Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w20 Dekabr sah. 15
  • Okyjylaryň sowallary

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Okyjylaryň sowallary
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
  • Meňzeş maglumat
  • Okyjylaryň sowallary
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
  • Hudaý meni bagyşlarmy?
    Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
  • Günä näme?
    Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
w20 Dekabr sah. 15

Okyjylaryň sowallary

Nakyllar 24:16-da: «Dogruçyl adam ýedi gezek ýykylsa-da, ýerinden turýar» diýilýär. Şu aýat gaýta-gaýta günä edýän adamy Hudaýyň bagyşlaýandygyny aňladýarmy?

Ýok! Aslynda şu aýatda başga zat hakynda gürrüň edilýär. Adamyň kynçylyklara ýa-da betbagtçylyklara duşanda «ýykylýandygyny», olara döz gelende bolsa «ýerinden turýandygyny» aňladýar.

Geliň, Nakyllar 24:15—17-nji aýatlara üns bereliň: «Erbet adamlar ýaly, dogruçylyň öýüniň golaýynda bukuda ýatma, asuda ojagyny ýykma. Dogruçyl adam ýedi gezek ýykylsa-da, ýerinden turýar, erbetler bolsa bela-beteriň içine taýyp gidýär. Duşmanyň ýykylanda begenme, büdrände ýüregiňde şatlanma».

Käbir adamlar Nakyllar 24:16-a şeýle düşünýärler: «Toba edýän adamlary Allatagala bagyşlaýar». Iki ruhany şu aýat hakda şeýle belläp geçýär: «Gadymky we häzirki dindarlar aýady şeýle düşündirýärler: „Ýagşy adam hem agyr günäleri edip ýykylýar, ýöne toba etse, Allatagalanyň razylygyny gazanyp, ýerinden turýar“». Şeýle pikiri ynanýan adamlar günäli işlerden el çekeýin hem diýmeýär. Olar gaýta-gaýta günä etseler-de, Allatagalanyň bagyşlajakdygyna ynanýarlar.

Ýöne Nakyllar 24:16-da düýbünden başga zat hakda aýdylýar.

16, 17-nji aýatlardaky «ýykylmak» ýa-da «ýykylýar» diýen sözleriň dürli-dürli manysy bar. Meselem, öküz ýolda ýykylyp bilýär, kimdir biri üçekden ýykylyp bilýär ýa-da agaç ýykylyp bilýär (5 Mus. 22:4, 8). Ýykylmak sözi göçme manyda-da ulanylýar. Zebur 37:23, 24-nji aýatlarda şeýle diýilýär: «Ýehowa ynsanyň ýöreýän ýolundan razy bolsa, onuň ädimlerini ugrukdyrar. Ol büdrese-de, ýykylmaz, sebäbi Ýehowa elinden tutar» (Nak. 11:5; 13:17; 17:20).

Mukaddes Kitaby öwrenýän alym Edward Plampteriň aýtmagyna görä, «ýykylmak» diýen ýewreý sözüniň günä bilen hiç hili baglanyşygy ýok. Başga bir alym bolsa 16-njy aýady şeýle düşündirýär: «Hudaýyň halkyna zyýan ýetirmegiň bary biderekdir. Sebäbi dogruçyl adamlar aman galar, günäkärler bolsa heläk bolar».

Diýmek, Nakyllar 24:16-daky «ýykylmak» diýen söz adamyň günä etmegini däl-de, kynçylyklarda, synaglarda ýa-da betbagtçylyklarda gaýta-gaýta ruhdan düşmegini aňladýar. Şeýtanyň zalym dünýäsinde hudaýhon adamlar keselçilik ýa-da başga kynçylyklara döz gelmeli bolýarlar. Mundan başga-da olar hökümet tarapyndan güýçli yzarlanýarlar. Ýöne olar Hudaýa bil baglaýandygy üçin her bir kynçylyga döz gelip biljekdiklerine ynanýarlar. Görşümiz ýaly, Ýehowanyň halky ýykylsa-da, ýerinden galyp, şatlanyp bilýär. Näme üçin? Sebäbi «Ýehowa ýykylanlary galdyrýar, bili bükülenleriň daýanjy bolýar» (Zeb. 41:1—3; 145:14—19).

Elbetde, dogruçyl adamlar başgalaryň kynçylyk çekýändigini görende begenmeýärler. Olar «diňe hak Hudaýdan gorkýan» we oňa «çuňňur hormat goýýan» adamlar üçin begenýärler (Nes. 8:11—13; Eýp. 31:3—6; Zeb. 27:5, 6).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş