-
Ýygnak ýaşululary dogan-uýalara nädip hyzmat edýärler?Ýehowanyň islegini kim berjaý edýär?
-
-
15-NJI BÖLÜM
Ýygnak ýaşululary dogan-uýalara nädip hyzmat edýärler?
Finlýandiýa
Tälim berýärler
Dogan-uýalary ideg edýärler
Wagyz edýärler
Biziň guramamyzda ýerine ýetirilýän ruhy işler üçin töleg tölenilmeýär. I asyrdaky mesihçiler ýygnagynda bolşy ýaly, şu günler hem «Hudaýyň ýygnagyny bakmak üçin» tejribeli doganlar gözegçi hökmünde bellenilýär (Resullaryň işleri 20:28). Bu ruhy taýdan ýetişen ýaşuly doganlar ýygnaga «mejburlyk bilen däl-de, meýletinlik bilen» we «biabraýçylykly gazanç üçin däl, isleg bilen» gözegçilik edýärler (1 Petrus 5:1—3). Ýaşuly doganlar ýygnakda nähili işleri ýerine ýetirýärler?
Ýaşulular ýygnagyň aladasyny edýärler. Ýaşulular ýygnak agzalaryna Mukaddes Ýazgylaryň esasynda görkezme berýärler we olary ruhy taýdan goraýarlar. Olar bu jogapkärli işi Ýehowanyň tabşyrandygyna düşünip, Onuň halkyna agalyk etmeýärler. Gaýtam, olaryň abadançylygyna we şatlygyna hemaýat edýärler (2 Korintoslylar 1:24). Çopanyň öz sürüsindäki her bir goýnuň aladasyny edişi ýaly, ýaşulular hem ýygnak agzalarynyň her birini gowy tanamak üçin jan edýärler (Süleýmanyň tymsallary 27:23).
Ýaşulular bize Hudaýyň islegini ýerine ýetirmegi öwredýärler. Olar biziň imanymyzy berkitmek üçin her hepde ýygnak duşuşyklarynyň geçirilmeginiň aladasyny edýärler (Resullaryň işleri 15:32). Şeýle-de ýaşuly doganlar wagyz işine ýolbaşçylyk edýärler. Olar biziň bilen gullugyň ähli görnüşlerine gatnaşyp, ökdelik bilen wagyz etmegi öwredýärler.
Ýaşulular bizi ruhlandyrýarlar. Ýaşulular her bir ýygnak agzalarynyň ruhy taýdan aladasyny edýärler. Olar bizi goldamak we Mukaddes Ýazgylaryň esasynda teselli bermek üçin öýümize gelýärler ýa-da ýygnak duşuşyklarynyň geçirilýän ýerlerinde biziň bilen gürrüňdeş bolýarlar (Ýakup 5:14, 15).
Ýaşulular ýygnagyň işlerinden başga-da, maşgala agzalarynyň aladasyny etmek üçin zähmet çekýärler we maşgaladaky borçlaryny ýerine ýetirmek üçin wagt sarp edýärler. Bu zähmetsöýer doganlar biziň hormatymyza mynasypdyrlar (1 Selanikliler 5:12, 13).
Ýaşulular ýygnakda nähili borçlary ýerine ýetirýärler?
Ýaşulular nädip biziň her birimiziň aladamyzy edýärler?
-
-
Ýygnak hyzmatçylary nähili borçlary ýerine ýetirýärler?Ýehowanyň islegini kim berjaý edýär?
-
-
16-NJY BÖLÜM
Ýygnak hyzmatçylary nähili borçlary ýerine ýetirýärler?
Mýanma
Çykyş edýärler
Wagyz duşuşygy
Duşuşyk geçýän ýeri arassalaýarlar
Mukaddes Ýazgylarda ýygnagyň aladasyny edýän iki topar barada aýdylýar. Olara «gözegçiler» we «gulluk hyzmatçylary» diýilýär (Filipililer 1:1, TD). Her bir ýygnakda şeýle doganlaryň birnäçesi gulluk edýär. Ýygnak hyzmatçylary nähili işleri ýerine ýetirýärler?
Olar ýygnak ýaşulularyna kömek edýärler. Ýygnak hyzmatçylary Ýehowa bilen ýakyn aragatnaşygy saklaýarlar. Olar ynama mynasyp we zähmetsöýer doganlar. Ýygnak hyzmatçysy borjuna hem ýaş, hem gartaşan doganlar bellenip bilýär. Hyzmatçylar ýygnakda esasan guramaçylykly we zähmet bilen baglanyşykly işleri ýerine ýetirýärler. Olaryň bu hyzmaty ýaşululara bar ünsüni tälim bermek we dogan-uýalary idemek işine gönükdirmäge mümkinçilik berýär.
Olar wajyp işleri ýerine ýetirýärler. Ýygnak hyzmatçylarynyň käbiri ýygnak duşuşyklaryna gelýänleri garşy alýarlar. Käbirleri bolsa ses çykaryjy enjamlara, edebiýatlary paýlamaga, ýygnagyň hasabatyny ýöretmäge we wagyz etmek üçin meýdançalary paýlamaga jogap berýärler. Şeýle-de olar ýygnak duşuşyklarynyň geçirilýän ýerleriniň arassaçylyk işlerine kömek edýärler. Ýaşulular olardan ýygnakdaky gartaşan dogan-uýalara kömek etmegi haýyş edip bilerler. Ýygnak hyzmatçylary tabşyrylýan işleri yhlasly ýerine ýetirýärler. Şol sebäpli biz olara çuňňur hormat goýýarys (1 Timoteos 3:13).
Olar gowy görelde görkezýärler. Ýygnak hyzmatçylary ruhy taýdan ýetişen doganlardan bellenilýär. Olar ýygnak duşuşyklarynda çykyş edenlerinde, biziň imanymyzy berkitmäge çalyşýarlar. Ýygnak hyzmatçylarynyň wagyz işine yhlasly gatnaşmagy, bize güýçli täsir edýär. Olar ýaşulular bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edip, ýygnagyň şatlygyna we agzybirligine goşant goşýarlar (Efesliler 4:16). Wagtyň geçmegi bilen, olary ýaşuly bolup gulluk etmäge teklip edip bilerler.
Kimlere ýygnak hyzmatçylary diýilýär?
Ýygnak hyzmatçylary ýygnagyň sazlaşykly hereket etmegine nädip goşant goşýarlar?
-
-
Etrap gözegçileri bize nädip kömek edýärler?Ýehowanyň islegini kim berjaý edýär?
-
-
17-NJI BÖLÜM
Etrap gözegçileri bize nädip kömek edýärler?
Malawi
Wagyz duşuşygy
Wagyzda
Ýygnak ýaşululary bilen duşuşyk
Injilde Barnabas bilen Pawlus resul hakynda ençeme sapar agzalýar. Olar etrap gözegçi bolup gulluk edip, ilkinji mesihçiler ýygnaklaryny ideg edýärdiler. Näme üçin? Barnabas bilen Pawlus resul imandaşlarynyň ýürekden aladasyny edýärdiler. Pawlus Barnabasa: «Indi yzymyza dolanyp... doganlara görme-görüşe baryp, hal-ýagdaýlaryny soraly» diýdi. Pawlus imandaşlaryny ruhy taýdan berkitmek üçin ýüzlerçe kilometr geçmäge taýyndy (Resullaryň işleri 15:36). Şu günler etrap gözegçisi bolup gulluk edýän doganlar olaryň göreldesine eýermäge jan edýärler.
Olar bizi ruhlandyrýarlar. Etrap gözegçisi ýylda iki gezek takmynan 20 sany ýygnagy (bir etraby) ideg edip, olaryň hersinde bir hepde gulluk edýär. Şeýle-de ol etrap kongreslerine ýolbaşçylyk edýär. Biz bu tejribeli doganlardan we olaryň aýallaryndan köp zatlary öwrenip bilýäris. Olar ýygnagyň ähli agzalary bilen tanyşmaga çalyşýarlar. Şeýle-de olar ýaş we gartaşan dogan-uýalar bilen wagyz edýärler hem-de olaryň geçirýän Mukaddes Ýazgylar okuwyna höwes bilen gatnaşýarlar. Bu aýlanýan gözegçi doganlar ýaşulular bilen bilelikde çopançylyk idegini edip, bizi ruhlandyrýarlar. Şeýle-de ýygnak duşuşyklarynda we kongreslerde çykyş edip, biziň ählimizi ruhy taýdan berkidýärler (Resullaryň işleri 15:35).
Olar biziň her birimiz bilen gyzyklanýarlar. Etrap gözegçileriň maksady — ýygnagyň agzalaryny ruhy taýdan berkitmek. Olar ýaşulular we gulluk hyzmatçylary bilen duşuşyp, gazanylan üstünlikler barada gürrüň edýärler hem-de doganlara maslahat berýärler. Olar pionerlere ökdelik bilen wagyz etmäge kömek edýärler. Şeýle-de olar ýygnagyň täze agzalary bilen tanşyp, olaryň ruhy ösüşi bilen gyzyklanýarlar. Bu doganlaryň her biri biziň bilen işleşmek üçin wagtyny we güýjüni gaýgyrmaýarlar (2 Korintoslylar 8:23). Biz olaryň imanyndan we Hudaýa bolan wepalylygyndan görelde almak üçin tagalla etmeli (Ýewreýler 13:7).
Etrap gözegçileri ýygnaklary näme üçin ideg edýärler?
Olaryň gullugy size nähili peýda getirýär?
-
-
Biz betbagtçylyga uçran dogan-uýalara nädip kömek edýäris?Ýehowanyň islegini kim berjaý edýär?
-
-
18-NJI BÖLÜM
Biz betbagtçylyga uçran dogan-uýalara nädip kömek edýäris?
Dominikan Respublikasy
Ýaponiýa
Gaiti
Ýehowanyň Şaýatlary tebigy betbagtçylyga uçran dogan-uýalary goldamak üçin derrew guramaçylykly hereket edýärler. Şeýdip, biz biri-birimizi hakykatdan söýýändigimizi görkezýäris (Ýahýa 13:34, 35; 1 Ýahýa 3:17, 18). Biz bu kömegi nädip berýäris?
Maddy taýdan kömek edýäris. I asyrda Ýahudada güýçli açlyk bolanda, Antakiýadaky mesihçiler imandaşlaryna maddy taýdan kömek etdiler (Resullaryň işleri 11:27—30). Şu günlerem biz başga ýurtlarda ýaşaýan dogan-uýalaryň betbagtçylyga uçrandyklaryny eşidenimizde, ýerli ýygnak arkaly olara maddy taýdan goldaw berýäris (2 Korintoslylar 8:13—15).
Zähmet çekip kömek edýäris. Betbagtçylygyň bolan ýerlerindäki ýygnak ýaşululary dogan-uýalaryň ählisiniň aman-esendigini bilmek üçin, olary gözleýärler. Kömek berýän komitet betbagtçylyga uçran dogan-uýalaryň iýmit, arassa agyz suwy, egin-eşik we jaý bilen üpjün edilmeginiň hem-de olara lukmançylyk kömeginiň berilmeginiň aladasyny edýär. Jaýlary we Patyşalyk zallaryny dikeltmäge ukyply bolan dogan-uýalar meýletin zähmet çekmäge gelýärler. Olar ýol çykdajylaryny özleri töleýärler. Guramamyzdaky agzybirlik we eginme-egin işläp toplan tejribämiz, bize betbagtçylyk döwri gerekli kömegi bermäge ýardam edýär. Biz diňe bir imandaşlarymyza kömek etmek bilen çäklenmän, başga dine uýýan adamlary-da goldamaga çalyşýarys (Galatýalylar 6:10).
Duýgudaşlyk bildirýäris we ruhlandyrýarys. Tebigy betbagtçylyga uçran adamlar duýgudaşlyga mätäç bolýarlar. Şeýle ýagdaýda biz «bütin teselliler Hudaýy» bolan Ýehowadan güýç alýarys (2 Korintoslylar 1:3, 4). Biz adamlara Mukaddes Ýazgylardaky wadalary we Hudaýyň Patyşalygynyň ähli betbagtçylyklary tizden ýok etjekdigini şatlyk bilen gürrüň berýäris (Ylham 21:4).
Ýehowanyň Şaýatlary betbagtçylyga uçran adamlara nädip kömek edýärler?
Biz betbagtçylyga uçran adamlara nädip ruhy taýdan teselli berýäris?
-
-
Sadyk hem akylly hyzmatkär kim?Ýehowanyň islegini kim berjaý edýär?
-
-
19-NJY BÖLÜM
Sadyk hem akylly hyzmatkär kim?
Biz ruhy iýmitiň gadyryny bilýäris
Isa ölmeziniň öň ýanynda dört şägirdine: Petrusa, Ýakuba, Ýahýa we Andreasa wajyp zady aýtdy. Isa olara soňky günlerde özüniň gelmeginiň alamatyny aýan edip, soňra şeýle sorag berdi: «Hyzmatkärlere wagtly-wagtynda nahar paýlaryny bersin diýip, agasynyň olaryň üstünden goýan sadyk hem akylly hyzmatkäri kim?» (Matta 24:3, 45; Markus 13:3, 4). Isa adaty iýmit barada gürrüň etmeýärdi. Ol Hudaý baradaky bilimi nahar bilen deňeşdirdi. Diýmek, şägirtleriň «agasy», ýagny Isa zalym dünýäniň soňky günlerinde olara wagtly-wagtynda Hudaý barada bilim berjek «hyzmatkäri» belledi. Bu «hyzmatkär» kim?
«Hyzmatkär» — Isanyň mesh edilen şägirteliriniň kiçi topary. Sadyk hyzmatkäre Ýolbaşçylyk maslahaty hem diýilýär. Bu hyzmatkär Ýehowanyň gullukçylaryna ruhy iýmit berýär. Biz sadyk «hyzmatkäriň» kömegi bilen «wagtly-wagtynda... nahar paýlarymyzy» alýarys (Luka 12:42).
Hudaýyň öýüni dolandyrýar (1 Timoteos 3:15). Isa «hyzmatkäre» jogapkärli ýumuş tabşyrdy, ýagny ol Ýehowanyň ýerdäki guramasyny dolandyrmalydy. Isa «hyzmatkäre» maddy emläge eýeçilik etmegi, wagyz işine ýolbaşçylyk etmegi we ýygnak duşuşyklary arkaly bilim bermegi tabşyrdy. «Sadyk hem akylly hyzmatkär» edebiýatlar, ýygnak duşuşyklary we kongresler arkaly bize ruhy iýmiti berýär.
«Hyzmatkäre» sadyk diýilmeginiň sebäbi, ol Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty we hoş habary wepaly wagyz edýär; oňa akylly diýilmeginiň sebäbi bolsa, ol Isa Mesihiň ýer ýüzündäki ähli emlägini akyldarlyk bilen dolandyrýar (Resullaryň işleri 10:42). Ýehowa guramasyna akýürekli adamlary çekýär we ruhy iýmiti bolluk bilen berýär. Şeýdip, Ol «hyzmatkäriň» çekýän zähmetine pata berýär (Işaýa 60:22; 65:13).
Isa ruhy iýmiti paýlamagy kime tabşyrdy?
Näme üçin «hyzmatkäre» sadyk hem akylly diýilýär?
-
-
Ýolbaşçylyk maslahaty nähili işleri ýerine ýetirýär?Ýehowanyň islegini kim berjaý edýär?
-
-
20-NJI BÖLÜM
Ýolbaşçylyk maslahaty nähili işleri ýerine ýetirýär?
I asyrdaky ýolbaşçylyk maslahaty
Ýolbaşçylyk maslahatyndan gelen haty okaýarlar
I asyrdaky ýolbaşçylyk maslahaty Iýerusalimdäki resullardan we ýaşululardan ybaratdy. Olar mesh edilen mesihçileriň ähli ýygnaklaryna ýolbaşçylyk edip, wajyp kararlary kabul edýärdiler (Resullaryň işleri 15:2). Olar Mukaddes Ýazgylar esasynda maslahatlaşyp, Hudaýyň ruhunyň görkezmesine eýerýärdiler we biragyzdan karara gelýärdiler (Resullaryň işleri 15:25). Şu günlerem Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzalary olaryň göreldesine eýerýärler.
Hudaý olar arkaly niýetini amala aşyrýar. Ýolbaşçylyk maslahatynda gulluk edýän mesh edilen doganlar Hudaýyň Sözüne çuňňur hormat goýýarlar. Olaryň durmuşy we ruhy meselelerde baý tejribesi bar. Olar bütindünýä doganlyk bilen bagly meseleleri çözmek üçin, her hepde duşuşýarlar. I asyrda bolşy ýaly, olar ýygnaklara hat üsti bilen, aýlanýan gözegçiler we beýleki doganlar arkaly Mukaddes Ýazgylara esaslanan görkezmeleri berýärler. Bu bolsa Hudaýyň halkyna bir pikirde bolmaga we agzybir işleşmäge ýardam edýär (Resullaryň işleri 16:4, 5). Ýolbaşçylyk maslahaty ruhy iýmitiň taýýarlanmagyna gözegçilik edýär, wagyz işini ugrukdyrýar we jogapkär doganlaryň bellenmegi barada alada edýär.
Hudaýyň ruhunyň görkezmesine eýerýärler. Ýolbaşçylyk maslahaty Älemiň Hökümdary Ýehowa we ýygnagyň Başy Isa ähli zatda gulak asýarlar (1 Korintoslylar 11:3; Efesliler 5:23). Olar özlerini Hudaýyň halkynyň ýolbaşçylary hasaplamaýarlar. Olar beýleki mesh edilen mesihçiler bilen bilelikde «Guzy (Isa) nirä gitse, Onuň yzyna düşýärler» (Ylham 14:4). Ýolbaşçylyk maslahaty biziň olar üçin edýän dogalarymyzy gymmat saýýarlar.
I asyrdaky ýolbaşçylyk maslahatyna kimler degişlidi?
Şu günler Ýolbaşçylyk maslahaty Hudaýyň görkezmesine nädip eýerýär?
-
-
Beýtel diýmek näme?Ýehowanyň islegini kim berjaý edýär?
-
-
21-NJI BÖLÜM
Beýtel diýmek näme?
Surat we şekillendiriş bölümi (ABŞ)
Germaniýa
Keniýa
Kolumbiýa
«Beýtel» ýewreý dilinden terjime edilende «Hudaýyň öýi» diýmegi aňladýar (Gelip çykyş 28:17, 19). Bu örän ýerlikli dakylan at, çünki olar Ýehowanyň Şaýatlaryna wagyz işini goldamaga we oňa ýolbaşçylyk etmäge ýardam edýärler. Beýtel bütin ýer ýüzünde bar. Ýolbaşçylyk maslahatynyň bütindünýä baş edarasy ABŞ-nyň Nýu-Ýork ştatynda ýerleşýär. Ol ähli ýurtdaky filiallara gözegçilik edýär. Beýtelde gulluk edýän dogan-uýalar Beýteliň maşgala agzalary hasaplanýar. Bu uly agzybir maşgalanyň agzalary bile ýaşaýarlar, zähmet çekýärler, bile naharlanýarlar we Mukaddes Ýazgylary öwrenýärler (Zebur 133:1).
Meýletin zähmet çekýän ajaýyp maşgala. Beýteliň agzalary Hudaýyň islegini ýerine ýetirmäge we Patyşalyk işini goldamaga bar wagtyny hem güýjüni sarp edýärler (Matta 6:33). Olara hak tölenilmeýär, emma ýaşamak üçin otag we iýmit bilen üpjün edilýär hem-de özlerine gerek zatlary almak üçin birazrak pul berilýär. Beýteliň agzalary dürli bölümlerde gulluk edýärler. Olaryň käbiri ofisde, käbiri naharhanada işleýärler. Käbirleri bolsa çap edilýän bölümlerde ýa-da sahypalary biri-birine berkidýän enjamlaryň başynda işleýärler. Dogan-uýalaryň käbiri bolsa, arassaçylyk işine gatnaşýarlar, egin-eşik ýuwýarlar, ussaçylyk edýärler we şuňa meňzeş wajyp işleri ýerine ýetirýärler.
Wagyz işini goldaýan ýer. Beýtel gullugynyň esasy maksady — Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty ähli adamlara ýetirmek. Muňa şu broşýura mysal bolup biler. Bu broşýura Ýolbaşçylyk maslahatynyň görkezmesi bilen ýazyldy. Soňra ol elektron görnüşinde bütin dünýädäki terjimeçilik toparlarynyň köpüsine ugradyldy we birnäçe Beýtel çaphanalarynyň ýokary hilli enjamlarynda çap edildi hem-de 110 müňden gowrak ýygnaklara paýlanyldy. Beýteliň her bir agzasy bu işlere yhlasly gatnaşýarlar. Şeýlelikde, olar iň wajyp ýumşa, ýagny hoş habary wagyz etmek işine goşant goşýarlar (Markus 13:10).
Beýtelde kimler gulluk edýär we olar nädip ýaşaýarlar?
Beýtelde nähili işler ýerine ýetirilýär?
-
-
Filiallarda nähili işler edilýär?Ýehowanyň islegini kim berjaý edýär?
-
-
22-NJI BÖLÜM
Filiallarda nähili işler edilýär?
Süleýman adalary
Kanada
Günorta Afrika
Beýteliň maşgala agzalary dürli bölümlerde işleýärler. Olar bir ýa-da birnäçe ýurtlarda wagyz işini goldaýarlar. Olar edebiýatlary terjime edýärler, çap edýärler, kitaplaryň sahypalaryny birleşdirýärler we olary ýygnaklara ugradýarlar. Şeýle-de edebiýatlaryň audio hem-de wideo ýazgylaryny çykarýarlar we başga-da wajyp işleri ýerine ýetirýärler.
Filialyň komiteti ähli işlere gözegçilik edýär. Ýolbaşçylyk maslahaty filiala gözegçilik etmek işini filialyň komitetine tabşyrýar. Bu komitetde üç ýa-da ondan köp tejribeli ýaşulular gulluk edýär. Filialyň komiteti gözegçilik edýän territoriýasynda ýerine ýetirilýän işler we ýüze çykýan soraglar hakynda Ýolbaşçylyk maslahatyna hasabat berýär. Bu hasabatlaryň netijesinde, Ýolbaşçylyk maslahaty edebiýatlarda, ýygnak duşuşyklarynda we kongreslerde haýsy temalara üns bermelidigini anyklaýarlar. Ýolbaşçylyk maslahaty filiallara doganlary yzygiderli ugradyp, filial komitetleriniň agzalaryna gullugyny dogry ýerine ýetirmäge kömek etmek üçin görkezme berýär (Süleýmanyň tymsallary 11:14). Filialyň territoriýasynda ýaşaýanlary ruhlandyrmak üçin ýörite duşuşyk gurnalýar we onda baş edaradan gelen dogan çykyş edýär.
Ýerli ýygnaklaryň aladasy edilýär. Filialdaky jogapkärli doganlar täze ýygnaklary döretmek babatdaky meseleleri çözýärler. Şeýle-de olar filiala degişli territoriýalarda gulluk edýän pionerleriň, missionerleriň we etrap gözegçileriň işine seredýärler. Olar kongresleri gurnaýarlar, Patyşalyk zallarynyň gurluşyk işine gözegçilik edýärler we ýygnaklara edebiýatlaryň paýlanmagynyň aladasyny edýärler. Filialda alnyp barylýan işler wagzyň guramaçylykly ýerine ýetirilmegine ýardam edýär (1 Korintoslylar 14:33, 40).
Filial komiteti Ýolbaşçylyk maslahaty bilen nädip hyzmatdaşlyk edýär?
Filiallar nähili işlere jogap berýärler?
-
-
Biziň edebiýatlarymyz nädip ýazylýar we terjime edilýär?Ýehowanyň islegini kim berjaý edýär?
-
-
23-NJI BÖLÜM
Edebiýatlarymyz nädip ýazylýar we terjime edilýär?
Ýazyjylar bölümi (ABŞ)
Günorta Koreýa
Ermenistan
Burundi
Sri Lanka
Biz «hoş habary» «her millete we taýpa, her dile we her halka» yglan etmek üçin edebiýatlarymyzy 750-den gowrak dilde çap edýäris (Ylham 14:6). Bu ägirt uly iş nädip ýerine ýetirilýär? Bu iş biziň dürli ýurtlarda ýaşaýan ençeme ýazyjylarymyz we terjimeçilerimiz arkaly amala aşyrylýar. Olaryň ählisi Ýehowanyň Şaýatlary.
Makalalar başda iňlis dilinde ýazylýar. Biziň bütindünýä baş edaramyzda ýerleşýän Ýazyjylar bölümine Ýolbaşçylyk mastlahaty gözegçilik edýär. Bu bölüm baş edaradaky we filiallardaky ýazyjylara ýolbaşçylyk edýär. Ýazyjylarymyzyň dürli ýurtlarda ýaşaýandygy sebäpli, edebiýatlarymyzdaky temalar ähli adamlar üçin gyzykly we peýdaly bolýar.
Makalalar terjimeçilere ugradylýar. Makalalar barlanyp, taýýar bolanyndan soňra, olaryň elektron görnüşi bütin dünýädäki terjimeçiler toparyna ugradylýar. Olar hem makalalary terjime edýärler, barlaýarlar we edebi diline laýyk geler ýaly, oňa düzediş girizýärler. Terjimeçiler iňlis dilinde berlen pikirleriň ene dilinde düşünikli bolmagy üçin «dogry we hak sözleri» saýlamaga jan edýärler (Wagyz kitaby 12:10).
Kompýuterler işi aňsatlaşdyrýar. Kompýuter adamlara derek ýazyp ýa-da terjime edip bilmeýär. Emma olaryň kömegi bilen terjimeçileriň işi aňsatlaşýar, ýagny olar sözlükleri ulanmaga we gözleg geçirmäge ýardam edýär. Ýehowanyň Şaýatlary edebiýatlary dürli dillerde taýýarlamaga kömek edýän elektron sistemasyny döretdiler (MEPS). Onuň kömegi bilen edebiýatlarymyz ýüzlerçe dillerde çap edilmäge taýýarlanylýar.
Biz näme üçin edebiýatlarymyzy ýüzlerçe dillere terjime etmäge jan edýäris? Sebäbi Ýehowa «bütin adamlaryň gutulmagyny, hakykat bilimine ýetmegini» isleýär (1 Timoteos 2:3, 4).
Biziň edebiýatlarymyz nädip taýýarlanylýar?
Biz näme üçin edebiýatlarymyzy ençeme dillere terjime edýäris?
-
-
Guramanyň çykdajylary nädip ödelýär?Ýehowanyň islegini kim berjaý edýär?
-
-
24-NJI BÖLÜM
Guramanyň çykdajylary nädip ödelýär?
Nepal
Togo
Beýik Britaniýa
Biziň guramamyz her ýyl millionlarça Mukaddes Ýazgylary hem-de oňa esaslanan edebiýatlary çap edýär we mugtuna paýlaýar. Şeýle-de biz Patyşalyk zallaryny we filiallary gurýarys hem-de olary gowy ýagdaýda saklamak üçin bejeriş işlerini geçirýäris. Biz müňlerçe Beýtel gullukçylaryny we missionerleri maddy taýdan goldaýarys hem-de tebigy betbagtçylyga uçran dogan-uýalara ýardam edýäris. Şol sebäpli sizde şeýle soragyň döremegi mümkin: «Bu işler nämäniň hasabyna amala aşyrylýar?»
Biz adamlardan pul dilemeýäris. Wagyz işimize köp çykdajy edilýän hem bolsa, biz adamlardan pul dilemeýäris. Ýüz ýyldan gowrak mundan öň çap edilen «Garawul diňi» žurnalynyň ikinji sanynda Ýehowanyň bizi goldajakdygy we biziň «kömek üçin hiç bir adama ýalbarmajakdygymyz» barada aýdylypdy. Bu sözler aýdylyşy ýaly-da boldy! (Matta 10:8).
Biziň işimiz meýletin sowgatlar arkaly amala aşyrylýar. Köp adamlar biziň Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýändigimiz üçin minnetdarlyk bildirip, meýletin sowgat berýärler. Ýehowanyň Şaýatlary bütin ýer ýüzünde Hudaýyň islegini berjaý etmek üçin wagtyny, güýjüni, serişdesini we başga-da zatlaryny ak ýürekden sarp edýärler (1 Ýyl ýazgylary 29:9). Ýygnak duşuşyklarynyň we kongresleriň geçirilýän ýerlerinde pul sadakalary üçin ýörite guty bar. Ýa-da pul sadakalaryny jw.org web-saýtymyz arkaly iberip bilersiňiz. Sowgatlary berýänleriň köpüsi gurply maşgaladan däl. Olar hem Isanyň öwgüli sözlerine mynasyp bolan dul hatyn ýaly, sowgatlary ýürekden berýärler (Luka 21:1—4). Şol sebäpli her bir adam sowgat hökmünde «öz göwnünden çykaranyny» berip bilýär (1 Korintoslylar 16:2; 2 Korintoslylar 9:7).
Biz akýürekli adamlaryň «bütin baýlygy» bilen Ýehowany şöhratlandyrjakdyklaryna ynanýarys. Bu bolsa Patyşalyk işini doly berjaý etmäge ýardam eder (Süleýmanyň tymsallary 3:9, MK).
Biziň guramamyzyň başga dinlerden näme tapawudy bar?
Meýletin berilýän sowgatlar nämä sarp edilýär?
-
-
Patyşalyk zallary näme üçin we nädip gurulýar?Ýehowanyň islegini kim berjaý edýär?
-
-
25-NJI BÖLÜM
Patyşalyk zallary näme üçin we nädip gurulýar?
Boliwiýa
Nigeriýa, gurluşykdan öň we soň
Taiti
Biziň ýygnak duşuşyklaryny geçirýän ýerlerimize Patyşalyk zaly diýilýär. Sebäbi biz ol ýerde Mukaddes Ýazgylaryň esasy taglymaty, ýagny Hudaýyň Patyşalygy barada gürrüň edýäris. Isa-da Patyşalyk barada wagyz edýärdi (Luka 8:1).
Hak Hudaýa sežde etmek üçin gurulýar. Biz Patyşalyk zallarynda hoş habary wagyz etmegi öwrenýäris (Matta 24:14). Zallaryň ululygy we görnüşi dürli-dürli bolsa-da, olar çendenaşa uly hem-de kaşaň gurulmaýar. Patyşalyk zallarynyň her birinde birnäçe ýygnak duşuşyklaryny geçirýärler. Wagyzçylaryň we ýygnaklaryň köpelýändigi sebäpli, soňky ýyllarda 10 müňlerçe (her günde ortaça 5 sany) täze Patyşalyk zallary guruldy. Bize şeýle köp zallary gurmak nädip başartdy? (Matta 19:26).
Meýletin sowgatlaryň hasabyna gurulýar. Bu sowgatlar filiala ugradylýar. Soňra şol pullary başga ýygnaklar Patyşalyk zalyny gurmak ýa-da onda bejeriş işlerini geçirmek üçin ulanyp bilýärler.
Dürli kärdäki meýletin gullukçylar mugtuna gurýarlar. Köp ýurtlarda Patyşalyk zallarynyň gurluşyk toparlary döredilýär. Bu toparlarda doly wagtly gurluşykçylar we wagtlaýyn meýletin kömekçiler gulluk edýärler. Olar başga ýurtdaky, hatda çet ýerlerdäki ýygnaklaryň gurluşyk işlerine kömek etmek üçin göçýärler. Şeýle-de käbir ýurtlarda Patyşalyk zallarynyň gurluşygyna we abatlaýyş işlerine gözegçilik etmek üçin ukyply doganlar bellenilýär. Patyşalyk zalynyň gurluşygyna ýerli ýygnagyň agzalary-da meýletin kömek edýärler. Ýehowanyň mukaddes ruhunyň we dogan-uýalaryň edýän tagallalarynyň kömegi bilen, bu işleriň ählisi üstünlikli amala aşyrylýar (Zebur 127:1; Koloseliler 3:23).
Biziň Hudaýa sežde edýän ýerlerimize näme üçin Patyşalyk zallary diýilýär?
Bize bütin dünýäde Patyşalyk zallaryny gurmaga näme kömek edýär?
-
-
Biz Patyşalyk zalynyň arassaçylygyna nädip goşant goşýarys?Ýehowanyň islegini kim berjaý edýär?
-
-
26-NJY BÖLÜM
Biz Patyşalyk zalynyň arassaçylygyna nädip goşant goşýarys?
Estoniýa
Zimbabwe
Mongoliýa
Puerto-Riko
Ýehowanyň Şaýatlarynyň Patyşalyk zallary Hudaýyň mukaddes adyny göterýär. Şol sebäpli biz bu zallaryň arassa, ýakymly we abat bolmagyna goşant goşmagy hormat saýýarys. Biz muny Hudaýa edýän seždämiziň wajyp bölegi hasaplaýarys. Patyşalyk zallarynyň arassaçylyk işlerine hemmeler gatnaşyp bilýär.
Ýygnak duşuşygyndan soň arassaçylyk işine gatnaşýarys. Dogan-uýalar geçirilýän duşuşyklardan soňra Patyşalyk zalyny höwes bilen arassalaýarlar. Hepdede bir gezek bolsa, Patyşalyk zalynyň arassaçylygyna has-da aýratyn üns berilýär. Bu işe ýygnak ýaşulusy ýa-da gulluk hyzmatçysy berlen görkezme boýunça ýolbaşçylyk edýär. Dogan-uýalar Patyşalyk zalyny süpürýärler, ýuwýarlar ýa-da tozan sorujy bilen arassalaýarlar. Şeýle-de tozan süpürilýär, oturgyçlar tertipleşdirilýär we hajathanalar ýörite serişdeler bilen ýuwulýar. Ýylda azyndan bir gezek Patyşalyk zalynda düýpli arassaçylyk işi geçirilýär. Eger biz käbir işleri çagalara tabşyrsak, olara sežde edilýän ýerlere hormat goýmagy öwrederis (Wagyz kitaby 5:1).
Bejeriş işlerine kömek edýäris. Her ýyl Patyşalyk zalynyň içki we daşky ýagdaýy doly gözden geçirilýär. Şeýle işiň ýerine ýetirilmegi zalyň abat saklanylmagyna ýardam edýär we artykmaç çykdajylar edilmeýär (2 Ýyl ýazgylary 24:13; 34:10). Arassa we abat Patyşalyk zaly Hudaýa sežde etmäge mynasyp ýerdir. Biz bu işe gatnaşyp, Hudaýy söýýändigimizi we Oňa sežde edilýän ýeri gymmat saýýandygymyzy görkezýäris (Zebur 122:1). Arassa we ýakymly Patyşalyk zaly adamlara gowy täsir edýär (2 Korintoslylar 6:3).
Biz Patyşalyk zalynyň arassaçylygyna näme üçin sowuk-sala garamaly däl?
Patyşalyk zalynyň arassa bolmagy üçin nähili çäreler geçirilýär?
-
-
Patyşalyk zalynyň kitaphanasynyň nähili peýdasy bar?Ýehowanyň islegini kim berjaý edýär?
-
-
27-NJI BÖLÜM
Patyşalyk zalynyň kitaphanasynyň nähili peýdasy bar?
Ysraýyl
Çeh Respublikasy
Benin
Kaýman adalary
Siz Mukaddes Ýazgylara çuňňur düşünmek üçin gözleg geçirmek isleýärmisiňiz? Belki-de, sizi belli bir aýat gyzyklandyrýandyr? Ýa-da siz Mukaddes Ýazgylarda agzalýan bir adam, ýurt ýa-da käbir zatlar barada köpräk bilesiňiz gelýändir? Ähtimal, siz kynçylyklara döz gelmek üçin Mukaddes Ýazgylardan maslahat gözleýänsiňiz? Onda Patyşalyk zalynyň kitaphanasyna hoş geldiňiz!
Gözleg geçirmäge kömek edýär. Belki-de, siziň ene diliňizde Ýehowanyň Şaýatlarynyň çap eden edebiýatlarynyň käbiri ýokdur. Emma Patyşalyk zalynyň kitaphanasynda täze edebiýatlaryň hemmesi bar. Şeýle-de kitaphanada Mukaddes Ýazgylaryň dürli terjimelerini, sözlükleri we başga-da peýdaly edebiýatlary tapyp bolýar. Siz olary ýygnakdan öň ýa-da soň arkaýyn ulanyp bilersiňiz. Siziň Patyşalyk zalyňyzda kompýuter bar bolsa, onda oňa «Ýehowanyň Şaýatlarynyň elektron kitaphanasy» hem goýlandyr. Bu kompýuter programmasynda biziň edebiýatlarymyzyň uly ýygyndysy bar. Siz ol arkaly belli bir tema, söze ýa-da aýada degişli maglumaty aňsatlyk bilen tapyp bilersiňiz.
«Durmuş we wagyz» duşuşygynda berlen ýumşa taýýarlyk görmäge kömek edýär. Eger size «Durmuş we wagyz» duşuşygynda ýumuş berlen bolsa, onda Patyşalyk zalynyň kitaphanasyndan arkaýyn peýdalanyp bilersiňiz. Bu kitaphana «Durmuş we wagyz» duşuşygynyň gözegçisi jogapkärdir. Ol kitaphanada täze edebiýatlaryň bolmagyna we tertipli durmagyna gözegçilik edýär. Şol dogan ýa-da size Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýän wagyzçy gerekli maglumaty nädip tapmalydygyny görkezip biler. Emma kitaplary öýüňize alyp gitmäge rugsat berilmeýär. Şeýle-de kitaplary aýawly ulanmaly we olara hiç hili bellik etmeli däl.
Mukaddes Ýazgylarda Hudaý baradaky bilimi «gizlin hazyna» kimin gözlemelidigi aýdylýar (Süleýmanyň tymsallary 2:1—5). Patyşalyk zalynyň kitaphanasy size şeýle gözlegi geçirmäge kömek eder.
Patyşalyk zalynyň kitaphanasynda gözleg geçirmek üçin näme zatlar bar?
Size kitaphanadan peýdalanmaga kim kömek edip biler?
-
-
Web-saýtymyzdan nämeleri tapsa bolýar?Ýehowanyň islegini kim berjaý edýär?
-
-
28-NJI BÖLÜM
Web-saýtymyzdan nämeleri tapsa bolýar?
Fransiýa
Polşa
Russiýa
Isa Mesih şägirtlerine şeýle diýdi: «Siziň yşygyňyz adamlaryň öňünde şeýle parlasyn welin, olar gowy işleriňizi görüp, gökdäki Ataňyzy şöhratlandyrsynlar» (Matta 5:16). Şu günler häzirki zaman tehnologiýasy, şol sanda Internet arkaly hakykat yşygy nur saçýar. Ýehowanyň Şaýatlarynyň jw.org web-saýtynda olaryň dini ynançlary we edýän işleri barada maglumatlar berilýär. Siz ondan ýene-de nämeleri tapyp bilersiňiz?
Adamlary gyzyklandyrýan soraglaryň jogabyny tapyp bolýar. Siz köp adamlary biynjalyk edýän wajyp soraglaryň jogabyny tapyp bilersiňiz. Meselem, «Horluklar gutararmyka?» we «Aradan çykan adamlar direlermi?» atly kitapçalar web-saýtymyzda 600-den gowrak dilde bar. Şeýle-de siz 130-dan gowrak dillerde çap edilen «Mukaddes Ýazgylaryň Täze dünýä terjimesini», Mukaddes Ýazgylary öwrenmäge kömek edýän edebiýatlary, «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» kitabyny, «Garawul diňi» we «Oýanyň!» žurnallarynyň täze çykan sanlaryny tapyp bilersiňiz. Bu edebiýatlaryň köpüsini web-saýtymyzdan okap ýa-da diňläp bolýar; olary MP3, PDF we EPUB görnüşinde ýükläp alyp bilersiňiz. Siz gyzyklanýan adamlar üçin olaryň ene dilinde çykan sanyndan birnäçe sahypasyny çap edip hem bilersiňiz. Şeýle-de bu web-saýtda lallaryň dilinde çykan ençeme edebiýatlaryň wideo ýazgylary bar. Siz boş wagtyňyz Mukaddes Ýazgylaryň çeper okalyşyny we ýakymly sazlary diňlemek üçin hem-de Mukaddes Ýazgylaryň esasynda taýýarlanan sahnalary görmek üçin, olary ýazga geçirip bilersiňiz.
Ýehowanyň Şaýatlary barada dogry maglumatlary tapyp bolýar. Web-saýtymyzda bütin dünýä boýunça ýerine ýetirýän işlerimiz, kazyýet bilen baglanyşykly meselelerimiz we betbagtçylyga uçranlara kömek edişimiz barada täzelikler hem-de wideofilmler ýerleşdirilýär. Şeýle-de ýakynda boljak kongresler barada we filiallar bilen nädip habarlaşyp bolýandygy hakynda maglumatlary tapyp bilersiňiz.
Biziň web-saýtymyz hakykat yşygyny dünýäniň ähli künjegine ýetirmäge ýardam berýär. Antarktika ýaly uzak ýerlerde ýaşaýan adamlar hem ondan peýdalanyp bilýärler. Biz bütin ýer ýüzünde «Rebbiň sözüniň... çaltlyk bilen ýaýramagy» we Hudaýyň şöhratlanmagy üçin doga edýäris (2 Selanikliler 3:1).
Web-saýtymyz Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty bilmäge nädip kömek edýär?
Sizi jw.org web-saýtymyzdaky haýsy maglumat gyzyklandyrýar?
-