Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • fy bap 9 sah. 103—115
  • Doly däl maşgalalar üstünlik gazanyp biler!

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Doly däl maşgalalar üstünlik gazanyp biler!
  • Maşgala bagtynyň syry
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • ÖÝ IŞLERINI ETMEK
  • GAZANÇ ETMEK AŇSAT IŞ DÄL
  • KIM KIMIŇ ALADASYNY EDÝÄR?
  • TERBIÝÄNIŇ WAJYPLYGY
  • ÝEKELIGI NÄDIP ÝEŇMELI?
  • BAŞGALARYŇ KÖMEGI
  • Ejem ýa kakam bolmasa-da bagtly bolup bilerinmi?
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, II tom
Maşgala bagtynyň syry
fy bap 9 sah. 103—115

DOKUZYNJY BAP

Doly däl maşgalalar üstünlik gazanyp biler!

1—3. Doly däl maşgalalaryň sany näme üçin günsaýyn artýar?

AMERIKANYŇ Birleşen Ştatlarynda doly däl maşgalalara «maşgalanyň barha artýan görnüşi» diýilýär. Şeýle ýagdaý başga-da köp ýurtlarda duş gelýär. Aýrylyşýan, çagalaryny taşlap gidýän, aýry ýaşaýan ýa-da nikasyz maşgalalaryň sany barha köpelýär. Bu ýagdaý millionlarça ata-enelere we çagalara erbet täsir edýär.

2 Bir ene şeýle ýazýar: «Men ýigrimi sekiz ýaşly, iki çagaly dul aýal. Maňa çagalarymy atasyz ulaltmak örän agyr degýär. Özümi hiç kime gerekmejek duýýaryn. Meniň köp aglaýandygymy görüp, çagalarym gynanýar». Üstesine-de, çagalaryny ýeke terbiýeleýän ata-eneler özüni günäkärleme, gahar, ýekelik ýaly duýgular bilen göreşip, hem işlemeli, hem öýi dolandyrmaly bolýarlar. Olaryň biri şeýle gürrüň berýär: «Çagalaryny ýeke terbiýeleýän ata-eneler žonglýora meňzeýär. Ýarym ýyl geçenden soň, dört topy birden ýokaryk atyp, gapyp bilmegi öwrenýärsiň. Emma ýaňy öwrendim diýeniňde, kimdir biri ýene bir topy zyňyp goýberýär!»

3 Ejesiz ýa-da kakasyz ýaşaýan çagalaryň özüne mahsus kynçylyklary bolýar. Meselem, şeýle çagalar ata-enesiniň duýdansyz aýrylyşmagy ýa-da olaryň biriniň ölümi sebäpli çekýän gaýgy-hasratlar bilen göreşýärler. Çagalaryň köpüsine kakasynyň ýa-da ejesiniň ýoklugy örän agyr täsir edýär.

4. Ýehowanyň doly däl maşgalalar barada alada edýändigini nireden bilýäris?

4 Mukaddes Ýazgylaryň ýazylan döwründe-de doly däl maşgalalar bardy. Ýazgylarda «ýetim» we «dul» sözleri köp duş gelýär (Müsürden çykyş 22:22; Kanun taglymaty 24:19—21; Eýýup 31:16—22). Ýehowa Hudaý olaryň ýagdaýyna sowuk-sala garamaýar. Mezmurçy Hudaý barada: «Ýetimlere ata, dul hatynlaryň... hossarydyr» diýýär (Zebur 68:5). Ýehowanyň häzir hem doly däl maşgalalar barada alada edýändigine şübhelenmän bileris! Onuň Sözünde şeýle maşgalalaryň bagtly bolmagyna kömek edýän prinsipler berilýär.

ÖÝ IŞLERINI ETMEK

5. Doly däl maşgalalar nähili kynçylyklara duş gelýär?

5 Öý işlerini alyp göreliň. Bir aýrylyşan aýal şeýle diýýär: «Köplenç erkek adamyň kömegi gerek bolýar, meselem, maşynyň bozulanda niresine näme bolanyna düşünmeýärsiň». Ýaňy ýakynda aýrylaşan ýa-da dul galan erkek kişi öý işleriniň ählisini ýeke özüniň etmelidigini bilip, çykgynsyz ýagdaýa düşýär. Öýüň içi çalam-çaş bolsa, bu çagalaryň ynamsyzlyk we durnuksyzlyk duýgusyny güýçlendirýär.

[109-njy sahypadaky surat]

Çagalar, ýeke özi terbiýeleýän ata-eneňize kömek ediň

6, 7. a) Süleýmanyň tymsallarynda «başarjaň aýalyň» nähili ajaýyp göreldesi berilýär? b) Doly däl maşgalalara öý işlerini yhlasly berjaý etmäge näme kömek edýär?

6 Şeýle ýagdaýda näme kömek eder? Süleýmanyň tymsallary 31:10—31-nji aýatlardaky «başarjaň aýalyň» mysalyna seredeliň. Onuň ähli işe ýetişýändigi haýran galdyrýar: ol satyn alýar, satýar, tikýär, nahar bişirýär, maşgalanyň girdejisine pul süýşürýär, mellekde işleýär we öý işlerini dolandyrýar. Ol bularyň baryna nädip ýetişýär? Ol daň atanda turup, gün batýança işleýär. Şeýle-de ol işleri gowy gurnap bilýär: käbir işleri başgalara tabşyrýar hem-de öz eli bilen zähmet çekip, adamlara kömek edýär. Elbetde, onuň öwülýändigi geň däl!

7 Eger çagalaryňyzy ýeke özüňiz terbiýeleýän bolsaňyz, öý işlerine jogapkärli serediň. Edýän işiňizden lezzet alyň, şonda çagalaryňyz özüni has bagtly duýar. Emma işleri gowy gurnamaly. Mukaddes Ýazgylarda: «Işeňňir adamyň pikirleri diňe bolçulyga getirýändir» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 21:5). Çagalaryny ýeke özi terbiýeleýän bir ata şeýle diýýär: «Men tä ajygýançam nahar barada oýlanmaýaryn». Ýöne öňünden oýlanylyp taýýarlanylan nahar, çalt bişirilen nahardan has ýokumly we süýji bolýar. Megerem, öň edip görmedik işiňizi öwrenmeli bolarsyňyz. Çagalaryny ýeke özi terbiýeleýän eneleriň käbiri tejribeli dostlary hem-de hünärmen adamlar bilen maslahatlaşyp ýa-da öwrediji kitapdan okap, reňklemegi, maşyn we suw geçirijileri bejermegi öwrendiler.

8. Ýeke özi terbiýeleýän ata-enelere çagalary nädip kömek edip biler?

8 Çagalardan kömek soramak dogrumy? Bir eje şeýle diýýär: «Kakasynyň ýoklugyny bildirtmejek bolup, çagalaryň durmuşyny ýeňilledesiň gelýär». Elbetde, siziň yhlasyňyz düşnükli, ýöne bu çagalara hemişe peýda getirmez. Gadym döwürde Hudaýdan gorkýan ýetginjekleriň etmeli borçlary bolýardy (Gelip çykyş 37:2; Nagmalar nagmasy 1:6). Şonuň üçin çagalara köp iş bermän, gap-çanaklary ýuwmak, öz otagyny ýygnaşdyrmak ýaly işleri tabşyryp bilersiňiz. Mümkin, käbir işleri bile edersiňiz? Bilelikde işlemek köp şatlyk getirýär.

GAZANÇ ETMEK AŇSAT IŞ DÄL

[107-nji sahypadaky surat]

Çagalar bilen mümkin boldugyndan, köp wagt geçiriň

9. Näme üçin adamsy ýok enelere eklenmek kyn bolýar?

9 Çagalaryny ýeke özi terbiýeleýän ata-eneleriň köpüsine eklenmek agyr, adamsy ýok ýaş enelere has-da agyra. Olara döwlet tarapyndan pul kömegi berilýän bolsa, iň bolmanda iş tapylýança şondan peýdalanmak paýhasly bolardy. Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň gullukçylaryna zerur wagty şeýle mümkinçilikden peýdalanmaga rugsat berilýär (Rimliler 13:1, 6). Aýrylyşan we dul galan aýallar şunuň ýaly kynçylyklara duş gelýär. Ençeme ýyllap öý hojalykçy bolan aýallar işe girmeli bolýarlar we köplenç olar az hak tölenýän iş tapýarlar. Käbiri bolsa bir kär edinmek üçin okuw jaýlarynda ýa-da gysga wagtlaýyn kurslarda okaýarlar.

10. Adamsy ýok ene iş gözlemelidigini çagalaryna nädip düşündirip biler?

10 Iş gözleýändigiňiz çagalaryňyza ýaramasa, geň galmaň we munuň üçin özüňizi günäkärlemäň. Näme üçin işlemelidigini we Ýehowanyň maşgala barada alada etmegi talap edýändigini çagalara düşündiriň (1 Timoteos 5:8). Wagtyň geçmegi bilen çagalaryň köpüsi şeýle özgerişlere öwrenişýär. Emma işiňiz näçe köp bolsa-da, mümkin boldugyndan, wagtyňyzyň köp bölegini çagalaryňyz bilen geçirjek boluň. Siziň söýgi bilen edýän aladaňyz maşgaladaky pul bilen bagly ähli kynçylyklara döz gelmäge kömek eder (Süleýmanyň tymsallary 15:16, 17).

KIM KIMIŇ ALADASYNY EDÝÄR?

[110-njy sahypadaky surat]

Ýygnakda «dullaryň» we «ýetimleriň» aladasy edilýär

11, 12. Ýeke özi terbiýeleýän ata-eneler çagalary bilen nähili gatnaşyk saklamaly we nädip?

11 Ýeke özi terbiýeleýän ata-eneler çagalary bilen has-da ýakyn bolýar. Emma Hudaýyň ata-eneler bilen çagalaryň arasyndaky gatnaşyk barada beren kadalary bozulmaz ýaly ünsli bolmaly. Meselem, ärsiz ene maşgalabaşy borjuny ogluna ynansa ýa-da başyna düşen aladalaryny ynanýan adamy hökmünde gyzyna aýtsa, agyr kynçylyklaryň döremegi mümkin. Beýtmek nädogry, çünki bu çagany sarsgyn ýagdaýa düşürer ýa-da aljyraňňylyga salar.

12 Çagalar sizi däl-de, siz ata-ene hökmünde olaryň aladasyny etjekdigiňizi ynandyryň (2 Korinfliler 12:14-i deňeşdiriň). Siziň käte maslahata we kömege mätäç bolmagyňyz mümkin. Şonda kömegi çagalardan däl-de, ýygnak ýaşulularyndan ýa-da ruhy taýdan ýetişen mesihçi uýalardan soraň (Titus 2:3).

TERBIÝÄNIŇ WAJYPLYGY

13. Ärsiz ene çagalaryny terbiýelände nähili kynçylyga duş gelmegi mümkin?

13 Adatça, erkek kişä garanda, aýala çagalaryna diýenini etdirmek kyn düşýär. Ärsiz bir ene şeýle diýýär: «Daşyndan göräýmäge ogullarym uly adam bolupdyr. Käte olaryň ýanynda özüňi ýaýdanjaň we ejiz duýýarsyň». Belki, söýgüli ýanýoldaşyňyzyň ölendigi ýa-da nikaňyzyň bozulandygy sebäpli, özüňizi günäkärläp gaharlanýansyňyz. Eger hossarlyk hukugy ikiňize-de berlen bolsa, çagalarym aýrylyşan ýanýoldaşymyň ýanyna gider diýip aladalanýansyňyz. Şeýle ýagdaý çagalary paýhasly terbiýelemäge päsgel berer.

14. Çagalaryny ýeke özi terbiýelän ata-eneler nädip paýhasly bolup biler?

14 Mukaddes Ýazgylarda: «Başyna goýberilen çaga... enesini utanja goýýandyr» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 29:15). Maşgalada tertip-düzgüni ýola goýup, olary berjaý etmegi talap edeniňizde, Ýehowa Hudaýa bil baglap bilersiňiz, şol sebäpli özüňi günäkärleme, wyždanyň ezýet bermesi ýa-da gorky ýaly duýgulara ýol bermäň (Süleýmanyň tymsallary 1:8). Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine hiç haçan garşy gitmäň (Süleýmanyň tymsallary 13:24). Paýhasly, yzygiderli we tutanýerli bolmaga çalşyň. Wagtyň geçmegi bilen çagalaryň köpüsi şeýle terbiýä öwrenişýär. Emma şonda-da çagalaryň duýgusyny göz öňünde tutmaly. Meselem, bir dul ata şeýle gürrüň berýär: «Çagalarymy terbiýelände, ejesiniň ölümi olara nähili agyr ýitgi bolandygyny hemişe özüme ýatladyp durýaryn. Olar bilen gepleşmek üçin her bir mümkinçilikden peýdalanýaryn. Agşamlyk naharyny taýýarlanymyzda içgin gürrüň edýäris. Şeýle ýagdaýlarda çagalar menden hiç bir syryny gizlemeýärler».

15. Aýrylyşan erkek ýa-da aýal öňki ýanýoldaşy barada bir zat diýende nämeden seresap bolmaly?

15 Eger siz aýrylyşan bolsaňyz, çagalaryň öňünde ýanýoldaşyňyzyň abraýyny gaçyrmagyň peýdasy ýok. Ata-enäniň arasyndaky dawa çagalary örän gynandyrýar we netijede, olar ikiňizi-de sylamazlar. Şonuň üçin çaga: «Seniň kakaňdan üýtgeşik ýeriň ýok!» diýmekden seresap boluň. Aýrylaşan ýanýoldaşyňyz ýüregiňize nähili ýara salan hem bolsa, ol çaganyň kakasy ýa-da ejesi, çaga olaryň ikisiniň-de söýgüsine, aladasyna we terbiýesine mätäçb.

16. Doly däl maşgalada çagalary terbiýelände nähili ruhy işler wajyp?

16 Öňki baplarda aýdylyşy ýaly, terbiýelemek diňe bir temmi bermegi däl-de, öwretmegi we tälim bermegi-de aňladýar. Ruhy tälim bermegiň gowy meýilnamasyny düzüp, köp kynçylyklaryň öňüni alyp bolýar (Filipililer 3:16). Ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli gatnaşmaly (Ýewreýler 10:24, 25). Her hepde Mukaddes Ýazgylaryň maşgala okuwyny geçirmeli. Elbetde, muny yzygiderli geçirmek aňsat däl. Bir ene şeýle diýýär: «Işden gelensoň dynç alasyň gelýär. Ýöne gyzym bilen okuw geçirmegiň wajypdygyna düşünýändigim üçin, ony geçirmäge jan edýärin. Maşgala okuwymyzy gyzym örän gowy görýär!»

17. Pawlusyň ýoldaşy Timoteosyň alan gowy terbiýesinden näme öwrenýäris?

17 Pawlus resulyň ýoldaşy Timoteosa Mukaddes Ýazgylardaky prinsipleri kakasy däl-de, ejesi bilen enesi öwredipdi. Timoteos nähili göreldeli mesihçi bolup ýetişdi! (Resullaryň işleri 16:1, 2; 2 Timoteos 1:5; 3:14, 15). Eger siz çagalaryňyzy «Ýehowanyň terbiýesi we öwüt-ündewi bilen ulaltsaňyz», gowy netije berjekdigine şübhelenmän bilersiňiz (Efesliler 6:4).

ÝEKELIGI NÄDIP ÝEŇMELI?

18, 19. a) Doly däl maşgaladaky ata-eneleri ýekelik duýgusy nädip gynamagy mümkin? b) Ten höweslerine garşy durmaga nähili maslahat kömek edýär?

18 Çagalaryny ýeke özi terbiýeleýän ata-enelerden biri şeýle diýýär: «Öýe gelip, şu dört diwary görenimde, aýratyn hem, çagalarymy ýatyransoň ýekelik duýgusy ýüregime düşýär». Hawa, ýekelik duýgusy ata-eneler üçin kynçylyklaryň iň agyrydyr. Ýanýoldaşyň bilen pikir alyşmak, bir-biriňe mähirli duýgulary bildirmek tebigy zat. Ýöne muny islän ýoluň bilen kanagatlandyrmak dogry bolarmy? Pawlusyň günlerinde ýaş dul aýallaryň käbiri «durmuşa çykasy gelip, özlerine ýanýoldaş gözläp başlaýar we bu olara Mesihe gulluk etmäge päsgel berýär» (1 Timoteos 5:11, 12). Ten höweslerine ýol bersek, bu bizi ruhy taýdan heläkçilige elter (1 Timoteos 5:6).

19 Bir mesihçi şeýle diýdi: «Jynsy höwesler örän güýçli, ýöne oňa garşy durup bolýar. Şeýle pikirler dörände, olary oýlanman derrew aýyrmaly. Çagaň barada pikir etmek hem kömek edýär». Hudaýyň Sözünde: «Beden agzalaryňyzdaky... erk edip bolmaýan ahlaksyz islegleri... öldüriň» diýip maslahat berilýär (Koloslylar 3:5). Işdäňizi «öldürjek» bolsaňyz, dürli tagamlar barada ýazylan žurnallary okarmysyňyz ýa-da diňe iýmit barada gepleýän adamlar bilen gürrüňdeş bolarmysyňyz? Elbetde ýok! Ten höwesleri barada-da şeýle diýse bolar.

20. a) Hudaýa iman etmeýän adam bilen duşuşmak näme üçin howply? b) I asyrdaky we şu günki mesihçiler ýekelik duýgusy bilen nähili göreşýärler?

20 Mesihçileriň käbiri Hudaýa iman etmeýän adamlar bilen duşuşyp başlaýarlar (1 Korinfliler 7:39). Kynçylygy şeýle ýol bilen çözüp bolarmy? Ýok. Aýrylyşan mesihçi uýa şeýle diýýär: «Özüňe taý gelmeýan adama durmuşa çykmak, ýekelik duýgusyndanam erbet eken!» I asyrda ýaşan paýhasly dul aýallarda hem ýekelik duýgusy bardy, emma olar «myhmansöýer bolmagyny... mukaddesleriň aýaklaryny ýuwmagyny, kynçylyk çekenlere kömek etmegini» dowam edipdirler (1 Timoteos 5:10). Şu günki dogan-uýalar Hudaýdan gorkýan adam bilen durmuş gurmagy köp ýyldan bäri umyt etselerem, ýagşy işler bilen meşgullanýarlar. Altmyş sekiz ýaşly dul mesihçi uýa özüni ýeke duýanda, başga dul aýallary görmäge barýar. Ol şeýle diýýär: «Myhmançylyga baranymda, öý işlerini we ruhy zerurlygymyň aladasyny edenimde özümi ýeke duýmaga wagt galmaýar». Iň ýagşy işleriň biri—adamlara Hudaýyň Patyşalygy barada öwretmek (Matta 28:19, 20).

21. Doga we ýagşy gürrüňdeşlik ýekelik duýgusyny ýeňmäge nädip kömek edýär?

21 Elbetde, ýekelik duýgusyndan gudrat bilen gutulyp bolmaýar. Ýöne ony Ýehowanyň güýji bilen ýeňip bolar. Mesihçi bu güýji «gije-gündiz oňa doga edip hem-de ýalbaryp» alar (1 Timoteos 5:5). Ýalbarmak bu nalyşly perýat edip, gözýaş bilen kömek soramak (Ýewreýler 5:7-ni deňeşdiriň). Dogrudan-da, «gije-gündiz» Ýehowa ýürekden dileg etmek peýdaly. Şeýle-de gowy gürrüňdeşlik ýekelik duýgusyny ýeňmäge kömek berýär. Şeýle gürrüňdeşlikde Süleýmanyň tymsallary 12:25-däki ýaly «ýagşy sözleri» eşitmek ruhlandyrýar.

22. Ýekelik duýgusy dörände näme barada pikirlenmeli?

22 Elbetde, käwagt ýekelik duýgusynyň döremegi mümkin. Ondan ejir çekmeýän adamyň ýokdugyny ýadyňyzdan çykarmaň. Dogrudan-da, «bütin dünýädäki doganlaryňyz hem şeýle kynçylyklary başdan geçirýär (1 Petrus 5:9). Geçen günler bilen ýaşamajak boluň (Wagyz kitaby 7:10). Şu wagtky ýaşaýşyňyzyň gadyryny biliň. Hemme zatdan wajyp wepalylygy saklaň we Ýehowany şatlandyrmagy ýüregiňize düwüň (Süleýmanyň tymsallary 27:11).

BAŞGALARYŇ KÖMEGI

23. Doly däl maşgalalar babatda mesihçileriň nähili borjy bar?

23 Imandaşlarymyzyň goldawy we kömegi örän gymmatly. Ýakup 1:27-de şeýle diýilýär: «Ata Hudaýymyzyň öňünde tämiz, çirksiz sežde etmek üçin kynçylyk çekýän ýetimleriň, dul aýallaryň aladasyny etmeli hem-de özüňi bu dünýäden tegmiltsiz saklamaly». Hawa, mesihçiler doly däl maşgalalara kömek etmäge borçly. Muny nädip etmeli?

24. Doly däl maşgalalara nädip kömek berip bolýar?

24 Maddy taýdan kömek bermeli. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Kimdir biriniň mümkinçiligi bolup-da, doganynyň mätäçlik çekýändigini görüp, oňa rehimi inmese, ol Hudaýy nädip söýüp biler?» (1 Ýahýa 3:17). Bu aýatdaky «görüp» diýen grek sözi ýöne bir seretmegi däl-de, belli bir maksat bilen seretmegi aňladýar. Diýmek, ýüregiýuka mesihçi, ilki bilen, maşgalanyň hal-ýagdaýyny we zerurlygyny bilmeli. Belki, olar pul kömegine mätäçdir ýa-da öýünde bir zatlary bejermäge kömek etmelidir. Olary nahara ýa-da dostluk duşuşygyna çagyrsaňyz, minnetdar bolarlar.

25. Doly däl maşgalalara imandaşlary nädip duýgudaşlyk bildirip biler?

25 Galyberse-de, 1 Petrus 3:8-de: «Ähliňiz pikirdeş, duýgudaş, rehimdar, pesgöwünli boluň we biri-biriňize doganlyk söýgiňiz bolsun» diýilýär. Mysal üçin, alty çagasyny ýeke özi terbiýeleýän ene şeýle diýýär: «Gün görmek aňsat däl, şonuň üçin käte göwnüçökgünlige düşýärin. Ýöne käwagt dogan-uýalardan biri: «Džoan, seniň edýänleriň dogry. Sen biderek ýere tagalla etmeýärsiň» diýýär. Kimdir biriniň sen barada oýlanyp, alada edýändigini bilmeklik teselli berýär». Çagalaryny ýeke terbiýeleýän ýaş eneler kynçylyklaryny erkek kişilere aýtmagy oňaýsyz görse, ýygnakdaky mesihçi garry aýallar kömek edip biler.

26. Ruhy taýdan ýetişen mesihçi doganlar atasyz ulalýan çagalara nähili kömek berip biler?

26 Mesihçi doganlar hem kömek berip biler. Wepaly Eýýup: «Men... biçäre ýetimi halas edýärdim» diýdi (Eýýup 29:12). Şu günki mesihçi doganlar atasyz ulalýan çagalaryň aladasyny edýärler we ýagşy niýet bilen «ak ýürekden... söýýändigini» görkezýärler (1 Timoteos 1:5). Olaryň käbirleri atasyz ulalýan çagalar bilen käte wagyz edýärler, maşgala okuwyna çagyrýarlar ýa-da boş wagtlaryny bile geçirýärler, ýöne öz maşgalasyny-da idegsiz goýmaýarlar. Şeýle ýagşylyk atasyz ulalýan çagany erbet ýola gitmekden saklar.

27. Çagalaryny ýeke özi terbiýeleýän ata-eneler kimiň goldawyna ynanyp biler?

27 Her näme-de bolsa, çagalaryny ýeke özi terbiýeleýän ata-eneler «her kim öz jogapkärçiligini özi çekmelidir» (Galatýalylar 6:5). Emma olary mesihçi dogan-uýalar we Ýehowa Hudaý söýýär. Mukaddes Ýazgylarda Ýehowa Hudaý barada: «Ýetimleri, dul hatynlary goldaýandyr» diýilýär (Zebur 146:9). Onuň mähirli goldawy arkaly doly däl maşgalalar üstünlik gazanyp biler!

a Eger ýaş mesihçi uýa ahlaksyzlyk edip göwreli bolsa, dogan-uýalar onuň etmişini asla goldamazlar. Emma ol günäsini boýun alyp toba etse, ýygnak ýaşululary we imandaşlary oňa kömek eder.

b Bu ýerde çagany zorluk görkezýän kakasyndan ýa-da ejesinden goramalydygy barada aýdylmaýar. Eger aýrylyşan ýanýoldaşyňyz siziň abraýyňyzy düşürip, çagalary siziň bilen ýaşamazlyga yrjak bolsa, onda şeýle ýagdaýda näme etmelidigi barada ýygnak ýaşululary ýaly tejribeli dostlaryňyz bilen maslahatlaşsaňyz gowy bolar.

MUKADDES ÝAZGYLARDAKY ŞU PRINSIPLER DOLY DÄL MAŞGALALARA KYNÇYLYKLARA HÖTDE GELMÄGE NÄDIP KÖMEK EDÝÄR?

Ýehowa Hudaý «ýetimlere ata, dul hatynlaryň... hossarydyr» (Zebur 68:5).

Üstünlik gazanmak üçin gowy meýilnama düzmeli (Süleýmanyň tymsallary 21:5).

Ýehowa ata-eneleriň çagalara dogry terbiýe bermek hukugyny goldaýar (Süleýmanyň tymsallary 1:8).

Paýhasly mesihçi dul aýallar ýagşy işler bilen meşgullanyp, dogada erjellik edýärler (1 Timoteos 5:5, 10).

«Ýetimleriň, dul aýallaryň aladasyny etmek» hakyky seždäniň wajyp bölegidir (Ýakup 1:27).

ÇAGALARYŇ KÖMEGI

Seni ejeň ýa-da kakaň ýeke özi terbiýeleýärmi? Onda sen olara nädip kömek berip bilersiň? Ilki bilen, olara gulak as. Çaga gyzmy, oglanmy, uzyn boýlymy tapawudy ýok «enesiniň öwredenlerini taşlamaly» däl (Süleýmanyň tymsallary 1:8). Ýehowa seniň gulak asmagyňy talap edýär, sebäbi bu seniň üçin peýdaly (Süleýmanyň tymsallary 23:22; Efesliler 6:1—3).

Kömek etmäge mümkinçilik gözle we minnetdarlygyňy bildir. «Meniň ejem keselhanada işleýär, onuň işde geýýän eşigi gowy ütüklenen bolmaly. Şol sebäpli men ony ütükläp, ejeme kömek edýärin» diýip, Toni gürrüň berýär. Çagasyny ýeke özi terbiýeleýän ene şeýle diýýär: «Men köplenç işden öýe ýadap gaharly gelenimde, gyzym edil şol güni saçagy ýazyp, agşamlyk naharyny taýýarlap goýmagy ýüregine düwýärdi».

Seniň kömegiň zerurdygyny ýadyňdan çykarma. Ejeňe ýa-da kakaňa işden ýadap gelende, maşgala okuwyny geçirmek aňsat düşýän däldir. Olary goldamasaň ýagdaýy öňküdenem beter kynlaşdyrarsyň. Şonuň üçin bellenen wagta taýýar bolmaga çalyş. Sapaklaryňa öňünden taýýarlan. Kakaňa we ejeňe minnetdarlygyňy bildirip gulak assaň, kömek etmäge taýýar bolsaň, hem olary, hem Hudaýy begendirersiň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş