Urşuň uly zyýany
«Ikinji jahan urşundan bäri dawa-jenjeliň yzy üzülenok. Uruşdan ýaňa ýer ýüzündäki adamlaryň dörtden biri ejir çekýär».
BMG-niň baş sekretarynyň orunbasary Amina Mohammed (26-njy ýanwar, 2023).
Uruş gidip duran ýerden uzakda ýaşaýan adamlar hem ondan zyýan çekýär. Uruş gutaransoň hem ähli zat gülala-güllük bolmaýar. Urşuň ýetiren zyýanyny aýyrmak üçin köp wagt gerek bolýar. Geliň, urşuň nähili zyýan ýetirýändigini bileliň.
Açlyk. Bütindünýä azyk maksatnamasynyň hasabatyna görä, uruş sebäpli açlyk bolýar. Bütin dünýädäki açlykdan kösenýän adamlaryň 70 göterimi uruş bolýan ýurtlarda ýaşaýar.
Keselçilik we göwnüçökgünlik. Uruş bolýan ýerdäki adamlar hemişe gorkuda we gaýgy-aladada ýaşaýar. Olaryň diňe bir saglygyna zyýan ýetmän, eýsem göwnüçökgünlige-de düşüp bilýär. Gynansak-da, köplenç olaryň lukmandan bejergi almaga mümkinçiligi bolmaýar.
Gaça-gaçlyk. BMG-niň gaçgaklar baradaky Ýokary Komissarlygynyň habar bermegine görä, 2023-nji ýylyň sentýabryndan bäri bütin dünýä boýunça 114 milliondan gowrak adam mejbury ýagdaýda öýüni taşlap gaýtmaly boldy. Munuň düýp sebäbi uruş.
Ykdysadyýetiň çökmegi. Köplenç uruşdan soň ýurduň ykdysady ýagdaýy peselýär. Meselem, zatlar has gymmat bolýar. Hökümet öňküsi ýaly saglyga, bilime üns bermän, harby tarapdan güýçlenmek üçin köp çykdajy edýär. Şol sebäpli adamlar kösenip ýaşaýar. Şeýle-de uruşdan soň ýurdy öňki ýagdaýa getirmek üçin ummasyz çykdajy edilýär.
Tebigatyň zaýalanmagy. Uruşdan soň hemme zat ýykan-ýumran bolansoň, ol ýerde ýaşar ýaly bolmaýar. Hapa suw, zäherli howa we zaýalanan toprak adamlaryň köp wagtlap saglygyna zyýan ýetirýär. Uruş gutaransoň hem gömlüp galan minalar sebäpli adamlar ýaralanyp ýa-da ölüp bilýär.
Dogrudanam, uruş sebäpli adamlar baryndan-ýogundan mahrum bolýar.