99-NJY AÝDYM
Müňlerçe dogan-uýalar
Çap edilen görnüşi
1. Her milletden, her taýpadan
Ýaşlar hem garrylar
Wepaly gulluk edýär,
Halal ýaşaýarlar.
Doganlar sanardan köp,
Köpelýär günsaýyn.
Alkyş aýdalyň bilelikde,
Wasp edip Hudaýy.
2. Müňlerçe dogan-uýalar
Gidýär ýakyn-daşa.
Ajaýyp durmuş hakda
Aýdýar garry-ýaşa.
Wagyz etsek-de her gün,
Hiç haçan ýadatmaz.
Isa elmydam ruhlandyrar,
Bizi ýeke goýmaz.
3. Müňlerçe dogan-uýalar
Hudaý üçin eziz.
Howp-hatardan goraýar
Hudaý gije-gündiz.
Köpelýärler günsaýyn
Ökde wagyzçylar.
Eginme-egin hasyl ýygýar
Yhlasly işçiler.
(Serediň: Işa. 52:7; Mat. 11:29; Ylh. 7:15)