-
Gaharyna adam öldürdiMukaddes Kitapdan sapaklarym
-
-
4-NJI SAPAK
Gaharyna adam öldürdi
Erem bagyndan kowlansoň, Adam ata bilen How enäniň köp çagalary boldy. Olaryň birinji oglunyň ady Kabyl. Ol ekin ekýärdi. Ikinji oglunyň ady Habyl. Ol goýun bakýardy.
Bir gün Kabyl bilen Habyl Ýehowa gurbanlyk berdiler. Gurbanlygyň nämedigini bilýäňmi? Hudaýy begendirmek üçin bir zat berseň, oňa gurbanlyk diýilýär. Ýehowa Habylyň beren zadyny gowy gördi. Kabylyňkyny halamady. Şonda Kabylyň gaty gahary geldi. Ýehowa Kabyla: «Gaharlanma, ýogsam erbet iş edersiň» diýdi. Ýöne ol diňlemedi.
Şondan soň Kabyl Habyla: «Ýör, açyk meýdana gideli» diýdi. Ol ýerde ikisinden başga adam ýokdy. Kabyl Habyla topulyp, ony öldürdi. Şonda Ýehowa näme etdi? Kabyla temmi berip, öýünden kowdy. Soň ol öýüne gelip bilmedi.
Biz şu wakadan näme öwrenýäris? Käte bir zat seniň isleýşiň ýaly bolmasa, gaharyň gelip biler. Belki, gahardan ýaňa özüňi saklamak kynlaşýandyr. Eger ejeň ýa kakaň saňa gaharlanma diýse, onda derrew gaharyňy sakla, ýogsam Hudaýy gynandyrarsyň.
Habyl Ýehowany gowy görýärdi, hemişe oňa gulak asýardy. Ýehowa ony hiç haçan ýadyndan çykarmaz, Jennetde direlder.
«Ilki doganyň bilen ýaraş. Soňra gurbanlygyňy ber» (Matta 5:24).
-
-
Nuhuň ýasan gämisiMukaddes Kitapdan sapaklarym
-
-
5-NJI SAPAK
Nuhuň ýasan gämisi
Ýer ýüzünde adamlar gün-günden köpelýärdi. Olaryň köpüsi erbet işleri edýärdi. Käbir perişdeler hem erbet işleri etdiler. Olar ýere düşüp, ýaşap başladylar. Bilýäňmi, näme üçin? Olar owadan gyzlara öýlenmek islediler. Munuň üçin perişdeler adama öwrüldiler.
Soňra şol perişdeleriň ogullary boldy. Olaryň çagalary uzyn boýly we örän güýçli adam bolup ýetişdi. Olar adamlary urýardylar, sögýärdiler. Ýehowanyň olara gahary geldi. Şonuň üçinem güýçli ýagyş ýagdyryp, erbet adamlary ýok etjekdigini aýtdy.
Şol döwürde bir gowy adamam bardy. Onuň ady Nuh. Ol Ýehowany söýýärdi. Onuň aýaly, üç ogly we gelinleri bardy. Ogullarynyň ady Sam, Ham, Ýafet. Ýehowa Nuha ullakan gämi ýasa diýdi. Gämi suwuň ýüzünde ýüzmelidi. Ýagyş ýagyp başlanda olar gämä girmelidi. Nuh gämä haýwanlary hem salmalydy. Ýehowa haýwanlary hem halas etmek isleýärdi.
Nuh maşgalasy bilen gämini 50 ýyllap ýasady. Olar hemme zady Ýehowanyň aýdyşy ýaly etdiler. Nuh başga adamlaryň hem halas bolmagyny isleýärdi. Şonuň üçin: «Ýehowa ýagyş ýagdyrjak bolýar, gämä giriň» diýýärdi. Ýöne oňa hiç kim gulak asmady.
Gämä girmeli wagt hem ýetip geldi. Soňra näme boldy? Ony indiki sapakdan bileris.
«Nuhuň günleri nähili bolan bolsa, Ynsan ogly gelende-de şeýle bolar» (Matta 24:37).
-