Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lv bap 10 sah. 110—120
  • Nika mähriban Hudaýyň sowgady

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Nika mähriban Hudaýyň sowgady
  • «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • NÄME ÜÇIN MAŞGALA GURMALY?
  • KIM SAŇA MYNASYP ÝANÝOLDAŞ BOLUP BILER?
  • MAŞGALA GURMAGA NÄDIP TAÝÝARLANMALY?
  • NÄDIP BERK MAŞGALA GURMALY?
  • Bagtly maşgala gurmak üçin taýýarlyk
    Maşgala bagtynyň syry
  • Nikaňyz «üç örümli ýüp» ýaly bolsun
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Maşgalany nädip bagtly edip bolýar?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
  • Mukaddes Kitapda maşgala guranlar we gurmadyklar barada näme diýilýär?
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
Başgalary
«Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»
lv bap 10 sah. 110—120
Tanyşlyk döwri

10-NJY BAP

Nika mähriban Hudaýyň sowgady

«Üç örümli ýüp... çalt üzülmez» (WAGYZ KITABY 4:12).

1, 2. a) Ýaş çatynjalary görenimizde, käte näme hakda oýlanýarys we näme üçin? b) Bu bapda nähili sowallara serederis?

SEN toýa barmagy gowy görýäňmi? Köp adamlar gowy görýär, sebäbi şeýle dabaralar şatlyk-şagalaň bilen geçýär. Ýigit bilen gyz owadan geýinýär, ýüzleri-de ýylgyryp durýar! Şol gün ýaş çatynjalar şadyýan we gelejege umyt-arzuw bilen garaýarlar.

2 Emma häzir maşgala ojagy gözgyny ýagdaýda. Biz ýaş çatynjalara gowy arzuwlar etsek-de, käte özümize: «Olar bagtly bolarmyka? Nikasy uzaga çekermikä?» diýen sowallary berýäris. Bu sowallaryň jogaby är-aýalyň Hudaýyň maşgala babatda berýän maslahatyna ynanyşyna we ulanyşyna bagly bolýar (Süleýmanyň tymsallary 3:5, 6-njy aýatlary okaň). Olar şeýle maslahatlara eýerip, Hudaýyň söýgüsinde galyp bilerler. Eýsem, maşgala gurmak nämä gerek? Durmuş gurmakçy bolsaň, kimi ýanýoldaş saýlamaly? Sen maşgala gurmaga nädip taýýarlanyp bilersiň? Är-aýala bagtly bolmaga näme kömek eder? Geliň, Mukaddes Ýazgylaryň şu dört sowala jogap berşine seredeliň.

NÄME ÜÇIN MAŞGALA GURMALY?

3. Näme üçin oýlanman maşgala gurmak akylsyzlyk bolardy?

3 Käbir adamlar bagtly bolmak üçin hökman maşgala gurmaly, ýogsam, söwer ýarsyz durmuşyň şatlygy bolmaz diýýärler. Emma bu asla beýle däl! Isa-da öýlenmändi. Ol sallahlygy sylag hasaplap, hatda başarjak adamlary sallah galmaga höweslendirdi (Matta 19:11, 12). Pawlus resul hem sallahlygyň peýdasy hakynda aýdýar (1 Korinfliler 7:32—35). Emma Isa-da, Pawlus-da sallah galmaly diýen düzgüni bermedi. Aslynda, durmuş gurmagy gadagan etmek «zalym ruhlaryň» taglymaty hasaplanýar (1 Timoteos 4:1—3). Şeýle-de bolsa başga zatlara ünsüni sowman Ýehowa gulluk etmek isleýän mesihçilere sallahlyk köp mümkinçilik berýär. Ýöne oýlanman, meselem, deň-duşlarym öýli-işikli boldy diýip, maşgala gurmak akylsyzlyk bolardy.

4. Bagtly nika çaga terbiýelemäge nähili mümkinçilik berýär?

4 Eýsem, maşgala gurmak nämä gerek? Sebäbi nika hem söýgüli Hudaýyň sowgady (Gelip çykyş 2:18-i okaň). Şol sebäpli nikanyň peýdasy bar, hatda köp bereket hem berýär. Meselem, bagtly nika maşgala durmuşynyň gowy bolmagyna mümkinçilik berýär. Şonda çagalar gowy şertlerde önüp-ösýärler, ata-eneler olary söýýärler, terbiýeleýärler we öwüt-ündew berýärler (Zebur 127:3; Efesliler 6:1—4). Emma çaga terbiýelemek durmuş gurmagyň ýeke-täk sebäbi däl.

5, 6. a) Wagyz kitaby 4:9—12-nji aýatlara laýyklykda, ýakyn dostlugyň näme peýdasy bar? b) Nikany näme üçin üç örümli ýüpe meňzetse bolar?

5 Geliň, şu babyň başyndaky aýadyň kontekstine seredeliň: «Eke bolandan iki bolanyň gowudyr, sebäbi olar zähmetiniň hözirini görerler. Çünki biri ýykylsa, beýlekisi ýoldaşyny galdyrar. Emma ýeke bolan nätsin? Ol ýykylsa, galdyrmaga hiç kim bolmaz. Eger iki adam bile ýatsa, ýylynarlar. Emma ýeke bolsa, özi nädip ýylynsyn? Eger bir adam ony ýeňjek bolsa, iki bolup oňa hötde gelerler. Üç örümli ýüp hem çalt üzülmez» (Wagyz kitaby 4:9—12).

6 Bu aýatlarda, esasan, dostlugyň peýdasy barada aýdylýar. Elbetde, maşgalada-da är-aýaly ýakyn dostluk ysnyşdyrmaly. Şu aýatlardan görnüşi ýaly, şeýle dostluk är-aýaly goldaýar, teselli we gorag berýär. Nika berk bolar ýaly, diňe iki adamyň bileleşigi ýeterlikli däl. Şol aýatlara laýyklykda, iki örümli ýüpi üzüp bolýar. Ýöne ýüp üç örülse welin, ony üzmek örän kyn bolar. Äri-de, aýaly-da öňürti Ýehowany razy etmek isleýän bolsalar, onda olaryň nikasy üç örümli ýüp ýaly bolar. Eger är-aýal Ýehowa wepaly bolsa, olaryň nikasy örän berk bolar.

7, 8. a) Pawlus jynsy höwesleri bilen göreşýän sallah mesihçilere näme maslahat berdi? b) Injile laýyklykda, durmuş gurmakçy bolýan ýaşlar nämä taýyn bolmaly?

7 Şeýle-de jynsy höwesleriňi diňe nikada dogry kanagatlandyryp bolýar. Şonuň üçin nikadaky jynsy gatnaşyklar, hakykatdan-da, lezzet berýär (Süleýmanyň tymsallary 5:18). Injiliň aýtmagyna görä, durmuş gurmadyk oglanyň ýa gyzyň «ýaşy», ýagny jynsy höwesleriniň güýjeýän döwri «geçse-de», olaryň jynsy höwesi entegem güýçli bolmagy mümkin. Şeýle islege erk etmeseň, bu seni ahlaksyzlyga ýa edepsizlige eltip biler. Şoňa görä-de Pawlus resul sallahlara Hudaýyň ylhamy bilen: «Özlerine erk edip bilmeseler, goý, durmuş gursunlar. Sebäbi yşk oduna ýanandan, durmuş guranlary gowudyr» diýen maslahaty berdi (1 Korinfliler 7:9, 36; Ýakup 1:15).

8 Ýaşlar näme sebäpli durmuş gursa-da, bir zada hökman taýyn bolmaly. Pawlusyň aýtmagyna görä, «maşgala gurýan adamlaryň durmuşynda täze kynçylyklary dörär» (1 Korinfliler 7:28). Maşgala guran adamlar sallahlarda bolmaýan kynçylyklar bilen göreşmeli bolýarlar. Şonda-da durmuş gurmagy ýüregiňe düwseň, sen nädip şol kynçylyklary azaldyp, bagtly bolup bilersiň? Munuň üçin, ilki bilen, ýanýoldaşyňy paýhasly saýlamaly.

KIM SAŇA MYNASYP ÝANÝOLDAŞ BOLUP BILER?

9, 10. a) Pawlus imansyzlar bilen durmuş gurmagyň howpludygyny haýsy mysal arkaly görkezdi? b) Hudaýyň imansyz bilen durmuş gurmaň diýen maslahatyny äsgermezlik etsek, köplenç nämä elter?

9 Pawlusyň ylham bilen ýazan wajyp prinsipi ýanýoldaş saýlamaga-da kömek edýär. Ol şeýle diýdi: «Imansyzlar bilen bir boýuntyryga girmäň» (2 Korinfliler 6:14). Onuň getiren mysaly oba durmuşyny ýadyňa salýar. Eger göwresi ýa güýji bilen bir-birinden tapawutlanýan iki maly bir boýuntyryga salsaň, olaryň ikisine-de agyr düşer. Şonuň ýaly, nika boýuntyrygyna imanly bilen imansyz girse, olaryň arasynda hökman agzalalyk we düşünişmezlik bolar. Eger-de olaryň biri Ýehowanyň söýgüsinde galmak islese, beýlekisi bolsa, Hudaý barada onçakly gyzyklanmasa, olaryň maksatlary deň gelmez, şol sebäpli-de köp kynçylyk çekerler. Şonuň üçin Pawlus mesihçileri «diňe Halypamyzyň şägirdi» bilendurmuş gurmaga höweslendirdi (1 Korinfliler 7:39).

10 Emma käbir sallah mesihçiler ýekelikden ejir çekenden imansyz bilen bir boýuntyryga girenini gowy görýärler. Olar Mukaddes Ýazgylaryň maslahatyny bilgeşleýin äsgermezlik edip, Ýehowa gulluk etmeýän adam bilen durmuş gurýarlar. Bu köplenç gowulyga eltmeýär. Olar durmuş guran ýanýoldaşy bilen hatda ýüregine eziz zatlar hakda-da gürrüň edip bilmeýärler. Şeýlelikde, olar özlerini öňküsinden-de beter ýeke duýýarlar. Muňa garamazdan, müňlerçe durmuş gurmadyk mesihçiler Hudaýyň bu babatda berýän maslahatlaryna ynanýarlar we doly eýerýärler (Zebur 32:8-i okaň). Olar durmuş gurmagy arzuw etseler-de, howlukmaýarlar we diňe Ýehowa Hudaýa sežde edýänleriň arasyndan mynasyp ýanýoldaş gözleýärler.

11. Mynasyp ýanýoldaşy paýhasly saýlamaga näme kömek edýär? («Men ýanýoldaşymyň nähili bolmagyny isleýärin?» diýen çarçuwa hem seret.)

11 Elbetde, Ýehowanyň islendik gullukçysy saňa mynasyp ýanýoldaş bolup bilmez. Eger durmuş gurmakçy bolsaň, onda gylyk-häsiýeti, ruhy maksatlary we Hudaýa söýgüsi seniňki bilen gabat gelýän mesihçini gözle. Sadyk hyzmatkär bu tema degişli köp oýlandyryjy makalalary çap etdi. Senem Hudaýa doga edip, Ýazgylara esaslanan maslahatlar barada oýlansaň we şolara eýerseň, paýhasly bolar hem-de bu wajyp meselede dogry karara gelmäge kömek taparsyň (Zebur 119:105-i okaň)a.

12. Köp ýurtlarda däp boýunça nädip durmuş gurýarlar we Mukaddes Ýazgylardaky haýsy mysal görelde bolup biler?

12 Köp ýurtlarda däp boýunça çagalaryna ýanýoldaşy ata-eneler saýlaýar. Şol ýurtlarda ýaşaýan adamlaryň pikirine görä, ata-eneleriň şeýle wajyp meseläni çözmäge paýhasy we tejribesi köp bolýar. Gadymy döwürdäki ýaly, şu meseläni ata-eneler çözse, nika köplenç bagtly bolýar. Şu günler şeýle ýagdaýa duş gelýän ata-eneler Yshaga aýal tapmak üçin hyzmatkärini iberen Ybraýymyň göreldesine eýerip bilerler. Ybraýym baýlyk we at-abraý barada alada etmeýärdi. Gaýtam, ol ogly Yshaga Ýehowa sežde edýän aýal tapmak üçin köp tagalla etdi (Gelip çykyş 24:3, 67)b.

MEN ÝANÝOLDAŞYMYŇ NÄHILI BOLMAGYNY ISLEÝÄRIN?

Prinsip: «Ikisi bir beden bolar» (Matta 19:5).

Oýlanmak üçin sowallar

  • Durmuş gurmakçy bolsaň, näme üçin ýaşyň uly bolmaly? (1 Korinfliler 13:11; Matta 19:4, 5)

  • Maşgala gurmaga ýaşym ýeten bolsa-da, biraz sabyr etsem, näme üçin peýdaly bolar? (1 Korinfliler 7:32—34)

  • Durmuş gurmakçy bolsam, geljekki ýanýoldaşymyň birnäçe wagt Ýehowa wepaly gulluk etmegi näme üçin wajyp? (1 Korinfliler 7:39)

  • Mesihçi uýa ýanýoldaşynda nähili häsiýetleriň bolmalydygyny bilmäge şu aýatlar nädip kömek eder? (Zebur 119:97; 1 Timoteos 3:1—7)

  • Süleýmanyň tymsallary 31:10—31-nji aýatlar mesihçi dogana gelinligi paýhasly saýlamaga nädip kömek edip biler?

MAŞGALA GURMAGA NÄDIP TAÝÝARLANMALY?

13—15. a) Öýlenmekçi bolýan ýigide Süleýmanyň tymsallary 24:27-däki prinsip nädip kömek edip biler? b) Gyz durmuşa çykmaga nädip taýýarlanyp biler?

13 Eger sen maşgala gurmagy ýüregiňe düwen bolsaň, onda özüňe: «Men maşgala gurmaga taýynmy?» diýen sowaly berip bilersiň. Ýöne bu sowalyň jogaby seniň söýgi, jynsy gatnaşyklar, dostluk we çaga terbiýelemek baradaky düşünjäň bilen çäklenmeýär. Gaýtam, geljekki är we aýal maşgala bilen bagly käbir borçlar hakynda oýlanmaly.

14 Gelinlik gözleýän ýaş ýigit şu prinsip barada ymykly oýlanmaly: «Daşardaky işiňi gutar; ekin meýdanlaryňy ekişe taýýarla; öýüňi onsoň sal» (Süleýmanyň tymsallary 24:27). Bu näme aňladýarka? Şol wagtlar «öý salmakçy» bolýan, ýagny öýlenip, durmuş gurýan ýaş ýigit özüne şeýle sowal bermelidi: «Men aýalym we boljak çagalarym barada alada etmäge we olary eklemäge taýýarmy?» Ol ekin meýdanlary we hasyly hakda alada edip, ilki bilen zähmet çekmelidi. Şu günlerem şol prinsipe eýermeli. Öýlenmekçi bolýan ýigit öz üstüne jogapkärçiligi almaga taýyn bolmaly. Onuň saglyk ýagdaýy gowy bolsa işlemeli. Hudaýyň Sözüne laýyklykda, erkek adam maşgalasynyň ruhy, beden we duýgy taýdan aladasyny etmese, imansyzdanam beterdir! (1 Timoteos 5:8-i okaň).

15 Durmuşa çykmakçy bolýan mesihçi gyz hem öz üstüne käbir jogapkärçiligi almaga razy bolýar. Mukaddes Ýazgylarda ärine kömek edip, maşgalanyň aladasyny etmek üçin gerekli başarnygy we häsiýetleri bolan aýal öwülýär (Süleýmanyň tymsallary 31:10—31). Şol jogapkärçiliklere taýýarlanman, durmuş gurmaga howlugýan ýigitler we gyzlar, aslynda, diňe özüni bilip, geljekki ýanýoldaşynyň aladasyny etmelidigi hakda oýlanmaýarlar. Esasanam, durmuş gurmakçy bolýan ýigit we gyz ruhy taýdan taýýarlanmaly.

16, 17. Durmuş gurmaga taýýarlanýan mesihçiler Mukaddes Ýazgylaryň haýsy prinsipleri barada oýlanmaly?

16 Durmuş gurmaga taýýarlanmak üçin Hudaýyň äre we aýala beren borçlary hakda-da oýlanmaly. Öýlenjek ýigit mesihi maşgalanyň başy bolmagy öwrenmeli. Bu oňa zorluk-sütem etmäge ýol bermeýär. Gaýtam, ol Isanyň baştutanlyk edişinden görelde almaly (Efesliler 5:23). Şonuň ýaly-da, mesihçi gyz hem aýala hormatly ornuň berlendigine düşünmeli. Ol äriniň «kanunyna» höwes bilen tabyn bolmaga taýýarmy? (Rimliler 7:2). Häzir ol Ýehowanyň we Mesihiň kanunyna tabyn bolýar (Galatýalylar 6:2). Maşgalada är hem özüne berlen häkimiýete esaslanyp, nikasynda başga-da kanunlary döredýär. Mesihçi gyz bikämil adamyň häkimiýetini goldarmyka we tabyn bolarmyka? Eger-de ol muňa taýyn bolmasa, onda durmuşa çykmasa gowy bolar.

17 Mundan başga-da är-aýalyň ikisi-de bir-biriniň aýratyn zerurlyklary hakda alada etmäge taýyn bolmaly (Filipililer 2:4-i okaň). Pawlus şeýle ýazdy: «Her biriňiz aýalyňyzy özüňizi söýşüňiz ýaly söýüň; aýal hem ärine çuňňur hormat goýsun». Pawlus Hudaýyň ylhamy bilen, ärde-de, aýalda-da aýratyn zerurlygyň bardygyny aýtdy: är aýalynyň çuňňur hormatyny duýmak isleýär, aýal bolsa äriniň söýgüsini duýmak isleýär (Efesliler 5:21—33).

Tanyşlyk döwri ýaşlaryň köpüsi ýanyna birini alyp, paýhasly hereket edýärler

18. Tanyşlyk döwri näme üçin özüňe erk etmeli?

18 Tanyşlyk döwri ýöne bir göwün açmak üçin däl. Şol döwür ýigit hem gyz bir-biri bilen gatnaşyk etmegi öwrenýär we durmuş gurmalymy ýa-da gurmaly däldigine göz ýetirýär. Şeýle-de özüňe erk etmek hem wajyp. Jynsy höwes güýçli bolup biler, çünki ysnyşmak islegi tebigy zat. Emma bir-birini ýürekden söýýän ýigit we gyz söýgülisine ruhy taýdan zyýan ýetirip biljek islendik hereketden gaça durar (1 Selanikliler 4:5, 6). Şonuň üçin tanyşlyk döwri özüňe erk et. Bu häsiýet saňa durmuş gursaň-da, gurmasaň-da ömürboýy peýdaly bolar.

NÄDIP BERK MAŞGALA GURMALY?

19, 20. Mesihçiniň nika garaýşy dünýewi garaýyşdan nähili tapawutlanmaly? Mysal getir.

19 Eger ýigit bilen gyz berk maşgala gurmak isleseler, olar bir-birine berjek wadasynda durmaly. Köplenç dessanlar, filmler adamlaryň arzuw edişi ýaly, bagtly toý bilen gutarýar. Emma aslynda bolsa, toý maşgala durmuşynyň soňy däl-de, başlangyjy bolup, Ýehowanyň niýetine görä, ebedi dowam etmeli (Gelip çykyş 2:24). Gynansak-da, şu günler köp adamlar beýle pikir etmeýärler. Käbir ýurtlardaky adamlaryň pikirine görä, maşgala gurmak bilen iki adam «düwün düwýär». Olar muňa doly düşünmeseler-de, bu sözler nika babatda giňden ýaýran garaýşy gowy suratlandyrýar. Näme üçin? Sebäbi gowy düwülen düwni gerekli wagta çenli çözülmeli däl hem bolsa, ony diňe bir düwüp däl, eýsem, aňsatlyk bilen çözüp hem bolýar.

20 Şu günler köp adamlar nikany ömürlik hasaplamaýarlar. Şeýle adamlar öz zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin aňsatlyk bilen durmuş gurýarlar, ýöne biraz kynçylyk dörände, nikasyny bozmak bilen bolýarlar. Emma ýadyňda bolsa, Mukaddes Ýazgylarda nika gatnaşyklary ýüp bilen deňeşdirilýär. Ýelkenli gäminiň ýüpüni ýa-da tanapyny şeýle berk ýasaýarlar welin, hatda güýçli apy-tupan turanda-da, hiç haçan sürtülip ýyrtylmaýar we üzülmeýär. Nika hem şeýle berk bolmak üçin döredildi. Isanyň: «Hudaýyň goşanyny ynsan aýyrmasyn» diýen sözlerini ýadyňa sal (Matta 19:6). Durmuş gursaň, senem nika şeýle garamaly. Eýsem, şeýle nika gatnaşyklary ýük bolup bilermi? Ýok.

21. Är-aýal bir-birine nähili garamaly we olara näme kömek edip biler?

21 Är-aýal bir-birine dogry garaýyşda bolmaly. Eger olar bir-biriniň gowy häsiýetlerini we edýän tagallalaryny görmäge çalyşsa, olaryň maşgalasy bagtly bolar we göwnüni göterer. Bikämil adam barada şeýle gowy pikir edip bolarmy? Meselem, Ýehowa kemçiliklerimizi bilse-de, biz onuň gowy häsiýetlerimizi görmegini isleýäris. Mezmurçy şeýle sowal berýär: «Günäleri hasaba alsaň, ýa Reb Hudaý, onda kim durup biler?» (Zebur 130:3). Är-aýal hem bir-birine dogry garamaly we geçirimli bolmaly (Koloslylar 3:13-i okaň).

22, 23. Häzirki är-aýallara Ybraýym bilen Sara nähili gowy görelde galdyrdy?

22 Ýyllar geçdigiçe maşgala has-da bagtly bolup biler. Mukaddes Ýazgylarda garrylyk ýaşyna ýeten Ybraýym bilen Saranyň maşgalasy barada gürrüň berilýär. Olaryň durmuşynda-da kynçylyklar we horluklar bolupdy. Göz öňüne getirip gör, 60 ýaşyndan geçen Sara gülläp ösen Ur şäherinde kaşaň jaýyny goýup, galan ömrüni çatmada geçirmek nähili kyn bolandyr. Muňa garamazdan, ol ärine tabyn boldy. Sara Ybraýyma mynasyp kömekçi bolup, onuň gelýän kararlaryna hormat goýýardy we olary amala aşyrmaga kömek edýärdi. Ol ärine göz üçin tabyn bolmaýardy. Sara hatda «içinden-de» ärine «hojaýynym» diýýärdi (Gelip çykyş 18:12; 1 Petrus 3:6). Ol Ybraýyma ýürekden hormat goýýardy.

23 Elbetde, bu Ybraýym bilen Saranyň hemişe birmeňzeş pikirde bolandygyny aňlatmaýar. Bir gezek Saranyň Ybraýyma beren maslahaty oňa «juda agyr degdi». Emma Ybraýym Ýehowanyň nesihatyna eýerip, pesgöwünlik bilen aýalyna gulak asdy, bu bolsa maşgalasyna bereket getirdi (Gelip çykyş 21:9—13). Häzirki är-aýallar hatda ençeme ýyl nikada bolsalar-da, Ybraýym bilen Saranyň göreldesinden köp zady öwrenip bilerler.

24. Ýehowa Hudaýy nähili maşgalalar şöhratlandyrýar we näme üçin?

24 Mesihi ýygnaklarda ençeme müň bagtly maşgalalar bar. Şeýle maşgalalarda aýal ärine çuňňur hormat goýýar, äri aýalyny söýýär we hormatlaýar, ikisi-de Ýehowanyň islegini durmuşda birinji orunda goýýar. Eger sen durmuş gurmakçy bolsaň, onda ýanýoldaşyňy paýhasly saýla, durmuş gurmaga gowy taýýarlan, şonda maşgalaňda parahatlyk, söýgi höküm sürer hem-de ol Ýehowany şöhratlandyrar. Munuň üçin güýjüňi gaýgyrma. Şeýtseň, nikaň saňa Hudaýyň söýgüsinde galmaga kömek eder.

a Ýehowanyň Şaýatlarynyň neşir eden «Maşgala bagtynyň syry» atly kitabynyň 2-nji babyna seret.

b Gadymy döwürde ýaşan käbir wepaly atalaryň birnäçe aýaly bolupdyr. Şol döwürde we gadymy Ysraýylda Ýehowa köp aýal almaga rugsat berýärdi. Ol bu däbi girizmese-de, oňa gözegçilik edýärdi. Emma mesihçiler Ýehowanyň häzirki gullukçylaryna köp aýal almaga indi ýol bermeýändigini bilýärler (Matta 19:9; 1 Timoteos 3:2).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş