Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lmd sap. 3
  • Mähirli boluň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Mähirli boluň
  • Adamlary söýüň, şägirt taýýarlaň
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Isa pygamber näme etdi?
  • Biziň üçin sapak
  • Isa pygamberiň göreldesine eýeriň
  • Ýürekden gyzyklanyň
    Adamlary söýüň, şägirt taýýarlaň
  • «Ýagşylyk kanunyny» berjaý edeliň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
  • Mähirlilik—sözde we hereketde görkezilýän häsiýet
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
  • Isanyň pikiri sizde-de bolsun
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
Başgalary
Adamlary söýüň, şägirt taýýarlaň
lmd sap. 3

GÜRRÜŇDEŞLIGE BAŞLAŇ

Isa pygamber kör adamyň ýanyna gelip, ony sagaldýar.

Ýah. 9:1—7

3-NJI SAPAK

Mähirli boluň

Aýat: «Söýgi... mähirlidir» (1 Kor. 13:4).

Isa pygamber näme etdi?

Isa pygamber kör adamyň ýanyna gelip, ony sagaldýar.

WIDEO: Isa pygamber kör adamyň gözüni açýar

1. WIDEONY görüň ýa-da Ýahýa 9:1—7-nji aýatlary okaň. Soňra aşakdaky soraglar hakda oýlanyň:

  1. a) Isa pygamber ilki bilen näme edýär? Kör adamy sagaldýarmy ýa-da wagyz edýär? (Ýahýa 9:35—38-nji aýatlara serediň).

  2. b) Kör adam Isa pygamberi näme üçin diňleýär?

Biziň üçin sapak

2. Adamlar bilen mähirli gepleşsek we ýagşylyk etsek, hoş habary ünsli diňlärler.

Isa pygamberiň göreldesine eýeriň

3. Duýgudaş boluň. Adamyň derdine düşünjek boluň.

  1. a) Şu soraglar hakda oýlanyň: «Ol nämäni alada edýärkä? Näme kömek gerekkä? Nädip ruhlandyryp bilerin?» Şeýle soraglar adamlara ýagşylyk etmäge höweslendirer.

  2. b) Adam ýüregini dökse, gaýgy-aladasyny aýtsa, siz gürrüňi başga ýana sowmaň, ony ünsli diňläň. Şonda siziň ak ýürekden alada edýändigiňizi görer.

4. Mähirli we sylaşykly gepleşiň. Aýtjak sözleriňize we äheňiňize ünsli boluň. Göwne degiji sözleri aýtmaň, hoşamaý we mylakatly boluň. Şonda adam kömek etmek isleýändigiňizi duýar.

5. Ýagşylyk ediň. Mümkin bolsa, adama kömek ediň. Adama ýagşylyk etseň, ol höwes bilen diňlär.

AÝATLARY OKAŇ

Rim. 12:15, 16; Gal. 6:10; Ýew. 13:16

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş