Elhenç uruş
Uruş adamlaryň ýüregine öçmejek ýara salýar. Uruş bolýan ýerlerde esgerler we raýatlar onuň ajysyny dadýarlar.
ESGERLER
«Daş-töwerekde jesetlerden ýa-da maýyp bolan adamlardan ýaňa aýak basara ýer bolmaýar. Hemişe gorkuda ýaşaýarsyň» (Geri, Britaniýa).
«Ýüzümden we arkamdan ok degdi. Gözümiň öňünde köp çagalary we garrylary gyrdylar. Uruş adamyň ýüregini daş ýaly gatadýar» (Wilmar, Kolumbiýa).
«Gözüň alnynda birini atsalar, onuň ejir çekişi ömürbaky ýadyňdan çykmaýar. Naýynjar sesi hemişe gulagyňda ýaňlanyp durýar. Şol adam hiç kelläňden çykmaýar» (Zafira, ABŞ).
RAÝATLAR
«Gowy günler gaýdyp gelmejek ýaly bolýardy. Meni hem bir gün öldürerler öýdüp gorkýardym. Has beteri bolsa, dogan-garyndaşlarymy, dost-ýarlarymy ýitirmekden gorkup ýaşaýardym» (Aleksandra, Ukraina).
«Iýmit almak üçin 20 sagatdan gowrak nobata durduk. Biz öler ýaly gorkýardyk, sebäbi haçan we nireden ok atyljakdygyny bilmeýärdik» (Deýler, Täjigistan).
«Uruş meni ýetim goýdy. Maňa göwünlik berjek, aladamy etjek hiç kimim ýok» (Mariýa, Ruanda).
Aýylganç uruş sebäpli ejir çeken adamlar derdine derman tapdylar. Olar Mukaddes Kitapdan urşuň, dawa-jenjeliň gaýdyp bolmajakdygyny bildiler. «Garawul diňi» žurnalynyň şu sanynda uruşlaryň soňuna çykyljakdygy giňişleýin düşündirilýär.