Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • ijwyp mak. 23
  • Gybatymy edýän bolsalar näme etmeli?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Gybatymy edýän bolsalar näme etmeli?
  • Ýaşlaryň sowallary
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Näme üçin agyr degýär?
  • Erbet habar: adamlaryň agzyny baglap bolmaýar
  • Gowy habar: sen olara üns bermän bilersiň
  • Gybatyň nämesi erbet?
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, II tom
Ýaşlaryň sowallary
ijwyp mak. 23

ÝAŞLARYŇ SOWALLARY

Gybatymy edýän bolsalar näme etmeli?

  • Özüňi barlamak

  • Näme üçin agyr degýär?

  • Erbet habar: adamlaryň agzyny baglap bolmaýar

  • Gowy habar: sen olara üns bermän bilersiň

Özüňi barlamak

  1. Dostuň ýa joraň sen barada gybat ýaýradýandygyny bilseň, oňa üns bermän bilýärsiňmi?

    • Hawa

    • Ýok

    • Asla başaramok

  2. Dostuň ýa joraň sen barada gybat ýaýradýandygyny bilseň, onuň ýanyna baryp, bolan ýagdaý barada ýumşaklyk bilen gepleşip bilýärsiňmi?

    • Hawa

    • Ýok

    • Asla başaramok

  3. Dostuň ýa joraň sen barada gybat ýaýradýandygyny bilseň, özüňem ol hakda ýaramaz gürrüň etmän saklanyp bilýärsiňmi?

    • Hawa

    • Ýok

    • Asla başaramok

Eger sen bu soraglara haýsy-da bolsa birine «ýok» ýa-da «asla başaramok» diýip jogap beren bolsaň, şu makalada berilýän maslahatlar gybatyň edilende nähili hereket etmelidigiňi bilmäge kömek eder.

Näme üçin agyr degýär?

Käbirleri ýüreginiň garalygyndan ýaňa bilgeşleýin seni abraýdan düşürjek bolup, ýaramaz gürrüňleri etmegi mümkin. Sen barada edilýän gep-gürrüňler beýle bir erbet bolmasa-da, esasanam, ynanyp ýören adamyň gybatyňy etse, gaty agyr degýär (Zebur 55:12—14).

«Joram meniň yzymdan „ol başgalary adam hasabynda-da görenok“ diýip, gep ýaýradýan eken. Muny eşidip, gaty erbet boldum. Onuň men barada näme üçin şeýle zatlary aýdýandygyna asla düşünmeýärdim» (Eşli).

Hakykat: Sen barada gep-gürrüň ýaýradýan dostuň, joraň bolsun ýa-da başga biri bolsun, adamlaryň arasynda özüň hakda bolar-bolmaz zatlaryň aýdylýandygy bilmek gaty agyr degýär.

Erbet habar: adamlaryň agzyny baglap bolmaýar

Adamlar birnäçe sebäbe görä başgalaryň gep-gürrüňini edip biler:

Gyzyklanýandygyndan. Hemme adamlar gürrüňdeş bolmagy gowy görýärler. Şonuň üçinem biz bir-birimiz bilen we başgalar hakda gürrüň edýäris. Mukaddes Ýazgylarda-da biziň birek-birek bilen belli bir derejede gyzyklanmalydygymyz maslahat berilýär (Filipililer 2:4).

«Adamlar barada gürrüň etmek gaty gyzykly bolýar» (Biýanka).

«Dogrymy aýtsam, men adamlaryň durmuşynda nämeleriň bolup geçýändigini bilip, ony başgalara gürrüň bermegi gowy görýärin. Näme üçindigini bilemok welin, şeýle etmek maňa ýaraýar» (Katýa).

Işsizlikden. Mukaddes Ýazgylarda aýdylmagyna görä, öňki döwürde käbir adamlar «hiç iş bilen meşgullanman, boş wagtlaryny bir-birine nämedir bir zatlary gürrüň berip, täze zatlary diňläp» geçirerdiler (Resullaryň işleri 17:21). Şu günlerem şeýle adamlar az däl.

«Käte adamlar gürrüň edere zady bolar ýaly, hiç zat ýok ýerdenem gep tapýarlar» (Joanna).

Özüne bolan ynamsyzlykdan. Mukaddes Ýazgylarda özümizi başgalar bilen deňeşdirmeli däldigimiz hakda duýduryş berilýär (Galatýalylar 6:4). Gynansak-da, käbir adamlar özüne ynamsyz bolandyklary üçin, başgalaryň gybatyny edýärler.

«Adatça, adam gybat edende, onuň özi barada käbir zatlary bilse bolýar. Köplenç ol kimdir birine göriplik edýändigi üçin onuň gybatyny edýär. Ol özüni şol adamdan gowy edip görkezip, özüne bolan ynamyny artdyrmak üçin, ony ýamanlaýar» (Fil).

Hakykat: Isleseň-islemeseň, adamlar seniň gürrüňiňi edýärler.

Gowy habar: sen olara üns bermän bilersiň

Belki-de, sen gybatyňy edýän adamlaryň ählisiniň agzyny baglap bilmersiň. Emma şol gep-gürrüňlere nähili garamalydygyňy özüň çözüp bilýärsiň. Sen özüň barada gep-gybat edilýändigini bilseň, şu iki ädimiň birini saýlap bilersiň.

1-NJI ÄDIM: Üns berme. Köplenç özüň barada edilýän biderek gürrüňlere kän bir ähmiýet bermeseň gowy bolýar. Mukaddes Ýazgylardaky: «Tizgahar bolma» diýen maslahata eýerjek bol (Wagyz kitaby 7:9).

«Men bir oglan bilen duşuşýarmyşym diýip gürrüň çykardylar. Men bolsa ony ömrümde bir gezegem görmändim! Bu gürrüň şeýle bir manysyzdy welin, men-ä gülüp goýaýdym» (Elis).

«Il içinde gowy at-abraýyň bolsa, gep-gybatyň ediläýende-de, üýtgeşik bolýan zat ýok. Sen barada her hili bolgusyz gürrüňleri ýaýratsalaram, abraýyň gowy bolsa, adamlaryň köpüsi şol gep-gürrüňlere ynanmazlar. Onsoňam, iru-giç ýalanyň üsti açylar» (Ellison).

Maslahat: 1) sen barada nähili gürrüňleriň ýaýradylandygyny we 2) şonda özüňi nähili duýandygyňy ýaz. «Içiňden oýlansaň», edilýän gep-gürrüňlere kän bir üns bermersiň (Zebur 4:4).

2-NJI ÄDIM: Gybatyň başyny başlan adam bilen gepleş. Käte sen barada has erbet zatlary ýaýratsalar, şol gep-gürrüňiň başyny başlan adam bilen görşüp gepleşmeli bolarsyň.

«Gybatyňy eden adam bilen gürleşseň, ol ýaýradan gep-gürrüňiniň ahyrsoňy seniň özüňe-de baryp ýetendigini biler. Şeýle-de sen ähli zady açyklap, meseläni belli-külli çözüp bilersiň» (Elis).

Emma gybatyňy eden adamyň ýanyna barmazdan öň, Mukaddes Ýazgylardaky käbir maslahatlara seredip, özüňe şeýle soraglary berseň gowy bolar:

  • «Diňlemän jogap bermek adama akmaklykdyr» (Süleýmanyň tymsallary 18:13). «Eýsem, men hemme zadyň anygyna ýetdimmi? Maňa şol gepi aýdan adam bir zada ýalňyş düşünen bolaýmasyn?»

  • «Her bir adam diňlemäge taýyn, geplemäge howlukmaýan, çalt gaharlanmaýan bolmaly» (Ýakup 1:19). «Gybatymy eden adamyň ýanyna şu wagt barsam gowumy? Men özümi ele alyp bilerinmi ýa-da gaharym ýatyşýança, biraz garaşsammykam?»

  • «Adamlaryň özüňize näme etmegini isleýän bolsaňyz, siz-de olara şony etmeli» (Matta 7:12). «Eger men onuň ýerine bolan bolsam, özüm bilen nähili gepleşilmegini islärdim? Nirede gürrüňdeş bolmagy has oňaýly hasaplardym? Oňa näme diýsem gowy bolarka? Özümi nähili alyp barsam dogry bolar?»

Maslahat: Gybatyňy eden adam bilen görüşmezden öň, oňa näme diýjekdigiňi ýazyp goý. Soňra birki hepde garaşyp, ýazan zatlaryňa ýene bir göz aýlap gör, belki-de, sen käbir zatlary üýtgetmek islärsiň. Mundan başga-da, eden bellikleriňi eneň-ataňa ýa-da akylly-başly dostlaryň birine görkezip, maslahat sora.

Hakykat: Durmuşda köp zat biziň öz elimizde däl. Şonuň üçin gybat edýän adamlaryňam agzyny baglap bolmaýar. Emma şol gep-gürrüňlere dogry garaýyşda bolmak seniň öz eliňde!

DEŇ-DUŞLARYŇ NÄME DIÝÝÄR?

«Käbir gep-gybatlar ýöne bir boş gürrüň bolsa, käsi has erbet bolýar. Boş gep-gürrüňler-ä ünsem berip oturma. Ýöne seni abraýdan düşürýän ýaramaz gürrüňleri ýaýratsalar, onuň başyny başlan adam bilen hökman gepleş» (Briýanna).

«Adamlar seniň gybatyňy edende, olaryň özi ýaly bolup, geplerini etme. Ýogsam, sen öz ýigrenýän zadyňy edersiň» (Oliwiýa).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş