, ol Ýewropanyň konwensiýasynyň 9-njy maddasyny bozdy».
Şeýle-de ÝEAHBK Ermenistanda ýüze çykan meseläni biziň peýdamyza çözdi. 1965-nji ýyldan bäri ÝEAHBK-nyň aýtmagyna görä, Ýewropanyň konwensiýasy adamy harby gullugyna gitmek borjundan goramaýardy. Emma Ýewropa kazyýetiniň ýokary palatasy Ýewropanyň konwensiýasynyň adamyň dini garaýşy we ynsabyny göz öňünde tutup, harby gullugyna gitmek borjundan boşatmaklyk kararyny girizmelidigini aýtdy. Kazyýetiň gelen kararyny Ermenistan bilen bilelikde Azerbaýjan we Türkiýe döwletleriniň-de kabul etmelidigi aýdyldy.
GURLUŞYK TASLAMALARY
Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy Gaý Pirs zalda oturanlaryň ählisiniň Nýu-Ýork ştatyndaky gurluşyk işleri barada gyzyklanýandyklarygyny belläp geçdi. Ol ýakynda Uolkillde, Pattersonda, Uorwik we Taksido (Nýu-Ýork ştaty) ýer satyn alnandygyny aýtdy we ol ýerlerde edilen hem-de ediljek işler hakynda film görkezdi. Uolkillde 300 otagly ýaşaýyş jaýynyň gurluşyk işleri 2014-nji ýylda tamamlanjakdygy barada aýdyldy.
Uorwikde 100 gektarly ýerde gurluşyk işleri planlaşdyrylýar. Pirs doganymyz şeýle diýdi: «Biz Uorwikde ediljek zatlar babatda Ýehowanyň nähili niýetiniň bardygyny entek bilemizok, ýöne Ýehowanyň Güwäçileriniň bütindünýä baş edarasyny şol ýere geçirmek maksady bilen, biz gurluşyk işlerini dowam edýäris». Gurluşyk işleri üçin gerekli tehnikany we materiallary Uorwikden 10 kilometr demirgazykda 20 gektarly meýdançada ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar. Doganymyz Pirs sözüni şeýle dowam etdi: «Gurluşyga başlamaga rugsat alanymyzdan soň, ähli taslama işlerini dört ýylyň içinde amala aşyrarys diýip umyt edýäris. Şondan soň Bruklindäki emlägimizi satyp bileris».
Doganymyz Pirs sözüni şeýle jemledi: «Bu taslamalar Ýolbaşçylyk maslahatyň uly muşakgaty soňa goýandygyny görkezýärmi? Elbetde, ýok! Eger uly muşakgat biziň goýan maksadymyzy bozsa, örän gowy, juda gowy bolar!».
ARLAÝJY ARSLANDAN HABARDAR BOLUŇ
Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy Stiwen Lett 1 Petrus 5:8-e esaslanyp çykyş etdi. Bu aýatda şeýle diýilýär: «Hüşgär boluň, oýanyň; ýagyňyz bolan iblis arlaýjy arslan kimin aýlanyp, ýuwutjagyny agtaryp ýörendir». Doganymyz Lett Iblis bilen arslanyň arasyndaky umumy meňzeşligiň birnäçesini belläp geçdi.
Şeýtan arslan ýaly güýçli hem-de çalt hereket edýär. Şol sebäpli biz Şeýtan bilen söweşenimizde ýa-da ondan gaçjak bolanymyzda öz güýjümize daýanmaly däl. Bize Ýehowanyň kömegi gerek (Iş. 40:31). Arslan awuny tutmak üçin assyrynlyk bilen hereket edýär. Şeýtan hem oljasyny ruhy garaňkylykdan gözleýär. Şol sebäpli biz ol garaňkylyga düşmez ýaly, örän seresap bolmaly. Arslanyň jereni ýa-da uklap ýatan zebranyň çagasyny zalymlyk bilen awlaýşy ýaly, Şeýtan hem bizi rehimsizlik bilen daraýar we öldürmek isleýär. Arslan gerk-gäbe doýandan soňra, köplenç onuň penjesine düşen haýwany tanar ýaly bolmaýar. Şeýtanyň oljasy bolan mesihçiniň hem «soňky ýagdaýy öňküden-de erbet» bolýar (2 Pet. 2:19). Şol sebäpli biz Şeýtana garşy durup, Mukaddes Ýazgylardan bilen prinsiplerimize görä ýaşamaly (1 Pet. 5:9).
ÝEHOWANYŇ ÖÝÜNDÄKI ORNUŇYZY GYMMAT SAÝYŇ
Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy Semýuel Hýord dokladyny şeýle sözler bilen başlady: «Ýehowanyň öýünde biziň her birimiziň ornumyz bar». Bu «öý» Hudaýyň ruhy ybadathanasyny, ýagny Mesihiň töleg gurbany esasynda sežde etmekligi aňladýar. Ol ýerde bolmak biziň üçin uly hormat. Biz hem Dawut ýaly «ömrümiziň ähli günlerini Rebbiň (Ýehowanyň) öýünde» geçirmek isleýäris (Zeb. 27:4).
Doganymyz Hýord diňleýjileriň ünsüni Zebur 92:12—14-nji aýatlara çekip, olara şeýle sorag berdi: «Ýehowa bize ruhy taýdan ösmäge nädip kömek edýär?» Soňra ol soragyna jogap berip, şeýle diýdi: «Hudaý bizi ruhy jennetde mähri bilen çoýýar, goraýar we hakykat suwundan gandyrýar». Doganymyz Hýord diňleýjilere: «Geliň, bu zatlar üçin Hudaýa minnetdar bolalyň. Ýehowanyň öýünde ornumyzyň bardygyna begeneliň we onda az wagtlaýyn däl-de, ebedilik galalyň» diýip, ruhlandyryjy sözleri aýtdy.
MESIHÇILER HUDAÝYŇ SÖZÜNE HORMAT GOÝÝARLAR
Şeýle-de Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy Deýwid Spleýn mesihçileriň hemişe Hudaýyň Sözüne hormat goýýandygy barada çykyş etdi. I asyrdaky mesihçiler sünnetlenmek meselesini çözmeli bolanda, Mukaddes Ýazgylara bil baglapdylar (Res. iş. 15:16, 17). Emma II asyrda özlerini mesihçi hasaplan käbir adamlar grek filosofiýasynyň tarapyny tutup, öz bilimini Hudaýyň Sözünden ýokary saýdylar. Soňra Mukaddes Ýazgylaryň taglymatlaryna derek, Buthana Atalarynyň we Rim imperatorlarynyň pikirlerini öňe sürüp, ýalan taglymatlary döretdiler.
Doganymyz Spleýn diňleýjileriň ünsüni Isanyň getiren mysalyna çekip, ýer ýüzünde hakykaty gorajak mesh edilen mesihçileriň boljakdygyny belläp geçdi (Mat. 13:24—30). Biz olaryň kimdigini anyk bilemizok. Emma asyrlar boýy Mukaddes Ýazgylara esaslanmadyk taglymatlary we işleri ýazgaran adamlar bolupdyr. Olaryň arasynda ruhany Agobard Lion (IX asyr), Petrus de Brýu, Genrih Lozann we Waldes ýa-da Waldo (XII asyr), Jon Uiklif (XIV asyr), Uilýam Tindal (XVI asyr) hem-de Genri Gru bilen Jorj Storrz (XIX asyr) dagylar bardy. Şu günler hem Ýehowanyň Güwäçileri Mukaddes Ýazgylaryň kadalaryna görä ýaşaýarlar we ony hakykatyň özeni hasaplaýarlar. Şol sebäpli-de Ýolbaşçylyk maslahaty Ýahýa 17:17-ni 2012-nji ýylyň ýyllyk aýady hökmünde saýlady. Bu aýatda şeýle diýilýär: «Seniň sözüň hakykatdyr».
BILIM BERMEKDE WE WAGYZ ETMEKDE AJAÝYP ÖZGERIŞLIKLER
Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy Entoni Morris missionerler we ýörite pionerler üçin edilen özgerişlikleri yglan etdi. 2012-nji ýylyň sentýabr aýyndan başlap, käbir ýurtlarda Mesihçi är-aýallar üçin mekdep geçirilip başlar. Şeýle-de Gilead mekdebi babatda özgerişlikler kabul edildi. 2011-nji ýylyň oktýabr aýyndan başlap, bu mekdebe diňe ýörite doly wagtly gulluga gatnaşýan wagyzçylar, meselem, Gilead mekdebinde okamadyk missionerler, ýörite pionerler, aýlanýan gözegçiler we Beýtel maşgalasynyň agzalary çagyrylýar. Mekdebi tamamlanlar filiallara, aýlanýan gözegçilik gullugyna hem-de köp adamly ýerlerdäki ýygnaklara belleniler. Şeýlelikde, olar Hudaýyň halkynyň ruhy taýdan berkemegine we hoş habary yhlasly wagyz etmegine ýardam ederler.
2012-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Sallah doganlar üçin we Mesihçi är-aýallar üçin mekdebi tamamlanlaryň käbiri wagyzçylaryň ýok ýerinde bir ýyllyk wagtlaýyn ýörite pioner hökmünde belleniljekdigi bildiriş edildi. Emma olaryň gullugy üç ýyla-da çekip biler. Gullugyny üstünlikli ýerine ýetirenler hemişelik ýörite pioner bolup belleniler.
Hawa, 2011-nji ýylda geçirilen ýyllyk ýygnagy şatlykly boldy. Hoş habary has-da üstünlikli wagyz etmek we doganlyk agzybirligini berkitmek üçin edilen özgerişlikleri Ýehowanyň patalamagyna garaşýarys. Goý, bu edilen işler Hudaýa öwgi we şöhrat getirsin!
[18-nji we 19-njy sahypalardaky çarçuwa/suratlar]
HAS ÝAKYNDAN TYNYŞ BOLALYŇ
Duşuşykda Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzalarynyň aýallaryndan interwýu alyndy. Bäş sany dul galan uýalar Marina Sidlik, Edit Sýuter, Melita Ýaraç, Melba Berri we Sidni Barber hakykaty nädip bilendiklerini hem-de doly wagtly gullugyna nädip başlandyklary barada gürrüň berdiler. Olaryň her biri ýanýoldaşy barada we olar bilen alan bereketleri hakynda gymmatly ýatlamalaryny paýlaşdylar. Bu täsirli interwýu «Hudaýa wepaly aýallar we uýalar» diýen 86-njy aýdymy bilelikde aýtmak bilen tamamlandy.
[Suratlar]
(Ýokarda) Deniýel we Marina Sidlik; Grant we Edit Sýuter; Teodor we Melita Ýaraç
(Aşakda) Lloýd we Melba Berri; Kerri we Sidni Barber
[16-njy sahypadaky karta]
(Teksti doly görmek üçin edebiýata serediň)
Alty sany filial Meksikadaky filial bilen birleşdirildi
MEKSIKA
GWATEMALA
GONDURAS
SALWADOR
NIKARAGUA
KOSTA-RIKA
PANAMA
[17-nji sahypadaky surat]
Ýehowanyň Güwäçileriniň Uorwikdäki bütindünýä baş edarasynyň eskizi (Nýu-Ýork ştaty)
-
-
Okyjylaryň sowallaryGarawul diňi — 2012 | 15 dekabr
-
-
ýylyň 8-nji maýynda çykan «Oýanyň!» žurnalynda şeýle diýilýär: «Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine görä ýaşamak isleýän adamlar ýaşaýşy Hudaýyň mukaddes saýýandygyna hormat goýýarlar, ynsabyna görä we hökümetiň kanunlaryna gulak asyp, hiç haçan bilgeşleýin biriniň janyna kast etmeýärler». Käbir ýagdaýlarda diňe ýaşamaga kömek edýän enjamlar arkaly ýakynymyzy goldap bilýäris. Maşgala agzalary (döwlet kanuny rugsat berse) ýakynlarynyň ýaşaýşyny emeli usul bilen goldamalymy ýa-da goldamaly däldigini çözmeli bolýar.
Elbetde, bu ýagdaý EKT edip, embrionlaryny saklaýan är-aýallaryň ýagdaýyndan tapawutlanýar. Emma olara bir zat, ýagny embrionlary azotly doňduryjy kameradan çykaryp, eretmeklik teklip edilmegi mümkin. Embrionlar emeli usul bilen saklanýan doňduryjy kameradan çykarylandan soň zaýalanyp ölýär. Bu meselede är-aýalyň özi karara gelýär (Gal. 6:7).
Çaga edinmek umydy bilen EKT eden är-aýal doňdurylan embrionlaryň galanyny saklap, gelejekde olary çaga edinmek üçin ulanasy geler. Käbir är-aýal bolsa doňdurylan embriona diňe emeli usul bilen saklanylýan hökmünde garap, ony ýok edesi geler. Mesihçiler bu meseläni Mukaddes Ýazgylar boýunça terbiýelenen ynsabyna görä çözýär we Hudaýyň öňünde jogapkär. Olaryň islegi ynsabyna ezýet bermeli däl we başgalaryň hem ynsabyny göz öňünde tutmaly (1 Tim. 1:19).
Mesihçiler bu meseläni Mukaddes Ýazgylar boýunça terbiýelenen ynsabyna görä çözýär we Hudaýyň öňünde jogapkär
Reproduktiw endokrinologiýa ugrundan bir spesialist şeýle diýýär: «Är-aýalyň köpüsi (doňdurylan) embrionlar barada karara gelmeli bolanda, jogapkärçiligi duýup, näme etjegini bilmeýärler. Olaryň pikiriçe, bu meseläniň gowy çözgüdi ýok».
EKT etjek bolýan mesihçiler, onuň ýetirip biljek zyýanyny göz öňünde tutmaly. Mukaddes Ýazgylarda şeýle duýduryş berilýär: «Paýhasly adam bela-beteri görüp gizlenýändir; mön adamlar bolsa ileri geçip, zyýan görýändir» (Sül. tym. 22:3).
EKT-NIŇ BAŞGA USULLARY
EKT usulunyň ösmegi bilen, Mukaddes Ýazgylardaky Hudaýyň kanunyna aç-açan garşy gelýän başga-da usullar açyldy. Mysal üçin, aýalyň jyns öýjügi äriniň däl-de başga adamyň spermasy bilen tohumlandyrylýar. Soňra embrionlar onuň ýatgysyna geçirilýär (käte lesbiýankalar muny ulanýarlar). Ýa-da adamyň spermasy aýalynyň däl-de keseki aýalyň jynsy öýjügi bilen tohumlandyrylýar. Aýaly bolsa, embrionlaryň ýatgysyna geçirilmegine razylaşýar.
«Ogullyga alnan embrion» usulynda bolsa, başga aýalyň jyns öýjüginden we başga adamyň spermasyndan emele gelen embrionlar aýalyň ýatgysyna geçirilýär. Başga bir usulda bolsa, aýalyň jyns öýjügi äriniň spermasy bilen EKT edilenden soň, embrionlar başga bir aýalyň (eneliginiň) ýatgysyna geçirilýär. Eneligi çagany dograndan soň ene-atasyna berýärb.
Hudaýyň gullukçylary şeýle usullar bilen probirkada tohumlandyrmaly däl. Bu usullar «ýoldaşyň aýaly bilen jyns gatnaşygyny edip, özüňi haram etme» diýen tabşyryga garşy gelýär (Lew. 18:20, 29; Sül. tym. 6:29). Är-aýalyň haýsy-da bolsa biriniň jyns öýjügi ýa spermasy ýanýoldaşy bolmadyk biriniňki bilen tohumlandyrylsa, muňa Mukaddes Ýazgylara görä, (porneýa) jynsy ahlaksyzlyk diýilýär. Bu usullarda jynsy organlar nädogry ulanylýar (Mat. 5:32; 1 Kor. 5:11; 6:9, 18; Ýew. 13:4).
b 1993-nji ýyly 8 martynda çykan «Oýanyň!» (rus.) žurnalynyň 26, 27-nji sahypalarynda «enelik» barada giňişleýin düşündirilýär.
Bile ýaşaşýan erkek adam bilen aýal Mukaddes Ýazgylary öwrenip, suwda çokundyrylmak üçin nikalaşmak isleýär. Emma erkek adam ýurtda kanuna görä, resmileşdirilip ýaşamaýandygy üçin hökümet oňa nikalaşmaga rugsat bermeýär. Olar «Wepalylyk hakynda ynanç hata» gol çekip, suwda çokundyrylyp bilermi?
Bu meseläniň çözgüdi ýaly bolup görünse-de, Mukaddes Ýazgylara dogry gelmeýär. Muňa düşünmek üçin geliň, ilki bilen, «Wepalylyk hakynda ynanç hatyň» nämedigini we ony haçan doldurmalydygyny bileliň.
«Wepalylyk hakynda ynanç hata» şu aşakdaky sebäplere görä, kanun tarapyndan nikalaşyp bilmeýän är-aýal şaýatlaryň öňünde gol çekýärler. Olar bu resminamany dolduranda, biri-birine wepaly bolmaga we mümkin boldugyndan nikasyny resmileşdirmäge Hudaýyň öňünde wada berýärler hem-de adamlara-da güwä geçýärler. Şondan soň ýygnakdaky dogan-uýalar olaryň nikasyny resmileşdirilen hasaplaýarlar.
«Wepalylyk hakynda ynanç haty» haçan doldurylýar? Bu soragyň jogabyny bilmek üçin, ilki bilen, Ýehowanyň nika we aýrylyşmaga nähili garaýandygyna düşünmeli. Ýehowa maşgalany döretdi we oňa örän çynlakaý garaýar. Hudaýyň Ogly Isa şeýle diýdi:
-