Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lfb sap. 6 sah. 20—sah. 21 abz. 5
  • Sekiz adam halas boldy

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Sekiz adam halas boldy
  • Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Meňzeş maglumat
  • Nuhuň ýasan gämisi
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Bütindünýä tupany
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Nuh gämi gurýar
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Bütindünýä tupany ýene-de bolarmy?
    Beýik Mugallymdan öwreniň
Başgalary
Mukaddes Kitapdan sapaklarym
lfb sap. 6 sah. 20—sah. 21 abz. 5
Ýagyş ýagyp dur; gämi ýüzýär

6-NJY SAPAK

Sekiz adam halas boldy

Nuhuň maşgalasy we haýwanlar gämiden çykýar

Nuhuň maşgalasy we haýwanlar gämä girdi. Soňra Ýehowa gäminiň gapysyny ýapdy. Ýagyş ýagyp başlady. Ýagyş şeýle bir köp ýagdy welin, ýeriň ýüzi suwdan doldy we gämi ýüzüp başlady. Gäminiň daşynda galan adamlar gark bolup öldüler. Ýöne Nuh bilen maşgalasy halas boldy. Olar Ýehowany diňläp, gämä girendigine begenendir.

Ýagyş 40 gije-gündiz ýagdy. Soňra ýagmagyny goýdy. Suw kem-kemden azalyp başlady. Ahyry gämi bir dagyň üstünde durdy. Ýöne gäminiň içindäkiler daşyna çykyp bilmedi, sebäbi daş-töwerek suwdy.

Suw azalyp, ýer gurap başlady. Nuh maşgalasy bilen gäminiň içinde bir ýyldanam köp ýaşady. Soňra Ýehowa olara gämiden çykyp bilýändigini aýtdy. Olar gämiden çykanda täze dünýä düşen ýaly boldular. Nuhuň maşgalasy halas bolandygyna begenip, Ýehowa gurbanlyk berdi.

Älemgoşar

Ýehowa olaryň gurbanlygyny gowy gördi. Şonuň üçin: «Indi güýçli ýagyş ýagdyryp, ýer ýüzündäki zatlary ýok etmerin» diýip söz berdi. Soňra Ýehowa älemgoşar çykardy. Ol: «Älemgoşary göreniňizde beren sözüm ýadyňyza düşer» diýdi. Sen älemgoşary gördüňmi?

Soňra Ýehowa Nuha we maşgalasyna köp çaga edinip, ýer ýüzüni doldurmagy tabşyrdy.

«Nuhuň gämä giren gününe çenli... tupan turup, adamlaryň ählisini ýok edýänçä, olar hiç zada üns bermediler» (Matta 24:38, 39).

Soraglar: Ýehowa gäminiň gapysyny ýapanda näme boldy? Ýehowa näme üçin älemgoşar çykardy?

1 Musa 7:1—9:17

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş