-
Ýaradylyşmy ýa-da ewolýusiýa taglymaty? 1-nji bölüm: Hudaýa näme üçin ynanmaly?Ýaşlaryň sowallary
-
-
ÝAŞLARYŇ SOWALLARY
Ýaradylyşmy ýa-da ewolýusiýa taglymaty? 1-nji bölüm: Hudaýa näme üçin ynanmaly?
Ýaradylyşmy ýa-da ewolýusiýa taglymaty?
Sen ähli zady Hudaýyň ýaradandygyna ynanýarsyňmy? Eger şeýle bolsa, sen ýeke däl. Ýaşlaryň köpüsi (hatda uly adamlaram) seniň pikiriň bilen ylalaşýar. Emma käbir adamlar ýaşaýyş we älem-jahan öz-özünden döredi, ony Hudaý döretmedi diýip pikir edýärler.
Bilýärsiňmi? Ýaradylyşa ýa-da ewolýusiýa taglymatyna ynanýan adamlaryň köpüsi nämä ynanýandygyny aýtsa-da, oňa näme sebäpden ynanýandygyna doly düşünmeýär.
Käbir adamlar buthanada öwredilendigi üçin ýaradylyşa ynanýar.
Köpler bolsa mekdepde öwredilendigi üçin ewolýusiýa taglymatyna ynanýar.
Bu dört bölümli makala ýaradylyşa bolan imanyňy berkitmäge we ynanýan zatlaryňy düşündirmäge kömek eder. Ilki bilen, özüňe şeýle soraglary ber:
Men Hudaýa näme üçin ynanýaryn?
Bu sorag barada oýlanmak näme üçin wajyp? Sebäbi Mukaddes Ýazgylarda «pikirlenmek ukybyňy ulanmak» maslahat berilýär (Rimliler 12:1). Seniň Hudaýa bolan ynamyň aşakdaky zatlara esaslanmaly däl:
duýgyňa (Men ägirt uly güýjüň bardygyna ynanýaryn)
önüp-ösen ýeriňe (Men dindar adamlaryň arasynda ýaşaýaryn)
alan terbiýäňe (Ene-atam Hudaýa ynanmaly diýip öwretdi ýa-da başga sebäpler)
Ilki bilen, Hudaýyň bardygyna özüň ynanmaly, ynanýan zatlaryňam degerli sebäbi bolmaly.
Sen Hudaýyň bardygyna näme üçin ynanýarsyň? «Men Hudaýa näme üçin ynanýaryn?» diýen gönükme ynanýan zatlaryň dogrudygyna göz ýetirmäge kömek eder. Ýaş oglan-gyzlaryň bu soraga berýän jogaplary saňa köp peýda getirer.
«Mugallym sapakda adam organizminiň işleýşi barada her gezek gürrüň berende, Hudaýyň bardygyna bolan ynamym hasam berkeýär. Bedeniň her bir agzasy, hatda iň ujypsyz agzalary-da öz etmeli işlerini ýerine ýetirýärler. Käte biz olaryň nädip işleýändigini hem bilmeýäris. Dogrudanam, adam bedeniniň gurluşy haýran galdyrýar». Tereza
«Men beýik jaýy, uly gämini ýa-da maşyny görenimde: „Muny kim ýasadyka?“ diýýärin. Maşynyň hereket etmegi üçin onuň müňlerçe bölekleri özara sazlaşykly işlemeli. Eger maşyny biri ýasan bolsa, onda çylşyrymly ynsan bedeniniň ýaradyjysy hökman bolmaly». Riçard
«Älem-jahandaky käbir zatlara düşünmek üçin iň akylly adamlara ýüzlerçe ýyl gerek bolan bolsa, onda älem-jahanyň öz-özünden döremegi asla mümkin däl!» Karen
«Ylmy näçe köp öwrendigimçe, şonça-da ewolýusiýa şübhelenýän. Meselem, tebigatda her bir zadyň belli bir tertip boýunça işleýşi we adamyň täsin ýaradylyşy haýran galdyrýar. Diňe adamlar kimdigi, nädip dörändigi we näme üçin ýaşaýandygy barada oýlanýar. Ewolýusiýa taglymaty bu zatlary haýwanlar bilen baglanyşdyrmaga çalyşýar, ýöne adamlaryň näme sebäpden täsin ýaradylandygyny hiç haçan düşündirip bilmeýär. Meniň pikirimçe, Ýaradyja ynanmak üçin däl-de, ewolýusiýa taglymatyna ynanmak üçin has köp „iman“ gerek». Entoni
Ynanýan zatlaryňy nädip düşündirmeli?
Klasdaşlaryň seniň Hudaýa ynanýandygyň üçin üstüňden gülse näme? Olar ewolýusiýa taglymatyny hatda ylymam «tassyklaýar» diýse näme?
Ilki bilen, ynamly bol. Ynanýan zatlaryň üçin hiç kimden utanma we çekinme (Rimliler 1:16). Galyberse-de, ýadyňda bolsun:
Sen ýeke däl; Hudaýa ynanýan adamlar köp. Hatda ýokary bilimli adamlaram, alymlaram Hudaýyň bardygyna ynanýar.
Hudaýa ynanmaýandygyny aýdýan adamlar aslynda Hudaýy tanamaýarlar. Olar näme üçin şeýle pikir edýändigini düşündirmegiň deregine, «Hudaý bar bolsa, horluklara näme üçin ýol berýär?» diýen soragy berýär. Diýmek, olar pikirlenmek islemeýär-de, özlerini biynjalyk edýän zatlar barada gürrüň edýärler.
Adamlar «Hudaý barada bilim almagyň wajypdygyna düşünmeli» (Matta 5:3). Muňa Hudaýa ynanmaklyk hem degişli. Şol sebäpli Hudaý ýok diýýän adam muny subut etsin. Ony Hudaýyň bardygyna ynandyrmagyň deregine, näme üçin şeýle netijä gelendigini sora (Rimliler 1:18—20).
Hudaýyň bardygyna ynanmak paýhasly. Ýaşaýşyň öz-özünden döremändigini subut edýän ynandyryjy deliller bar. Emma onuň öz-özünden dörändigini subut edýän hiç hili delil ýok.
Hudaýa ynanýandygyň barada sorasalar ýene näme jogap berse bolar? Gel, käbir ýagdaýlara seredeli.
Biri saňa: «Hudaýa diňe bilimsiz adamlar ynanýar» diýýär.
Sen şeýle jogap berip bilersiň: «Sen Hudaý barada şeýle pikirdemi? Men-ä beýle däl. Geçirilen barlaga görä, dünýä belli uniwersitetleriň 1 müň 600-den gowrak professorlarynyň üçden biri özüniň ateist ýa-da agnostika däldigini aýdýar. Sen Hudaýa ynanýandygy üçin şol alymlary düşünjesiz hasaplarsyňmy?»
Biri saňa: «Hudaý bar bolsa, näme üçin ýer ýüzünde kynçylyk köp?» diýýär.
Sen şeýle jogap berip bilersiň: «Belki, siz Hudaýyň nädip kömek edýändigine düşünýän dälsiňiz ýa-da size Hudaý hiç zat etmeýän ýaly bolup görünýändir. Şeýle dälmi?! (Jogap bersin). Men ýer ýüzünde kynçylyklaryň näme üçin köpdüginiň sebäbini bildim. Ýöne şeýle soraglaryň jogabyny bilmek üçin Mukaddes Ýazgylary çuňňur öwrenmeli. Seniňem köpräk bilesiň gelýärmi?»
Bu dört bölümli makalanyň indikisinde näme üçin ewolýusiýa taglymatynyň adamyň ýaradylyşy babatda takyk jogap bermeýändigine serederis.
a Salgysy: Sosial ylmyny gözleg geçirýän maslahaty, «Uniwersitetdäki alymlaryň dine we Hudaýa bolan imany», Elaýn Howard Eklund, 5-nji fewral, 2007-nji ýyl.
-
-
Ýaradylyşmy ýa-da ewolýusiýa taglymaty? 2-nji bölüm: Ewolýusiýa taglymatyna ynanmak dogrumy?Ýaşlaryň sowallary
-
-
ÝAŞLARYŇ SOWALLARY
Ýaradylyşmy ýa-da ewolýusiýa taglymaty? 2-nji bölüm: Ewolýusiýa taglymatyna ynanmak dogrumy?
Aleksiň başy çaşdy. Ol hemişe Hudaýyň bardygyna we ähli zady onuň ýaradandygyna ynanýardy. Ýöne şu gün onuň biologiýa mugallymy ewolýusiýa taglymatynyň dogrudygyny, ylmy barlaglaryň netijesinde subut edilendigini aýtdy. Aleks muňa garşy çykmagy akylsyzlyk hasaplap: «Eger alymlar ewolýusiýanyň dogrudygyny subut eden bolsa, oňa garşy çykar ýaly men kim?» diýip oýlanýar.
Şeýle ýagdaýda sen näme edersiň? Belki-de, sen şu wagta çenli Mukaddes Ýazgylarda aýdylyşy ýaly, «Hudaýyň gögi we ýeri ýaradandygyna» ynanýansyň (Gelip çykyş 1:1). Ýöne soňky wagtda adamlar seni ewolýusiýa taglymatynyň dogrudygyna, ýaradylyşyň bolsa toslamadygyna ynandyrjak bolýarlar. Sen olara ynanarmyň? Eýsem, ewolýusiýa taglymatyna ynanmak dogrumy?
Ewolýusiýa şübhelenmegiň iki sebäbi
Alymlar ewolýusiýa barada dürli garaýyşda. Onlarça ýyl bäri geçirilýän barlaglara garamazdan, alymlar ewolýusiýa taglymaty babatda belli bir karara gelip bilmediler.
Oýlanyp gör: Eger şol ugurda işläp ýören alymlar öz aralarynda belli bir netijä gelip bilmeýän bolsalar, onda sen ewolýusiýa taglymatyna ynansaň dogry bolarmy? (Zebur 10:4)
Nämä ynanýandygyň wajyp. Zakari atly oglan: «Eger ýaşaýyş öz-özünden dörän bolsa, biziň durmuşymyz we älem-jahandaky ähli zatlar manysyz bolardy» diýýär. Onuň aýdýanlary dogry. Eger ewolýusiýa taglymaty dogry bolsa, durmuşyň manysy bolmazdy (1 Korinfliler 15:32). Eger ýaradylyş dogry bolsa, biz diňe bir durmuşyň manysy baradaky soraglara kanagatlanarly jogap tapman, eýsem, gelejegimiz barada-da bileris (Ýermeýa 29:11).
Oýlanyp gör: Ewolýusiýa ýa-da ýaradylyş baradaky hakykaty bilmeklik durmuşyňa nähili täsir edýär? (Ýewreýler 11:1)
Oýlanmak üçin soraglar
GIŇDEN ÝAÝRAN DÜŞÜNJE: «Älem-jahan güýçli partlamanyň esasynda emele geldi».
Muňa kim ýa-da näme sebäp boldy?
Ähli zadyň öz-özünden emele gelmegi dogrumy ýa-da olary kimdir biriniň döredendigi?
GIŇDEN ÝAÝRAN DÜŞÜNJE: «Adamlar haýwandan döredi».
Eger adam haýwandan, ýagny maýmyndan dörän bolsa, onda näme üçin adam maýmyna garanyňda akyl taýdan has ukyply?a
Näme üçin janly-jandarlaryň hatda iň «ýönekeýjesi» hem örän çylşyrymly?b
GIŇDEN ÝAÝRAN DÜŞÜNJE: «Ewolýusiýa taglymaty delillere esaslanýar».
Munuň dogrudygyna bu düşünjä eýerýän adamlaryň özleri göz ýetirdilermi?
Adatça «bilimli adamlar ewolýusiýa taglymatyna ynanýar» diýýärler. Şeýle garaýyş sebäpli näçe adam ewolýusiýa taglymatyna ynanýar?
a Köpler adamyň beýnisi maýmynyňkydan uly bolandygy üçin akylly diýýär. Emma munuň beýle däldigi barada «Ýaşaýşyň gelip çykyşy baradaky bäş sorag» (rusça) atly broşýuranyň 28-nji sahypasyndan okap bilersiňiz.
b «Ýaşaýşyň gelip çykyşy baradaky bäş sorag» (rusça) atly broşýuranyň 8—12-nji sahypalaryna serediň.
-
-
Ýaradylyşmy ýa-da ewolýusiýa taglymaty? 3-nji bölüm: Ýaradylyşa näme üçin ynanmaly?Ýaşlaryň sowallary
-
-
ÝAŞLARYŇ SOWALLARY
Ýaradylyşmy ýa-da ewolýusiýa taglymaty? 3-nji bölüm: Ýaradylyşa näme üçin ynanmaly?
«Ýaradylyşa ynanýandygyň üçin köpler seni akmak, çagalar ýaly ertekä ynanýan ýa-da dine kellesini aldyran adam hasaplamaklary mümkin». Janet
Senem Janetiňki ýaly duýgulary başdan geçirýäňmi? Eger şeýle bolsa, ýaradylyşyň dogrudygyna ynamyň gowşamagy mümkin. Galyberse-de, hiç kim özüne yzagalak adam diýmeklerini islemeýär. Şeýle ýagdaýda saňa näme kömek edip biler?
Adamlaryň pikiri
1. Ýaradylyşa ynansaň, seni ylma garşy çykýan adam hasaplarlar.
«Mugallymym älem-jahanda bolup geçýän zatlara düşünmäge ýaltanýan adamlaryň ýaradylyşa ynanýandygyny aýdýar». Mariýa
Bilmeli zadyň: Şeýle pikirdäki adamlar subutnamalary bilmeýärler. Meselem, Galileo we Isak Nýuton ýaly dünýä belli alymlaram Ýaradyja ynanýar. Olar hem ýaradylyşa ynanýardylar, hem ylmy öwrenýärdiler. Şu günlerem şeýle garaýyşly alymlar az däl.
Maslahat: «Garawul diňiniň onlaýn kitaphanasynyň» (rusça) gözleg diýen ýerine «Ynanjy barada gürrüň berýär» (goşa dyrnakda) diýip ýaz. Sen ol ýerden medisina we ylym bilen meşgullanýandygyna garamazdan, ýaradylyşa ynanýan adamlar barada okap bilersiň. Olara şeýle netijä gelmäge nämäniň kömek edendigine üns ber.
Ýatda sakla: Sen ýaradylyşa ynanýandygyň üçin ylma garşy çykmaýarsyň. Gaýtam, sen älem-jahan barada öwrenip, ýaradylyşa bolan ynamyňy hasam artdyrýarsyň (Rimliler 1:20).
2. Mukaddes Ýazgylardaky ýaradylyş barada aýdylýanlara ynanýan bolsaň, adamlar seni dine berlen adam hasaplar.
«Köp adamlar ýaradylyşa ynanmaklyga sowuk-sala garaýarlar. Olar Gelip çykyş kitabyndaky aýdylýan wakalara ertekidir öýdýärler». Jasmin
Bilmeli zadyň: Mukaddes Ýazgylarda ýaradylyş barada aýdylýan zatlara köplenç adamlar nädogry düşünýärler. Meselem, ýaradylyşa ynanýan adamlaryň käbiri ýer ýaňy-ýakynda ýa-da ýaşaýyş alty günüň dowamynda ýaradyldy diýip pikir edýär. Emma Mukaddes Ýazgylarda beýle diýilmeýär.
Gelip çykyş 1:1-de: «Başda Hudaý gögi we ýeri ýaratdy» diýilýär. Bu ýeriň milliardlarça ýyl öň ýaradylandygy baradaky ylmy subutnamalaryň dogrudygyny görkezýär.
Gelip çykyş kitabynda aýdylýan «gün» diýen söz uzak döwri öz içine alýar. Aslynda, Gelip çykyş 2:4-däki «gün» diýen söz ýaradylyşyň ähli alty gününi suratlandyrmak üçin ulanylýar.
Ýatda sakla: Mukaddes Ýazgylarda ýaradylyş barada aýdylýan zatlar ylmy taýdan dogry gelýär.
Oýlanyp gör
Ýaradylyşa bolan ynam öz-özünden döremeýär. Munuň üçin ynandyryjy deliller gerek. Şu zatlar barada oýlan:
Daş-töwerekdäki görýän zatlarymyzyň ählisi döredijisiniň bardygyny subut edýär. Biz öýi, kamerany ýa-da uçary görenimizde, ony kimdir biriniň ýasandygyna düşünýäris. Onda näme üçin biz adamyň gözüni, guşlary we Ýer şaryny görenimizde ony hem kimdir biri döredendir diýip pikir etmeli däl?!
Meselem, inženerler köplenç döreden zatlaryny tebigatdaky zatlara meňzedip kämilleşdirýärler we olary özüniň döredendigini hemmeleriň bilmegini isleýärler. Eger biz adamyň bir zady oýlap tapandygyna ynanýan bolsak, Ýaradyja we onuň ägirt uly zatlary döredendigine şübhelensek dogry bolarmy?
Uçaryň ýasalandygyna ynanyp, guşuň ýaradylandygyna ynanmazlyk dogrumy?
Subutnamalary öwrenmek üçin gollanma
Sen tebigatdaky zatlary öwrenip, ýaradylyşa bolan ynamyňy berkidip bilersiň.
Maslahat: «Garawul diňiniň onlaýn kitaphanasynyň» (rusça) gözleg diýen ýerine «öz-özünden döredimi ýa-da döredildi» (goşa dyrnakda) diýip ýazyň. Soňra «Oýanyň!» (rusça) žurnalyndaky «Öz-özünden döredimi ýa-da döredildi?» diýen bölümdäki makalalardan özüňe gyzyklysyny saýla. Her bir makalada janly organizmiň haýsy täsin aýratynlygy barada gürrüň edilýändigine üns ber. Bu saňa Ýaradyjynyň bardygyna ynanmaga nädip kömek edýär?
-
-
Ýaradylyşmy ýa-da ewolýusiýa taglymaty? 4-nji bölüm: Ýaradylyşa ynanýandygymy nädip düşündirerin?Ýaşlaryň sowallary
-
-
ÝAŞLARYŇ SOWALLARY
Ýaradylyşmy ýa-da ewolýusiýa taglymaty? 4-nji bölüm: Ýaradylyşa ynanýandygymy nädip düşündirerin?
Mekdepde ewolýusiýa taglymaty barada öwredilýändir. Ýöne sen ýaradylyşa ynanýarsyň we bu barada mekdepde açyk aýdasyň gelýän däldir. Sebäbi mugallymlaryň we klasdaşlaryň üstüňden güler diýip pikir edýänsiň. Şeýle ýagdaýda ynamly gürläp, ýaradylyşa ynanýandygyňy nädip düşündirersiň?
Sen başararsyň!
Belki, sen şeýle pikir edýänsiň: «Ewolýusiýa taglymaty barada gürrüň eder ýaly, men ylym ugrundan ökde däl». Daniýela atly gyzam öňler şeýle pikirdedi. Ol: «Men mugallymym we klasdaşlarym bilen jedelleşmegi halamaýardym» diýýär. Diýana-da onuň bilen ylalaşyp: «Olar ylmy meseleler barada jedelleşip başlanlarynda başym çaşýardy» diýýär.
Ýöne seniň maksadyň olary jedelde ýeňmek däl. Onsoňam, ýaradylyşa ynanmagyň dogrudygyny daş-töwerekdäki zatlaryň subut edýändigini düşündirmek üçin alym bolmak hökman däl.
Maslahat: Mukaddes Ýazgylardaky ýönekeýje mysaly ulan. «Her bir öýüň gurujysy bardyr, ähli zady guran bolsa Hudaýdyr» (Ýewreýler 3:4).
Kerol atly aýal Ýewreýler 3:4-däki prinsipi şeýle düşündirýär: «Aýdaly, sen ýaşalýan ýerden uzakda ýerleşýän gür tokaýdan ýöräp barýarsyň. Birdenkä ýerde diş arassalanýan çöpjagazyň ýatandygyna gözüň düşýär. Şonda sen näme pikir edersiň? Köp adamlar ýaly senem: „Bärde öň kimdir biri bolupdyr“ diýersiň. Eger şeýle ujypsyzja çöpjagaz ýaşaýşyň bardygyny görkezýän bolsa, onda älem-jahan we ondaky ähli zatlar muny hasam subut etmeýärmi näme?!»
Biri saňa şeýle diýse: «Eger ýaşaýşy Ýaradyjy döreden bolsa, onda Ýaradyjyny kim döretdi?»
Sen şeýle jogap berip bilersiň: «Biz Ýaradyjy barada ähli zada düşünmeýän bolsak, bu onuň ýokdugyny aňlatmaýar. Meselem, sen el telefonyny oýlap tapan adam barada hiç zat bilmeseň-de, ony biriniň oýlap tapandygyna ynanýansyň, şeýle dälmi?! (Jogap bersin). Edil şonuň ýaly, Ýaradyjy barada-da köp zatlary bilip bolýar. Isleseň, men öwrenen zatlarymy saňa gürrüň berip bilerin».
Taýýarlyk gör
Mukaddes Ýazgylarda: «Umydyňyz hakda sorag beren her kese jogap bermäge hemişe taýyn boluň, ýöne muny ýumşaklyk we çuňňur hormat bilen ediň» diýilýär (1 Petrus 3:15). Şol sebäpli iki zat — näme diýmelidigi we ony nädip aýtmalydygy barada öňünden oýlan.
Näme diýmeli. Hudaýy söýmek wajyp, sebäbi bu seni Ol barada gürrüň bermäge höweslendirer. Ýöne başgalara muny aýdanyň bilen olary ähli zady Hudaýyň ýaradandygyna doly ynandyryp bilmersiň. Ýaradylyşa ynanmagyň paýhaslydygyny görkezmek üçin, tebigatdaky zatlary mysal getirseň gowy bolar.
Nädip aýtmaly. Ynamly gürle, ýöne gödek bolma ýa-da köpbilmişsireme. Eger sen başgalaryň ynanýan zatlaryna hormat goýsaň we özleriniň karara gelip bilýändigini göz öňüne tutsaň, olaram seniň aýdýan zatlaryňy diňlemegi mümkin.
«Aýdýan sözleriň bilen başgalary kemsidip, özüňi köp bilýän ýaly görkezmeli däl. Sebäbi bu gowy netije bermez». Eleýn
Kömek edýän gollanmalar
Howanyň üýtgemegine taýýar bolşuň ýaly, ynanýan zatlaryňy düşündirmäge-de hemişe taýýar bol
Alisiýa şeýle gürrüň berýär: «Eger biz öňünden taýýarlanmasak, jogap berip bilmeris». Alisiýanyň aýdyşy ýaly, taýýarlanmak üstünlik getirip biler. Jenna hem bu barada şeýle diýýär: «Men ýaradylyş barada arkaýyn gürrüň edip bilýärin, sebäbi öňünden ýönekeýje, ýöne oýlandyryjy mysallary taýýarlaýaryn».
Şeýle mysallary nireden tapsa bolýar? Aşakdaky gollanmalar ýaşlaryň köpüsine kömek edýär:
«Ýaşaýyş öz-özünden döredimi?» (rusça)
«Ýaşaýşyň gelip çykyşy baradaky bäş sorag» (rusça)
«Ýaradylyşyň täsinligi Hudaýy şöhratlandyrýar» (wideo, rusça)
«Oýanyň!» (rusça) žurnalynyň «Öz-özünden döredimi ýa-da döredildi?» diýen bölümindäki makalalar («Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASYNYŇ» (rusça) gözleg diýen ýerine «öz-özünden döredimi ýa-da döredildi» (goşa dyrnakda) diýip ýaz).
Goşmaça gözleg geçirmek üçin «Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASYNY» ulan.
Şeýle-de sen «Ýaradylyşmy ýa-da ewolýusiýa taglymaty?» diýen şu 4 bölümli makalalaryň beýleki üçüsinden gözleg geçirip bilersiň.
Maslahat: Özüňi ynandyraýjak mysallary saýla. Şonda olar gowy ýadyňda galar we ynanýan zatlaryň barada ynamly aýdyp bilersiň. Munuň üçin bolsa öňünden taýýarlan.
-