GIRIŞ
Iň gowy maslahaty nireden tapmaly?
Gyzlar
Klasyňa bir owadanja oglan gelýär. Sen diňe ol hakda pikirlenýärsiň. Sen içiňden: «Ol muny bilýänem däldir. Aý zyýany ýok, arzuw edip bir galaýyn» diýýänsiň. Ýöne diňe sen däl, beýleki gyzlaryňam ählisi ony gowy görüp, dilinden düşürenoklar.
Birdenem, ol saňa seredip ýylgyrýar. Onuň saňa seredip ýylgyranyna gaty geň galyp, senem ýylgyranyňy bilmän galýarsyň. Ol seniň ýanyňa gelip, çekinjeňlik bilen:
Salam — diýip habar gatýar.
Salam — diýip jogap berýärsiň.
Meniň adym Begli — diýýär.
Sen bärik täzelikde geldiňmi? — diýip soraýarsyň.
Hawa. Bärik göçüp gelenimize birki hepde boldy.
Begli bilen gepleşip durandygyňa entegem ynanyp bilýän dälsiň.
Şu gün okuwdan soň öýde oturylyşyk gurnaýaryn. Geljekmi?
Onuň ýüz-keşbinden seniň gelmegiňi isleýändigi görnüp dur.
Öňünden aýdaýyn, öýdäkiler-ä bolmaz, näme içjek diýseňem bolar. Gelseň-ä gaty gowy bolar!
Begli senden jogaba garaşýar. Beýleki gyzlar pikirlenmän şol bada «bararyn» diýse gerek.
Şeýle ýagdaýda sen näme diýersiň?
Oglanlar
Iki sany klasdaşyň saňa tarap gelýär. Olary görüp sen birhili bolýarsyň. Sebäbi şu hepdäniň dowamynda olar saňa iki gezek çilim çekdirjek boldular. Bu saparam çekdirjek bolsalar, olaryň üçünji gezegi bolar.
Olaryň biri: «Içiň gysýarmy? Mende seniň üçin gowuja zat bar. Dost, bu seniň göwnüňi göterer» diýýär.
«Dost» diýen bolup, ol elini jübüsine salýar. Heniz jübüsinden elini çykarmanka, sen onuň näme berjek bolýandygyny bilýärsiň. Ol ýene-de saňa çilim uzadar. Muny bilýänligiň bolsa, öňküdenem beter seni aljyradýar.
Oglanlar, çekjek däl diýip men eýýäm size aýdypdym-a — diýýärsiň.
Oglanlaryň ikinjisi sözüňi bölüp, şeýle diýýär:
Näme diniňde çekmek bolmaýarmy? Sen-ä adam şekilli wagtyňam geçirip bileňok.
Birinji oglan üstüňden gülüp:
Ýa-da sen erkegem dälmi? — diýýär.
Men erkek...
Soňra oglanlaryň ikinjisi elini egniňe goýup:
Onda al, çek-dä — diýýär.
Birinjisi bolsa çilimi seniň agzyňa golaý eltip, mekirlik bilen ýylgyrýar-da:
Hiç kime aýtmarys — diýýär.
Şeýle ýagdaýda sen näme edersiň?
ŞUNUŇ ýaly ýagdaýlar dünýäniň ähli künjeginde günde-günaşa bolup durýar. Käbir ýaşlar şeýle ýagdaýda näme etmelidigini bilse-de, köpüsi bilmeýär. Meselem, bir oglana mejburlyk bilen çilim çekdirjek bolanlarynda, ol: «Men garşylyk görkezjek, ýöne indi çydap bilemok. Men näme üçin olara özümiň „erkekdigimi“ subut etmeli däl?» diýip pikir etmegi mümkin. Ýa-da bir gyzy oglan duşuşyga çagyrýar. Şonda onuň kellesine şeýle pikirler gelmegi mümkin: «Ol akyllyja oglana meňzeýär. Aý, birje gezek — şu gezeklikçe „bor“ diýsemem bolar-la».
Emma köp ýaşlar öz ynanýan zatlarynda berk durmagy öwrendiler. Netijede, geň bolup görünse-de, olara öňküden az azar berdiler. Senem özüňe azyrak azar berilmegini isleýärmiň? Muny başarjakdygyňy bilmek seni begendirse gerek! Ýöne, ilki bilen, muny nädip etmelidigini bilmeli.
Şu günler ýaşlara duş gelýän kynçylyklaryny ynam bilen ýeňmäge Mukaddes Ýazgylar kömek edip bilýär. Onda iň gowy maslahatlar bar. Sebäbi ol Hudaýyň ylhamy bilen ýazyldy (2 Timoteos 3:16, 17). Mukaddes Ýazgylar nähili kynçylyklary ýeňmäge kömek edip biler? Aşakdaky gara harplar bilen ýazylanlaryň gapdalyndan özüňe peýdaly bolup biljeklerini bellik (✔) et.
□ Gyzlar (oglanlar) bilen özümi nähili alyp barmaly?
□ Bedenimde bolýan üýtgeşmelere nädip öwrenişmeli?
□ Mekdepdäki synaglara nädip garşy durmaly?
□ Puly nädip tygşytly sowmaly?
□ Ene-atam bilen nädip oňuşmaly?
□ Duýgularyma nädip erk etmeli?
□ Göwün açmanyň haýsy görnüşini saýlamaly?
Eger 4, 5-nji sahypalary açsaň, ýokardakylar barada şu kitabyň 9 bölüminde gürrüň edilýändigini görersiň. Sen bularyň haýsysyny bellediň? Belki, şol bölümi birinji okarsyň?! Bu kitap saňa Mukaddes Ýazgylardaky prinsipleriň durmuşyň her bir pudagynda kömek edýändigini bilmäge ýardam berera.
Onsoňam, bu kitapda pikirleriňi ýazyp biler ýaly ýörite boş goýlan ýerler bar. Mysal üçin, her babyň soňuragynda «Sen näme etmekçi?» diýen çarçuwa bar. Ol ýerdäki berilýän soraglar okan zadyňy nädip ulanyp biljekdigiňi ýazmaga mümkinçilik berýär. 132, 133-nji sahypadaky «Deň-duşlaryň täsirine garşy durmak» diýen çarçuwa bolsa, kyn ýagdaýlarda nähili hereket etjekdigiňi öňünden pikirlenmäge mümkinçilik berer. Şeýle-de şu kitabyň her bölüminiň soňunda «Depderim» diýen sahypa bar. Sen ol ýere öwrenen bölümiňdäki zatlary durmuşda nädip ulanyp biljekdigiňi ýazyp bilersiň. Galyberse-de, 9 sany «Geçmişden sapak» atly sahypadan Mukaddes Ýazgylarda agzalýan adamlaryň göreldesinden näme öwrenip biljekdigiňi okap bilersiň.
Mukaddes Ýazgylarda: «Akyldarlygy öwren, düşünjäňi artdyr» diýlip ündelýär (Süleýmanyň tymsallary 4:5, TD). «Akyldarlyk» we «düşünje» diýlen sözler nämäniň dogry ýa-da nädogrudygyny bilmekden köp zady aňladýar. Sen ýagdaýa hemmetaraplaýyn seretmeli, ýagny netijesiniň nähili boljakdygyna düşünmeli. Meselem, erbet hereketleriň netijesiniň nähili boljakdygyna ýa-da gowy hereket etseň nähili bereket aljakdygyňa düşünmek, deň-duşlaryň täsirine garşy duranyňda ynamly we batyrgaý bolmaga kömek eder.
Sen bir zady ýatdan çykarma: Kynçylyklaryň ýeňip bolmaýan ýaly bolup görünse-de, şeýle kynçylyga diňe sen duş gelmeýärsiň. Mysal üçin, köp ýaşlar seniňkä meňzeş kynçylyklary ýeňmegi öwrendiler. Senem hökman ýeňip bilersiň! Bu babatda saňa, goý, «Ýaşlaryň sowallary» kitabynyň şu tomy kömek etsin. Sen iň gowy maslahatlaryň diňe Mukaddes Ýazgylarda bardygyna göz ýetirersiň!
[Çykgyt]
a Bu kitabyň köp bölegi Ýehowanyň Şaýatlarynyň neşir edýän «Oýanyň!» (rus.) žurnalyndaky «Ýaşlaryň sowallary» atly yzygider çykýan makalalardan alyndy.